13:53 Täze harabalar / "Heleý görünýär" | |
9. "Heleý görünýär"
Romanlar
Ajap salgy berlen palçyny öwdügiçe Batyryň myrryhy atlandy. Ajap diňe eşidenlerini aýdyp oňanok, özündenem goşýar, täze palçyny ertekilerde aýdylýan jadygöý kempirleriň derejesine ýetirdi. Ol aýalyň milleti özbekmiş, palçylykda, tebipçilikde bu jelegaýda onuň deňine ýeten ýok diýdi. Tomusda ol aýal Arçman ata barypdyr, asyl ýöne, adamlar zybrym şoň diýeni bilen boldular, dogtorlaryň ýanyna barjagam bolmadylar, keseliňi takyklaýan enjamlardan geçjegem bolmadylar diýip, gözi bilen gören aýal Ajaba gürrüň beripdir. Ol aýal Meretleriň garyndaşy, toýa gelen myhman. Ýüzüme sereden badyna derdimi bildi diýýär, seň derdiň dermany Arçman däl, Mollagaradan haýyr taparsyň diýipdir. Mollagara bardym, tut ýaly sagaldym diýip otyr. Ol aýal dogtorlaram bejerýär, adam bary oň göwnüni tapjak bolup garaheläk diýdi. Oň atasy birmahallar Buharaň uly mollasy bolan, balşawikden gaçyp, Mara düşüpdirler. Nohurdan biri baryp: uýamy ýitirdim, gözleýän, tapamok diýip, dady-perýat edipdir. Uýaň uzaga gidenok, Könekesirden gözle, söýşen ýigidiniň dulunda mahmal bürenip otyr diýipdir. Diýeni ýaly, ertesi tapdym diýip geldi. Bir önelgesiz naçar bir ýyl öň şol bilgije görünen ekeni. Bir ýyldan torsuk ýalyjy ogul dogurýaň diýipdir. Dogran perzendini bagryna basyp, Arçmana bardy, şatlygyndan gözýaş döküp, özbek aýala uzak ömür diledi diýdi. Batyr özelendi: -- Palça git diýme, how, Meňli badymy aldy, bes edeli. -- Deňejek adamyňy tapdyň ýagşy-da bir! Meňliň göti görnüp dur, atasyna beled-ä biz. Kolhozyň düýekeşi bolan, adynam ýazyp bilenok ekeni. özbek aýalyň aňyrsy Buharadan. Köne okuwa özbekleň ökde bolanyny menem bilýän, senem eşidensiň. Gylyç ahunam Buharada okapdyr. özbek palçysyny Meňlä deňejek bolma. Hudaýa şükür, ýurt söküp bir ýerlere gitmeli däl, Mary gapdalmyzda. Myhman aýaldan salgyny aldym. Tapmaryn öýtseň, bile gidip, özüm tapyp berjek. -- Aldanmak üçin iki adamyň geregi Ýok, özümem taparyn. -- Ine, şu sözüňi diýmeli däldiň-dä. Men ynanýan, senem ynanaý. -- Meňlä-de ynanýadyň-da. -- Senem ynanmalydyň, ynanmadyň, ynanmaşyň ýalam boldy. -- Ajap, Ajap jan, özüň gidäýsene, görmeklim. Suratymy görkez, şu meň ärim diý, ökde palça suratam ýeterlik diýýäler. özi geljekdi, arman, agşam it ýardy diý. -- Diliňe alma ýalan sözi, ol aýal bilip oturandyr, ýer astynda ýylan gäwüşese bilýä diýdiler. Batyr ýeke gitdi. Palçynyň ýaşaýan ýeri uly bazaryň ýeňsesinden geçýän köçäniň ugurynda, derýadan taýak atym aralykdaky gyzyl derwezeli howly ekeni. Derwezäniň depesine goçbuýnuz berkidilendir diýlenem dogry. Gapynyň jaňyny basdy. özbek tahýaly, salpy murt, daýaw adam çykdy. -- Kim gerek? -- Palçynyň ýaşaýan ýeridir-dä şü? -- Bir sagatdan aýlan, üç adam nobata dur, sen dördünji bolduň. Türkmençe arassa gepleýär, tahýasy, murty bolmasady, özbekdir öýtmersiň. Türkmenler murty halanoklar, salpy murtlusyny asla-da tapmarsyň. Köçe salkyn däl, gyralary ýykyk-ýumruk beton ýapjagazdan tomusda suw akana meňzänok, kölege salyp oturan agaç seýrek, bolany-da tikenli orus agajy. Sentýabryň yssysy tomusyňkydan pes däl. Wagt geçirerin, dem alaryn öýdüp derýanyň gyrasyna çykdy. Bulanyk suw akýar, güýçli nasoslar bilen kanal suwunyň derýa guýdurylýandygyny bilýär, derýanyň Ýokary akymynda suwuň gutarandygyny-da bilýär. Derýanyň öňki akawa suwunda ýakym bardy. Akawa suwuň gelmesi kesildi. Bulanyk suwda balyklar ölýär diýdiler. Indi derýanyň boýunda çeňňek bilen balyk tutýan adam görmersiň diýýärler. Kanalyň suwam bulanyk, ýyl saýy gyrmança basýandygyny, kanalyň hanasynyň daralýandygyny Batyra aýtmagyň geregi Ýok, gözi bilen görüp ýören zatlary ahyry. Obalarda akawa suwuň akýan ýaplary seýrekläp barýar, tomus uguryna melleklere akar suw akdyrmak çetin. Her kim melleginden guýy gazdyryp, nasos bilen çykaryp mydar etjek bolýar, ol suwam ýaramsyz, bir ýerden süýji suw çyksa, bäş ýerden ajy, turşy suw çykýar, mallaram ýakyp bolanok, agaçlaram guradýar. Arada Wellädiň toýuna Aşgabatdan gelen myhman: bu sebitde uly dawa-jenjel indi suw zerarly turar diýdi, obalarda "ganly saka" başlanar diýdi. "Ganly sakanyň" nämedigini soran bolmady. Batyryň özem bilenokdy. Kakasy bilýän ekeni. Mekdepde ýedinji klasda okadyk diýdi, goşgy bilen ýazylan kitap, ýazan şahyryň ady ýadymdan çykypdyr diýdi. Sowet Soýuzyndan öň bolan waka. Iki tiräň arasynda suw dawasy turýar, soňy gan bilen, ölüm bilen gutarýar. Şonda Allaş ogluna ýene bir zat aýtdy, ony Magtym ýalaňaç aýdypdyr: bolşewikler ähli kişini kolhoza gabap, bir gulakdan suw içmeli edip, dawanyň soňuna çykdy diýipdir. Batyryň kakasy dogry edildi diýýär. Kolhoz ýatyryldy, indi nätjekmişler diýdi. Ýazyň soňunda melleklere suw berilende Salamgulynyň gelni bilen Gulla maýrygyň aýaly suw üstünde saçyny ütüşdiler, beýle waka bir ýa iki bolsa, jähennem diýseň-de boljak. Hawa, ýaplar taňkyrap ýatsa, dawa-da bolmaz, olam çözgüt däl, betbagtlyk. Suw üstünde dawa tursa, Ajabyňam hakyny gidirmejegine Batyryň ynamy bar. Oba gelýän ýabyň suwam bulanyk, bulanyk kanaldan dury suw akmajagy belli. Durmuş bulananda suwlaram bulanýan ekeni. Batyr akylly pikir aýdanyna düşündi, buýsanmady. Nämä buýsanjak, palçydan palça entäp ýörsüň, häzirem demir derwezeli, goçbuýnuzli howludan oturan palçydan tamaň bar, hantamaçyk diý-de düşünäý. Hantamaçylyk ejizlere berlen endik. Batyr ýene akylly pikir aýdanyny bildi, şol ejizleriň biridigine welin, gynandy. Ol bir sagatdan dolandy, ýene bir sagady klen agajynyň kölegesine ýazylan gaty palasyň üstüde geçirdi. Çaý bilen künjüli halwa hödür etdiler, içmedi, içesi gelýärdi, ýöne mugt berilýänine ynamy bolmany üçin içmedi. Nobaty ýetdi. Salpy murt özbek: -- Gir--diýdi. Daş bosagada saklap, sargyt etdi.--Artykmaç gepläp eglemejek bol. Şu oturan adamlar Çärjewden, Daşhowuzdan geldiler, şu günem yzlaryna dolanmaly, wagt az. Oturanlar aýdylany tassyklap baş atdylar. -- Ady nämedir-ä? -- Gülnäz. Eşidenini öz ýanyndan gaýtalamaga ýetişmänkä, Batyryň huşundan uçdy. Giren ýeri giň otag ekeni. Içeri salkyn, ýöne ýagty däl. Otagyň ortasynda ýazgyn stol dur, stoluň ýeňsesinde kreslony dolduryp bir aýal otyr. -- Salawmaleýkim... Aýal salam alman, otluçöp çakdy, stoluň üstündäki goşa şemi ýakdy. Batyr: salam almazlyk palçylaryň edähedi öýdýän diýdi. Ýakjak bolsalar elektrik çyra bara. Şem ýakmagynda bir many bolmaly. Üstesine-de stoluň her gyrasynda bir gara pişik otyr. Ilki seredende olara ýasalan pişikdir öýtdi, şem ýakylanda olaryň gözleri ýaldyrady, kellelerini gymyldatdylar. Pişikleriň biri gyzylja dili bilen agzyny ýalady, janlydyklaryny duýdurmak üçin eden ýaly boldy. Aýalyň aýagynyň öňünde tüýlek ak gürji ýatyr, howatyr edip, Batyra seredýär, duran ýerinden bir ädim öňe ädäýse, topulmaga taýýar. Aýal saçyny düýrläp, depesine galdyrypdyr, ýuka öýme bilen bogupdyr. Ýüzi dolmuş, gaşlary şar gara, reňklenendigi görnüp dur. Galyň dodaklaryna goýy gyzyl reňk çalypdyr. Şahy köýnegiň aşagyndan göwüsleri depe ýaly güberlip, alkymyna ýetäýsem diýýär. Boýnunda düzüm-düzüm monjuk, irisi bar, maýdasy. Bu aýala artist diýilse-de ynanaýmaly, gülküli kinolardaky özbek aýallaryna meňzeýär. Batyr tomaşa gatnaş diýlip, sahna çykarlan ýaly ýaýlandy. Stoluň üstünde pytyrap ýatan uly-uly kartlary gördi. Jaýyň içinde boş ýer Ýok, goş-golamdan doly, diwarlaryň ýüzem tutuş haly. Batyr Meňliniň boş otagyny küýsedi. Palçy aýal Batyra çiňerlip garady. Göreçleriniň ýitiligindenmi, onuňam gözlerinde şem ýanan ýaly boldy. -- Otur--Batyr stoldan iki ädim sowaşyk goýlan oturgyja çökdi, aýal gözüni aýyrmady.--Nähili alada getirdi seni, men bilýän--diýdi. Sesi göwresine görä däl, inçeräk, ýakymam bar. Biraz çalgyrt diýmeseň türkmençe gepleşi-de ganymat. Gönümel, ujy inçe burny gelşikli. Possuk elleri bitagaşyk däl, her dürli ýüzük geýdirilen barmaklarynyň uzynlygyna, näzikligine haýran galaýmaly. Dyrnaklaryna çalymtyk, ýaldyraýan reňk çalypdyr.--Bazarda etli somsa satýan heleýlere meňzäňok diýjekmi?--Aýal güldi, Batyr böwrüne dürtülen ýaly tisgindi. -- Ýok-laý, siz owadan artis aýala meňzeýäňiz--diýdi. Palçy indi keýp bilen güldi, sesinde ýakym bar. Hatar ak dişleri abat. Ol Batyra ýarap barýar, Batyryňam oňa ýarasy geldi, şeýle etse, palyň nyrhyny aşak düşürer öýtdi. -- Men her gelene pal atyp ýöremok, öz kliýentlerim bar. Tölegi öňünden bermeli, başda ýigrimi manat. Batyr aýdylan tölegi köne puluň hasabyna geçirdi, ýüz müň manat bolýar, bu juda gymmat däl-maý, iki kilo etiň bahasy-laý. Soňundan näme bermelikä? -- Puluň gürrüňi Ýok, soňundan bersemem bolar-a? Aýal penjesini stola patyladyp urdy, pişikler, güjük tisgindi, Batyram tisgindi. Aýal oruslaçady: -- Snaçala bilet, potom konsert. Batyr düşündi, öňürti pul töle, soň konsert görersiň diýýär. Ýigrimilik puly stoluň gyrasyna goýdy, eliniň sandyraýanyny gördi. -- Rustamçik! Aýalyň çakylygyna biri geler öýtdi, salpy murt özbege garaşdy. Gürji ýerinden galdy, çyňsaýan ýaly ses etdi, stola bökdi, Batyryň pulunyň bir çetini agzyna aldy, ýere düşüp, sumat boldy, eglenmänem pulsuz dolandy, öňki ýerine geçip ýatdy, indi näme berjek diýen manyda boýnuny burup, Batyra çiňerildi. -- "Mugt Buharda Ýok" diýen gep bar. -- Bilýän. -- Buhara nirede, onam bilýän diýjekmi? -- Bilýän, özbegistanda. -- Bilýäniňe geň galmadym, sen sowet mekdebinde okadyň. Golaýda Aşgabada gitdim, bazaryna bardym. Dükanda bir ýigit otyr. Syr soradym, nireden getirlen syr diýdim. Daşkendiň syry diýdi. Daşkent diýeniň nire bolýar? Daşhowuzdadyr-da diýdi. Oňa-da geň galmadym. Neresse soňky türkmen mekdebinde okapdyr. Aýal çalarak güldi. Bu gülküniň ýakymsyzlygy Batyryň ony gyjyt manyda eşidenligi; siz okuwsyz, bilimsiz, dünýäden bihabar diýdigi. Gaýtawul beresi geldi, delil gözledi, tapmady, aýal myjabat edenok. Palçy aýal: -- "Mugt Buharda Ýok", şu söze geň galýan, hamala, Buharada mugt zat bolmaly ýaly, mugt zat hiç ýerde-de Ýok. -- Bizde bar!--Batyr delil tapanyna begendi.--Türkmenistanda gaz mugt, suw mugt, elektirik mugt...--Gyssanjyna sägindi, indiki mugt zadyň ady birbada diline gelmedi.--Hä, duzam mugt! -- Kepenem mugt--Palçy güldi.--Döwletiň mugt palçylary bolsady, sen ýanyma gelmezdiň. Aý-aý, pul berenine gaty gananaýdy, he-he-he... Uýaňyz ýitse-de palçyň ýanyna barmaly, zadyňyz ogurlansa-da... Senem bir zadyňy ýitirensiň? -- Ogurlatdym. -- Diýjegiňi bilip otyryn. Ogryny tapmak polisiýanyň işi, mugt tapyp bermeli. Sen polisiýa barmadyň, bäri geldiň, pul bereniňe-de gynanýaň. -- Gynanýa diýmäň-dä. Palçy ýene güldi. Bu heleý meniň alaçsyzlygyma gülýär diýdi. Birdenem onuň mesaýy äheň bilen gürläp başlanyna geň galdy, duýgudaşlyk etjegini duýsa, Batyr minnetdar boljakdy. -- Düýn biri geldi, senden uly, elli ýaşlarynda. Aglady, erkek adam, utanman aglaýar. Şu ýere işe gelen türk gyzyny bogaz edip gidipdir. Nirä gidipdir, bilenok. Şo haramzadaň nirededigini sen takyk salgy ber diýdi, gitjek, ýakasyndan tutup getirjek, gelmejek bolsa, şo ýerde öldürip gaýtjak diýdi. Başarmajak işiňi aýtma diýdim, başarmajagymy näbilýäň diýdi. Sen şo-ol basmaçy türkmenler ýaly bolsadyň, ynanardym diýdim, sen türkmen däl-ä, sen o türkmeniň diňe adyny göterýäň diýdim, onuň namysy-da Ýok sende, ary-da Ýok sende diýdim. Beýle bir namysly bolsa, türk bärdekä näme işläpdir. Gyzyna pul berýän ekeni, öýlenjek diýip aldapdyr. Şondan habaryň barmydy diýdim, hawa, bilýärdim diýýä, ökünýän diýýä, ýene aglamaga oturýar. Gyzy bogaz bolmadyk bolsady, ökünjek däldi. Men diýdim: şo türküň işlän kompaniýasyna bar, sora, adresini aýdarlar. Soramaga çekinýär, gorkýar. Ol öz ýurdunda soramaga gorkýar, Türkýä baranda näme edip biljek? Edip biljek zady: gyzyny ýany bilen äkider, türküň aýagyna ýykylar, gyzymy ikinji heleý edin-de alaý, ee çyksaň bolýa diýer, ýalbarar. Bir mahallar türkmenleriň Buhara baryp, bazarynda gul-gyrnak satanyny bilýärmiň, eşidipmidiň? -- Gul-gyrnak satmak gahrymançylyk däl-ä. -- Türkler siziň aýal-gyzyňyzy gyrnaga öwürliler, o taýda-da, bu taýda-da. Palçy agzyna bir zat oklady, gara bokaldan çaýmy-suwmy, bir zat ogurtlady, ogurdyny dolduryp, gulkudyp ýuwutdy. -- Türküň ýaşaýan ýerini bilýämidiňiz? -- Hemme zady bilýän, bilsemem başarmajak zadymy aýdamok. Saňa aýdaryn, seň aladaň has ýeňil. Palçy Batyra garap, çalarak ýylgyrdy, Batyryň höwesi artdy, palça hemaýat beresi geldi. -- Uly bir bolan zadam Ýok-laý. Şähere gelip, iým satylýan dükana girdim, eglenmänem çykdym, geçse bäş minut geçendir. -- Bäş minutda adam öldürip bolýar. -- Meň gapjygymy ogurladylar, içinde prawam bardy. -- Şoň üçinem bäri gelip, meň başymy agyrdýarmyň? Uzak ýerden gelenler eşitse, näme diýerler? Prawa ogurtlatdym diýip gelýän bolsalar, bu palçy ownapdyr diýerler. Sen mertebämi peseldýäň. Ýüzüňe-gözüňe bakyp oturmaly, boýuňa guwanyp oturmaly, prawaňy ýitirseň polisiýa barmalydygyna welin, akylyň ýetmändir. -- Ogurladylar, prawamy ogurladylar diýip, men aýdyp otyryn-a. -- Ogurlanlaryny gördüňmi, gözüň bilen gördüňmi? -- Gözüm bilen göremok, ýöne bilýän. -- Bilýän bolsaň, näme üçin meniň ýanyma geldiň? -- Kimiň ogurlanyny aýt. Men saňa pul töledim, senem ogryň adyny, adrisini aýt. Aýal güldi, onuň gülküsi Batyry gorkuzdy, dogrusyny aýtmaz diýdi. -- Meni kim salgy berdi? -- Aýalym eşidipdir. Palçy ýene güldi. -- Aýalyň git diýmedik bolsa, geljek däldiň? "Hawa, geljek däldim." diýesi geldi, dilini dişledi. -- Gelenime görä, senem bir zat diýmel-ä borsuň. -- Beren puluma görä diý... Diýerin, seniň puluň köýmesin, köýse aýalyň käýiner, agşam ýanyna-da goýbermez.--Pytrap ýatan uly kartlary eline ýygnady.--Ýanyňda kim bardy? -- Hiç kim. Kartlary ýazdy, ýelpewaç ýaly bir elinde tutdy, beýleki eli bilen suw çilimiň naýyny agzyna dykdy, sordy, tüsse goýberip, gözlerini süzüp oturdy, Ýokarky gabaklaryna çalnan ak krem şemiň şöhlesine ýalpyldady. Tüssäniň tagamly ysy Batyryň burnuna-da ýetdi. -- Ýalan sözläňokmy?--Bu sözleri azgyrlyp aýtdy. -- Ýok, duz ursun, ýeke özümdim. -- Duzdan ant içip, ynandyrjak bolma. Garry atam: türkmenler ant içmegi halanaoklar diýerdi, indi siziň üçin hiç zat, eşekden palan aýrança-da Ýok diýsem bolarmy? -- Eşegem bilemok, eşegiň palanynam bilemok. -- Eşek münemzok, maşyn münýäs diýsene. -- Eýse, ýalanmy?!--Batyr bu sözleri gygyryp aýtdy. -- Ýanymda hiç kim Ýokdy diýeniň ýalan. Kartlar başga zat aýdýar.--Ol iki öwre çilim sorup, ýene karta seretdi.--Ýanyňda heleý bar. -- O nähili heleý bolýar-aý?! -- Saňa tanyş heleý. -- Aýdyp oturan zadyny! Meň-ä heleý ýadyma-da düşenok. -- Heleý ýadyňa düşmese, saňa erkek diýmezler... Maňa görünýän heleý senden öýkeli, senden ar aljak bolýar. -- Şo heleý prawaňy ogurlapdyr diýersiň. Heleý diýeniň ýapa-da degenok! Palçy iki aýasy bilen stoly urdy, şemler tas sönüpdi. Pişikler mawlady, güjük jabjynyp üýrdi. -- Ynanmajak bolsaň näme üçin geldiň? Şpionmy sen, seni kim iberdi? Aýalym iberdi diýeniň ýalan, ant içip, awy ýalama, ynanman. Kartda görünýän heleý iberdimi seni? Kim iberdi? Sen basmaça meňzäňok, basmaçy helee gulak asmazdy. Sen heleýguly! Batyr ýeke çykalga gördi: gaçmaly! Şol pursat salpy murt özbek kürsäp girdi, gygyrdy: -- Gülnäzhon! Aýal oňa üns bermedi. -- Maňa görünýän heleýiň göwnüni tapmasaň, prawaňy almarsyň!--diýip, gygyrdy.-- Zyňar, ýakar, Ýok eder, saňa bermez. Ty glupyý! Batyr aýak üstüne galyp jibrindi: -- Başga gep tapmadyňmy sen? Arakhor ogurlady diý, neşekeş ogurlady diý, heleý nireden ýadyňa düşdi?! -- Git, seni gözüm görmesin... Şerip, negodýaý, beýle adamy goýberme ýanyma. Palçy aýalyň heňkirmesi zarply gülkä ýazdy, gürjüniň jöw-jöwi bilen deň gopdy. Haýdap gapa ýetip barýarka, Batyr beren puluny ýatlady. Tüýli gürji gizlemedik bolsady, stoluň üstünden garbap alardy. Pulumy gaýtar diýip eglenmäge gorkdy, gara pişikden, tüýlek gürjüden, salpy murt özbekden gorkdy. Gürji ýarar, pişikler ýüz-gözüni dyrnajaklar, daýaw özbek depesinden agyr ýumruk inderer... Howla çykanda-da palçy aýalyň gülküsi galmady, köçede-de eşidildi, gulagyndan gitjege meňzänok. -- E-eý, du-ur!.. Batyr gaňyrlyp garasa, salpy murt haýdap gelýär, elini uzadyp, bir zat hödür edýär. Batyryň ilki hyýaly ökje götermekdi, bir zadym galandyr diýen pikir saklady. Golaý gelen özbegiň elinde ýigrimilik puly gördi. öz beren puly. Elini uzadanyny-da duýman galdy. Puly gysymyna gysdy, gulagy özbegiň aýdanyny eşitdi. -- öýüňi ursalar gel, heleýiňi zorlasalar gel, bolgusyz zat üçin gelme. Şarpyk çalan bolsa, gowy bolardy. Ajabyň soraryna garaşmady. -- Prawamy tanyş heleý ogurlapdyr--diýdi.--Ar aljak bolup edipdir, men indi şo heleýiň göwnüni tapmaly. Ajap güler öýtdi, gülmedi, eriniň habary ukudaka gulagyna degen ýaly äme-säme boldy. -- O nähili heleý, kimiň heleýi?--diýdi. -- Ony ýene bir palça gidip bilmeli boljak. Eşidenlerini kellesinde öwürmäge ýetişdi öýdýän, Ajap höwessiz güldi. -- Ady ýitsin-le şolaň!--diýdi. Batyr polisiýa bardy. Prawamy ogurlatdym diýmedi, ýitirdim diýdi. Nädip ýitirdiň, nirede ýitirdiň diýmediler, tapylýança garaş, garaşasyň gelmese, gaýtadan okap, synaglardan geçip, täze prawa al diýdiler. Berilmeli paranyň möçberini polisiýanyň daşyndakylardan eşitdi. Hudaýa şükür, entek bäş ýüz dollar bolandygyndan üýtgemändir, alty-edi ýüz diýilse-de bermeli bolardy. Soňra palça gidişini kakasyna gürrüň berdi. Allaş hezil edip güldi, aýratyn-da şäherdäki palçynyň heleý hakynda aýdany hoşuna geldi. - Baý-bo-ow!--diýdi.--Ajaba ýene bir palçy tap diý, özüň gitme, Ajap gitsin, prawa jähennem diýsin, şo heleý ärimi ogurlasa, men nätmeli diýsin. Alaçsyz adamlaryň gülküsiniň soňy, adatça, gussa bilen gutarýar. Allaş ýene jähennem hakyndaky pikirine dolandy... | |
|
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Dirilik suwy -25: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Dirilik suwy -22: romanyň dowamy - 22.05.2024 |
√ Duman daganda: Söz bilen işiň arasynda dag ýatyr - 05.06.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Duman daganda: Nur gözellikde, gözellik köňülde - 14.06.2024 |
√ Janserek -10: romanyñ dowamy - 24.04.2024 |
√ Duman daganda: Egriler egri bilen, dogrular kim bilen?! - 08.06.2024 |
√ Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -7: romanyň dowamy - 16.09.2024 |