14:57 Täze harabalar / Maksat haýran galýar | |
15. Maksat haýran galýar
Romanlar
Maksadyň Allaş aga aýdyşy ýaly boldy, welaýatyň salgyt gullugynyň baş buhgalteri Weliniň ogly Arslan welaýatyň baş telekeçisi Girminiň gyzy Akpamyga öýlendi. Akpamyga ertekidäki Akpamyk ýaly owadan diýmek bärden gaýdýar. Akpamyga öňi bilen Girmi baýyň gyzy diýmeli, şeýle diýlende Akpamyk altyna gaplanýar duruberýär. Has ýeser ýeri, Akpamyk Girmi baýyň ýeke gyzy, ýeke perzendi. Akpamyk Girmi baýyň mirasdüşeri! Akpamyk ertekide aýdylýan lagly-merjenden doly sandygyň üstünde otyr. Arslana-da Girmi baýyň giýewisi diýseň bärden gaýdýar, ogul ornuny tutmaly giýewisi diýmeli. Häý, bagty çüwen Arslan! Maksat göriplik edenok, Maksadyň oňa gözi gidýär. Arslan Maksadyň başarmadygyny başardy, juda belende towusdy, asmandan asylan altyn halka el ýetirdi, onlarça, ýüzlerçe bäsdeşi tozana gardy. Maksat ol başarnygyň özüne nesip etmändigine kaýyl bolup otyr. Arslandaky başarnygyň nämedigini açyk-aýdyň aýdyp biljek däl, özüniň beýle bagta mynasyp däldigine delilem getirip biljek däl, ýöne göriplik etmeýändigini welin, bilýär, bu-da Maksadyň artykmaç tarapy. Arslany Girmi baýyň gyzyna mynasyp gördi, hamala, öz inisi öýlenen ýaly kanagat duýdy, duýgusyny: nesip etsin! diýip, berçinledi. Girmi baý şäheriň merkezinde gurduran restoranyny gyzynyň durmuş toýy bilen açdy. Toýa obadan baran adamam az däl. Arslanyň kakasy Weli şu obanyň adamy, dogan-garyndaşlary, tiresi tutuş bir köçäni tutup otyr, köpekler diýen at bilen belli. Maksat Ataly başlygyň tiresinden, obada hojaýynlyk edýän tire, ýöne köpeklere piçjiň atyp bilmezler. Bu günki toýdan soň-a hasam. Arslan köpekleri asmana göterdi, indi köpekler asmandan ýere üýrerler. Üýrmek bilen oňmazlar, zerur bolan ýerinde ýaryp hem biljekdiklerini toýa çagyrlan Ataly başlygam, başgarak edip aýtsa, Maksadyň ýakyn hossary Ataly başlygam bilendir. Ataly baý diýmäge häzir Maksadyň dili barmady, Girmi baýyň tutumyny görüp gelýärdi. Toýuň soňuny görmän gaýtmady. Içgili-de bolsa, öz maşynyny münüp gaýdanyny dereje bildi. Bu ýurtda mertebäňi, ygtyýaryňy göz etmegiň kanuna girmeýän usulynyň biri-de serhoş ýagdaýda rulda otyrmakdy. Wagt ýarygijeden ötdi, daňa golaýlady diýseň-de boljak. Ýolda duran Ýokdur, bolanda näm-aý! Kimiň toýundan gelýändigini aýtsa, köpek gören ganjyk ýaly guýrugyny bulap duran inspektory görersiň, ha-ha! Şäherden çykdy, demirÝoldan geçdi. Iki tarapyna dördünji gezek arça oturdylan boş Ýol bilen barýar. Tomusa ýetse, bularam gurar. Arça agajy dag ýeriniň daragty, sähra çölde olaryň ösmejegini ömründe traktordan başga zat görmedik Allaş aga-da bilýär. Maksat güldi, akmak adam köpelýär diýip güldi. Tanyş ses eşitdi: jü-ürrr... Arçanyň arasyndan çykan gaýyşnyk, soňky dil bilen aýtsaň, Ýol gözegçisi ala taýagyny galgatdy. Sapança ýaly rodarini tutup gelýär. Maksat gyra sowulman, aýnany aşak goýberdi. Gaýyşnik ysyrganyp, kellesini kabina sokarly göründi. Şu pursat eşiden sözi ýadyna düşdi: orus arçasynyň aňyrsyndan aýy çykar, türkmen arçasynyň aňyrsyndan GAI çykar. Güldi. -- Bäh, şol aýdylany çyn eken-ow--Ene güldi.-- Soňky eşiden anykdotymy aýdyp bereýinmi? Gaýyşnygyň ýüzi tanyş, olam Maksady tanady, dokument soramady. -- Maksat jan, hikirdiň-ä toýdan keýpli gaýdanyň hikirdisi. -- Bolmanda-da toýdan keýpli gaýtmaly bolar-da.--Gaýyşnygyň ady diline gelmedi, Ýogsa bilýärdi.--Girmi baýyň toýuny sowup gaýdan adamda keýp bolmasa, günä bolar-a, neme jan. -- özüň rulda oturmaly däl ekeniň-dä. -- Düşündim, gardaş, düşündim. Seniň aýdanyňa düşünmegimiň özi, akyl-huşumyň ýerindeligi, neme jan. Ýoldaşlaň bilen toý mekanyna çagyrýan, Ataly başlygyň toý mekanyna! Ertir bar, birigün bar, öz islegiňe bagly, size hyzmat etmek meň ygtyýarymdaky zat... Hoş gardaş, garaşýan size!--Maksat aýnany ýapman, maşyny sürüp barşyna aýdyma hiňlendi: Garaşýan Ýoluňa çarwa gözeli, Gel agşam kenara aý dogan çagy... Ertesi Maksat kabinetinde piwo içip otyrka, öten gije Ýolda saklan gaýyşnygynyň ýüzüni göz öňüne getirjek boldy, başarmady. Äý, bolýa, gelende tanaryn diýdi, geljegini bilýär, ýeke gelmejeginem bilýär. Şol pursat Allaş aga girdi. -- Ýaşuly, saňa ýarajak gep aýdaýyn. -- Gulagym sende. -- Orus arçasynyň aňyrsyndan aýy çykar, türkmen arçasynyň aňyrsyndan GAI çykar. Maksadyň özi güldi, Allaş gülmedi. Bu sözüň dogrudygyna güwä geçýän delil hökmünde öten gije Arslanyň toýundan gelýärkä Ýolda saklan gaýyşnygyňam arçanyň aňyrsyndan çykandygyny aýtdy. Allaşyň aladasy başga ýaly göründi. -- Arslanyň toýuna gidipsiň-dä? -- Çagyrdy, gitdim. -- Hezil bolandyr-ow. -- Onda-da näsini aýdýaň, Allaş aga. Oňa Girmi baýyň gyzy Akpamygyň toýy diýseň has ýerine düşjek. Orusça aýtsaň, toýa wyşşy sort diýmeli. -- Pagtaň wyşşy sortuna belet, toýa nähili wyşşy sort berilýänini bilemok. -- Bilmeseň, bildiräýmeli bolar, Allaş aga. -- Bildir-dä. -- Gök bazaryň aňry ýanynda, derýa golaý äpet restoran saldylar. -- Gapdalyndan geçdim, içine giremok. -- Müň adam oturdyp bolýar! Eýesi Girmi baý, Girmi togalak diýib-ä eşidensiň? -- Uly bazaryň eýesem şo diýýäler. -- Gaýraky goňur obaň gapdalyndaky "guş toplumam" şoňky, ýüz tonna towuk etini berýär. Dört sygyr fermasy, on süri goýny bar. Welaýatda satýan eti üç ýüz tonnadan geçýär. Welaýaty baglan tüçjar. Weliň gudasy şol. Seni tozana garan çyraçy Arslanyň gaýny, ha-ha, bolaýypdyr diýsene, Allaş aga. -- Şon-a diýmen. -- Diýersiň, Allaş aga. Gyzyna niýetläp äpet restoran gurdy, restorany gyzynyň toýy bilen açdy. Saňa Girmi baýyň özünem görkezeýin.--Maksat mobil telefonynyň ekranyny Allaşyň ýüzüne tutdy.--Seret... -- Aýakly garpyz ýaly bir zat eken-ow. -- Ine, bi taýda-da gudasy bilen dur, Arslanaň kakasy Weli bugaltir. Girmiň gapdalyndaky agajet, uzyn boýly adamy oba gelende toýda-ýasda görýärdi. -- Içinden ýyly ötýäne meňzänok, jany bir sagmyka? -- Girmi baý ýaly gudaň bolsa, sag jan tapylar, Allaş aga. Bärkiräk emeldarlary hasap etmäli, uly emeldarlary aýdaly: etrap häkimleriniň on bäşisi, şäher häkimleriniň bäşisi, welaýat häkimi!.. toýa bardylar! Gözüm bilen görenimi aýdýan. Arslanyň aýdany: paýtagtdan gelen emeldarlaryň sany ýüzden geçipdir. Ministrleň näme sebäbe gelmäninem aýtdy, olara prezidentden birugsat garyndaşynyň toýuna barmagam gadagan diýdi, Ýogsa, azyndan on bäş ministr gelmelidi diýdi. On aýdymçyň bir toýda aýdanyny görüpmidiň, dördüsiniň halk artisti diýen ady bar. Bir toýy bäş tamadaň alyp baranyny göremok, Ýogsa, menem toý gurnap ýören adam-a. Bäş ansambl, indi ansambl diýlenok, topar diýilýär, aýdymçylaň, tansçylaň bäş topary çagyrlypdyr. Ho-ow, özbegistandan ansambl geldi, iki aýdymçysy özbegistanyň halk artisti ekeni, hersine üç müň dollar berdiler, Arslan aýtdy. Şu aýdanlarymam toýa wyşşy sort diýdirýär. Gyzgyn naharlardan başga, stola goýlan tagamlar ýigrimi bäş müň dollarlyk! Biziň pulumyza geçirseň, baryp näçe bolýa!.. Menýuy gördüm, Arslanda bar ekeni. Arak-şerap zybrym daşary ýurduňky, onça adama!.. müňden az däldir, gymmat içgiler, hasabyny çykar, başyň aýlanar... Bäş dürli gyzgyn nahar, waý-waý!.. Goýun, sygyr, guş eti Girmi baýyň özünde önýär, hasaba girenok diýeli, balyga näme diýjek! Gyzyl balyk, bekre balyk leýis bolup ýatyr. Biziň iýýän gylçykly balyklammyz Ýok. Gara ikrany, gyzyl ikrany çemçeläp iýip oturanlary gözüm bilen gördüm, her ýerde Salamguly ýaly betnebisler tapylýar. Iýleni bilen azalanok, aňyrsy bol. Beýle bolsady ekilen ýaly toýa wyşşy sort diýmän, başga näme diýersiň, Allaş aga. Goýun etiň, sygyr etiň, guş etiň çişligini iýjekmi, doňuz etinden iýjekmi, näçe şompul iýjek: ikimi, bäşmi,.. garnyňa haýpyň gelse, iý-de otyr!.. Heý, şu golaýda bagyrtlak iýeniň ýadyňa düşýärmi, Allaş aga? -- Ilerki Ojykakda bagyrtlak tüpeňlärdiler, ondan bäri kyrk ýyl-a geçendir. -- Ojykakda indi serçe-de galmady, Allaş aga. -- Arabystandan awa gelen baýlar bagyrtlagy gutardylar diýen gürüňi eşidýäs. -- Girmi baýa tapdyrýa! Mäne-Çäçäň düzlüginden tüpeňlenen bagyrtlak getirdiler, halta-halta... Sülgün Hanhowuzdan tutulan. Sakarbarak bişirip berdiler, how! Biz ol guşa Sakarbalak diýip, nädogry aýdýas, barak bolmaly, maňlaýy sakarja deňiz guşy. Kaspi deňizinden zakaz bilen getirlipdir. Oruslar o guşa kaşkaltak diýýäler, sousa-da salýalar, çişe-de düzýäler, gapdalyndan hezil edip piwo içip oturmaly. Başga näme?.. hä-ä, Batgyzda tüpeňlenen keýik, Köpetdagda tüpeňlelen käkilik, baş üstüne, iýiber!--Maksat haýran galýandygyny duýduryp güldi.--Okly kirpiň etinem berdiler, bäh, haýran galdym! Batgyzdan bäşisini tutup getirdilen diýdi, Arslanyň ýalan sözlemejegini bilýän. Häkimleň öňünde goýupdyrlar. Okly kirpiň eti berilen bolsa, o toý wyşşydanam Ýokary! Ha-ha, kepderinem çişe düzdüler. Bugdaýly ammarlaň töweregindäki semiz kepderiler, hersi bir kilo çykýa! Onam iýjek tapylýa, köpçülik-dä. Dürli-dümen diýlende şeýle-de bolmaly-da. -- Boldy, inim, Ýogsa, bi sanap oturşyňa ýylan etem bar, gurbaga-da bişirdiler diýersiň. -- Iýjek tapylsa, näsini aýdýaň, Allaş aga, bişirerdiler. Günbataryň baý ýurtlarynda delikates diýip berilýä olar. -- O näme diýdigiň boldy? -- Omy,.. bekre balygyň ikrasy bilen baklajanyň ikrasynyň parhy ýaly diýdigim. Munça bolanyna görä, Allaş aga, men saňa aýratyn wyşşy sorty görkezeýin. Seret... Ýene telefonyň ekranyny somlady. Toý zalynyň töründe, kejebe şekilinde gurnalan belentlikde ýigit bilen gyz egin deňläp otyr. Allaşyň nazary gyzda eglendi. -- Otyrka-da daýanyklydygy bildirýä, Girmi togalagyň gyzy diýer ýaly däl. -- Boý-syraty ejesine çekipdir, kakasy ýaly garsak bolsady, Arslan öýlenmezdi. -- öýlenerdi, bugaltiriň ogly Girmi baýyň puluna aşyk. Bu toýda Gurduň gyzam boldumy? -- Gurduň gyzam boldy, ýöne-möne-de bolmady, başdan-aýak başyna gören ýaly tans etdi. Allaş suratdaky Solmazy tanamajak boldy. Egnindäki ak köýnek bedenine syrlaşyp dur, alkymy, döşi açyk, göwüsleriniň ýumrusy gözilginç. Saçy buýra-buýra, eginlerine düşýär. Tans edýän pursaty bolmaga çemeli. Ýüzünde gam-gussadan nam-nyşan Ýok. -- Tansa goýlan baýragy Gurduň gyzyna berdiler. Wals, lezginka, küştdepdi, üç tansda-da öňe saýlandy. Baýrak ýöne-möne baýrak däl, SAMSUNG 111 telefon, ine, meňkem şo telefon. Baýragy kimiň gowşuranyna seret!.. Ekranda Weli bugaltiriň ogly Arslan bilen Gurduň gyzy Solmaz dur. Arslan oňa telefon gowşurýar, batnyksyz ýylgyryp, Solmazyň ýüzüne garaýar, özünde ýazyk, utanç duýanok. Solmaz ýylgyrsa-da garaýyşynda gussa bar. Saçy kesilmiş, beýdip masgara edilenine kaýyl bolup durmaly däl-ä, telefony ýüzüne urmaly, baýragyň ýamanyňa ýarasyn diýmeli. Allaşyň özi kemsindi. -- Haram ölmüş, namys edýäne meňzänok--diýdi. -- Allaş aga, her näme diýsegem, Arslan soňuny oňardy, Solmaza gül ýaly ýigit tapyp berdi, gözüň bilen gör, syn et, görk-görmegi Arslanyňkydan pes däldir. Diýeni ýaly, indiki suratda ýüzi-gözi allanäme, syratly ýigit Solmazy goltugyna gysyp tans edýär. -- Bu ýigidi öwmäli, Maksat, Weli bugaltiriň agzyndan galany mädesi alan balsa, bu ýigidiň nämesi gül ýaly bolýarmyş. -- Allaş aga, o ýigit bilenog-a. -- Bilmese, bildirmeli-dä! -- Gurduň gyzynyň öňki betbagtlygyny az görýän bolsaň, bar, git-de aýt, o ýigidiň adresini bereýin, telefonda aýtjak diýseň, nomerini bereýin. -- Sen o ýigidi tanaýan diýdiň. -- Tanaýan, Arslan tanyşdyrdy. -- Nebsiň agyranokmy? -- Häý, Allaş aga, senem-ä... Gözüň bilen gördüňmi diýse, nädeýin, näme diýeýin? Gujaklaşyp oturanlaryny gördüm diýeýinmi? Ynha, aýt, özüň näme diýjek? Garaňkyda baga girenlerini gördüm diýjekmi? Namysam namysdyr welin, her döwrüň öz tagamy bolýar. Senem düýn asmandan düşen adam däl-ä, Allaş aga, töwerek-daşyňy görüp-bilip ýörsüň-ä. Allaş näme diýjegini bilmän dymyp oturdy, içinden käýindi: Arslanyň toýam gursun, özem gursun, Gurduň gyzy Solmazam gursun!.. Birdenem gülüp goýberdi. -- Hawa-da, döwür üýtgände adamlaram üýtgemeli bolýar, alajyň näme diýjek bolýaň, bi-de bir hasap. Molla-müftüsizem ýaşaldy, indi şo zaman bolmadyk ýaly, ynanýanam, ynanmaýanam mollaň agzyna garap otyr. Mollalaň aýdýanyna-da hä diýmeli, haýasyzlyga-da göz ýummaly... Ýumşuň bolmasa, men-ä gaýtjak. -- Allaş aga, ýylgyrman gitseň, men gaty gynanjak-da. Mollany agzanyňa görä, täzeje anykdot eşidip git... Bir molla ýas ýerde gelene-gidene aýat okap berip, halys ýadapdyr. Adamlaň bolşun-a özüň belet, Allaş aga. Biri beýlekisiniň duz dadaryna, turanyna garaşanok, her kim: molla aga, aýat okap ber, molla aga, menem turjak, aýat okap ber--halys irizýäler. Molla görgüli çydamandyr. Biri: biz Ýola gitmeli, aýat okap beräýseňiz diýýär, okaýar. Olar turup ýetişmänkä, ýene biri: menem Tejene ýetmeli, maňa-da okap ber diýýär. Turup barýanlara goşulşyp gidiber-dä, edenok, oňa-da aýratyn okamaly. Molla ugur tapýar: seň barmaly ýeriň bäri ekeni, ýaňky okan aýatym Aşgabada çenli ýetmeli, arkaýyn gidiber diýýär. Allaş güldi, keýp edip däl-de, Maksadyň göwni üçin güldi. öýüne gelýärkä özüne sargyt etdi: gowusy, bilme-de, köýme-de geziber, barybir düzetjek zadyň Ýok... | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap: 24: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Söz bilen işiň arasynda dag ýatyr - 05.06.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan / romanyñ dowamy - 09.09.2024 |
√ Duman daganda: Serçe-de bolsa, piliň gözüni çokaýan serçe - 06.06.2024 |
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
√ Duman daganda: Zäher gahardan ýasalýar - 01.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -7: romanyň dowamy - 02.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -25: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -26: romanyñ dowamy - 08.12.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |