06:34 Täze harabalar / Urgy | |
5. Urgy
Romanlar
Magtym ýalaňaç huşuna gelende depä galan Aýy gördi. Tut şahalarynyň kölgesi ýüzüne düşýär. Gulagyna itiň sesi geldi, golaýdan däl, uzakdan. Eli ýer sermedi, barmagyna tiken batdy. Sähelçe gymylda kellesi çat atjak, kellesiniň agyrlygy agyrynyň agramyna öwrüldi. Elini maňlaýyna ýetirdi, papagy kellesinde. Maňlaýyny, kellesini gysyşdyryp görýär, belli bir ýerde ýiti agyry duýanok. Agyry kelleçanagyň içinde. Kellesini gadyrdy, başy aýlandy. Boýnuna, gulaklaryna tiken çümdi, ýandagyň üstünde ýatan ekeni. Ýene kellesini goýdy, tikenden ätiýaç edenok. Dere batan süňňi sowadygyça argynlyk artdy. öýde, düşekde ýatmadygyna düşünýär, geň galanok. Gyrymsy tut düýplerinden çen tutdy, suwly ýap bilen ugurdaş gidýän Ýodanyň gyrasynda ýatan bolmaly. Ýagmyr molla ýadyna düşdi, tisgindi. Näme sebäbe tisgineni ünsüne ýetmedi. Köçe bilen gelýärkä Aý aşakdady, häzir Aý depede. Uzak ýatandyr. Ertire çenli ýatan bolsa-da bilinmezligi ähtimal. Sowaşyk, çola Ýodadan gije ýörejek Ýok Çolalygy halany üçin ol bu ýere gelmegi düzgün edipdi. Häzir muny näme sebäbe özüne ýatladýandygyna üns bermedi. Esli salymdan soň ünsüne ýetdi. Kellesine degen urgy şu çola ýer bilen bagly bolmaly. Urgynyň degenini bilýär, seretmäge ýetişenini, ýetişmänini bilenok. Urgynyň depesinden ineninem indi hakydasyna getirdi, galan zat hakydasyna ýetenok. Fonary ýadyna düşdi, gezelenje gaýdanda hemişe göterýärdi. Penjeginiň gapdal kisesine elini ýetirdi, ýanynda ekeni. Gije aýdyň bolany üçin ýakmandy, ýadynda. Aladasy ýerinden gozganmak, aýak üstüne gelmak. Tut düýpleriniň ediljek aňyrsyndan ýap geçýär, raýyşa ýetip bilse, oturmak kyn düşmez, raýyşy ýaplanyp ýatar, ysgyna geler, töwerege göz aýlar. Ýene göz öňüne Ýagmyr molla geldi: ol tapçanda otyr, gapdalyndan turup gaýdan Magtym ýalaňajyň yzyndan garap otyr... Soňra uzakdan toý sazy, aýdymçynyň sesi eşidildi. Hä-ä, entek sagat onbire ýetmändir, onbirde şowhun ýatmaly. Indi onikä öýüne ýetse-de kaýyl. Ýetmände-de öýde Ýokdugyny bilmezler. Tut düýplerine ýapyşyp, dyzy bilen herekete geldi. Ýüregi bulandy. Owurdynyň iç ýüzünde gyzgynlyk duýdy, bu gaýtarjakdygynyň alamaty. Şu pursat ýene Ýagmyr mollanyň keşbini gördi, ýene tisgindi. Tutlaryň düýbi, çöp-çalamyň içi dymyk, sergin ýere ýetse gowy boljak. Ýabyň raýyşyna ýetdi, başardygyndan kellesini galdyrmajak boldy, arkasyny raýyşyň tümmegine berip ýatdy. Ýere siňip barýar, owurdyndaky gyzgynlyk aýyrlanok, kellesiniň agyrysy peselenok, herekete, gymylda çydamajakdygyny duýdurýar. Penjesi raýyşdaky kesekleri gysymlaýar, owratjak bolýar, sähelçe güýç kelledäki agyryny güýçlendirýär. Eger gysan kesegi gury şykgy bolsa, owranmaz. Bu ýaba, onuň boýuna oglanlykdan belet, akar suwuna düşüp ulaldy. Raýyşdaky keseklerden şykgy tapyp iýerdi. Çeýnände şykgynyň kitirdisini, ýag ýaly ýumşaklygyny soň şokolada meňzedipdi. Häzir şol şykgyny küýsedi. Barmaklary kesekleriň arasyndan aşyk ýalysyny saýlady. Seresaplyk bilen dişläp gördi, kesek owrandy, şykgy bolsa owranmazdy. Diliniň üstüne düşen gumy eli bilen aýyrdy. öwedi, agyry beterleşdi. Ýene Ýagmyr mollanyň keşbi göz öňünde daýandy. Bu gezek belli netijä geldi: mollanyň buýrugy bilen edilen zorluk bolmaly. Eger öldürmeli diýlen bolsa, uran adam bu golaýdan giden däldir, ýene barlap göreýin diýer, peýda boljagyna garaşyber... Diňşirgenip ýatdy, ses-semat eşidilenok, golaýda gymyldy bardygyny duýmady. Ony kim urdy, näme bilen urdy? Kellesine ýara düşmändir, taýak, demir bilen urulsa, yz galmaly, çişmeli, gan akmaly. Ýumşak zat bilen urandyrlar. Ýumşak zat bilen urup, kelläni saňsar edip bolarmy eýse? Beýnisiniň işleýänine şükür etdi. Polisiýada tussaglaryň gynalýandygy hakynda daşary ýurt radiosyndan diňlän habarynda esgä dolanan suwly baklaşka bilen urulýandygy aýdylypdy, tende yz galmasyn diýip edilýän ekeni... ögedi, bir gapdala agdarylmaga ýetişdi, gaýtardy, soňra mejalsyz ýatdy. Lorsullaýan agyry kelleçanagyny ýaraýsam, owradaýsam diýýär. Kellesiniň içinde ýaralanan möjek urnup ýör diýseň dogry boljak. Häzir köşeşer, gaýtarandan soň ýüregi giňemeli. Bedeniniň dere batandygyny süňňi sowap başlanda duýdy. Gabaklaryny açmaga ýaýdandy, açdygy asman daşynda aýlanyp başlar. Paýhasy dury. Agyry hiç-le, hä diýmän aýrylar. Eger öýüne ýetip bilmän ölüp galsa, ine, bu ýaman zat. Obanyň çetinde tüpeňlenen it ýaly bolup ýatyşyny göz öňüne getirdi. Aýaly ýaşap ýören bolsady, onuň gözlegine çykardylar. Häzir welin, öýde Ýokdugy güman edilmez, dadyna ýetişjek Ýok. Kisesindäki fonary çykaryp ýakdy, şöhläni asmana tutup ýatdy, golaý gelen adamyň ýüzüne tutaryn diýip, häzirlenip ýatdy. Uran adam golaýda bolsa, fonaryň ýagtysyny görüp, ölmändigini bilendir. Eger öldürmek niýetinde bolsa geler, eger gelmese, öldürmeli däl diýip tabşyryk alan bolmaly. Dartgynly garaşma esli salym dowam etdi, agyrydan ünsüni sowdy. Aýak üstüne galanda ýagdaýynyň garaşanyndan ganymatdygyny duýdy. Başy aýlananok, kellede agyry bar, ýöne kelleçanaga urgy bolup degenok. Ýola düşende-de fonary öçürmedi, çukura büdüräp ýykylmakdan ätiýaç etdi. Bäş-on ädim gidip, säginip durýardy, şöhle tutup, töwerege esewan bolýardy. Agaçlaryň kölegesinden sowlup geçenini amatly gördi. Çaky, Ýagmyr molla ony gorkuzmagy niýet edipdir. "Resul mirabyň molla ogly, men senden gorkman!" diýdi. Içini güldürdi, has dogrusy, ölüm howpunyň sowlanyna begenýär. Obanyň ortasyndan geçýän ýabyň köprüsine ýetip saklandy, dyz epse amatly boljak. Gyrada ýatan tut töňňäniň üstüne çökdi. Ony şu obada mugallym bolup işleýärkä-de erbet urupdylar. Magtym ýalaňajy urdular diýip, uly-kiçi heşelle kakypdy. Kim günäkär, onuň magadyna ýetjek bolup oturan Ýokdy, urlanda näme, gelmişekdir-dä, gelmişekdigini unutmasyn-da diýen äheňi duýupdy. Ol bu oba keseden geldi, keseki bolubam ölmeli boljak. Kesekidigini soň duýdy, getirlende üç ýaşly çaga ekeni. Aýal dogany alyp gaýdypdyr. "Men ýetim galdym, kakam frontda öldi, ejem açlykdan, horlukdan öldi. Meni aýal doganym alyp gaýtdy. Ol uzak oba durmuşa çykarylypdyr. Äri urşa gitdi, bir ýyldan öldi habary geldi". Ol bu setirleri komsomola girmeli bolanda terjimehalyna ýazdy, beýle ýazmaly däl diýipdiler, biziň ýurdumyzda açlykdan ölen Ýok diýip duýdurypdylar. Ýene iki dogany açlykdan ölüpdi. Ol bu oba garny aç, egni ýalaňaç geldi, oňa Magtym ýalaňaç diýen at galdy, oňa ýetimligiň, kesekiligiň tagmasyny ömürlik basypdylar. Okuwçylar ýüzüne "Ýoldaş mugallym" diýerdiler, beýläk öwrüldigi ady "Magtym ýalaňaçdy". Häzirem töňňäniň üstünde oturanyny gapdaldaky tamyň penjiresinden gören adam: Magtym ýalaňaç otyr diýer, ýary gijeden soň bu ýerde oturanyny geňlemez. Kellesine urdular, saňsar etdiler, ysgyn-mydary Ýok, öýüne ýetip bilmän otyr diýseler, oňňullygyň üstünden barmajagy belli diýerler. Ol adamlara gahar edesi gelenok, gahar-öýke bilen olary üýtgedip bilmejegini bilýär. Ilkagşam Ýagmyr mollanyň ýanynda dile getiren sözlerini kagyza geçirip, degişli edaralara Ýoldamajagyny-da bilýär. Ýazmajagyny tapçanda aýdyp otyrka--da bilýärdi, häzirem niýetini üýtgetmedi, Ýogsam bolmasa, ony urdular, kemsitdiler, ýazsa ynsabyna ters iş etdigi bolmazdy. Ýok, ýazmaz, gaýta oguna gulak asman, artykmaç howsala düşendigine ökündi. ökündi diýmegem gabatlaşanok. Gitmedik bolsa, ýüregindäkini diýmedik bolsa, ynjalyp oturyp bilmezdi, özüni horlardy, ejizledim diýerdi. Bu Magtym ýalaňaç diýip tanalýan adamyň başarjak işi däl. Howp abanýandygyny duýan pursaty howsala düşmek endigi bar, çagalykdan, ýetimlikden, horlukdan galan endik. Kemsitmäniň azary ýüregine batýar, çagaka-da şeýledi, ýetmişden geçse-de şol endikden dynyp bilenok, dynjagam bolanok. Sen Ýagmyr mollany aýyplap, duýduran kişi bolup, damagyny pagta bilen çaljak bolduň. Molla seniň rehimli boljak boluşyňa düşünmez, gördüňmi, ol öz matlabyna, öz häsiýetine görä iş gördi. Bu ýerde geňläp oturasy zat Ýok. Magtym ýalaňaçdan çekinýär diýmeli, çekinmese, bu zorluga gol ýapmazdy diýse bolar. Zorluga ýüz urup, Magtym ýalaňajyň mertebesini peseltmedi, Ýo-Ýok, beýgeltdy diýmeli, bu ýagdaýa Magtym ýalaňaç buýsandy. Ony öňem urupdylar, ýöne onda buýsanmandy, ökünipdy. Kömek çopanyň ogullarynyň altynjysy, gyzlarynam hasaba alanyňda onunjy çagasy Akmyrat düzeljek çaga meňzemeýärdi. Wagtal-wagtal urmasaň, halys depäňe çykjak. Soňky gezek ony gaty uran ekeni. Bu ahwalat Magtym ýalaňajyň ömründe gara tegmil, meňzedere başga söz tapanok. ökünipdi, häzirem ökünip ýör, ökünç bilen ol tegmili aýraryn öýdenok. Dogrusy, Kömek çopanyň çagalary mekdebiň başyndan inen dert bolupdy. Her klasda biri okaýardy, käýyl iki bolýardy. Biri klasynda ikinji ýyla galdyrylsa, beýlekisi onuň yzyndan ýetýärdi. Uly ogly Goçmyrat Magtym ýalaňajyň klasdaşy, ýedinji klasda iki ýyl oturdypdylar. Şol gün Magtym mugallym Akmyradyň okaýan klasyna arifmetikany okatmaga giripdi, giren dessine okuwçylaryň bolşuny halamandy. Şeýle bir ümsümlik, biri dagy gymyldaýsa nädersiň! Demini dartanoklar, gözlerini aýyrman mugallyma seredýärler, öňden aýdylyp goýlan habaryň dogrudygyny onuň bolşundan biljek bolýan ýalydylar. Üns bermän, klas žurnalyny, uzyn lineýkany stoluň üstünde goýdy, häzir oturgyçda oturyp, okuwçylaryň atlaryny okap başlar. Bu tertibe okuwçylar belet, bu gün welin, boluşlary mugallym diýen adamy birinji gezek görýän ýalydy, seredişlerinde düşnüksiz howsala bardy. Magtym mugallym oturdy, şol bada tutuş klas gobsundy. Mugallymyň syrty oturgyjyň üstündäki zada degdi, turup seretjek bolmady, eline ýylmanak degen zady çekip aldy. Seretse, ýylan!.. Çirkin ses bilen gygyranyny şol mahal aňşyrmandyr, soň bildi, sesi gulagynda galan ekeni. Ýylany zyňanyny bilýär. Onuň öli ýylandygyny, kellesiniň mynjyradylandygyny soň gördi, şol wagt ýylan çakandyr diýen gorky ony däliretdi diýmeli, başga diýere söz Ýok. Okuwçylar garaşylan hezilligiň bolandygyna çapak urup güldüler. Çapak uranlaryň biri-de Akmyrat. Bada-bat göreji Akmyratda saklandy, soňra gözi başga okuwçyny görmedi. Akmyradyň bolşy üýtgeşik, ol bu etmişi özüniň edendigini bildirjek bolup arrygyny gynaýar, göz edip gülýär. Edil şu pursat Magtym mugallymyň serine gelen pikir: ol mugallymy masgaralajak diýip eden däldir, Magtym ýalaňajy masgaralajak diýip edendir. Maksadyna ýetenini klasyň şowhunynda görýär... Klasa göz aýlady, garaýyşynyň Ýowuzdygyny okuwçylaryň sesiniň semat bolanyndan, gymyldynyň tapba ýatanyndan bilýär. Olar gorky bilen demlerini dartman otyrlar, diňe Akmyrat gorkmaýanyny duýdurjak bolup, höçjetlik bilen ýylgyrýar. Deşikleri giň burnunda sümük göründi, bu gorkyň alamaty... -- Kömekow, öňe çyk... Mugallym bu sözleri dartgynly, ýöne gygyrman aýtdy, saklanmak juda kyn hem bolsa, gygyrmazlygy özüne pent etdi. Ellerindäki saňňyldyny gizlemek üçin iki aýasy bilen lineýkany gysdy. Akmyrat şakyrdy bilen partadan çykdy, göwresini ikiýana bulap ýöredi, klasdakylary batyrlyga çagyrýan äheňde ýöwsel güldi. Oturanlaryň welin, gülki ýadyna düşenok, olar Akmyradyň hem gorkýandygyny aňyp otyrlar. Mugallymyň ilki maksady öz eli bilen ýylany Akmyradyň boýnuna oramakdy, munuň üçin ýylany ele almalydy. Başarmajak zady. Zora ýanalsa-da ýylany ele alyp biljek däl, ýylandan gorkuşy aýdar-diýerden çökder. Muny Akmyrat nireden bildikä, bilmese ýylany saýlap tutmazdy. Agasy Goçmyradyň aýdan bolmagy-da ähtimal, Magtym ýalaňaç oglanka onuň bilen pagta meýdanynda işläpdi. -- Ýylany galdyr,.. al eliňe!.. Bu sözleri gygyrman aýtmak mugallyma juda kyn düşdi, mertebesini dikeltmek üçin gygyrmaly däldi. Akmyrat: bu dagy näme-aýt diýen manyda, biperwaýlyk bilen ýylany eline aldy. -- Boýnuňa ora... Akmyrat bu tabşyryga garaşman ekeni. Klasdaşlaryna aljyraňňy garady. Birdenem batyrlygyma şübhe döräýmesin diýen ätiýaç ony herekete getirdi. Ýylany ýüp atan ýaly boýnuna atdy, garaşdy. -- Boýnuňa ora diýdim. -- Ynha, how!.. Ýylany boýnunyň daşyndan öwrüp, guýrugyny ýeňsesne atdy. Mugallym öňdäki partada oturan iki okuwçynyň egnine taýly gezek lineýkanyň ujuny ýetirdi. -- Gapyda duruň--Okuwçylar özlerine günä ýöňkelmese kaýyl, haýdap, içki bosaga baryp durdular.--Bir adamy gapydan çykarmaň, hiç kimi klasa-da goýbermäň. Gapynyň kiltini ildirdiler. Howpuň abananyny Akmyrat duýdy, gaýta-gaýta mugallyma garap, ajy ýylgyrdy. -- Hä-ä, Kömek çopanyň sürüsindäki haýwan, sen Magtym ýalaňajyň ýüregini ýararyn öýtdüňmi?! Soňra lineýka bilen Akmyradyň kellesine uranyny bilýär, galan hereket kontrollykdan sypypdyr. Näçe gaýra urdy, nähili urdy, bilenok. Akmyrat aglar öýtdy, ýalbarar öýtdi, aglanok, ýalbaranok. Magtym ýalaňajy dälilik derejesine ýetirenem burny sümükli oglanyň erjelli. Akmyrat gaçyp sypdy. Belki, gapyda duranlar ony saklajak bolan däldirler, belki-de özleri gapyny açyp berendirler, bilenok. Gitdi, sypany gowy boldy. Akmyradyň ganly ýüzi göz öňüne gelende gorkdy. Okuwçylaryň ýüzüne seretmedi, klas tagtasyna dört sany mysal ýazdy, çözüň diýip, klasdan çykdy. Mekdebiň töweregi çola. Ýapyk gapylaryn aňyrsyndan sapak geçýän mugallymlaryň sesi eşidilýär. Direktor kabinetindedir, barmady. Wakanyň yzyna garaşdy, yzy bolaýmaly, oňa direktory şärikli etmek islemedi. Akmyrat gidişine agasy Goçmyrady tapar, eýýäm tapan bolmagy-da ähtimal. Akmyradyň ýüzünde gan görse, soňam Magtym ýalaňajyň adyny eşitse, Goçmyrada başga düşündiriş gerek bolmaz, öňden dykyn alyp duran ýigrenç iriňli ýara ýaly ýarylar. Garagaçlaryň aşagynda Goçmyradyň gelerine garaşdy, geljegi ikuçsyz. öňki gezek Akmyrada şarpyk çalanda, Ýol ugurynda haýbat atypdy: "Akmyrada indi eliňi batyraýsaň, men seň ejeňi s..." diýip sögünipdi. Sapagyň gutarmagyna bäş minut galanda, Goçmyradyň sürýän warak ýük maşyny mekdebe ýetmän batly tormoz berdi. Goçmyrat kabinadan böküp düşdi, ýeke özüdi. Haýdap gelişi gep-söze gezek berjege meňzänok. Gaçyp, direktoryň kabinetine özüňi atmak namartlyk bolar. Magtym mugallym etmişiň agyrlygyna düşünipdi, Goçmyradyň zorlugyny jeza hökmünde kabul etmäge taýyndy. Goçmyrat topulyp geldi. -- E-eý, haramzada ýalaňaç!--diýip gygyrdy.-- Men saňa aýtdym-a, Akmyrada eliňi batyrsaň, ejeňi s...rin diýdim-ä!.. Ýumruk saldy, bady Magtym ýalaňajy ýykdy, depip başlady. Arakesmä jaň boldy, dykyn alyp jaýdan çykan okuwçylar Goçmyradyň badyny gowşatdy... Ertesi mekdebiň direktory Magtym mugallymy ikiçäk gürrüňe çagyrdy. -- Meseläni ulaldyp ýörmäli, seniňem günäň ýeterlik---diýdi.--Indi bu obada işläp bilmersiň, sylamazlar. Ilerki oba mugallym gerek, gepleşdim, alaly diýdiler. Gatnap işledi. Bu ýerde-de özüni keseki duýdy, bu ýerde-de keseden garap, oňa Magtym ýalaňaç diýdiler. Şäher mekdebinden iş tapdy. Uniwersiteti gaýbana gutardy, Ýokary bilimli taryh mugallymy boldy. özüne pent etdi: taryh sapagynyň gyzygy seniň okadyşyňa bagly bolar. Taryh geçmiş, geçeni üýtgedip bolmaýar. Dogry, geçeni üýtgedip bolmaýar, ýöne taryhy üýtgedip bolar diýdiler. Ýokarda düzülýän okuw programmalary, okuw kitaplary şu aýdylana gabat geldi. Magtym mugallym taryh ylmyny öz ykbalyna, ýetimligine, ýalaňaçlygyna deňedi. Oňa bagly bolmadyk güýç bar, oňa jemgyýetiň ösüş Ýoly diýmelimi? Jemgyýetiň ösüş Ýoly hemişe adamlaryň islegine bagly bolup durmaýar diýen pikiri eşidipdi, ýöne bu pikiri halanokdy, bu pikire hä diýse, ýetimligini, ýalaňaçlygyny huýdaýyň başa salan kysmaty hökmünde kabul etmekden başga çykalga galanok diýen düşünjä gol ýapmak ýaly boljak. Şeýle bolsa, jemgyýete täsir etmäge, öz ykbalyny üýtgetmäge ynam galjak däl. Taryh sapagynyň programmasyny halanok. SSSR taryhynyň gylla ýarysy beýik oktýabr rewolýusiýasy hakynda. Rewolýusiýa näme diýlen sowala halk: rewolýusiýa--baýram diýip jogap bersin, başga hili garaýyş bolup-da bilmez diýilýärdi. Halamaýan programmasyny üýtgetmäge alajynyň Ýokdugyny boýun alypdy. Magtym ýalaňaç diýen lakamy aýyrmaga-da alajy Ýok. Rus halkyndan beýleki halklaryň taryhyny, gepiň gerdişine görä, iki agyzda beýan edip geçmeli, ondan artykmaç aýtmaga zerurlyk Ýok diýip görkezme berilýärdi. Munuň has aňry gidýän sebäbi bar, ony türkmen halkynyň taryhyna çemeleşmegiň mysaly bilen düşündirse-de bolýar. Magtym ýalaňajyň halkynyň döräli bäri geçen taryhy Ýoluny müň ýyl bilen oňduryldy. Döwletini gurup bilmedik, millet derejesine ösüp ýetişmedik, tire-taýpa pytyraňňylygynda, çölde göçüp-gonup mydar eden çarwa halka şol möhlet ýeterlik bilindi. Ahyr pellede oktýabr rewolýusiýasyndan bagt tapan halkyň garaňky geçmişi müň ýyla, iki müň ýyla çekdi diýeniň bilen üýtgeýän zat Ýok. Iki müň ýyl horlandy diýse-de bolardy, ýöne bu ýagdaýda başga bir howpuň ýüz bermegi ähtimal diýildi. Il arasyndan köpbilmiş ýeňilkelleler tapylyp, görüň, biz neneňsi gadymy halk ekenik, oruslardanam gadymy ekenik! diýip, döşlerine kaksalar nätjek? Gadymylygyň sowet halklaryna berýän peýdasy, artykmaçlygy Ýok diýildi, indi olar bir halk--sowet halky, ol beýik oktýabr rewolýusiýasyndan soň kommunistleriň Ýolbaşçylygynda döredi, beýik halk hökmünde dünýäde ykrar edilmegini gazandy diýlip, taryh sapagynyň okuw programmasyna ýazylypdy. Magtym mugallym men ylalaşamok diýmekden saklanypdy, dünýä taryhyny okatmaga isleg bildiripdi. Dünýä taryhy has gyzyklydy, göwrümlidi, syýasy kontrollygy ýöredýän ýerli emeldarlaryň bu taryhy bilişleriniň juda ýabygorludygy okuw programmasynyň dar çäginden wagtal-wagtal çykmaga, sähelçe bolsa-da mümkinçilik berýärdi. SSSR dargady. Magtym mugallym örüsini ýitiren çopan ýaly aljyrady. Pytyran imperiýanyň bir bölejiginde garaşsyz häkim bolup galmagy başaran kommunist aljyramady, täze, beýik taryhy ýazdyrmagyň jaňyny kakdy. Indi SSSR döwrüniň taryhyny öwrenmeg-ä beýlede dursun, ony ýatlamagyň özi-de garaşsyzlygyň manysyna zeper ýetirer diýip, serdarlyk derejesine göterlen häkim çürt-kesik aýtdy. Biz düýnki kemsidilmelerimizi okadyp, garaşsyzlygyň belent Ýoluna başlap bilmeris diýdi. Sowet döwrüniň adamlary juda maýda, erksiz, gul häsiýetli adamlardy, olary unutmaly bolar diýdi, özüni olardan aýralamak üçin adyny üýtgetdi, beýik zamana gelişjek at dakdyrdy. Sahylyk görkezdi, halkyna bäş müň ýyl ýaş berdi, onuň döwri Nuh pygamberiň döwründen başlanýar diýdi. Beýik Ýoluň beýanyny bir kitaba salmaly, şol kitap taryh ylymynyň beýik nusgasyna öwrülmeli diýip emir etdi. Geçmişden galan mifiki gahrymanlara, anyk adresi bolmadyk rowaýatlara, legendalara ýapyşyldy. Sähel salymda beýik akyldar derejesine göterlen häkimiň ady bilen mukaddeslik möhüri basylan kitap çykaryldy. Sowet taryhynda milli döwletini berkarar etmegi başarmady diýlip kemsidilen halk bu kitapda kyrk döwleti, ady äleme ýaň salan ýedi imperiýany gurnamagy başardy. Bäş müň ýyly bihuda geçirmändigini dünýä jar etdi. Goý, indi biziň taryhymyzy dünýäniň taryhçylary öwrensin, dünýä taryhyny öwrenip ýörmegiň bize derkary-da Ýok, biz kiçelmäliň, goý, olar biziň derejämize çenli beýgelsinler diýdi. Ýüz beren ýagdaý ýewreý taryhçysynyň kitabynda aýdylan pikir bilen gabatlaşdy duruberdi. "Çyn taryh real faktlardan emele gelýär, soňra faktlar assa-assa legenda öwrülýär, ýalana gaplanýar, taryh hökmünde kabul edilýär" diýipdir. Ol kitaby Ysraýyla göçüp giden tanyşyndan alypdy. Magtym mugallymyň kärdeşi bu pikiri oňlamady: "Biz ýewreýlerden has gadymy halk, taryh ylymyna degişli pikir aýtmaga biz hakly" diýdi. Magtym mugallym: "Hakly bolsaň, sen maňa bir ýagdaýy düşündir--diýdi.--Beýik imperiýalary gurdy diýilýän halk soňra tire-taýpa düzgünine dolanaýypdyr-da, köşkleri, şäherleri, galalary çarwalaryň gara öýüne, çatmasyna çalyşypdyr diýmelimi?" Kärdeşi jogap deregine: "Sen öz halkyňy söýeňok" diýdi. Täze taryhy okadyp bilmejegini Magtym mugallym mekdebiň direktoryna aýtdy, direktor akyllydy, düşündiriş soramady. Mekdepden gitmäň, kitaphanany işlediň, nähili kitap okamalydygyny sizden gowy salgy berjek Ýok diýdi. Bäş ýyl işledi. Mekdep kitaphanalaryny ýapmaly diýen buýruk geldi. Direktor gowy kitaplaryň bazarda çigit, nas satýanlaryň eline düşmegini islemedi, saýlaň, öýüňize alyp gidiň diýdi. Magtym mugallym iki ýüz kitaby oba getirdi, aýal doganyndan galan tamda goýdy. özi-de şol jaýda ömrüni ahyrlamakçydy. Şäherdäki jaýynda ortanjy ogly ýaşaýardy. Magtym ýalaňaç köne tamda öýlenipdi, bu tamda uly ogly Şajan dünýä inipdi. öten ýyl oglanlary ony remont etdiler, üçegini çalşyrdylar, poluny täzelediler, köne diýer ýaly bolmady. Ýaran ussa bir şaýy pul alman, diwaryň boýuna tekçe ýasap berdi, kitaplary ýerleşdirenine üç günem geçenok. Kitaplar eýesiz galmady, Magtym ýalaňajam urgudan ölmedi, şu ýerde ýakymly bir meňzeşlik bar. Tama girip çyrany ýakdy. Ýarygijeden üç sagat geçipdir. Oglunyň tamyndan kimem bolsa biriniň çykaryna garaşmady. Gije aýakÝoluna çykmaly bolanda çyrany ýakýandygyny bilýärler, häzirem şeýdendir öýderler, ýa-da duýmazlaram. Oňuň ünsi başga zatda eglendi, iňkise gitdi. Kellesi kitap okadarmyka? Ol bedenine diň salyp oturdy. Kellesinde agyrlyk, agyry bar, ýüregi bulananok. Kellesini ýassyga goýsa, başy aýlanar öýtdi, hernä, aýlanmady. Nähili derman-däri etmelidigini-de bilenok, umuman, derman içmegi halanok. Hemişe termosa ýandak demläp goýýar, häzir şony-da içmedi, içse sähelçe wagtdan aýakÝoluna gitmeli bolar. Ýandagyň içe peýdasy bar, kellä täsiriniň ýetjegini bilenok. Hyrydarlyk bilen kitaply tekjelere göz aýlady, haýsy kitaby nirede goýandygy ýadynda, diýmek, ýady işleýär, beýnisi işleýär!.. Jildi goňras kitapda gözi eglendi. Bu kitabyň awtory oňa tanyş, öten ýyl Aşgabada baranda onuň öýünde oturypdy, bir käse çaýyny içipdi. Peduçilişede bile okapdylar. Taryhçy höküminde-de, adam hökmünde-de ony özüne ýakyn tutýardy. Häzir ol adam hiç kime gerek däl, ýalňyzlyk derdini çekip öýünde otyr. Garaşsyz diýlen ýurduň birinji prezidenti Ylymlar Akademiýasynyň akademigi bolmagy höwes edipdir. Taryh institutyndan hödürlenmeli edilýär. Şol wagt okuw Ýoldaşy institutyň direktorydy, akademikdi. Ol garşy bolupdyr. Prezidente akademik bolmagyň zerurlygy Ýok, onsuzam Akademiýa onuň garamagyndaky edara diýipdir, has mojuk ýeri-de imperator Napoleonyň sözüni diline getiripdir. Napoleondan: imperator hökmünde, siziň gorkýan howpuňyz barmy diýip sorapdyrlar. Gülki bolmakdan gorkýan diýipdir. Gülküniň garşysyna güýç, baýlyk bilen hem göreşip bolmaýar, asla ony ýeňjek güýç Ýok diýipdir. Şu sözi eşidende Ýokary häkim gazap atyna atlanýar, akademigi wezipesinden boşadýar. Ýeser sebäp tapypdyr, pensiýa çykaryň diýipdir, başga-da pensiýa ýaşyna ýeten birgiden alymy sanawa saldyrypdyr. Akademik ümsüm oturmaýar, prezidente hat ýazýar. Altmyş ýaşa ýetenleri pensiýa ugratmak dogry däl diýip ýazýar. Altmyş ýaş adamyň pikir-paýhasynyň goýalýan wagty, toplan tejribesini ulanjak wagty, dünýäde iň möhüm ylmy açyşlary altmyşdan geçenler başardy diýip ýazýar. Pensiýa ýaşyna ýetdiňmi, öýüňde otyr, seniň bilimiň tejribäň jemgyýete, ýurda derkar däl diýip düşünmelimi? diýip soraýar. Bu ýagdaý ähli adamy bir aýakdan sürülýän halatynda ýüz berýär. Şahsyýete sarpa goýulmaýan halatynda köpçülige süri hökmünde garamak endigi ýüz berip biler diýip ýazýar. Olarda ygtyýar Ýok, sebäbi olar ykdysady taýdan döwlete doly garaşly adamlar, olaryň bokurdagy döwletiň elinde, biziň ýurdumyzda diňe siziň eliňizde diýip ýazýar. Bu hatdan soň Ýokary häkim has gazabyna tutýar, Ylymlar Akademiýasyny dargadýar. Akademik graždan, raýat ýalňyzlygyna uçuraýar. Işdeş Ýoldaşlary, dost diýip gatnaşan adamlary töwereginden pytrap gidipdirler. Onuň gapysyny açmakdan heder edýärler. Raýat ýalňyzlygy tutuş jemgyýet ysmaz hala ýetende döreýär, adam gidere ýer tapanok, pikir alşara adam tapanok, jemgyýet ýata suwa öwrülýär diýdi. Magtym ýalaňaç: oba adamlaryny ýas, sadaka birleşdirýär, günde-günaşa birek-biregi görüp durýarlar diýdi. Bu pikiriniň ýöwseldigine bada-bat düşündi, akademigiň sözünden soň-a hasam. Akademik: ol birleşmek däl, ol ýalňyzlygy, alaçsyzlygy artdyrýar, durmuşyň emriniň öňünde alaçsyzlyklaryny ölümiň öňündäki alaçsyzlyk bilen deňeýändirler diýdi. Häzir argynlyk göwresini basmarlap barýar, uklap bilse, şondan gowy derman bolmaz. Göz agyrysy ýaly ýene Ýagmyr molla ýadyna geldi, argynlyk Ýom-Ýok boldy. Haýran galmaly, kalbynda hiç hili gahar, kine duýanok. Erte molla bilen ýüzbe-ýüz boljagyna, onuň gözlerine göni garajagyna begendi, Ýogsam bolmasa, begenç sözüni dile getirmegiň özi bolan ahwalat bilen gabatlaşyp hem duranok... | |
|
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -5: romanyñ dowamy - 14.09.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat gyzyl almadyr, suw düýbünde gizleseňem iru-giç böküp çykar - 23.06.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -19: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -9: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Faraon -33: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Dirilik suwy -18: romanyň dowamy - 18.05.2024 |
√ Dirilik suwy -7: romanyň dowamy - 02.05.2024 |
√ Dirilik suwy -20: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Köne mülk -9: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |