02:57 Telbelik tegelegi / hekaýa | |
TELBELIK TEGELEGI
Hekaýalar
Tualede gyssanmaç girdim-de, iki elimi çermegime urup, sakga durdum. Temegimi ýygryp bir hoşboý ys aldym, gözlerimi süzüp “O-oo, - diýip, kalbyma dolan gül kokusynyň lezzetini beýan etdim. - Başlyk tuwalede giripdir. Her gezek başlyk, iş ýeriň tuwaledine girip çykandan soň ýarym günläp onuň sepinýän atyrynyň ysy aýrylmaýar. Aýrylmanam gowu-da, özüniň gelmegini halamasagam, atyr-a janyňa ýokýar. Şeýle-e, kombinzony sypyryp oturdym. Ah-h, uf-f, ine, şeýdip başlygyň hoşboý ysly dünýäsini weýran edäýmelidir. Içim doly ýel eken-aýt. Tuwaletden çykyp telefona ýapyşdym “Alýo, keýwany, şu gün bir etli nahar bişirsene! Ýogsa by noýwa içmiň içine s..di wapşe. Howwa. Näme? Et ýok diýýäňmi? Gassapdan ýazdyryp alaý. *** Ýoldaşym işden jaň edip etli nahar bişirmegi tabşyrdy, ýogsa noýba gowurma gowy däl diýdi. Zeýrenerçe bar, bir hepde bäri öýe et alamok. Etem alaýyn, biraz gök-sögem alaýyn. Bazaryň ýakyn-ýanymyzda bolmagam bir gowy. Gün öýleden agyp barýa, bazar sowulmanka howlugaýyn. Naharam atarmaly gelip. Bazara barmaly, gassaphana hem... Ýene şol hyrsyz gassapdan et almalymy?! Hem ýüzi hyrsyz, gözleri bilen iýäýjek bolup seredişem ýakymsyz. Ýüzüniň ýarsyny ýapyp duran sakgalam, tüýlek ellerem, paltasyny salgaýşam gorkunç. Kinodaky wikingler ýaly. Ýoldaşymyň etli nahar iýesi gelipdir. Bolmasa bazara-da gidesim gelenokdy. Gitmeli ýöne. Şu eşiklerim bolýa. Öňlügimi çykarsam bolýa. Görünjek bolýanym ýok. *** Bazarjyk. Gassaphana. Çig etiň gan gatyşykly ysy... daýaw gassap, işsizlikden et çapgyjyny arassalap otyr. Tüýlek bileklerinde gatap galan gan tegmillerine guwanýan ýaly siňe seredýär. Ýerinden turup paltasyny eline alýar, düýn çarha tutupdym. Birden onuň gözi gögümtil köýnekli aýala düşdi. “Hä-ä, ojagaşmy bi, hemişeki gelýän”. Ýuwdundy, ýaman naşyja-aý şü... Aýal gassaphana girip, gepläp ýetişmänkä, gassap oňa ýüzlendi: - Et diýip geldiňmi? Aýal “howwa” diýen manyda baş atdy: - Çärek kilo çekäýiň! Gassap aýaly başdan-aýaga synlap, galbaň göwüsleriniň deňinde saklanyp, gözlerini aýyrman durşuna: - Şeýle azajykmy – diýip göwünli-göwünsiz et çekmäge durdy. *** Ýaňy bir işe başlapdym. Ellerimem gara ýag, blä-ä... Naçalnik seh çagyrýar diýip geldi bir gögele. Barsam kabinetinde otyr, keýpikök: - Me, patron bilen gepleş! Trupkany alyp, gulaga ýetirenim şol: - Aram jan, edil häzir sen öýe gitsene, wannanyň sanuzelinde bir zat dykylypgalypdyr. Gyssagara hiç kimeme ýok. Özüň baryp mazaly oňňaryp etsene?! A tak näçesi geldi, her zat etselerem bozulýar şol içigar sanuzel. Patron bir ýere gidip barýan ýaly daljygyp düşündirjek bolýardy. Men: - Patron ýeke özüm-ä oňňarmaryn.- diýýän. -Ýanyma Matweýi alaýaýyn. - Alaý, kimi alsaňam. Ýöne gaýrat ediň. Aýalym iňňirdäp azar bermese bolýar. Iki bolup etseňiz hasam gowy. Bir kelleden iki kelle amatly. - Okeý, patron! Trupkany eýesine gaýtardym. Naçalnik seh: - Bor, hojaýyn, howwa, bilýän, salgysyny bererin. Bolmasa Anton ýolugra taşlap geçer. *** Gassap gögümtil köýnekli aýalyň yzyndan, onuň sagrysyna gözlerini çarhlap galdy. “Gerdenlerem terezi ýaly – diýip, içinden oýlandy. – Şol gerdenlerine başyňy goýup ýatsaň-da... arkasyndan düşmän”. Aýal arkasyna garaman gözden ýitip barýar. Ýöne gassabyň ýiti gözleri, ýalaw ýaly nazary kebzesinden parran geçip, iki göwsüniň ortasynda deşip barýan ýaly. Arkasyndan seredilýänini duýýar. Tiziräk daşlaşmaga gyssanýar, birki ýola aýagy aýagyna çolaşyp, tas büdräpdi. “Indi, şul adamdan et almaýyn hiç. Ol öz-özüne pent etdi. Uly bazara gideýin, birki kile alyp, ekonom edip bilerin. Aýal burçdan aýlanyp, dub agaçlarynyň saýasynda sägindi. Demini dürsemekçi, emma telefon saz çalýar. Sumkasyny açýar, gyssanmaç telefony gulagyna eltýär: - Ezizim, men agşam gijiräk bararyn. Başlygyň öýünde bir remont işleri çykypdyr. Siz naharlanyberiň arkaýyn, maňa garaşmaň. Aýal biynjalyk: - Seniň halaýan naharyňy etjekdim. -diýdi. – Şonuň üçin et aldym ýörite. *** Anton köne folswagenini patronyň iki gatly kottejiniň öňünde saklap: - Düşüberiň jenaplar – diýdi. – Köşgüňize geldiňiz. Biz ýyljyraklap düşdük. Iki kloun ýaly. Men we Matweý. Anton kabinadan gygyrdy: - Eý ser Metýu, maşynyň bagajynda ryssar sowutlaryňyz, ýaraglaryňyz bardyr, almagy unutmaň! Matweý sag eliniň süýem-ortam barmaklaryny jüpläp, maňlaýynyň çetine ýetirdi: - Minnetdar, ser Entoni. Men gurallary alyp, açyk derwezeden howla girdim. Giň, açyk ýaşyl meýdan, golf oýnabermeli. Ak mermer jaýyň edil öňünde basseýin. Göm-gök tolkun atyp ýatyr. Ine-de patronyň aýaly. Egnindäki ýukajyk halat, içinde hiç zat ýok. Gözlerinde tegelek gara äýnek, saçlary düýrlenip, depesinden goýberilen. 25-27 ýaşlarynda. Arkamdan ýetip gelen Matweý: - Madam, suwa düşjek bolýarmyka, ýa düşüp boldumyka – diýip, pyşyrdap bihaýa ýylgyrýar. Men “ bes etsene” diýen manyda gaş çytýan. Patronyň aýaly bize kän üns bermedik bolup, telefonda gepleşýär. Gara äýnegiň aňrysyndan bize garaýanynam duýýan. “Hany, gepleşip boluber bakaly” diýip, dymyp, oňa garaşyp durus. Matweý: - Aram jan, biziň patronyň milleti name-äý -diýip soraýar. – Bu aýal-a aziatka, täjik bolaýmasa?! Men Matewýe seretmän: - Patron armýan – diýýän. – Edil meniň ýaly armýan. Matweý gybatçy heleý ýaly agzy durmaýar: - Aram jan, şü armýanlar täjikler birhili garyndaşmy diýýän. - Goýsanaý – diýýän.- Köprüde göti kaklyşmaýar ikisiniň. Matweý alkymyma dykylyp düşündirjek bolýar, agzy hem aňkap dur, ugar: - Armýanlaram täjiklerem çüýe “meh” diýýän eken. Men şondan aýtdym-laý garyndaşmy siz diýip?! Gaharymam gelýär, gülesimem gelýär: - Onsaň bir sözi meňzeş diýip garyndaş bolubermelimi? – diýip, Matweýe seredýän. - Interesnaý. - Salam! Siz santehniklermi? Baý-ba, gepe gyzyp, patronyň aýalyny unudypdyrys. Men aljyraňňy baş atdym: - Howwa! Bize bejermeli ýerimizi görkezäýseňiz. Ol öňümize düşdi. Kindiwanja aýaklaryny ýeňiljek basyp, ýokarky gata tarap barşyna ondan başyňy aýlaýan atyr yslary bark urýar. Bu ys maňa tanyş. Haý zaňňar patron. Ikinji gatda ýatalga otag, onuň içinde wanna. Biz işe başlabermeli. Patronyň aýaly gapdalymyzdan gitmänkä ýene telefona ýapyşdy: - Artur-r, sen bilýäňmi, öýde et ýok, howwa geldiler. Howwa. Itlere berýän etiň bar. A sen geleňokmy? Onuň eljiräp gepleýşi ýüregime düşdi. Aňyrrak gidip gepleşende bolmaýamyka? Onuň eräp-akyp gepleýşine agzynyň suwuny akdyryp, öwelip duran Matweýiň bykynyna hürsekläp, işiňi et diýýän. Patronyň ýaşajyk aýaly telefonda ärine dänjiräp, bolmajysy bolýar: - Eti öň nirden alýardyk? Elbetde, kakamyň pawilionyndan aldyryp ugrat! Özem-m, seň täze şafýoruň gaty haýal, gyssanmasa bar-a. Bolýa, ezizim diý maňa?! Bolýa onda tiz gel, Artur-r! Hoş, hoş, ho-oş! Good bye my dear. *** Wagt bolsa şol bir wagt. Hemme üçin bir. Emma ol birsydyrgyn akyp dursada her kim bir ýerde bir zat edip ýör... Matweý radio-FM açyp, muzika goýdy, wanna jaýdaky dymyşlyga garşy protest hökmünde. Artury aeroporta eltip, uçara çenli ugradan sürüjisi, yzyna dolananda, gassaphana sowuldy. Sakgally çöpürlek bileklerem gorkunç gassapdan öler ýaly gorkýan Aramyň aýaly tagamly şi gaýnadyp otyrdy. Aramyň irräk dolanaryna garaşmaýanam bolsa, bir umyt bar. Sakgalyny daraklap otyran gassap, öwrümden aýlanan täze mersedesi tanady: “Arturyň maşyny ýaly-la, Hany daşary ýurda gidip barýan diýip otyrdy-a”. Arturyň eýýam şu wagt okeanyň üstünden uçup barýandygyny habar beren sürüjisi gassapdan ep-esli et alyp, puluny berjek boldy. Gassap elini salgady: - Arturdan alaryn – diýip ýylgyrdy. – Gyzym gowumy? Gassabyň gyzy, ýagny patronyň ýaşajyk aýaly wanna otagynda Aram bilen ikiçäk. Ol ýigidiň dylym-dylym edip duran muskullaryndan gözlerini aýryp bilmän durşuna: - Belki, kokteýl içersiň – diýip, Arama özelenýän ýaly seretdi. Aram başyny ýaýkap, ýüz öwürdi: - Onha içýänimiz-ä eýýäm irkildirdiňiz. Men bir işläýin. Bolmasa iş ertire galýar. Arturyň ýaşajyk aýaly näzlenip jak-jak güldi: - A galsa galyp geçsin! Ertir gelersiňiz ýene. Bolmazmy? Aram edip duran işini goýup, ýerinden dikelip, ýeňsesini gaşady: - Aslynda maňa patron sanuzeli gaýdyp bozulmaz ýaly et diýipdi. Aýal ýene gözlerini güldürdi: - Şonuň üçinem gyssanma! Onsaňam obet boldy, ýör men seni naharlaýyn, soňam galan zatlary bileje bejereli... *** Aram ertesi ýene patronuň köşk ýaly kottejine düýnki galan işi bitirmek üçin gaýtmaly boldy, bu gezek ýeke özi. Matweý işe-de gelmän eken. Jaň edip telefon aldyryp bilmedi. Naçalnik seh: Matweý zapoýa gidendir diýdi, indi aňsat özüne gelmez. Ine, ýene belent haýatly howly, ýaşyl parça bolup ýatan meýdan, basseýn hem patronyň eýjejik aýaly. Oňa köp wagtdan bäri garaşýan ýaly “Geliň-geliň” diýip öňünden çykýar. Işe başlamankaňyz bir zat iýip-içelimi diýip ýalym-ýulum edýär. Dogrusy bu aýalyň şu alçaklygyny Aram halanok. Şonda-da geplemän ýylgyryp oňaýýar. Wanna düýnki goýup gidilşi ýaly dur. Gyssanmaly diýip Aram iş eşiklerini geýip durka Arturyň aýaly ýeriň teýinden çykan ýaly çykaýýar. Üns bermedik bolup barşyna-da “waw” diýip geçip gidýär. Aram dessine işe başlamaly. Wagt gidip dur. Elinde açar, atagzy wannanyň trubalaryny täzelemeli. Başda haýsy truba haýsy ýere birikdirilen. Aha ine bi bärden, bu hem bu ýerden. Sagat ýarym dagy başagaý bolup işländen soň, arkan düşüp nurbat katyryp ýatyrka edil gapdalyna gelip saklanan jüp aýak ünsüni sowdy. Ýatan ýerinden ak topuklara, mermer injiklere seretdi. Arturyň aýaly henizem ýukajyk halatda. - Siz özi bir zatlar iýip içýäňizmi, ýa kiborg ýaly geziberýäňizmi? - Wannany bejereýin ahyr! Ýaşajyk aýal aýagyndaky altynsow şypbygy çykaryp, wannanyň aşagynda ýatan Aramyň çignine barmaklaryny degirdi: - Master! Aram ýatan ýerinden: - Ýogsa-da siziň adyňyz näme? Ýaşajyk aýal näz bile güldi: - Margarita! Siz ýöne Margo diýseňizem bolar. Maňa ýakynlar şeýle tutýar. Aram bir zat diýmäge häzirlendi, emma Margo öňürtdi: - Hany o ýerde çykyň, bir zat garbanmaly. Men aç boldum-m. Aram ýeňillik bilen wannanyň atyndan çykdy: - Wanna taýýar. Onda suwa düşünip barlap göreli. *** Aram patronuň öýünde bir zatlary oňarmaly diýdi, ýöne bu gün irräk öýe barjak bolaryn diýdi. Bu gün onuň halaýan etli naharyny bişireýin. Ol bazara gitmek hakynda oýlanyp, hemem gassaphana sowulmalydygyny ýatlanda göwni gysyldy. Daşardan körpe baldyzynyň sesi geldi: - Karine gelneje, men näme edeýin. Ol owadan ýylgyrdy: - Nuşa jan, sen ylgap bazara gidip gelsene, gassapdanam ýarym kilo et alaý. Mele saçlary gysga gyrkylyp, egninde hem beýsbolka bolansoň arkasyndan oglana meňzeş Nuşa gelnejesiniň beren puluny alyp, bazara ylgap gitdi. Tüýlek bileklerine agram berip, garader bolup et çapýan sakgally gassap garşysynda gelip saklanan oglantak gyzy synlap biraz sägindi. Diňe göwüsleri ternäniň göbegi ýaly tözzerip, bildirip dur eken diýip, çöňňelen göreçlerini çarhlady. Ahyry garşysynda agramyny ol aýagyndan bu aýagyna geçirip duran gyzjagaza habar gatdy: - Et diýip geldiňmi? Gyzjagaz parhsyz sakgyç çeýnäp durşuna säginman jogap berdi: - Et diýip goýberdiler. *** Aram Margo ikisi günortanlyk edindiler. Soňra howa yssy diýip salkyn bir ýerde dynç almagy müwessa bildiler. Olaryň her haýsynyň öz dynç alyş usuly bar eken. Ýöne ikisi hem bir-birine ýaraman durmadylar. Dynç alyp bolansoňlaram epgek gaýtmady. Margo suwa düşüp alaýyň diýip, teklip etdi. Basseýinde düşmegi birhili görseňiz, wanna giräýin. Wannany özüňiz bejerdiňiz enaýy edip, indem synap görüň. Aram garşy bolup durmady. Howanyň epgegi gowrup barýar. Ol wanna girip, bilinden ýokarsyny ýalaňaçlap durka, ýene Margo gapydan jyklady: - Ynha, şu şampuny ulanaýyň, örän gowudyr. Aram onuň uzadan goýy ýaşyl gutusyny alyp eýlesine-beýlesine seretdi, adyny okady “Lanselot”. Öň görmändim şeýle atly şampun. Täze brendmikä ýa?! Sylapberdi MUHAMOW. 10.07. 2023 ý. Moskwa. | |
|
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||