14:59 Täze harabalar / Zyñyp gitdiler | |
16. Zyňyp gitdiler
Romanlar
Arslanyň toýundan iki aý soň, güýzüň aýagynda, Gün dogmanka Gurduň gyzy Solmazy goşy bilen atasy öýüne zyňyp gitdiler. Durmuş toýunuň ertesi, toýuň gyzgyny sowamanka gaýtarylýan gelinler babatda taşlanan, zyňylan sözler aýdylýar. Solmazy getiren Mämmet maşynyny Gurduň gapysynda saklady, bagažnikdäki çemodany, sumkalary ýerde goýdy, salonyň arka tarapyny dolduryp duran goşlary çykardy. Tamyň öň tarapy ýeňseden geçýän köçeden görnenok. Goşlar derrew ýygnalsa, maşynam eglenmän gitse, Solmazyň getirlenini keseden görjek Ýok. Mämmet Solmaz tarapdaky gapyny açdy. - Düş. Solmaz gözilginç arakaýynlyk bilen düşdi, ülje reňk pambarhat köýneginiň bilini, haşamly koftasynyň eginlerini çekişdirdi. Başy açyk, saçy düýrlenip., kellesine galdyrlan. Bolşuny synlap, masgara ýagdaýa uçuran gyzyň gorkusyny duýmak kyn. Onuň owadanlygy Mämmediň gaharyny getirdi: owadan jelep diýip käýindi. Owadan haryt alyp, ilki begenip, soňra-da çüýrük çykanlygy üçin eýesine gaýtarmaga mejbur bolan adamyň ökünji bilen hyrçyny dişledi. Hilegär jelebiň aýbyny açandygyndan, gaýtaryp, zyňyp gidýändiginden dabara duýmady, artykmaçlygyna buýsanmady. Ýüregini eýelän söýgä zäher gatyldy. Solmazdan jyda düşmek kyn, alaçsyzlygyny boýun almak ondanam kyn. -- Mämmet, sen işiňi bitirdiň, eglenme-de git. "Mämmet" diýende Solmazyň äheňindäki ýumşaklyk erkegiň salyny has-da gowşatdy. -- Ejeňi, kakaňy göreýin. -- Galmagal turar. -- Turjagyny öň bilmediňmi? -- Bar, ýüregiňi boşat onda. Solmazyň gaýduwsyzlygy gül meňzine Ýowuzlyk çaýýar, ol hasam owadan göründi, bu owadanlykdan ýüz öwürmeli bolandygyna Mämmet gynanyp dur, gynanç ýüregine temen bolup sünjüldi, nätsin! Solmaz uly tamyň öňündäki gapysy açyk jaýa goşlary daşady. öýdäkiler turupdyr. Gaz pejiň üstündäki suwly kitirden şyggyldy eşidilýär. Ejesi çaý demlemäge çykar. Kakasy çykandan ejesi çyksyn, kakasy çyksa, daşarda galmagal turjagyna garaşyber. Solmaz häzir galmagaldan gorkdy, içerde ediljek zorluga çydaryn öýtdi, daşarda ediljek goh-galmagala çydamak kyn düşer. Mämmet ýaýdanyp dur, Solmaz gapysy açyk jaýda garaşýar. Diýeni ýaly, ejesi eýwanly tamyň gapysyny açdy, göwresinden ozal haşlap dem alyşy eşidildi, güýzde demigysmasy beterleýär. Elini dyzyna diräp, agyr göwresini üç basgançakdan düşürýänçä, bäş ädim aralykda duran Mämmedi görmedi. Ilki maşyna üns berdi, soň Mämmede seretdi. -- Salawmaleýkim. Bossan salam beren adamyň ýüzüne çiňerildi. -- Waý-eý,..--Mämmedi tanandygyny mälim etdi.--Saglykmydyr,.. eýgilikmidir? -- Gyzyňyzy getirdim. -- Waý-waý, näme?.. näme diýdiň? -- Gyzyňyza eýelik ediň. -- Nä-ä-äme ediň? weý-weý... Mämmet eşiden sözüni Bossanyň paýhasyna ýetirerine garaşyp durmady, eplenen hat bukjany eline tutdurdy. -- Menden hiç zat soramaň--diýdi. -- Bi näme? -- Açyp görüň, düşünmeseňiz gyzyňyzdan soraň. -- Gyzym hany? Solmaz nirede? Mämmet üm bilen açyk gapyny görkezdi. Bossan gapa ýetýänçä Mämmediň maşyny tamdan ara açdy -- Eje, men bärde. Solmaz bosagadan boýnuny uzatdy. -- Waý, o nä gidiberdi-le? -- Gitsin, eje, häzir gideni gowy. -- Näm boldy? Ne bela uçuradyň? -- Girsene, daşarda durma. Kakam öýdemi? -- Sürä sygyr goşmaga gitdi, häzir gelmeli. Solmaz ejesi giren dessine gapyny ýapdy. -- Eje, sen aýal adam, sözümden beter ynanjak zadyňy görkezeýin,.. seret, eje, seret--Solmaz koftasyny çykarmady, köýneginiň etegini çermäp Ýokary galdyrdy, somlady.--Ganyň yzyny görýäňmi, seret, öň etegim, yz etegim tutuş gan. Gije geýip ýatan eşigim. Indi muňa-da seret,..--Içki eşigini galdyryp, ak türsüginiň aýyrdyny görkezdi.--Tutuş ganyň yzy... gördüňmi, düşündiňmi, eje!.. Bossan geplänok, eňegi saňňaldaýar, gözleri tegelenip, depesine çykyp barýar, başyny atyp, görýändigini duýdurýar. -- Gözüň gördi dämi, başga gepe ynanma, hatly bukja-da ynanma, töhmetdir. Güm etsene şo haty, gizle, kakama görkezme,.. gowusy, maňa beräýsene şony--Bossan hatly bukjany aýasyna gysdy, bermejegini duýdurdy.--Gözüň görenine ynan, seň göreniňi kakama görkezip biljek däl. Goý diýseň, içki köýnegimi goýup gideýin, kakamy özüň ynandyr, häzir görmesin meni. Gideýin, şähere ýeteýin, Näzigi habardar ederin, nirededigimi aýdar. Bi goşlaram bir ýana bussur, kakama häzir hiç zat diýme, soň,.. soň uguryny tapyp aýdarsyň. -- Waý-eý, ne bela uçuradyk!.. akylly-başly düşündirip aýd-a maňa, näm boldy? -- Aljyrama, eje jan, beterine uçuratmasyn hudaý!.. kakam gelse, oňly zat bolmaz, gideýin, mende çigit ýaly günä Ýok, eje, gözüň bilen göreniňe ynan. Solmaz gepläp durka üst-başyny gelşige getirdi, kellesine sary öýme atdy. -- Ýüregim agzymdan çykyp barýa! -- Çydajak bol, gitsem köşeşersiň--Gapyny açdy.--Şähere ýetdigim til ederin. Bosagadan ätlemäge ýetişmedi, maňlaýynda kakasynyň durandygyny gördi, yza tesdi. -- Bossan, bi gyzyň ýaly-la, Solmaz ýaly-la? Ejesine hä diýmegiň kyndygyny duýan Solmaz öýmäniň gyrasyny maňlaýyna çekip: -- Hawa, men--diýdi. Gurt garşysynda duranyň gyzydygyna ynanmak üçin onuň ýüzünden başga-da bir delil agtarýan ýaly, içerik göz aýlady, getirlen goşlary gördi, goşlara garap durka-da Gurduň peşeneli ýüzi kem-kemden agardy, dodaklaryndan ganyň reňki ýitdi. -- Bossan, lal açmadyk bolsaň geple, diliň ysmaz bolan däldir-ä? Gyzymy goşy bilen zyňyp gitdiler diý. -- Gyzyňda günä Ýok. -- Gyzyňda diýme, gyzymda diý. Bigünädigini eýýäm haçan nireden bildiň? Zyňyp gidenleriň aýtmadyg-a belli. Ýa, gyzyň aýtdymy? Mende çigit ýaly günä Ýok diýdimi? Göresim geldi-de gaýdyberdim diýen-ä däldir?--Gurt ýüzi ýaly agaran gözlerini Solmazyň ýüzünde saklady.--Ejeň bilen hoşlaşyp, nirä gitmekçidiň? Hany, o jaýa baraly, ejeňe aýdanlaryňy maňa-da aýdyp ber. Gurt bosagadan bir gyra çekildi, gyzyna Ýol berdi. Bossan: -- Gurt, öňürti meni diňle--diýdi. -- Näm üçin seni diňläýin? Düýn äre berlen sen däl-ä. Üç ýüz adam ýygnap seň toýuňy etmedik, gyzyň toýy edildi. Toýy edilen gyzyňy diňlejek. Sen şu ýerde otyr, gabra giren ýaly, çykman otyr! Bossanyň şu pursat gyzyndan garaşany: kakasyna ýalbarar, gözýaş döker... Eger-eger, ejizlejege meňzänok. Gaýşarylyp barşyna kakasyndan öňürti eýwana girdi. Bu boluşy ejesindenem hemaýat soramajaga meňzeýär. Dogrusy, Solmazyň bolşy Bossana ýarady. Ýazyklydygyna sähelçe şübhesi bolan gyz başyny belent tutmazdy, kakasyny ynandyrjagyna ynamy bardyr. Bossan ärine-de belet, gödekligine-de belet, gany depesine uranda, akyl-paýhasdan jyda düşüp biljegine-de belet, tiz gyzyp, tiz sowaýanyna-da belet. Solmazyň gözilginç arkaýynlygy kakasynyň myrryhyny atlandyrar. Bossan görüp, bilip otyr-a. Derde galdy, dabanyna köz basyldy. Şu pursat adyýitmiş demigysma-da bardygyny bildirdi, bokurdagyna ýapyşdy. Demini tutup, küküregini gysyp, hygyldadyp alyp barýar. Hä diýmän bu jaýy Bossanyň gabryna öwrer... Daş çykdy, biraz çigrek howadan boýnuny süýndürip dem aldy, alan demi aňry gidenok, bogazynda dykyn bolup dur, hažžyldap ses edýär... Jähennem, ölmejegini bilýär, birsellem bogar, goýberer. Bu dert öwrenişen derdi. Häzir gyzynyň derdi has çökder. Nirä ylgajagyny, nirä maňlaýyny direjegini bilenok. Ogullaryny habardar etmelimi, şäherde ýaşaýan gyzy Näzige til etmelimi?.. Waý, nädende gowy boljak?! Alžyradygyça başy çaşdy. Gysymyndaky bukjaly hat tenine çümen ýaly ünsüni böldi. Bukjany täze giýewi eline tutduryp gitdi, aýdan sözem hakydasynda: açyp görüň diýdi, düşünmeseňiz gyzyňyzdan soraň diýdi. Bukjada bir bela bolmaly, bolmasady, Solmaz haty ejesiniň elinden aljak bolmazdy. Gyzynyň aýdan sözem ýadynda: bukja ynanma diýdi, töhmetdir diýdi. Bossan töhmetiň nämedigini bilmeli, bilmän gyzyna hemaýat edip bilmez-ä, gyzyny Gurduň zorundan dyndaryp bilmez-ä! Ýapyk eýwanyň aňyrsynda nämeleriň bolýandygyny bilenok. Eý, hudaý, Alla jan, başymyzdan bela-beteri sow!.. Alakanyň hinine sümülişi ýaly, ýene jaýa sümüldi. Titreýän ellerinde bukjany zordan saklap, açdy, ýelimlenen bukjany usul bilen açyp durmaga takaty ýetmedi, gyrasyny ýyrtdy. Seredýär, bukjada hatam Ýok, kagyzam Ýok, waý, boş bukjany berip gitmesi nämekä? Ýene bukjanyň içine seredýär, düýbünde gara-gura zat bar ýaly-la... Saňňyldaýan aýasyny ýazyp, üstüne bukjany silkdi. Birgiden gyl gaçdy, başga zat Ýok. Iki, üç, bäş,.. ýedi sany gyl. Uzyny orta barmagyň boýuna ýetjek, biri hasam uzyn, galany maýda. Garaja gyllary barmagynyň ujuna gysyp, towlap gördi, sapak ýaly, adamyň saçy ýaly ýumşak däl, digir, gaty... Nämä deňejegini bilenok, hiç hili pikir-hyýal kellesine gelenok. Eý, hudaý, bylar nämäniň alamaty?.. Ýene boglup, demi ýetmän aljyrady, maňlaýyna sowuk der geldi. -- Alla jan, hudaý jan, bela-beteri başymyzdan sowaweri!--diýdi.--Keramatly pirler, keramaty zor Ak işan, Hojaýusup baba, üç ýüz altmyş öwlüýäler, bela-beteri sow, sowul bela, sowul bela! Ýoluňyza bir tamdyr nan... Alla jan, sadakalaryzy kabul et. Ýagşyzadalaryň Ýoluna-da bir tamdyr nan... kabul bolsun, hudaý jan, Alla ja-an, Taňrym!.. Bossanyň islegi janly aýtmakdy, saklandy. Gurtdan bidin töwekgellik etmäge bogny ysmady. Goýun diýse, Solmazyň başyndan inen bela sowulmasa,.. janlyny soňa goýýandan amatlysy bolmaz. Alla jan, men pakyryň günäsini öteweri diýdi. Uly tama seredýär, aýnalary ýapyk eýwana seredýär, duzaga düşen gyzyny göz öňüne getirýär. Äriniň buýranyna boýun bolman barsa, hemaýat eder öýdenok, Gurduň hasam myrryhy atlanar. Bukjadaky gyllaram görkezmeli däl, näme sebäbe görkezmeli däldigini özem bilenok, oňly zat däldigini welin, süňňi syzýar. Solmaz bukjany aljak boldy, töhmet diýdi. Töhmet diýip, birgiden gyly görkezip bolmaz-a! Bossanyň ýeke umydy bar: Solmaz Gurdaňam gyzy, Gurduňam perzendi, perzendine rehimi inmezmi! Solmaz uly tama girişine öz otagyna geçdi, ýüpek mata örtükli krowatynyň gyrasyna çökdi. Düýn irden gelen gelnalyjy ony şu otagdan alyp gidipdi, çykyp barýarka otagy bilen hoşlaşypdy, onuň ýakymyny özi bilen alyp gidipdi. Häzir zorluk bilen keseki otaga salnan ýaly ýakymsyzlyk, sowuklyk duýdy. Şifoneriň üstünde sary saçly, owadan gurjagynyň oturandygyny bilýär, duýýar, oňa seretmezlige özüni mejbur etdi. Gurjagyň dury gözlerindäki ýylgyrmany synlanda özem ýylgyrardy, häzir ýylgyrmagy başarmaz, gurjagyň ýylgyrmasyndan ýakymsyz many alar, gowusy, seretmezlik. Gurjagymy soň alyp giderin diýipdi, indi alyp gatmejegini bilýär. Munuňam sebäbini halaýan gurjagyna düşündirip biljek däldi. Eger eýwana aýak basanda gurjagy ýadyna düşen bolsady, otagyna girmezdi, ýakymsyz gürrüňe gurjagynyň şaýat bolmagyny islemezdi. Indi giç, kakasy girdi, Solmaz gürrüňe taýýardygyny duýduryp, kakasyna garady. Kakasy golaýlaşman, iç bosagada duran ýerinden sesine Ýowuz äheň berip: -- Kim getirdi seni?--diýdi. -- Maňa är bolmaly adam getirdi. -- Är bolmaly adam bu mahal seni bäri getirmeli däl-ä, mejbur bolmasa getirmezdi. -- Men-ä alyp git diýmedim. -- Sow ýüzüňi, seretme maňa. Solmaz gygyrman geplemegiň kakasyna juda kyn düşýändigine düşünip otyr. Çydamaz, gygyrar, garaşýan sözüni gyzyndan eşitsin-eşitmesin, gygyrar. Kakasynyň çalt gyzyp, çalt sowaýanyna-da belet. Bu sapar şol endigi oňa başartmasa gerek. Biabraýçylygyň howpy bir öýüň çäginden çykypdy. -- Günämiň Ýokdugyny bilýän. Sen erkek adam, öz dilim bilen saňa aýdybam biljek däl, seret diýip, görkezibem biljek däl. Ejemden sora, ejeme görkezdim, näme görenini ejem aýdar. -- Ejeň gursun! Ejeň dälmi seni başa çykaran, ejeň seni şu güne saldy. Başda aýagyňy şäherden kesmelidi. Goraglap, ant içip, awy ýalap, meň başymy aýlanam seň ejeň. Ejemden sora diýme, ejeň ertekisine indi ynanman, seni öz elim bilen öldürerin! Solmaz kakasyna seretmedi, seretse, kakasy has-da beleň alar öýtdi. -- Ine, öldürdiň-dä, şondan saňa peýda bolar öýdemok. -- Binamys diýmezler. -- Saňa binamys diýjek Ýok, kaka, namysyň gürrüňini etjegem Ýok. -- Lal bol, lal bol, dogman geçen! öldürjegim çyn, şu pyçagy böwrüňden sokaryn. Solmaz diline gelen sözi aýtmady, öldürjek adam haýbat atyp durmaz diýmelidi. Gyjyt ýaly bolar. Kakasyna seretdi, onuň elinde ak saply jöwher pyçak bar, Solmazyň görüp ýören pyçagy, eýwanda bezeg üçin asylan haly horjuna gyssyrylgy durardy. Pyçagy gaýyş seçekli gynyndan sogrupdyr. Eger oňa öň şu pyçak bilen kakaň seni öldürer diýsediler, gülerdi. Häzirem howp duýup alňasamady, başga ýagdaý ýadyna düşdi. Dükanlarda satylýan pyçaklaryň kütekliginden zeýrenende kakasy ak saply pyçagy eline alardy: şu jöwher pyçagyň poladyndan ýasaýsadylar, hiç pille pyçak kütelmezdi diýerdi, pyçagyň ýüzüne barmagyny seresap degrip görerdi. Goýnuň damagyny çalmaga häzirlenende-de şeýderdi, pyçagyň ýitiligine güwä geçenden soň dört aýagy güýlünen janawaryň üstüne abanardy. özüni goýnuň ornunda goýjak bolanda Solmazyň gülküsi tutdy. -- Nämä ýyrşarýaň, öldürmez öýdüp ýylgyrýamyň? -- Aglap ölenden ýylgyryp ölsem gowy dälmi, kaka. Gurt topuldy, Solmaz gygyrmaga-da ýetişmedi, kellesine degen agyr ýumrugyň zarbyna göwresi arkan serpildi. -- öldür, eliňde jöwher pyçagyň bar, öldür, dyn!--Solmaz ýatan ýerinden gygyrdy. Kakasynyň yza dönenini görüp dikeldi.--Kaka, özüňi gynama. -- Sem bol, sem bol, dogman geçen! -- Saňa ýalbarsam: kaka, öldürme meni, günämi öt diýip ýalbarsam, aýagyňa ýykylsam, saňa ýarajagyny bilýän. -- Ýalbarma, menden rehime-de garaşma. Düýn äkidilip, bu günem zyňylyp gidilen bolsa, o maşgalaň oňly däldigi. -- Bu zamanda saňa namysly bolmak, maňa binamys bolmak, ikimize baglydyr öýdemok. -- Gör-le, dogman geçeniň tapýan sözüni! Gepleme, diliňi gömelteýinden sograryn! -- Dilim sogrulmanka ýeke söz diýjek. Bu zamanyň baýlaryna, emeldarlaryna senem beletsiň, kaka. -- Gaýdyp maňa kaka diýme! -- Ol adamlar islänini edýäler, biz namysly bolup, olary utandyryp bilmeris. -- Ýerýuwdan, sen binamyslygyňy kimiň üstüne atjak bolýaň? Ýeksurun Arslanyň adyny tutjakmy? -- Ýeksurun diýýäniňiz giýewiňiz bolaýan bolsady, depäňiz gök direjekdi, şony arzuwlap gezdiňiz, meni binamys bolmakdan saklamadyňyz. Ikinji ýumruk has agyr degdi. Serilip, başyny galdyryp bilmän ýatan Solmaza kakasynyň sözi ýetdi: -- Şolmy seň namysyňa tokunan? -- Bilýän zadyňy meň dilimden eşideniň bilen binamyslykdan dynmaga alaç taparyn öýdýän bolsaň, eglenme, git-de Weli baýyň ogly Arslany, welaýaty baglan Girmi baýyň giýewisi Arslany tap. Solmaz gan akýan burnuny gasyp dikeldi, içerde kakasyny görmedi. Sähel salymdan haýdap ejesi geldi. -- Nebela uçuratdy seni? Burnuňy ganadyp oňduran bolsa, şükür et. Nirä ýitirim boldy, aýtmadymy saňa? -- Aýtmasa-da aňýan. Arslanyňam burnundan ik ýaly gan getireýin diýip gidendir. Solmaz güldi, eginlerini silkip güldi. -- Nirden seň gülki ýadyňa düşýä, utançsyz! -- Ak saply pyçak ýerindemi, bar, gör. Ejesi haýdap gidişine haşylap, dolandy. -- Pyçak Ýok!.. alyp gidendir. Waý, Arslany öldürer ol. -- öldürmez, Arslanyň burnunam ganatmaz. -- Kakaň gahary ýamandyr. -- Gahara zat berilmeýändigini bilýändir, hah-wah-e-ý... -- Aýdaýdyňmy, gyz? -- Nämäni aýtmaly men? -- Waý, näbileýin, özüň, ynha, Arslanyň adyny tutup otyrsyň-a. -- Eje, men güm bolup gideýin, häzir Çary geler. -- Indi ol Çary diýýäniň kim? -- Klasdaşym. -- Waý-waý, başym çaşdy... Solmaz, seň arkaýyn bolşuňa haýran men. Gaharyna, ol ady ýitmiş Arslany bir zat edäýse,.. pyçakly gidipdir-ä! -- Ýaňy şu jaýa-da pyçakly girdi, damagym çalynma-da. -- Sen perzendi, Arslan keseki, o nejis seni zaýalandyr öýder. -- Arslan meni zorlamady, eje jan, bizi düşnüksiz döwür zorlaýar, biz bulançak suwdaky balyga döndük. -- Baý-baý, akylly bolaýşyny diý! -- Kakam gidipdir-dä, ýelini çykarar dolanar geler. Arslany tapan bolsam öldürerdim diýer, tapmanyna şükür eder. -- Tapmajagyny sen näbilýäň? -- Arslanyň bilýäni ýeterlik. -- Duýdurdyňmy? -- Duýdurdym diýsem begenersiň, begen, eje jan. Begeniber, kakam Arslany tapmazam, öldürmezem, türmä-de gitmez. Men ony hasam begendireýin, gaýdyp gelende men öýde bolmaýyn--Solmaz üst-başyna tymar berip, gidermen göründi.--Eje, hatly bukjany maňa gaýtar, saňa-da, kakama-da oň geregi Ýok. Görmäňem, bilmäňem. Namys diýilýän zat beýle bir agyr ýük bolsady, adam barynyň bili bükülerdi. Namys üçin adam öldürmeli bolsa, başga ýeriniň gürrüňini edip oturmaýyn, şu obadan günde--günaşa bir bendäni gömmeli bolardyňyz, eje jan. -- Diliň gurasyn, bi gyzyň aýdyp oturan zatlaryny! -- Siz bilip duran zatlaňňyzy aýtmaga utanýan bolsaňyz, menden eşidiň, ýüküňiz ýeňlär. Meni saklama, eje, çaltrak hatly bukjany ber, eglensem, kakam dolanar. Arslany tapmanyna gahar edip, ikimizi ölüräýmesin. Solmaz güldi. Bossan köne, salparan jempiriniň gapdal jübüsinden ýyrtyk bukja çykardy. Solmaz bukjany kakyp aldy, sumkasyna dykdy. -- Näme okan bolsaň, ýadyňdan çykar. -- Weý, okar ýaly, käşgä, hat çykan bolsa... birgiden gyldan başga zat görmedim, düşünen däldirin. Solmaz güldi, titiräp, janagyrly güldi. -- Düşüme-de--diýdi, ýene güldi.-- Içki köýnegim şifonerdedir, ýatsyn, ýuwaýmagyn. Eýwana çykdylar. Solmaz haly horjunyň gyrasynda ak saply pyçagyň Ýokdugyny gördi, manysyny ýitiren zady ýatlaýan ýaly ýylgyrdy. Çagyrlan maşyn gapyda duran ekeni. Ejesini göwünsiz gujagyna gysdy. -- Ähli zada düşünjek bolup, heläk bolup ýörmäň--diýdi.--Derýaň boýunda täze "Gözellik salony" açyldy, şo ýerde işlejek, Näzik görkezer, bar, är gözleýän gyzlaň perizat boluşlaryny görersiň. Kakaň ýaşlygyny ýatlasyn diýseň, senem gelne öwrüp bilýäs. -- Hä, bir kemim şody. Täsin ýerden iş tapypsyň. -- Eýesiniň kimdigini aýdaýynmy? Kakama aýtman diýseň, aýtjak. -- Kilçerip durma-la. -- Arslan. -- Ady ýitsin-le şoň. -- Olaň ady ýitmez, ýurduň eýesi şolar!.. Eje, galyň diýip getirlen zatlary gaýtaryň, eglemäň. -- A gyz, rişdäňi üzäýjekmi? -- Gabra gitsinler! -- Hudaý diýen ýerimiz bar ekeni, Alla jan seni, kakaňy bela-beterden saklady. Sen diri galarsyň öýtmedim. Sadakamyz kabul boldy, gyssanjyma pirleň, ýagşyzadalaň Ýoluna iki tamdyr nan aýtdym. Bir tamdyr maňa, bir tamdyr saňa. Paýyňy bermelisiň, gyz. -- Sadaka ýadyma düşenok şu mahal, eje. -- Küpür gepleme. Solmaz sumkasyndan çykaryp, ejesine pul uzatdy. -- Ýigrimi manada bir tamdyr çörek düşýä, al-da paýla. Bossan puly aldy. -- Sadakaň kabul bolsun, Solmaz jan. Solmaz öýmäni çümre bürenip, eýwandan çykdy, klasdaşyna iki çemodany bagaja ýüklemegi buýrup, maşyna sokuldy. Bossan maşynyň yzyndan garap hamsygdy, begenýänine-de, gynanýanyna-da düşünmedi, arkaýynlaşanyny welin, süňňi bilen syzdy. öýleden soň Gurt Bossanyň el telefonyna til etdi, azgyryldy: -- Men baramda gyzyň gözüme görünmesin--diýdi.--Güm bolsun, gara ýeriň teýine giren ýaly bolsun. Gözüm görse, eýgilige garaşmaň menden, ak saplyny böwründen sokjagyma ynanaý!.. Solmazyň aýdyşy ýaly, Gurt Arslany tapmadyk bolarly, rahatlandy. Demigysmasy ýadyna düşdi. Bu sapar köne derdi demine ýapyşyp, bardygyny duýdurmady, dem almaga täsin ýeňillik berip duýdurdy. | |
|
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
√ Köne mülk -9: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -6: romanyň dowamy - 12.07.2024 |
√ Dirilik suwy -24: romanyň dowamy - 24.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -13: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan / romanyñ dowamy - 09.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -9: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -18: romanyň dowamy - 18.05.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -20: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |