11:25 Täze harabalar / Ganly düýş | |
10. Ganly düýş
Romanlar
Gün ýaşdy. Bu gije Allaş toý mekanynda garawul durmaly. Gozakly köne "IŽ" motoryny münüp gitdi. Mundan ygtybarly ulag dünýä ýüzünde Ýokdur, otuz ýyl hyzmat edýär. Sowet tehnikasyna at dakan bolýarlar, soňky getirilýän tehnikalaryň haýsysy otuz ýyla çydajak, aýdyň! Üsti rahat, tagtda oturan ýaly. Soňky motorlaryň sesi gursun, ýenjilýän doňuzyň jygyldysy ýaly beýniňi dyrjanaklap barýar. Muň sesine gulak as!.. güs-güs-güs... Üsti ýaly sesem ýakymly. Obadan çykyp, göni Ýola sowlanda alysdan okdurylyp gelýän ýeňil maşyny gördi. Ýeňilkelleleriň münýän maşyny gelýär. Içinde-daşynda ýaldyraýan, ýanyp-sönýän çyranyň köplüginden, gümp-gümp sazyň gohundan bildi. Gyra çekilip durandan amatlysy bolmaz. Allaşyň asfalt Ýoly boşadanyny hasaba almady, bir tekerini gyra düşürip, ony tozana gardy gitdi. -- Häý, tohumyňa... Toý mekanyna ýetýänçä maşyn öwrüm edip, ýene ony tozana gardy. Allaşy tozana garmak üçin ýörite edenok, ýeňilkelläniň aladasy "Toý mekanynyň" gabadanda Ýola çykanlary haýran etmek. Allaş onuň gözüne-de ilenok, motory agdaryp gider diýilse-de ynanaýmaly. Allaş oňa ýene sögdi, şeýle bir yhlas bilen sögdi welin, öz bolşuna özi güldi. Arkaýynlaşdy. Maşyn asfalt düşelen meýdança ýetip pyrlandy, tekerleriň astyndan çykan ses gulaklary gyjyndyrdy. Maşyn syrtyny bulanda, öň tekerler ýerden göterildi. Beýniňi tokmaklaýan gümp-gümpüň arasyndan atyň kişňeýän sesi eşidildi. -- Häý, bolaýyşyny diý!... Allaş golaý baryp, motordan düşmän tomaşa maýyl boldy. Maşynyň gerşine basyldygyça içinde-daşynda ýanyp-sönýän gökli-gyzylly çyralar ýiteldi. Içindäkiler gollaryny bulap, daşarda şowhun turuzýanlara seslerini ýetirdiler, dogrusy, şagal ýaly uwladylar diýmeli. Maşyn ýene öňe towusdy, iki-üç öwre bökdi, meýdançadan çykman pyrlandy, ýene atyň kişňeýän sesi asmana göterildi, şol pursat öň tekerler Ýokary galýardy, syrty agyr bolmasady, şol-a asmana göteriläýjek. Bagaja agyr ýük goýulýany şonuň üçin diýdiler. Allaş hezil edip güldi. Aýdymçynyň jabjynyp aýdýan sözleri topulýan itiň gabyrdysyna meňzeş, ýeke sözüne-de düşünip bolanok. Ot alan jaýyň penjiresinden bökýän ýaly, maşynyň gapysyndan oglan-gyz ýürek ýargynç ses bilen atylyp çykdy, iki, üç, bäş, alty... Göwrelerini, aýratynam syrtlaryny bulap, ýene şagal sesi bilen uwladylar. Gyrada duranlar haýdap olara goşuldylar. Bökýän haýsy, towlanýan haýsy, erkek haýsy, urkaçy haýsy, Allaş saýgaryp bilmedi. Bir gyz göwsüni titredär, maňlaýyndaky oglan egilip, darakyllygynda durup, çapak deregine dyzlaryny çakyşdyrýar... Magtym ýalaňajyň bir aýdany Allaşyň ýadyna düşdi: indi ýaşlaryň başarnygy kelleden aýaga geçdi diýipdi. Birdenkä saz, galmagal tapba ýatdy. Böküşenler biri-biriniň gujagyna dolup, batnyksyz güldüler. Allaş Maksadyň golaý gelenini-de ünsüne almandyr. -- Allaş aga, gaýdyber sen, dem-dynç al, bäş-alty sagatdan öwrülseň bolar. Bu toý nämäniň toýy diýip sorajagam bolmady, gelin toý däldig-ä belli, ýeke maşyndan gelnalyjy bolanok, märeke-de juda az. Aý ýagtysy äleme düşende Allaş Batyryň kärende ýerine ýetdi, meýdanyň çetinde dikilen teläriň ýanynda motory saklady. öňi bilen tutaşdyrlyga ýarajak tut çybyklaryny üýşürip ot ýakdy, üstüne-de gapdalda ýatan ojar kesindisini oklady. Motoryň gozagyndan gara taňkany alyp, plasmas gapdaky suwdan doldurdy. Ojar köze öwrülip başlanda, taňkanyň böwrüni oda süsdürer, sähel salymdan lasyrdap gaýnar. Golaýdaky biýaralaryň arasyndan garpyzlar aý ýagtysyna agaryşyp görünýär. Indi mal-haldan goramaly wagty. Allaşyň başarjak işi. Onsuzam günaşa "Toý mekanynda" garawul durýar, bu ýerden daşam däl. Garawulçylygy sorap almady, Maksat haýyş etdi. Bil agyrdyp etmeli iş Ýok, ertire çenli ýatyp gaýdýar. Aýyna köne pul hasabyndan iki million hak berýär, dollardan hasap edeniňde ýüz elli dollardanam geçýär, pensiýaň gapdalyndan uly goşant. Al diýseler, toý saçagyndan ýygnalan galyndynam motora ýükläp gaýdýar, mallara mugt iýmit. Beýemçi bolany üçin obadaky üýşmeleňlere hökman baraýmaly, damagam iliň üstünde. Toplan puluny Batyra berýär. Ogly köne maşynyny inomarka çalşyp bilse, başga görnüp duran uly alada Ýok. Lasyrdap gaýnan taňka bir gysym gök çaý atyp, teläre mündi, taňkanyň agzyny tutaç bilen basyrdy, dem alaryna garaşdy. Aý aýdyň gijä diň saldy. Sentýabryň maýyl, sergin gijesi. Bu ýyl entek oňly çigregem düşenok, onda-da telärde ýatsaň, daňa golaý üstüňe ýukarak ýapynja çekmeli bolýar. Hudaýa şükür, çybyn az, suwuň gytlygyndan. Ýaplaryň köpüsi gurap ýatyr, kanalda-da suw az, gyrmança basdy diýýärler. Taýagyň iki ujy bar diýleni, suw bol bolanda çybyn, alaka köpelýär. Bu gün obada agyr gün boldy, iki adamy jaýladylar. Günortana çenli otuza-da ýetmedik ýigit, bagry eräpdir diýdiler, öýlän segsenden geçen aýal, bende iki ýyl bäri düşekden galman ýatyrdy. Irden ýene iki adamyň üçünde, ýedisinde boldular. Ýasa-da halys öwrenişilip gidildi, her ölene öňli-soňly gynanmaga pursatam Ýok, adaty iş ýaly barylýar, oturylýar, gaýdylýar. Adamçylyk-da, gülüp oturmaly gürrüňlerem tapylýar. öwlüýä giden gölegçileriň biri müjewiriň gepini aýtdy. Jaýlamagy gurnap ýören adam ýadaw bolupmy, ýa-da başga sebäp tapypmy, jaý gazýanlary, soňam gölegçileri howlukdyrypdyr. Gapdalda syn edip duran müjewir sorapdyr: "Bu adam juda howlukdyrýar welin, merhumyňyz ogurlyga däldir-dä?" Telärde oturan Allaş bu gepi ýatlap, böwrüni bökdürip güldi. Çaý bilen çykan der bedendäki ýadawlygy ýakyma öwürdi. Aýyň şöhlesi töweregi golaýa getirdi, belentden garap oturan Allaşyň eli sereden ýerine ýetäýjek ýaly, dünýäsi giňeldi. Aý şöhlesi göze-de ýakym berýär, zehiniňem durlaýar. Kakasy Mürri ussanyň sykylykda çalýan süýji mukamy ýene gulagynda ýaňlandy. Zaryndy. Çagalykda ýatda galan mukamlaryň zaryn däli Ýok, hemmesi gam-gussada, aýralykda döredilen ýaly. Zarynlyk kakasynyň-da ömri bilen bagly alamat. Mürri Begli pälwanyň üçünji ogly. öňdäki iki oglan çagaka ölüpdir: biri Batyr, beýlekisi Pälwan. Üçünji çaganyň ölmeginden juda gorkansoňlar, yrm üçin oňa Mürri diýen bolmaklary-da ähtimal. Mürri ýaşady. Begli pälwany bil tutuşyp ýykan Ýok diýerdiler. Ataly başlygyň atasy Oraz baýyň kerwenini çekipdir. Mürri oglanka at arabadan gaçýar, bir aýagy tekeriň arasynda galýar, iki ýerinden döwülýär. Tebip ony ysmazlykdan dyndarsa-da, bir aýagy kelte bitýär, ýempäp alýar. Ilki oňa Mürri agsak diýildi, soň Mürri ussa boldy. Nöker ussanyň şägirdi, urşuň agyr ýyllarynda kolhozyň ussahanasynda işleýär. Uruşdan soňky ýyl öýüň gapdalyndan kepbe galdyryp, ussahana edinýär, pil, kätmen, orak ýasaýar, pil saplaýar, orak dişeýär. Häzirem gulagynda ýaňlanan owaz aýly agşamyň ümsümligine goşulşyp gitdi. Ussahanada gümür-ýamyr edere uly adam bolmadyk mahaly kakasy sykylykda saz çalardy, özi üçin çalardy, zat bejertmäge gelýän oglanlary ünsüne almazdy. Hydyr bagşynyň aýdan "Apaty" Allaşyň ýadynda galan aýdym. Soňra ony patifondan diňledi, köp diňledi, ýat tutdy. Aňynda galan sykylygyň gapdaly bilen aýdymyň sözlerini hiňlenerdi. Häzirem hiňlendi: Gara dagym neçün perýat edersen-ow, Diý syryňny bize gel-eý, syrdaş-ow bolaly. Bir gülüň yşgynda sen dat edersen-ow, Ahwalyňy bize diý-how, Ýoldaş bolaly. hhh hhh hhh Mejnun köp ýyglady daglara çykyb-ow, Gözünden sil kimin-ow ganly ýaş döküp, Dag seda bermedi, köp durdy bakyb-ow, Gel indi bu dagda-how, bir daş bolaly... Allaş serilip, arkan ýatdy, ýumşan bedene aralaşan ýakymly argynlyk ony uka yrdy. Hezil edip dynç alar, oýanyp, ýene bir taňka gök çaýy boşadar welin, emmeden doýan bäbegiňki ýaly ýüzi ýylgyrar durar. Tapan meňzetmeine özi güldi. Obanyň aşak çetinden eşidilen gümp-gümp Allaşyň beýnisini tokmaklady. Emmeden kesilen bäbek çyrlap aglaýar, ýeri, Allaş, indi sen näme etmeli? Ol ýyllar boýy şu gopguna öwrenişip bilmän gelýär. Agşamyň lezzeti ürküzilen guş kimin uçdy gitdi. Käýindi: haýwanlar, şu gün iki adamyň jaýlananyny bilýäňiz-ä, gopguny peseldip bolar-a!.. Toý bilen ýas bile-de gelýär, uly obanyň ýaýrawunda ony geňläp oturmaly däl. Onda-da ynsap ýagşy, ýedi asmana göterilýän şowhun gerekmi?.. Şeýle diýäýmese, başga alajynyň Ýokdugyny Allaş bilýär. Allaşyň bilýän zady köp, bilende näme? SSSR döwründe kolhoz obasyny binýady berk ymarata deňelse geň görülmezdi. Wagtlaýyn diýen pikir Allaşyň serine-de gelmändi. Tersine boldy. Indi çarwa goşy ýaly bir gün göçüler diýilse, ynanaýmaly. Ýel uguryna düşen peşmek ýaly diýäýmeli, bu günüň ýaşlary bir ýerde kök urar diýilse, Allaş ynam bilen hä diýip biljek däl. Toý tutýarlar, il-güni aldamak üçin gurnalan şagalaň ýaly. Jaý gurýarlar, entek gurup ýörkäler, has amatly ýagdaý dörän dessine ony taşlap gitjekdiklerine gynanarlar öýtme. Indi diňe ölüm wagtlaýyn däl, galan zat wagtlaýyn ekeni. Teležka münüp aýdym aýdýanlara ýeser at dakypdyrlar, Maksatdan eşitdi: kilke diýýärler. Ownuk diýseň, ownuklygy göz öňüne geljek däl, kilke diýsek bolup dur, ownuk balyga adamlar belet. Bu günki ýaşlary Maksatdan gowy bilýän barmyka? özem şolaryň biri bolup ulaldy, ýaňy ýigrimi bäşe ýeten ýigit, alçak, degişgen. Allaş ikisiniň gepi alyşýar. Arada, Allaş aga, saňa täzeje anikdot aýdyp bereýin diýdi... ökdeje gyz medinistituta okuwa girmäge barypdyr, zehinine baýyrnyp barypdyr. Zehinlide para bermäge pul barmy näme. Azyndan ýigrimi bäş müň dollar çykarmaly. Oňat baha goýulmalylaň sanawy öňünden düzülip goýlan. ökdeje gyzyň ol sanawa düşmejegi belli. Erjel ekeni, berlen sowaly şänik döwen ýaly edip dur. Ekzamen alýan mugallymyň maksady ýykmak. Kyndan kyn sowal berýär, gyzam emgenmän jogap berýär, özem: meni ýykmarsyň, jogabyma görä-de baha goýarsyň diýýär. Mugallym ahyry: ýene bir sowal berjek, şoňa-da jogap tapsaň geçýäň diýýär. Jogap taparyn diýýär. Mugallym soragyny aýdýar: aýal maşgalaň aşagyndaky iki deşigiň aralygyna näme diýilýär? Gyz şo bada jogap berýär: iki ýumurtgaň tans edýän ýeri diýilýär. Mugallym: bäşlik goýýan, gidiber diýýär. Allaş egnini silkip güldi: -- Hä-äý, ömri uzak bolmuş, hezil berdiň-ow... Maksat Ataly başlygyň garyndaşy. Başlygyň kiçi oglunyň adynda duran "Toý mekany" işledýär. Bu zamanda anjaýyn ýaşamak üçin okuw okap, bilim alyp ýörmegiň geregi Ýok diýen ynanja uýanlaryň biri. Para bilen Ýokary okuwa gireýin diýse, pul tapardy. Soňky döwrüň diplomyny alyp, iş tapman ýöreniň juda köpdügini görüp ýör. Çemeçil bol, utanma, itiň götündäkini al diýýär. Ugur tapýar, ýaşamagy oňarýar, her ýyl maşyn çalyşýar. Bir emelini Allaşam bilýär, oba-da bilýär. Halys gyssanan adama on bäş göterimine karz pul berýär, kime bermelidigin bilip berýär. Wadalaşylan möhlete puly gaýtarmasaň, o-ho-ow, oýun görkezýär diýdiler. Soňky bir ýylyň dowamynda "toý mekanlary" bilen bagly obada ýakymsyz wakalar ýüz berdi. Olarda Maksadyň eli bardyr diýmäge Allaşyň dili baranok. Maksat ýumuş oglany, onuň iki hojaýyny bar: Ataly başlygyň kiçi ogly Aýaz, Aýazyň depesinde-de Ataly başlyk otyr. Birmahal obada Gara byrgadyr diýip at alan adamyň şäherde orun tutan iki ogly kakalarynyň melleginden saraý ýaly giň jaý dikeltdiler, maňlaýyna "Toý mekany" diýip ýazdylar, işledip başladylar. Ondan öň obada bir "Toý mekany" bardy. Üç ýyl ozal Ataly başlyk kolhozdan galan kaşaň myhmanhanany oglunyň adyna geçirip, "Toý mekanyna" öwrüpdi. Oba uly bolanda-da ikä derek biri bolsa, has düşüwintli boljagy görnüp dur. Atalynyň kisesine el uruldy diý-de düşünäý, üstüne güni alnan ýaly boldy. Has beteri-de Gara byrgadyryň ogullary bahany biraz aşakda sakladylar, il-güne-de arzanragy gerek. Ýarym ýyla ýetip-etmän olaryň "toý mekany" ot aldy. Ýangyn daňa golaý başlapdyr, söndürýänler şäherden gelmeli, aralyk ýigrimi kilometr. Gün doganda ýeke maşyn geldi, haraba öwrülip, tütäp ýatan jaýa suw sepelediler. Ýangyny ilki gören adam: bir mahalda üç ýerden ýanyp başlady diýipdir. Şol pursat garawulyň ýerinde bolmandygy has-da geň. Jaýy dikeltjek bolmadylar, asyl golaýyna-da barmadylar, garalyp ýatyr. Kimiň otlanyna adamlaryň mazaly gözi ýetýänçä, el degirmezligi şert edinendirler diýseň dogry bolar. Ýanan jaýyň gapdalyndan geçip barýarkalar Magtym ýalaňaç: -- Täze harabany neneň gördüň? diýdi. -- Harabaň täzesi-könesi bolarmy, haraba harabadyr-da. -- Ýo-Ýok,..-- Magtym ýalaňaç her sözi ýanjadyp aýtdy.--Gylyç ahundan galan hüjüre köne harabady. SSSR-em haraba bolup ýatyr, ýöne täze haraba. "Toý mekanam" täze haraba. Şeýder haraba köpeler gider oturar, hasaba almaga-da ýetişmersiňiz. Allaş güldi. -- Nätdiňiz-aý muny, Ýoldaş mollum. -- Bolmalysyny aýdýaryn. -- SSSR-em ýykylmalymydy? -- Ýykylmalydy. -- Kim ýykdy ony? -- özümiz ýykdyk. Ýagmyr molladan sora: Allanyň gudraty bilen ýykyldy diýer. Ony Alla ýykmady, adamlar ýykdy, döwür ýykdy. SSSR-i ýykyp, juda günä iş edildi diýjek däl, ýöne SSSR entek türkmene gerekdi, berýän bilimi üçin gerekdi. -- Wah, näsini aýdýaňyz, Ýoldaş mollum! Kolhozam şoň üstüne goşýan. -- Eşidensiň-le, derýanyň boýundaky çynarly oba haraba bolup ýatyr. -- Göçürilýämiş diýen gürrüň gulagyma degdi, haraba diýeniňizi eşidemok. -- Ýörite gidip, gözüm bilen görüp gaýtdym, ortanjy gelnimiň atasy öýi şol obadan. -- Bilýän. -- Bombalapdyrlar diýäýmeli. -- Jaý ýykyşlyk diňe Aşgabatdamyka diýerdik welin, bize-de ýetipdir-dä? -- Iki aýlykda adamlary ýygnap, göçmeli diýipdirler. Näme üçin göçmeli? Ata-baba oturan ýerimizden göçmäge nähili zerurlyk döredi diýipdirler. Her welaýatda prezidentiň köşgi salynmaly, başga gürrüň Ýok. Täze ýurduňyzy görüň diýip, alyp gidip, görkezilen ýer on bäş kilometr aňyrda, SSSR döwründäki polkuň duran ýeri. Woýennilerden galan köne jaýlar. -- Belet. Welläň bajasy bilen gidip, şo polkdan tyraktyra şaý alyp gaýdypdym. Wöýenniler bilen oturyp-turşup ýörensoň, kimiň ýanyna barmalydygyny bilýän ekeni. Bir ýeşşik arak al-da yzyma düş diýdi. Gürleşip goýan ekeni. Garynlak maýora berdik, birgiden şaý alyp gaýtdyk, şu günki ýaly ýadymda. Çynarly oba-da belet. Ok geçmez gara baga bürelip oturan obady, tomus düşdügi pioner lägir açylýanyna özüňiz bilýäňiz. Ogullammyň ikisini lägire äkidipdim. -- Gudalarym aglap otyr. Amatly ýerden mellek berseler biz oňjak, jaýymyza baha kesip, öwezine pul berseler, özümiz jaý saljak diýipdirler. Hä diýmändirler, bir aý möhlet, göçmeseňiz jaýyňyzy üstüňize ýumurýas diýipdirler. Ýykypdyrlar. Duşmanam beýle gazaba tutmazdy, diýip naladylar. Duşman diýilse, biz nemes faşistlerini göz öňüne getirýäs. Sanly günde obany tem-tekiz edipdirler. Tank ibermändirler, tanka gaýra dur diýjek traktorlar barypdyr. Jaýdan goşlaryny almaga ýetişmedikler bar. Beýle gabahatlyk bolar öýtmändirler. Gaharym geldi, prezidentiň adyna hat ýazaýyn-la diýdim -- Hat ýetenokmyş diýýäler-ä. -- Aşgabada giden tanyşyma berip goýberdim. öz eliň bilen "prezidentiň poçta ýaşigine" atyp gaýt diýdim, atdym diýdi. Bir aý, habar-hatyr Ýok. -- özüňe gep gelmese, kaýyl bolaý, Ýoldaş mollum. -- Men haty patyşa ornuna göterlen prezidente maslahat bermek üçin ýazmadym. Ol derejedäki häkime akyl bermegiň akmaklykdygyny bilýärin. Diýdimzor häkimler üçin konstitusiýanyň gury sözdügini-de bilýärin. Olaryň gulak gabardaýjak sözüni tapmaly. Olary taryha ýaň salan hanlar, patyşalar gyzyklandyrýar, şolara meňzejek bolýarlar. Men Emir Temirden mysal tutup ýazdym. Temirleň diýip eşiden bolmagyň ähtimal. "Leň" diýmek, "agsak" diýmek, agsak Temir-Temirleň. -- özbeklere patyşa bolan adamdyr-da? -- Berekella, "bäşlik" baha goýýan. Agsak Temir Samarkant şäherini paýtagt edinýär. On dördünji asyryň gürrüňi. Patyşa bolmazyndan öň galtamançylyk edýär, at ogurlap gezýär. Şonda Egrigüzeriň golaýynda ele-de düşýär. -- Murgabyň Egrigüzeri diýip düşünmelimi? -- Edil özi! Gije çukura gabap goýýarlar. Türkmenler halas etmedik bolsa, öldürýän ekeniler. Gylyjyndan gan damyp duran rehimsiz patyşa hökmünde dünýä taryhyna giren. -- Baý-baý! -- Gurduran köşkleri, ymaratlary şu günem dünýä belli. Ana, şol Temirleň Samarkantda uly bazar gurdurýar. Köşkden bazara çenli şaÝoluny çekiň diýip perman berýär. Ýoluň geçmeli ýerinde öňden ýaşap oturan ilat köp ekeni. Şäheriň häkimi Temirleňiň huzuryna baryp, raýatlaryň göçmäge göwünjeň däl, bu ýer biziň ata-baba oturan ýerimiz diýdiler diýýär. Temirleň geň galýar: bu ýurt tutuşlygyna meniň mülküm dälmi näme, olar şony bilmeýän bolsalar, olara akmak diýse bolar diýýär, gazaba münýär. öýlerini başyna ýumruň, güm edip kowuň! diýýär. Diýse-de gije ýatyrka pikir edýär, raýatlaryna zorluk edýänine düşünjek bolýar, irden şäher häkimini çagyrýar: göçüriň, ýöne adamlaryň göwnüni tapyp göçüriň diýýär. Şuny ýazyp iberdim, düşündiriş bermedim. -- Wah, düşündirişiň geregi Ýog-a, Ýoldaş mollum, düşünmek isleýäne ýeterlik şol! -- Sen janly ýylany eliňde saklap gördüňmi? -- Beh, ýylan nirden ýadyňyza düşdi?, Ýoldaş mollum. Janly ýylan diýýäňiz, men öli ýylanam elime alyp biljek däl. -- Ýylan tutýanlary görmediňmi? -- Göremok. Ýaňy Egrigüzer diýdiň, şol obadan Çary ýylançy diýip biriniň gürrüňini edýädiler, şony eşitdim. Ýylançylar ahyrsoňy ýylanyň zäherinden ölýämişler diýen gep bar, Çary ýylançyň nähili ölenini bilemok. Arkan ýatyp, garnynyň üstünden ýylan geçirýä, çakanok diýdiler. -- Menem ýylandan gorkýanlaryň biri. -- Habarym bar. Magtym ýalaňaç Allaşyň habarlydygyny bilýändir, sorasa aýdaýmaly bolar. Kömek çopanyň ogly Akmyradyň öli ýylan bilen Magtym mugallymy gorkuzanyny bu obada bilmeýän barmy diý. Belki, geçmişden galan şol ýakymsyzlyk häzir Magtym mugallymyň ýadyna düşendir. Şol döwürde mekdep direktory bolup işlän Jumaly aga şu gün segsen bäş ýaşynda aradan çykdy, abraýly ýaşulyny soňky Ýoluna ugratmaga barýardylar. -- öten gije düýşümde ýylan gördüm. -- Ana, ýeri onsoň... Magtym ýalaňaç Allaşyň tomaşa garaşyp gülenini halmadymy, nämemi, gep açanyna ökünýän ýaly esli dymyp gitdi. -- Ýylan nireden düýşüme girip ýör. -- Oň sebäbi belli, Ýoldaş mollum, bu görülýän, eşidilýän ahwalatlar oňňullygyň alamaty däl. Çakmadyk bolsa, galany jähennem-laý. -- Uzyn ala ýylanyň bokurdagyndan bogup, üç litrlik banka salýan. Ýylan tutýanlaryň janly ýylany halta salyşlaryny görüpdim. Badhyzdan alnan dokumental filmi bilýän, şonda bar. Ilki halta ýylanyň göwresini goýberýäler, soňam elleriniň bady bilen kellesini taşlaýarlar, bada-bat haltanyň agzyny bogýarlar. -- Çakmaga ýetişýänem däldir. -- Men ony edemok. Elim bilen bile ýylanyň kellesini banka salýan. Birdenkä, elimi çykarmalydygym ýadyma düşýär, entek ýylanyň kellesini goýberemok, goýbersem çakjak. -- Asyl, eglejekmi diý. -- Indi seret, elimi çykaryp bilemok, elim bankaň agzyna syganok, girende sygdy, çykarjak bolsam syganok. -- Düýşde tersine bolmaly-da. -- Elimde-de ýylanyň kellesi. Bokurdagyny gyssygymça agzy açylýar, iki dişini görýän. Agyz saldygy dişlerden zäher pürküljek, elimden akjak gany göz öňüne getirýän. Der basýar. -- Ýüregiň ýarylmandyr, şoňa şükür et. -- Aljyraýan. Bankany döwmäge-de gorkýan. Jäjiň gyýçagy damarlarymy persala eder, gyýçak ýylana çümer öýdemok, maňa çümer! Çümse çümüp geçsin, ýylandan sypsaň bolýar-da diýmeli, diýemok. Şol pursat kelläme gelen pikirem ýadymda, düýşde-de edil huşdaky ýaly pikir edip bolýar. Çüýşäniň gyýçagy damarlarymy kesse, gany saklajak Ýok. Eger bankany döwsem, ganyň ýygnanmajagy, banka gan dolmajagy belli dälmi? -- Hawa-la! -- Şu pikir kelläme gelenok. -- Huşda bolsa, gelerdi. -- Düýşüň huşdan parhly ýeri. -- Bankanyň gandan doljagyna ynanýan. Üç litrlik banka,.. adamyň bedenindäki jemi gan bäş litr. Ýylan gana gark bolup ölmeli diýýän. Meniň bedenimde iki litr gan galmaly, ysgyndan düşjegim açyk, barmaklarym ýylanyň kellesini saklap bilmez. Ýylan suwa çümüp saklanyp bilýär, ganda saklanmaz öýdýärmiň. Kellesini sypdyrdygym elimden çakar, bir öwre, iki öwre çakar, zäheri gutarýança çakar. Zäher ysgynsyz göwrämi ysmaz edip taşlar. Bankany döwmeli däl diýýän, ýylanyň kellesini mynjyradaryn öýdýän... Howsaladan gygyrmaga gezek gelýer, gygyrmankam oýanypdyryn. Maňlaýymdan der akýar. Ýorgany serpip, hasanaklap düşekden galdym. Çyrany ýakdym, ýatan ýerime seredýän, ýylany görerin öýdýän... -- Çakmandyr, şoňa şükür et, Ýoldaş mollum. -- Uzak gün ýakymsyz pikirden saplanyp bilemok. -- Mollum, siz düýşe ynanamok diýdiňiz-ä? -- Ynanç bilen duýguny garyşdyrma, hersiniň öz ýeri bar. Sähel wagtdan ýene bir haraba peýda boldy. Welaýatdaky gurluşyk edarasyna Ýolbaşçylyk edýän Öwezmämmet oglunyň täze melleginden iki gat äpet jaý saldyryp başlapdy. "Toý mekany" boljakmy diýdiler. Üç аýdan sоňam оny işindеn kоwdular, gyssаgly sud еdip, ýеdi ýуolaýynеsdiler. Dört köрrüniň gurluşуgyndan köр рul iýiрdir. Аdamlаr ýеne böwrüni diňläр dуmdylar. Boýy ýetirilmedik jaýyň penjireleriniň ýeri garalyp dur, golaýyna barýan Ýok. Indi obada "Toý mekanyna" hyýal etjek tapylarmyka? Allaş tapylmaz diýdi. Eger Gara byrgadyryň ogullarynyň "Toý mekany" işläp duran bolsady, häzirki gohy asmana göterlen toý şonda geçerdi, galmagal uzaklara ýaýramazdy. Irji oba milisiýa bolup geleli bäri ýene biraz ganymatlaşdy, galmagaly sagat onbirden aňryk geçirdenok. Kilke aýdymça üns bermäýin diýse-de bolanok, toýuň geçýän ýeri golaý, gulagyňy mazaly dykaýmasaň eşidilip dur. Terk etme, ýarym, maňa gel, Ýüregim ýaraly, sen derman bol... Saňa diýjek sözüm bar, Ajy ýaş dökýär gözüm bar. Geläýsene ýanyma, Lezzet beräý janyma. Aýdymçy sözleri birki gezek aýdany bilen oňanok, dört, bäş, on gezek gaýtalaýar, edil ýöne, Allaşyň beýnisine basyp, ýat tutýança gaýtalap durjak ýaly. Samsyk sözleri Allaşam emgenmän ýazyp biljek, şahyr bolmagyň zerurlygy Ýok. Ýarym seni öpeýin, öpüp başyma ýapaýyn... -- Häý, zaluwat, duraweri!..--Allaş içine joş berip güldi. Öpeýin seni öpeýin, Öpüp başyma ýapaýyn. Eger meni söýmeseň, Nädip başyma ýapaýyn... Allaş öz aýdymyna gygyrdy. Sowet zamanynda radiodan berilýän aýdyma ýaňsylamady. -- Jorajana, jorajan, Haçan gidýäň ärejan, Eger gitseň ärejan, Menem äkit, jorajan! Göwresini silkip güldi, telärem yrandy... Gezegi kilkä berdi: Öpeýin seni, öpeýin, Biwepalyk edäýseň, Nädip başyma ýapaýyn?.. Öpeýin seni, öpeýin, Waý-waý, seni öpeýin!.. -- Dur-haw!.. Çary Kösäň ýilik soruşyna dönderdiň-le muny!.. Soňra Magtym ýalaňajyň aýdanyny ýatlady; "Häzirki ýaşlar tebigatyň owazyna diň salanoklar, gümp-gümpe ram edenleriň bolşuna näme diýse bolar: eşegiň sesine öwrenişip gidenler bilbiliň owazyny küýsemaz diýeýin." - Wah-eý, ýüregimiň üstünden aýak ýalaňaç ýöräp barýaň-da, Ýoldaş mollum!.. | |
|
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Janserek -9: romanyñ dowamy - 17.04.2024 |
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Köne mülk -7: romanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -7: romanyň dowamy - 16.09.2024 |
√ Duman daganda: Egriler egri bilen, dogrular kim bilen?! - 08.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||