23:39 Toýota / satiriki hekaýa | |
TOÝOTA
Satiriki hekaýalar
Maryda ýaşaýan dostlarymyñ biri ogluny öýerýändigini, ýaşlaryñ durmuş toýunyñ hormatly myhmany bolmagymy haýyş edip, habar iberipdir. Bellenilen güni uçar bilen Mara baryp gondum. Uçar menziliniñ daşynda müşderilerine garaşýan "Toýotalaryñ" ep-eslisi setire duran eken. Bir ýaş ýigit hossaryna duşan ýaly ylgap geldi: - Şähere gitjekmi, agam? - Hawa. - Mün şo-ol "Toýota"! Edil çapyksuwaryñ ula goýberiljek bedewe münüşi ýaly, derrew sümüldim içine. Ýolda sürüji ýüzüme ýiti-ýiti seretdi-de: - Agam, "Toýota-ha" gerek däldir-dä? - diýdi. - Ýok, inim, toýa geldim. Gaýrat et-de, şu salgyny tapyp ber! - diýip, elimdäki haty uzatdym. Şäheriñ çeträgindäki ýaşaýyş toplumlarynyñ birine bardyk. Iki sany daýza tamdyrda nan ýapyp duran eken. Sürüji ýigit salgy aljak bolup, olaryñ deñinde sägindi-de, maşynyñ aýnasyndan boýnuny süýndürip: - Salawmaleýkim, daýzalar! - diýdi. Daýzalaryñ biri ýalt edi, bärsine öwrüldi: - Näme diýýäñ oglum? "Toýota" gerekmi, näçesi? - Haý, "Toýota" janyñyzy alsyn! - diýip, sürüji janyýangynlyk bilen gürledi: - Ýör, başga birinden soraýaly. Bularyñ barysynyñ añ boşlugyny "Toýota" dolduran ýaly. Biraz ýöränimizden soñ, bazardan gelýän borly, iki eli sumkaly aýal öñümizden çykdy. Sürüji ýigit onuñ gabadynda saklandy. - Daýza, Bekginiñ öýi nirede bolmaly? - Bekgi toýotanyñmy? - Aý, şodur-da. - Näme, "Toýotanyñ" ruluny çepe geçirtjek bolýañyzmy? Sürüji ýigidiñ gany depesine urdy öýüdýän, gahar bilen jogap berdi: - Hawa! - Wah, jan oglum, onuñ üçin heläk bolup Bekgi toýotany gözläp nätjek? Hanha, şol öýe bar. Gupby keliñ öýüdir. Bibiş diýip aýaly bardyr. Ana, şol aýal derrew oñaryp berer. Gaty ökde ussadyr. Bizem "Toýotamyzy" şoña bejerdýäs. Ol ýok bolsa, ana, hol öýe bar. Poşşynyñ 5-nji klasda okaýan ogly Hommat janam bejerýändir. Meniñ özümem kömek ederdim welin, entek doly öwrenip ýetişemok - diýip, göwni bir ýaly jogap berdi. Edil şol wagtam ýeñse tarapymyzdan batly gelýän "Toýota" deñimizde saklandy. Onuñ sürüjisi geldi-de, salam ýok, helik ýok, ýanymdaky sürüjä söz gatdy: - Ballyşka, "Toýota" nädýär? Heläk edenokmy? - Ýok-la. Nirä ugradyñ? - Bekgi toýotañka, ogluny öýerýär. Şonuñ gelnaljysyna gatnaşmaly. Oglunyñ on sekiz ýaşy barmyş. Gelnaljysyna-da on sekiz "Toýota" gatnaşmalymyş. Toýda-da ogluna bir "Toýota" sowgat berjekmiş. Indi meniñ başym aýlanyp başlady: "Maryda "Toýotadan" başga gürrüñ gutarypdyr öýüdýän". Kelläme gelen pikir şol boldy. Çünki, bu ýere gelelim bäri eşidýän sözüm diñe "Toýota". Toý bolýan ýere ýetdik. Görsek, dogrudanam, ol ýerde "Toýotalardan" ýaña geçer ýaly däl. Bar gürrüñem "Toýota" barada. Indi adyny eşitsem, süññüm saññyldap, üşütme tutýan ýaly bolup başladym. Şonuñ üçinem, adyny eşitmäýinem, ýanmaýynam diýip, "Toýotanyñ" ady tutulmaýan ýerdir öýdüp, ýaşlaryñ ýanyndan aýrylyp, dünýewi gürrüñli ýaşulularyñ ýanyna baryp oturdym. Oturanymam şoldy welin, saglyk-amanlykdan soñ, ýaşulularyñ biri: - Inim, senem toýa toý aty bilen geldiñmi? - diýdi. Gürrüñe düşünmämsoñ: - "Toý aty" diýeniñiz näme bolýar, ýaşuly?! - diýip soradym. Gülüşdiler. - Aý, inim Mara myhman bolyp gelipsiñ öýüdýän? Toý aty diýdigim "Toýota" diýdigimdir. Gerek bolsa arkaýyn aýdyber. Öýde ýedi sanysy keserip durandyr. Saýlanyñ özüñki. Nyrhynam oñşarys. Rulunam özüm elinjek geçirendirin, gorkup oturma. Ýaşuly adamlar ynjyk bolýandyr. Eden işi kem-kössüzdir - diýdi. Men atylyp daş çykdym. "Indi nirä barmaly?". Sümülere ýer tapmadym. Gulagymda bolsa diñe "Toýota" diýen söz gaýtalanýardy. Beýnim sarsyp, dälilik kaddyna ýetip başladym. "Toýotaly" oglanlaryñ birine meni çaltrak uçar menziline ýetirmegi haýyş etdim. Öýe gelip, üç günläp özümi tutubilmedim. Biri salam berjek bolsa-da, "Toýota" hödürläýer öýdüp, boz-ýaz bolýardym. Öýümizde telewizordyr radiony-da açmadym. Göwnüme olaram "Toýota" diýäýjek ýalydylar. Işde-de, öýde-de gaçgynym telefon jyññyrdysy boldy. Hamana, biri Marydan jañ edäýjek ýaly... Jorageldi SAPARGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |