13:20 Täze harabalar / Ogurladylar | |
7. Ogurladylar
Romanlar
Allaşyň kiçi ogly Batyr şäherde prawasyny ogurlatdy. Türkmençe aýtjak bolsaň "sürüjilik şahadatnamasyny" ogurlatdy diýmeli, öňden gelýän endige görä, "prawa" diýilýär, rus dilini bilmeýänler hem "prawa" diýýärler. Gep haýsy dilde aýdylýandygynda däl, gep Batyryň aňňalak gapyp galanlygynda. -- Ajap jan, meň ganatymy gyrdylar!--Aýalyny ýatlap zarlady. Başyna müşgül iş düşende ýakyn hossary, penakäri hökmünde aýalyny ýatlap, hyýalynda oňa ýüzlenmek endige öwrülipdi.--Ajap jan, Ajabym, ganatymy ýaýyp, pelpelläp uçjakdym, tüpeňlediler, başaşak gaýtdym! Eliňi gerip, gujagyňy açyp duraňda-da meni halas ederin öýtme!.. Ol ýaňy iým satylýan dükana girip-çykdy, aňyrsy-bärisi bäş minudam geçenok, tüpeňlediler, asyl bara, ganymlar ony nyşana alyp oturan bolsalar nätjek! Kepek alaýyn diýip, bu dükana düýnem gelip gitdi, alman gitdi, gumly kepek bar ekeni, maňa arassa, Ýokumly kepek gerek diýdi, bahasyndan gaçmasaň, ertir habar tut diýdiler. Habar tutmaga gelişidi. Gumly kepegiň bir tonnasy dört ýüz elli manat, arassasyny alty ýüz manada berýärler, ony un kombinadyndan getirýän adamlar bar. Köne puldan hasap etseň üç million manat! Eý-weý, bu sany aýdaňda agzyň gyşaryp gidýär. Gymmadam bolsa, alajyň Ýok, almaly. Gumly kepek berip, mal semredip bolanok, oňa kepek diýer ýaly däl, duranja harpyk! Agram bolsun diýip, harpyga gum garýarlar. Dadyňy kime ýetirjek! Batyr özüne azgyryldy: -- Dadyňy ýetirjek bolan ýeriň barmy!? Kime arza ýazdyň, kime ýüz tutduň? Götüňe ot basylanda, wäk! diýip gygyrýaň. Kärende ýerine bugdaý ekdi, kilosyny bir manatdan döwlete satdy, başga ýere satmaga haky Ýok, diňe döwlete satmaly, döwletiň diýen bahasyna kaýyl bolmaly. Ýeriň eýesi döwlet, kaýyl bolmasaň, syrtyňa depip, kärende beren ýerinden kowup goýberýär. Şol bir manadyň kyrk şaýysy tutuma gidýär, seniň azabyňa altmyş şaýy düşýär. Sered-ä, ol indi kepege-de bugdaýyň bahasyny bermeli! -- Gazananyň bezeneniňe ýetenok, how-w!..-- Bokurdagy doldy, sümügini çekip, möňňürip aglasa-da boljak. Prawasyny gözläp, warak "Niwa" maşynynyň içini dörjük edip otyr. Maşyny gulplaman gideni hakydasyna geldi, maňlaýyna urdy.--Sen akmagyň akmagy, seň aňkaň aşdy, birysgal, bagtyýatan adam sen! Gaýdanda eglenmän gelerin diýip gaýdypdy, uzak eglense, Ajabynyň, gülerýüzli Ajabynyň gamlanjagyny, Ýoluna garap oturjagyny bilýär. Eglenmänem geldi. Başyna düşen belany aýtdygy Ajabyň diýjek sözüni bilip geldi. Käýinmez, biraz igenjek ýaly eder: maşyny gulplaman bir ädimem gitmeli däl-ä sen. Heleýi gulplaman gidiber, maşyn gulpda dursun diýer. Akylyňdan aýlanaýyn, Ajap jan!.. Warak maşyna göz dikjek barmy diýip, gidiberdi-dä. Göz dikmäge başga maşyn bar-a! Hol-ha, gapdalda on müň dollarlyk inomarka maşynyň ikisi durdy. Batyr maňlaýyna urup, it ýaly uwlaberse-de boljak. Ol gapjygyny açyk maşynda goýup giden bolsa nätjek! Akmak, gapjyk kisede ýatmaly dälmi! Gaýtadan kiselerini barlaýar. Balagynyň kisesine elini sokanda, gapjykmyka diýip, ujydyna ýapyşdy, tas sogrupdy. Oturgyçlaryň astyny-üstüni barlaýar, gapjyk Ýok. Jähennem, ýiten gapjyk bolsun, içinde köp pulam Ýokdy diýäýjek welin, gapjygyň içine prawasyny salypdyr. Näkelläňe prawany gapjyga saldyň, hemişe başga ýerde goýýardyň ahyry! Ýene bardoçogy barlaýar, maňlaý aýnanyň ýeňsesini barlaýar, prawa Ýok. Seni hudaý tutdumy!? Ajap: saňa doga edilipdir diýer, Batyr Ýok diýip bilmez. Gapjyga derek maşynyň açaryny goýup gidenem bolsa amat bolardy, warak maşyny alyp gitjek tapylmazdy. Belanyň körügi gapjykda. Gapjykda prawa goýular diýip, pikir etjek Ýok, gapjykda pul goýulýanyny burny sümükli çaga-da bilýär. Görene göz edip, sideniýäniň üstünde goýup gidensiň. Açyk maşyndaky gapjygy almak itiň aňsady... Puly alyp, gapjygy zyňyp giden bolmasynlar?.. Maşynyň töwereginde ters aýlandy, gapjyk Ýok. Oturyp, iki dyzyny ýumruklady, it ýaly çyňsady, şagal kimin uwlasy geldi. Ähli umydy, etsemi tüwelee düşen saman kimin göge sowruldy. Warak "Niwadan" dynmagyň ugrundady, ulanylanam bolsa, inomarka edinjekdi. Indi belaň ýamanyny edinersiň!. Olaňam bahasy keýigiň şahyna çykdy. Prezident iki müňünji ýyldan aňyrda çykan maşynlary ýurda getirmek gadagan diýdi, şol bada bazarda nyrhy müň dollar galdyrdylar. Häzir oba gider, Ýolda-da inspektor saklar, şu gün hökman saklar, düzgüni bozmasa-da saklar, sebäp diýseň, Batyryň işi gaýtdy. "Işigaýdany düýäň üstünde it ýarar". Kakasy şu sözi aýdar, dana kişi boljak bolar. Seniň danalygyň kime derkar, kakam jan! Häzir Batyryň diline düşen özüň bolma! Kakasyny, kakasy ýaly ýaşulylary-da ýepbekledi: köneleriň Ýoluny tutan kişi bolýalar, köneler ýaly ýaşamagy welin, islänoklar. Biriniňem gara öýde ýaşasy gelenok, eşek münüp Ýola çykasy gelenok, içi salkyn ýeňil maşynda gezjekler, kondisionerli tamlarda ýaşajaklar. Oturan-turan ýerlerinde ar-namysyň gürrüňini edýärler, hamala, öýde, obada bolýan haramylyklardan bihabar ýaly. Bilýäler, Ýagmyr molla-da bilýär, beýlekilerem bilýär. Ýagmyr molla Magtym ýalaňajyň ogly Şajana doňuzlaryňy Ýok et diýipdir. Bäş sany doňuz Ýok edileni bilen obada haramlyk, jelepçilik Ýok ediläýjek ýaly, ha-ha! Batyr ýaşulylary düýeguşa meňzetdi. Düýeguşam howpy görmezlige salyp, kellesini guma sokarmyş, gözüm görmese bolýar, götümi böri iýsin diýermiş. Häzir dilewar, dana bolşuna Batyr geň galdy, Ajap jan diňläýsedi!.. Sen entek Ajaby geň galdyrmaly däl, Ýolda duran ala taýakly inspektoryň alajyny görmeli. Inspektoryň güni geler, jelepden hantama sallahyň tutanerliligin görkezjek bolar. Asyl sen, prawasyz maşyn sürüp ýören ekeniň-ä diýer, sen bi maşyny alyp gaçan-a dälsiň? diýer. Alyp gaçjak bolsa, idili maşynam gyt däl-ä diýen pikir kellesine gelmez. Maşynam, Batyram şähere getirer. Ýaman ýeri, Batyryň ýanynda pasporty Ýok, pasport alman Ýola çykmaga neneň het edip bildiň diýer, ogurlyga ýüz urýan adamlar ýany bilen dokument almaýarlar diýer. Pasportyň bolmasa, maşynyň pasportyna it ynanjakmy?! Alaç tapmasa, geliň, meni alyp gidiň diýip Ajaba til etmeli bolar. "Sen nireden habar edýäň?" diýip, Ajap howsala düşüp başlar. Polisiň jaýyndan diýer, Ajap şol bada huşundan gider. Batyry tutupdyrlar diýip, gara gözlerinden ýaş döker. "Men seniň arassa gözýaşyňa gurban, Ajap jan!" Inspektora prawamy ogurlatdym diýip bolmaz. "Nirede ogurlatdyň, nädip ogurlatdyň?"... tükezzibana tutar. Ogurlany ele salýançalar Batyra başga prawa bermezler. Şu ýagdaýda ýitirdim diýenden amatlysy bolmaz diýleni eşidipdi. Batyram ýitirdim diýer. Nähili ýitireniňi aýt diýerler, arak içip, serhoşlykda ýitiren bolsaň, ýalan sözlejek bolma, gönüňden gel diýerler. Gönüsinden gelse, akmaklygymdan ýitirdim diýmeli. Akmak adamyň maşyn sürmäge haky Ýok, dälihana git-de akmak däldigiňi äşgär etjek resminama getir diýerler. Eý-ho, Batyryň başy çaşdy... Warak maşynyny synlady, ezenegi agan maşyn hasam myrryhyny atlandyrdy. Tekerleri, gapylaryň etegini çaň-tozan basypdyr, Ýogsa, irden süpüripdi. Hernä, maşynyň reňki ak, onda-da bildirmez diýip, arkaýyn bolma, ispektoryň gözi rentgenden ýiti, bada-bat saýgarar, ol tozana seredýändirin öýdenok, pula seredýär. Saklar, hapa maşyny münmäge hakyň Ýok, jerime töle diýer. Ýollar hapa, hapa Ýolda arassa maşyn sürüp bolmaz-a diýjekmi? Hormatly prezidentimiziň permany maşynlaryň arassalygy hakynda, Ýol meselesini ara sokma diýer, prawaňy ber diýer. Batyr bir bedre suw tapdy, öl esgi bilen maşyny süpürip çykdy. Nädende-de jerimeden sypmajagyny bilýär. Prawamy ýitirim diýer, ýitireniň üçinem jerime çekmeli. Täze prawa al diýerler. Şu sözi diline getirende şahyna urlan mal ýaly endamy syzlady. Bäş ýüz dollar para bermeseň prawa almarsyň diýýänleriň sözi ýadynda. Nejis ýeri-de, para günsaýy galyp gidip otyr diýýärler, häzir näçä ýetdi, bilenok. Bäş ýüz dollar agyr ýük bolup, gerdeninden basdy. Batyryň her manady hasaply. Hamala, ýagdaýynyň ýabygorludygyny subut edip bilse, paranyň möçberi kemeldiläýjek ýaly alada galdy, bilermenlik görkezdi. öten ýyl üç gektar kärende ýerine gowaça ekipdi, tomusda suw ýetmän azaby köýdi. Suw bilen döwlet üpjün etmeli, ýitginiň öwezini-de döwlet tölemelidi. Talap etjek bolup gör, kärende ýeriňi tabşyr diýerler Bu ýyl bugdaý ekip, anjaýyn hasyl alanyna begenip ýördi. Döwlete on iki tonna tabşyrdy, alan girdejisini dollarda hasap etseň, iki müňe barabar. Şol bugdaýdan iň bolmanda ýarym tonnasyny özüne galdyran bolsady, kepek gözläp, kösenip ýörmeli bolmazdy. Başarmady. Etrapdan gözegçilik etmäge gelen iki adam bugdaý orýan kombaýiniň gapdalynda dikilgazyk durdular. Alsaňam şolaryň gözüne güý düşüp almaly. Kombaýynça ýalbardy, uguryny tap diýdi, ýüz kilo bugdaý bereýin diýdi. Başarman diýýär. Ýerimiň aňry çetindäki gamyşlygyň içine brezent ýazyp goýaýyn, aýlanaňda şoňa dökde geçiber diýdi, etmedi. Bu emeli Orazberdiň bugdaýyny oramda etjek bolduk, bolmady, goňşusymy, kimmi, bilemzok, biri etrapdan gelenleriň ulusynyň el telepunyna til edip duýdurypdyr diýdi. Nahar iýmäge gidýändirler-ä, şol wagty peýläp bir zat edip bolmazmy? Naharlary ýanlarynda diýdi. Ýeke çykalganyň bardygyny aýtdy: diýen pullaryny berde alyber. "Näçe bermeli?" "özleri bilen gepleş, Parahat gepleşdi, özüne iki ton alyp galdy". "Näçe berdim diýýä?" "Her kilo iki manat beripdir". Eý-ho!.. döwlete bir manatdan satmaly, bulardanam öz eken bugdaýyňy iki manat berip almaly! Bir manat diýsediler, jähennem, manat ýarymdan bolsa-da Batyr aljakdy. Hernä, bugdaýyň samanyny berdiler, şoňa-da şükür. Saman satyp, üç ýüz dollar gazandy. Bugdaýyň yzyna ekilen haýwan garpyz ýetişip gelýär, ondanam ýedi-sekiz ýüz dollara umydy bar. Soýup satmaga ýatakda bakyp oturany üç öküzçe, olaram iki-üç müň dollar barmeli. "Niwa" maşyny waragam bolsa, bir müňe geçmeli, häzir maşyn gymmatlady. Gör, özüň satjak bolaňda, gymmatlany gowy. Sen idili maşyn almagyň höwesindediň, ähli zadyň bahasyny dollarda hasap edýäniň şonuň üçin. Bu ýurtda maşynyň, jaýyň bahasy dollarda gidýär. Prezidentiň baýraklaram dollarda berilýär. Maşynyň bahasyna ýetmejek puly agasy Nurberdiden karz aljakdy. Büdürän ýaly bolaýdy. Garaşylmadyk ýerden bäş ýüz dollary para üçin çykarmak kyn, juda Ýokuş degýär. Batyr ýene dyzyny ýumruklady, gözüne ýaş indi. Şäherden çeträk çykan bolsady, möňňürip aglajakdy. öe ýetdigi derdini Ajaba aýdar, oňa düşünjegem, derdini paýlaşjagam Ajap, Ajap jan! Pakyrjyk häzir ýatakdaky mallara iým berip ýörendir, arkaýyndyr. Ýa-da gulagy şaňladymyka, süňňi sarsyp, äriniň bela-betere uçuranyny duýdumyka?.. Ajap ikisi bir ten, bir jan. Kellesi agyryp baranda-da aýtmanka duýýar. Göwni gidip seretse-de, Batyryň näme isleýänine şol bada düşünýär, geçiber, ýeriň salyngy dur diýýär. Wah, syrdaşym, göwünhoşum Ajap jan!.. diýdi, gözüne ýaş indi. Bela-beter goşa gelermiş diýleni çyn bolarly. Köne jinsi balagyny geçen aýda ogurladylar. Nurberdi beripdi, köne diýme, meýdana geýmäge entekler ýarar diýipdi. Kir serilýän ýüpden alyp gidipdirler. Gynandy. Oba arasyndaky neşekeş oglanlaryň işidigini bilýär, ýöne haýsynyň ýakasyndan tutjagyny bilmedi. Ajabyň gynanmanyny welin, aňdy. Agaň könesini geýmäňde, balak tapylanokmy diýipdi, görgülijigim kemsinäýen ekeni. Köne-de bolsa, ogurlansa Ýokuş degýär, seniň emlägiňe ýene biri ee çykan ýaly boljak ekeni. Bu sapar Ajabyň juda gynanjakdygyny bilýär, gynanjyndan aglaýmagy-da ähtimal. Goý, aglama diýmez. Iki göwrede bir ýüregiň urýandygy ýakym berer. Hernä, gaýdyş Ýolda saklan bolmady. öýüne ýetip, maşyndan düşen dessine Ajap haýdap geldi. -- Kepek aldyňmy, eglendiň öz-ä, getirýälermi? -- Ertir getirjek. -- Ýüzüň nähili, oglan, bazarda horjun ogurladanyňky ýaly-la? Bir ýeriň agyrýamy? -- Ýüregim agyrýa. -- Şäherde bir heleýi söýen-ä dälsiň işigaýdan--Ajap güldi. -- Işigaýdan diýeniň çyn. -- Näm bolanyny aýtsana sen? -- Prawamy ogurlatdym. Soňra är-aýal maslahat etdi, çykalga gözlediler. Ajap; -- Palça git--diýdi.--Kimiň ogurlanyny palçy aýdar. -- Ajap, men palçylara ynanamok. -- Sen ynanman geç, men ynanýan. Ajap Meňliniň adyny tutdy. Bütinleý unudylan adamyň ady tutulan ýaly, Meňli kynlyk bilen Batyryň göz öňünde daýandy. Hiç hili geňlik, syrly alamat, jadylyk duýmady. Oba arasynyň palçysyna ynanyp bolar-maý diýdi. Ajabyň Meňlä ynanyşyna geň galdy. Meňli oba arasynyň gyzy hem gelni. Kyrk ýaşlaryndaky aýal, Batyrdan üç ýaş uly. Ony ýakyndan tananok, oba arasyndaky edilýän gep-gürrüňden habarly. Zehinli diýerdiler, ýöne mekdebi gutaryp uly okuwa hyýal etmedi, Mele mugallym gitme diýipdir, saňa öýlenjek diýipdir, gara iş etdirmen diýipdir. Obada, döwlet dükanynda satyjy bolup işledi. Mele mugallym her gün dükana barýar, adamlaryň az mahalyny peýläp barýar diýerdiler. Görküne aşyk bolar ýaly gyz däl. Gabagyny galdyrman, uz basyp ýöräp bilýär, gabagyny süzüp gepläp bilýär. Garaýagyz, burunlak. Owadan ala gözleri bar. Meňliniň tansa ökdeligini Ajabam aýdýar. Toýlarda tans edip ýören Meňli Batyryň göz öňüne gelenok. Mele mugallym oňa öýlenmedi. Mugallymyň ene-atasy razy bolmandyr, gyzyň süňňi pes, aňyrsy gullardan diýipdir. Bu gepe Batyr ynanmady, bu zamanda gul-ig diýip ýören Ýog-a, başga sebäp bolmaly diýipdi. Meňli dükandan gaýtdy, hiç ýere işe-de barmady. Ýaka bejerip satýarmyş diýdiler. Keramatly guburlara zyýarata gidýärmiş, üýtgeşik kitaplar okaýarmyş diýdiler. Bu zatlar geňlik däldi, adamlaryň geň galany başgady, ol kärsöýmez, bihepbe ýigide durmuşa çykdy. Näme sebäbe beýle etdi, hudaý bilýär. Soňra Meňli palçy bolupdyr diýen gep eşidilip başlady. Aýdylýanlaryň hakykatdygyna gözli şaýat tapyldy. Batyryň gelnejesi, Nurberdiniň aýaly pully düwünçegi Ýorganyň arasyna sokup goýupdyr, soň alaýyn diýse, düwünçege eli degmändir. Ähli Ýorgan-düşegiň arasyny telim öwre barlap çykýar, tapanok. Ogurlapdyrlar diýýär. Meňliniň ýanyna ýeňýär, pully düwünçegi kimiň ogurlanyny eşitjek. Meňli eglenmän aýdýar: düwünçegi Ýorganyň gatynda däl-de sepinde goýupsyň diýýär. Diýleni ýaly, düwünçegi Ýorganyň sepinden tapýar. Haýran galýarlar. Düwünçegiň ýatan ýeri Meňlä oraşan görünmese, ol nädip aýdyp biljekmiş! Düwünçegi gizlän Meňli däl-ä, Nurberdiniň aýaly. Diýseň-diýmeseň, bu ýerde bir gudrat bolmaly. Meňli agyzdan-agza düşdi gidiberdi. Obada ýaşlaryň elindäki telefon köp ýitýär. Meňli üç-dört oglana telefonyň pylan ýerde ýatyr diýipdir, diýlen ýerden tapypdyrlar. Müňkürler şübhe etdi. Agajan müňkür takyk aýtdy: ilki palçynyň özi telefonlary ogurladýandyr, soňam gizlenen ýeri salgy berýändir diýdi. Şu aýdylana Batyram hä diýipdi. Ajap ony puşman etdirdi. -- Ogrynyň yzy ýitmänkä Meňliniň ýanyna ýet. Utanýan bolsaň, öýden çykman otyr, özüm gidäýjek. Suratyňy görkezjek, özüň barmasaňam bolýa. -- Uç çykjagyna ynanyp diýýämiň? -- Ynanýan, gatam ynanýan. Git-de Maraldan sorap gör, Meňliniň gudratyny şol aýdyp berer saňa. -- Bilýän bolsaň sen aýdaý, Nunnaň heleýiniň ýanyna ugratjak bolma-da. -- Eşiden dälsiň-ow! Bir aýlap obada başga zadyň gürrüňi edilmedi, ala-böle seň eşitmäýşiňi! -- Ajap, öwlüýä kessin, eşidemok. -- Nunnan-a bilýäň. -- Bilýän. -- Maral pakyram bilýäň. -- Pakyr diýme-dä, ol ölenog-a. -- Garyba-da pakyr diýilýä. Kärende ýerleri bary-Ýogy ýekeje gektar. Ähli öý goşlaryny, emlägini satanda-da iki müň dollar diklär öýdemok. Garybam bolsalar, olara Allanyň nazary düşdi. -- Haçan? -- öten ýyl. Ogly Aşgabadyň uly okuwyna girip geldi. Ýigrimi-otuz müň dollar bermeseň, şol okuwyň golaý ýanyndanam baryp bolanok diýdiler. -- Ajap jan, meň okuwa girme aladam Ýog-a, men prawamy tapmaly! -- Şoň üçin käkeläp durun-da. Nunnaň ogly okuwçyka telim gezek ökdeleriň ýaryşyna gataşdy, dört gezek medal alypdyr. Aşgabatda-da ökdedigini bilipdirler, medallaryny görýäler-de seni okuwa alýas diýýäler. Şo medallary bizem görmäge bardyk, Maral pakyr barana görüň diýýä, içerden asyşdyryp goýupdyr. Medal diýilse, lowurdap duran owadan zat görjek, gara demirden ýasalan tegelek, tagaşyksyz bir zat. Boýnuňdan asylýan ýüpi bar. Tagaşyksyz görünse-de her kim altyn gören ýaly seredýär. Peýdasyny altyna deňäbermeli. Şül tomusda şo medallary ogurladylar, kime gerek boldy, nämä gerek boldy, käşgä, kümüşden, altyndan ýasalan bolsady, onda heňe geljek. Maral uç taparyn umyt bilen Meňlä maňlaýyny direýär. Meňli näme diýipdir diý: medallaň ogurlanany çyn, ogurlan oba arasynyň adamy, kim diýip soramaň, aňyrsy bir hepdeden tapylar diýýä. Ertesi Egengulyň heleýini çagyrýar-da maňlaýyna eşek depen ýaly edýär: Marallardan ogurlan zadyňy gaýtar diýýä. Ogry heleý nadaralyk etjek bolýar. Aşgabady aldajak bolşuny oň ýüzüne aýdyp berýä, heleý tas özünden giden ekeni. "Saňa kim aýtdy?" diýýä. "Ine, şu adam aýtdy". Maral kartyň ýüzündäki eli aýpaltaly, murtly adamy görkezýä. Egengulyň heleýi gargynýar: "Häý, murty başyny iýmiş!" diýýä. Meňli sargyt edýä: "Aňyrsy bir hepdeden eltip bermeseň, adyňy tutmaly bolaryn" diýýä. "Adymy tutmaweri, ile-güne masgara etme--diýip ýalbarýar.--Seniň keramat siňen bilgiçdigiňi uly il biler ýaly edeýin" diýýä. Egengulyň heleýi ile bildirmän, medallary ýassydan soň Marallaryň bosagasyna zyňyp gaýdypdyr. Indi sen Esengulyň heleýi bilen oglunyň Aşgabada baryp eden masgaralygyny eşit... Ajap şeýle bir gyzygdy, gözlerinde höwes ody ýaldyrady. Samanaşa garylan unuň dulugyna düşen çyrşagyny eliniň aýasy bilen süpürdi. -- Süpürmesene!.. ýüzüň çyrşaklyka sen hasam owadan görünýäň-ä!.. -- Ýüregiňi eliňe alma... Nalajedeýin heleý medal görkezseň bada-bat okuwa alýalar diýip düşünipdir. Ogurlan medallaryny oglunyň boýnundan asyp, döküwment tabşyrylýan ýere barýa. Bi medallaň hersiniň haty bolmaly, görkeziň diýipdirler. Hat nirde, küja nirde! "Wiý, hatyny ýadymyzdan çykarypdyrys, häzir getirýäs" diýip, zut gaçýalar. -- Meňli aýtmaýyn diýip söz beripdir diýdiň-ä. -- Hawa,.. Meňli aýtmandyr, Aýdan Esengulyň bihepbe ogly. Klasdaşlary bilen arak-şerap içip, mes bolup otyrka, gülüşdirjek bolup, öz götüni açýar. Ynandyňmy indi? Meňlide bir gudratyň bardygyny bildiň gerek? -- Edil häzir-ä seň gudratyň meň erkimi aldy diýsem bara, inanaý, Ajap jan!.. -- Meňliň ýanyna gitjek diý. -- Häzir senden ganjagymy bilsem, müň palçyň ýanyna gitmäge kaýyl-a men. Ýüregi ýanyp duran adam ýüregi sowatjak tagamy datsam diýer. Sen şo süýji tagam-da, Ajap jan! -- Baý-baý, eräp akaýma, bar, el-ýüzüňi bir ýuw... | |
|
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -22: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Köne mülk -15: romanyň soňy - 18.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -3: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Atbaýrak: Galtamanlar - 10.09.2024 |
√ Dirilik suwy -6: romanyň dowamy - 30.04.2024 |
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Duman daganda: Sil soraşman gelýär - 21.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||