15:00 Täze harabalar / Namys perdesi | |
17. Namys perdesi
Romanlar
Gurduň gyzy Solmazyň zyňylyp gidilenini Allaş hem eşitdi, gürrüň oba ýaýrapdy. Allaşa berlen gürrüň Şadurdynyň aýaly Oguldöndüniň aýdanlaryna gabat gelýär diýse boljak. Şadurdy Gurduň goňşusy, olaryň mal ýatagyndan Gurduň gapysy görnüp dur, köçe tarapdan görnenok. Şu amatlygam Oguldöndüniň şaýatlygyna aýratyn ynam döredýär. Gün dogmanka är bolmaly ýigit, özem derek boýly görmegeý ýigit Solmazy gapylaryna taşlap gidipdir. Haram ganjygyň goşlaryny maşyndan düşürenem ýigidiň özi. Soňra maşynynyň gapysyny açyp, hany, düş maşyndan diýenem ýigidiň özi. Saçy kesilmiş Solmaz düşmejek bolup, syrtyny oturgyja oýkap oturypdyr. Şunuň özem onuň zorluk bilen getirlendigini aňladýar. Düşürlen goşlary gazly jaýa Solmaz daşaýar. Ýigit şol bada gidibermändir, uly tamdan biriniň çykaryna garaşypdyr. Solmaz gazly jaýa sokulýar, uly tamdan Bossan çykýar. Ýigit Bossana bir zatlar diýipdir, eşitmese-de Oguldöndi näme diýiljegini aňýar: gyzyňa eýelik et diýendir. Soňra Bossanyň eline kagyz tutduryp, eglenmän gidýär. Galmagaldan gaçyp gidendir diýse-de boljak. Galmagal turmanyna Oguldöndüniň gynanany welin, aýnada görlen ýaly. Sähelçe salym berlen bolsa, Bossan ony galmagalsyz goýbermezdi. Şol wagt, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, Gurdam öýde Ýok ekeni. Sürä sygyr goşmaga barýanyny öňinçä Oguldöndi gözi bilen görüpdir, butnaman Gurduň gelerine garaşyp durupdyr. Gurt gelse, apy-tupanyň turjagyny bilýär. Gurt gelen dessine gyzyny öňüne salyp, uly tama girýär, Bossan kiçi tamdan çykanok. Girsinler bakyly, häzir uly tamdan Solmazyň aýylganç gygyrýan sesi eşidilmeli. Oguldöndi demini alman garaşýar. Nätse-de garaşany bolanok. Käse çaý içim salym dowam eden ümsümlikden soň Gurt eýwanly jaýdan atylyp çykýar, daşarda zowzullap, janserek bolup duran heleýine-de üns berenok, köçä düşüp gaýralygyna gidýär. Indi uly tama Bossan girýär. Bossanyň haýkyrýan sesine garaşyber. Gurt gyzyny heläkläp gidendir, Bossan bu heläkçiligi gizläp bilmez, ses eder, saçyny üter!.. Ses çykanok, şol mahal başga bir ýeňil maşyn gelip gapyda durýar. Içinde oturany Oguldöndi bada-bat tanaýar, Mally dogtoryň ogly Çary. öten ýyl öýlenip, bir ýyl ýaşaşmanam heleýini kowdy, kowdumy ýa-da heleýi ony taşlap gitdimi, gep-gürrüň köp. öňki söýüşeni bilen gaçyp gidipdir diýýänem bar. Çary maşyndan çykman otyr, birine garaşmasa, beýdip oturmazdy. Solmaza garaşýan ekeni! Solmazyň zyňylyp gidiljegini nireden bildikä? Eý, hudaý, möe dönen Solmazyň kerebine çolaşjak ýene bir işigadan tapyldy! Solmaz öz aýagy bilen ýöräp tamdan çykdy, çykyşyna-da eglenmän maşyna sokuldy. Urlup-enjilen adama meňzänok. Oguldöndi Gurdy ýatlaýar; häý, binamys nejis diýip käýinýär. Ýeri, indi bi utançsyz Solmazyň bolşuna seret-le! Töwerek-daşdan sereden tanamasyn diýendir-dä, kellesine ýüpek öýmäni çümre atynyp, ýüzüni gizlärin ödýär. Oguldöndüniň ýatakda seredip duranyndan bihabar. Häzir duýduraýsa hezillik bolaýjak! Oguldöndi ony tüpeňlenen guşa döndürip biljek. Ony edenden bu ahwalatyň soňuna garaşanyň gowy. Çary iki çemodany maşynyň yzyna ýükledi. Bossanyň bolşuna haýran galaýmaly. Arkaýyn. Bu heleý eýýämhaçan masgara gyzy bilen dil tapypdyr, onuň nirä ýitirim bolup gitjeginem bilýändir diýäýmeli. Bossan maşynyň yzyndan garap galýar, waý, toba, ol başyndan apat inen helee meňzänok! Enesini gör-de gyzyny al diýäýmeli boldy. Binamys Gurt nirä ýitirim bolduka? Obadan gaçyp gitse, binamys diýilmez öýdendir, bagtyýatan! Oguldöndi sähelçe mahalyň dowamynda bir pyrryldagyň bolandygyny aňypdyr, ýöne anyk näme bolanyny aýdyp bilmejegini boýnuna alypdyr. Allaş Şadurdynyň heleýiniň gepine müňkürlik etmäge esas görmedi. Solmazy azda-kände tanaýan, bolup ýörşünden biraz habarly adam Oguldöndi toslap tapýar diýmese gerek. Allaş: bolaýypdyr, asyl bara, şeýle bolmalam-da diýdi. Solmazyň betbagtlygyna heşelle kakanok. Haýp ýeri, Solmaz betbagt bolandyryn öýdenok, şoňa gynanýar, myrryhy atlanýar. Solmaza öýlenip, it kimin aldanan ýigide haýpy gelýär, Solmazyň kakasy Gurda haýpy gelýär. Mahalynda Gurda duýdurmanyna ökünýär, soňam arkaýynlaşýar. Arkaýynlaşmaga-da delil tapsa bolýar. Bu zamanda äre gaçyp gitmek, durmuşa çykmanka göwreli bolmak, nykadan soň ap-aňsat aýrylyşmak pajyga däl. Bir bada il arasyna gürrüň-gep ýaýrar, yz ýanyndan eşidilen täze habar öňküni ünsden düşürer. Solmazly waka-da şeýle bolar. Gepiň başlanyşy, soňra il arasyna ýaýradylyşy welin, gyzyk berýär. Solmazly waka edil Oguldöndüniň aýdyşy ýaly bolan däldir, keseden synlaýan adamyň öz göwnüne osýandygyna Allaş belet. Iki köçe aňyrda ýaşaýanlaryň dilinden eşitseň has-da üýtgeşik. Zyňylan Solmaz atasy öýüne ýetip-etmän, özüne täze hyrydar tapypdyr, Mylly dogtoryň heleýsiz galan ogly ony goşy-golamy bilen alyp gidipdir diýdiler. Ondan aňyrdaky köçäniň adamlary olaryň eýýäm şäherde bile ýaşap ýörendiklerini tekrarladylar. Solmazyň zyňylyp gidilmegine sebäp bolan ahwalatlary aýdýanlaryň juda ynamly gep uruşlaryna haýran galaýmaly, edil özleri gatnaşan ýaly. Weli bugaltiriň ogly Solmazy bogaz edipdir, göwresindäki üç aýlyk çagany aýyrdypdyr. Elbetde, bu iş gizlin edilýär, doktora lomaý pul bermeseň, jenaýat bilen bagly işi kim mugtuna boýun aljak! Arslanyň puly weşeň-weşeň. Toý gijesi, nähilidir bir Ýol bilen, Solmazyň namysyna deglen gyzdygy, göwreli bolandygy, iň beteri-de, mundan bu ýana onuň çaga dogrup bilmejekdigi öýlenen ýigidiň gulagyna ýetirlipdir, şondan soň ýigit Solmazy zyňyp gidipdir diýdiler. Bu aýdylana Agajan müňkür hä diýmändir. -- Arkasy jyzaly eşege nähili münmeli? Gaňňa atyp münmelimi ýa-da gaňňasyz münmelimi? Nähili çözgüt tapylanda-da, hala gaňňaly, hala gaňňasyz mün, barybir eşegi münmeli bolýar, bu ýerde eşegiň meselesi çözüýär. Gyzyň göwresindäki çagany düşürmelimi, ýa-da dälmi, nähili usul bilen düşürmeli, bu ýerde meseläniň adama degişlidigini, onda-da täk bir adama däl-de, iki adama, ýagny, ene bilen çaga degişlidigini unutmaň. Eger dogtoram hasaba alsak, üç adama degişli bolýar duruberýär. Abort diýen zadyň kiçisi, ulusy bolýar. Bilmesem bu zatlary aýtmazdym. Ýatgydaky çaga üç aýa ýetýänçä bir hasap, üç aýdan geçen çaga üçin başga hasap ýöredilýär. Üç aýdan geçen çagany degişli adamlardan düzülen toparyň rugsady bilen düşürmeli, rugsat bolmadyk halatynda edilse, jenaýat işi gozgalýar. Bu zerur ýagdaýlary göz öňünde tutman, Gurduň gyzy Solmaz babatda agyz dolduryp bir zat aýtmak ýalňyşlyk bolar. Agajan müňküriň bu sözi köpüň ünsüne ýetmedi, bu sözler üns bermegi, akyl işletmegi talap edýärdi. Muňa köpüň islegem, başarnygam Ýokdy. Çetki köçede edilýän gürrüň eýýäm başgady. Solmaz toýuň öňüsüre uýat ýerine apparat goýdurypdyr, gyz däldigini gizlejek bolupdyr. Şeýle ýagdaýa müňkürlik dörän halatynda gyzy galyň salnyp getirilen sandygyň üstünden bökdürýän ekeniler, bökende goýlan apparat gaçmalymyş. Solmaz bökjek däl diýenmiş, üstümden güljek bolýarsyňyz, mertebämi peseltjek bolýarsyňyz diýipdir, goh-galmagal turzupdyr. öýlenýän ýigit bök diýip, aýak diräpdir, apparatyň gaçanyny görübem Gurduň gyzyna mün maşyna diýipdir, öýlerine zyňyp gidipdir. Bu gep Allaşyň gülküsini tutdurdy. Apparat diýilse, hyra geýdirilen nurbat göz öňüne gelýär. Apparat goýup ýörer ýaly Solmaz traktor däl-ä! Gep-gürrüň Ýagmyr molla-da ýetipdir. Onuň aýdan sözüne Allaş beter güldi. -- Doňuzyň soňuna çykylmasa, bu zeýilli şumlugy häli-şindi eşidersiňiz--diýipdir.--Doňuz etini agzyna alan musulmanyň süňňi tutuşlygyna arwah-jynlaryň ketegine öwrülýär. Doňuzyň porsy ysyny alan adamyň beýnisi çaýkanýar, agy-garany, halaly-haramy saýgaryp bilenok, erkegiň, aýalyň uýat ýelerini gyjyndyrýar, ýaş-eleňleri esredýär, gulaklary gapylýar, aýat-töwwiri eşidenoklar. Maksat bilen bolan gürrüňden soň Allaşa düşnüksiz zat galmady. -- Sen Arslan özüne derek Gurduň gyzyna gül ýaly ýigit tapyp berdi diýdiň. -- Diýdim. Şäheriň etegindäki obadan. Şäherde gowy dükany bar, toý etmezinden biraz öň şäherden jaý satyn aldy, toýdan soň Solmazy şol jaýyna äkitdi. -- Solmazyň gyz däldigini gül ýaly ýigit bilenok ekeni diýmeli-dä. Arslan gül ýaly ýigidi aldapdyr-da çaky, zaýalanan harydy boýnuna atypdyr-da? -- Beýle sada bolmasana, Allaş aga, ýa-da oýun edýäň. Zaýalan gyzymy sen al diýip bilmez-ä. -- Alypdyr-a, seniň gül ýaly diýýän ýigidiň Solmaza öýlenipdir-ä, toý edipdir. Bir sebäp bolmasa, gyzy atasy öýüne taşlap gitmez-dä? -- Sebäpsiz çöp başy gymyldanok, dogry diýýäň, Allaş aga. Elbetde, bir sebäp bolandyr, çak edýän. -- Aýt, eşideýin. -- Meniň çakyma görä, Solmaz säwlik goýberen bolmaly. öýlenen ýigidiň ady Mämmet. -- Bolup biler. -- Kelç-külç adama meňzänok, akyl-huşy, gepi-sözi ýerinde. Il içinde bolýan bet işleri görüp-eşidip ýör, göwnüne bet güman gidendir diýse-de bor. Solmaz hakynda oňa Arslanyň nämeler diýenini bilemok. öwendir diýjek: obadaşym, klasdaşym, arassa, allanäme gyz diýendir, tanyşdyrjak bolsaň diýmeli-dä. Solmaz Mämmede ýarandyr, Solmaz ýaramalam-da, owadan gyz-a. Kim oň akylyny agramlap dur?!. Siz saçy uzynyň akyly kelte diýersiňiz, häzirki ýaşlar başga tarapyna seredýär. Seksual diýip, täze söz tapdylar, soňky orus kinolaryny görýän bolsaň senem bilmeli. -- Bilemok, aýt, eşideýin. -- Seksual diýilýän gyz gije düýşüňe girip, şeýtan bilen seni aldap bilýär. -- Bi diýeniň biçem däl. Ikisi-de güldi. -- Has dogry düşüneriň ýaly, Allaş aga, saňa nähili aýtsamkam,.. -- Solmaz ýalaňaçlandy diýmeseň bolýar -- Medisinada gi-me-no-plastika diýen söz bar. Diliňi ýenjäýmeseň aýdybam bolanok. -- Türkmençesi näme? -- Türkmençesi Ýok, bar bolsa-da men bilemok. özümem eşitmiş, öwrenen ýerim Ýok. Aýal kesellerini bejerýän ýörite dogtorlar bar, ginekolog diýip eşidensiň. -- Orazberdi tagmaçyň uly gyzy şoda, obaň ähli heleýi şoň gapysynda. -- Ýaňky türkmençesi näme diýen sözüň, operasiýaň ady, operasiýany edýänlerem ginekologlar. -- Gurduň gyzyny operasiýa etdiler diýjekmi? -- Gyzlyk perdesi ýyrtylan bolsa, çatmaly bolar. -- Ýyrtyp, ýamap ýörer ýaly, inim, ony matadyr öýdýäňmi? -- Şeý diý-de düşünäý, Allaş aga. Oňa gyzlyk perde diýseňem bolýa, namys perde diýseňem bolýa. Dogtorlar oňa nemli barda diýýäler. -- Sen muny ýörite öwrenen-ä dälsiň? -- Wah, kliýentleriň, türkmeniň soňky dili bilen aýtsam, müşderileriň göwni diýip, bilmeli bolýar-da, Allaş aga--Maksat güldi.--Saňa-da düşündirmeli boljak-da.--Başam barmagy bilen orta barmagyny egip tegelek ýasady.--Ine, şuňa jynshananyň agzy diýeli, göz öňüne gitiräýsene, uýat ýerleň hemmesiniň adyny tutdurjak bolup otyrmasana, Allaş aga--Ikisi-de joş bilen güldi.--Şu tegelegiň agzyny nemli barda ýapyp dur, jynshananyň agzy şü. Nemli bardany diňe bir adamyň ýyrtmaga haky bar. Iki gezek gyzlygy alynda diýlenok, bir gezek! Perde ýyrtylsa, gyzlygam gutarýar. Ýyrtmaga ygtyýar berlen adam ýyrtsa, namysyň gürrüňi edilenok, gyzyň namysyna degildi diýlenok. Ygtyýary bolmadyk adam edäýse, diýilýär. ölüme barabar bet iş boldy diýlipdir. Indi beýle däl. öleni direlidip bolanok, namys perde ýyrtylsa, çatyp bolýar, dogtorlara bäş minutlyk iş. Çatylýan sapagyň adynam bilýän, getgut diýilýä, ýabyň guýrugyndan alynýan gyl, gaty berk, üzjek gümanyň Ýok. -- Sen, inim, edil bir gapdalynda duran ýaly-la. -- Gädiginden garapsyň diý, Allaş aga, ha-ha! Çatylany bilen iş gutaranok, soňunda oýun bar. Gyzlyk perdäňi çatdylarmy, gödek hereket etmek bolanok, bökseň, satanyňy silkseň ýama ýyrtylýar, pyrt--gutardy! Sandykdan bökdürilýär diýleni şoň üçin. Apparat goýuldy diýmeli däl, perde tikilýär, ýabyň gylyna apparat diý-de düşünäý. Toýa bir gün galanda, has amatlysy, toý güni irden çatdyrmaly. Solmazyň toýunda boldum, Solmaza syn edip oturdym. Aýagy duşaklanan ýaly galman oturdy. O gören gyzyňdan, tans edip, bökjekläp, Arslanyň boýnuna towusýan gyzdan nam-nyşan Ýok. Akyly gözünde. Sähel bökse, pyrt--gutarjak. --Maksat güldi, Allaşyň reaksiýasyna garaşman dowam etdi.--Çatylan perde ýyrtylanda, gan has köp gidýä diýdiler. Iň howply ýeri başga: çatylan sapak ýigidiň ujydyna ilişýär, çolaşýar. Oýun şu ýerde bar, Allaş aga. Sapagyň çolaşanyny ýigit bilmeli däl, gyz emel görkezmeli, artislik etmeli, ýigidiň başyny aýlamaly: arak içir, şerap içir, gyzyň başarnygyna bagly. Has aňsat usulam bar, perdäni çatýan dogtorlar belet oňa. Ýigide içirmeli tabletkalar bar, atlaryny saňa aýdyp oturmaýyn, Allaş aga, saňa geregi Ýok--Maksat ýene güldi.--Tabletkany içirmegiňem ebeteýini tapmaly, al, şu dermany iç diýip bolmaz-a. Näme üçin men derman içmeli diýer-dä. Suwdamy, çaýdamy, eredip içirmeli. Içirdigiň--boldugy. Ýigit tanapyna towsup, aýgyr eşege öwrülýär. Sapak näme diý, ujydyna aran çolaşyp gelse-de duýanok, asyl bara, ujydyny jynshana diýilýän tegelekden çykarasy gelenok, bir gezege, iki gezege kaýyl däl, ha-ha!.. Solmaza ne bela uçurady, bilemok, biri başarsa, Solmazam başarmaly. Emel edilmegiň ähtimaldygyny Mämmet duýan bolsa, başga gep. Duýandyr diýmäge-de esas tapsa bolar. Arslanyň kimdiginden bihabardyr diýmäge çakym Ýok, wagtal-wagtal göwnüne güman gidendir, şübhesi bolandyr diýse bolar. Olaryň ikisi-de dymdy, biri beýlekisi hakynda pikir etdi. Allaş: Maksat köpbilmişdigini görkezip, ýaşulyny geň galdyrandygyna monça bolup otyr diýdi. Maksat: mundan soň namys hakynda agyz doluryp gürläp oturmaly däldigine bu ýaşuly düşünen bolsa gerek diýýärdi. Allaş aýalaryny dyzyna urup: -- Görmedigimiz görde galdy diýäýmeli boldy--diýdi.--SSSR-iň ýykylanyny gördük, kolhozyň darganyny gördük, namys perdesiniň çatylýanynam eşitdik, äý, kemi galmady!.. | |
|
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Duman daganda: Baýguşyň rysgy agzyna gelermiş - 10.06.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -32: romanyň soňy - 20.06.2024 |
√ Janserek -3: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Duman daganda: Aýyrdygyňça wezipe bahasy gymmatlaýar - 23.05.2024 |
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Janserek -9: romanyñ dowamy - 17.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |