15:07 Toba -2/ hekaýanyñ dowamy | |
TOBA
Hekaýalar
Ertesi keremara ören esgerler, komandiriñ buýrugyna görä, uzak ýola düşmezden öñürti, kakyñ ýanyna üýşüp, atlaryny gaýta-gaýta suwa ýakdylar, ýanlaryna göterýän mytaralaryny suwdan doldurdylar. Azyk-owkat bölümi ullakan çelekleri gyrmalap, düýelerine taýlady, torbalary agşamky bişen ýahna etden doldurdy. Şundan soñ, sap-sap nyzama düzülen gyzyl goşunyñ eskadrony baýdak gerip, dabara bilen ýörişe çykdy. Garagurban diýilýän ýer hem bäri-bärdäki ýaýla däldi. Mundanam añryk ýol başlan goşun çölüstanyñ has uzak jümmüşine siñip, ýol-ýodasyz, yns-jynssyz alyslyga gitmelidi. Gum diýeniñ bilen hemme ýeri deñ bolmaz ekeni. Häzirki barýan ýerleri esgerleri geñ galdyryp, olary töwerege ýalt-ýult garamaga mejbur edýärdi. Hany öñki gören gandymly-çerkezli, sazakly-sözenli, selinli-ot çöpli ulgamlaryñ? Hany titirli, ýowşanly giñ alalar, çemenzar düzlükler? Indi görseñ, dumly-duşuñ ýapy-ýapy, depe-depe ürgün aklañlyk bolup, ýaşaýyş tamamlanan bada başga bir dünýäniñ keşbi gözüñ öñüne gelýärdi. Ürgün ak çägäniñ ýüzünde şemalyñ galdyran zyra-zyra tolkun yzlaryndan başga çöl jandarlarynyñ, hatda suwulgan, tomzak yzy hem duş gelenokdy. Setanda-seýranda gum basan ýeke düýp selni ýa ýeke özi somalyp duran sözen çybygyny görmek bolýardy. Göwündeş hemrasy bilen atynyñ üzeññisini çakyşdyryp barýan Suhanberdi aga ýürek gysdyryjy jansyz tebigata howatyr bilen garap: "Älhepus, barsagelmez diýilýän şum mekana äkidýän ýol, megerem, şunuñ ýaly bolsa gerek. Howada-ha barha gyzýandyr. Görmeli-dä" diýip oýlanýardy. Komandir wagt-wagt kompasa garap, eskadrony gündogar bilen guşluk aralygyna alyp barýardy. Iki gün oñat ýörelse, goşun gadym zamanda gurap galan, häzirem hanasynyñ ugrunda kä ýerde suwly köller duşýan Üñüz derýasyna çykmalydy hem-de daşary ýurda maşgalasyny, dogan-garyndaşlaryny, süri-süri mallaryny alyp gaçyp barýan Keltegoñurly Gerçek baýyñ göçüni leýs etmelidi. Komandir eskadronyñ üstüne ýüklenen şu hormatly tabşyrygy artykmajy bilen ýerine ýetirip, hökümediñ öñünde uly abraý gazanjakdyklaryna doly ynanýardy. Pulomýodyñ iki müñ oky bar. Baýyñ göçi ýüz adamdan ybarat bolanda-da, olaryñ her haýsyna ýigrimi okdan ýetýär. Müñ janlaryndan bir jany hem sypmaýar. Esasy zat bolsa, Garagurban ýaýlagynda Öwgi baýy tutuş maşgalasy bilen bile kerçelen gaýduwsyz ýigitler ajaýyp synagdan geçdiler. Ynha, bahym Gerçek baýy tohum-tiji bilen kerçemeli bolanda, gypynjyny gana boýamaga islegli meýletin mertleriñ sany hasam köpeler. Şundan soñ eskadron söweşde taplanan goşuna öwrüler hem Üñüziñ hanasyndaky gök köle suwa düşünip, ýuwup, gazawlap gaýdarlar. Aklañlar ýurdunda tomusam adatdakysyndan has ir düşýän ýaly, Gün öýle ýerine golaýladygyça, howruny artdyryp, esgerleriñ köýneginiñ ýagyrnysyna der çykardy, atlaryñ bykynyny köpükletdi. Janawarlar urpak çägeden aýaklaryny agras alyp, boýunlaryny süýndürip, hassyldaşyp, horguryşyp, burunlaryny parladyp, kynlyk bilen öñe ümzük atýardy. Der basan argyn esgerler eýeriñ üstünde dikgerip oturman, kemsiz sülleripdiler. Komandir ýagdaýy añyp, düşlemek barada buýruk berdi. Meýdanda diş synçgara ot-çöp bolmansoñ, attorbalara ýarym ölçegden arpa guýuldy. Esgerler ýagly etiñ ýahnasyndan sümürip, mytaranyñ ýyly suwundan owurtlaýardy. Suw gaýnadyp çay içere odun ýokdy. Şu ýagdaýda-da ruhdan düşmeýän käbir ýigitler düýnki hezilligi ýatlap, degşip-bälçireşýärdiler. Bettan guma ýarmaşyp gaçyp barýan aýallaryñ, çagalaryñ üstüne gykuwlap eñenlerinde, goly syrma gylyçly Annagyñ bir çagany çapyp bilmän, ters aýlanşyny, atyny öwrüp-depip horlaýşyny suratlandyryp gülýärdi: - Pökgüje baý ogly gaty sypjyk eken-aý! Gylyç ýalpyldap inende, sowlup dur. Ýene şowurt - ýene sowulýa! Ha-haýt, zañnar-aýt! Hä-hä-hä! Şobarmana-da baýyñ aýaly: "Waý, balam!" diýip, sümüklisini gujagyna gysaýmazmy! Ýeri, indi nädersiñ?! Annak, içi ýanyp, heleýiñ kellesini togalap goýberdem welin, haram ganjyg-aýt, ölensoñam gujayny ýazanog-aý! Ýeri, onsoñ nädersiñ? Ata depgiledip, torç edip çykarmaly boldy-da! Annagyb bir oglanlyk bilen "Söweş edişi" gaty hezil görnüp, teýeneli gürrüñlere sebäp boldy. Komandirem, komissaram esgerleriñ degişmesine guwanyp: "Gana öwrenişmek gowy zat. Gan dökmäni halamaýan goşundan hiç wagt rewolýusion goşun bolmaz" diýip oýlandylar. Ör-gökden gelip duran Suhanberdi molla nolsa owurdynda çeýneýän lukmasyny boýnuny süýndürip zordan ýuwutdy-da: "Toba! Toba!" diýip pyşyrdady hem ýüzüniñ ganyny gaçyryp duran Melebaýa ahmyr bilen garap, başyny ýaýkalady. Goşun iýip-içip, dem-dynjyny alyp, nepesini durlansoñ, Günüñ howram öñküsinden gowşan ýaly göründi. Howada adaja öwüsgin duýuldy. Esgerler indi Bäpbe diñçiniñ daşyna geçip, oña sorag barsyny berýärdi. - Bäpbe dost! Hany asmana-zemine bir diñ salyp gör! Jahanda näler bar? - Iñlär siñegem ýok! Jyññyldar çybynam ýok! - Hany, oñatja diñlesene gulagyñy pakgart-da! Ýeriñ teýinde tilki-şagal, ýylan-suwulgan, alaka-ýalman salkynjak hinde myslaşypjyk ýatyrmy? Olar näme iýip eklenýä? Nirede suwlaýa? - Ýeriñ ne teýinde, ne ýüzünde janly-jandardan bir nyşan bir bolsady! Ne hyssyldy, ne myssyldy, ne gäwüş... - Onuñ ýaly bolsa, hany, hol depäniñ üstüne çyk-da, gündogara tarap gulagyñy ger! - diýip, Öremet komissar diñçä gaýraky depäni görkezdi. - Özünem gulagyñy gerip bilşiñe gerip diñle! Üñüz çöllerinden gazlaryñ gagyldysy, suwdan böküp çykýan balyklaryñ ýene şalpyldap düşüşi eşidilýärmi? Birki günden biz Üñüz boýuna çykýas. Gowy diñ salsañ, hökmanam bir ses-üýn eşdersiñ! Bäpbe diñçi tolkun yzly ürgün çägä aýaklaryny oýmur-oýmur çümdürip, ýapynyñ ýüzünden gum akdyryp, depä çykdy. Edil şu mahal asmanyñ günbatar eteginden gara bulut ýaly bir zat göterilip, howa garalyp gamaşdy hem duýdansyz şuwlap gelen şemal depeleriñ başyny tozadyp ugrady. Bu harasat gara ýeliñ ýetip gelýänliginiñ nyşanydy. Depäniñ başyndaky Bäpbe diñçi köýnegini-balagyny şemala pasyrdadyp, bir eli bilen kellesindäki budýonowkasyny sypdyrmajak bolup, aljyraññy görnüşde hellewläp durdy. Ýöne, ony aljyradýan zat tozanly şemal däl-de, gulagyna gelýän gorkunjy seslerdi. Barha zarbap çäge sowurýan harasadyñ öñünden, göwnüñ bolmasa, zulum-süteme galan ymgyr uly mähelle urlup-sürlüp getirilýän-de, olaryñ ahy-nalasy, dady-perýady asman-pelege gulgula salyp, gulak perdäñi ýaryp, kalbyñy lerzana salýardy. Zähresi ýarylan çagalaryñ waýkyryşmasy, aýallaryñ-gelinleriñ eñreşmesi, erkek kişileriñ bedenlerine tyg urlandaky ýaly wahhyldamasy diñçini gaty horlaýardy. Bu ses-üýnleriñ Ýeriñ teýinden, ölüleriñ hasratly dünýäsinden gelýän ýalydygy depe saçyñy üýşürýärdi. Göwnüñe bolmasa, Garagumda guma garylan ähli şehitler gara harasadyñ içi bilen çozup gelýän misillidi. Depäniñ üstünden çäge bilen süýşüp gaýdan diñçi hemralarynyñ ýanyna zordan aýagyny alyp süýrenip gelende, harasadyñ derdinden dünýä garañkyrapdy, ýerden göge sowurýan çäge gözüñi açdyranokdy. Şu ýagdaýda ýol ýöräp bolmajagyny bilen komandir: "Harasat sowulýança her kim atynyñ başyny berk saklap durmaly" diýip buýruk berdi. Iki gulagyny hem barmaklary bilen berk dykan diñçi jynlan ýaly peleseñläp aýlanýardy. "Dat-bidat, o dünýä bu dünýäñ üstüne çozdy! Ölüler dirileriñ üstüne eñdi!" diýip çapalanýardy, aglap-eñreýärdi. Ýeliñ şuwwuldysy her töwra zaryn owazlar edýänem bolsa, o dünýäniñ owazlartny diñe diñçiniñ özi eşidýän bolmaga çemeli. - Sen züwwetdin gorkak ekeniñ! - diýip, komandir diñçä herreldi. - Dowul salmañy bes etmeseñ, öz elim bilen ataryn seni! Mollajyklaryñ o dünýä baradaky jypdyrmalaryny ýoldaş Lenin birçak paş etmedimi?! Heý, goly ýaragly batyr söweşijileriñ üstüne-de ölüler topulyp bilermi?! Şu tozanjykdan gorkýan goşunam , heý, rewolýusion goşun bolup bilermi? Hany, ruhumyzy belent tutup, barymyz "Internasional" aýdalyñ! "Galk, eý lagnat astynda galan, açlar hem gullar dünýä-si!.." Partiýa gimnini aýdýan ýüz bokurdagyñ owazy goşulyşyp, rewolýusion gaýduwsyzlygyñ, ýanbermezligiñ güýjüne öwrüldi. Eskadron, yllaki mizemez bütewi güýje öwrülen ýaly boldy. Ýerden göterýän çägesi bilen zarply urýan harasadyñ astynda, atlarynyñ boýnuny gujaklap, ýeliñ ýataryna, dünýäniñ ýagtylaryna garaşyp durdular. Üç sagat geçdimi, bäş sagat geçdimi bialaç galdylar. Harasadyñ sowrup gelýän ýyly çägesi esgerleriñ hem atlarynyñ dyzyna çykyp gitdi. Agşama ýakyn az-kem ýeliñ bady gowşap, howa açylyşanda, dumly-duşa ser salsalar, öñki gören ýapylary hem, depeleri hem ornundan göçüp, olaryñ ýerinde öñkä meñzemeýän täze görnüş emele gelipdir. Göräýmäge, bular başga dünýä düşen ýaly. Ýene bir garaşylmadyk zat ~ akly üýtgän Bäpbe diñçiniñ ýitirim bolup gitmegidi. Komandir ony goşundan gaçan dönük dezertir diýip yglan etdi. Suhanberdi molla harasadyñ edýän işine ~ ýer-ýurdy üýtgedip, özgerdip göçürip äkidişine geñ galyp: "Bu nä gudrat boldy, janlarym! Biziñ barjak ýerimiz öñümizden gaçýan ýaly!" diýip, dünýäde görlüp-eşdilmedik zady göwnüne getirdi. "Şeýle boljak bolsa, biz barjak ýerimize hiç haçanam ýetip bilmeýäs. Bizi, megerem, pälimiz tutýan bolsa gerek". Iññän agyr ýagdaýda öñe ümzük atýan eskadron howany garaldan tozan buludynyñ içinde tertipsiz gara toplum bolup barýardy. Asmanyñ gara serpigi düýrülip-ýazylyp, onuñ ýirik-ýyrtyk bölekleriniñ arasynda gaýyp ýören ak tegelek Aý kä mahal göze kaklyşyp gidýärdi. Aslynda onuñ Aý däl-de, gün bolmagam ähtimaldy. Sebäbi gije bilen gündiziñ hasaby ýitipdi. Köp wagt bäri suw garasyny görmedik at jaanawarlar sojaşyp, bokurdaklaryny hürledişip, burunlaryny parladyşyp, halys mejalsyz haldadygyny añdyrýardy. Esgerler mytaralaryndaky suwy birçak içip gutarypdylar. Öñdäki bir gün üçin ýarty mytaradan suw paýlandy. Olam diñw bokurdaklary öllär ýalydy. Şu baryşlaryna atlaryñ birentegi ýöremge gurp etmän, dyzyna çöküp, alkymyny ýere goýmaga hem-de gapdalyna ýykylmaga başlady. Ýykylan atlary taşlap, ýykylmadyklaryny idip ýöremek barada buýruk berildi. Esgerleriñ birnäçesi gylyjyny, tüpeñini göterip bilmän, lakytak durmaga mejbur boldy. Mejaly bolanlar öñe gidip, eñkamy galmadyklar yzda süýrenip, eskadron sozulyp, tertipli goşuna meñzemedi. Hemmäni bir ýere jemlemek üçin, öñdäkilere durmaly diýen habar ýetirildi. Bir ýere toplanyp, boýunlaryny sallaşyp duruşlary gaty ejiz görnüşdedi. "Suw! Suw!" diýen sesler eşidilýärdi. Suhanberdi molla şu mahal töweregi saýgarjak bolup, eglip-eglip çiññerildi hem gören zadyndan elheder aldy. "Eý, Hudaý! Muña näme diýip, näme aýdarsyñ! Şol başky gören depeleri, şol öñki gören ýapylary! Gara harasat bulary aýlap-aýlap, ýene öñki ýere getiren ýaly! Şunça horluklary, şunça azaplary reýgan bolan ýaly! Zabun pelek bularyñ ýoluna gapan guraýdymyka? Megerem, indi bu gapandan sypma ýokdur!.." Aşyr komandir bilen Öremet komissar özara maslahatlaşyp, bu hupbatly ýagdaýdan çykmak üçin, aýgytly karara geldiler. - Rewolýusiýanyñ söweşjeñ gyzyp esgerleri! - diýip, komandir iñ bolmanda golaý duranlar eşider diýen umyt bilen ýeliñ şuwwuldysynda gygyryp söz sözledi. - Añ-düşünjesiz tebigat bizi synagdan geçirýär. Emma mundan beter kynçylygam bolsa, biz öñümizde goýlan döwlet ähmiýetli tabşyrygy hökman ýerine ýetireris! Biziñ söweşjeñ wezipämiz şu gumdan aşyp geçmek hem Üñüziñ boýunda gaçgak baýy tutuş göçi-gony bileb paýhyn etmek! Men bilýän, siziñ her biriñiz şu işe hyjuw bilen gatnaşyp, halkymyzyñ öñünde uly abraýa eýe bolmak isleýänsiñiz. Emma suw ýagdaýymyz muña ýol berenok. Diñe iñ çydamly esgerler ýörişi dowam eder. Suwy hem iñ soñky damjasyna çenli şolara bermeli bolýas. Şu ýerde suwsuz galanlar rewolýusion durnuklylygyñ hem çydamlylygyñ nusgasyny görkezerler. Heläk bolanlar söweşde gan döküp ölen bilen deñ saýylar. Siziñ atlaryñyz ýurduñ paýtagtynda gurlan ýadygärlige altyn harplar bilen ýazylar! Düşünýänler üçin munuñ özi ölmezlikdir!.. Şundan soñ saýlantgy ýigrimi esger, pulomýody hem suwly çelekleri eýeläp, komandiriñ hem komissaryñ öñbaşçylygynda ýörişi doam etdiler. Şehit ölüme höküm edilen segsen adam bolsa, bir owurt suwsuz, harasadyñ içinde dökülip galyberdi. Suhanberdi molla bilen Melebaýam bularyñ arasyndady. Bu bolan bedähet işe akyl ýetirmek örän çetindi. Suhanberdi molla ölümiñ öýünde taşlanyp gidilen ýigitlers nebsi agyrma bilen garap: "Ýañy durmuşyñ gyrasyndan giren şu on sekiz-ýigrimi ýaşly ýigitleriñ rewolýusiýanhñ hatyrasyna jan bermegi gerekmikä?" diýip göwnüne getirdi. Altyn harplar bilen ýadygärlige bular ölmezlik hasaplarlarmyka? Şöhratly ölümiñ deregine bulara iñ sadaja ynsan bagty: suwsuzlyk belasyndan halas bolup, obalaryna gaýdyp barmaklyk gerekdi..." Molla aga elli bir ýaşly ekabyr adam. Obada, maşgalasynda onuñ iki ogly bar. Ulusy ýigrimi ikisinde, kiçisi on dokuzynda. Şu neresseleriñ ýaşynda-da. Ýeri, onsoñ bulara nädip dözersiñ. Heý, bir alajy bolmazmyka? Suhanberdi şu niýet bilen Melebaýy hem-de özüne gulak asaýjak dört-bäş oglany ýanyna çagyryp bir gapdala saýlandy. Üstüne eglip sözüni diñlänlere gaty-gaty gürläp niýetini düşündirdi. Ol çep egnine öwrüm edip, demirgazyga bakan köpçüligiñ başyny çekjekdigini mälim etdi. Aýdyşy ýaly, çepine aýlanyp ugranda, suwsuzlykdan eñkamy giden esgerler, aýagy ädilýäni yrañ-darañ mytdyldap, galany bir-birine söýget berip, maýdallaryna mollanyñ yzy bilen herekede geldiler. Tozanly ýel indi bularyñ ýeñsesinden südenekletmän gapdalyndan urýardy. Suhanberdiniñ bir umydy bardy. Olam harasadyñ ýol ýasan ugrundan gapdala sowlup, parahat guma çykmakdy. Ot-çöpli parahat gumda duş gelinmegi hem ähtimaldy. Çopan-çolugyñ ýanynda oglanlaryñ bokurdagyny öllär ýaly suwam tapylsa tapylybermelidi. Galanynam Allanyñ özi oñarsyn-da!.. * * * Suhanberdiniñ adyna "molla" lakamyny tirkeýän bolsalar-da, ol öz obasynda ölä jynaza okaýan, öýlenenlere nika gyýýan, öten-geçenlere Kuran çykýan hakyky molla däldi-de, köne sowat mollaçar adamdy. Özi ýalylaryñ bir toparyny Sowet hökümedi sowatsyzlygy ýok etmek üçin işe çagyranda, Suhanberdi bu ýumuşa göwünjeñ başlapdy. Emma goşuny öz milletiniñ ganyny dökmek üçin ulanýandyklaryny görüp, bu gullukdan arasyny açmaga bahana gözläp ugrapdy. Edil häzir bolsa, onuñ öz göwnüne gelşiçe, ykbal onuñ gerdenine ägirt uly jogapkärçilik ýükläpdi. Olam şunça ýaşjuwany ajalyñ penjesinden halas edip, aman-toba getirmekdi. Eger onuñ şu niýeti başa baraýsa, ölümden gutulanlaryñ birtopary, belkem, pälinden gaýdyp, musulmançylyk ýoluna düşerler. Öz milletiniñ ganyny dökmegiñ neneñsi günä işdigine akyl ýetirerler. Suhanberdi bir ulgam gumdan aşyp, ikinji ulgama aralaşanda, ýeliñ mese-mälim gowşandygyny, bu ýerde tozanyñam azalandygyny añdy. Añyrda çerkez-çeti, selin-siñrenem görnüberdi. Tüpeñlerini söýget edinip gelýänleri hem goltugyna girilip getirilýänleri bir ýere jemläp, Suhanberdi dili çişip agzyna sygmaýan, ýanyp duran bu biçärelere göwünlik berip gepledi. - Oglanlar! Umytly boluñ! Allany çagyryñ! "Köpüñ dilegi köl bolar" diýlendir. Ýene birki gumdan aşsak, Üñüziñ göm-gök kölüne ýeteris. Durnañ gözi ýaly dury suwda pöwşüldäp suwa düşeris! Biz ýaman pälimizden gaýdyp, ýagşylyga bakan ýüz öwürdik. Hudaýsyzlar jemgyýetiniñ "Hudaý ýok" diýenine ynanmañ! Musulman süýdüni emen oglanlaryñ Hudaýa ynanmazlygy hebesdir. Gördüñiz-ä, bizi Hudaý tutdy! Emma Hudaý dünýäde hemme zatdan beýikdir. Ol tüýs ýürekden toba edeni bagyşlaýandyr. Toba ediñ! Toba ediñ! Hudaýsyzlar jemgyýetiniñ her hepde-de bir ýola geçýän okuwyndan gulagy gangyn oglanlar mollanyñ sözüne uýup toba etdilermi ýa etmedilermi, ony özleri bilýär. Emma göm-gök kölde pöwşüldäp suwa düşünmek arzuwy olary janlary-tenleri bilen gaplap aldy. Şu süýji arzuwa ýetmek üçin, eñegiñi çägä diräp, bagryñ bilen öñe süýşmegem azdy. Iñ soñky demiñe çenli ýaşaýyş üçin omzamalydy. Aýak üstünde yrañ-darañ barýanlaryñ sany azalyp, dyzanaklap, emedekläp, ýer bagyrtlap süýşýänleriñ sany köpelýärdi. Iñ yzda bolsa bäş-alty adam hereketsiz serlip galypdy. Gylyjyny, tüpeñini ýük görüp taşlan esgerler hol öñdäki sazak-sözenleriñ kölegesine özüni atmak üçin hassyldaşyp, harlaşyp barýardy. Howa açylyp, adaja şemal öwüsýärdi. Teşneler kölegä ýygnananda, yzda bimejal ýatanlary hem süýräp getirdiler. Suhanberdi molla: "Wah, şu mahal adam başyna birki owurt suwam bolanda, şunça gül ýaly ýigitleri ölümden alyp bolardy" diýip, öz ýanyndan arzuw etdi. Edil şu pursatda-da ol Melebaýyñ asmana ümläp, geplemäge ýaramasa-da, agzyny gymyldadýanlygyny gördi. Suhanberdi hemrasynyñ ümleýän tarapyna ýüzüni öwrüp, begençden ýaña ýüreginiñ tarsyldap bökendigini duýdy. Görse, asmanyñ ýüzünde dury howada ak guş ganat ýaýyp aýlanyp ýör. Ol uzak ýola barýan guşa meñzemän, şu golaýdan göterilip, ýene şu golaýa gonjak guşa meñzeýär. Mundan many çykaran molla: - Haý, gözüñiz aýdyñla-haw, jan inilerim! Bagtyñyz oýandyla-haw! - diýip gygyryberdi. - Tañry biziñ tobamyzy kabul etdi, günämizi ötüp-geçdi. Hanha, görüñ-ä, biziñ alnymyzdan ak guş uçurdy. Bilseñiz, şol guba gaz sergin suwly kölüñ öñümizde börñüldäp ýatandygyny habar berýär. Eneñiziñ saçagynda çöregi bitin ekeni. Siz hakykatdanam ölüp-dirilen bolduñyz! Täze ömrüñiz gutly-mübärek bolsun! * * * Üñüziñ boýy bilen ençeme gün bäri göçüni gyssagly tartyp gelýän Gerçek baý menzil aralarynda düşleýänem bolsa, bu gün süýji suwly köle gabat gelip, onuñ ýakasyndaky göze ýakymly otluk-çemenlikde ýük ýazdyryp, ymykly dynç alyp geçmegi müwessa bildi. Iner-maýalaryñ üstünde haltyldap gelýän aýal-ebtada, çaga-çuga kenarda ýaýnap aýagyny ýazmagyna hem-de yza galan sürüleriñ gelip ýetişmegine maý bersem diýdi. Ilgezik öýdeniçerleriñ haýdan-haý gurnan oraçasynda baý aga şu mahal özüniñ dogan-inileri, öýlendiren ogullary hem-de bile göçüp barýan ýakyn garyndaşlary bilen mesawy gürrüñ edişip, iýip-içip otyrdy. Semiz toklynyñ şireli ýumşak eti agyzlara bal bolup degýärdi. Göçegçileriñ arasynda geñ ýeri, bir del adam hem bolup, olam kellesindäki budýonnowkasyny zommardyp oturan Bäpbe diñçidi. Ol şu barýan göçegçileriñ kasdyna ýörite iberilen jeza beriji eskadron barada eýýäm gürrüñ beripdi. Ýolda Garagurban oýunda Öwgi baýyñ maşgalasynyñ pulomýoda tutulyşynam, serlip ýatan läşleriñ üstünde maý baýramynyñ toýuny toýlaýyşlarynam, soñra harasat gopanda özüniñ telbeläp gaçyp gaýdanynam aýdypdy. Päh, şol harasadyñ añrysyndan gulagyna gelen ahu-pygam häzirem diñçiniñ kalbyny lerzan edip durdy. Şol gara harasadyñ adaty bir tozanly ýel bolman, eýsem Hudaýdan gelen kasasdygy barada-da oturanlara gürrüñ edipdi. - Hudaýy unudan ganhorlary päli-niýeti tutandyr - diýip, Gerçek baý uzyn ala sakgally eñegini atyp-atyp, ynam bilen gürledi. - Şol gara harasat olary aždarha ýuwdan ýaly bir demine dartar welin, sen onsoñ çölüstan-sährany elekden geçirseñem, olardan derek tapmarsyñ! Hajymuhammet işan janyñ ýorgudy dürsdür. Olardan bize nogsan gelmez. Garaklary gapykdyr. Biz olara duş gelmän, ýurt aşyp gideris, işallam!.. Gamhana beýebanda peýman bolan sanýetmez şehitlere degsin edip töwir galdyransoñlar, gañşyrowugyñy tütedýän düýeçal içip gägirişip otyrkalar, Gulaly goñruñ ýetim galan ýedi ýaşly oguljygy Atajan gapydan garap: - Ata! Ata! - diýip, özüniñ hossar tutunan Gerçek kakasyna ýüzlendi. - Düýe çopanymyz Garamäde erkegini taýaklap çapdyryp gelýä. Bir zad-a bolupdyr. Onýança erkegini patanakladyp gelen Garamäde oraçanyñ agzynda malyny çökerip düşjegem bolman, belentden zowladyberdi. - Haý, Gerçek kaka-haw! Ilerki gumda goşun düşüpdirle-haw! Eşitmedim diýme-haw! Gylyçly, tüpeñli kän adam-haw!.. Howsala düşen Gerçek baý: "Päheý-de welinim, uly gepläýdim öýdýän!" diýen iñkis bilen gapa çykanda, onuñ daşyna üýşen dogan-garyndaşlarynyñ käbiriniñ golunda eýýäm ýaragam görünýärdi. Hernä anyklap sorasalar, "goşun geldi" diýilýän sazak-sözenleriñ kölegesinde teşnelikden ýaña çalajan ýatan esgerler bolup çykdy. Ýaraglaryny hem onda-munda taşlan ekenler bagtyýatanlar. Gerçek baý kölüñ gök suwuna garap, kiçi sakgalyny dişläp paýhaslandy. "Pelegiñ oýnuna bak-a!" diýip içini gepletdi hem-de şol Hudaý tutan peläketleri, özleri bilen deñ bolman, görnetin ölümden halas etmegi öz boýnuna borç diýip bildi. Türkmen üçin düñle sährada betbagtlyga uçran duşmanyña-da gol uzatmazlyk namartlykdy. - Ýöne, seresap bolaweri, baý aga! - diýip, Bäpbe diñçi özüniñ howsalasyny bildirdi. - Men bularyñ nädiberýändigini görendirin! Özlerini dürsäp, elleri ýarag tutdugy, göçüñi paýhyn edäýmesinler. Bulara berlen tabşyrygam şol ahyryn. "Ýagydan ýaý boýy" diýleni ýaly, siz şu ýerden tiz ugrap, arany açsañyz kem bolmazdy, baý aga! Teşne ýatan namartaýlaryñ agzyna suw damdyrmany meniñ ýeke özümem oñarardym. Azyk-owkat goýuñ-da, ýola düşüberiñ! Baýyñ geplemezek goja agasy hem dillenip: "Göçi ugradalyñ! Saklamalyñ!" diýip dur. Inileri bilen ogullary bolsa delminişip bakýar. Baý iki tarapynam elden bermezlik üçin, göçi ugradyberiñ, diýip buýurdy-da, özi birnäçe talabany bilen galyp, ölüm halynda ýatan teşnelere kömege ugrady. Göwnüne bolmasa, özüniñ şu edýän işine hezreti Hajymuhammet işanam hol depäniñ üstünde durup syn edýän ýalydy. Işan onuñ düýşüni ýoranda: "Sen şu gezek beladan gutulýañ" diýipdi. Heý, onuñ aýdanyna-da ynanman bolarmy? Ine, Allanyñ gudraty bilen musulmançylyk käpirligi ýeñip dur! Türkmençilik tersalygy ýeñip dur! Bolşewigiñ ýaragy, honha, guma garylyp ýatyr. Baý öz kalbynda keramatly Hajymuhammet piriñ üýnüni eşidip duran ýalydy: "Kimde-kim ähsenül-hüsnä, ýagny gözel işler gaýyrsa, diñe şol dünýäni abatlap biler, hem öz kalbyny bezäp biler. Sen dogry ýoldasyñ..." Gerçek baý bir kaşyk suwy hem-de bir kaşyk sary ýagy gezek-gezegine teşneleriñ agzyna tutup berip, olary haýal-haýaldan özüne getirmäge başlady. Kölüñ başyna welin goýbermedi. Içip ýarypar gorkusy bardy olaryñ. Gözleri halka atyp horugan biçäreleri kem-kem naharlap gurplandyrdy. Üç gün geçensoñ, gumda taşlanan ýaraglary eýelerine tabşyryp, uzyn ala sakgally asylzada baý öz ykbalyny synaýan äheñse esgerlere ýüzlendi: - Merdana ýigitler! Siziñ awlamaly awuñyz, ynha, alnyñyzda otyr. Men ~ Gerçek baý! Äkidip tabşyryñ bolşewige! Oglanlar ýüzlerini boz-ýaz edip aşak bakdylar. Suhanberdi molla özlerini ölümden halas eden kişä janyndan syzdyryp jogap berdi: - Sadagañ bolaýyn, Gerçek agamyz! Eger biz sizi şundan soñ tutup äkidip, bolşewige tabşyrsak, şonda boziñ enemiziñ göwsünden haram süýt emdigimiz bolmazmy?! Atamyzyñ ogly bolmadygymyz bolmazmy?! Gaýtam, siziñ özüñiz bizi "gulum" diýip äkidiñ-de, çet ýurtda arzan bahadan satyñ! Goý, o taýda bizi kündä goşup, ýer sürsünler! Palanlap münsünler! Siziñ islegiñize boýun bolmasak, namartaýyñ iñ muzzur hilisinden boldugymyz! - Eýle bolsa, "ak düýäni" bizem göremzok, sizem göreñzok! - diýdi-de, baý alkymy gaba çogdaly, tüýlek, mähnet inerine mündi hem gündogar sary müñedek-müñedek sürüberdi. Düýeli talabanlary hem onuñ yzyndan eñdiler. Jeza beriji eskadronyñ galyndysy Üñüziñ boýy bilen aşak syryp gaýtdy. Aşyr komandiriñ hem Öremet komissaryñ baştutanlygynda aýratyn ozup giden, ýagny pulomýotly ýigrimi esgeriñem bahym ykbaly mälim boldy. Olaryñ hemmesi harasatdan çykyp bilmän, açlyk-suwsuzlykdan gyrlypdyr. (Soñy). Sapargeldi Annasähet INER OGLY. | |
|
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |