23:31 Toýa kim näme üçin gelýär? / ýumoreska | |
TOÝA KIM NÄME ÜÇIN GELÝÄR?
Satiriki hekaýalar
Golaýda körpe oglumy öýerip toý etdim. Toýda men uruldym, günä özümde: arak berdim. Meni uran «göroglular» asyl meniň toý eýesidigimi bilmeýän eken. Olar ritm-blogyň sesine geläýen bolsalar nätjek. Kellämde ýumrugyň degmedik ýeri ýok, bir görsem. Onuň üstesine depgi-de daşyndan. Özüm günäkär. Arap bermeli däldim. «Tiz kömek» meni toý güni alyp gidipdir. Ertesi özüme gelsem döwük-ýenjikler keselhanasynda leňkebut ýaly asyl-asyl bolup ýatyryn. Aýalym-a «gelnimiziň aýagy düşmedi» diýjek boldy. «Goý» diýdim. «Arak düşmedi» diýip aýtdym. «Trawmatologiýada» başga-da güýmenje ýok. Şu aşakdaky hekaýaty düzen boldum. Okap görüň. Belki, hakykata golaýlaşýan ýerleri bardyr. Toýa, umuman aýdanyňda, aglaba köpçülik hoş niýet bilen gelýär. Kimem hezillige goşuljak, kimler toý tomaşasyna şärik boljak, toý tutýana ýakymly ýüpek duýgularyny aýtmak üçinem gelýänler köp. Pul kömegini edýänem ýok däl. halysalla gelýänem bar. Öz toýunda edilen hyzmaty gaýtarmak üçinem gelýän bar. Men ýokarda aýdylanlara toýuň umumy märekesiniň elli bir (51) prosenti diýip belleýän. Şol 51 prosent barada men gürrüň etmekçi däl. ýöne galan 49 prosentiniň näjüre maksatlar bilen toýa gelýändigini özümçe beýan etjekdirin. Bellik: aşakdaky punktlaryň soňundaky sanlary prosent hasaby diýip bilmelisiňiz. 1. Gep-gürrüň yzarlap, onam artdyryp ile ýaýratmaga gelýänler 2 prosent. 2. Ilde ýok nysak tapyp, hokga çykarmaga, oňa mahabat berip, indiki toý etjek görgüliniň aýalyny odukdyrmaga gelýänler 3 prosent. 3. Täzeligi püçege, könäni üçege çykarmaga gelýänler 1 prosent. 4. Kimiň kim bilen arasynyň bardygyny bilmäge gelýänler 1 prosent. 5. «Meniňki ýaly köýnek başga kimde barka» diýip bilmäge gelýänler 5 prosent. 6. Täze çatynjalary tanaýanlary tanaýandyklary üçin gelýänler 6 prosent. 7. Tanaýanlary tanaýanlaryň yzyna düşüp gelýänler 2 prosent. 8. Ritm-blogyň elhenç güpürdisini aýalynyň iňňirdisinden ýakymly görüp gelýänler 1 prosent. 9. Pul seçip, ýasama jomartlyk edip, iliň gözüne çöp atmaga gelýänler 1 prosent. 10. Pul çöpletmek üçin çagalaryny alyp gelýänler 2 prosent. 11. Ýigit saýlamak, gyz seçmek üçin gelýänler 4 prosent. 12. «Toý tutýan adam şu kynçylykly günlerde agyr märekäniň öňünde durup bilmän masgara bolar» diýip heşelle kakmak üçin gelýänler 2 prosent. 13. Içip, yrsarap, urşup, toýy bozup bolmazmyka diýip gelýänler 2 prosent. 14. Ýokardaky punktlaryň hiç birine gabat getirip bolmaýan, çakylyksyz gelýän ýüzi galyňlar 17 prosent. 10.11.1993 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |