14:50 Täze harabalar / "Galtaman bolsadym!.." | |
12. "Galtaman bolsadym!.."
Romanlar
Solmazyň kakasy Gurt, Gurduň kakasy Nepes, Nepesiň kakasy Hommat. Juda ýakymsyz wakadan bäri üç arka aýlanypdyr. Gylyç ahunyň neberesiniň goýnuny bakýan Sapby çopan päleden gaýdyp gelmedik Ýalkabyň on ýedi ýaşly ogly Hommady çoluk edinmekçi boldy. Hommadyň ejesi Bibiş garyp göwnünde umyt besläp, razylyk berdi. Sapby Ýalkabyň deň-duşy, obadaşy. Ýalkabyň ýetim galan çagalaryna hemaýaty ýeter. Hommadyň her aýyna bir tokly hak belledi. On iki aýda on iki tokly boljak. Hommadyň aýagyny deňläp bilse, ýaş başyndan dul galanlygy üçin kysmatyndan nalap ýörjegem däl. Oba bilen sürüniň arasy bir günlük Ýol. Tomsuna Gün dogan çagy goşdan gaýtsaň, ikindi oba ýetip bolýar. Sapby çopan on günden bir gijäni obada geçirýär, Hommady welin, aýda bir gezek goýberýär. Sapby çopanyň öýünde aýaly bar, Hommadam öýlense, bir aýlap öýden awara gezmez, takaty ýetmez. Gelin küýsände Sapby çopanyň üçünji gyzy Mamany göz öňüne getirýär. Ony beýle süýji umyda iteklän sebäp Ýok. Maman maňa göwün berdi diýip biljek däl, öz-özünden boldy gidiberdi. Mamanyň tegelek ýüzüni tamdyrdan çykarlan tegelek külçä deňedi. Başga biri aýdymlarda wasp edilişi ýaly, sonarly sähranyň bahar güllerine meňzederdi, Hommat külçä meňzedýär. Külçäniň ysy gülleriň ysyndan has ýakyn, has ýakymly. Mamanyň pökgüje dodaklary, ak alkymy her görende Hommady gyjyndyrýar. Ejesi Sapby çopanyň adyny hemişe Saparmyrat diýip tutýar, Mamana Mamagül diýýär. Hommada welin, Maman diýse ýakymly boljak. Maman diýseň oňa ýakynlaşan ýaly bolaýýarsyň, üýtgeşik mähir duýýarsyň. Maman Hommadyň jigisi Aýna bilen boýdaş, Hommatdan bir ýaş kiçi. Olara ýakyn jora diýip biljek däl, ýakynlaşsalar Hommada ýarajak. Sapby çopana çoluk bolmagynda-da amat bar: ejesi Sapby çopanyň aýaly Tuwak bilen ýakynlaşar, Hommadyň özi-de oba gelende Sapby çopanyň öýüne arkaýyn baryp biljek, çopanyň iberen zadyny eltip bermeli, sargan zadyny alyp gaýtmaly. Hommat ýaz gyrkymynyň öň ýanynda oba gaýtdy, gijäni düýäň üstünde geçirdi. Gelşine çopanyň iberen etini, kirli eşiklerini eltdi. Tuwak Maman bilen iýip-içip oturan ekeni. Hommat Mamana üns berdi, Mamanyň özüne üns berenini duýmady, gynandy. özüne bakyp ýylgyrar öýdüpdi. Ýylgyrmaga sebäp bar diýip bilmese-de, göwün etdi. Käşgä, Hommadyň halaýandygyny duýýan bolsady!.. Heý, samsyk kelle diýip, özüne gyjyt berdi. Gyjyt berip durka-da garaşýar, Mamanyň ýylgyryp gararyna garaşýar. Tuwak: -- Gömmenan bişirmäge ökdelediňmi?--diýdi. -- Indiki gelemde getirerin. Weý, çopan agadanam iberip bilýän. Iýip görüň, soň tamdyr nanyny iýesiňizem gelmez.--Maman gülüp goýberdi.--I-i,.. Tuwak ýeňňe, Maman ynanmady öýdýän? -- Ynanar, öňürti dadyr, ynanar. Şu sözlerden soň Maman oňa seredäýjek ýaly, seredenok, seretmedi, onuň utanýandygynam duýmady. Gyzlaryň ýüzündäki utanç alamatyndan köp many alsa bolýar. Mamanyň utanmaýandygy onuň Hommada biperwaýlygyndan bir nyşan. Häzir gitdigim meni unudar diýdi, gynandy. -- Agşam gaýtjak, iberjek zadyňyz bolsa, taýyn edip goýuň. Ýene: wah, gidäýjekmi diýen manyda Mamanyň serederine garaşdy, seretmedi. öe dolanyp garbandy. Ýoluň ýadawlygyndan göwresi ýere siňip barýar. Keçäniň üstünde süýndi. Düýş gördi. Sonarly meýdan. Guzujygyň lägirýän sesini eşidýär. Eşegiň böwrüne depip, haýdap aňňatdaň aşýar. Hol, öňden, gülälkli meýdandan ylgap barýan Mamany görýär. Guzynyň sesi galanok, has beter eşidilýär. Enesini ýitiren janawardyr, uklap, süriniň gidenini duýan däldir. Guzyny görmese-de Mamanyň bolşundan howsala, gorky duýýar. Eşekden düşüp ylgasa, Mamanyň yzyndan has çalt ýetjek, iki bökende ýetäýjek ýaly. Ýetenok, näçe çalt ylgadym diýse-de ýetenok. Çerkezligiň arasyndan böküp çykan guzujygyň öňdäki alaňa ýetip barýanyny görýär, Mamanyň guza tarap okdurlanyny-da görýär. Aralygy geçmäge ýetişenok. Asmandan garaguş inýär, guzyny penjesi bilen kakyp alýar, tutuş çöle kölege salan ganatlaryny pelpelledip, asmana göterilýär. Guzynyň naýynjar sesi gollara dolýar. Maman ýer bagyrtlaýar, öl çägäni penjeläp, eňegini ýere urup aglaýar. Guşuň garasy ýitip barýar, guzyň sesi galanok, güýçlenýär, çölüň süňňünden çykýan zenzelä öwrülýär... Hommat öz sesini eşidýär: "Maman, Mama-an!.." Maman hünübirýan aglaýar, agladygyça-da guzynyň sesi gatalýar... Birdenkä-de Mamanyň sesi tapba ýatdy, guzynyň sesem eşidilenok. Maman aýak üstüne galýar, gözlerinden akýan ýaşy süpürýär,.. sesini çykarman Hommada garap dur, biperwaý. Hommat geplejek bolýar, özüniň Hommatdygyny aýtjak bolýar, Mamana ýakyn adamdygyny duýdurjak bolýar, söz tapanok. Diňe Mamanyň ady diline gelýär: Maman!.. Maman... -- Hommat,.. Hommat!.. tur, oglan!--Hommat tisginip gözüni açsa, Aýna üstüne abanyp dur.--Maman, Maman diýip, gygyryp ýatma, tur!..--Aýna hikir-hikir güldi.--Aşyk bolaýdyňmy? -- Düýş görüpdirin-laý... -- Gygyryp ýatanyňy Sapby çopan eşiden bolsa nätjek sen? Düýş gördüm diýeniňe ynanar-ow şol. Gör-dä... Mamana aýdaýynmy, Hommat seni düýşünde görýä diýeýinmi? -- Düýş düýşdir-dä. -- "Gündiz huşumda, gije düýşümde" diýlipdir-ä.--Aýna ýene hikirdedi. -- Diýse diýlipdir-dä. -- Doganjygym, maňa aýdaý, men hiç kime aýtmaýyn, gara ýer ýaly dymaýyn. Maman saňa bir söz diýendir-ä, näme diýdi, aýdaý, aýdaýsana!.. -- Bar, öz işiň bilen bolsana, Aýna. -- Gelin bolup, Maman dulumyza geçse, men-ä begenjek. Waý, Mamana göwün bereniňi aňmasam näme. Howlukmasak, Mamany elden gidirýäs, dogan, Gylyç ahunlar sözaýdyjy iberýämişler, sen eşitmediňmi? -- Eşidemok, sen nirden eşidip ýörsüň? -- Eşitdim-dä. -- Gylyç ahunyň öýlendirmeli ogly Ýok. -- Inisi Setdarda bar, Jumaberdi. -- Setdar diýilýän adam ýaramaz adam, kelpeň, batnyksyz. -- Oglam şeýledir diýjekmi? -- Hiç zadam diýjek däl, barsynlar, alsynlar, maňa näm-aý!.. -- Baý-baý, şeý diýsene!.. Aýnanyň ýakymsyz habaryndan soň ünsi Setdara gönügdi. Setdar Sapby çopan bilen deň-duş. Süriniň ýarpysy Gylyç ahunyňky, dörtden birine Setdar ee. Ol ýygy-ýygydan sürä aýlanyp dur. Setdar baranda Sapby çopanyň aladasy ardýar, Hommady gyssaýar. Çalmarda uly ot ýakmaly, etli nan gömmeli. Oda golaý oturyp, hümürdeşip, çaýly taňkany yzly-yzyna boşadýarlar, maňlaýa çykan der bugaryp başlaýar. Çagyrylmasa, şu pursat Hommat olaryň golaýyna barmaly däl. Nähili gürrüň edýärler, köplenç bihabar galýar, gyzygjagam bolanok. Olar gürrüňden başga-da bir zat edýän bolmaly. Hommadyň çakyna görä, tirek atýandyrlar. Çaýyň joşundun başga-da, muny aňdyrýan alamat bar. Neşäniň humaryna maýyl adamlaryň lakgyldysyna diline şeýtan siýen ýaly diýýärler. Bularyňkam edil şo-da! Biri beýlekisiniň sözüne gülýär. Güler ýaly sözmi, parhy Ýok, bir söz aýdylsa bolýar, gülmeli. Bir gezek Hommat olaryň lakgyldysyny üns bilen diňledi, ýörite diňlejek bolmady. Keýpi kellesine uran adamlaryň sesi batly bolýar, şol gezek çalmardan taýak atym töwerege eşidildi durdy. Ilki Sapby çopanyň aýdany ünsüne ýetdi. -- Setdar jan, sen arada bir söz diýdiň: hanlar köşkde oglan saklapdyrlar diýdiň. -- Diýdim, gaýtala diýseň ýene gaýtalamaga ýaltanjak däl. Beçebazlyk edipdirler, gyz-gelin tapman edendirler öýtme, gardaş, haremhanalary heleýden doly, sen agylda goýun saklaýaň, olar heleý, gyrnak saklaýar. -- Şoň daşyndanam oglan küýseýişlerine sered-ä, haý-haý!.. üýtgeşik keýp berýän bolarly. -- Keýp diýeniňe hä diýse-de bolar, diýmese-de bolar. Diňe keýp üçin oglanlaryň terje götüni sypalandyrdar öýtme, ýalňyşarsyň, gardaş. Keýpden başga-da möhüm bir zat bar, hanlara şo gerek! Oňa seň akylyň çatmaz, Sapdy çopan! Setdaryň pöwhe gülküsi asmana galdy. -- Sapby çopanyň akylynyň çatmajak zadyny eşideýin-dä, gulagym sende, hojaýyn. -- Begler handan pes, begler hanyň gol astyndaky adamlar. Beg diýlende näme, düýeden uly pil bar. Begleriň ýetginjek ogullaryny han köşgünde saklar ekeni. Hana golaý durmagyň bir nyşany diý-de düşünäý. Ol oglanlar ertir beg bolmaly. Hanyň tagtyna hyýal etmeýänden beg bolarmy!--Setdar hahahaýlap güldi, bokurdagy boglup, üsgülewik tutýança güldi.--Han akmak däl, akmak bolsa, ondan han boljakmy! Köşge öwrenişen beg oglunyň tagty küýsejegini bilýär. Indi hanyň hilesine seret! Erte hanyň ýüzüne dogry garamaga utanar ýaly emel etmeli. Nätmelidigini han bilýär. Beg ogluny özüne öwrenişdirýär, bir jaýda ýatyp turýar, wagtal-wagtal oglanyň terje syrtyny sypalan bolýar. Gorkan oglan hana garşylyk görkezip bilenok. Mundan soň beglige ýetişen oglan hanyň ýüzüne dogry garap biler öýdýärmiň? Ýo-Ýok!.. utanar. Setdar batnyksyz güldi. Hommat Sapby çopanyň diýjek sözüne garaşdy. Sapby çopanyň sesi belende galdy: -- Wah-eý, men galtaman bolsadym!--diýdi. Bu ýere galtaman nirä geldi, hanyň gürrüňi edilýär-ä. -- Duraweri, zaluwat, galtamana süri goýny ynanyp bolmaz. -- Hojaýyn, maňa begligem, hanlygam derkar däl, men gylyjyndan gan damýan galtaman boljak! Maňa hä diýmedigiň kellesini kädi togalan ýaly etjek. Saparmyrat galtaman diýlende adam bary zagyrdap dursun-la, balagyna goýbersinler! --Setdar onuň her sözüne hahahaýlap güldi, ony güldürip bilýänine buýsanýan ýaly Sapby çopan has-da beleň aldy.--Baýlar geler: pylany zorluk etdi, talaň saldy, arymy, emlägimi alyp ber. Ýüz goýun beýläk! Men razy diýer. Garyp geler: pylany gyzymy zorlady, arymy alyp ber. Näme edeýin? öldür diýer. Şertimi aýdýan: gyzyň duluňa geler, zorluk edeniň maly ýatagyňa geler, ýöne men gyzyňy heleý edinjek, namysyna degildi diýip durjak däl, ee tapylanyna begen. Ady ile dolan edermen galtaman bilen garyndaş bolup bilse, pakyryň armany Ýok. Ýene bir heleýi beýläme geçirýän, külümi süpürer, gyrnagym bolar. Amatly ee tapylsa, satyp goýberjek. Adamlary süri edip, mala derek öňüme salasym gelýär. Hersiniň götüne tagma basjak, syçmaga oturanda götüniň tagmalydygy ýadyna düşer, Saparmyrat galtamanyň tagmasy diýsin!.. Bu sözleri Sapby çopanyň ýüreginden aýdýanyna Hommat ynanmady, dogrusy, ynanasy gelmedi. Çopanam bolsa, bu adam köp bilýär, "Görogluny" ýatdan aýdyp otyr. Neşäniň humary ýetendir, bilýän zatlaryny diline getirýändir, ony öz adyndan aýdyp, keýp alýandyr diýipdi. Häzir welin, ýatlamanyň ýakymsyzlygyny teni bilen duýdy. Mamany çalmarda keýp çeken iki adamyň aralygynda goýdy. Mamanyň gül meňzine poh çyrşalana döndi, üstesine-de gören düýşüni göz öňüne getirdi, many aljak boldy. Garaguşyň asmandan inip, guzujygy göterip gidenini geň görenok. Geçen aý döl mahaly Hommat bir guzyny guşa aldyrypdy. Çöpüň içinde uklan guzujyk sürüden galypdyr. Enesi mäläp, lägirip, iki ýana urundy. Ene goýun çapdyrylyp barýar, Hommadam yzynda. Alaňdan aşdylar, goldan guzynyň sesi geldi. Guzy çerkezligiň arasyndan çykyp, enesine tarap bökjekläp gaýtdy. Edil şol pursat garaguş depeden inip, guzyny kakyp aldy, penjesine gysyp, asmana göterildi. Şeýle bir duýdansyz boldy welin, Hommat agzyny açyp asmana garap dur. Guzynyň naýynjar sesini eşidýär, ýerde enesi ot-elek, lägirip ýör... Sapby çopan gargynypdy, goh turzupdy: "Depäňden inip gelýän guşy görmän, garagyň gapyldymy?! Serçe däl-ä, äpet garaguş inip gelýär-ä, mahluk bolmasaň, görmel-ä sen ony! Eýesine näme diýjek indi? Garaguş aldy diýjekmi? Maslygyny görkezip ynandyryp bolanok, ol doganyny neme edeýinleň. Nähili delil tapjak, hol-ha, enesi mäläp ýör diýjekmi?.. Hakyňdan tölärsiň." Bu ahwalatyň düýşe girmegi-de geň däl, ýeser ýeri, düýşde Mamanyň görünmegi. Eger kakasyndan eşiden bolsa, Maman Hommatyň ýitgisine ýüreginden gynanypdyr diýmeli, başga nähili düşünmeli? Hommadyň başga hili düşünesi-de gelenok. Guzynyň yzyndan ene goýna derek Maman ýüregini paralap barýar-a!.. Maman kakasyna meňzemeýändigini duýdurypdyr, şeýle-de bolmaly, gyz galapyn ejesine meňzeýärmiş diýleni çyn. Sapby çopany kime meňzetjek? Galtamana meňzeýär diýjekmi. Galtaman bolup bilse, onuň armany Ýok. Sapby çopan galtamana meňzänok, Setdara meňzeýär. Setdaram Sapby çopana meňzeýär. Ikisem batnyksyz, geplerem batnyksyz, boluşlaram batnyksyz. Häli-şindi hiňlenip aýdýan aýdymyndan biläýmeli. Hommat ýat bekledi: Ermegiňe ermegiňe, Edim degdi çermegiňe, Ak goluňdan bermegiňe, Näzlim, suw ber, içeli... Her gezek aýdanda-da: "Görogly begiň sözleri bu sözler!" diýip, batnyksyz gülýär. Golaýda gelşiksiz etmiş etdi. Iýip-içip, meý-mes bolup otyrka, Hommat ojar közüniň astyndaky gorsaw çägä hamyr gömüp başagaýdy. Sapby onuň syrtyna kakdy. -- Toklyň guýrugy ýaly tegelenipdir, he-he-he... Hommadyň diline gelen söz: "goçuňky ýaly ulalan zadam bar", ýöne diýmekden saklandy, Mamanyň sebäbine saklandy, Mamanyň kakasy bilen alagöz bolasy gelenok, hany, soňuny göreýin-le diýdi. Hommat oba gidip gelenden soň Setdar süriniň üstüne geldi. Bu sapar keýp çekip otyrmadylar, ümsüm otyryp, iýip-içdiler, hümürdileri çalmardan daş çykmady. Gudaçylyk gürrüňini edýän bolmaklary-da ähtimal, toýuň sähedini belläp oturan bolmaklary-da ähtimal. Hommadyň howsalasy ardýar, gitdigiçe alaçsyzlygyň derdini çekýär. Uzakly gün haýalynda Maman, gije-de Maman bilen ýatyp turýar. Ukyda Mamanyň adyny tutmaýyn diýeni bilen, bu onuň erkindäki zat däl. Mamanyň adyny tutup samrandyr, Sapby çopan eşidendir. Setdar bilen guda bolmagyň zerurlygyna düşünendir, howlugýandyr... Bir aý geçdi, Sapby çopan çolugyna oba gidip gel diýenok, Hommadyň özi ýatlatdy. -- Gyrkymy geçirip gidersiň--diýdi.--Obada gujagyny açyp ýatanyň Ýog-a. "Gujagyny açjagym bar" diý-dä welin!.. Kim diýip sorar, Maman diýsinmi?.. Ody tutuşdyrma, Sapby çopanyň özi-de owlak-guzynyň hysyrdysy bilen ýigrimi gününi oba gitmän geçirdi, gerek-ýaragy Setdar getirdi. | |
|
√ Ýedi müñ çakrym: Türkmen aty - 16.08.2024 |
√ Derbi-dagyn: Meçik - 05.08.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Dirilik suwy -19: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Dirilik suwy -24: romanyň dowamy - 24.05.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Dirilik suwy -16: romanyň dowamy - 16.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -2: romanyň dowamy - 12.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Geñeşden öñki sala - 19.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||