17:58 Täzeden ýoň bolan zat / satiriki hekaýa | |
TÄZEDEN ÝOÑ BOLAN ZAT
Satiriki hekaýalar
Soňky wagtlarda bir zat halys ýoň bolupdyr. Ol hem magaziniň harydyny döwletiň bellän nyrhyndan has gala, juda ýokary baha bilen satyn almak keseli. Bu derdiň ilkinji wirusyny kim döretdikä?! Ol hakda men hiç zat aýdyp biljek däl. Beýle belanyň köpüginiň nirededigini, goý, degişli edaralar bilip petiklesinler. Men bolan bir wakanyň gürrüňini bermekçi. Hol gün öýüme iki kilogram köke alyp bardym. ― Wiý, togsanlyk kökeden alaýypsyň-ow, kakasy. Onuň ýaly arzan zat nämäň alnyndan, aheý, senem ullakan adama meňzeş däl, çaga ýaly edýän işleriň ― diýip, aýalym geň galdy. ― «Arzanyň arzysy bolmaz» diýipdirler. Nätjek ol artyby, iýjekmiň, ýere dökjekmiň, alanyňda, getirýärkäň tanyş-bilişler bir görmedik bolsun-da hernä ― diýip, ol elindäki pully jantaýyny taýly gezek sypalady, bir gezek açyp ýapdy. Bu geplerden, beýle hereketlerden soň mende-de birhili duýgy oýandy. ― Şol-a togsanlyk köke-de bolsa, ony, keýwany han, bir manat kyrk köpükden alandyryn ― diýip, jübime üç gezek pök-pök kakdym. Görşüňiz ýaly, indi gadymy düzgünler ýitip gitdi, öňler her kim güp-güp edip, döşüne kakardy, a soňky döwürde bolsa jübä pök-pök edip kakmak, ýa bolmasa, gapjyga urmak ýoň bolupdyr. Mahlasy, indi döşe däl-de jübä kakmak rowaç boldy. Men kisäme kakanymda, oglanlaryň enesinde göriplik keseli beterläp başlady. Ol: ― Wa-ýew, iki kilogram köke dagy nämäň alnyndan. Anha men iki halta kartoşka aldym. Men onuň her kilosyny on bäş köpükden däl-de, elli köpükden aldym. Hemme aýallar geň galyşyp, maňa seretdiler. Göriplikden ýaňa gözleri çykaýjak boldy. «A, gyz, Dürnabada serediň-le, larýokdan arzan kartoşka alman, elden gymmat alyşyny görseňizläň!» diýişip, içleri ýandy. Hawa-da, bar-da. Aljak. Arzan zady kim almaýar. Gymmadyndan alsaň hasap ― diýip, aýalym gapjygyny bat bilen pökledip urdy. ― Päheý-de welinim, utanman, şol çüýrük kartoşkanyňam bir gürrüňini edýäň-ow. Men ýaňy arzan kökäni gymmat baha töläp alyp, magazine sygman daşaryk çykdym. Awtobus geldi, münmedim, trolleýbus durdy, aýagymy ätmedim. Magazinden öýüme çenli iki duralga çemesi bolsa-da mündüm taksä. Onuň sçýotçigi otuz sekiz köpüjek görkezdi. Emma bir manady taksiçä tarap pitikläp goýberdim. Men şeýle diýip, çep döşüme güp-güp kakdym. Çünki pully gapjygym şol tarapdaky jübimdedi. ― A heý, günüňe ýanaýyn, erkek adam bolubam utanman bir manadyň gürrüňini ederlermi?! Men-ä seni kişi kimin hil bir iş edendir öýdüp, är işini bitirendir diýip, çaýymy sowadyp diňleýänem ― diýip aýalym maňa jort atdy. ― Men eşider bolsaň, bir halta tüwini segsen manada däl-de ýüz elli manada magazinden aldym. Satyjy «Daýza, segsenlik tüwi-hä bar, alaý» diýdi. Gerek däl, o nämäň alnyndan. Maňa özüňe goýanjaňdan ber diýdim. Ýogsam ikisem bir atyzda biten şalynyň tüwüsidir. Maňa at-abraý, mertebe, dereje bar zatdan gymmat ― diýip, aýalym jantaýyna pyt-pyt edip üç-dört gezek pitikledi. ― Päheý-de welinem, tapdyň bu ýerde gazly suwdan serhoş bolup ýören keçetelpegi. Ýogsam näme, häzir uly-kiçi hem tüwini gymmat alýar-a ― diýip, men aýalymyň kejine gaýtdym. ― A haw, kakasy, düşün, berebekgeý bolma, gulak sal, şol aldym diýen bir halta tüwimiň on bir kilosy kem geldi ahyry ― diýip, aýalym pully gapjygyny ýokaryk oklap gapdy. Tasdan är-aýal ikimiziň aramyzda oňuşmazlyk döräpdi. Hernä goňşymyzyň kürsäp içerik gireni gowy bolaýdy. ― Baýram, aw ganly! ― diýip, men oňa ýüzlendim. Çünki ol et kombinatynda gassap bolup işleýärdi. Baýram: ― Aw ganly! ― diýip, bir läşi orta oklady-da, bize seretdi. ― Her kilosyny ýedi manatdan bererin diýseň läşi holodilnige basjakdyryn, Baýram han?! ― diýip, jübime taýly gezek kakdym. Men şeýle diýenimden soň aýalymda göriplik ody lowlap ýandy. Ol: ― Aýu, kakasy, çaga ýaly bolma, munuň ýaly täze etiň kilosyny uly il ýedi manatdan alyp otyr. Ilden saýlanmajak bolsaň, bu dünýäde näme körüň bar?! ― diýip, aýalym Dürnabat elindäki jantaýyny açyp-ýapdy. Ol: ― Gel, kakasy, şu eti on manatdan alyp jomartlyk edeli ― diýdi. ― Nyrhdan çyksaň, ilden çykdygymyz bolmazmy?! ― diýip, men ikirjiňlendim. ― Wah, bize geregi şol-da, kakasy. Gyzaryp öňe çykyp bolsa, asyl oňa ýetesi zat bolmaz. ― Men eti ondan däl-de, on birden satjak ― diýip, etçi ortadaky läşiň buduna kakdy. ― Biz eti on birden däl, on ikiden alýas! ― diýip men öz buduma kakdym. Sebäbi iri pully gapjygym jalbarymyň jübisindedi. Biz şondan soň är-aýal ikimiz öwünmek üçin kelte tirkelen ýaly bolşup, goňşularymyzyň öýlerine aýlanmaga gitdik. Ilkinji baran howlymyzda-da paltamyz daşa degdi. Gaýdyp güplemeg-ä beýlede dursun, hatda gürlemez ýaly bolduk. Asyl ile çykarlygymyz galmady. Ol, ynha, şeýle boldy. Otluda prowodnik bolup işleýän goňşymyz Seýitli bizi howlusynda garşy aldy. Ol: ― Ynha, şu täze iki sany «GAZ-24» «Wolgany» şu gün getirdim. Bu maşynlar täze tipli «Wolgalar» bolmaly. Özüniňem hersiniň döwlet bahasy on bäş müňden ― diýdi. ― Öz bahasyna, döwlet nyrhyna aldyňyzmy? ― diýip, aýalym, mekir-dä, biljek boldy. ― Ýogsam näme, elbetde, şoňa alandyr ― diýip, men goňşymyň mertebesini peseltjek boldum. ― Päheý-de welinim, siz piliň gulagynda uklaýaňyz-ow. Men öz bahasyna ötluçöpem alamok. Bir manat oklap, ýekeje otlüçöp alýan-da birje çöpi bilen filtrli çilimimi otlap, ýene otluçöpi ýerinde goýup gaýdýan ― diýip, prowodnik Seýitli gürrüňini dowam etdirdi. ― Ynha şu iki «Wolga» üçin dury puldan segsen müňi sanadym ― diýip, ol aýtdy. Bizem şondan soň «Gutly bolsun!» diýip, haňk-huňk etdik-de, Seýitliniň giň derwezesine degmän çykyp, öýe tarap ýeňsäni titredäýdik. ― A how, goňşular, aýtdygymdyr, indiki annada ogullarymyň ikisinem bir günde öýlendirýändirin. Sähedi bellenendir, altmyş müň galyň geçirildi ― diýip, Seýitli yzymyzdan gygyryp galdy. Onuň soňky sözlerini gowy eşitmedim. Sebäbi gulaklarym güwläp, gan basyşym güýjedi. Agzyma uçuk gaýnap, gyzgynym artdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |