"TIZ KÖMEK"
"Tiz kömege" jañ edelim bäri sagadyñ dili süýşmeýän ýalam bolsa, göni ýarym aýlaw edäýipdir. Ondan welin, derek ýok. Bir tarapdan, dünýä injek perzendime bolan buýsanç başymy aýlaýardy, bir ýerde durubilmän zowzuldaýardym. Beýle tarapdan, "Tiz kömegiñ" gelmeýşi, aýalymyñ gözgyny haly, ýüregimi päki bilen dilimleýärdi. Gursagymda begenç bilen gynanjyñ, alada bilen gamhorlugyñ garpyşmalaryndan göwräm leññer atýardy. Öñdenem saglygy ýagdaýlyrak ýüregim beýle harasada döz gelip bilmän, ejizläp ugrady.
Tapdan düşen aýalymyñ gözgyny halyna çydaman, telefon-apparata tarap üçünji gezek eñip gitdim. Añyrdan "garaşyñ" diýen ses höküm bolup eşidildi. Gelip, aýalyma göwünlik beren boldum. Emma "Tiz kömekden" welin, derek ýokdy. Aýalymyñ halys ejizläp ugramagy diñe gaharymy däl, ýüregimiñ urgusyny hem ýetjek derejesine ýetirdi. Zordan ýola çykdym-da, birem däl, iki elimi galdyryp, añyrdan gelýän "Žiguliniñ" öñüme özümi tutdum. Hernä rulda oturan gowy adam eken. Ýagdaýa düşünip, maşyny göni öýümize sürdi. Aýalymy bäbekhana eltip nädip, öýe gelenimi bilemok. Mejalsyz göwrämi diwana okladym. Ýüregim agzymdan çykaýjak bolýar. Heý, derman alyp beräýmäge goñşy-golamyñ biri dagy geläýmezmikä?
Bagtym bar eken. Ahyry biri gapynuñ jañyny basdy. "Wah, gözüñe döneýin, goñşy jan, gapy açykdyr, giriber" diýip, ysgynsyzja sesim bilen gygyrýan. Gapy açyldy... Bir seretsem, ak ýektaýly aýal üstüme abanyp dur.
- Bagyşlañ, "Tiz kömege" jañ eden sizmi? - diýenem şoldy welin, gözümiñ alny garañkyrap başlady...
Gözümi açanymda keselhanada ýatyrdym. Başujumda oturan wraç ýylgyryp bakdy-da:
- "Tiz kömege" wagtynda jañ edipsiñiz, sähelçe haýal-ýagallyk eden bolsañyz, giç boljak eken. Garaz, ýaşamak nesibäñiz bar eken - diýip, diri galanymy özüme buşlady.
Bir aý töweregi keselhanada ýatyp öýe baranymda, aýalym bäbejigini gujaklap öñümden çykdy.
Jorageldi SAPARGELDIÝEW.
Satiriki hekaýalar