TOGALAK DÜNÝÄ
Otagda açyk mawy reňkli çyra ýanyp dur. Bu reňki Sonagül gowy görýärdi. Täze jaýa göçüp gelenimizden, ol uly otagdaky ak lampoçkany mawy reňklisi bilen çalşyrdy. Dogrudanam, bu reňk gijelerine otaga bahar daňynyň görküni berýärdi.
Şu mawy reňkli şöhlede Omar Haýýamy okap otyryn. Şahyryň setirlerine siňen ajaýyp pikirlere birhili togunýardym. Kitaby agtaryp oturşyma, gözüm şeýle setirlere kaklyşdy:
„Jahana etsedi mendäki kuwwat
Bu harap düzgüni ederdim berbat
Ýaňadan salardym şeýle bir dünýä,
Adamlar islegne ýeterdi aňsat “
Gör nähili ajaýyp arzuw! Nähili gowy maksat!
Şu bendi gaýtadan gözden geçirýärkäm, şahyryň soňky setirlerini:
„ Ýaňadan salyndy şeýle bir dünýä
Adamlar islegne ýetýändir aňsat “
diýip düzedesim geldi.
Şol mahalam elimi ýumşak, eýjejik eller tutup özüne çekdi. Bu dokuz ýaşly gyzym Gülüstandy. Başymy galdyryp, oňa ýylgyryp seretdim.
-Näme okap otyrsyň, kaka?
-Omar Haýýamy, gyzym.
-Kim ol Omar Haýýam?
-Şahyr.
-Ol näme hakda ýazypdyr?
-Dünýä hakda.
-Dünýä hakda?!----diýip, Gülüstan haýran galmak bilen sorady.
-Hawa, dünýä hakda.
-Wiý, dünýä hakynda menem bilýän!
-Sen näme bilýärsiň? – diýip, bilesigelijilik bilen soradym.
-Dünýä togalak, ol mydama aýlanyp durýar-diýip, Gülüstan mekdebinde mugallymdan eşidenini aýtdy.-Şeý diýip ýazypmy şahyr?
-Hawa mydama aýlanyp dur, çünki dünýä çarhy-pelek diýip ýazypdyr.
Gülüstan soňky sözlerime düşünmän, gözlerini petretdi. Eýsem, ol dünýä sözüniň müň dürli manysynyň bardygyny, onuň müň hili aýlanyşyny entek nireden bilsin? Muny Gülüstan ýaly çaga wagtynyzda hiç haýsymyz hem bilmeýärdik ahyryn! Meniň gözlerim Gülüstanyň balkyldap duran sada, goýungözlerine düşende, onda Haýýamyň rubagylarynda tesfir edilen dünýäniň aýlanma hereketleriniň birini gören ýaly boldum.
Hawa, bu sada goýungözlere men mundan çärek asyr öň duşupdym. Şony ýatlap, çuň pikire gitdi.
*****
Nirededir uzaklarda başlanan urşuň uzyn eli kakamy öz gujagyna çekip aldy. Meni bolsa ýedinji klasyň partasyndan aýryp, ädikçilik artelindäki pesejik oturgyja çüýläp goýdy.
Indi men kiçijek şäherimiziň asfalty çala garalyp duran merkezi köçesi bilen her gün artele gatnaýaryn. Gyşda asmandan dört damja ýagyş düşse, köçäniň trotuarlary çalpaw laýa öwrülýär. Şeýle wagtda biz, artele gatnaýan şägirt oglanlar, şu köçäniň ugrunda ýerleşen peduçilişäniň gyzlarynyň deňinden geçip barýarkak, aýagymyzy bilgeşleýin tarpyldadyp, olaryň üstlerine laý syçradyp geçýäris, Gyzlar bolsa yzymyzdan ,,Aýagy kesilmişler“ diýip käýinip galýardylar.
Şol gyzlaryň arasyndan owadan goýungözli bir gyzyň käte maňa birhili nazarany dikip geçýänini syzýardym. Muny özümden başgalaram aňýan bolmaga çemeli. Narym kelçik diýen şägirt oglan maňa degip:
-Heý Abdy, Malýaň gyzy näme saňa gözüni petredip geçýä? – diýýärdi. Oglanlar onuň gepine gülüşýärdiler. Olar muny oýna sowsalarda näme üçindir, özüm muňa çynlakaý üns bermäge başladym.
Artele gelip, ýerimde otursam-da, hyýalym welin şol maňa ogryn garaýan goýun gözlerdedi. Emma halypam elime iş berip „Abdy jan, şu ädigiň başlygyny tikip göýber“ diýende, özümi ele aldym. Soň ol ünsli seredip dillendi:
-Näm boldy, oglum, tukat görünýäñ-le?
-Ýok hiç zat bolanok – diýip, işe başladym.
Halypam örän synçy adam, tukatlygymyň ýöne ýerden däldigini aňdy. Emma ol muny maşgalamyzdaky ýeter-ýetmezçilikdendir öýdendir-dä, göwnümi götermäge jan etdi.
-Gam atynyň başyny ugryna göýberme Abdy jan, pursady geler, hemme zat ýerbe ýer bor. Uruş diýen belada hä diýmän gutarar. Kakaň-da gaýdyp geler. Sen bolsa ýene okuwyňy dowam etdirersiň. Uly mugallym borsuň Häzirki ýagdaýda bolsa keselbent ejeňe sen seretmeseň, kim seretjek? Şükür, ine tutan käriň hiçkimiňkiden kem däl, onsaňam, biziň işimiz diňe öz bähbidimiz üçin däl ahyryn, häzirki wagtda ädikçilik-de gowy hünär. Aýakgap fabrigimiziň köpüsi uruş zererly ýapyldy. Indi halkyň dadyna biz ýetişmeli. Aýakýalaň meýdana çykyp, kätmen urup-da bolmaýar, zawoda baryp işläp-de.Hawa, oglum, şeýle..... – diýip, çalaja agaran gytyk sakgalyny sypalady-da Magtymgulydan bir bent aýtdy:
„Mert ogul göwnüne gaýgy getirmez,
Namardyň ogly dek gaýgyçyl bolma“
Ine şunuň bilen ol diňe meniň däl, eýsem arteldäki beýleki ussalaryň hem göwnüni götermegi başardy.
-Uzak ýaşa, Mahmyt aga. Aramyzda sen bolanyň üçin günümiziň nähili geçenini-de bilmeýäris – diýip, ussalar halypama alkyş aýtdylar.
Halypam arteldäki adamalaryň göwnüni götermek üçin özüni näçe şähtiaçyk tutsa-da öz öýünde pikire çümüp tukatlanyp oturanyny ençeme gezekler görüpdim. Onuň ýigit ýeten ýalňyz ogly urşa gidip, goja bilen kempir öýde galypdy. Oglundan hat gelmegi sähelçe gijikse, halypam tukatlanyp birhili bolýardy. Maňa günaşa hat ýazdyrýardy.
-Şeýdip ýaz –diýip, ol kagyza tiňkesin tikip oturşyna nokatma-nokat aýdýardy.
-Eger hat ýazmaga eliň degmese ýa-da ýaltansaň „Salam, kaka, eje, men sag-aman ýörün“ diýen sözleri ýazaga-da günaşa iberip dur, oglum....
Oglundan hat gelmesi sähel gijikse, halypamyň howatyrlanýandygyna oňat düşünýärdim.
Biz hem kakamdan birki hepde hat gelmese, edil şeýle howatyrlanýarys, şonuň üçin kakama ýazan hatlarymyň soňuna:
„Kaka jan eger hat ýazmaga eliň degmes birje tagta kagyza:“Men sag-aman bardyryn“ diýen sözleri ýazyp gönderip durgun“ diýip goşýardym. Soňra haty ejeme okap berýärdim.
Soňky sözlemi dogry ýazypsyň balam - diýip ejem şel bolan aýagyny zordan ýygnap, ýerinden galýardy.
„Bela gelse goşa-goşadan“ diýlişi ýaly kakamyň gitmeziniň öň ýanynda ejemiň aýagy bir gijede şeýle bolaýdy. Kakam ony doktorlara görkezjek diýip ýören wagtam, goşunçylyga çagyryldy. Ejem biçäre ony ugratmaga-da barybilmedi.
Kakamy ugratmaga ýeke özüm bardym. Irden öýden bile çykdyk. Ojuk-bujuk salyşdyran haltasyny göterişjek bolsam, razy bolmady. Edil esgerleriñki ýaly edip egnine atdy. Ugradyş punkutyna barýançak, pyýada gitdik. Men üç-dört ädim yzdan kakamyň katdy-kamatyna nebsewürlik bilen seredip barýardym. Ol bolsa adatdaky ýaly mekdebe çagalary okatmaga gidip barşy dek başyny dik tutyp, ynamly ädimläp barýardy.
-Näme yza galýaň, men bilen deň ýöreseň bolmaýarmy? – diýip, ol maňa ýüzlendi. Yzyndan ýetdim. Ol elimden tutdy-da, kiçijek çaga ýaly idip ugrady. Ol birsellem näme hakdadyr oýlanyp, ümsüm gitdi. Birhaýukdan soň bolsa:
-Kiçijik çagakaň hem edil häzirkiň ýaly edip elinden tutup ýörýärdim. Ýadyndamy? -diýdi- Indi bolsa, tüweleme, ýigit ýetipsiň meni uzak ýola ugradyp barýaň.
Men kakama bir zatlar diýmekçi boldum, emma damagym dolup dilim diýenimi etmedi. Kakam muny aýtdy.
-Gözýaş etmek erkeklere has zat däldir, Abdy jan – diýip, ol maňa temmi beriji äheňde seretdi:- Meniň bilen hoşlaşan mahalyňda aglap däl-de, şähdiaçyklyk bilen ýylgyryp galmagyñy isleýän. Ýadyňdamy, geçen ýyl kurorta gidenimde, ejeň ikiňiz meni aeroportda ugradypdyňyz. Şonda sen: ,,Hoş, kaka, maňa gowy awtoruçka alyp gel“ diýip ýylgyryp galypdyň. Bir aýlap Kawkazda gezenimde aeroportda seniň ýylgyryp galan keşbiň göz öňümden gitmedi. Uruşda ýörenimde hem seni ýatlanymda, göz öňüme seniň aglap durşuň däl-de, gülüp, ýylgyryp galanyň gelse, maňa ullakan medet şol. Şoňa seniň akylyň ýetmelidir, oglum.
Ýöne çagalygymdan başlap gulagyma guýlan beýle sözler meniň üçin täzelik däldi. Emma ol bu gezek ozalkysy ýaly öwüt-nesihat äheňde aýtmady. Edil öz deň-duş ýoldaşyna derdini dökýän ýaly bir äheňde gürledi. Şonda men özümi eýýam ulalan, kakam hataryndaky adam ýaly syzdym. Yňyp gelen gam-gussa şo bada yzyna serpikdi.
-Yzymda sen galýaň, şonuň üçinem men arkaýyn -diýip kakam sözüni dowam etdirdi-Ejeň keseli welin biraz oýlandyrmanam duranok. Tiziräk ganymatlaşyp gidäýsä ne ýagşy, ýogsam ýaş başyñdan işlemeli bolaýmagyňam mümkin. Häý, görübermeli-dä.
Harby komissarlyga gelenimizde eýýäm adamlary hatara durzup, barlag geçirip duran, ekenler. Kakam hem baryp hatara durdy.
Barlag gutarandan soň:
-Maşyna!- diýlip, komanda berildi. Kakam ýanyma geldi-de, elini uzatdy: - Al onda hoş!
Elimi mäkäm gysyp bir siltedi-de, ýüwrip maşyna mündi. Maşyn gozganyp ugrady
-Hoş saňa nemisleriň iň gowy awtoruçkasyndan getirerin! –diýip, ýylgyryp durşyna gygyrdy.
Men nätdimkäm? Ýylgyryp bildimmikäm? Howwa ýylgyrdym.
Bütin erkimi güýjimi jemläp ýylgyrdym. Emma maşyn gözden ýitenden soň aşaky dodagyma iki düwme ýaşyň togalanyp düşenini bilip galdym.
Öýde galan ejeme göwünlik bermek üçin, özümi merdemsi tutmaga jan edip, öýe gaýtdym. Içerik girenimden ejemiň dady-perýat etjegi göz öňüme geleninde welin, ýüregim gyýylyp gitdi. Emma men ýalňyşan ekenim. Otaga girenimde, ejem kitap şkafynyň ýanyndaky oturgyçda žurnala seredip oturan eken. Ol maňa gamgyn seretdi-de, ýuwaş äheňde:
-Geldiňmi, balam?- diýip, ýene žurnala başyny egdi, hat-da „Kakaňy nähili ugratdyň, ol nämeler diýdi?“ diýibem soramady. Ol şol ümsüm oturyşyna, žurnaldan ýene birki sahypa agdardy-da, birden bütin göwresini titredip, sessiz aglamaga oturdy.
-Eje!..
-Bolýa, balam. Ine, häzir bes ederin- diýip, ýaglygy bilen gözlerini süpürdi.
- Hany, hol burçdan taýagymy äber, naharyň ugruna çykaýyn. Ajygansyň, häzirjik kartoşka gowraýyn. – Ol taýagyna söýenip, ýerinden galdy-da, çep aýagyny süýräp çykyp gitdi.
***
Ejemiň ýanyny ýere bermegi meni çynlakaý pikir etmäge mejbur etdi. Onuň keseliniň barha beterleşýändigine gözüm ýetdi. Doktorlaryň aýtmagyna görä, onuň derdine uly şäherlerde şypa tapylaýmasa, bu ýerde tapyljak däldi. Indi özüm işlemesem, gün görmegiňem başga ýoly galmandy.
Şeýdip okuw ýylynyň soňky çäregi galanda mekdebi taşlap goňşymyz Mahmyt aga şägirt boldym. Deslapky günlerde artel durmuşyna öwrenişibilmän heläk boldum. Ertirden giç agşama çenli pessejik oturgyçda ýagyrnyňy tüňňerdip ädik tikmek, çüý kesmek jyda hem irizýärdi. Ýöne halypamyň mähribanlygy, göwnüňi göteriji sözleri bolmadyk bolsa, onda men arteli taşlap gitmäge-de taýyndym. Emma wagtyň geçmegi bilen hemmesine-de öwrenişdim ötägitdim.
Üç aý geçenseň halypam maňa özbaşdak işlemekligi ynandy. Menem şol ynamy ödemek üçin jan edýärdim. Bir gün ol meniň tikip gutaran ädigimi üns bilen synlady-da:
-Tüweleme, tüweleme, ýaman gözden saklasyn, ukybyň bar, Abdy jan-diýip, arkama kakdy. Onsoň arteldäki ussalaryň hemmesi meniň tiken ädigimi elden-ele alyp, gözden geçirdiler, öwdüler. Şonda Narym kelçigiň halypasy ädigi eýläk-beýläk öwrüp synlap:
-Görýäňmi muny,yhlas diýeniň, ine, şeýle bolýar. Sen bolsa henize çenli tor tikmäni hem bileňok- diýip, şägirdine igendi.
Meniň öwgä ruhum göterilip, işe diýseň yhlasly ýapyşdym. Işimiň birini beýlekisinden oňat etmäge jan etdim. Beýleki ussalar işini çalt bitirmek üçin syzy
üçin dişli tigri ulansalar, men syzyny ak sapak bilen tikip ugradym. Şonda hünji dek ak ýördümler göze diýseň ýakymly görünýärdi. Şol ýakymlylygam meniň zähmete, işe bolan ukybymy kesgitläp, mende nähilidir üýtgeşik bir duýgy döredýärdi. Ýöne zähmetim zerarly peýda bolan lezzetli duýgudan başga bir duýgy üstün çykyp ugrady. Olam bolsa şo maňa seredip geçýän goýun gözlerdi.Bu gözleriň mähri soňa baka meni öz girdabyna gark etdi.Geň galmaly zat! Maňa seredip geçýän diňe sol goýun gözler däl ahyryn! Köp! Gaty köp! Ýöne... ol gözler... O başga-la... Bakyşyndaky gyzgyn mähri syzýan-la! Bu hili mähir bir-ä söýýän gyzyň gözlerinde, birem mähriban enäniň gözlerinde bolup biler. Ýöne olaryň güýji deňem bolsa manysy welin başga-başga.
******
Ýüregimde oýanan bu duýgy meniň mydama hemramdy. Artelde ýagyrnymy tüňňerdip, ädik tikýärkämem, öýe gelip, peçde ot ýakýarkamam, daňdan bäşde turup, çöregiň nobatyna barýarkamam, şu duýgy ýüregime hemişelik hemrady. Onuň täsiri bilen hyýal derýasyna çümýärdim, arzuw guşuna münip, uzaklara uçardym.
Bir gün işden gijä galyp alňasap barýarkam, uzakdan oňa gözüm kaklyşdy, ol hem okuwyna gijigen bolara çemeli, gyssanyp, gaty-gaty ýöräp gelýärdi. Şu onuň bilen birinji gezek ikiçäk duş gelşimdi. Şol sebäpdenmi, ýa başga zatdanmy garaz, ýüregim gürsüldäp urmaga başlady. Ädimlerimi biraz salykatlyrak ätmekçi bolýan welin hiç bolanok, edil aýagym kösseklenen ýaly. Iň erbet ýerem - onuň deňine ýetiberemde, aýagym taýyp, diň arkan serrelip gaýtdym.Elimdäki korzina honda zyňylyp gidip, onuň içindäki biz, pyçak, çekiç, çalgydaş pytrap gitdi.Utanjymdan çym-gyzyl bolup, ýerimden turdum. Seretsem, ol hykyr-hykyr gülüp, meniň zatlarymy ýygnaşdyryp ýör.
-Seresap bolsaň bolmaýamy? -diýip, ol maňa korzinkany uzatdy. Ol bu sözleri çyny bilen diýse-de gözleri welin diýseň mähirli gülüp durdy.
-Äý... muň ýaly zat bolar öýtmändim -diýip, men birhili gelşiksiz ýylgyrdym. Ol pyňkyryp göýbermezlik üçin aşaky dodagyny mäkäm dişledi. Ýöne onuň ýanyp duran gözlerinde gülküsi görnüp durdy.Soňra ol bir zat diýmekçi bolup, dodaklaryny çalaja açsa-da hiç zat diýmedi.
Diňe şondan soň men egnimdäki mawut güpbimiň gara-läbik bolandygyny bilip galdym. Artele gelenimde, ussalar meniň bolşymy görüp, gülüp hezil etdiler. Ruhy göçgün, keýpi kök adamyň üstünden gülünse-de oňa täsir etmez eken. Ussalara goşulyp, özüm hem güldüm. Soňra güpbimi çykaryp, pejiň golaýynda bir gazyga ildirip goýdum-da, işe başladym.
Ýöne meniň şo günki şatlygymyň soňy birdenkä bir erbet waka öwrüldi duruberdi.
Ynha ol şeýle boldy: Pirmät aga şägirdine degip: ,,Üçem oýnamasyny goýaly bäri, biziň Narym jan hem işine ökdeläp ugrady.Tiken ädigini dagysyny görseň, tüýs ,,Amerikany-da“ - diýdi.
-Amerkada-da Narym janyňky ýaly gyşyk-çaýşyk ädikler tikilýärmikan-aý - diýip, başga bir ussa degişmäni alyp göterdi.
Ýene biri hem:
-Häý tikäýşini onuň- diýdi. Halypam:
Amerikada Naryma meňzeş ussalar ajyndan ölýär. Fabrigiň eýesi bir gün hem saklamaýar onuň ýalyny.
Şol mahal gapy bat bilen açylyp, artelimiziň başlygy Hasan güpjek çym-gyzyl bolup girdi. Ol gysga boýly, garny sallanyp duran semiz adamdy. Şol sebäpli hem oňa „Güpjek“ diýen lakam dakylan bolmaly. Ol gapynyň aňyrsynda durup, bolan gürrüňleri diňlän bolmaga çemeli, halypama bakyp azgyryldy:
-Sen, garry, näme diýip bälçiräp otyrsyň? Aýdýanlaryň manysyna pähimiň ýetmeýärmi seniň? Jemagat içinde çet ýurduň towaryny öwmek, özümiziňkini döwmek, bu hut kosmopolotizm dälmi?
Başlygyň beýle gödek sözleri halypama örän agyr degdi. Onuň reňki öçüp, dodaklarynyň gany gaçdy.
-Hasan! - diýip , ol gaharly gürledi: - Men seniň ataň bilen deň adam, gepläniňde sylaşyga, salawmaleýkime ýer goýup gepleseň oňat bordy! Men seniň kosmalitizmiňi-de pasmalatyzmiňi-de bilemok, dilimem öwrülenok. Meniň diýýänim hak. Nämesi aýypmyşyn munuň?!
-Samsyk garrynyň nämesi aýypmyş diýşine seret-le- diýip, ol öňküsinden-de beter azgyryldy: -Şu aýdýanlaryñy ýazga-da iki adama gol çekdirip, inkewide beräýsem, saňa nämesiniň aýypdygyny, nämesiniň aýyp däldigini görkezerdiler!
-Ahow, oglan, agzyňa geleniňi samrap durma-la! - diýip, halypam gahardan ýaňa çym-gyzyl boldy: -Beýle gepiň bilen meni gorkuzmarsyň! Sen kesekiden aýyp tapjak bolýançaň, iliň gözüne dürtülip duran öz aýbyňy düzetseň bolmaýamy? Bu ýerde harby komissarlykdakylaryň gözüne çöp atyp, maňa meňzeş garry-gurtynyň, oglan-uşagyň arasynda, doňuz ýaly symyşlap ýörýänçäň duşman bilen söweşmäge giden ýigitleriň hatarynda bolsaň bolmaýamy? Mert bolan bolsaň, iliň kastyna gelen belanyň öňünden çyk, haramzada!
Hasan güpjek gahar-gazapdan ýaňa titräp, gök-nil boldy. Soň ýumrygyny düwüp:
-Gap sesiňi!-diýip bogazyny ýyrtara getirip gygyrdy-da, halypama topuldy. Şonda men elime iş pyçagymy nädip alanymy, nähili ýerimden böküp turanymy-da bilmän galdym.
-Halypamyň golaýyna gelme! Içiňden geçirin! – diýip, onuň alkymyna girdim. Hasan güpjek elimdäki pyçaga gözlerini petredip durşuna, ýuwaş-ýuwaşdan yza çekildi. Soň:
-Şu günden, başlap, ikiňizem gözüme görünmäň! Ýogsam ikiňizi-de eýgiligiň üstünden eltmerin, eşitdiňizmi?-diýip, gapyny bat bilen ýapyp çykyp gitdi.
Ýerime geçip oturdym. Hemmäniň eli işden sowaşdy, hemme ümsüm. Pirmät ussa temmäki dolap otlady-da, üç-dört gezek çalt-çalt sordy. Yzyndanam ümsümligi bozup dillendi:
-Bulaşdy, Mahmyt aga. Indi, gowusy, bu peläket bilen erjeşip ýörmäň, bir çete çykaýmasaňyz bolmaz. Indi ol size gün bermez. Erbet boldy, erbet!
-Biderek ýere atyňy gordyrma, Pirmät! – diýip, başga ussa gürrüňe goşuldy:
-Elinden hiç zat gelmez onuň, ýaňky diýen kagyzyna gol çekjek adam biziň aramyzdan tapylmasa gerek.
-Gitjek, dostlar. Gitmesem bolmaz- diýip, halypam aşak egip oturan başyny galdyryp, ussalara ýekän-ýekän seretdi: - Ýöne men ondan gorkanym üçin gitjek däl-de, başga sebäp bilen gitjek. Indi ol deýýus göni gelýän bolsa, menem göni yzyma gaýdaryn! Onsaňam, bokurdagymyzy deşen şol däl, ahyryn! Ýanymda Abdy jan bolsa, bizem güzeran geçirmegiň bir alajyny ederis. Al, oglum, özümize derekli ojuk-bujuklary
Halypam bir sözli adamdy. Häsiýetine belet bolansoňlar, oňa töwella-da edip durmadylar. Biziň bilen hoşlaşdylar galyberdiler.
Köçä çykdyk. Howa onçakly sowuk bolmasa-da, ýakymsyz şemal bardy. Halypam ýedi-sekiz ýeri ýamaly köne possunyna duwlanyp, sesini çykarman barýardy. Peduçilişäniň deňine geldik. Şu ýerde-de meniň ýüregim atygsap ugrady. Dogrusyny aýtsam, agyr degýän zat –diňe artelden gidenimiz däl-de, şu köçeden indi gaýdyp ýöremek, şol goýun gözli gyza gaýdyp duşmak miýesser bolmajaklygydy. Bütin ýol boýy lam-jim bolup gelýän halypam, köçämize ýetiberende dillendi:
-Abdy jan, artelden gidýänimizi entek ejeňe duýdurma. Ertir ir bilen biziňkä gel. Hiç zady gaýgy etme, oglum. Ölümden başgasynyň alajy bolar.
*******
Öýde mundanam beterräk bagtsyzlyk garaşýan eken. Içerik girenimde, ejemiň aglamakdan ýaňa gyzaryp giden gözlerine gözüm düşüp, ýüregim gyýlyp gitdi.
-Näm boldy, eje? – diýip, zordan dillendim. Ejem ýaşa dolan gözlerini bir ýana sowup stolyň üstünde ýatan haty maňa uzatdy. Hat ejemiň adyna ýazylypdyr. Hat: ,,Siziň adamyňyz dereksiz ýitdi“ diýen sözler bilen başlanýardy.
Daň golaýlap gelýärdi. Meniň welin gözüme çiş kakylan ýalydy.
-Abdy jan – diýip, ejem ýatan ýerinden dillendi.Men tisginip gitdim. Wah, garabagyr, olam uklaman ýatan bolsa nätjek?
-Näme eje?
-Gaýgy etme, guzym, dädeň bir ýerden çykar. ,,Dereksiz ýitdi“ diýildigi „Öldi“ diýildigi däl ahyryn. Wah, men guraýyn! Aslyýetinde, men şony saňa duýdurmaly däl ekenim. Bu agyr zarba ýeke özüm döz gelip bilmämsoň aýdaýdym-da. Özümiň ýarawlygymyň ýoklygy hem onuň üstesine! Gaýgy etme, guzym.,,Müň gaýgy bir iş bitimez“ diýipdirler.
********
Artelde bolan waka hakynda ejeme dil ýarman, adatdaky ýaly geýnip çykyp gitdim. Dogry halypamyň öýüne geldim. ,,Ölümden başgasynyň çäresi tapylýar“- diýip, biderek aýtman eken. Içerik girsem, ol mahmal ýaly gara hromy ülňüläp, ädik biçip oturan eken.
-Geleweri, ussa Abdy-diýip, halypam degişme äheninde gürledi: - Ine, görýäňmi çäresi tapylandyr görseň? Düýn gös-göni şol gelşime, Atajan gönçiniň ýanyna bardym. Kesbinden bereket tapsyn. Nesýe dört sany hamy berdi göýberdi. Görýäñmi, özi-de hromyň barypýatany. Hrom işlände, bu golaýda onuň öňüne çykýan ýok-la. Artelde işlemedigimiz bilen hem hiç zat bolasy ýok. Öýde minnetsizje işläbiris. Bazar diýeniň açyk. Iki-üç bazary görsek, peýdamyz elmize gelip ugrar. Şondan soň maliýe baraga-da bäş-on prosentini öňünden töläp, peteklije ussa bolar otyrybiris. Soňra biziň pişigimize ,,piş“ diýen adam bolmaz. Şeýdip güzeran geçirip oturan ussalar şäherde gytmy näme?
Halypamyň bu sözleri ýüregimdäki daşlary biraz ýeňletdi. Ýogsam men öten agşam oňşuk-oňalga barada-da pikir edip, aňyrsyna ýetip bilmän, halypama bil baglap galypdym. Şolam dogry çykdy. Indem öýdäki ýagdaýymy gürrüň bersem, onda bujagaz şatlygyňam üstüne suw sepiljek. Halypam oňa menden beter gynanjak. Ony gynandyranym bilen näme peýdam bar ahyry! Hiç zat! Goý, şonuň üçin meniň halypamyň beri gaşy çytylmasyn! Men muny asla islämok!
-Ýene bir zady aýdaýyn, oglum – diýip, halypam sözüni dowam etdi.“Gämä müneniň jany bir“ diýipdirler. Seni närazy etmerin, oglum, peýdasy bolsa ikimize-de deň bolar.
-Ýok-la, halypa, maňa üçden birini berseňiz bor- diýip, men sypaýyçylyk etdim.
-Näme üçin, üçden birini bermelimişim? Sen indi şägirt däl, ussa bolduň, tiken zatlaryň meňkiden-de gowy.
Men ýene-de sypaýyçylyk etjek boldum welin, ol maňa gezek bermän:
-Boldy-boldy, gepiňi köpeltme, ,,Gepiň azy ýagşy, kel gyzyň näzi“ diýipdirler. Hany başla işe- diýip, soňyny degişmä sowdy.
Halypamyň degişmesi ertirden bäri geplemän ojagyň başynda çugutdyryp, ody dörüp oturan kempirini hem dillendirdi:
-Abdy jan, halypaň jahyllygynda, „kel gyzyň näzi ýagşy“ diýip, diňe şoň ýalylaryň yzyna düşüp gezen bolmaga çemeli.
-Aý, ýok, gaýtam, gaçanym kel gyzdy. Emma olam maňlaýyma ýazylan bolsa nätjek, gaçyp gutulyp bilmedim.
-Şeýlemi? – diýip, kempiri halypama kineli seretdi. – Nirede, şol maňlaýyňa ýazylan kel?
-Ynha, şindem maňlaýymda – diýip, barmagyny çommaldyp, kempirini görkezdi: - Ýadyňdan çykdymy? Ýaşlygyňda şyr keldiň ahyryn, maňa geleniňden soň, kelläňi her gün sypalap, saç çykaran men dälmi näme?
-Mysalaň gursun. Abdy jandan utananagam bi! Göwnüňe getirme kempir, seň bilen degişmesem, kim bilen degişeýin? Abdy jan entek beýle gepleriň manysyna düşünýänem däldir-le – diýip, halypam kempirini köşeşdirdi.
Soňam işe girişdik. Ilkinji günlerde köpçülige öwrenişenimdenmi-nämedenmi, diýseň içim gysdy.
Goja bilen kempiriň ýaňky ýaly degişmeleri hem arteldäki şagalaňyň ýerini tutanokdy, wah, köpçüligiň gadyry başga-la!
Artelde günümiziň nähili geçýänini-de duýmaýardyk. Günler biri-birine meňzeş, hiç hili üýtgewsiz geçýärdi.Emma iküç hepde geçensoñ bu ÿagdaý bilen öwrenişdim. Halypam köpi gören adam hemişe öten-geçenden gyzykly gürrüň tapýardy. Bazardan-da wagtymyz hoş, tiken zadymyz geçip dur. Bazara köplenç men çykýardym. Halypam „Sen ýeňil aýaksyň, men süýrenip ýörmäýin, özüň satyp geläý, oglum.“ diýerdi. Bazara birinji gezek baranymda, örän çekindim. Menden başga-da ädik göterip ýören ussa köp bolsa-da, göwnüme bolmasa, hemmeler maňa seredýän ýalydy. Birazdan soñ çekinjeňligim unudyldy.
Ahyry meniň malyma-da hyrydar tapyldy. Ýigrimi bäş ýaşlaryndaky bir gelin ýanyma geldi. Onuň aýagyndaky ädiginiň azyndan on ýamasy bardy. Ol meniň elimdäki burnuň gany ýaly gyzyl hromdan tikilen ädigi gören badyna:
-Bäh, munuň gowudygyny! Näçe bolsa berjek muny, jigi? –diýip, çekinjeňlik bilen sorady.
-Müň bäş ýüz, gelneje – diýip, men hem çekinjeňlik bilen jogap berdim,
Gelin ulydan bir demini alyp dillendi:
-Ädigiň-ä oňat welin, gaty gymmat ekeni, jigi. Sekiz ýüze berseñ alaýyn-diýip delminip seretdi.
-Ýok, gelneje, birneme galyň.
Şol mahal başga bir aýal:
-Hany, bäri al, göreli – diýip, ädigi elimden aldy. Onuň iki ýaňagynyň hal atyp durşyna, aýagyndaky ýalpyldawuk köwüş-mesisine seredeniňde, onuň ädige mätäçlige ýok ýalydy. Ol ädigi gözden geçirdi-de:
-O diýen oňadam däl eken. Ýöne nyrhynda ylalaşsak, men alaýyn – diýip, agzyndaky altyn dişlerini görkezmek üçin ýalandan ýylgyran boldy.
-Ýeňňe, bary şu! Gerek bolsa-ha al, ýogsam.... - diýip, ädigi elinden kakyp aldym. Näme üçindir Hasan güpjek ýaly biriniň aýalydyr diýen bir pikir kelläme gelip, ony diýseň ýigrendim.
-Aýdanyň üçden birini gaýdaly. Dos-dogry müň manat bereýin – diýip, ýaňky aýal ýene-de ýylgyran boldy. Şol wagt söwdamyza gulak gabardyp duran bir kempir gürrüňe goşuldy.
-Wiý gyzym, „Möminleriň söwdasyny şugullar bozar“ diýipdirler, birisiniň söwdasynyň arasyna düşmezler, aýyp bor. Ilki söwda, ine, bu gyzyňky ahyryn! Ol almasa, onsoň sen söwdalaşmaly. Munyň aýypdyr, gyz!
- Alsyn, näme men almasyn diýýänmi? – diýip ýaňky gahar bilen tasanjarady.
Şondan soň öň hyrydar bolan obaly gelin ýygralyk bilen dillendi.
-Ýok, ýok, dogan jan, alybersin. Meniň munuň ýaly zada pulumam ýetjek däl. Biziň ýala muň ýaly zat nirede! Garaz, oňatja görüp soraýdym-da. Öýüň eýesi uruşdan sag-aman gelip, öýe eýe bolsa, onsaň geýäýmesek, muň ýaly zady geýibilesimiz ýok-la, Häzir alybilen alybersin.
Ol gelniň bu gürrüňlerine ýüregim bir hili awady gitdi. Onuň gamgyn gözlerine seredenimde, kakamy urşa ugradan mahalymdaky, ejemiň gussaly gözlerini ýatladym.“Bu gelnem adamsyny urşa ugradanda, edil ejem ýaly bolup, ýüregini paralandyr, biçäre“ Altyn dişli aýal welin, bu gürrüňden özüçe netije çykaryp:
-Ynha, eşitdiňmi, kempir, bu gelin aljak däl ahyryn. Puly ýetmeýämiş. Indi berin ara düşmäň! – diýip, kempire azgyryldy.
Kempirden ses çykmady. Onsoň ol maňa ýäzlendi:
-Ýaňky aýdanyma beraý, oglan?
-Ýok!
-Müň bir ýüze berjekmi?
-Ýok!
-Bermeseň, ýapyş-da ýat ädigiňe – diýip, ol mähellä siňip gitdi. Onuň yzy süre hälki obaly gelniňem gidip barýanyny görüp, ony ýanyma çagyrdym.
-Bäri geliň, gelneje, soraň. Belkem, size nesip eder? – diýdim.
Gelin uýaljyrap dillendi.
-Ýok, jigim, o baha alybiljek däl. Bary-ýogy dokuz ýüz manadym bar Ondanam çagalara süýji-püýji alyşdyrmaly. Meniň çakym däl – diýdi.
-Bolýar, ýaňky diýen sekiz ýüz manadyňyzy beriň-de alaýyň. Gelin muňa birhili boldy. Gözlerini tegeläp seretdi. Utandy. Bolsa-da ädigi aldy. Soň ol köp alkyşlar aýdyp, meniň ýanymdan, göýä, ömründe birinji gezek gurjak satyn alan gyzjagaz ýaly bolup, begenjine uçaýjak bolup gitdi.
Şol wagt kimdir biri arkama kakyp:
-Heý, samsyk, mugt berdiň-ä ony! – diýdi.
-Ol öz işim!
Soň ol nätanyşdan ses çykmady.
Men bolsam şo gelniň şatlygyna şärik bolup, halypamyň ýanyna nädip baranymam bilmedim. Barybam bolan wakany birin-birin gürrüň berdim.
Halypam:a
-Seniň ýeriňe men bolan bolsam-da şeýderdim – diýip, gülümsiredi: - Ýöne ýorganyňa görä aýak uzatmalydygyny hem unutma, oglum. Eger hemmesine-de şu hili garyp-gasarlaryň ýagdaýyna garap satjak bolsaň, onda gazanjymyz nas pulumyzy-da ýetmez, oglum-diýdi. Men utanjyma ýer dyrmap oňaýdym.
*********
Gün öýleden agypdy. Halypamyň kempiriniň günertanlyk üçin bişiren mäşewesinden halypam bilen bir okarany öňümize alanymyzda, gapy ýuwaşjadan kakyldy.
Halypam:
-Kimem bolsaň giriber –diýdi.
Içerik ýanyp duran sugur gulakjynyny maňlaýyna basyp geýen, eli papkaly, orta ýaşlaryndaky bir adam girdi. Ol salam bermän:
-Mahmyt ussa diýenleri sizmi? – diýdi.
-Howa şol-a biz bolmaly. Hany, mäşewäniň başyna geç – diýip, ussam oňa mürähet etdi.
- Sag boluň, mäşeweleşip otyrara wagt ýok, işli geldim.
-Bizden bitýän işiň bolsa, baş üstüne, inim, otur, aýdyber – diýip, halypam geňgalyjylyk bilen oňa seretdi. Ol pejiň ýanynda çök düşüp oturdy-da papkasyndan bir tagta kagyz aldy.
-Gizlin hünärmentçilik bilen meşgullanýanyňyz üçin, size maliýe bölümi elli müň manat möçberinde jerime saldy. Ynha kagyzy, goluňyzy çekiň – diýip, ol sygryň dili ýaly kagyzy uzatdy. Halypamyň ýäzi uç ýuwlan ak esgä döndi.
-Elli müň manat? Näme üçin beýle inim? Meniň öýde işlemäge başlanyma entek iküç hepde-de bolanok ahyryn?! Näme üçin beýle bolýar?
-Men hiç zat bilmeýärin –diýip, ol halypamyň sözüni böldi:
-Hökümetiň kanunyna oňat düşünýänsiň, ussa. Kanun kanundyr.
-Kanuna düşünýäs inim, emma elli müň manady men nireden tapaýyn? Muňa öýümi satsam-da, ýetmez. Munyň-a ynsapsyzlyk bolýar, inim. Gürrüňe halypamyň aýyly goşuldy.
-Wah bally, men seň ejeňi, kakaňy tanaýan, aslyňa belet, näme üçin beýdýäň? Birazyrak puryja berseňiz, ussanyň özi maliýaňyza baryp, kagyz alyp gelerdi. Özi-de şeýtjek diýip otyrdy.
Ol kempiriň diýenine üns hem bermän, ýaňky kagyzy halypama ýene uzatdy-da:
-Çekeleşip oturmaly ussa. Gol çekip ber, men gaýtjak – diýdi.
Halypam bu gezek saklanyp bilmedi:
Çekjek däl, ertir özüm ulyňyzyň ýanyna baryp düşünişerin! Petent sorap arza berjek!
-Biderek, edýäň, ussa. Häzir patent diýilýän zat her kese berlip duranok, Gaýtam, salgydyňyzy ýüz müňe çykarmaklary mümkin. Sebäbi elli müň diňe seniň ýeke özüňi nazarda tutulyp çykarylan. Ynha, şägirt oglanyňam bar ekeni. Onuňam el güýjünden peýdalanyp otyrsyň. Aktyň bir punkytyna munam goşup goýbersem, elli müňi ýüz müň edip tölederler. Şonuň üçinem, çekeleşip azara galma, ussa.
-Aý, iki ýüze çykarsalaram, bir baryp görjek. Işim seň edaraňdan bitmese, ispolkoma barjak, arz etjek.
Halypamyň gara çynydygyny bilensoň, ol näme üçindir, gowşap ugrady:
-Ýaşuly, sen-ä edenlisireýärsiň welin, ýöne ýeke özüň müň gapa başyňy ursaň-da, peýdasy bolmasa gerek. Gowusy, siz azara galyp ýörmäň. Ine, daýzamyň
aýtmagyna görä, ozaldan tanyş ekenik. „Bir gören tanyş, iki gören garyndaş“ diýipdirler. Meniň özüm siziň üçin alada edip göreýin. Belki, bir ugruna bolýady-da.
-Beýle bolsa, sag bol, inim, bereket tap! –diýip, halypam deň ýary agaran gytyk sakgalyny barmaklary bilen daraşdyrdy-da:
- Dogrusyny aytsam, ertirden bäri göwnüm başga bir gümana gidip otyrdym. Men seni Hasan güpjek ýaly biriniň gepi bilen gelendir öýdüp otyrdym. Beýle şeýtanyň pikirene gidenim üçin, meni bagyşlaweri, inim –diýdi.
-Ynsan çig süýt emen bolýar, ýaşuly. Zyýany ýok. Ony men göwnüme getirmerin. Siziň üçin elimden gelen ýagşylygy etjek bolup görerin. Emma gurudan – gury çar tarapa at salanym bilen iş bitmezmikä diýýän.
-Bu näme diýdigiň? – diýip, halypam biraz geňgalyjylyk bilen sorady.
Aý... ýaşuly, düşünmediksirän bolmasana, gury sözden palaw bolmaýar ahyryn. Siz köpügören adam, gepiň bir çetini eşdenden düşünibermeli-le-diýip, ol gözlerini birhili ýyltyldatdy.
-Şeýlemi? – diýip, halypam oňa dikaryňlap başlady-Munuň ýaly maksadyň bar bolsa, ertirden bäri „Mus-mus“ diýip oturýançaň Mustapa diýäýseň bolmadymy?
Hawa, Mustapa, Mustapa! – diýip, ol gelşiksiz ýylgyrdy.
Halypam birdenem dergazap bolup:
-Sen näme, para sorap geldiňmi bu ýere? Indi men ömrüm bina bolup etmedik işimi edip, para bermelimi? Haramzada, çyk öýden! – diýip, onuň üstüne sürindi.
Ýaňky ýigit gapydan nçykyp barýarka:
Şu puly hökman saňa tölederin, tölemeseň, mal-mülküňi konfiskasiýa etdirerin! – diýip haýbat atan boldy.
Halypam onuň goýup giden kagyzyny dört bükläp jübüsine salyp, gaharly dillendi:
-Hasan güpjeklden-de geçiren deýýus ekeni, haramzada! Ertiriň özünde başlygynyň ýanyna barjak, ispolkomada arz etjek, ýurtdan adalat giden däldir entek! – diýip, sowap galan mäşeweden iki çemçe içdi-de, gaýra çekildi.
-Işdäme-de sogan dogrady, haramzada! Maňa seretme, içiber, Abdy jan – diýdi..
-Enesinden käse gelmişi şu hili para-pullar azdyran ekeni, asyl! Düýn heleýler ony „Boýy ýeten gyzy bilen aýalyny kowup, ýaşajyk bir gyza öýlnepdir“ diýip oturdylar –diýip halypamyň kempiri käýindi.
Dogrydyr. Bu terzli adamyň elinden her hili hilegärlikler geler – diýip, halypam kempiriniň sözüni tassyklady.
Kempiriň: „Boýy ýeten gyzy bilen kowupdyr“ diýen sözleri, näme üçindir, meniň depämden sowuk suw guýlan ýaly etdi. Pikire gitdim. Ýogsa-da, Narym ony maliýanyň gyzy diýipdi. Aý, ýoga! Ol şu adamyň gyzymyka? Neneň şeýle ajaýyp gyz bu hili nejisiň gyzy bolup biler? Bu waka, iş-alada bilen tas ýadymdan çykaňgyrlap barýan şol goýungözli gyzy ýene-de ýadyma saldy. Ýüregimde ony ýene bir gezek görmek arzuwy oýandy.
Giçlik öýe gaýdanymda pikirimiñ bir bölegini şu günki bolup geçen waka eýelän bolsa, ikinjisini şol goýungöz eýeläpdi.
Şol günüň ertesi halypam ir bilen şähere çykdy. Men işlemesine işledim welin, halypam meseläni nähili çözerkä diýip pikir edip, wagtyň nähili geçeninem bilmändirin.
Halypam günortana golaý ýylgyryp geldi,
Abdy jan, hoş habar alyp geldim – diýip ol maňa ýüzlendi – Gadymkylardan galmadyk söz ýok. Kemlige kemal bar, menlige zowal. Hasan güpjek masgara bolup, tussag edilipdir. Onuň gözboýagçylygyna, ynanman, komissiýadan geçirip, esgerlige çagyran ekenler, ol bolsa hilegärlik edip, sag eliniň üç barmagyny çapyp taşlapdyr, namart!'
Çyndan tussag edilipmi? –diýip, men begenjimden soradym.
-Howala, beýle namardy jezalaman bolarmy näme? Ispolkomyň başlygyndan eşitdim. „Asylsaň belent şahadan asyl“ diýenlerini edip, dopba-dogry onuň ýanyna girdim. Biçäräniň oglundan şum habar gelenine üç gün bolan eken. Gaty sus, biçäre. Arzy-halymy diýdim. Dykgat bilen diňledi. Malyýa til kakyp, salgydy şol wagtyň özünde ýatyrtdy. Men onuň bilen hemme zat barada gürrüňleşdimem, ýöne düýnkiniň para sorap gelenini aýtmaga dilim barmady.
-Hasan güpjek diýeniňiz şeýle namart adam ekeni, ussa-diýip, ol soňundan maňa gürrüň berdi: - onuň milliýonlarça deň-duşlary watan üçin jan berip gan döküp ýören wagty, bu namardyň ýeke özüniň jany gözüne görnüpdir. Aý bolýar-da etmişine görä jezasynam çeker. Meniň maslahatymy alsaňyza artele dolanyp baraýyň, köpjüligiň içi oňat bolar. Köpjüligiň içinde adam gaýgy gamyny hem unutgyç bolýar-diýdi.
-Näme üçin, düýnki parahory oňa aýmadyňyz? Aýdan bolsaňyz, oňam jezasyny bererdi – diýip men halypama igendim. Halypam:
-Kim ýaman bolsa hudaýdan tapsyn, bizden tapmasyn, oglum. Olam bolşy şol bolsa, bu gün bolmasa erte Hasan güpjek ýaly pälinden tapar gider – diýdi.
(dowamy bar)..
Powestler