18:27 Täze harabalar / Serpaý | |
20. Serpaý
Romanlar
Ýubileý tostuny ýazmak Magtym ýalaňaja kyn düşdi, höwesi welin, peselmedi. Üç öwre ýazyp, üç öwre okuwçy depderine göçürdi. Aslynda tost öňünden ýazylmaýar, dabara gidip durka dilden aýdylýar. Umuman, ol tost aýdyp ýören adam däl, tost wasp etmegiň bir usuly, ýary ýa-da bary ýalan bolýar. Ýalan mahabata mätäç däl emeldarlaryň ýubileýi bellenmeýär, olary wezipeli adamlaryň arasyndan tapmagam çetin. Adatça, ýubilee sowgat-serpaýly barmaly. "Ataly başlyk, saňa serpaý ýapara zadym Ýok, sözüm bar, sözümi zatdan gymmat görýän, sen şol gymmat sözi alarsyň, şol saňa üýtgeşik serpaý bolar. Serpaý saňa nesip etsin, Ataly başlyk!" Tolgunmadan ýaňa harplar gyşyk-çaýşyk ýazylýar, az salym ruçkany goýup oturmaly bolýar. Magtym ýalaňaç ýubileý dabarasynda geplemejegini bilýär, asyl-ha ony dabara çagyrmazlar. Çagyrylmajagy ony kemsidenok, gaýta özüniň artykmaçlygyny duýmaga pursat berýär. Kalbyna dolan pikirleri, duýgulary kagyza geçirip, dabaradan has öň Ataly başlyga gowşuryp gaýdar. Söýgüli gyzyna pynhan duýgularyny hata ýazyp iberýän aşyk ýigidem onuň ýaly tolgunýan däldir. Magtym ýalaňaç baş ýaýkap, özüniň akmaklygyna güldi. Hat ýazyp, tolgunyp ýören ýigitler galdymy, adamlaryň erki telefonda. Sen telefonda gepleşmegem oňaran adam däl-ä! Sen öňde-soňda söýen gyzyňa-da hat ýazmandyň, söýen gyzyňam bolmandy. Ýubileý tostuny ýazjagyny welin, bilýär, tolgunýar, düzme ýazandanam kyn düşdi diýse, bolup dur, hakykat. Ine, deňeşdirere zat tapdyň diýdi. Bu deňeşdirme-de bärden gaýdýar. Mugallymçylyk tehnikumynda okaýarka düzme ýazmakdan ýaýdanmazdy, erkin temadan ýazmagy höwes ederdi, Ýogsa, ol okuw kitaby boýunça geçilýän temalardan ýazmakdan has kyndy, şonda-da höwes ederdi. "Meniň söýgüli mugallymym" diýen temadan ýazan düzmesi ýadyndan çykanok. Gowyny parhlandyrmak üçin erbet bilen deňeşdirmeli diýen pikir kellesine gelipdi, halanmaýan mugallymyňam bolşuny aýtmalydy, aýdypdy. Sapagyny gereginçe okatman, okuwçylaryň ýadynda galar ýaly düşündirmän, ekzamende özüne talap ediji, ökde mugallym diýdirjek bolup, ýerliksiz soraglar berip, okuwçyny horlaýan, yrsarap pes baha goýýan mugallymy doňýürek adama deňäpdi, gazanç etmän, çagalaryny oňly idetmän, sähelçe närazylyk duýan halatynda, olara şarpyk çalýan ata meňzedipdi. Düzmesi mugallyma ýaramandy. "Magtym Durdyýew, mugallymlara baha bermek seniň işiň däl. Sen garasöýmez adam bolup ýetişersiň" diýip, gygyrypdy. Bäşlik baha garaşan Magtym Durdyýewe üçlük goýupdy, minnet edipdi: "Sen ikilik baha mynasyp, ýöne pikirlenmäge ukybyň bardygyny göz öňünde tutdum. Pikiriňi gowy zat üçin ulan" diýipdi. Ýubileý tostuny her sapar göçürende onuň ajysyny azaltjak boldy, başarandyr öýdenok, zorlugyň azary entek köşeşerli däldi. Jähennem, men bäşlik baha garaşamok, Ataly başlygam mugallym däl diýdi. Ýubileý tosty taýýar. Soňky mahalda "tost" deregine "nutuk" diýen sözi köp ulanýarlar, bu söz Magtym ýalaňaja ýaranok, onda ýüzleýlik alamaty bar, "tost" diýseň göwnejaý. Magtym ýalaňaç Ýagmyr mollanyň öýüne gidendäki ýaly ybaly eşiklerini geýmedi, ýanyp duran doňuz ýatagyna nähili geýimde baryp gaýdan bolsa, şony-da geýdi. Köne çal plaşynyň eteginde gara tegmiller galypdyr, galany gowy-da, dursun, aýrylmasyn, ýangyny ýatlatsyn diýdi. Ýangyndan bäri bäş gün geçenem bolsa, başlykdan ses çykmady. Bu başlygyň razylygynyň alamaty, onuň razylygyny alman Ýagmyr mollanyň töwekgellige ýüz urmajakdygyna ynamy berkäpdi. Ýubileý tostunyň sünnäläp göçürlen ýazgysy okuwçy depderini doldurdy, ony epläp goltuk kisesine saldy. Partlamaly bombany ýygşyrýan ýaly tolgundy, bedenindäki galpyldy aýrylýança öýden çykmady, garaşdy. Häzir köçä çykar, Magtym ýalaňajyň nähili niýet bilen kantura barýandygy mahluga öwrülen adamlaryň serine-de gelmez. Olary soýuljak goýunlara meňzetdi. Soýulýan goýnuň damagyny çaldylar, al gan joralanyp çukura akýar. Indiki damagy çalynmaly janawar öňüne taşlanan oty iýip durşuna, gandan dolan çukura seredýär, howsala duýaýjak ýaly, zaryn-zaryn mäläýjek ýaly, mälänok, seredişi biperwaý. Guzusy alynsa, mälärdi, haýwanam bolsa, aýralygyň awusyny duýýar, lägirip başlaýar. Bir ýatakda bakylyp, bir ýatakda bile ot iýen janawaryň damagyny çaldylar, ol biperwaý, howpuň öz başyndan injegini bilenok, bu endik haýwana berilmändir. Köçede gabat geljek adamlaryň garaýyşyndan Magtym ýalaňaç goýnuň biperwaýlygyny duýar, olary haýwana meňzeder. Howpuň özlerine degişlidigini duýmaýanlary başga nämä deňejek!? Bu pikir onuň ýalňyzlygyny artdyrsa-da, ony ejizligiň girdabyna oklap bilmez. Onuň goltugynda ýarylmaly bomba bar, bombanyň ýaryljagyndan ol gorkanok, goý, Ataly başlyk gorksun!.. Köne wagt ölçeginden alanyňda Magtym ýalaňaç ertir guşluk mahaly Ataly başlygyň kabulhanasyna girdi, içerde adam görmedi. Içki gapyny açdy, başlygyň ýerinde oturandygyny görüp, rugsat soraman bosagadan ätledi, oturanlary ünsüne almady. özüne tarap topulyp gelýän aýaly gördi. -- Ýaşuly, dur, dur... girmek bolanok, maslahat gidip dur, öýlän gel... çyk diýilýä saňa, ýaşuly!..--Magtym ýalaňaja ýapyşyp, itekläp gapydan çykarmak galdy.--Ýaşuly, men saňa aýdýan, çyk diýýän!.. çyk! Magtym ýalaňaç owadan aýala göreçlerini dikip, hany, seniň zorlugyňy göreýin-le diýen manyda gymyldaman dur. -- Ýaşuly, sen kimi idäp geldiň? -- Seni idäp geldim. Ýeňseden Atalynyň azymly sesi eşidildi: -- Gülşirin, aýryl beýläk!.. Geliber, Ýoldaş mollum,.. hoh-hoh... Ataly ýerinden turdy, Magtym ýalaňaç henizem Gülşirine garap dur. -- Ataly başlyk, bu owadan zenany tanamadym-la? Terbie görene meňzänok. -- Seň bolşuň terbiýemi? Ekinçi mal ýaly urup girdiň. Üst-başyňa sered-ä, basa-baslykdan sypan ýaly. -- Gülşirin, bes et! Bar, çaý demle, ýaşula hezzet-hormat et... Gülşirin eginlerini silkip, ýüzüni öýke bilen kese-kese sowup, siltenip çykyp gitdi. Magtym ýalaňaç ony ýarak ganjyga meňzetdi, eýesine gulak asmaga mejburdygyna çyňsap gitdi. -- Ýoldaş mollum, salawmaleýkim--Ataly loh-loh gülüp, Magtym ýalaňaja tarap gaýtdy, iki elini uzadyp görüşdi.-- Meň ýanyma aýda-ýylda bir sapar geleňok, gelseň owadan zenany tanardy... Bu ýigit paýtagtdan gelen myhman. -- Salawmaleýkim, ýaşuly. Stoluň ýeňsesinde oturan buýra saçly, ýylmanak ýigit gozganmady. -- Magtym mollum şu obadan çykan kö-öne, tejribeli mugallym. Iki zatda Ýoldaş mollumyň öňüne geçen tapylmandyr: gowy okadypdyr, birem şarpyk beripdir, ho-ho-oo... Men okuwa baramda Ýoldaş mollum bu mekdepden giden ekeni, şarpygyny datmaga ýetişmedim, ho-ho-hoo... -- Datmanyň bildirýär, dadaýan bolsadyň... Ataly Magtym ýalaňajy höwessiz goltugyna gysdy. -- Ho-ho, datmadyk şarpygyňy dadyrmaga gelen-ä dälsiň? ho-ho... -- Ýubileý bellejegiňi eşidip geldim. Gülşirin çäýnek-käse goýlan podnosy göterip, içeri girdi, başlygyň stolundan bärde, dik uzynlygyna goýlan stoluň üstünde goýdy, gaşlaryny çytyp, öýkesinden ýazylmandygyny duýdurdy, käselere çaý guýdy. Buýra saçly, ýüzüniň ýylmanaklygyny Gülşiriniň owadan ýüzüne meňzedäýmeli ýigit: -- Köne mugallymy ulanmaly bolar--diýdi.--Erini belledim, ikinji kolonna goşarys. IŽ motorly ýaşuly bar diýdiňiz. Ol-a sowet döwründen galan motoryny müner, sowet mugallymam motoryň gozagynda oturar, eline gyzyl baýdak bereris, parladyp otursyn. -- Ýoldaş mollum, pagtagtdan çagyran myhmanymyzyň ady Bally Barat. Paýtagtyň belli dabaraçysynyň biri. Dabaraçy sözüne tamada diýen manyda düşünme. -- Beýemçi diýsem bolarmy? Obada bizem zor beýemçi tapdyk, Baba beýemçi, meşhur dabaraçy bilen tanyşdyryň, köp zat öwreder. Baba nasosçy, Baba azançy, Baba beýemçi... -- Gülşirin, serpaýdan bir kişiligini getir. Gülşirin ýene towlanyp çykyp gitdi. Magtym ýalaňaç çaý başyna geçmedi. -- Ýigit, adyňyz? -- Hökman däl, ýigit diýdiňiz, boldy şol, ýaşuly. -- Aňyma ornaşmady-da, garrylygyň derdi. Ataly ýene aýtmaly boldy: -- Bally Barat, indi aňyňa ornaşdyr, ho-ho... -- Hä-ä, Bally Barat... Bally diýeniň-ä düşnükli, öz sözümiz, bal ýaly diýmek, ine, Barat diýseň welin, türkmeniň köpüsi manysyny alyp bilmez, bu at täjikde, özbekde kändir. Gowy at, täze dogan Aý ýaly arassa diýen manysy bar. Ýüz-gözüň adyňa gabatlaşyp dur, ýagşy ýigit. -- Minnetdar.-- Magtym mugallymyň bilermenligi dabaraça ýaramady çaky. -- Sen göwnüňe alma, men dabara seredemok. -- Ol siziň öz işiňiz, sizi mejbur etjek Ýok, ýaşuly. Magtym ýalaňaç ajy güldi. -- Mesele diňe meniň bilen gutarýan bolsady,.. Ataly gygyrdy: -- Gülşirin!.. nirä ýitirim boldy?1 -- Ataly başlyk, saňa niýetlän serpaýym bar, gowşuraýyn diýip geldim men. -- Ho-hoo, duraweri, howlukma, Ýoldaş mollum, serpaýy ilki men bereýin. -- Serpaýyňy aldyk, kemi galmady, minnetdar. -- Gülşiri-in!..--Ataly gyssanjyna gapa topuldy, ýetmänkä Gülşirin içeri girdi. Bir elinde gara silkme telpek, beýleki elinde possun. Ataly possuny silkip aldy. Gaharyny, bisabyrlygyny gizlejek hem bolmady, has beterem Magtym ýalaňaja seretmekden gaça durdy. -- Magtym mollum, meni okatmadygam bolsaň, hakyky ökde mugallym bolandygyňy oba bilýär... Gülşirin, telpegi nirede goýduň? -- Ynha, men elimde saklap durun-a. -- Magtym mollum, şu çaka çenli saňa sylag-serpaý etmänime ökünip durun. Magtym ýalaňaç gyzyk bilen Atalyny synlaýar. Bu adamy seýrek görýärdi, sypatyny aýdyň göz öňüne-de getirip bilmän ekeni. Şol säwligi düzedip dur. Atalynyň syrdam diýerden boýy pes, garny ýasy, tegelek ýüzi et alypdyr, eňegi agralypdyr. Göze ilip duran boýun Ýok, saçy seýrek, ýeke-de agy Ýok, dar maňlaýy giňäp barýar, hä diýmän takyr kelle boljagy belli. Gözlerinde ýakymsyz ýitilik bar, sesiniň Ýogynlygy, aýratynam ho-ho-ho gülküsi hökmürowanlygy duýdurmak üçin ýeser tapylan zat diýse-de boljak, ýöne tutuş göwresi şol alamata gabat gelenok, maýda görünýär. -- Ýoldaş mollum, alada ulaşyp, seniň ýaly dogry gepli adamyň sözüni diňlemegi unudýas, biziň hatamyz şol, boýun alýan. Her näme bolanda-da seniň bilen didarlaşmaga pursat boldy, men hoşal.--Possuny ýazyp öňe tutdy.--Çykar o plaşyňy, egniňi ýaz, Ýoldaş mollum, ho-ho... Al, geý, nesip etsin, özüm egniňe atjak. Magtym ýalaňaç gaýra tesdi. -- Oraz baýyň agtygy Ataly baý, sen maňa Magtym mugallym diýdiň, ýüzüme Magtym ýalaňaç diýmediň, gapydan çykan dessime Magtym ýalaňaç diýersiň. -- Ho-ho, beý diýme, Ýoldaş mollum. -- Ataly baý, ýalaňaç adama possun nämesine gerek, alyp biljek däl. Possuny, telpegi gadyr edip geýjek adama ber, mende dursa, güe tozdurar. Ikimiz şertleşeli: serpaýy ilki menden al, dabara gurap, ýubileý bellejek sen, meniň serpaýym göwnüňe ýarasa, duýdur, şondan soň seniň serpaýyňy alsam-da bolar.-- Goltuk kisesinden eplenen okuwçy depderini çykardy, iş edinip epinini ýazdy, gadyr edýändigini göz edip, öwran-öwrän sypady.--Ine, meniň serpaýym. Şu depdere ýazlan sözleri güe iýmez. Howlukme-da sabyr edip oka... Depderi Ataly başlygyň stoluna goýdy. -- Toýa çagyrarlar, obanyň ýaşulylaryna goşul, bile gelersiňiz, hormat edip söz bererler, şonda göwnüňdäkini aýt, öwübem bilersiň, syndyrybam bilersiň, şarpyk çalsaňam çydaryn, Ýoldaş mollum, ho-ho-hoo... Depderi goýma, men ýitiräýmäýin. -- Ýitmez, ýitse, ýene tapylar, taryhy ähmiýeti bolan dokumentler bir ekzemplýarda ýazylmaýar. Geljek nesiller sen hakda bilmese bolmaz-a, Ataly baý, he-heh... Magtym ýalaňaç gitdi. Heniz hem geýdirmäge taýyn ýagdaýda possuny tutup duran Ataly hyňranýana çalymdaş äheňde ses çykardy, ýüzi garaldy, göreçleri ýiteldi, gözleriniň agyna gyzgylt reňk çaýyldy. -- Güm et muny!--Gülşiriniň possuny alaryna garaşman, üstüne zyňyp goýberdi. Depderi aldy, nätmeli diýen pikir bilen sägineni belli, gapa tarap zyňsa-da gelişmän durjak däl. Zyňmady, stoluň tahylyna saldy, hüňürdedi.--Bilimli adamlaň tekepbirligi eşek näzine meňzeýär diýseň dogry bolar. özüni gulduryn öýdenok. Üst-başyna sered-ä, utanman köçä çykýar. Gülşirin zeýrendi: -- Köçä çykany hiç-le, depäňe çykýar! -- Ho-ho-ho... Magtym ýalaňajyň depderindäki ýazgy. Ýubileý tosty "Altyn toprak" daýhan birleşiginiň hormatly başlygy, Oraz baýyň agtygy Ataly baý, sen 60 ýaşadyň. Elbetde, "hormatly" sözüni ulanýandygym seni ýurduň prezidenti bilen deň tutýandygymy aňlatmaýar. Bu sözüň diňe prezidente degişli edilendigini bilýärin. Onda-da şu gün saňa "hormatly" diýjek. Bir pursat prezidentiň ornuna göterlen ýaly bolarsyň. Şol belent orny hyýalynda arzuwlamaýan emeldardan emeldar bolmaz. Men size belet ahyry! Bu dabaraly günde seniň nesil daragtyga ser salmagyň pursaty geldi. "Daragt" sözüniň birgiden manysy bar. Eger seniň "akmaňlaý" atlandyrylan tiräňi daragt görnüşinde göz öňüne getirsek, onuň pajarlap ösýän esasy şahasy sen, seniň ogullaryň diýse bolar. Daragtyň köküne güýç beren Oraz baý. Meniň bu sözlerim gulagyňa ýarandyr, yzyny okamaga howlugarsyň, oka, sabyr et! Gynansak-da, bu tiräniň taryhy köküni yzarlamak entek bize doly başartmady, ol etnograflaryň maglumatyna düşmändir, bu taryhy adalatsyzlygy aradan aýyrjakdygymyza ynamymyz uly. Häzirlikçe il arasyndaky gep-gürrüňe ýüzlenmeli bolýarys, taryhçylar oňa meýdan ýazgylary diýýärler, hudožnikleriň etýutlaryna meňzeş material diýip düşünmeli. Käbir gulaga ýakymsyz eşidilýän geplere görä, akmaňlaýlaryň aňyrsy baýosuraklar tiresinden, baýosuraklaram bokyÝogunlardan gelip çykan bolmaly. Many taýdan seljermeli bolsa, adamyň bedenindäki bolup geçýän hadysanyň yzygiderliligi saklanypdyr diýmeli. Biz bu tireleriň atlaryny-da entek ylmy maglumatlardan tapmadyk. Poh ysynyň ýaýramak ähtimallygyny nazara alyp, taryhyň sahypasyny hapalamalyň diýlen bolmagy-da ähtimal. öwredilen endige eýerip, taryhçylar ony ýazgydan bozup goýberendirler diýilse-de Ýok diýmäge bizde tutaryk Ýok. Bu ugurda düýpli ylmy gözlegleriň alnyp baryljakdygyna ynanaý. Muňa zerurlyk döredi. Ýigriminji asyryň başlarynda Oraz baýy arkadag edinen akmaňlaý tiresi ýüz ýyldan soň Atyly baýy kemala getirmegi başardy. Bu öwrenilmäge, mahabata mynasyp fakt. Akmaňlaýa gara çyrşaljak bolnan pursatlaryň bolandygyny taryhy hakykatyň hatyrasyna aýtmalydyrys. Beýle synanşyklaryň obektiw hem subektiw sebäpleri bar. Oraz baý doganoglany Tüýlä "syçak" diýipdir, sen oňa beletsiň. Şol söz akmaňlaýlaryň bir şahasyna basylan gara tagma bolup galdy. Ýigriminje asyryň birinji çäreginde tutaşan synpy göreşe obektiw sebäp diýeli. Oraz baýyň Tüýlä "syçak" diýmeginde şol göreşiň täsirinden dörän subektiwlik bar. Tüýli syçagyň yzbasarlary şu günem syçaklyk endiginden saplanyp bilmän gelýärler. Janly mysal hökmünde Tüýli syçagyň ogly Mämmetguly diktumşugy alsak ýerine düşer. Akmaňlaýlaryň sagdynlygyny ile göz etmek üçin tagalla gerekdigine Ýolbaşçy hökmünde seniň gowy düşünýändigiňi inkär etmek bolmaz. Tüýli syçagyň ogly Mämmetguly diktumşugy welaýatda, pagtagtda geçirilýän uly dabaralara oba ýaşulylarynyň baştutany diýip iberip başladyň. Il arasyna ýaýran gep-gürrüňe ynanmaly bolsa, Mämmetguly paýtagtdaky köşgüň uly zalyny porsadyp, kakasyna goýlan "syçak" lakamyna ygrarlydygyny pampersli syrtyndan ýaýran ys bilen subut edipdir. Eger habaryň bar bolsa, obada oňa "Mämmetguly syçak" diýýän köpeldi. Nesil daragtynyň sagdynlygyny gazanmak kyn düşjege meňzeýär. Belki, Oraz baýyň goýan "syçak" lakamyndan dynmagyň müşgüldigine has düýpli sebäp bardyr? Şol sebäbi "baýosuraklaryň", "bokyÝogynlaryň" gelip çykyşyndan, häsiýetinden gözlemelidir? Adam tohum yzarlaýar. Saňa Ataly başlyk diýýänler indi Ataly baý diýip başladylar. Oraz baýyň nesiline mynasypdygyňy görkezip ýörsüň. Dabaraly günde bu hakykaty aýtmazlyk karam bolar. Sen kolhozyň emlägini talap baý bolduň. Synpy göreşiň mazmunyna, tebigatyna belet adam saňa galtaman, ýa-da bolmasa, ogry diýer öýdemok. Bolşewikler, gyzyllar Oraz baýyň üç süri goýnuny, iki süri düýesini zora ýanap aldylar, özünem atyp öldürdiler diýen gürrüň bar. Taryhy çeşmeleri, arhiwi agtaryp, häzirlikçe bu fakty resmi taýdan tassyklatmak bize başartmady. Inkär etmäge-de çakymyz Ýok, ähtimal bolandyr. Bolşewikler baýlara garyp halky talan synpy duşmanlar diýen möhüri basypdy, olaryň beýik serdary Lenin: talanan emlägi talamak haýyr işdir, halaldyr diýdi. Kolhozlar baýlaryň ýer-suwunyň, emläginiň hasabyna guruldy. Kolhoz emlägi diýlende sen ataňdan alnan sürüleri göz öňüne getirýärdiň, sowet häkimiýetinden köýüp ýatan aryň bardy, şol seniň gonjuňa gor guýýardy. Tire düzgünine ynam edýän adamlara ar almak birinji borçdy, ony imandanam Ýokary goýupdyrlar, "arym köýenden, imanym köýsün" diýen sözi ýatla. Garamaýak kolhozçy bolup, ataň aryny ýerine salyp bolmajagyny bilensiň. Oba hojalyk institutynda okadyň, zootehnigiň diplomyny alyp, oba dolandyň. Mal fermalaryna köplenç zootehniklerden müdir bellenilýärdi. Uzak wagt garaşmaly bolmady, seni kolhozyň dowar fermasyna müdir bellediler, ýigrimi müň goýny sanap aldyň, gapdalynyň birgiden neşekeş çopany bilen. Tiregini tapyp berseň olara başga zat gerek däldi. Neşäniň guluna öwrülen bagtyýatanlary sen öz guluňa öwürdiň. Sagdyn adamyň çopan bolasy gelenokdy, haýsy akmak kolhozyň emleýän sähelçe hakyna kaýyl bolup, jöwzaly çölde maşgalasyndan awara gezjek. Olary aýaldan, çagadan zerur keýpe griftar etmelidi. Şol keýpi diňe neşe berip bilýärdi. Bir aý gyrkym geçirmeli adamlar obadan iberilýärdi. Agzy arassa adamlary duzaga düşürmegi başarýardyň, bildirmän çaýlaryna arassa tirek atyp berýärdiň, bagtyýatanlar ilki-ilki emel edilýändigini bilenokdylar, neşeli çaýyň keýpine günsaýy maýyl bolup galýardylar. Soňra olar seniň ygtyýaryňa bakna adamlardy, kowsaň-da çölden gidenokdylar. On ýyl goýun fermasyna müdir bolduň, iýdiňem, iýdirdiňem. Kolhoz malyna göz dikip oturan emeldar kän, hersine ýetdik paýyny bermeli. Emeldarlaryň jenaýatyna düzgün eden jemgyýetiň bulanyk suwunda sen balyk bolup ýüzdüň, baýadyň. Sowet zamanynda baýamak diýen düşüjäniň aňyrsynda ogurlamak diýen many ýatyrdy. Hususy eýeçilik gadagan, diňe döwlet eýeçiligi bar, döwletiň berýän sähelçe aýlygy bilen nädip baýarsyň? Ýeke çykalga bar: döwletiň emlägini ogurlamaly, bu iş her kimiň başarnygyna bagly. Başda sen ogurlygy aklamaga delil tapdyň: men Oraz baýdan talanyp alnan maly gaýtaryp alýaryn diýdiň. Ýadyňda bolsa, bir müň dokuz ýüz segsen bäşinji ýylyň maý aýynda goňşy kolhozyň üç süri goýnuny siziň balansyňyza, hasabyňyza geçiripdiler, olara diňe iri şahly mal saklamaly edilipdi. Spesializasiýa diýlip, Moskwadan gelen karary gowy bilýänsiň. Goňşy kolhozdan alanan üç müň goýny ýyl ýaryma ýetirmän dargadypdyňyz. Seniň hasap tapyşyňa haýran galýardylar: üç ýüz goýny möjek iýdi, bäş ýüz goýun keselden öldi, ýedi ýüz goýun kolhozyň hajatyna ýaradyldy, kolhozçylaryň naharyna her aý ýüz goýun soýuldy diýip görkezipdiňiz... garaz, sanasaň sogaby bar. Kolhozçylaryň gazanyna atyldy diýlen goýunlaryň her aýda ýigrimi bäşisi kolhoz başlygynyň paýydy. Saňa düşen paý näçe, ony özüňden başga aýdyp biljek Ýok, aýtmaly bolarsyň. Soňabaka Oraz baýdan zorlap alnan üç süri goýny ýatlaňda arkaýyndyň, ataň aryny ýerine salan gerçek mysaly gaýşaryp gezýärdiň. Şondan soň köpüň emlägine el ursaň ynsabyňy aklamaga delil Ýokdugy hakynda oýlanmak ýadyňa düşmändi, sebäbi köpüň emläginiň bolup biljekdigine ynanasyň gelenokdy. Emläk aýry-aýry adamlara degişli bolanda, ol eýeli ýaly bolýar. Kolhozyň emlägine başlyk eýelik etmeli, şu ynanç bilen hem kolhoza başlyk bolduň. Ýedi ýüz sygyr saklar ýaly kompleks guruldy. Mallara ot-iým, suw awtomat usulda berilmelidi, sygyrlary maşyn sakmalydy. Mehanizasiýa endik etmäge ýetişilmedi, döwlet juda gowşady, kolhoz gowşady, sygyrlaryň süýdi kemeldi, süýdi kemelen sygyrlary doýurjak bolup ýörmegiň derkary barmy? Keselden, epidemiýadan bir bölegi haram öldi diýlende bolman durmy? Bu sowalyň beren netijesiniň neneňsi bolandygyny ýazylan aktlar görkezdi. Şol barmana-da SSSR dargady. Eýesiz galan ýurtda şagal mesligi başlandy. Alan-aldylyk boldy diýilse-de sen hasaby ýöretmegi unutmadyň, oljany paýlamagyň köneden gelýän usuly bardy: "üleşdirene üç gaz, beg ogluna bezbeltek, iki tata bir ördek" diýlipdir. Sygyrlar kärendä paýlanýar diýdiňiz, kärendeçileriň sanawyna özüň, ogullaryň, dogan-garyndaşlaryň girdi, sebäbi sanawy düzen özüň. Kärendä mal alanlaryň özlerinden başga peýda gören Ýok. Mallaryň sany kagyz ýüzünde galdy. Wagtal-wagtal mallary Ýokarda oturan emeldarlar idän kişi bolýarlar, para alanlaryndan soň indiki gezege çenli ýene lal bolup oturýarlar. Sen olaryň uguryny tapmaga juda ökde. Nähili-de bolsa, şol sanawy ele salmak bize başartdy, taryh üçin derwaýys material. Kolhozdan galan jaýlar, maşyn-traktor, gaýry etjamlar satyldy, dargadyldy, ekin ýerleri alan-aldy edildi. Mellek, mülk, kärende hökmünde seniň maşgalaňa düşen paý iki ýüz gektardan geçýär. Kolhozça mellek paýlamadyň, satdyň. Kärende alyň diýip, maly, maşyn-traktoary, ýataklary para alyp paýladyň. Göripler seniň diňe mallardan gören peýdaň hasabyny çykarypdyrlar, iki ýüz müň dollardan geçýär. Ol hasap bizde bar, ony has takyklamak galýar. Ekin ýerleriniň, jaýlaryň, gurallaryň jemi hasaby nirede? Bu sowala takyk jogap tapmak biziň wezipämize girýär, şony bilip goý, Ataly başlyk! Seniň ýeserligiňi Oraz baý gören bolsady!.. Berekella, bolşewigiň talap alan malyny ýetmiş ýylda getirjek peýdasy bilen dolap aldyň, edenli, ar-namysly agtygym diýerdi. Kohozda emläk galmady, kolhozlar ýatyrylýar diýen perman geldi, Daýhan birleşikleri döredilýär diýip, düşnüksiz bir zat tapyldy. Kim düşünmese-de sen düşündiň. Daýhan birleşiginiň başlygy bolup galmaly diýen karara geldiň. Bu wezipe saňa toplan emlägiňi goraglamak üçin gerekdi. Garaşsyz döwletiň täze syýasatyna görä, ýurtda täze baýlar döremelidi, döredi, senem şolaryň biri. Indi saňa Ataly baý diýýärler, asyl ýöne, gelşip dur! Ataly baý Oraz baýyň dowamy, aralykdaky bir asyr gorpa gitdi. Oraz baý gorpuň aňyrsynda galda. Onuň nähili Ýol bilen baý bolandygyny aýtmaga çakymyz Ýok, seniň nähili Ýol bilen baý bolandygyňy welin, bilýäris! Sen diňe kolhozdan aryňy aldaň diýilse, bärden gaýdylar. Sen iliňden ar aldyň. Baý adamdan çekinilýär, baý adam halanmaýar. Oraz baýyň başyndan ýagy inende, ildeşleri, obadaşlary gynanandyr diýesiň gelenok. "Dok çaýkanman aç doýmaz" diýendirler, onuň artyp galan maly özlerine nesip eder öýdüp heşelle kakandyrlar diýdiň. Belanyň ýamanyny aldylar! Kolhozyň guluna öwrüldiler, bolşewigiň guran döwletiniň elinde damagyna işleýän talabana öwrüldiler diýensiň. Görip iliň gözünde ot ýakmaly diýensiň, özüňe pent edensiň: bu halkdan çekinme, ol gul endigi bilen ýaşamaga ram etdi, häkimiň garşysyna baş götermek oňa ölüm ýaly gorkuly diýensiň. Seniň danalygyňy inkär edip biljek däl, Ataly başlyk, gaýta, seniň ynanjyňy tekrarlaýan dana pikiri aýdyp biljek: "gul ýagdaýda ýaşaýan adam ahlagy unudýar". Beýle diýsem, Magtym ýalaňaç seni aklaýandyr öýtme, senem ahlagy unudan adam. Ahlagyň püçege çykmagyndan sen keýpi-sapa gözlediň. Gelinleri zora ýanap kabinetiňe, Ýorganyňa salaňok, özleri bähbit arap, meýletin barýarlar. Soňky üç ýylda onusy eliňden geçdi, üçüsi göwreli bolup gitdi. Arz edip, gapy kakmadylar, barsalar-da olara düşünjek Ýok, ol ýerde-de saňa meňzeşler otyr. Ýürekdäki gahar oduny söndürip bilenoklar, alaçsyz, ýöne amaty gelende otly halka bolup boýnuňdan iljeklerini welin, unutma! Biz olary atma-at bilýäris, olar arhiwe çatylmadyk dokument, fakt. Oraz baýyň doganoglany Tüýli syçagyň ogly Mämmetguly diktumşugyň mugallym gyzy Selbi göwnüňe ýarady. Ony ogluňa alyp bermek niýetiňde Ýokdy. Kabulhanaňda oturtdyň, göwnüni tapdyň, keýpi-sapasyny gördüň. Mämmetguly diktumşugyň namysyny goramaga derek kanagat bilen dymyp ýörşüni görenler: Tüýli syçagyň oglundan başga nämä garaşýarsyňyz, syçakdan syçak döremeli-dä diýdiler. Bu masgaralyga näme sebäbe ýüz urduň? Oraz baýa dönüklik eden Tüýli syçagyň tohumyndan ar almak niýetiňde boldumy? Akmaňlaýlaryň nesil daragtyny arassalamak saňa aňsat düşer öýdemok. Iň bolmanda, Selbini okuw müdirliginden kowdurmaly däldiň. Ol gögüsiýaman ile bildirmän senden galan çagany göwresinden aýrytdy ahyry! "Baýlar-a bähbidin arar" diýilişi ýaly, sen bähbidiňe, mertebäňe çigit ýalyja şikest ýetjek halatynda rehim-şepagaty unudýarsyň, Ataly baý. Oraz baýyň gapdalynda Gylyç ahun bolupdyr, sen Gylyç ahunyň agtygy Ýagmyr mollany tapdyň, ol seniň hyzmatyňda. Bu gün adamyň bilim derejesini onuň ýat beklän aýatlarynyň sanyna görä ölçemäge endik edinen, medisina hyzmatyny öwlüýälere, guburlara edilýän zyýarata çalşan köpçüligi mollalaryň goldawy bilen edara edip boljakdygyna düşündiň. Sowet zamanynda başlygyň gapdalynda partiýa guramasy bolardy, Baba nasosçynyň aýaly Läle ýaly işeňňir medeniýet orunbasary bolardy. Indi Ýagmyr molla bar. Kolhozdan galan doňuz ýatagy, janly doňuzlary oda berşini neneň gördüň, Ataly başlyk?! Jogap soralan halatynda aýtjak sözüňi bilýän: dini ynanç bilen bagly ýüz berýän dawa-jenjele goşulmak daýhan birleşiginiň başlygynyň wezipesine girenok diýersiň. Saňa hä diýjekler tapylar, öňi bilen Ýagmyr molla hä diýer. Bimöçber kemsitmä uçuran, senden göwreli bolan gelinler babatda-da Ýagmyr mollanyň aýtjak sözüni aňmak kyn däl: "ganjyk guýruk bulamasa, köpek yzyna düşmez" diýse gerek. Mollanyň halk pähimini dile getirişi hoşuňa geler. Saňa aldanan naçarlary atma-at aýdyp biljek. Birine şäherden iş tapyp bereýin diýipsiň, beýlekisine jaý salyp bereýin diýipsiň. Beren wadaňy unutsaň-da senden bolan çagalary unudarsyň öýdenoklar, hossar boljagyňa umyt edip ýaşaýarlar. Belki, ýaş toýuň dabaraly günlerinde olary-da ýatlarsyň. Biperwaýlyk dowam eden halatynda ýangynly ýüreklerdäki howruň ýüzüňe çabyrajakdygyny bilip goýanyň ýagşy, Ataly baý! Etmişiňi inkär etmek saňa başartmaz. Çaganyň kimiň dölünden bolandygyny takyklamak bu gün ylmyň ýanynda eşekden palan aýrança-da Ýok. Bu meselede seniň dertdeşiň bar, onuň adyna Ýagmyr molla diýýärler. Mollanyň diline aljak halk pähiminden çykalga gözlejek bolmak size gelişmez, belki-de, başartmaz. Şu ýerde men hem halk pähimini aýtmakçy: "Bidöwlet adam atasy bilen öwüner, döwletli ogly bilen öwüner" diýlipdir. Saňa bidöwlet diýmäge çakymyz Ýok. Oraz baý ýaly ady ile dolan gaýratly ataň bolupdyr. Nähili ogullaryň bardygyny welin, il görüp, synlap ýör. Zamana görä garaljak bolunsa, olara gözi gitjek az däldir. Uly ogluňdan mysal tutaýyn. Ol başda milisiýada işledi, kapitan boldy, soňra howpsuzlyk komitetinde tälim aldy, podpolownik boldy. Häzir neşekeşlige, neşe maddalarynyň ýaýramagyna garşy göreşmeli döwlet gullugynda işleýär, polkownik derejesine göterlipdir. Bedew bady bilen gidip oturyşyna hä diýmän onuň general boljagyna şübhe etmese bolar. Onuň ýeserligine söz diýer ýaly däl. Gaçakçylyk bilen ýurda getirilýän neşe maddalaryny ele salýanyna-da ynansa bolar, ýöne "bal tutan barmagyny ýalar" etmesi bolanok. Bizde bar bolan maglumatlara görä, ol ele salnan geroini üç obada satdyryp, iki ýylyň dowamynda takmyn iki-üç ýüz müň dollar gazanmagy başardy. Otuz üç adamyň ölümine sebäp boldy, ýene jan berjekleriň sany şonça bar. Meniň aýdanlarymy inkär etmäge howlugma, öňinçä pikir öwür, Ataly başlyk! Obada, şäherde ogluň dört jaýy bar, olara köşk diýmeli, sen bilýänsiň. Ogluň senden ozdurdy, Ataly baý! Iki heleý bilen nikasyz ýaşaýar, ikisine-de jaý saldy, maşyn berdi. özündäki gymmatbaha maşynyň sany dörde ýetýär. Döwletli adam ogullary bilen magtanmaly diýilse, seniň öwünjegiň belli, ýöne welin, ol döwlet halalmy, gep şunda. Sen özüňe bagty çüwen adam diýýänsiň, iki tarapa-da seredip, öwnüp oturmaly diýýänsiň. Eger sen hakda kitap ýazmak zerurlygy ýüze çyksa, şol halat biz juda köp fakt getirip biljek. Seni garalamak niýetimiz Ýok, her döwür özüne mynasyp gahrymany wasp etmeli bolar-a! Täze baýlaryň bir mahalky Oraz baýyň düýşüne girmejek baýlygy toplamagy başarandyklaryny aýdarys, täze döwrüň beýany diýeris, şol baýlygyň nähili Ýollar bilen talanyp alnandygyna ünsi çekeris. Sen aýtmaňda adamlar bilýän däldir-ow diýmegiň-de ähtimal. Seniň bu ýazgyň tosta meňzänok, mertebesi kemsidilen ejiz adamyň bialaçlykdan, bite gahar edip, Ýorganyny otlaýyşyna meňzeýär diýmegiň-de ähtimal, özümde-de şol pikir Ýok däl, ýöne her kim başaryşy ýaly edýär. Emelsiz, juda gönümel ýazandygymy bilýärin. Men taryhçy, men söz owadanlaman fakt, delil getirmeli. Bu gün fakt bilen adamlary geň galdyryp bolmajagyny-da bilýärin. Umuman, adamlar geň galmagy unutdylar. Näme üçin diýersiň. Adalatsyzlyga, zorluga öwrenşendikleri üçin olar biparh, nalajedeýin. Adatça, tost gysga bolmaly, şony başarmadym. Gysga ýazyp bilmejegimi bilsem-de ýazdym, ýazman arkaýyn oturmagy başarjak däl. Magtym ýalaňajyň häsiýetinden habaryň bardyr. Mekdepde seni okatmanyma, şarpyk çalmanyma, dogrusy, gynanýaryn. Sen şarpyga mynasyp ekeniň, Ataly başlyk! Barybir, şarpykdan sypmak saňa başardar öýdemok. Şol pursatyň mümkingadar çaltrak gelmegini arzuw etmek bilen tostumy soňlaýaryn. Magtym mugallym, seniň üçin Magtym ýalaňaç. * * * Üç günden soň Magtym ýalaňaç ýitirim boldy. Onuň gözlegi Ataly başlygyň ýubileý dabarasyna taýýarlyk günlerine gabat geldi. Iki wakanyň arasynda nähilidir bir baglanyşynyň bolup biljekdigi adamlaryň ünsüne ýetdimi, ýetmedimi, aýtmak kyn. Magtym ýalaňajyň Ataly başlygyň kabulhanasyna barandygy barada-da gep-gürrüň eşidilmedi. Ogullary-da bihabar. Näme edip, näme goýýanyny kakasy olara aýdanok. Soňky günler sadakadan, ýasdan aýagy çekilipdi, oba arasynda barýan ýeri Ýok, toý-tomga köpden bäri gidenok. Ýatmazyndan öň köçede gezim etmegini welin, goýmady. Şähere giden bolmagy ähtimal diýildi. Şäherde ýaşaýan ogly kakam gelmedi diýdi. Şäherde kakasynyň tanyşlaryndan sorag-ideg edildi, gördüm diýen bolmady. Şäher bilen arada kireý edýänlerden: meniň maşynyma münüp, pylan ýere gitdi diýen tapylmady. Edil guýa gaçan ýaly! Ýeser ýeri, obadaky soňky ösdürimleriň köpüsi Magtym ýalaňajy tananok ekeniler, "ýalaňaç" diýlende eşiksiz adamy göz öňüne getirjek boldular. Ahyr soňy bir ýerden çykar diýen umyda bil bagladylar. Allaş: - Magtym molluma men belet - diýdi. - Etjek-goýjagyny özünden başga biljek Ýok, gümanam edip oturmaň, bilmersiňiz. Duýdurman giden bolsa, görersiňiz, duýdurmanam dolanar... | |
|
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
√ Dirilik suwy -3: romanyň dowamy - 26.04.2024 |
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -20: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -6: romanyň dowamy - 12.07.2024 |
√ Dirilik suwy -20: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -19: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Nur gözellikde, gözellik köňülde - 14.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Dirilik suwy -18: romanyň dowamy - 18.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |