18:34 Täze harabalar / Ýene bir haraba | |
22. Ýene bir haraba
Romanlar
Gije, il ýatyp, it uklanda Magtym ýalaňajyň ýatyp-turýan köne tamy ot aldy. Onuň iki gün ozal ýitirim bolandygyny-da köpçülik şondan soň bilip galdy. Bu iki wakanyň arasynda nähilidir bir baglanyşygyň bolup biljekdigi, bilmejekdigi köpleriň serine-de gelmedi. Magtym ýalaňaç obanyň soňky ösdürimlerine ýat adamdy. Ýanan ýatakda Şajanyň doňuz saklandygyny bilýärdiler, bu hakykat ýatak ýanandan soň has-da äşgär bolupdy, ýöne Şajanyň şäherde mugallymçylyk edýän garry kakasynyň bardygy, doňuzly waka onuň dahylly bolup biljekdiginden olaryň bihabardyklaryny geň görüp oturmaly däl. Doňuz ýatagyň ýanmagynda tötänligiň bolmandygyna köp adam düşünipdi, ynha, indi köne tamyň ot almagynda tötänlikden başga-da bir sebäbiň bolup biljekdigi hiç kesiň serine gelmedi diýse-de boljak. Dogry, Allaş barada çürt-kesik bir pikire gelmek kyn, Allaşyň pikiri köpüňkiden parhly bolup biler diýmäge-de esas tapsa bolar. Sebäp diýseň, ol Magtym ýalaňajy has gowy tanaýan, aýratynam soňky mahalda ýakyn gatnaşykda bolan adam. Ol köne tamyň ýanýandygyny eşidip, Ýorgany üstünden serpip turan pursaty kalbyna çöken ýakymsyz şübheden saplanyp bilenok. Şonda Magtym ýalaňajyň ýitirim bolandygy bada-bat serine gelipdi. Toý mekanynyň, soňra-da doňuz ýatagyň otlanyşyny-da ýatlapdy. Bu iki ahwalaty bir ýüpe baglap biljekdi, ýöne welin, Magtym ýalaňajyň ýitirim bolmagyny, indem köne tamyň ýanmagyny şol ýüpe daňmaga howlukmady. Howlukmasa-da ýakymsyz şübheden sypyp bilmedi, syparynam öýtmedi. Allaş gelende al ýalyn asmana gol bulaýardy, beýle ýeňil ýalyn, adatça, ýalaňy odun salnan tamdyrdan göterilýärdi. Ýalyn gapydan, penjirelerden daşary dyzaýardy. Ýygnanan mähelle aýalaryny ýüzüne tutup, howurdan goranýan, ody söndürmäge hemaýatlarynyň ýetmejegine düşünip, indi tomaşaça öwrülen adamlardy. Olar başga näme etsin! Ýangyn ot sepip, gum sepip söndürerden juda çökder. Sepeýin diýeniň bilen, käşgä, suw bolsa! Mellek arasyndan geçýän ýap ýazdan bäri gurap ýatyr. Her hojalyk melleginden guýy gazdyryp, nasos bilen suw çykaryp mydar etjek bolýar. Ojagaz suwy sepeläniň bilen ot sönjekmi, gaýta, möwç aljak. Ody söndürip bolar diýen umyt olaryň serinden uçup gitdi. Bolmajak zady umyt edip durandan, girisine düşen awy aç itiň ýalmaýyşyny göz öňüne getirip, oduň gabahat oýnuna tomaşa etmek has gyzyk berýär diýilse dogry bolar. Oduň gapdaldaky uly tama düşmek howpy olary alada goýmady. Aralyk ýalyn ýeterden daşrak, üstesine-de şemalyň Ýokdugy adamlary arkaýynlaşdyrdy, oduň oýnuna ymykly seretmäge ýazgynlyk berdi. Tamyň içinde adam bolmandygy oduň getirjek zyýanyny ýeňledipdi. Magtym ýalaňajyň ýitirim bolanyny gowulyga Ýoranlaram tapyldy, ol göni gelen ajaldan sypypdyr diýdiler. Tamdan goş çykarmaga maý bolmandyr. Gynanyp, ýüregiňi agyrdanyňa degjek goşam Ýok ekeni. Adamlar kesekiniň başyna düşen betbagtlygyň gerimini azaltmaga delil gözlediler. Magtym ýalaňajyň köne krowatyny, gaty stoluny, Ýorgan-düşegini dile getirdiler. Kitaplary agzan bolmady. Şäherden getirilen kitaplardan köpüň habary Ýokdur diýse-de bolar. Habarly bolaýanlarynda-da agzalmandygyny geň görmeli däl, gymmatlydyr öýdülýän zady agzaýarlar, indi kitap gymmatly zatdyr öýdülmeýärdi. Sowet zamanyndan galan galyň, owadan daşly kitaplaryň bazarlarda çigit, nas dolamaga ýaradylandygy olary püçege çykaran sebäpleriň biridi. Allaş golaýynda duran Ýaran ussanyň aýdanyny eşitdi. -- Häk, tekjelerem ýanandyr--diýdi. Ol ýasan tekjeleriniň ýananyna gynanýarmy, ýa-da tekjelere goýlan kitaplara gynanýarmy, anyk many alyp bilmedi. Şifer bilen basyrlan üçegiň tutuş eteginden ýalyn çogup çykdy, ilteşere daýanjy gutaranda güpüläp aşak çökdi, adamlar goh turzup ýeňsä serpildi. Indi galan-gaçanyň ýanyşyny synlaýmasaň gyzyk berjek tomaşa gutarypdy. Her kim görenini ertir görmediklere ýetirmegiň höwesi bilen dargady. Allaş gaýtmady, duranyny zerur gördi. Merhum jan berenden soň ýakynlary gaýtmaýarlar. Ýas ýerine mahsus gam-gussany, tukatlygy duýdy. Kem-kemden ýangynyň howry peseldi, ýylan howanyň ornuny daňdanyň aňzagy eýeledi. Oduň ýagtysyny töwerege has äşgär eden garaňkylyk sowuldy, bolan ahwalaty aýdyň görmäge, seljermäge mütdet berdi. Iç ýüzi tüssä garalan diwarlardan başga galan zat Ýok. Gapylar, penjireler tutuş ýanypdyr, üçekden gaçan nawlar tüsseläp ýatyr. Tamyň içi ody öçen ojaga meňzeýär. Ýok, bu meňzetme bärden gaýdýar, Allaş has bedroý meňzetme tapdy, haraba meňzetdi. Magtym ýalaňajyň aýdan sözüni ýatlady: "şeýder, haraba köpeler barar, hasaba almaga-da ýetişmersiňiz". Bu sözdäki Ýowuz hakykykatdan Allaş gorkdy. öz tamy göz öňüne geldi, edil gözüne basylyp duran ýanan haraba görnüşinde gördi, ýüzüne duýdansyz sowuk suw serpilen ýaly başyny silkdi: "Alla jan, hudaý jan, bela-beterden daş edeweri! Alla jan, penaňda sakla, men pisint alasamsyk bilen deň bolmaweri, Alla jan, sen merhemetlisiň, seniň rehimiň çägi Ýokdur. Biz berebekgeý ösen adamlar, hakyň Ýolundan jyda düşürlen bialaç adamlar. Neneňsi bolanda-da biz seniň bendeleriň, bizi ýazyksyz ýetim hasabynda gör, Alla jan. Bizi hakyň Ýoluna çagyrýan mollalaryňam kalbyna rehimden paý ber. Takwalyk bilen tekepbirligiň bir gonja sygmaýandygyna şolaram düşünewersin, Alla jan!" Gün doganda ysyrganýan ýaly eňegini ýelä tutup, apaň-apaň basyp oba polisi Irji geldi. Onuň bolşy ýangynyň ysyny alyp gelen ýalydy. Bu adam Allaşyň maňzyna batanok, bolşuny, gep-gürrüňini halanok. Adyny adam şekilli tutjak bolsaň Rejep diýmeli, uly-kiçi Irji diýýär. Oglanka Irji diýilse gelşip dur, ýaşy altmyşa ser uran adama Irji diýseň gelşenok, gelişmese-de diýýäler, hamala, şeýdip onuň ulalandygyny inkär edýärler diýäýmeli. Indi oňa Rejep diýseň gelişmejek ýaly-da. Häzir ol wajyplygyny görkezip, duranlaryň halys ýüregine düşer, ýürege düşse-de näalaç diňlemeli bolar. Ol höküwmet adamy, egninde iki kiçi ýyldyzly pogony bar, üç-dört ýyllykda şäherden oba polis bolup geldi. Ataly oňa kanturdan özbaşyna kabinet berdi. Şäherden gatnap işleýär diýilse-de mellek alyp jaý saldyran oglunyň öýünde bolýar. Irji, senem özbaşyňa mellek alsaň bolmadymy diýip berilýän sowala onuň jogaby üýtgewsiz: "Şäherde howlum bar, mellek aljak bolsam howlyny döwlete tabşyrmaly, tabşyrman mellek alsam, kanuny bozan adam bolaryn" diýýär. Asly şu obadan diýilse-de, kimlerden diýip soramaga Allaşyň çaky Ýok. Tirä dahylsyz ýekeçykan bolup ýaşanyny kem görenok diýýärler, eger şeýle etmedik halatymda adamlara bir gözden seretmek maňa başartmaz diýipdir. Toý-tomga baranok, keseden synlaýar, ertesi baryp, jemgyýetçilik düzgünini bozman ýaşamagyň adamyň saglygyna edýän peýdasyny ene süýdüniň çaga edýän peýdasy bilen deňeşdirip, tükezzibana tutýar. Toý şowhunynyň gije onbirden soň ýatyrylmagy Irjiniň gazanan üstünligi. Sagat ondan soň toý geçýän ýeriň golaýynda sagadyna seredip aýlanyp ýörendir, Allaşyň özi şaýat. Onuň bu düzgüne saklygy Allaşa ýaraýar. Häzir onuň aýtjak gepiniň ýarajagyna welin, Allaş ynananok. Sebäbi näme diýilse, takyk bir zat aýdyp biljek däl, ýöne süňňi syzýar. Geleninden gelmäni gowy. Heý, Irji bu ahwalaty duşundan geçirjekmi! Irji gelmese bolmaz-a! Men birgiden adamyň öňünde hasabat bermäge borçly diýer. öňi bilenem Ataly başlygyň jogap sorajagyny aýdar. SSSR döwründe milisiýa diýilýän gulluk indi polisiýa diýip atlandyryldy. Mundan nähilidir bir utuş gazanylandygyny Allaş takyk aýdyp biljek däl, ýöne polis papaklarynda üýtgeşikligiň bolandygyny gözi bilen görüp ýör. Maňlaý tarapy direg urlup galdyrylan ýaly haýbatly, şu terizdäki papaklary uruşly kinolarda nemisleriň kellesinde görüpdi. Bu papak Irjiniň tüňňi maňlaýynyň üstünde hasam haýbatly görünýär. Irji duranlar bilen salamlaşman, berlen salama diňe baş atyp, ýanan tamyň töweregine öwrüm etdi, bir sözi üç-dört öwre gaýtalady: -- Tak, tak,.. ta-ak... --Soňra burnuny asmana tutup ysyrgandy.--Nepýagyň ysyny alýan,.. henize-bu güne meni burnumyň aldan ýeri Ýok... Ýangyna garşy göreşýän gullugyň wekilini çagyrdym, häzir gelmeli. -- Indiden soň pažarnygyň geregi Ýok, boljak iş boldy! Irjiniň göreçleri ýiteldi, çyra tutun ýaly Ahmediň ýüzüne tutdy. -- Sen Ahmet bolmaly, ýalňyşmadym gerek? Magtym mugallymyň körpe ogly, obada bile ýaşaýan ogly? -- Hawa, men Ahmet. -- Ahmet, hormatlym, zerur bolmasa, men iş edinip, ýangyn boýunça inspektory çagyrman-a. Jaýyň ýanany çyn, ynha, gözümiziň alnynda garalyp, kül bolup ýatyr. Dogry aýtdyň, boljak iş boldy. Indi bi işiň näme sebäbe bolandygyny bilmeli-dä. ölümiň sebäbini bilmän, merhumy jaýlap bolanok, degişli gurama kepilnama bermeli. Belki, bilkastdan öldürlendir. Ahmet ýaryldy: -- Bilkastdan edilen zorluk azmy, haýsy biriniň sebäbini aýtdyňyz?! -- Dur, duraweri, hormatlym. Häzir seniň psihologik ýagdaýyňa düşünýän, bijaý aýdan sözüňi göwnüme-de, hasaba-da alman. Size-de barlaman, ahyryna ýetmän netije çykarmaga howlukmaň diýjek. Belki, bilkastdan edilendir, belki, başga bir sebäbe görä ot alandyr. Sebäpsiz zat bolmaýar, sebäpsiz çöp başam gymyldanok, şemal öwüsmeli, ot bolmasa, tüsse-de çykanok. Irji guraksy güldi, ýöne gülki guraksy ýüzüne ýaýramady. -- Pažarnygyň diýjek sözi belli: zamykanýa diýer. Doňuz ýatak ýandy, zamykanýa, toý mekany ýandy, zamykanýa. -- Gije tok öçdi, bildiňizmi şony?--Irji howlukman görejini duranlaryň ýüzünde gezdirdi.--Allaş aga, sen duýmadyňmy? -- Ukudakam bolandyr-da, bilemok. -- Men bilýän. Ýarym sagatdan tok berdiler, ägirt güýçli naprýaženie bilen berdiler, tas lampalar ýarylypdy. Köne simleri ýakyp biljek. Şu tamyň simleri haçan çekilendir? -- Bilemok, kakamdan sora. -- Sorarys, hormatlym, ähli zadyň anygyna ýeteris, çig zat galmaz. Häzir Magtym mugallymyň Ýokdugy gynynçly fakt, meni howsala salýan fakt. -- Tapyň-da! -- Taparys. Men otuz ýyl jenaýatyň gözleginde. Keýigi araba bilen tutmagy öwrendim. Allaş aga bilýändir, men şäherde işledim, Magtym mugallymam şäher mekdebinde okadýardy, şäherde tanyşdyk. Meniň oba işe geçmegimiň sebäbi, oglanlar, soňky ýyllar obalarda jenaýat köpeldi, şäherde tejribe toplan adamlary ibermeli diýdiler, haýyş etdiler, oba gaýtdym. Jenaýat hemme ýerde-de jenaýat. Şäher jenaýaty, oba jenaýaty diýlip, aýratyn jenaýat kodeksi düzülenok. Jenaýat obada edilsin, şäherde edilsin, jenaýat jenaýat bolýar. Ýöne welin, "bir menzile gitmez oba ogrusy" diýen söz bar, Näme sebäbe diýlenini bilýän dälsiňiz, men şony aýdyp biljek. Dogrudanam oba ogrusyny ele salmak biraz ýeňil, sebäp diýeňde, oba ýerinde adamlar biri-birine belet, wot ono çto! Ahmet, hormatlym, anyklanman galjak jenaýat bolmaz, ýasy ýanyň ýerde bolsun. Magtym mugallymyň ýitmegini jenaýata baglamakdan entek saklanýaryn, sizem howlukmaň, gözläris, taparys. Indi Magtym ýalaňajyň uly ogly Şajan janygdy: -- Doňuz ýatagy otlanam gözläp ýörsüň-ä! -- Dogry söz diýdiň, hormatlym. Meniň gözleýänime seniň ynanýandygyň maňa ýakymly. -- Gözläp ýörmegiň geregi Ýog-a! Kimleriň otlanyny tutuş oba bilýär, baryp ýakasyndan tutaýmaly. -- Dur, duraweri... Şajan, hormatlym, bu seniň islegiň. Oruslarda bir söz bar, SSSR ýykyldy diýip, oruslaň akylly sözlerini unudaýmaly däl. "Nepoýman--ne wor" diýýäler. Ogurlap durka goşaryndan şapyladyp tutmasaň, ogry diýip bolanok diýildigi şol söz. Şo sözden ugur alyp, men otuz ýyl bäri işläp gelýän, bitirýän işimiň hasylyna-da guwanyp gelýän. Magtym mugallymyň aýtman-diýmän zym-zyýat bolmagy hakynda anyk söz eşidesiniz gelýändir, men siziň kanuny islegiňizi inkär edemok, inkär etmäge kanuny taýdan hakymam Ýok. Entek bu ugurda men birgiden fakty anyklamaly, meniň borjuma, islegimi-de düşüniň-dä! Şu ýangyn, has takygy, şu köne tamyň ýanmagy, onda-da Magtym mugallymyň ýatyp-turýan jaýynyň ýanmagy, belli bir derejede maňa päsgelçilik döredip biler, döretjegini eýýämhaçan görüp durun, bilip durun, siz oň pikirinem edýän dälsiňiz--Irji guraksy güldi, düşündiňizmi diýen manyda duranlaryň ýüzüne ýekän-ekän seredip çykdy.--Men pikir edýän, men kynçylykdan, gözlegden ätiýaç edýän adam däl. Belki, külüň içinde maňa-da ýapyşalga galandyr? Ol daş gapynyň garalyp ýatan bosagasyndan içeri ätledi, bir daban boş ýerde durdy, ýanan agajyň kömrüni, şipir böleklerini aýyrman aňry geçmäge ýaýdandy. -- Ýalňyşmaýan bolsam, hormatly mugallymyň iş stoly gapdaldaky otagda bolmaly.--Eli bilen çep tarapy salgy berdi.--Bir gaýra ýanynda oturyp gidipdim. Magtym mugallymyň okumyşlygyna haýran galanymy aýdaýyn. Ahmet jan, hormatlym, meň sözümi ünsüňe al, ýüzüňi kese sowma, kakaňy gowulykda ýatlaýan, aýtmasam karam bolar. Ol maňa sowal berdi, şony aýdaýyn. Gynançly ýeri, okumyş adamlarda ýaşaýyş, durmuş tejribesi kemterlik edýär, onuň ornuny ylym-bilim bilen doldurarys öýdýäler, bolanok, has ýamany-da, bolmaýanyna göz ýetirip bilenoklar. Ylymam gerek, durmuş tejribesi ondanam zerur gerek! Irjiniň wajyp habar aýdýanyny çaklan ötegçileriň käbiri Ýoldan sowlup, diňleýänlere goşuldy. Bu ýagdaý Irjiniň höwesini artdyrdy. -- Magtym mugallym maňa gönümel sowal berdi, öňünde okuwçysy oturan ýaly diý-de düşünäý. "ökde sülçi bolmak üçin birinji derejede nämäni başarmaly?" diýdi. Bu sowal meni ýaýdandyrandyr öýtmäň, men otuz ýyl tejribe toplan sülçi ahyryn! Kanuny bilmeli diýdim, kanuny yzarlamaly diýdim, soňky wagtyň habarçylarynyň dili bilen aýtsam, ilik-düwme seljermegi başarmaly diýdim. Hä diýmedi. Birinji nobatda, jenaýatyň logikasyny yzarlamagy başarmaly diýdi, ilki logika, soňra kanun diýdi, kanunda logika beýan edilmeýär diýdi, logika kanundan öňde duran zerurlyk diýdi. Dawalaşsaň dawalaşyp oturmaly, hormatly mugallyma sen ýalňyşýarsyň diýsem gelşiksiz boljak. Logiki diýip, men kanuny äsgermezlik edip bilmen-ä diýmelidim, diýmedim, hormat etdim. Häzir biziň garaşsyz ýurdumyzda logika dersi okadylanok, kanun welin, okadylýar, diýmek, kanun logikadan zerur, kanun logikadan Ýokarda durýar diýip düşünmeli. Ind-ä "logika" diýen sözi bilýänem az-az, bilmesegem ýaşap ýörüs-ä, kanunsyz welin, ýaşap bolanok!.. Hany, oglanlar, maňa geçmäge kömek ediň-dä... Ahmat: -- Geçeniňe degenog-a--diýip zeýrendi.--Ähli zat kül bolup ýatyr-a! -- Gözüm bilen görmek maňa ýeterlik däl, elim bilen barlap, küldügine özümi ynandyrmaly. Belkä-de bir delil elime iler, belki, abat galan bir bölejik kagyz taparyn, kagyzyň ýüzünde ýazgy galandyr. Ýekeje sözlem uly jenaýaty açmaga açar bolup bilýär. Inçeden yzarlamaly, men size erteki otaramok, otuz ýyl tejribe toplan adama ynanyň. Ýazgy kimden galýar diýersiňiz, bu sowala-da mende inkär edip bolmajak jogap bar, eşidiň: özüni heläklän, ýa-da bolmasa, zorluga uçuran adamlardan galýar. Birgiden ýazgyny öz elimden geçirdim, otuz ýylyň tejribesi! Mysal üçin birini aýdaýyn: şäherde bolan waka. Çagalar bagynda işleýän gelin özüni heläkledi, asylyp öldi. Hiç kimi ýazykly etmäň, özümden başga günäkär Ýok diýip, hat goýupdyr. Gelniň öz eli bilen ýazandygyny ekspertler tassyk etdi. Mesele gutardy diýersiňiz. Ýo-Ýok, gutaranok, men howlukmalyň diýdim, sebäp, otuz ýylyň tejribesi şeý diýmäge maňa ynam berýär! Näme sebäbe ýaş gelin şirin janyndan geçmäge özüni mejbur edipdir? Meseläň düýp-teýkary şu ýerde! Agtaryberdim. Gelniň Aşgabada göçüp giden jorasy bar ekeni, şoňa ýazan haty elime düşdi. Haty ýazypdyr, ýöne welin, haty ibermändir, bukja-da salypdyr, ýelimläpdirem, ýöne ibermändir. Hata näme ýazylany gyzyklydyr siz üçin, häzir aýtjak. Okadym, boldy, ýeterlik diýdim. "Itiň artaýagyndan suw içýän kim? Men şo boldum, jora jan" diýip ýazypdyr. Oňa itiň artaýagyndan suw içiren kim? Äri ekeni! Üstüni açdym, manny goýmadym!--Irji güldi, öz başarnygyna guwanyp güldi, soňra bir pursat böwrüni diňläp durdy.--Magtym mugallym özüni heläkländir diýen pikirden men daşda duran adam, şeýle bolandyr diýlende-de bada-bat ynanmajaklaryň biri men, sebäp diýseň, Magtym mugallym ejizlejek adam däl, beletligim üçin aýdýan şu sözi. Şu mesele babatda pikirdeş bolmagy sizden towakga edýärin. Sabyr edeliň, belki, uç tapara sähelçe-de bolsa, delil galandyr... Duranlaryň kömegi bilen Magtym mugallymyň bolýan otagynyň penjiresine golaý barara Ýol açdylar. Tüssäniň, ýanygyň ysy kellä agram berdi, külüň tozany demigdirip barýar. Tüssäniň göterlen ýeri ýanyp gutarmadyk kitaplaryň üýşmegi ekeni. Olary iki ýana zyňyşdyrdylar, abat galan kitap ele ilmedi. Allaş diwara kakylan tekjelerden nam-nyşan görmedi, küle garylyp ýatan kitap böleklerini synlap durka, Magtym mollumyň agy bilen aýdan sözlerini hakydasyna getirdi: bu kitaplar meniň ýetimligimi ýatladýar, indi bularam ýetim, men ölsem bularyň ykbaly nähili bolarka? diýipdi. Sen kitaplardan soňa galdyň, Magtym mollum, diýesi geldi. Daşyndan-a däl, içindenem diýmäge ýaýdandy, näme üçin ýaýdanýanyna düşünmedi, diýse, töhmet ýaly ýakymsyzlyk duýjagyny ýüregi syzdy. Çaltrak tapylawersin diýip, dileg bilen özüni ynjaltjak boldy. Stoldan galan oňly zat Ýok, iki-eke ýanyk agaç bilen onuň suduryny sepläp boljak däl, göz öňüne getirmegem kyn. Irji juda bimaza boldy. -- Dörüşdiriň, poh içinden monjuk gözlän ýaly etseňiz-le--öz sözüne özi güldi.--Serediň, stoluň abat galan tahyly Ýokmy? Aňyrraklary agtaryň, stoluň duran ýeri şo ýer bolmasyn? -- Abat zat Ýok-how!--Kömekçi ýaş ýigit janygyp gygyrdy. -- Beý diýmek bolanok, hormatly inim, çekilmäň, barlaň, dörüberiň entek, depder, kagyz, garaz, bir zat ele iler, bary ýanan däldir. Otuz ýyl bu ýagdaýlary göre-göre gelýän... O ýatan näme? Çyra ýaly-la? -- Nepýag çyra--Kömekçi çüýşesiz, bokurdaksyz galan çyrany eline aldy. -- Içinde kerosin barmy? -- Keresin galar-maý!--Kömekçi güldi, çyrany ysgady.--Ys-a galypdyr. -- Diýmek, ýangyndan öň çyra kerosin guýlan bolmaly. Irji penjiräniň haňkaryp galan ýerinden seredip duran Ahmede ýüzlendi: -- Çyra nirede goýulýardy? -- Stoluň üstünde. Häli-şindi tok sönüp dur, kakam çüýşeli çyrany gapdalyndan aýyrmazdy, ýagdan doly durmalydy. -- Wot ono çto!--Irjiniň göwresi galkyndy.--Üstünde kerosinden doly çyra durar-da stol abat galarmy?! Depder-kagyz galarmy diý! Hä-äý...--Onuň äheňinde ne kanagat, ne-de gynanç duýuldy.--Esas bolaýjak delil bizden ara açýan ýaly-la, häk!.. Toplan tejribämiň berýän sapagyna görä aýtsam, entek belli bir netije çykarardan ir, ýene biraz sermeneliň, oglanlar. Magtym mugallym ýöne oturýan adam däl, okamaly, ýazmaly, bozmaly, kagyz-depder galdyrmaly adam. Belki, ýygşyryp goýan ýazgysyny taparys, oduň-suwuň ýetmejek ýerinde ýygşyrandyr. Tapylsa, bize-de, Magtym mugallymyň özüne-de peýdaly boljak. Ahmet, kakaň hat-petegini seň tamyňda goýan däldir-le? -- Näm bolsa, şu ýerde bolmaly. Kömekçi ýigit janygdy: -- Serediň, how, abat galan zat Ýo-ga! Galaýy eräpdir, depder galarmy?! -- Ahmet, ol otagda-da kerosin çyra barmydy? -- Bolmaly. -- Sen juda wajyp fakty aýtdyň, hormatlym. Ýangynyň birden tutaşyp, birden ýaýrandygyna başga sebäp gözläp ýörmeli däl. Oglanlar, gowşamaň, gözläň, kemter ýeri galmasyn, soň ökünmeli bolmasyn. Kitaplaram dörüň, abadyrak galan sahypalarynam agdaryşdyryp görüň. Depderi, kagyzy kitaplaryň arasynda-da goýup, ýygşyryp bolýar-a. Puluny kitabyň arasynda gizleýän adamlara az duşmadym men. -- Kakamda gizläre pul Ýokdy. -- Men, umuman, edilýän usuly aýdýan, hormatlym... Heý, kakaňyzyň okuwçy depderine bir zatlar ýazyp oturanyny gördüňizmi? Magtym mugallym hemişe pikir edip ýören adam. Pikirlerini ýörite depdere ýazyp goýar diýilse, men-ä şoňa ynanjak. Pikirleri oňa puldan gymmatlydy diýilse-de ynanjak. Gymmatly zat elýüzde goýulmaýar. Hany, geliň, ol otagam agtaralyň. Agtardylar, abat galan kagyz-depder tapylmady. Irji harabadan çykdy, töwerekden ýygnananlar ünse alar ýaly syr eşitmejeklerini bilip dargady. Magtym ýalaňajyň üç ogly bilen Allaş galdy. Ogullary ters tarapa bakyp, mundan artyk Irjini diňlemekçi däldiklerini göz etdiler. Ahmet: -- Sen depder gözlemäge geldiňmi, ýa-da jaýy kimiň otlanyny bilmäge geldiňmi?--diýdi. Irji temegini Ýokary tutdy. -- Hormatlym, men häkimetiň adamy, meniň sowal bermäge-de, jogap talap etmäge-de kanuny hakym bar... Ýangyn meselesi, umuman, düşnükli diýeli. Keseden gelip jaýy otlan Ýok diýen pikirde men. Ýalana çykaryp bolmajak delilleri ýüze çykardym. Ýazgy galan bolsa, has-da ygtybarly bolardy, galmadyk bolsa, o-da bir hasap, amata Ýoralyň. Umydy elden beremok, gerekdir öýtsek, ýene döreris. Ýangyn boýunça inspektor geler, gümürtik zat goýmarys. Men dogry aýdýan gerek, Allaş aga? -- Sen bi ýigitlere-de düşünjek bol, Rejep. -- Düşünmek meniň kanuny borjum, Allaş aga. Magtym mugallymdan derek tapylýança Rejep üçin uky haram diýiň-de düşünäýiň. Depderi gözleýänim, sähelçe-de bolsa, uç taparyn öýdüp edýän, mende başga maksat Ýok. -- Wah, oňa ynanýas-la. -- Näme üçin kakam hökman depdere bir zatlar ýazyp gidendir diýmeli? Ýürege düşdüň-le: depder, depder... Depderli gürrüň nirden çykdy? Şu sowal meni bimaza edýä! -- Ahmet, hormatlym, diýmek, sen meniň käkeläp-käkeläp aýdan sözlerimi oňly diňlemänsiň, gulagyňda galmandyr, beýniňe zamylaşmandyr diýilýämi, he-heh!.. Darykmaň, ýigitler, men ýene bir fakty anyklamaly. Meniň bu sowalym, Berdi, inim, saňa degişli. Magtym mugallym şäheriň hasabynda durýar, pensiýany şäherden alýar. Sen kakaňdan habar Ýoklugyny şäher polisiýasyna duýdurdyňmy? Magtym ýalaňajyň şäherde ýaşaýan ogly geňirgendi. -- Ýok--diýdi.--Kakam oba-da bolýar-a. -- Gördüňmi! Bu meselede meniňem hatam bar, boýnuma alýan, häziriň özünde habardar ederin. Hassahanalara-da til eden dälsiň? -- Edemok, kakamyň hassahanalyk işi Ýok. Şajan ýaňsa alyp güldi. -- Berdi, näm üçin witrezwitele til etmediň, kakam alkaşlaň arasyna düşen bolsa näbilýäň. -- Meniň gepimi ýaňsa alma, Şajan. Men jenatyň üstüni açmakdan ötri, göz öňünde tutulýan zerur çäreleri aýdýaryn. Ýiten adamyň idegi edilende ýene bir habar tutulmaly ýer bar, oňa morg diýilýär. Magtym mugallym ölendir diýemok, diýmäge mende häzirlikçe esasam Ýok, hudaý saklasyn, bolmawersin! Men ätiýaç edilmeli çäreleri aýdýaryn. Soramak size ýakymsyz bolsa, men soraryn, bu-da meniň goýberen hatam. Ara düşen agyr dymyşlykdan soň Şajan: -- Zady geň görer ýaly bolmady--diýdi.--Oňňullyga garaşamzok. -- Äý, beterinden saklasyn, ýigitler, men-ä öe ýörejek, habarly bolşalyň. Allaş gitdi. * * * Soňky ýüz beren ýagdaýlary Magtym ýalaňajyň logikany yzyrlamaly diýen ynanjyna-da gabatlaşdyrsa boljak. Oba polisi bilen ýangyn söndürijiniň gutarnykly netijesine görä, köne tamyň içindäki tok geçiriji simleriň otuz ýyl bäri çalşyrylmazlygy esasy sebäpleriň birinjisi. Munça möhletiň dowamynda simleriň daşy, izolýasiýasy ýukalýar, tozýar, ýalaňaçlanýar. Toguň akyş kuwwaty kadadan has artykmaç güýçlenen halatynda ýalaňaçlanan simleriň çakyşmagy, zamykaniýesi bolup bilýär. Bu ýerde-de şeýle bolupdyr diýmäge doly esas bar. Zamykanie bir ýerde däl, birnäçe ýerde ýüz beripdir diýip bellendi. Ýangynyň çakdanaşa tiz tutaşmagyna-da sebäp tapdylar. Iki otagda kerosinden doly çyranyň bolmagy bir sebäp, ikinji sebäp has-da aýylganç: demir trubalardan gelýän gazyň peje, duhowka rezin şlanga arkaly birikdirilmegi, ot degen badyna şlanganyň ýanmagy gazyň güçli pürkülmegine sebäp bolupdyr. Gübürdäp ýanýan gaz içerde ýalyn tüweleýini döredipdir. Ýangyna keseden gelinip, bilkastdan edilen jenaýat diýmäge hiç hili esasyň Ýokdugy aýratyn bellenildi. Ýüze çykarylan sebäplere ýaşaýyş şertlerinde goýberilýän geleňsizligiň, biagyrlygyň netijesi hökmünde garamaly diýildi. Şol gün agşamara oba polisi Irji Magtym ýalaňajyň şäherdäki kwartirasynyň gapysyny kakdy. Gapyny mugallymyň ortanjy ogly Berdi açdy. -- Kakaňy morgdan tapdym, geýin, gideli. -- Kakam morgda näme işleýär? -- Jesedini tapdym. Irji polisiň soňky aýdanlaryny diňläp, Magtym ýalaňajyň ogullary bolan ahwalaty göz öňüne getirdiler. öňňun gün dogmazyndan öň Magtym mugallym köçe süpürýän aýalyň gözüne ilýär. Şäher merkezine golaý sport meýdançasynyň gyrasyndaky uzyn oturgyçda oturan adamy görse-de bir bada oňa üns bermändir. Irden gezelenje çykanyň biridir, birsalym oturar gider öýdüpdir. Bir sagat geçýär, iki sagat geçýär, ol adamyň şol bir gymyldaman oturyşy. Kellesini sallap otyr, hiç ýüzüni galdyranok. Gyş aýy aýazly howada üşemän, sabyr edip oturyşyna haýran galaýmaly. Jany sag bolsa, jähennem-le diýýär, diýse-de ynjalmaýar. Gymyldy, hereket Ýok, şol doňan ýaly bolup oturyşy. Golaýyna baryp göreýin-le diýýär. Ýakyn gelýär, synlaýar. Başynda owkalanan çal papak, egnindäki çal plaşam köne. Ellerini plaşynyň kiselerine sokup otyr. Tüýs bara, serhoşlaň bolup oturyşy-da. Içip-içip gije bir ýerden çykyp gaýdandyr, öýüne ýetip bilmän oturgyja çökendir, uka gidendir. Häli-şindi görlüp ýörlen masagaraçylyk. Eger ilkagşam gelen bolsady, bu ýerde oturmazdy, ýörite aýlanýan polis topary ony ýygnardy. Hapa ýygnalyşy ýaly, serhoşlary, neşekeşleri köçelerden ýygnap, ýörite kapasa dykardylar. Bu adam ýary gijeden soň, ýa-da daňa golaý gelen bolmaly. Işigaýdan doňup galmadyk bolsa-da biri... Sübseli aýal edil alkyma baryp gep atýar: "Salamälik"... Jogap Ýok, gymyldy Ýok. Diň salýar, dem alýan bolsa, küküreginde, egninde gymyldy bolmaly. Serhoşlaryň hor çekýän halatam bolýar. Bu welin, eger-eger!.. içinde jany bara meňzänok. Sübsäniň sapy bilen dyzyna dürdýär: "Gyý-uw, kim sen?" diýip gygyrýar. Jogap Ýok. Işigaýdan öläýdimikä?.. Gözi ýumuk, ýüzünde reňk-pet Ýok. Ahyry gorka durup, maňlaýyna elini degirýär, buz ýaly!.. "ölüpdir, işigaýdan ölüpdir!" El telefonyndan polisiýa til edýär. Alyp gidýärler, öňinçä aýalyň aýdanlaryny üns bilen diňläpdirler, sen şaýat diýipdirler. öleniň ýanyndan dokument, ýazgy çykmaýar, morga tabşyrýarlar. -- Bu bende bizde iki gün bäri ýatyr-- diýdiler. Magtym ýalaňaç haçan obadan gaýdypdyr, şähere nähili düşüpdir, näme sebäbe şäherdäki öýüne barmandyr, öýünde ölmän köçede ölüpdir, gidýänini obadakylara duýdurmandyr? Sowal yzyna sowal döreýär, olaryň haýsy birine jogap tapjak? Ilkagşam gatyk bilen nan iýipdir. Şondan soňam çyrasy bardy diýdiler. Ýatmazyndan öň köçä çykyp gezim edýär, şol agşam haçan çykanyny oglunyň maşgalasy takyk aýdyp bilmedi. Irden habar tutsalar, jaýda Ýok ekeni. Daşky gapy içinden gulplanmandyr, Ýorgan-düşek eldenmändir. Düşegi ýerden ýazyp ýatardy, bilime ýaraýar diýerdi. Şu zatlardan çen tutulsa, ol öýde ýatmandyr diýäýmeli. Irji ekspertizanyň netijesini Magtym mugallymyň ogullaryna aýtdy: -- Merhumyň bedeninde zorluk edilipdir diýer ýaly alamat tapylmandyr, alkagolly içgi içmändir, ýürek birden togtapdyr, ýürek çat açypdyr diýen pikire gelindi. Medisinada oňa infarkt diýilýär. Şajan sowal berdi: -- Aýdanyňa özüň ynanýarmyň? Irji äsgerilmeýän adamyň kemsinmesini duýduryp ajy ýylgyrdy. -- Hormatlym, kanun boýunça men ekspertizä ynanmaly, eger-de siz ynanmaýan bolsaňyz, gaýtadan barlaň diýmäge kanuny hakyňyz bar. Berdi: -- Biziň kanuny hakymyz ýadyňa düşdi, şoňa-da şükür--diýdi.--Sen juda işeňňirlik görkezdiň, alada galdyň, biz üçin edýäniňe men-ä ynanyp bilemok. Irji gaýtawul bermedi, eginlerini gysyp dymdy. Merhumyň jesedini oba alyp gitmediler, şäherde ýaşaýan ogly kakasynyň pendini ýatlatdy: meni şäher gonamçylygynda jaýlaň diýen ekeni. Allaş Gülşiriniň ýanyna baryp, Ataly başlygyň altmyş ýaş dabarasyna gatnaşyp bilmejegini aýtdy. Magtym ýalaňajyň öldi habarynyň bulara-da ýetendigine şühbe etmedi. Irjiniň oda düşen bolup ýörmesinden ýakymsyz many alypdy, şübhesini Magtym ýalaňajyň ogullaryna duýdurmakdan saklanypdy, mensizem duýandyrlar diýdi. -- Ýas güni gyzyl baýdak parladyp ýörsem gelşiksiz bolar--diýdi.--Ýoldaş mollumyň ruhuny kemsiderin. Gülşirin şelaýyn ýylgyrdy. -- Hudaýsyzlarda ruh bolýarmyka?--diýdi. -- Bolmaly. Ejize ganymlarda-da ruh bolmaly, tenini satyp ýören küntülerde-de ruh bolmaly, meslige çydap bilmän ýören lolularda-da ruh bolmaly. Nähili ruh, onçasyny Ýagmyr molladan sorap göräý, keýigim. Ruh meselesini aýyl-saýyl etmäge mollalar ökde... O ýaňky, düzen sanawyňdan meň adymy öçür. Gülşirin gaşlaryny çytdy, siltendi. - Mellegiň sanawyndan öçürip biljek, dabaraň sanawy dabaraçynyň ygtyýarynda. Gülşirin Bally Baraty habardar etdi. Elbetde, Ataly başlygyň kabinetinde tost ýazylan depderi goýup giden Magtym ýalaňajyň ölendigini aýtmady, warak motoryň eýesi Allaşyň şäherde ýaşaýan ýakyn garyndaşy ölüpdir, ýedisi geçýänçä sypynyp bilmejegini aýdyp gitdi diýdi. - Ýasdan gal diýip bilmeris, motoryny goýup gitse bolany. Kim sürdi, maňa parhy Ýok, maňa köne IŽ motor gerek. Gülşirin Bally Baratyň sözüni Allaşa ýetirdi, Allaş uludan güldi. - Köne motor özümden arzyly boldy galaý-dow... Gülşirin: - Ýalbarylar öýdensiň--diýdi.--Ýo-Ýok... Dabara iki günden geçmelidi, Magtym mugallymyň üçüne gabat gelýärdi. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -10: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Duman daganda: Serçe-de bolsa, piliň gözüni çokaýan serçe - 06.06.2024 |
√ Köne mülk -5: romanyň dowamy - 12.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Duman daganda: Zäher gahardan ýasalýar - 01.06.2024 |
√ Dirilik suwy -20: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -20: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Köne mülk -9: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |