19:11 Täze harabalar / Hüjüm | |
4. Hüjüm
Romanlar
Magtym ýalaňaç Şajanyň habaryny eşidip, Ýagmyr mollanyň hüjüme geçenine şübhe etmedi. - Kakam bilen gürleş diýmeli ekeniň-dä. - Diýmen. - Diýmeli bolar. - Diýmen! Doňuz saklaýan sen däl, men saklaýan, men jogap bermeli. Kaka, ýaşym ellä ýetdi, seni galkan edinmek niýetimde Ýok, öz aladamy özüm ederin, sen arkaýyn gez. - On gün möhlet berdi diýdiň. - Hawa, diýdim. - Malyňy Ýok etjekmi? - Bilemok entek.- Şajan ýegşerilip dymdy. - Sen bilmeseň, men bilýän. - Kaka, senem bileňok, iň ýamanam, haýsy döwürde, haýsy zamanda ýaşaýanyňy bileňok, kaka! Hudaý Ýok diýilýän zaman gutardy, mollalaň zamany geldi, uly il şolaryň agzyna aňkaryp otyr, görüp görsüň, bilip ýörsüň, boýnuňa alaý, kaka! Seniň adyň agzaldygy Ýagmyr molla bir söz diýýä, aýdandyrlar, eşidensiň, men-ä eşitdim. -- Eşideniňi maňa-da aýt, menem eşideýin. -- "Magtym ýalaňaç hudaýsyzlaryň arabasyndan gaçyp galan diri maslyk" diýip ýör. -- Ýagmyr molla ýalňyşýar. Men hudaýsyz däl, meniň öz hudaýym bar, Resul mirabyň oglunyň hudaýy bilen meniň ynanýan hudaýym bir däl. Ýagmyr molla adamlary hudaýyň ady bilen gorkuzjak bolýar. Meniň hudaýa ynanasym gelýär, hudaýdan gorkasym gelenok. Hudaýdan gorkmaly däl, hudaýy söýmeli. Ýagmyr molla: siz hudaýyň guly diýýär. Hawa, men hudaýyň guly diýsem, Ýagmyr mollanyň niýeti meni mollaryň guluna-da öwürmek. Ol hudaýa eýelik etjek bolýar, ol hudaýy ynanja däl-de, nesýä öwürjek bolýar, hudaýy kärendä berýär diýsem, has düşnükli bolar. Ataly başlyk islän adamyna döwletiň ýerini kärendesine berýär, islemedigine berenok, garşysyna gideniň kärende ýerini elinden alýar. Ýagmyr molla welin, meniň ynanýan hudaýymy elimden alyp bilmez, meniň ynanjym meniň gursagymda. Her gün ýatmazymdan öň hudaýa alkyş edýän bolsam, maşgalamyň saglygyny, rowaçlygyny dileýän bolsam, maňa Resul mirabyň oglunyň aýyplamasy gorkuly däl, sen şuny bek belle! Ýene bir ýagdaýa düşün: eger-de men köpüň arasynda Ýagmyr molla ynanýanymy äşgär etsem, şol pursat men onuň edýän bet işlerini goldaýan adam bolaryn, men ony edip biljek däl, meniň gursagymdaky hudaý maňa rugsat berenok. Men Ýagmyr molla ynanmok, şol pisint adamyň dini wagzyna-da ynanamok! -- Kaka, diýme şu sözleri! -- Men oglumyň ýanynda diýýärin. -- Ýok, sen adamlaň ýanynda-da diýýäň, kaka, diýme. Ýagmyr mollanyň güni gelýä, gurdy gündiz uwlaýar. -- Häzir gürrüň doňuz hakynda. Doňuz bakyp, satmak gadagan diýlen kanun entek Ýok, bolan güni başga gep. -- Bu ýurtda kanun bilen ýaşalmaýanyny bilýäň-ä. -- Kanun bilen ýaşamalydygyny bilýän!.. Magtym ýalaňajyň eli-aýagy, tutuş süňňi saňňyldady. Kakasynyň bolşuna Şajanyň nebsi agyrdy hem gaharlandy. Ýagmyr mollanyň Magtym ýalaňajy maslyga deňemesiniň ýene bir sebäbine düşünýär, gözi bilen görüp otyr, kakasynyň üst-başyny synlan adam şondan gowy söz diýmez, özümem diýjek-dä, seret, diýmez ýaly däl-ä diýdi. Gawun peliniň ortasynda gorky üçin dikilen garantga meňzeýär. Kellesinde gyralary ýemşeren, tutuş etegi ajy derden agaran sypal şlýapa, egninde ýerligi gök bolsa-da, halys solup çalaran wilwet köýnegi bar, öňdenem yşnaksyz ýüzüni has-da bedroý görkezýär. Ýüzüniň, boýnunyň hamy pyşdylyňky ýaly dartylyşyp dur, gözleri ýarydan deşilen ýaly, kirpikleri göze-de ilip baranok. Şajan janygdy: -- Kaka, şu üst-başyň bilen köpçülige çykma, öňem aýtdyk, bizi utandyrýaň. Başyňa seleň telpek, egniňe don, aýagyňa mesi geý diýemzok, ybaly eşikleň bar, geý şolary, bolmasa-da barma köpüň üýşen ýerine! -- Barmasam Resul mirabyň oglunyň güni geler. -- Sen Ýagmyr mollanyň gününi peseldýändirin öýtme, üsti-başyňa seredip, heşelle kakýa: şu porumdaky adama-da edep-terbie ynanyp geldiňiz diýýä, Ýogsa, bu pormy eşik bilen mekdebe barmandygyňy ol bilýändir. Galat aýdýaň diýjek Ýok oňa. Neneň onsoň kanun bilen onuň öňüne böwet boljak. Ýataga golaý ýaşaýanlar: haram doňzuň ysy aňkap dur, çydamzok diýenmişler. Diýmediklerini bilip dursamam, ýüzleşdiriň diýip bilemok, mollanyň aýdanyny ýalana çykarmaga gaýraty çatjak Ýok. Doňuzyň porsusy üçin mollanyň ýanyna barylýanmydyr? Başlygyň ýanyna barsynlar, häkimiň ýanyna barsynlar! Şeý diýeýin, Ýok, biz mollaň ýanyna arz etmäge barmadyk diýmezler, arz etmedigem bolsa, diýmezler, diýseler, mollany ýalançy etjekler. Mollaň diýenine hä diýmek häzir moda öwrüldi, mollaň edenini etme, diýenini et diýlen zaman geldi, düşün-ä şoňa, kaka!.. Magtym ýalaňaç düşündi, ogly: sen ara goşulma, öz günümi özüm görerin diýýär. Ogluna ýalbaryp, mundan beter sözüni zaýalasy gelmedi, Ýogsa, doňuzy Ýok etseň, gazançdan mahrum bolarsyň diýmelidi, diýmedi, aýdylmanda-da ogly bilýär. Doňuz etiniň şäher bazaryndaky gymmaty goýnuňkydan, sygyryňkydan Ýokary. Restoranlar, kafelar garbap alýarlar. Doňuz etiniň çişligi ýumşak, has tagamly. Onuň tagamy Ýagmyr mollanyňam agzyndan giden däldir. Ol bu gün molla, düýn hudaýsyzlar diýip, näletleýän adamlarynyň arasynda ulalypdy, kemala gelipdi. "Duza gaçan duz bolar" diýen nakyly bilýändir. Şajan orta bilimli mal doktory bolup, köp ýyl kolhozda işledi, kolhozyň doňuzlaryna-da seretdi, amaty gelende ýatagy kärendesine aldy, öz doňuzlaryny ýetişdirdi, tutuş hojalygy gazanjyny tapdy. Bu gün Ýagmyr molla olary gazançdan kesjek bolýar. Ogly kakasyna goşulma diýýär, Magtym ýalaňajyň başarmajak zadyny diýýär. Ýagmyr molla bu gün doňuzlary Ýok et diýse, ertir ýigrenji kakaňy Ýok et diýer. Magtym ýalaňaçdan dynmagyň juda müşgül işdigini Ýagmyr molla mazaly duýdurmaly boljak! Magtym ýalaňajyň höwesi artdy. Adalatsyzlyk howpunyň abanandygyny duýanda oda-köze düşmek oňa endik bolan häsiýet. Ýüregindäki ýigrenç, gazap gülkä öwrülip bokurdagynda gaýnady. Ýeke güldi, gülküsine diň saldy. Gülküde ejizlik Ýok, özüniň mamladygyna ynanç bar. Oglunyň aýdyşy ýaly, ybaly geýimlerini geýdi. Ak köýnek, çal kostýum, gara köwüş, gara ýüň papak. Olar arassa, taýýar dur, mekdepden gaýdaly bäri, olary geýnip çykmaga höwesi Ýokdy, häzir höweslendi. Goý, Ýagmyr molla kimiň gelendigine, kim bilen gepleşmeli boljakdygyna düşünsin! Aýaly pakyr ölmedik bolsady, äriniň bolşuna geň galardy: "Bezenip-beslenip nirä ugramakçy bolduň?" diýerdi. Magtym ýalaňaç ýasama agraslyk bilen jogap bererdi: "Metjide baryp namaz okajak". Aýaly gülerdi: abraý bereweri diýerdi. Sentýabr aýaklap barýar, agşam namazynda garaňky düşýär. Agşam namazy bilen ýassy namazynyň aralygynda mollanyň öýüne barmakçy, ýeke otyrka barmakçy, metjitde ýeke bolmajagy belli. Ikiçäk gürrüňi ygtybarly saýdy. Ilki Allaş bilen gaýdaýsamam diýdi, soň hyýalyndan el çekdi, Allaşy oňaýsyz ýagdaýa salaryn diýdi. Allaşy şaýat tutunýar, Ýok, Allaşy ýaran tutunýar, Ýogsam bolmasa, ony ýany bilen getirmezdi diýmesin. Onsuzam ikisiniň arasynda ýakynlyk duýýan şekilli. Magtym ýalaňajy masgara etmäge hyýallandygy, Allaşa igesini sürtüp başlaýar. Arada sadaka ýerinde molla ýene sakgalsyzlara igendi. Sakgalsyzlaryň iň gojasy Magtym ýalaňaç, ýöne ol Allaşyň üstünden düşdi. Don, gaba telpek geýmeli, sakgally-sarmykly adam bolmaly, bäş wagt namazy yrmaly däl, musulmana buýrulan parzlary bitirjek adam azan sesini öýünde diňläp oturmaz, metjide barar diýdi. Allaşam parzlary bitirmeýänleriň biri. Bäş wagtyny okamasa-da ertir namazyny okamagyň höwesinde, ýöne, kes-kelläm, aýatlary ýat bekläp bilemok, irden bekledim diýenim agşama ýetenok, huşumdan uçýar diýýär. -- Ýaşlykda öwrenmeseň, altmyşdan soň kyn boljak ekeni--diýdi. Ýagmyr molla: -- Allatagalladan gorkýan dälsiň--diýdi.--Ertir bilen agşamyň aralygynda Allanyň adyny unutsaň, elbetde, aýat seriňde durmaz. Alladan gorkmaýan adamda ymmat bolmaz, ymmatsyzdan hudaý-da bizar. Mollanyň bu sözleri Magtym ýalaňaja kakdyryp aýdýanyna adamlar düşünip otyr. Magtym ýalaňaç: -- Sakgal goýbermegiň kynlygy Ýok-la--diýdi.--Gep, tymar berip arassa saklamakda, oňa-da boş el gerek. Ýaran ussa güldi. -- Magtym mugallym: Welle pakyryň sakgalyna deňelmesin diýjek bolýan-a däldir? Näme üçin Welläniň sakgaly hemişe döşüne ýelmeşip dur-la diýip, Hudaýýar wäşiden sorapdyrlar. "Aýaly osurakdyr, Ýorgany döşünden Ýokary çekse, demigip ölerin öýdýändir" diýipdir. Magtym ýalaňaç sakgalyň taryhyndan leksiýa okap biljek. Kim oňa gulak asjak? Kim oňa düşünjek? öň bir Ýola gadymy Müsürden mysal getiripdi. Dört müň ýyl ozal Müsür patyşalaryna faraon diýlipdir, olar hudaý öýdülipdir. Sakgal diňe hudaý ornunda oturan faraonlarda bolmaly ekeni. Sakgal götermek faraonlaram irizipdir, soňabaka emele ýüz urupdyrlar. Halka görünmeli bolanda eňeklerine ýasama sakgal ýelmäpdirler. Edil şu fakty aýdanda Allaş: "Ýoldaş mollum, paraon diýýäniň artis bolaýmasyn" diýipdi. Ýagmyr molla hezil edip gülüpdi, mollanyň gülenini eşiden adamlar ondan beter güldüler. Magtym ýalaňajyň köpbilmişliginiň üstünden gülmek molla başartdy diýse-de bolar. Ýagmyr molla sowet döwründe uly okuwda okamanyna buýsanýan adam. Hakyň Ýolundan daşlaşmaýyn, kapyryň okuwyna zehinimi, ýüregimi bermäýin diýdim diýýär, köpüň arasynda diýýär. Bu sözleri Gylyç ahunyň agtygy aýdýar, oňa ynanmazlyk günä bolar diýýän adamlar otyr, olar köne hüjüräniň harabasyny görüpdiler, olar üçin harabanyň mukaddesligine ynanmak haýyr-sogap işidi, ylym, hünär öwreden Ýokary okuw jaýlarynyň ymaratlary manysyz tutuma öwrülip gitmelidi. Gylyç ahunyň ogly Resul mirap. Magtym ýalaňaç oglanka ony häli-şindi kolhozyň ekin meýdanynda görerdi. Ýabysynyň eýerine pilini daňyp, suwly ýaplaryň boýuna aýlanardy. Oglanlar salam berende hemişe: saglykmy, köşek diýerdi. Ony halamaýan adamlaryň biri oglanlara: Resul mirabyň "köşek" diýenine ynanmaň, başga manyda aýdýandyr, eneňi neme edeýin diýip sögdügidir diýipdir. Şuny eşidip, Kömek çopanyň ogly Akmyrat Resul miraba salam berýär. "Saglykmy, köşegim" diýýär. Akmyradam : "öz eneňi si...ýin" diýýär. "Sen kimiň döli?" "Men Kömek çopanyň ogly!". "Çopanyň sürüsinde saklamaly oglan ekeniň" diýýär-de gidiberýär. Resul miraby Gylyç ahun bilen bagly dörän rowaýata goşupdylar. Gylyç ahun ähli bilimini ogluna öwredip gidipdir, ahundan galan eşek ýüki kitaby Resul mirap ýatdan bilýärmiş diýilse-de, Magtym ýalaňaç ol adamyň daş sypatyndan, bolşundan alymlygyň alamatyny görmändi. Dogrusy, köne ugurdan alymlyga ýetişen adamyň daş sypatynyň nähili bolmalydygyny-da bilenokdy. Ýeke alamat--kellesinde selle bolmalydyr öýderdi. Selleli mollany teatryň kolhoza getirýän gülküli oýunlarynda görerdi, kileň wejera adam edilip görkezilerdi. Resul mirap selle geýende-de molla meňzemez, daýhan adam diýseň gelşip dur. Onuň köneden, köne ylymdan gürrüň berenini eşiden Ýok. Ol Ýagmyry uly okuwlara-da iberip bilerdi, ibermedi. Ogly hökmany ýediýyllyk mekdebi gutaryp, kolhozda işledi, gowaça suw tutdy. Soňra şopurçylyk okuwyny gutardy, kolhozyň ýük maşynyny sürdi, öýli-işikli boldy. Resul mirap ahundan alan ylymyny ogluna öwredip gidipdir diýen gürrüňiň jany bar bolsa, Ýagmyry uly okuwa goýbermänine düşünmek kyn däl. Dini ynanja gol ýapan adam dinsizleriň mekdebinde okadylýan ylma höwes etmez diýendir. Ýagmyr goşun gullugyna-da gitmedi. Synaňda göze görnüp duran kemiň bolmasa, akylyň üýtgemese, gullukdan galdyrmazdylar. Ýagmyr syna sagat, akyl-huşy ýerindäki adam, ýöne gullukdan galdy. Resul mirap bir emel tapandyr diýenler boldy, gürrüň şondan aňry geçmedi. Resul mirapda-da, oglunda-da takwalyk alamatynyň görnetin göze ilen ýeri Ýok, Ýogsa, Gylyç ahunyň sebäbine olara berilýän üns aýratyndy. Resul mirabyň bäş wagt namazyny okaýandygyny aýdýanlaryň äheňinde hormat duýgusy bardy, onuň çilim çekmeýändigi, arak-şerap içmeýändigi hormaty artdyrýardy. Kakasy ölenden dört-bäş ýyl soň Ýagmyr kolhoz işini taşlap, şähere gitdi. Daýysy telim kolhozyň pagta tabşyrýan punktunda çekimçi bolup işleýär ekeni, ýegenini ýanyna alypdyr diýdiler. Sähel salymdan kellesine sypal şlýapa geýip oba geldi. Arak-şerap içýärmi, namaz okaýarmy?--bu sowallar indi Gylyç ahunyň agtygy babatda aktuallygyny ýitiripdi. Esli wagtdan soň dälihananyň hojalyk işlerini alyp barýarmyş diýen gürrüň ýaýrapdy. Her kim dälilik belasynyň öz başyndan injegini hyýalyna-da getirenok. Ýagmyryň işleýän ýeriniň zerurlygy-da olara degişli däldi. Gylyç ahunyň agtygy hökmünde-de Ýagmyryň zerurlygy unudylypdy. Döwür dolandy, Gylyç ahunyň agtygyny oba molla bellediler. Köne hüjüräniň ýerinden täze metjit galdyrlanda adamlar ýene Resul miraby ýatladylar, öňden görüji adam ekeni, şemalyň öňki uguryna geçjegini bilýän ekeni, paýhas oňa hudaý tarapyn berlen bolmaly, ogluna-da könäni öwredip gidipdir, terbie beripdir, Ýagmyr atasynyň, kakasynyň adyna ysnat getirmedi, ýaman işiň golaýynda görünmedi diýdiler. Magtym ýalaňaç haýdap Ýagmyr mollanyň ýanyna barýar, eger-eger ýaýdanç duýanok, egri oturyp, dogry sözleşip biljek, zerurlyk ýüze çykan halatynda onuň aýbyny ýüzüne-de aýdyp biljek. Erte öläýse, Ýagmyr molla jynazama durmaz diýip ýaýdananok, jynaza okajagam tapylar, gabyr gazyp gömjegem tapylar, porsap ýatmajagy belli. Ýagmyr mollanyň ejiz ýerini obadaşlary bilýär, Magtym ýalaňajam şolaryň biri, görüp-eşidip ýör. Birmahal doňuz etini iýdi, arak-şerap içip, meý-mes boldy diýip biljek däl, sebäbi gözi bilen görmedi, gören Ýokdur diýmäge-de çaky Ýok. öň gören tapylaýanda-da, indi gördüm diýip bilmez, çekiner, obanyň mollasyny biabraý etmäýin diýer. Allaşyň gülkä ýazdyryp aýdan fakty welin, ýeser. Ýas ýerinde merhumyň ruhuna aýat okanda Ýagmyr molla hemmä deň okaýan däldir, syn edäý, barly adama uzak, garyba kelte okaýar diýdi. Molla berilýän pully düwünçek bar, barly bilen garybyňky deň bolanok. Muny adamlar gürrüň edýär, nägileligem bar, elbetde, mollanyň ýüzüne aýdýan Ýok. Allaş welin, çekinmän aýtdym diýdi. Ýagmyr mollanyň ýüzem gyzarmandyr, sebäp tapypdyr, edil bara, keramatly kitapdaky ýazgyny okaýan ýaly aýdyň edipdir: "Barly adamyň Allanyň öňündäki günäsi garybyňka garaňda köpräk, şonuň sebäbine-de olaryň ruhuna okalýan aýat-dogany uzaltmaly bolýar" diýipdir. Magtym ýalaňaç bu sözleri tutaryk edip, özüne gybatkeş diýdiresi gelenok. Ol öz bilýän delillerini aýdar. Magtym ýalaňaç doňuz diýen haýwanyň taryhyndan birgiden zat aýdyp biljek. Olardan Ýagmyr molla habarlydyr öýdenok. Ýagmyr molla doňuza janawar diýilmeýänini bilýändir, ony türkmeniň her biri bilýär. Aty, düýäni, goýny, sygyry janyna deňär, eşek bilen doňuza haram diýer. Haram diýilse-de türkmenler doňuzyň keşbini hala salypdyrlar, "doňuzburun" diýip at beripdirler. Hala çitilen göle seret, oňa kölüň suraty diýip düşünmeli. Köldäki jeňňelde dürli haýwan mesgen tutýar, doňuzam bar. Haram ekeni diýip, doňuzyň bardygyny inkär edäýmändirler. Real tebigaty çeper obraza salypdyrlar. Olaryň obektiwligi, çynçylygy bize ýetenok, biz ýigrenjimizi hakykatyň nusgasyna öwürjek bolýarys. Magtym ýalaňaç taryha ser salýar. Adamzat taryhynyň dowamynda doňuz babatdaky ikiýüzlülige haýran galyp oturmaly. Gadymyýetde Eýran şalarynyň gerbinde doňuzyň şekili bolupdyr, ol şekil şalaryň jygasyny bezäpdir. Muny aýdyp häzirki eýranlylary ynandyryp bilmersiň, doňuza seredenlerinden ýylana seredenlerini gowy görerler. Agyr günä edenleri hudaý doňuza öwrüpdir diýseň welin, hä diýerler, hezil ederler. Hezireti Isa Mesih däli adamyň süňňüni gurşan arwah-jynlary doňuzyň bedenine kowupdyr diýseň ynanarlar, Injilden okadyk diýerler. Gadymy müsürlilere näme diýersiň?! Olardan galan rowaýatda, miflerde bir ýerdeh-ä doňuz mukaddes jandar, başga bir ýerde-de doňuz ýigrenji, hapa, oňa tötänden galtaşaýan halatyňda-da bada-bat teniňi arassalamaly diýlipdir. Doňuz çopanyna ybadathana barmak gadagan edilipdir. Beýle zabun gadaganlykdan soň müsürliler baş hudaýlary Osirisiň Ýoluna doňuzy gurban beripdirler, şol gün hezil edip doňuz etini iýipdirler. Ýeri, şu geňligi aýdyp, Ýagmyr mollany ynandyraryn öýdýärmiň?! Gerekdir öýden zadyna ynanar. Doňuz çopany ybadathana goýbermän juda akyl iş edipdirler diýer. Seniň ogluň Şajanam doňuz çopan, maňa aýdanyňy ogluňa-da aýdyp ber, sapak alsyn, özüňem sapak al diýer. Diýmese-de diýen ýaly göräý. Magtym ýalaňaç Ýagmyr molla taryhy öwretmäge barmaýanyny bilýär. Taryhy öwrenmek bir başga, taryhdan sapak almak bir başga. Taryhdan sapak almagy başarmaýandyklary zerarly adamlar ejir çekip gelýärler diýen alymy Magtym ýalaňaç mamla diýip hasap edýär, hormatlaýar. Ol bir fakty Ýagmyr molla duýdurmakçy: biziň ýaşaýan döwletimiz entek dünewi döwlet diýmekçi, şeýle diýip konstitusiýada-da ýazylan diýmekçi. Elbetde, Ýagmyr molla muny bilýändir, bilse-de ýüzbe-ýüz durup ýatladasy gelýär. Eger baş kanunda görkezilmedik zorluga ýüz urmakçy bolsa, gol gowşuryp oturmajakdygyny duýduryp gaýtmakçy. Juda mejbur bolan halatynda, Ýagmyr mollany sägindirip biljek delilleri bar, olary özi bilen alyp barýar. Olaryň biri dilinde, biri-de penjeginiň kisesinde... hhh hhh hhh Magtym ýalaňaç mollanyň täze ýurduna geldi. Iki mellek ýarym gektar meýdany tutup ýatyr. Iki hojalygyňky, sowet döwründe dört hojalyga berilýän ýer. öň bu ýerlere gowaça ekilerdi. Oglanka Magtym ýalaňajyň kätmen uran ýerleri. Edil şu ýerde Magtym ýalaňajy brigadir ýenjipdi, daýhanlary güýmäpsiň diýip ýenjipdi. Guşluk çaýyny içmäge ýarym sagat wagt berilýärdi. Şol gün odun çöpläp, gara tüňçede suw gaýnatmagyň deregine, oglan-gyz ýap boýundaky ýeke düýp igde agajynyň kölgesine ýygnanyp, kitap oka diýdiler. Horjundan çykaryp, "Zöhre-Tahyr" dessanyny okapdy, labyzly okap bilýänine buýsanýardy. Duýdansyz mahal gapdaldan brigadir çykdy, hezil edip Magtym ýalaňajy urdy. Ýumruk degen gulagy soňam bir aý şaňlap durdy. Magtym ýalaňaç gelmişek ýetim bolmasady, beýle gaty urmazdy. Çaga kalbyna çöken öýke, gahar ýetmişden geçen Magtym ýalaňajyň ýüregine gaýtadan tiken bolup çümdi. Indi kolhozam Ýok, gowaça ekilýän öňki meýdanlaram Ýok, onuň ýerinde Ýagmyr mollanyň, oglunyň kaşaň jaýy dur. Kemsinme belasy içine düşdi, howur bolup agzyndan çykdy. Döwürler dolansa-da kemsitmäniň onuň başyndan geçmändigini ýatlatdylar. Jaýlaryň öňi hatar çyradan ýaňa gündizlik ýaly ýagty. Tutuş beton düşelen, arassa. Iki düýp tutudyň aşagyna giň tapçan goýlupdyr, ýazylan haly düşegem ýygnalmandyr. Adam görnenok. Ýalňyşmaýan bolsa, köçe tarapky tam Ýagmyr mollanyňky bolmaly, Allaşyň aýdany ýadynda. Aýnaly uzyn eýwanyň penjireleri açyk, çybyn girmez ýaly setka tutulan. Sentýabrda-da güýzüň salkynlygy duýlanok, çybyn, siňek köp. Içerden telewizoryň sesi eşidildi. Şowhun. Bu şowhun köplenç prezident garşylananda bolýar. Tama duýdansyz girmegi uslyp bilmedi. Gapyny kakyp durandan açyk penjiräniň öňüne baryp, iki öwre ardynjyrady. Salym geçmänkä on-on iki ýaşlaryndaky oglan gapyny açdy, salam berdi. -- Ataň öýdemi? -- Kim geldi diýeýin? -- Magtym mugallym geldi diý. Oglan uzak eglenmän dolandy. -- Atam kurhan okaýa. Gidibersin diýen many aldy. -- Tapçanda garaşjak, bar, şeý diý-de aýdaý. Tapçana geçmän gyrasynda oturdy, sagadyna seretdi, ýassy namazyna esli wagt bar. Oglanyň habaryna ynanmady, molla Gurhan okaýan däldir, prezidentiň garşylanyşyna seredýändir. Onuň nirede garşylanýanyndan Magtym ýalaňajyň habary Ýok. Prezidentiň şanyna her gün diýen ýaly dabara guralýar, hasaba alardan köp. Molla prezidenti duz-çörek bilen garşylaýan, ony ýat tutdurylan sözler bilen mahabatlandyrýan ýaşulylaryň arasynda bolmagy arzuw edip seredýändir. Dabara gutarmasa çykmaz. Magtym ýalaňajyňam howlugýan ýeri Ýok, höçjetlige höwesi artdy. Bäş minudam geçen däldir, Ýagmyr molla jaýdan çykdy. Çykany bilen Magtym ýalaňaja tarap garamady, köçe tarapa seredip durdy, oturany äsgermeýänini duýdurdygy şol. Mal ýatak tarapdan ala köpek seňkilläp çykdy, golaý baryp, öý eýesiniň üns bererine garaşdy, iki öwre Magtym ýalaňaja tarap üýrdi, nätanyşdan bihabar galanyny duýdurdygy. Eýesi azgyryldy: -- Giç üýrýäň, bar, owarra bol! Köpek öýke bilen ýüzüni asyp, ýeňsä dolandy, gahar bilen gaňyrlyp, Magtym ýalaňaja seretdi, geleňde topulmalydym diýen many berdi. On ädim ara açyp, öň aýaklaryny uzadyp ýatdy. Ýagmyr molla her ädimini ýaýdanç bilen ädip, Magtym ýalaňaja tarap gaýtdy. Egninde gardan ak köýnek-balak, ýeke gat mele don, başynda hajylaryň geýýän ak tahýasy, arapça adyny bilenok, eşiden hem bolsa, hakydasyndan çykypdyr. Tämiz ýuka sakgalynyň ujy çürelip, küküregine ýetýär, inçe ýüzüne gelşip dur, göni burnam sakgaly bilen ugurdaş. Molladygyny sypatyndan aňaýmaly. Inçe barmaklary düwmeleri iri goňur tesbini oýnaýar. Ol göwünsiz salam berdi, ara saklap tapçanyň syrasyna çökdi, köwşüni çykarmady, çaltrak gideriňe garaşýan diýdigi. -- Içeri gir diýmedim, göwnüňe alma, Kurhany kerimi ýapman gaýtdym. -- Düşündim. Doňuz ýataga baryp ýören adam Gurhanly jaýyň howasyny hapalar diýensiň--Magtym ýalaňaç hoh-hoh güldi. -- Şeý diýlende-de gelişmän durmaz. Näme sebäbe geleniňi aňýan. -- Resul mirabyň ogly, syn edýän welin, sen kakaňa meňzemänsiň. Daş sypatyň ejeň pakyra meňzeýär. Görmegeýdi, uzyn boýly, ak ýüzli, gepi-sözi saýhally, özem ýygymçydy, bile pagta ýygardyk... Äý, Ýok, sen ejeňe-de meňzemänsiň. Sen ulumsy, o pakyr alçakdy. -- Şony aýtmaga geldiňmi? -- Saňa aýtmaly zat kän, haýsysyndan başlajagymy bilemok. -- Bilýänçäň garaşaýyn oturaýynmy? Kurhan okap otyrdym, sen maňa päsgel berdiň. -- Menem konstitusiýany okap otyrdym, seniň sebäbiňe alaçsyz gaýtmaly boldum. -- Konstitusiýa diýeňsoň, näme diýjegiňi ýatladaýyn. Konstitusiýanyň birinji maddasynda biziň döwletimiz dünewi döwlet diýip ýazylan. Yzyny aýdyber, gulak asýan. -- Bilýäniň çyn bolsa, sen obanyň mollasy, haýsy kanun esasynda meniň hojalygymyň işine gatyşýarsyň? Haýsy maly saklamaly, haýsyny Ýok etmeli, şony mollalar kesgitläp bermeli diýip, konstitusiýada ýazylan ýeri Ýok. -- Konstitusiýa diýýäniň keramatly Kurhan däl, üýtgedäýmeli bolar. -- Üýtgedilýänçä ýüregiňi eliňe alma-da! Sen özüňe buýrulan işi ediberseň bolmadymy? -- Allanyň buýranyny edýän. Allanyň buýrugy keramatly Kurhana ýazylan. Doňuz haram. Pygamberimiz Muhammet aleýissalam musulman bendelerine doňuz etini iýmegi gadagan etdi. Sen köpbilmiş bolýan bolsaň, Injilde Isa pygamberiň doňuzyň süňňüni arwah-jynlaryň ketegine öwrendigini bilmeli. -- Bilýän. Men başga-da bir zady bilýän: Isa Mesih hristianlaryň hudaýy, hudaý bolsa-da doňuz etini iýmegi gadagan etmändir. -- Muhammet pygamber Isa Mesihiň ýalňyşyny düzetdi, özünden öňki pygamberleriň başarmadygyny biziň pygamberimiz başardy. Hudaýa şükür, hakyň Ýolundan azaşan türkmen hakyň Ýoluna dolanýar. Ylalaşmajagyň çyn bolsa, doňuzyňam al-da çyk obadan, musulman ummatyndan araňy aç! Senlik gürrüň gutardy. Ýagmyr molla aýgyt bilen aýak üstüne galdy, Magtym ýalaňaç gozganmady. -- Senlik gürrüňi men gutaramok--diýdi.--Gurhan okap otyryn diýdiň. Gurhany bir gaýra okap çykmak üçin saňa näçeräk wagt gerek bolýar? -- Ony bilmegiň saňa derkary Ýok. -- Derkary bolmasa soramazdym-a, gerek, zerur gerek! Merkeze seniň aýagyňdan gol boýy hat ýazyp otyryn, şol hat üçin gerek, Gurhany näçe günüň dowamynda okap çykýanyňy men anyk bilmeli, hakykatdanam okap çykýan bolsaň, aýt, men bileýin. Ýagmyr mollanyň süňňi taýak degen ýaly silkindi, gyssanjyna donuna dolandy, turan ýerine çökdi. -- Şyltak atjaksyň, töhmet etjeksiň!--diýdi, ýöwsel güldi, ýüzi ajady.--Töhmet size sowet hökümetiniň öwreden ylmy-da, ýaz, ýaz!.. ýazyber! Mollalar doga satýar diýip ýazardyňyz. Indi doga-da gizlin däl, molla-da gizlin däl... He-he, Kurhan okaýar diýip ýazjakmy, ýaz! Bu adam akylyndan azaşypdyr diýerler... He-eý, işigaýdan Magtym ýalaňaç, töhmet, şyltak bilen mollalardan dynylýan zaman gitse-gelmeze gitdi, gümlama gitdi, diňe sen galdyň! -- Hatyň soňuna-da gütüledip golumy goýjak, men gizlin zat edemok. Golsuz arza ýazýanlary itden beter ýigrenerdim. Habardar edeýin diýip geldim, bezenip-beslenip geldim. Sapaga giremde geýýän eşiklerimi geýdim, ýalaňaja meňzeýän däldirin.--Ol hoh-hoh güldi, gapdal kisesinden eplengi kagyz çykardy.--Gulak asaýyn diýseň, käbir fakty, bolup duran fakty, saňa şu ýerde aýdyp biljek, töhmet diýmäge diliň baraýarmyka?.. Men Gurhanyň rusça terjimesini bir aýda okap çykdym. Bu sapar molla güldi. -- Sen eşek münüp, adamlara: görüň, men at mündüm diýjek-dä? Kurhany kerimi Allatagalla pygamberimiz Muhammet aleýissalama keramatly arap dilinde gowşurdy, ony gaýry bir dile geçirmek dürs däldir, günä işdir. Orsuň dili keramat üçin ýaradylan dil däl-ä, haýsydyr bir pygamberiň ony geregine ýaradan ýeri boldumy? -- Pygambere berimsiz beýik ýazyjylar şol dilde kitap ýazdylar. -- Sen Lenine-de pygamber diýersiň! -- Rus dilini Lenin bilen bulaşdyrma! -- Paýyş sözleri çeper dilde aýtjak bolsaň, orsuň dili gelişip dur. Eşegiň aňňyrýan sesi bilbiliň owazyny berip bilenok. -- Sen arapça bilmän Gurhanyň manysyna ýetdim diýýänlerden, sen ýaly çalasowat molla köpeldi. Aýatlary ýatdan bildigiň Gurhany bildigiň däl. Gylyç ahun arap dilini bilipdir, Gylyç ahun medresäni gutaran adam, medrese arap dilini öwredýär. Sen nirede öwrendiň? Arap hatyny okamak bir başga, Gurhany bilmek bir başga. Gurhanyň düýp manysyny seljermän, ondan-mundan eşideniňizi Gurhana ýöňkäp, bilgiç diýdirjek bolýanlaryň biri-de sen! Gorkma, meniň hatym bu hakda däl. Soralsa, Gurhany bir hepdä ýetirmän okap çykýan diýersiň. Eli boş adama azyndan ýigrimi gün, bir aý gerek. Uzak günüňi metjitde, ýasda, sadakada geçirip, o nähili her hepde-de Gurhany okap çykmaga ýetişýärsiň? -- Diýmedigimi diýdirme. -- Diýersiň, saňa başga alaç galanok. Seret,..--Magtym ýalaňaç kagyza garap dowam etdi.--Geçen aý obada ölerleriň sany on , üçüsi çaga. Ondan öňki aý ýedi adam. Hersi üçin saňa hatym buýurýarlar, hersine Gurhan okap çykýan diýýärsiň, bir milliona deňiç pul alýarsyň -- Töhmet, töhmet etme! Göteril şu taýdan! Magtym ýalaňaç haýran galaýmaly arkaýynlyk bilen dowam etdi: -- Men subut edip bilmejek faktymy aýdýan däldirin, ýazmanam. Mojukdan mojugy bar. Gurhan okap zapas toplapsyň. Birnäçe bendäni zapasyňdan berip oňdurypsyň. Beh, dälihanada işlän döwründe Gurhan okap, zapas edinäýdimikä diýdim. Bärki döwri alsaň saňa wagt ýetjek däl, her üç günden Gurhan okap çykaňda-da ýetenok, entegem men bir hepde diýip, uzaldyp aýdýan. Ýene bir sowal berjek: hatym adam ölenden soň okalmaly dälmi? Kimiň haçan öljegini öňünden bilişiňe haýran galaýmaly! Eger maňa-da hatym okap goýan bolsaň, aýt, dirikäm puluny hasaplaşaýyn. -- Seniň ýaly hudaýsyza hatym düşenok. -- Hatym buýurmaga gelenleriň käbirinden ýagdaýyňyz barmy diýip sorapsyň. Gurhanda soralmaly diýip ýazylan ýeri Ýok, seniň bu söwdaň juda agyr etmiş, Resul mirap oňlamazdy. Kakaňa meňzemändigiň welin, çyn. Ejeň pakyram nadyl bolardy. Ýagmyr molla Magtym ýalaňajyň ýüzüne garap otyr, ýüzünde-gözünde gymyldy Ýok, kirpikleri-de gyrpylanok, ýigrenýärmi, haýran galýarmy, asyl hiç hili alamat duýlanok. Magtym ýalaňaç nähili-de bolsa, bir söze garaşýar, yşarat bolaryna garaşýar. Esli dymyşlykdan soň Ýagmyr mollanyň ysgynsyz sesini eşitdi: -- Senden gorkmadygyň imanam Ýokdur. -- Menden gorkma, imanly bolsaň Alladan gork. Men turjak, ýassy namazyndan öňinçä, saňa ýene bir zady ýatladaýyn-- Magtym ýalaňaç goltuk kisesinden bir surat çykardy, molla uzatdy, mollanyň almajagyna gözi ýetende gapdala oklady.-- Seret, saňa tanyş adamlar... Ýagmyr molla ilki ýasama biperwaýlyk bilen golaýynda ýatan surata garady, soňra gyssanmaç eline aldy, ýüzi üýtgedi, göreçleri ýiteldi. -- Saňa nireden düşüp ýör bu surat?! -- Gözleseň her zady tapyp bolýar, sorap-idäp Mekgäni tapypdyrlar. Ýagmyr molla suraty alan ýerine zyňdy. -- Ýok et! -- Saňa niýetläp getirdim, mende ýene-de bar... Munça bolanyna görä, kemput dadyrylyşy ýaly, saňa birje anekdot aýdyp gideýin, Resul mirabyň ogly. Gülersiň öýdemok, onda-da eşit-dä. Resul mirap gülerdi, şyg-şyg edip, içine salyp gülme häsiýeti bardy, sen kakaň pakyra meňzemänsiň. Maňa meňzeşiň biri mollanyň ýanyna baryp: molla aga, itim öldi diýipdir. Çensiz-çaksyz gowy itdi, haýwanam bolsa, janawar maňa adamdan zyýat hyzmat görkezdi, ynsana edilişi ýaly hormat bilen jaýlasam diýýän, itime jynaza okap ber, mollam, diýýär. Molla heňkirýär: akmak, ite jynaza okalýanmydyr, bar git, orsuň mollasyny tap-da okadyber, käpir diýýär. Bolýa, mollam, onda seniň diýeniň bilen bolaýyn diýip, ýaňky turuberýär. Gapa ýetip säginýär: mollam, iki ýüz dollar bersem, orsuň mollasy jynaza okarmyka diýýär. Molla: dur diýýär, itiň türkmen itimi diýip, soraýar. Weý, mollam, onda-da nähilisi diý, kellesi gazan ýaly alabaýdy diýýär. Molla: ýaňy geleňde gepiňi şuňdan başlasaň bolmadymy diýýär... Gülkä gülmeseň göwni galar. Magtym ýalaňaç loh-loh güldi. Itiň deňinden geçende, ala köpek eýesine garady, topulmaga rugsat soraýar diýäýmeli boldy. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Gala -8: Duşuşyk - 16.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -27: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -12: romanyň dowamy - 16.10.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Türkmen aty - 16.08.2024 |
√ Bäşgyzyl -9: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Gala -4: Ömrüň beýany - 11.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -11: romanyň dowamy - 20.06.2024 |