22:08 Täze ýylyň toýunda / satiriki hekaýa | |
TÄZE ÝYLYÑ TOÝUNDA
Satiriki hekaýalar
2085-nji ýyla geçilýän gije. Agşam sagat 22. Ýyl çalyşmaga ýene 2 sagat wagt bar. Daşarda emeli gar ýagýar. ― Aýu, Ikargeldi, öýde ýolkamyzam-a ýok ― diýip, aýalym Älembibi meni yralady. Men bir hezil kitaba diýseň gümra bolup otyrdym. Ol kitapda gaty gyzykly wakalar beýan edilipdir. Başga planetadan gelen gyza biziň Ýerimizden bir ýigit öýlenýär. Olar birek-biregiň diline düýbünden düşünenoklar. «Şonuň üçinem ýaş çatynjalar agzybir ýaşaýarlar» diýip, awtor ýazýar. Şol kitabyň başga bir bölümindäki oçerkde bir sallah inžener öýlenmän, öý hyzmatyny etdirer ýaly robot ýasanýar. Günlerde bir gün robot öýüň hojalyk işlerine ýaraman döwülýär: 3-nji etaža arkasy 70 kilolyk unly halta bilen barýarka, týagasy sypýar. Bir şatyrdy eşidilen ýaly bolýar, «pöwf!» edip, lampoçka ýarylýar. «Robot öýüň işine ýarajak däl ekeni» diýip, ýaňky inžener öýlenmek maksady bilen «gorsprawka» arza ýazmaga oturýar. ― Ikargeldi, Täze ýyla wagt azalýar. Sen kitaby soň okasaňam bor-a, öýe ýolka getir, bezäli ― diýip, aýalym Älembibi ýene ýolkaly gürrüňe başlady. ― Älembibi, garaş, ýene birki sahypajyk galdy ― diýip, men ýene-de kitaby okamaga oturdym. Kitapdaky düşündirişli sözlük meniň ünsümi has-da özüne çekdi. Meselem, «goňşy» diýen söz bar. Şonda şeýle ýazga duşdum. «Goňşy ― bu söz geçen ýigriminji asyrdaky manysyny düýbünden ýitirdi. Täzeçe mana eýe boldy. Seret: «Garyndaş». «Türkmen sowet ensiklopediýasy». 80-nji tom, 317-nji sah.» Men şol diýlen ensiklopediýany açdym. «Garyndaş ― ýaşaýan öýüňdäki beýleki podýezdlerden girip-çykýan adamlar». ― Be, köp etažly kommunal jaýda ýaşaýanlara gadym, ýagny ýigriminji asyrda biziň ata-babalarymyz goňşy diýipdirler. Asyl ol ýalňyş pikir eken-ow ― diýip, oýlandym. Şol «Garyndaş»― diýen sözüň ýazgysynyň iň soňunda: «Dogan hakda bilmek isleseň seret: «Podýezdeş», 172-nji tom, 45-nji sah.» diýlen belgi bardy. Asyl bir podýezde ýaşaýanlara dogan diýilýän ekeni. Beýle ýanyňdaky podýezddäkiler saňa doganoglan, aňyrky öýdäkiler bolsa dolanan bolýan bolsa nädersiň. Goňşy diýib-ä aerobusda birsalym bile oturanyňa-da aýtmak baryp ýatan nadanlyk hasap edilýän oguşýa. Gaty täsin durmuş. Şol ensiklopediýada meni ýene bir zat haýran galdyrdy. Ýigriminji asyrda öýsaýy biri bolan awtomobil, ýigrimi birinji asyryň ensiklopediýasynda arhaizme, ýagny könelen söze öwrülipdir. Transport diňe howa ýoluna geçipdir. Kosmosda hatda döwlet awtoinspeksiýasynyň inspektorlary hem gaýyşyp ýörler. Onda piwohana, kofe, restoran, myhmanhana ýaly jaýlar wazlaşyp barýarlar. Myhmanhananyň gapysyndaky: «Ýer ýok!» diýlen ýazgy ýanyp-sönüp, kosmos giňişligine ýalkym salýar. ― Aýu, Irakgeldi, sen-ä kitaby edil şu gün gören ýaly bolaýdyň. Täze ýyla ýene bir sagat galdy ― diýip, aýaly Älembibi stoluň üstüne emeli üzümden ýasalan çakyry goýup durka aýtdy. ― Häzir, häzir gitjek ― diýip, kitaplary tekjede goýdum. ― Ýolkany nireden getirjek ― diýip, aýalym maňa sowal berdi. ― Ýolkany emeli tokaýdan ogurlap aljak, ogurlap! ― diýip, men çürt-kesik jogap berdim. Maňa ogurlyk däl-de, ekzotika gerekdi. ― Wa-ýeý, ogurlap diýen sözüň-ä bir täsin. Hany, ensiklopediýa seret, ol söz nämekä?! ― diýip, Älembibi «O» harpdan başlanýan sözli tomy maňa äberdi. «Ogurlyk bu arhizm. Ýigriminji asyryň ahyrynda ymykly ýitip giden söz». Emma men bu sözüň manysyna düşünýärdim. Çünki köne sözlüklerden tapyp okapdym. Gepiň gysgasy, men emeli tokaýa ýolka ogurlygyna gitdim. Ýanymda-da awtoköpegim bardy. Ýeri gelende bir zat aýtmalydyrys: şol döwürde öýlerde hakyky it däl-de, demirden ýasalan itleri saklamak rowaçdy. Sebäbi janly it saklasaň, belki, goňşyňa, bagyşlaň, küpür gepläpdirin, doganyňa ýarajak däl. Onsoňam, janly it öýi hapalaýar, oňa ýal gerek, et gerek. Ol gatykly unaş, ýa jazly çorba bilen oňanok, çyňsap dur. Üstesine-de üýrüp, doganlaryňy biynjalyk edýär. Awtoköpegiň saňa azary-bizary ýok, barmagyň başy ýaly iki sany batareýa bilen arly ýyl gezip bilýär. Üýrdüresiň gelse «ü» ýazylgy knopkany basaý. Eliňden gelse, dişlerini gyzyldan oturt. Hawa, onsoň men Ýolbars atly awtoköpegimi öňüme salyp, emeli tokaýa bardym. Gijäň tümlüginde bukdaklap ýolka saýladym. Ysy burk urýar. Ýolka emeli. Polihlorwinilden ýasalan. Daşyna efir ýagy çalnypdyr. Palta sesine aňyrrakdaky garawul aýy arlap başlady. Aýy hem emeli. Demirden ýasalan äpet goňur bela barha öjügýärdi. Ynha, onuň sesi has-da golaýdan eşidildi. Menem awtoköpegimiň «ü» harpy ýazylgy knopkasyny basdym. Bu-da jöw-jöwläp ugrady. Görsem, garpyşjaklar. Men haýdan-haý awtoköpegimiň plastmassadan ýasalan akja dişlerini goparyp aldym-da, ýerine sap polatdan ýasalan dişlerini oturtdym. Polat dişlerini öň ätiýaçdan jübime atypdym-da, Aýy bilen garpyşmak oýun iş däl ahyry. Men ýolkany alyp tokaýdan çykýançam janawar awtoköpegim demir aýyny güýmäp durdy. Aýynyň sintetikadan edilen ýalpyldap duran derisini, tüweleme, awtoköpegim görer ýaly etmändir. Ahaw, meň awtoköpegim hol illeriňki ýaly awtogaýyň, ýa awtogürji däl, tüýs çopan itine meňzedip, özüni-de 0,5 at güýjünde ýasatdym. Şonuň üçinem gaýtmyşy ýokdur, göni dikleşäýer. Hawa, onsoň, ýaňky demir aýynyňam, meniň awtoköpegimiňem sesi ýatdy. Bukdaklap bardym. Görsem ikisem «jansyz» ýatyr. Aýyň-a bir ýeri zamykaniýe bolupdyr, awtoköpegim bolsa bir üýşmek demir bolup ýatyr. Ony emaý bilen ýygnap alyp gaýtdym. Dynç günlerimiň birinde gurnaryn-da. Şeýlelikde 2085-nji ýyly öz Älembibim bilen garşy aldym. Toý geçensoň ýolkany öňküje ýerinde oturdyp gaýtdym. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |