15:02 Täze harabalar / Täze beýemçi | |
18. Täze beýemçi
Romanlar
Baba nasosçy goýun soýup, sadaka berdi, aýat okatdy, Ýagmyr mollany, ýaşulylary çagyrdy, Magtym ýalaňajy çagyrmady. Baba nasosçy Allaşyň deň-duşy. Aýaly ölenden soň sakgalyny goýberdi, ertir namazyny okap başlady. Metjit açylandan soňra bäş wagt namaza geçdi, köplenç metjide gatnap okaýar, namazlygyň üstünden düşesi gelenok diýip, belet adamlar agyz dolduryp aýtdylar, azana gygyrýanlaryň biri-de Baba nasosçy diýdiler, eýýämhaçan oňa Baba azançy diýýänlerem tapyldy. Allaş geň görmedi, döwre görä adamlaryň haýran galaýmaly çaltlykda üýtgeýändiklerine belet. Eger aýaly Läle ölmedik bolsa, Baba näderdikä? Bu sowala jogap agtarmazdan öň Läläniň kim bolandygyny mazaly seljermeli bolar. Läle pakyr, hawa-da, adam ölenden soň pakyr diýilýär, ýaşap ýörende oňa pakyr diýiler diýen pikir adamlaryň kellesine-de gelen däldir, ol sowet zamanynda uly ile ýakasyny tanadan aýaldy. Partiýa çlenidi, indi çlen diýilmän agza diýilýär. Işeňňir, ýeteşikli kommunist diýlende obadakylaryň göz öňüne Leninden öň Läle gelýärdi diýilse, ýalňyş bolmaz. Lenin hakynda okalýardy, eşidilýärdi, Läle her gün göze ilip ýören diri kommunistdi, kolhoz başlygynyň medeniýet orunbasarydy, dek oturmaga adamlara pursat bermändi. Kolhozyň kanturyna barsaň, Läle ýa-ha kabinetinde, ýa-da gapdaldaky zalda ýygnak geçirip oturandyr. Ýaşulylar soweti diýip, ýeser güýmenje tapdy. Ýaşulylaryň abraýynamy, ýa-da olary gözden düşürýärmi, saýgarar ýaly bolmady. Okuwçylar pionerlige, komsomola kabul edilende-de uly dabara gurnardy, şoňa-da ýaşulylar hökman gatnaşmalydy, hormat diýip, olaryňam boýnuna gyzyl galstuk, döşüne znaçok dakardylar. Köne mugallym öwelek aganyň boýnuna daňylan galstugyň sany elliden geçipdir. Komsomol toýlarynda-da ýaşulylar oturandyr. Ol toýlar kolhozyň klubynda geçirilerdi. Komsomol toýlary garaňky geçmişden galan ýigrenji galyňyň garşysyna urlan ägirt zarba boldy diýip, Läle ýygnaklarda, gazetlerde, radioda çykyş ederdi. Komsomol toý etseň galyn aldyn, galyň berdiň diýip, yzarlanoklar diýerdiler. Sähelçe ätiýaç edýän adam toý nobatyny düzýän Läläniň ýanyna barýardy. Läle öz gyzyny çykaranda-da göreldeli komsomol toý tutdy, gatnaşanlar toýa derek ýygnaga baran ýaly bolduk diýdiler. Raýonyň ýaýrawyndan çagyrlan emeldarlar mähriban kompartiýanyň şöhratyna tost aýdyp, çatynjalary ýatdan çykarypdyrlar. Läläniň galyň almandygyna bir adam ynansa, beýlekisi ynanmady. Komsomol toýy galyňy bassyr-ýussur etmek üçin tapylan emel diýerdiler. Oba arasynda söýüşýän ýaşlara howp abanan halatynda Lälä duýdurmak ýeterlikdi, topulyp gelişine halas etmän gidenokdy. Kolhozçylaryň maşgala durmuşyna gös-göni gatyşmak Läläniň wezipesine girýär diýerdiler. Obanyň ýarysy Läläni gowy görse, ýarysy itden beter ýigrenipdi. Läle pakyrda göz eglener ýaly görk Ýokdy, maňlaýy tüňňi, çukur gözli, garaýagyz aýaldy. Dilewardy. Sähelçe dawa turar öýdülýän ýygnaklary, aýratyn-da tutuş ýylyň hasabaty okalýan ýygnagy, oňa dohod ýygnak diýilýärdi, galapyn Läle alyp barardy. Kolhozyň başlygyndan kineli, gaharly adamyň paýzyny ýatyrmaga, zerur halatynda üzeňňisinden üç geçmäge ökdeligi bellidi. Ol adamyň ene-atasyny öwüp, olaryň kolhoza bolan wepasyny watan goragyna gidenleriň gahramançylygyna deňemekden gaýtmazdy, ene-ataňa hormatyňy görkez, kolhozyň başlygyny tankytlap, uly iliň öňünde masgara etseň, ene-ataň unamajak işine ýüz urýandygyňy unutma diýerdi, şeýdip, onuň badyny alardy. Başlyga-da geregi şol. Oňa Läläniň görk-görmegi zerur däl, Läläniň başarnygy zerur. Ýogsam bolmasa, adamlarda başlyklar medeniýet orunbasarlary kileň görmegeý gelinlerden saýlap alýarlar, olaryň başga lezzeti işlerinden Ýokary tutulýar diýen ynanç bardy. Ol lezzetiň nämedigini Allaş sorap bilmeli däl, Ony Ataly başlygyň kabulhanasyna baranda süňňi bilen duýupdy. Duýsa-da Läläni Gülşirine asla deňäp bolmaz, Läläniň orny Ýokarydy. Sowet hökümetem häzirki hökümetden Ýokarydy. Sowet hökümeti diýlende, kolhoz diýlende Allaş arassa gurşuny göz öňüne getirýär, indikiler gurşunyň ergininden galýan üre, gurşunyň hapasy. Allaşdan soralsa, şol döwürde Baba nasosçynyň esasy wezipesi Lälä är bolmakdy diýjek, başga düýpli tutan käri Ýok. Ilki kolhozyň ýük maşynyny sürdi, soň garažda hasapçy bolup işledi, putÝowka ýazdy. Garaža müdir goýulsa-da bolardy, kolhazyň emeldary diýerdiler. Bir maşgaladan iki emeldar bolmaly däl diýen düzgün böwet bolandyr, düzgüni bozmaga Läläniň özi garşy bolandyr diýilse-de ynanaýmaly. Baba garaždan gidip, nasosçy boldy. Bu işde bil agyrtmagyň geregi Ýok. Uly ýaplardan beýikdäki ekine suwy nasos bilen çykarmalydy. Nasosyň ýagyna seredip, saýada çaý içde ýat. Ol Baba nasosçy adyny aldy. Soň obada ýagdaý büs-bütin üýtgedi. Galyňa garşy göreş ýatdy, ýaşulylar sowetine üns gowşady. Maşgaladaky dawa medeniýet orunbasarynyň goşulyşmaga hakynyň Ýokdugyny duýduranlar Läläniň ýüzüne: seniň möwrütiň ötdi diýmekden çekinmediler. Iň Ýokuş ýeri, täze başlyk ony bakja müdir belläp, medeniýet orunbasarynyň kabinetinde owadan gelni oturtdy. Läle görgüli ganaty gyrlan guşa, has dogrusy, tüpeňlenen guşa döndi, kemsindi, çydamady, ýürekagyrly boldy, uzak ýaşamanam öldi. Ýurt çagşady, bolşewigiň guran döwleti pytyrady, soňra kolhozlar ýatdy. Obada metjit salyndy. Baba nasosçy pensiýa çykdy, metjide gatnap başlady. Ol muny işsizlikden edýärmi, hakyň Ýoluna ynanyp edýärmi, anyk bir zat aýtmak Allaşa kyn. Ýaran ussa: "Baba nasosçynyň bolşuny balşewigiň zorundan dynan mollalaryň bolşuna deňese bolar" diýdi. Balşewik diýende Läläni göz öňüne tutup aýdanyna Allaş düşündi. Allaş bu gün ýene bir zada düşündi: Baba nasosçynyň goýun kesip berýän sadakasynyň bir emmasy bolmalydy. Nahar çekilmezinden öň Baba nasosçy uzyn boýnuny aýdýan sözüniň wajyplygyna görä süýndirip söz diýdi: -- Men gudraty güýçli Alla sygynýan, men Alladan abraý, il-günüme rowaçlyk dileýän. Allahy akbar, Allahy akbar!.. Garyp çatmamyzda hakyň Ýoluna berilýän sadakadan dadyň, il-bendeleriň abadançylygyny dileg edeliň, Allahy akbar! Musulman bendeleri buýrulan parzlary, wajyplary berk tutýandygy bilen hudaýsyzlardan parhlydyr diýip, hadysda aýdylypdyr. Ýagmyr molla baş atdy. -- Dogry sözi dile getirdiň, Baba. Baba nasosçy beleň aldy: -- Allahu akbar! Keramatly azanda aýdylandyr; ukyň lezzetinden namazyň lezzeti müň kerem ýakymlydyr: "As-saýatu haýrun min an naum". -- Berekella! -- Allahu akbar, Allahu akbar!.. Men elli ýyl, göz öňüne getiriň, ha-aw, elli ýyl!.. namazyň lezzetinden mahrum edilen adam. Käpirleň, hudaýsyzlaryň döwletinde ömrümiň elli ýyly köýdi, gaflat ukusynda geçdi. Musulman bendesine on iki ýaşdan namaz buýrulýar, men altmyş iki ýaşdan namaz okap başlalamaly blldum. Ýagmyr molla onuň sözüni böldi: -- Bu ýerde seniň günäň Ýok, Baba, günä saňa zulum edenleriň boýnuna düşýär, dowzah oduna ýanmaly şolar! Allaş dilini dişläp, alaçsyz dymyp otyr, Ýogsam bolmasa, dowzah oduna ýanmalylaryň sanawyna Babanyň aýaly Läläni goşup bolarmy diýip sorasy gelýär. Baba nasosçynyň kellesi göçdi, aýalyna nälet okamakdanam çekiner öýtme. Allaş ony synlaýar, nätanyş geň adamy görýän ýaly synlaýar. Boýny uzyn adamlaryň galapyn kellesi kiçi bolýar. Kiçi kellä giň maňlaý gelşenok, amanat ýaly. Ýüzi inçe, eňegi çüri. Uly gözleri elek-çelek, agzyndan çykýan sözleri kimiň nähili diňleýändigini seljermäge ýetişjek bolup, başyna gaý. Ýuka çal sakgalynyň ujy gaýçy görene meňzemese-de uzyn görnenok, onuňam sebäbi boýny uzyn. Häzir boýnunyň ýüzündäki damarlar çişipdir, barmagyň Ýogunlygyndan pes däl. Baba nasosçy bat aldy: -- Biribaryň öňündäki bergi-borjumy üzjek bolaryn, maňa sabyr-takat, güýç-kuwwat diläň, men siziň dileg-dogalaryňyza mätäç. Elli ýylyň kaza namazynyň hasabyny çykardym, togsan müň namaz düşýär. Soňky bäş ýylyň dowamynda okan kaza namazym on iki müň. Haýyr işde Allanyň kuwwat berjegine ynanýan, Allahu ekber! Indiki bäşýyllykda on iki müňde durman, ýigrimi müňe, otuz müňe ýeter, enşalla! Ýaran ussa: -- Tüweleme, sen bäşýyllyk planyňy iki-üç esse doldurjak-da çaky--diýdi. -- Ussa, sen kesä çekjek bolma, sylagyňy bil. Men haýyr işiň gürrüňini edýän, maňa ýaňsyň gerek däl!--Baba nasosçynyň boýnundaky damarlar gözilginç çişdi, gözleri gyzardy, gygyrdy.--Plan diýlen zat käpirleň döwletinde ýörelgedi. Hakyň Ýolunda plan diýlen zat bolmaz, hemme zat Allanyň islegine baglydyr, Hakyň Ýoluna iman berlendir. Imansyzlaryň kolhozam dargady, döwletem dargady. Gynanyp oturanlaryň bardygyny bilýän, olara-da iman dileýän. Agajan müňkür dawa-galmagalyň ýeri däldigini duýdurýan terizde assa-ýuwaş gepledi: -- Babaňkam bir hasap, agyr zähmeti boýnuna alypdyr. Muňa jeza diýip düşünmäliň, jezany höwes bilen çekýän Ýok, Babada höwes bar. Agyr jezany salgy berýän adamlaram bar. Men eşidenimi aýdaýyn. Uly torbany hozdan dolduryp, bazara barmaly. öňürti kelläňi syrdyrmaly. Jarçy ýaly adamlara gygyryp: kim kelläme ursa, urana bir hoz berjek diýmeli. Torbadaky hoz gutarýança çydap oturmaly. Hoz aljagyny bilse, adamlaryň gaýra durmajagy belli ahyry. Ine, bu-da toba etmegiň bir ugury. Baba ýeňil Ýoly saýlapdyr diýmäliň, başaranyň başyna diýeliň. Ýagmyr molla Agajan müňküriň sözüni böldi: -- Baba musulman bendesine görelde bolarlyk iş edýär, oňa uzak ömür diläliň. Agajan müňküriň gepinden soň oturanlaryň ýüzünde görnen ýylgyrma Baba nasosçynyň myrryhyny atlandyrdy. -- Käpirler diýjegimizi diýdirmedi, iýjegimizi iýdirmedi--diýip, gahar bilen gygyrdy.--Arak içenimizem ýalan däl, doňuz etini iýenimizem ýalan däl. Men armiýany Orusetde geçirdim. Näme bişirip berilse iýmelidi, doňuz etini iýjek däl diýip gör, külüňi kakýadylar. Buharaly özbek oglan doňuz etini iýmen diýdi, neressäni bäş gün güpbahda aç oturtdylar, iýmedi, çydady. Buhar mollasynyň agtygy ekeni, hakyň Ýolundan güýç-kuwwat berlendir diýmeli, indi düşünýän şoňa, o mahal bizem käpirdik. Soň ony görmedik, ýitirim etdiler, hudaý bilýä, başyndan nähili külpetler indi. Bu günem bela-beter gutaranok, şony aýtjak, molla aga. Käpiriň guran döwleti ýykyldy, gyzyl baýdagy ýitirime gitdi, aragy bilen doňuzy welin, galdy. Obaň dükanlary arakdan doly, dükan eýeleri şäherden daşap, iki bahasyna arkaýyn satyp otyrlar. Içýäler, öýde-de içýäler, toýda-da içýäler, gadagan diýýän Ýok, diýse höküwmet diýmeli, diýenok. Has murtar ýeri başga: obada doňuz iýdedip, etini bazara çykarýan adamlar gutaranok, olara näme diýmeli, kim diýmeli? Doňuz ýatagyň porsusy!.. eý-weý, golaýyndaky öýler äpişgelerini açyp bilenoklar, haram ys merhumlaryň ruhyna-da ezet ýamanyny berýändir. Kolhozdan galan doňuz ýatak henize-bu güne Ýok edilenok. Jaýyny ýumrup, ýedi daban gumuny göçürmeli, owarra etmeli! Görde ýatan bendeleriň köpüsi hudaýsyzlardan jebir gören adamlar. Käpirler bilgeşleýin doňuz ýatagy öwlüýä golaý gurduran ekeniler, indi düşünýäs! Muhy balçy ara sokuldy: -- Doňuzyň porsusyny bara, bal ary juda ýaman görýä, çydanok janawar. Bal ary doňuz ýatagyň golaý ýanyndanam uçmaz, juda belet bolamsoň aýdýan. Şüýl zeýkeşiň ilersine ekilen ýüpek gowaça arylaram baryp bilmedi, sebäbini aýtsam bara, aralykda doňuz ýatak porsap ýatyr. -- Aýdanyň bärden gaýdýa, balçy. Allanyň emri bilen kyýamat gelende, merhumlar direlmeli. Şolar bizden jogap sorarlar: bizi haram doňzuň porsusyna griftar etdiňiz diýerler, ýakamyzdan tutarlar, elleri bilen dowzah oduna oklarlar!.. Allaş ýygnakda oturana döndi. Läläniň geçiren ýygnaklaryna wagtal-wagtal gatnaşmaly bolýardy. Ol heleý dilewarlygyny ärine goýup gidäýen ekeni. Läle bir ýygnakda, şo ýygnakda oturanlaryň köpüsi erkeklerdi, Läle sowet maşgalasynda aýal-gyzlara nähili gatnaşygyň bolmalydygyny öwredipdi. Leniniň aýdanlaryny sapak edinmeli diýeni Allaşyň ýadynda. Lenin: aýallara deň hukuk bermeýän, hormat goýmaýan erkekler medeniýetsiz, haýwan pisint adamlardyr diýdi diýip, edil ýöne, Leniniň gapdalynda oturyp diňlän ýaly äheňde aýdypdy. Häzir Baba nasosçam çöwjäp durşuna kellesi gyzyp: maňa Allatagalla aýtdy diýmese-de biri. Beýemçidigi Allaşyň ýadyna düşdi. -- Ýagmyr molla, nahar çekiläýse nähili görýäňiz--diýdi.--Her kimiň işi-aladasy, gitjek-goýjak ýeri bardyr. -- Allaşyň aýdýanam biçem däl, duzy garaşdyrmasak gowy-da.--Salamguly bisüwüt güldi.--Ediljek bolsa, gep-gürrüňe gutarma Ýokdur. Gaýraky obadan dogtor adam haja gidip gelipdir diýdiler, eşidensiňiz-le. Diýmäýin diýsem, soňky mahal orsuň demir çemçesi, birem hajy köpeldi. Ýetmişe ýetip, dogtorçylygy taşlap, haja gidipdir, bolmanda-da ýaş mahaly haja gitmezdi diýdim. -- Gitjek diýende-de goýbermezdiler--Baba nasosçy beleň aldy.--Nähili gidersiň, käpirler mukaddes Käbäni dile getirseň, diliňi sogurýardylar. -- Haja gidip gelen dogtordan her kim gowy söz eşitjek, o näme diýipdir, eşidensiňiz-le? öňde-soňda agzy araga degenleriň aýaly talak diýipdir. Şoň aýaly barmy diýdim, öldi diýdiler. Aýaly ölmedik bolsa, şeý diýmezdi. Garrap, götüni ýere uran adamyň aýdaýjak sözi, dogy-da walla! Arak içeniň aýaly talak diýseň nähili bolar-aý, obada är-heleý galmaz. Şu ýerde näler Allaşyň gürrüňe goşulasy geldi, üç-dört günlükde eşiden sözüni aýdasy geldi. Aýtsa, Ýagmyr mollanyň juda halamajagyny bileni üçin dilini dişläp oturmaly boldy. Alaç tapman içinden ýatlap oňmaly boldy. Goňşy etrapda şunuň ýaly üýşmeleňde takwa adam uly gürläpdir: merhumyň jynazasyna durýan adamlaryň süňňi arassa bolmaly, agzy arassa bolmaly, öňde-soňda içgä, zyna işe galtaşmadyk musulman bendeleri bolmaly diýipdir. Şol arassalyk gölegçilere-de degişli, Ýogsam bolmasa, merhumyň jennete Ýoly juda çarkandakly bolar diýipdir. Gapdaldan bir kişi oňa söz atypdyr: pylan aga, onça arassa adam tapyp bolmaz, seni mellegiňde gömäýmeli bolar diýipdir. Wah, şu sözüň aýdylmaly ýeri-dä, Allaş dymmaly boldy-da! Salamguly diýjegini diýip otyr, şu ýerde Allaşyň oňa gözi gitdi. -- O dogtora obadaşy näme diýýä, şonam aýdaýyn. -- Salamguly, bes et şu gepi! -- Mollam, Ýagmyr jan, maňa hemle atma, arak içenim üçin sen meni dowzahdan halas et diýip, saňa ýalbarmakçy däl, dowzaha-da sygyr çopan gerekdir. Babam, ine, seň ýaňky kaza diýeniň halal gep, sen meň başarmajak işimi başarýaň, Alla sabyr bersin saňa! Muham balçy onuň sözüni agzyndan aldy: -- Baba, sen bara, öwlüýäni agzadyň, molla aga-da eşidip otyr, edil bara, diýläýmeli sözi diýdiň. Allaş, saňa-da aýdýan: aramyzda howlugýan bar bolsa, men bara, puryja soraýan.--Muham balçy dyzynyň üstüne galyp, gepiniň zerurdygyny duýdurdy.--Edil bara, soňky bäş günde Nyýazmyrat iki öwre düýşüme girdi, oraşan göründi, zaryn-zaryn aglady. Agam, bizden bara, agyran-ynjan ýeriň boldumy diýdim. Meniň ruhumy gara daşa daňyp goýduňyz diýdi. Düşündim, meň bara, howatyr edip ýören zadymy aýtdy. Bu hakda öň Nyýazmyradyň ogluna duýdurypdym-la, üç öwre aýtdym: kakaň mazaryna şo gara daşy goýma diýdim, gulak asmady, goýdy, onda-da bara, daşyň ýüzüne Nyýazmyradyň suratyny çekdirip goýdy, görensiňiz. Men bara, mazaryň üstüne daş goýulmagyna garşy, görde ýatanyň adynyň ýazylmagyna-da garşy. Beýle senet bilen bara, merhumy hormatlamagyň özi, yslam dinine, musulmançylyga düýbünden ters gelýän düzgün. Şol gara daş aýrylmasa bara, agamyň ruhy bendilikde galar, ýene düýşüme girer, zar eder. Muham balçy hamsygýan şekilde süýri ýüzüni sypap dymdy. Her kim müýnli ýaly ýüzüni galdyrmady. Ýaran ussa: -- Merhumyň ruhyny bir zada baglap, örkläp bolýarmyka?--diýdi.--Meniň eşidişime görä-hä bolmaýan ýaly. -- Seniň kimden eşideniňi bilýän! Sen bara, Magtym ýalaňaçdan sapak alýan adam, seň mollumyň Magtym ýalaňaç! -- Magtym ýalaňaç senem-ä okadan ýaly, şarpygyny dadan-a dälsiň? Ýaran ussa güldi, Muham balçynyň ýüzi aýazly şemala tutulan ýaly garaldy. -- Alekseý balçyn-a köpüňiz bilýän bolmaly. Şo käpir orsuň bir gepi gulagymda galdy, şonam bara, eşit sen, Ýaran ussa. öz hudaýynyň adyny tutup aýtdy: adamyň ruhy Isus Hristosyň gözýaşyndan ýasalandyr diýdi. Men bara, Isusyň kimdigine belet, musulmanlar oňa Isa pygamber diýýä, oňa hudaý diýip, käpirler bulaşdyrýar. Senem bara, Ýaran ussa, bilmeýän bolsaň, bilip goý: Allanyň keramatyny şol käpir orus ýaly, pygambere ýöňkejek bolsaň bara, saňa-da käpir diýerler, özüm-ä diýjek. Orusa käpir diýilse, bir hasap, ýöne bara, musulman bolup özüňe käpir diýdirseň, baý-baý-o-ow!.. Mollam, rugsat bolsa, tagamdan öň menem tebärek çykaýsam?.. -- Rugsatdyr. Muham balça jaýlaşykly oturmak kyn düşdi, köşeşip bilenok, köşeşmek üçin aýat okamaga howlugýar. Gözüni ýumup, aýatyň heňine başyny yrap başlady. Oba ýaňlanýan azany eşidende Allaş Muhamyň labyzly sesini beýlekilerden parhlandyrýar. Ýagmyr mollanyň sesinde labyz Ýok, hemişe birine minnet edýän ýaly jabjynyp okaýar. Muham öz sesini diňläp, lezzet alýan şekilde, bada-bat töweregindäkileri unudana meňzeýär. Allaşyň ünsi oňa gönügdi. Muhamyň Alekseý diýenini Allaş bilýär, ellinji ýyllarda şäherden gelip, kolhozyň balyny tutan orus adam, uzyn sary sakgalam ýadynda. Muhamy oňa kömekçi beripdiler, soňam Alekseýiň ýerine balçy bolup galypdy. özüne-de birgiden ýeşşik ary edinmäge ýetişen ekeni, kolhozyň arysy satylanda bilindi. Elli ýeşşigi meň arym diýipdir, ony kolhozyň hasabyna dikledimi, satyn alyp köpeltdimi, kim gyzyklanyp dur, ünsem berilmedi. Şondan bärem öz arysy bilen gümra, ýüz ýeşşige ýetiripdir, ortanjy oglunam balçy etdi, girdejisi ganymat, tutuş oba baly Muhamdan alýar. Namaz okamaga-da, metjide gatnamaga-da, azana gygyrmaga-da ýetişýär, Ýogyndan ýakymly sesi bar, bagşy bolan bolsady, hezil edip diňlenerdi. Ol indi haja gitmegiň kül-külüne düşüpdir. Muhamyň kakasy oglanka Gylyç ahunyň mekdebine gatnapdyr diýýärler. Zehinli, ýatkeş oglan bolupdyr, Gurhany ýat bekläpdir, karylyga ýetipdir. Gurhany ogluna-da öwredeni indi bilindi, öň Muham aýat-töwwir bilýän adamdyr öýdülmezdi. Kolhozyň arysynyň arasynda öz arylaryny gizleýişi ýaly, Gurhany-da içinden çykarmandyr. Indi welin, sadaka, ýasa baranda tebärek çykman turanok. Ol tebäregi soňlap: -- Men arassa, halal gazanç edip ýaşadym--diýdi.--Balary diýen jandar bara, jennetden çykandyr. Eger-de hudaýyň halaýan tagamy bar diýilse, arynyň balydyr şol. Bal müň derdiň dermanydyr. Doňuzdan dörän derdi, ozaly Alla, soňra-da balyň melhemi bilen dep edip bolar. Nahar çekildi, gep-gürrüň ýatdy. Çorba içýänleriň horpurdysy, etiň tagamyny alan dodaklaryň şapbyldysy eşidildi. Allaş henizem ýaňky bolan gürrüňleriň täsirinden sypyp bilenok. Baba nasosçynyň, Muham balçynyň gaharjaňlygyna, dargursaklygyna haýran galýar. Olaryň boluşlary Allany başgalardan gabanýan ýaly-la, eý toba! Eýse, Allanyň rehim-şepagatyna ynanýan adamyň kalbyna giňlik aralaşmaly dälmidir? Äý, munuň düýp sebäbi, bu adamlaryň ylym-biliminiň ýüzleýliginde bolsun gerek. Sowal berseň, bularyň myrryhy atlanýar. Bilermen adam giň bolmal-a. Bularda meni synap görjek bolýarlar diýen gorky bolmagy-da ähtimal. Allaş öten ýyl bilimi güýçli adamyň nähili bolýandygyny gözi bilen gördi, gulagy bilen eşitdi. Şäherde berlen uly sadaka Ýagmyr molla ýany bilen dört adam alyp gitdi, birem Allaş. Başyňa telpek, egniňe don geý diýdi, geýdi. özüni näme üçin alyp gidileniniň magadyna Allaş henizem ýetip bilenok. Ýa-ha, şondan soň don-telpegi çykarman geýer öýdendir, ýa-da, Ýagmyr mollanyň sylag-hormatynyň belentdigini gözüň bilen gör diýip äkidilen bolmaly. Eýran türkmenlerinden ahunlaryň ahuny gelipdir diýdiler, ol ýerde şeýle dereje-de bar ekeni. Giň jaýyň töründe egni agar çäkmenli, başy ak selleli, sakgalyndan ak giren, ýüzi-gözi ýakymly adam otyr. Sowal beriläýmese geplejegem bolanok. Ýerli mollalaryň biri, Allaşyň çakyna görä, Ýokardan bellenip, hökümetden aýlyk alýan mollalaryň, özem uly molla sowal berip bilýändigine buýsanýan, özüni görkezmegiň pursatyna garaşyp oturan mollalaryň biri sowal berdi: -- Ahun aga, yslamdan gaýry dini-ynançlara eýerýän adamlara hudaýyň bendesi diýip bolarmy? Oturanlar hüşerilip dymdylar. Allaş ahun gaharlanar öýtdi, şony bilmeýän bolsaň, nä ýüzüňe meniň gapdalymda oturdyň diýip, jabjynar öýtdi, bu sowaly sen kapyrlardan mysal tutup berdiň, kapyrlaryň hudaýsyzdygyny özüň bileňokmy diýip gygyrar öýtdi. Gygyrmady, sesinem gataltmady, ýüzünden rahatlyk, ýakym gitmedi, öňki asudalygy bilen gepledi: -- Hadysda Muhammet aleýssalamyň sargydy aýdylandyr: yslamdan gaýry dini ynançlara gol ýapýan adamlara-da hormat goýmagy başaryň. Siziň şol hormatyňyzy men özüme bildirilýän hormat diýip kabul ederin diýendir. Sowal beren molla garaşan jogabyny eşitmändigini söz bilen bolmasa-da, garaz, aňdyrdy. Ol düwnüp, düwnendigini duýdurmazlyk üçin içine zor salýan adama meňzedi. Sadakadan gaýdyp gelýärkäler Allaş Ýagmyr molla sowal berdi: -- Ahunlaň ahunynyň beren jogabyny neneň gördüňiz, molla aga? -- Hehh!.. Ýagmyr molla söz diýmedi, ajy ýylgyrdy. Golaýda Ýagmyr molla-da döwletden aýlyk alýan mollalaryň sanawuny girizilipdi. Häzir Baba nasosçynyň sadakasynda otyrka, Allaş Ýagmyr mollanyň "hehh" diýenine düşündi. Muham balçy birmahal ölüp giden Alekseýi dini başga diýip pisläp otyr, Ýagmyr molla oňa ýalňyşýaň diýenok. Saçak ýygnalandan soň Ýagmyr molla uzak aýat okady, soňra dymyşlyk aralaşdy. Kim turmaga rugsat sorarka? Biri beýlekisiniň dil ýararyna garaşyp otyr. Salamguly ýene bir çäýnegi boşatman turmaz, turmasyn, otursyn, bimany gep atmasa, galanyna Baba nasosçy kaýyldyr. özi gepledi: -- Mollam, rugsat berseňiz, ýüz görmän, gapyrga syrman aýtjak sözüm bar. -- Rugsatdyr. Molla başyny galdyryp, gulagyny tutup garaşdy, özüne ýarajak sözüň aýdyljagyna ynamy bolanda adam şeýle edýär. Baba nasosçynyň boýny süýndi, geplemänkä damarlary çişdi, gözi mölerdi, gytyk tüýli telpek geýen kellesi çaýkandy. -- Adamlar, göwnüňize almaň, eşitdiňiz, men molla aga-da aýtdym, men adamdan ýüz görüp, kapyrga syrjak adam däl. "Dogry sözlüň dosty Ýok" diýen sözem bilýän, onda-da aýtjak, diýjek! Dogry sözlüň dosty Allatagalladyr! Allahy akbar! -- Baba, Babam, tagapyl et, öňinçä men bir söz diýeýin. -- Bir söz diýmäň, on söz, ýüz söz diýiň, molla aga, diňlemäge biz teşne. -- öýle namazy daş däl. -- Men azana ýetişýän, sadaka güni özüm gygyrmasam dilim kesilen ýaly boljak. -- Atam Gylyç ahun,.. -- Gylyç ahunyň jaýy jennetdir, adamlar! -- Gylyç ahun kakam pakyra aýdar ekeni: musulman bendelerine gijäniň ýarymy gorkuly däldir, gijede mukaddes Aýyň hökümi ýöreýändir. Düe kerweni gije Ýol aşýar, kerweniň Ýoly yslamyň Ýoludyr. Yslam gijäni gündüzden öňde goýýar. Türki kowumlarynda daň ýyldyzyna "kerwen gyran" diýilmegi-de şonuň sebäbinedir. Gün dogandan başlap, zeminde şer işler ýüz berýär, şeýtanlaryň şer işi adam baryny derdesere goýýar. Günorta çagy juda gorkulydyr, şeýtanlar Zemini şahlary bilen süsüp, jähennemiň gorpuna agdarmagyň Ýoluna düşýändirler. Olary saklajak gudrat Alladyr, Allahu akbar diýmelidir, şol sesi eşidende şeýtanlar ysmaz bolýandyr. Baba nasosçy gygyrdy: -- Allahu akbar! Allahu akbar! Allahu akbar!.. Adam sypatyndaky şeýtanlar pälinden gaýtsyn diýip gygyrýan, molla aga. Ol adamlarda utanç-haýa galmady, olara neneňsi ýaman söz diýilse-de gelşip dur. Ýaşy altmyşdan, ýetmişden geçeni bar, eňeklerini taýpy ýaly edip ýöreni bar. Men binamys adamlar diýýän şolara!.. Ýagmyr molla böwrüne dürtülen ýaly gobsundy, söz diýmedi, ýüzünde ýylgyrma meňzeş alamat gördüler. Ýaran ussa: -- Mus-mus edip, ahyry Mustapa diýdiň-ow--diýdi. Sen näme diýjek diýen manyda Allaşa garady. Allaş garaşdyrmady. -- Binamyslary sadakaňa çagyrmaly däl ekeniň-dä, Baba azançy--diýdi. Hezilligiň başlanandygyny duýan Salamguly hikirdedi. -- Kemputly çaý içip, agzymyzy süýjedip gitjekdik biz-ä, Baba halypa. Baba nasosçy: -- Şo bolsun diýip aýdyşym-da. Ajyny dadyp, soň süýji iýseň jana lezzet berer--diýdi, güldi. Ýuka dodaklaryň arasyndan sarymtyl iri dişler göründi, gülse-de hyňranýar diýäýmeli. Allaş turdy, oturanlara gygyrdy: -- Binamyslar, turaweriň!..--Sakgalsyzlaryň ýene üçüsi aýak üstüne galdy.--Dile geldi, bile geldi: Ýagmyr molla, binamysdan beýemçi bolmaz, beýemçiligi namysly adama tabşyr. -- Ahyry düşündiň, Allaş, düşüneniňe şükür!--Baba nasosçy dabarasyny gizlejek bolmady.--Bäş wagt namazy okaman, oraza tutman, metjide aýagyňy sekmän, kelläňe orsuň papagyny geýip, beýemçi bolşuňa haýran galaýmaly. Şindem giç däl, hakyň Ýoluna dolan, hakyň Ýoly ak Ýoldur, päk Ýoldur, inçe Ýoldur, aýdyň, ýagty Ýoldur. Pulsyrat köprüsini ýatla. Musulman bendesine buýrulan parzlar, wajyplar bardyr, bir Alla bardyr, Muhammet onuň resulydyr. Aşhadu anlýa ilýahallaha, wa aşhadu anna Muhammadan abduhu wa rasulýuh... Üç adam ses goşup gygyrdy: -- Allahu akbar! Allahu akbar! Allahu akbar! Ikisi ak tahýaly oglan, üçünji Muham balçy. Allaş iç bosaga ýetip, yzyna gaňryldy. -- Baba azançy, sadakaňa çagyrdyň, duzuň hatyrasyna sadakaň kabul bolsun diýjek. Namaz okamanyň üçin, arak-şerap içeniň üçin, doňuz etini iýeniň üçin sadaka berip, sakgal goýberip, binamyslykdan saplandyň. Ýene bir sadaka berip, ýene bir saplanmaly ýeriň bar, şony ýatladyp gideýin-dä. Äý, ýatlatmak nämä gerek, özüň bilýänsiň-le... Baba nasosçy aýtmyşlaýyn, Allaş üç binamysy yzyna tirkäp gitdi. Her kim öz ýanyndan mataly çözmegiň aladasyna maýyl boldy. Mataly ilkinji çözen Babanyň özi diýse bolar. Ol ajy ýylgyryp, kellesini ýaýkap käýindi: -- Häý, melgun, häý, käpir,.. ölüp giden bendäň ruhuny bimaza edýä, dil ýetirýä, käpir bolmadyk adam diýmezdi, Alladan gorkardy... Salamguly mataly çözüp bilmedi, gapdalynda oturan Atajan müňkürden sorady: -- Sen tanaýamydyň? -- Kimi? -- ölüp giden bende diýip, ýaňy Babaň aýdanyny eşitmediňmi? -- Babaň aýdanyny men bilmeli diýen pikir nireden kelläňe geldi? -- Meň kellämde pikir bolmasa näme, pikir bolsa, senden sorajakmy men, he-he-he... Hakykatda, ölüp giden bendäniň partiýa agzasy, özüne işeňňir, başarjaň kommunist diýdirmegi başaran Läledigine Agajan müňkür bada-bat düşünipdi, bu meselede müňkürlik edip bilmejegini bilýärdi, bialaç dymyp oturmaly boldy. Ýagmyr molla beýemçilik etmegi Baba azança tabşyrdy. | |
|
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 24: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Serçe-de bolsa, piliň gözüni çokaýan serçe - 06.06.2024 |
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar - 19.06.2024 |
√ Dirilik suwy -16: romanyň dowamy - 16.05.2024 |
√ Duman daganda: Öküziň namardy gassabyň pyçagyny ýalar - 27.05.2024 |
√ Derbi-dagyn: Meçik - 05.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |