Ömrümde ilkinji gezek beýle kemsidilmegime tap gelip bilmän, tä ýarym gijä çenli köçelerde entäp gezdim.. Öýe gelip ýatanymdan soň uzak wagtlap uklap bilmedim. Diwanyň jygyldysyndan ejem uklamany ýatanymy duýup:
- Bu gün saňa näm boldy, oglum? Näme uklaňok?-diýdi.
Ejemiň bu mähribanlygy meni hasam ejizletdi. Tas müňňüripdim. Zordan saklandym.
-Işden çykjak, eje. Okuwa girjek –diýdim.
-Haçan?
-Ertiriň özünde- diÿdim. Ejem oýaçümdi öýdýän, hiç zat diýmedi.
-Näme gepläňok eje? Ýada sen garşymyň?
-Sen okajak diýseň, men, heý, garşy bolarynmy? Ýöne güzeranymyz nähili geçerkä, oglum?
Gije öýde işlejek. Her bazar arasy iki jüp ädik tiksem, şol bize bolar, eje.
Bu sözüň jany bar, oglum. Eger şeýtseň, okamaga doly mümkinçiligiň bolar.
Okamak barada bu mümkinçiligi oýlap tapanyma gaty begendim. Beýle pikiriň ozalyrak kelläme gelmänine ökündim. Ejem ýene dillendi:
-Eger adamda erjellik dörese, ol öz islegini amala aşyrmagyň çäresini tapar, oglum. Ozallar okuwa islegiň ýokdy. Görýän welin indi sende okamaga çynlakaý isleg döräpdir. Bu islegiň birden döremegine näme-de bolsa bir zat sebäp bolan bolmaga çemeli. Ony-da menden gizläp otyrsyň, oglum. Aýdaýanyñda näme?
Ejemiň duýgurlygyna telpek goýdum. Emma gizleýän syrymy oňa açyk gürrüň bermäge utandym....
Gözümi açsam otagyň içi ýagtylan ekeni. Başujymdaky sagadyň jykgyldysy gulagyma ildi. Seretsem, sekizden geçipdir. Onuň jaňynyň dili süýşürilip goýlan
ekeni. Ejemiň ukymy bozmaga gözi gyýmandyr öýdýän? Şol wagt eýwanda ejemiň aýak sesi eşidildi. Ol içeri giren bada:
-Çörege gijä galypdyryn-a, eje –diýdim.Ejem asudalyk bilen:
-Zyýany ýok , bu güne ýeterlik çöregimiz bar. Ertir iki günlügini goşup alaýarsyň – diýip elindäki çäýnegi saçagyň gapdalynda goýdy.
Çaý içmäge otyranymyzda, Zülpitaryň sözleri birden ýadyma düşdi-de, işdäm tutuldy. Ejemiň göwnü üçin bir käse çaý içip, ýerimden turdym. Men iş korzinkamy goltygyma gysyp, köçä çykdym.
Ilkinji niýetim peduçilişä baryp, bagtymy bir synap görmekdi. Okuwa girsemem, diňe şol ýere girmekçidim. Zülpitara: „Seniň okan ýeriňde, maňa meňzeş ädikçi-de okap bilýändir!“ diýmekçidim. Şo maksat bilenem peduçilişäniň öňünde aýak çrkdim. Ýüregim guş ýaly elesleýärdi. Şeýle bolsa-da, özüme erk, edip içeri girdim. Iki ýanyna eliň ýetip duran darajyk uzyn dälizden gidip barýarkam, „Direktor“ diýen ýazgyly gapa gözüm düşdi. Gapyny çekdim-de batly ses bilen:
Mümkinmi – diýip, içeri girdim. Men beýle ýasama häsiýet bilen öz çekinjeňligimiň, tolgunmamyň üstüni örtmekçidim.
Tördäki ullakan stolyň aňyrsynda oturan hindi ýaly gara adam mylaýym ses bilen:
-Näme, han ogul? – diýdi.
Onuň gözleri-de sesi ýaly mylaýymdy. Men onuň seredişinden biraz ruhlanyp:
-Okuwa girmäge geldim – diýdim.
Ol elimdäki iş korzinkama garap:
-Ädikçimi sen? –diýdi.
-Hawa.
-Biraz gijä galypsyň, han ogul, okuw ýylynyň çärýegi geçdi.
-Näçe geçilen bolsa, özbaşdak okap özleşdirerin, ýoldaş mugallym.
-Käbir sapaklar başartmaz, ýetişmersiň.
-Men size ähli sapaklardan diňe bäşlige okamaga söz berýän!
Şeýle diýenimde, sesimiň batly hem-de öwünjeň äheňde çykany üçin çym-gyzyl boldum.
Ol apbak dişlerini görkezip ýylgyrdy-da:
-Berekella. Beýle bols-ha bir gowy zat – diýdi. Emma ýanynda oturan semiz takyr kelle adam ardynjyrap, ullakan äýneginiň aňyrsyndan maňa seretdi-de:
-Söz bilen iş hemişe bir bolmaýar –diýdi.
-Bolýarmy-bolmaýarmy, ony soň görübiris. Häzirlikçe bir zat anyk: oglanyň okuwa yhlasy zor, kabul edýä--diýip, ol takyr kelle adama ýüzlendi. Takyr kelle adam bolsa egnini gysyp:
-Ygtyýar özüňizde, ýoldaş direktor – diýdi.
Direktor soň maňa seredip dillendi:
-Dokumentleriňi getiriber. Arza, terjimehal, ýediýyllygyň şahadatnamasy, Iki sany surat...
Şahadatnama ýok..... Ýedinjiniň ýarysynda galypdym –diýip, ýere bakdym: - Işe girmeli boldum....
-Sen-ä tüýs bir täsin oglan ekeniň – diýip, ýaňky takyr kelle adam maňa gözüni alartdy: - Dökümentsiz seni okuwa nähili kabul edeli?
Başymy galdyryp seretsem dirtektor hem maňa siňe seredip otyr. Ol ak aralaşan buýra saçlaryny ýuwaşja sypap, takyr kellä ýüzlendi:
-Bolýar-da, munusynyňam zyýany ýok, okaýsyn.
-Ýoldaş direktor, bu kanuna dogry gelmeýär, ahyryn – diýip, ol ýüzüni ajytdy.
-Eger oglan sözünde tapylyp, bäşlige okasa kanun bizi bagyşlar. Onsaňam, okuw ýylynyň soňunda ýedinjä-de egzamen tabşyryp, şahadatnama alar. Şeýle dälmi? – diýip, direktor maňa bakyp ýylgyrdy.
Men onuň sözüne tassyklap, başymy atdym.
Takyr kelle ýüzüni kese sowdy-da:
-Ygtyýaryňyz ýoldaş direktor. Soňundan bir , gep-söz çykaýsa, özüňiz jogap berersiňiz-dä –diýdi.
-Bolýa, onuň gaýgysyny etmäň, gerek bolsa, özüm jogap bererin! – diýip, direktor çürt kesik gepledi.
Begenjime: „Sag bol“ diýmänem unydypdyryn. Ylgap çykyp gaýtdym.
Emma begenjim biderek bolup çykdy. Ol ýerde okamak maňa miýesser bolmady..
Artele gelenimde, hemme zat ýerli-ýerindedi. Emma halypamyň kürsüsi, näme üçindir boş durdy.Pirmät ussa agzyndaky tüssäniň ýarysyny ýuwudyp, ýarysyny çykaryp:
-Halypaňdan habaryň barmy? – diýdi.
-Ýok näme?
-Bilmedik-diýip, ol uzyn edip dolanan çiliminiň közüniň ujyna tüýkürdi-de, kuldana atdy - Mahmyt aganyň beýle gijä galýan wagty ýokdy. Bir zat bolandyr sen baryp habar tut. Hernä, eýgilik bolsun.
Şol bada ýüregime bir howsala düşdi. Dessine yzyma dolanyp, köçä çykdym. Halypamyň öýüne ýakynlaşdygymça, ýüregimdäki howsala barha güýçlenýän ýalydy. Howatyrym ýerliksiz däl ekeni. Gapysynyň agzynda eli çäýnekli duran goňşy aýala duş geldim. Ol maňa gamgyn seretdi.
Howlygyp içeri girdim. Ozaly bilen, nazarym tördäki krawata düşdi. Ol boşdy. Halypam ýere ýaszylan düşekde ýatyrdy. Belent ýassykdaky kellesine ak mata saralgydy. Gözleri ýumukdy. Sag eli çala agaran sakgalynyň ujundady. Men onuň ýanyna baryp, gapdalynda çök düşüp oturdym-da:
-Mahmyt aga-diýip, ýuwaşja seslendim. Halypam Gözlerini açyp maňa, soň töweregine göz aýlady. Onuň garaýşy birhili parhsyzdy.
-Ertirden bäri saňa garaşyp ýatyryn –diýip, ol zordan dillendi.
-Men bilmändirin. Näme boldy size?
-Bilmedim. Garaşylmadyk waka boldy – diýip, ol demini rastlady: -Bizem amanady gowşurmaly bolaýdyk öýdýän, oglum? Saenden haýyşym: Şäkir şireçä mesi tikip bermegi boýun alypdym, ýetişip bilmedim, bir taýy bitmän galdy. Şony bitirip ber. Kyýamat karzäyna galmaýyn – Ol ýene demini raslady-da, dowam etdi: - Onsoň sandykda gyzyl mata düwlen pul bar. Ýagşy niýet bilen ýygnapdym... Şonam saňa ak ýürekden berýän.
-Beý diýmäň, Mahmyt aga. Hiç zat bolasy ýok, gutular gidersiňiz –diýip, men oňa göwünlik berdim. Halypam kinaýa bilen halsyz ýylgyrdy. Bu maňa gyşyň bulutly gününde gün görnip giden ýaly birhili täsin duýuldy. Emma onuň ýylgyranda çalaja açylan dodaklary gaýdyp ýumulmady, tersine barha ulyrak açylyp, agzynyň bu açyklygy wähimeli görnüşe geçdi Men tisginip gitdim.
****************
„Ýagşynyň meýidem gadyrly“ diýleni dogry ekeni. Halypamy jaýlamaga şäheriň ähli ýerinden adam bary geldi. Meýidi arteliň ussalary gezekme-gezek göterip äkitdiler. Arteldäki ona golaý ýetginjek oglaryñ içinde meýide boýy ýetýäni diňe Narym kilçik ikimizdik. Bir tapgyrynda ol ikimiz bir tarapa düşdik ol:
-Abdy, Abdy –diýip eşidiler-eşidilmez edip çawuş çykdy.
-Näme?
-Eşitdiňmi, Zülütaý äýe gaçyp gidipdiý.
Samsyk! Kim sorady häzir senden şony! –diýip ýerliksiz gepläni üçin Narymy dalamasyna daladym welin, emma bu habar maňa gaty täsir etdi. Näme üçindir, özümi kemsidilen ýaly duýdum.
****************
Halypamyň üçünden soň, işden çykmak niýeti bilen artele bardym. Ussahana girenimde, Halypamyň kürsüsiniň ýanynda ýatan mesä gözüm düşdi. Onuň edip giden haýyşy güpbe ýadyma düşdi. Ony ýadymdan çykaranym üçin, içimden özüme gaty käýindim. Mesini alyp, öz kürsüme geçip oturdym-da, tikmäge başladym. Mesiniň bir taýynyň gonjy ýarsyna çenli tikilendi. Halypamyň hiç kimiňkä meňzemeýän owadan ördümlerine gözüm düşüp ýüregim jigläp gitdi.Ýördümlerimi onuňka meňzedip tikmäge çalyşdym emma başarmadym. Meniň ýördümlerim-de tekizlikde, owadanlykda kem-kössüz ýalydy, emma halypamyň ýördümleri, nämesi bilendir meniňkiden düýpgöter tapawutlydy.
Başymy aşak salyp, şol işläp oturşyma töweregimdäki ähli zady unudyp, çuň pikire gidipdirin. Kimdir biriniň şyrt-şyrt edip, çöp çüý kesişi, biriniň pyçak çalyşy, ýene kimleriñdir özara gürrüňi gulagyma kämahal bir ilýärdi.
Birwagt töweregimdäki ähli hereket ýatyp, ähli zat togtan ýaly boldy. Başymy galdyryp seretsem, hakykatdanam, adamlar işini taşlap, näme üçindir maňa seredişip otyrdylar. Men hiç zada düşünmän soragly nazar bilen ussalaryň ýüzüne ýekän-ýekän seretdim. Şonda Pirmät ussa ýanyma geldi-de, elimden tutup, ýokary galdyrdy:
-Abdy jan, üç günden bäri Mahmyt aganyň boş duran ýerine seredýäs-de elimiz işe barmaýar. Sen agamyzyň mynasyp şägirdi. Indi onuň ýerinde seniň oturmagyň gerek-diýdi-de, eltip meni halypamyñ erinde oturtdy. Başga bir ussa: --Indi seni „Ussa Abdyreýim“ diýip atlandyrsak-da bolýar– diýdi.. Onuň sözüni beýleki ussalar makullap, alyp göterdiler. Men näme diýjegimi, näme etjegimi bilmän galdym. Işden çykmak barada ýüregime düwüp gelen niýetimi hem aýtmaga dilim barmady. Aýtsam halypamyň ruhy aýak astyna düşüp galjak ýaly bolup dýuldy....
Iş wagty tamam boldy. Köçä çykanymyzda. Pirmät ussa meni saklap, elime dört eplenen bir kagyz berdi-de:
-Muny halypañyň jübüsinden tapdylar, häliden bäri seni tukatlandyrmaýyn diýip aýtman otyrdym-diýdi.kagyzy çalt açyp seretsem, ol-a halypamyň oglynyň wepat bolandygy hakyndaky şum habar ekeni. Başym aýlandy gitdi. „Halypamyň biwagt ölümine, belkim, şu hat sebäp bolandyr?“ Näme üçindir Pirmät ussanyň aýdyşy ýaly tukatlanmadymam. Bu bolşuma özümem haýran galyp: „Käbir adamlar doň ýürek bolýamyş, menem şeýle adammykam?“ diýip pikirlendim. Öýe gelenimden, haty ejeme berdim. Ol haty açyp okady-da:
-Biçäräniň çyragy sönüpdir –diýdi.
Men ejeme özümiň doň ýüreklik hakyndaky pikirimi aýtman durup bilmedim.
-Ýok, oglum, meniň bilşimçe, sen doň ýürek dälsiň-diýip, ejem elindäki kitabynyň bir sahabyny açyp okady:
„Tupanda ösen daragtyň köki-de, özi-de berk bolýar. Adam hem şeýle“.
Şeýle bolsa şeýledir diýip, içimi gepletdim-de oňaýdym .
Emma şol gün otursam-da, tursam-da halypamyň özüne meňzeş uzyn boýly, giň eginli, mylaýym bakyşly ýigit göz öňümden hiç gitmedi.
****************
Şol güniň ertesi halypamyň maňa bagyş eden puly ýadyma düşdi-de: „Indi ony nätsemkäm?“ diýen pikir meni ynjalykdan gaçyrdy. Eger ogly öwrülip geljek bolsa, ony tutuş saklajakdymam, emma... indi... Muny halypam öňünden welin aýdan bolmaga çemeli.
Birdenkä kelläme bir pikir geldi: geçen aýda fronta kömek ýygnanlarynda, biz hiç zat berip bilmändik. Puly fronta kömek diýip berenden gowusy ýok diýen netijä geldim. Pikirimi ejeme aýdanymda, ol hem makullady.
Çemedandan puly alyp sanadyk. Müň manada sähelçe etmedi. Ony gazete dolap goltugyma gysdym-da göni ispolkama tarap ugradym. Ispolkomyň jaýyna girenimde, Moskowanyň sagady sekiziň janyny urýardy.Başlygyň kabineti ýapykdy. Sekretar aýal ýaňyja gelip, kabul ediş jaýyny tertibe salyşdyryp ýören ekeni. Ol maňa gözüniň gytagy bilen seretdi-de
Başlyk gerek bolsa biraz garaş – diýdi edil şol wagt hem ol ýaňy harby geýimli bir adam bilen geldi. Onuň saçlary agarypdyr, belent biraz bükülipdir. Keşbi nähilidir Zülpütary ýadyňa salýardy. Onuň hem ýadaw gözlerine seredýärkäm, Zülpütaryň eden-etdiliginiň oňa nähili täsir endigini bilmekçi boldum. Göwnüme onuň gözlerindäki alada özüniň hususy aladasy bolman başga bir möhüm işiň aladasy ýalydy.
Bu ýere maňa meňzeş arzaçylar seýrek gelýän bolmagy çemeli, ol maňa birhili mähirli seretdi-de:
Meniň ýanyma geldiňmi, oglum? –diýdi.
Men baş atdym. Ol kabinetini açyp, ýanyndaky ýoldaşy bilen içere girdi. Soňra:
Hany, gel bakaly –diýip seslendi.6
Men gapydan giren ýerimde papagymy çykaryp, aýak çekdim.
Ýeri, oglum, näme iş bilen geldiň? –diýip, ol maňa siňe seretdi.
Men elimdäkini onuň golasýynda goýdum-da, gelenimiň sebäbini düşündirdim.
Başlyk bilen harby geýimli adam bir-birine seredişdiler. Soňra başlyk pul dolanan gazeti açyp görenden, ör boýuna galdy-da, harby geýimli adama ýüzlendi:
Komissar, hatarymyzda şeýle soldatlar barka biz hökman ýeňäýmeli!
***************
Men ol ýerden çykanymda, özümi hem ruhy, hem fiziki taýdan ulalan ýaly duýdum.
Ol meni soldat diýip atlandyrdy. Bu meniň adamkärçiligime berlen örän uly bahady.
Öýe gelýärkäm, ýol boýy ertirden bäri kellämde mekan tutan „soldat“ diýen söz hakynda, özümiň nähili soldatlygym hakynda pikirlenip gelýärdim. Şol wagtam gulagymyñ ýanynda biri:
„Abdyrahym“ diýip seslendi. Beýläme seretsem,
gapdalym bilen ýylgyryp Sonagül gelýär. Tötänden duşanym üçinmi ýa-da başga sebäbe görämi, garaz, ýüregim kapasa gabalan guş ýaly böküp durdy.
-Eşitdiňmi? Gijeki mekdep açylypdyr – diýip, ol maňa mylaýym ýylgyryp seretdi: - Men eýýäm dökumentlerimi tabşyrdym. Senem girseň, bileje okarys.
Çynyňmy?!
Gyz gülümsiräp başyny atdy-da, gapdaldaky köçä öwrüldi. Göreçlerimiz hoşlaşyk üçin çaknyşdy. Şonda onuň gözlerinde şu mahala çenli görülmedik bir uçgun ýylpyldap gitdi. Bu uçgunyň ýylpyldysy meniň ýüregimem ýyladyp giden ýaly boldy.
Asyl, şol gün meniň işimiň oňan güni ekeni. Şatlygymy içime sygdyryp bilmän, öýe gelsem, öýde-de maňa ýene bir şatlyk garaşýan ekeni. Gapydan içerik ädenimden gözüm eli gazetli oturan ejemiň gözlerine düşdi-de, haýran bolup, giren ýerimde aýak çekdim. Ejemiñ ýüzünde bir keýpi köklik uçganaklaýardy, gözlerinde bolsa begenç ýaşynyň yzy duýlup durdy. Men sabyrsyzlyk bilen soradym:
-Eje, kakamdan hat geldimi?!
-Hawa oglum. Ine, eşit, kakaň näme diýip ýazypdyr? – diýdi. Gazede seretsem, onuň ýüzünde uzyn bir goşgy bardy. Ejem ony tolgunyp okady:
Maňa garaş, men gelerin,
Emma garaş, sen intizar,
Garaş, ýagyş irizse-de,
Garaş maňa ýaganda gar.
Goşguda aýdylyşy ýaly kakama juda intizar bolup garaşdyk. Juda köp gezek garlar ýagdy, ýagyşlar irizdi. Emma kakam wadasynda tapylmady....
* * *
Hyýalymy bes edip, Haýýama gulak salýan:
Ol:
„Dünýäniň çarhy heniz-de aýlanyp dur“ diýýär. Şol aýlanmak hereketi ädikçiniň şägirdini pesejik kürsüden institut kafedrasyna eltdi. Gözi ýolda bolup, kakasyna garaşyp ýörän oglanyň özüni kakalyk derejesine ýetirdi. Kakalygymy ykrar etmek üçin töweregimden Gülüstany gözleýän. Ol ejesine kömekleşmek üçin aşhana çykypdyr. Ol ýerden ikisiniň-de sesi eşdilýär. Gülüstan bir zatlar diýip jedirdeýär. Sonagül bolsa özüniň mahmal ýaly mylaýym gülküsi bilen gülýär.
Bu gülki meniň oturan mawy yşykly otagymda hem ýaňlanyp, töweregime mahmal ýazylan ýaly edýär.
Gülüstan gelep meniň, kitaba eglen başyma näzijek barmaklary bilen dürtýär-de:
-Nahar bişdi – diýip kikirdeýär.
Şonda men başymy göterip, onuň mähirli gözlerine bakýan-da ol gözlerde mundan çärek asyr ozalky şol ozalky päkize goýungözleriň hiç üýtgewsiz gaýtalanmasyny! Görýärin. Şonda men „Dünýäniň ähli gowy hadysalary hem şeýle gaýtalansady“ diýip, öz ýanymdan arzuw edýärin.
Soñy.
Powestler