07:24 Tükenmezköne -2 / powestiñ dowamy | |
A-haw, dilli bendeler! Aýdyşjak bolsaňyz, gowy sözlerem kändir-ä dünýede! Olaram bilmeýän bolsaňyz, asla gürlemän geziberen gowy dälmidir? Anha, ýigrimi ýyl bäri ýagşydan-ýamandan bir söz aýdylman, gezilip ýör-ä, ýüregimuz ýarylaýanog-a.
Powestler
Sözsüz düşünişip bilýändikleri üçin haýwanlar nähili bagtly! Belki, olar bizden akyllydyr-da, şoň üçinem sözden ýüz öwrendirler... — Geldiňmi, balam? Ilki çaý içjekmi ýa nahar bereýinmi, oglum? — Düşegiň ýazylgy dur, didäm, irkilip oturma-da, geçäý ýeriňe! Anha, bolar-a şuň ýaly sözler, bal ýaly sözler... Eje, ejem jan... Ahyr bir gün men muny daşymdanam aýdaryn. «Eje!» diýerin. «Ejem jan!» diýerin. Meniň oňa entek güýjüm ýetenok. Ýöne bir günden bir gün... Onsoň Gyratly agaň ýanyna bararyn. «Agam, şondan bäri aýtjak bolup, hiç aýdybilmän ýördüm. Bagyşla meni!» diýerin... Aýtmaly zatlarym, baý, kändir-ä. Sen maňa gop ber, güýç ber, medet ber, eje! «Meniň oglum gowudyr» diý, «Zordur» diý. Galanyny... özüm... Pyh-h... Ertir neme... pulam soramalydyryn. Ejem pahyrda-da üýşüp ýatan pul-a ýokdur... Aý, bolmasa, öýdäki baganany sataýmaly bor-da...» Ertesi Serweriň kakasy Şalary hudaý ýetirdi. Hutdy daş çyksa, Şalar gozakly köneje motory bilen tozan turzup hondan gelýär. Hutdy jübüsinden jürlewügini çykaryp, taýyn boldy, Şalar deňine gelendenem, ýalançyny ýaňlandyryp bir jürletdi welin, Şalar gözüni elek-çelek etdirip, sakga durdy. Üstüne abanyp, ýyljyraklap duran Hutdyny görende, gowuja porsamak üçin agzyny açdam-da, ýene onuň elindäki, tylladan guýlana meňzeş bagana gözi düşüp, ýumşady: — Näme, Hutdym? Dostu-duşman, ýakyn-u-ýat — kimi görse, «Pylanym!» diýmes-ä bar şunuň. O tarapyna gowudyr bi. Ynha , görseň, eýlenen deri ýaly, ýumşajyk bir adam. Özem geň ýeri, Şalar haýsy öýe girip çyksa, soň esli wagtlap şol öýden duzlanan deriniň ysy gidenok. Öýe girmän, köçeden göni geçäýsin, şol duzlanan deriniň ysy soň howada asyl-asyl bolup durandyr. Öz howlusynda welin ol ysdan nam-nyşan ýok. Geň adam bu! Şalar öň gara ýoluň aňrujunda bir gurluşykda işlärdi. Özüniňem, Mydaryňky ýaly, ýekeje tigri bardy. Şol tigriniň şahyndan asyp, her gün sumkasynda sekiz kerpiç getirerdi. Şeýde-şeýde, häzirki köşgüni saldy. Soň şol gatnaýan ýerindäki deri ýygnaýan edara işe geçdi. Indem näçe ýyldyr, şu gozakly motory bilen obanyň derisini ýygnap ýör. Şu köneje motor bilen, ogluny «Žigulili» etdi. Özi welin şu garry göherdinden düşenok. Ýöne birden bu göhert ýataýsa, şol öňküje tigrem entek ýaglangy, asylgy dur. Geň adam bi! — Howwa, Hutdym?! — E! E-e-e! E-e! Hutdy elindäki tylla baganany ýokaryk galdyryp, eýlesine-beýlesine öwrüp görkezdi. Günüň gözi gamaşdy. Hutdy baganany goltugyna gysdyrdy-da, bir eliniň bäş barmagynam galdyrdy, beýleki eliniňem başamdyr süýem barmagynyň uçlaryny birleşdirip, «noly» ýasady-da, «bäşiň» yzyna goşdy. — Be! Şalaram baganany syndan geçirdi-de, Hutdynyň bäş barmagynyň ikisini ýykdy. Hutdy gulagyna gögeýin giren taýhar ýaly, kellesini silkdi-silkdi-de, «45-e» düşdi. Şalar «35-e» çykdy, Hutdynyň ýene kellesini silkip ugranyny görensoň, jübüsinden dört sany, gatap galan kirli onlugy çykardy: — Ine! Söwda bişdi, Hutdym! Hutdy az-kem pikirlenip durdy-da, munuň diňe «Hutdym» diýeni üçinem bäş manady geçip, elini silkdi: — E-e-e... Bagana eýläk geçdi, onluklar — beýläk. — Häýt, Hutdym diýsänim! Ýeser-ow senem, söwda gezek gelende. Utmasaň — oýnajak däl-ow — diýip, Şalar süýem barmagyny çommaldyp-gymyldadyp, Hutda haýbat atan boldy. Hutdy monça boldy: — Ba-a! Şalar gozagyny duzlanan-u-duzlanmadyk derilerden mas ýükläp, agşamara öýlerine geldi. Aýaly ikisi derileri «sortlap» ugradylar: — Bu Gyratlynyň derisi, mundan bäş manat galýar; bu — Hutdy lalyňky, ur ýaňkyň üstüne on bäş manady; ine, bi Annahalyňky, mundan-a, zor etse, iki manat artar, şuňa-da bäş manat soraýa-da, bitini iýme diýsänim... Ýene bäş, ýene on; mundan zat ýok; bu bolsa mugt diýen ýaly, oguljygyna bir sakgyç berdim. Şalaryň aýaly — gara gelniňem öz hasaby bar: — Hany, ertir iki ýüz manat äkidipdiň-ä, ýüz ýetmişin-ä şu porsy derilere beripsiň, galan otuzy nirede? — Galan otuzyny birine karz berdim... — Waý-eý, indi bizden garyp düşen, bize mätäç bolup ýörenem barmy? Şu haýwanlara-da karz berýäňmi sen? Näme üçin, kime berdiň? — Işiň bolmasyn, keýwanym! — Waý, o nämüçin işim bolmasyn? Maňa bir iňňe gerek bolanda, seň işiň bolar-da, sen ile pul seçeňde, meň işim bolmazmy... — Kes, keýwanym! — Kesmen! Galmagala Garry baba çybşyldap geldi: — Hä, näme?! Şalar! Kowsaň bolmyýamy muň ýaly heleýi? Entegem kow şuny! — Bar, kaka, öýüňe sümsene! Seňki näm-aý... Ýene öňki galmagal. Ýene şol çybşyldy. — Şalar, kow diýdim şuny! Iki götliň gepini çekmegin hiç! — Äý, kakam-ow, gir-how, özüň kowulmajak bolsaň... Şundan soň gara gelin birhili ýumşan ýaly, agaran ýaly bolýar. Gara gelin — gabanjaň. Onda-da nähili gabanjaň! Gabanjaň ony görse, ümdüzine gaçar. Gaçar-da, bir çöl-beýewana baryp, ýeňsesine garanjaklabam, ýarym sagat durar, soň bagryny ýere berer-de, «Ýa Alla, gudratyňa gurban, sag-aman sypdyrdyň ýaňkydan...» diýip, ýaradana alkyş okar ýatar. Gara gelin ilki Şalary gabanmakdan başlady. Düşnükli zat — gelinlerden gabandy. Şalar muny gowluga ýordy, aýal urugynyň ýüzüne seretmeg-ä däl, salamyny almasynam goýdy. Soň gara gelniň eltilerem şol uruga goşuldy. Soň gara gelin ähli zarbany Şalaryň doganlaryna gönükdirdi. Şalar munda-da yza çekildi, doganlaryňam mundan agaýy çekildi. Soň gezek obadaşlara, soň myhman-mediwana ýetdi. Olaram, näme, her gezek «Şalar!» diýlip barlanda, Şalaryň bada-bat ýüzüne çykýan ejir alamatlaryny görüp, oňa rehim etdiler. Iň soňunda Garry baba galdy. Emma, Garry baba bu gara gelniňki ýaly sözleri birinji gezek däl-de, on altynjymy — on ýedinji gezek eşidýär. Pah, äwenogam goja zaňňar. Gaýtam, salynyň suw üstünde çaýkanyp duranlygyndan bihabar, «Şalar, şuny kowaly, oglum!» diýýär. Indi näçe ýyldyr, gara gelniň işi diňe Şalar bilen. Ol bir gün işden gelende-hä, öňünden gujak açyp çykýar, çaý-naharam eýýäm taýyndyr, çaý-nahardan soň Şalaryň el-aýagyny, ýagyrnysyny bogunma-bogun owkalap berýär. Keýpi şah Şalar ýaş ýigit kimin ýeňil ädip, işe gidýär, şol ädimi, şol keýpi bilenem işden gelýär. Welin... gara gelniň ýüzi ot alan pagta ýaly, çaý nirede, nahar nirde. Sebäbinem ömür bilebilmersiň. Onsoň Şalaryň düýnki hezilligi küýseýän aşgazany syzlap, el-aýagynyň, ýagyrnysynyň damarlary siňňildeşip, çekip ugraýar, özem gahardanmy, öýkedenmi, howsaladanmy — çalaja sandyrap başlaýar. Şeýle günlerde Şalar öz obasyny has rehimsizlik bilen talaýar. Şalary şu halda birki gün saklansoň, gara gelin ýene birden, duýdansyz açylýar... ýatan gara daşyň üstünden şeýdip bir gün sowuk, bir gün gyzgyn suw guýuberseň-guýuberseň, nädýär? Çat açýar. Şalaryň ýüregem birwagt çat açdy. Ýüregiň bar ýylysam şol jaýryklardan çykdy gitdi. ...Bu öýdäki galmagala geň galmak üçin diňe munda myhman bolup görmek gerek. Aýdaly, bir bende ömründe ilkinji gezek Şalarlara myhmançylyga gelipdir. Şalaryň aýalam aldygyna ärine akyl öwredip otyr. Şalar çişer, Şalar gyzarar, Şalar gögerer. Hälki, eýlenen deri ýaljak pyýadaň ýokdur. Köpler şeýledir, meýdanda bir başga, öýünde-de başga adamdyr ýa-da başga bolasy gelýändir. O-da kime oňardýar, kime-de — ýok. — Goý-how, keýwanym, bes et! Aýaly üns berenok. — Goý diýilýä saňa! Şalar aňyrrakda duran zatlaryň, köplenj-ä ýassyklaryň — birini bärräge çeker. Aýaly welin abanyp gelýän howpy duýanok. — Kes diýýän! Kesenok. Öýüň myhmany gözüniň gyýtagy bilen bir aýala, birem ýaňky süýşürilýän zala sereder. Birdenem, hälki zat, meselem, ýassyk, uzak aralyga atylan top oky ýaly, myhmanyň üstaşyry wazyrdap geçýär-de, aýalyň birki ädim aňry ýanyna patlap düşýär. Aýal bir gypynan ýaly edýär-de, ýene başlaýar. Başky ýagdaý ýene gaýtalanýar. Ol «top oklarynyň» hiç haçan nyşana degmändigini, hiç haçanam degmejekdigini, asla Şalaryň ony degirmek üçin däl-de, degirmezlik üçin atýanlygyny myhman bedibagt nireden bilsin! Garry baba düýbi deşik torba dönen huşhaltasynyň bir burçunda gadym zamandan galyp-gaçan akyldyr-u-nakyllary çöpleşdirip, käte bulara öwüt bererdi, «Bir günlük galmagal kyrk günlük yrsgala badak atarmyş» diýerdi. Diýenine «diýdiňmi» diýilmänsoň, ýene «Kow!» sözüne başlardy-da, ýene özi kowlardy. Galmagal bu howlynyň yrsgalyny kemmän, gaýtam, yrsgalyna yrsgal goşardy. Geň howly, geň maşgala bu! Garry baba-da muňa haýranlar galy-yp, heziller edi-ip ýaşap ýörmeli ýaly welin, ýok, onuňam näzi garry gyzyňkydan bäş beter. Dagy bolmasa, üst-başyndaky akja tozgalary çöpleşdirip oturar-oturar-da: — Meň ugruma seredenoklar, hanha, bitläbem gidipdirin — diýip, zeýrener. — Men gitjek şu öýden, Babajanyňka gitjek, kiçi gelnimiňkä gitjek! O gelnim gowudyr meniň, dugtar özem. Şeý diýibem, bir elini gulagynyň arkasyna tutup, gara gelniň jogabyna garaşar. Gara gelniň jogaby nagt: — Gidiber! Garry baba-da pikirlenip-pikirlenip: — Bar, gitjegem däl! — diýer. Bir gün agşam welin, ol çyndanam gitdi. Hasasyny ýoldaş edinip, gara ýoluň gyrasyna çykdy. Ilki gabat gelen yşyklyny saklabam: — Meni raýuna, Babajanyňka äkit, özi milisedir, aýalam dugtar — diýdi. — Mün, ýaşuly! Ýaňky yşykly ony gozagyna mündürip, häli çykyp giden ýerine getirdi: — Düşäý, kaka, geldik! Motorlynyň öz ogly Şalardygyny Garry baba diňe şonda bildi. Çaga bilen garryda tükenmez gahar barmy. Garry baba-da ýene öz «garawul tamyna» sümdi-de, ýaşaberdi. ...Gijäniň ýary Garry babanyň gapysy ýuwaşja açylyp, biri daraklygyna basyp girdi. Kime gülmeli — gijäň birwagty, ýatan garrynyň ýanyndan daraklygyna basyp geçjek bolýana gülmeli. — Serwer! — Häh... Ata, ýatyrmyň? — Ýatyryn. Sen nirede entäp ýörsüň? — Äý, hiç. Ýatyber. Men, ynha, şujagazlary seniň öýüňde goýjak. Elläýmegin. Serwer birtopar kinniwanja gapyrjagy «garawul tama» salyp, üsti-üstüne münderledi-de, ýene pişik basyşyny edip çykyp gitdi. Garry baba çyrany ýakyp, ýaňky gapyrjaklary hasasy bilen dürtüşdirip gördi, äýnekli gözleri olaryň daşyndaky ýalaňaç gelinleri çalaja saýgardy. — Şeýtanyň gapyrjagy ýaly... — diýip, Garry baba hüňürdedi-de, yşygy söndürip, ýerine geçdi. Garaňkyda gözlerini açyp ýatyşyna, birwagtky aýallaryny ýatlap ugrady, emma, olaryň hiç biriniň ýüz-keşbem, kaddy-kamatam doly göz öňüne gelmedi. Öz otagynda arkan düşüp ýatan Serwer bolsa şu günki gören, tokmak ýaly goşarlaryny, akja topugyny göz öňünden aýryp bilenok. «Be-e, öz-ä mazaly bişipdir-aý... Goşarlary şoň ýaly bolsa, aýaklary nähilikä? Gowudyr... Topugyny diýsene! Kepderi topuk diýýänleri beýle bolýan eken-ow...» Serwer şu gün gara ýoldan dazlap gelýärkä, bir gyzyň yzyndan ýetdi, Ogulhany tanabam, «Žigulisini» saklady. Ol öň bu gara ýoldan Ogulhanyň ýöränini görmändi. Ogulhan mylaýym ýylgyryp, maşynyň yzky oturgyjyna mündi: — Wiý, Serwer... Tanaman, gorkdumam men-ä. — Aý, nätdiň-aý, men şeýle gorkunçm-aý? — Ýok-la. Gaýta, duşanyň gowy bolaýdy, sütünim süýnüp gelýädim... Öz ýagdaýlaryň gowumy, Serwer? Ejeň dagy nähili? «Beh, ses dagysam süp-süýj-aý!» Bu oturan görgülä keýpine ýazan hatlary Serweriň häzir ýadyna düşdi. «Göläň oýnam bolsa, itiň çyny» diýenleri boljag-ow bi-ýä». Serwer yz aýnasyna seretdi, ellerini ýeňsesine geçirip, başyndaky ýaglygyny düzedişdirip oturan Ogulhany, onuň babyr bileklerini synlady. «Tebigat bu bendäň çagasyny görk-görmekden-ä ät goýupdyr. Ýöne figurasy welin...». Zenan maşgala görende, Serweriň kellesine her dürli erkin pikirler gelibergiçdi. Ýöne ony bada-bat akylyna aýlaýan bir pikirem bar. «Birden şuny al diýseler, alaýarmykam-aý? Äý, bilmedim-ä... Äý, ýok-laý! Figura-da figuradyr welin, yzyňa düşürip, ile-güne çykma-da gerekdir-how! Bir-ikini yzyna tirkänsoň, figura galýam-aý bularda, boşan halta ýaly bolup...» — Aý, oglan, geçip gitdiň-le, saklaý indi. Täňryýalkasyn! Ogulhan maşyndan düşende, şol akja topuk birden lowurdap gitdi-de, Serweriň gözlerini gapdy. ...Ol entegem uklap bilmän, towlanyp ýatyr. Şol barmaşa-da, birden nazarynyň alnynda Gyratly aganyň daýaw göwresi, hersi ýekedaban ýaly ýumruklary peýda boldy. Serwer biygtyýar boýnuny ýygryp, gözlerini ýumdy. Ol kiçijikkä, atasynyň ýanynyňam gelim-gidimi kesilmänkä, Garry babanyň bir dyzyna kellesini goýup, uklan kişi bolmagy, şeýdibem ulularyň ähli gürrüňini diňläp ýatmagy gowy görerdi. Bir gezek Garry babanyň ýanyna bir ýaşuly geldi. Ýaşulam bolsa, Garry babadan-a kiçiräk bolara çemeli, Garry baba gaty köneräk gürrüňe başlajak bolanda, hälki gelene «Äý, sen o wagt gaty kiçijikdiň» diýýär, gep arasynda birki gezek «Inim!» diýibem gürledi. «Inim!» diýilýän «pul» diýip, «mal» diýip, «dost-ýar» diýip, «peýda» diýip, kän zeýrendi. Garry baba-da diňledi-diňledi-de: — Şeýle-dä, Gurt inim! — diýdi. — «Garyplykda garrylyk — kanda gitseň, şoňa git...». Şonça döwleti ele salybam, gysyp saklabilmedik bolsaň, men näme diýeýin. Biler bolsaň, sen o wagt gaty kiçijikdiň, obamyzda bir garry bardy. Ölüm pellesine ýetip, eňek atyp ýatyr welin, hiç ölüp bilenok. Şo, töweregine delmuryp ýatyr. Ahyr biri düşünen eken, ýaňky garrynyň gözi düşäýjek ýerde birtopar letde-letde, köne-küşül ýygnap, otladylar-da, «Anha, pylan ene, hemme zatlaryňy otladyk, indi hiç kimem alyp bilmeýär» diýensoňlar, ýaňky garry jan berdi. Şol garry, biler bolsaň, ikimiziň mamamyzdy. Geň göräýmeli, biz ikimizem şo garryň agtyklaryna meňzän ýerimiz ýok. «Özgäniňki ortada, özümiňki haltada» diýip ýygnan bolsak, häzir ikimizden gadyrly garry bolmaly däl-ä... Serwer bu gürrüňe-hä gaty bir düşünmedi. Garry baba bilen myhman adam bolsa, täzäni-könäni agdar-düňder edip gidip otyrlar. Şeýdibem, Serwer ýaňy ymyzganjak wagty, gadym eýýämda, şu obada bolan ýene bir wakanyň üstünden bardylar. Entek ýykylmadyk metjidiň heniz basylmadyk ymamy — obanyň mollasy bir gün säher bilen metjide barsa, metjidiň töründe daşy howul-hara gundalan, aglamakdan ýaňa sesleri gyrlyp giden bäbejik ýatyrmyşyn. Molla ertir namazyna üýşen adamlara bu ýagdaýy mälim edipdir. — Çaga bir perişdedir, muny äpberip gidiberseg-ä, günä bolar. — Howwa, molla aga, günä bolar — diýipdirler. — Obada, heý, çaga-çugasyz, önelgesiz biri ýokmudyr? — Ýok-da! — diýipdirler. — Onda şu gün-erte esewan boluň, Allatagala bu neressäň emjek süýdüni bir naçaryň göwsüne indermelidir. Dul-dursuga inäýmegi mümkin, eger ulugyz-beýlekirägem bolsa, geň görmän, Allaň emri bilen bolan işdir. Habarlaşykly bolalyň! — Bolýa, molla aga! Ertesi irden namaza üýşülende, «Obanyň pylan çetindäki pylan duluň göwsüne süýt inipdir» diýip habar beripdirler. Namazdan soňam baryp, ýüzi duw-ak, sandyrap duran dul görgülä hälki çagany gowşurypdyrlar: — Sen, hanym, bizden aýyp etme! Bu çaga seniň ogluň däl-de, metjidiň ogly. Munuň emmeli süýdünem Allatagala saňa beripdir diýdiler, şonuň üçin, bizem bu çagany saňa berýäs. Muňa «atasyz» diýeniň, «çöpdüýbi» diýeniň, hatda «ýetim» diýeniňem o dünýä-bu dünýä ýüzi garadyr. Şeýdip, eje ogluna, ogul ejesine gowşupdyr. Şeýdip, bir uly obanyň bir uly aýby ýapylypdyr. — Şol oglan entegem bam-aý obada? — diýip, myhman ýaşuly Garry babadan sorady. — Hä, bar. Häzir dagy bir daýaw ýigit bolupdyr, ikimizi goşanda-da, onça bolmyýas. Ýük maşyn sürýä özem. Ýöne neressäňkiň bir çüwmedik ýeri — aýaly ir ýogaldy-da. — Häky-eý, bolmandyr-ow... Çaga-çugasam barmydy? — Hä, bir gyzjagaz galaýdy öýdýän. — Häk-eý... Soň myhman ýaşuly gürrüňi ýumşatjak boldumy-nätdimi, Garry babanyň özüne degip ugrady: — Hany, Garry baý, seňkilerden hiç biri habar tutmadymy soň? Seňňem-ä oýundan-çyndan aldym-goýdum edeniň ep-esli bolmalydyr öz-ä. Bir gün bary üýşüp geläýse-hä... — Men hiç bir heleý bilen degdim-gaçdym, pişik-syçan oýnan däldirin, Gurt! We alanymy çynym bilen nikalaşyp alandyryn, we kowanymy çynym bilen kowandyryn. We şonuň ýalam, yzymda hiç bir neressä «çöpdüýbi» adyny galdyran däldirin. Garrynyň ogly, Garrynyň gyzy diýen anyk ady bardyr hemmesiniňem! Garry babanyň çyndan gahary gelende, sözlemini göni «We» bilen başlabermesi bardy. — Bilýän-how, bilýän, agam! Degişdigim-how, degişdigim! — diýip, myhman ýaşuly ony zordan köşeşdirdi. Şol gürrüňçiligiň ertesi Serwerjik atasynyň ýanyna myr-myrlap bardy: — Ata, öten agşamky diýýän bäbegiňiz kim-aý? Garry baba birbada düşünmedi. Düşünensoňam, garaýagyz ýüzi oda goýlan çoýun ýaly boldy, elindäki hasasy dik-ýokaryk galdy: — Wenezzyna! Seniň ne işiň şo zatlar bilen?! Garry baba gaýdyp Serweri gapdalynda ýatyrmady. Ýöne Serwer o bäbegiň kimdigini bilmän goýmady. Özi bildi. Şu gün bildi. «Huh, metjidiň ogly... Ogulhanam onda metjidiň agtygy bolýa-da. Be, öz-ä, köne adamlar bir täsin bolupdyr-aý... Hany, indi olar ýaly geçirimli, sypaýy adamlar diýsene». Gyratly aganyň özem, ýumruklaram birhili kiçelen ýaly boldy. Edil öňküsi ýaly gorkunj-a däl. Bir adamyň ýetmezini gözlemeg-ä gowy däldir welin, ýöne şol ýetmezi bilip goýsaňam, zyýan edenok. Iň bolmanda, «Şol adamlaram akja perişde däl eken-ow» ýa-da «Dünýäde aýypsyz adam, kemsiz gözel ýok eken-ow» diýlen pikiriň özem, gerek ýerinde, ejiz göwne teselli... Serwer uludan demini alyp, beýlesine öwrüldi. Ýene Ogulhany ýatlady. «Be, öz-ä, aňyrsynda, tohumynda bir durnuksyz damary bolsa-ha... Görmeli-dä. Birden, Gyzlargül aňaýsa, näderkä? Neme hatymy elime berer-ow. Näme hat diýýädi atam? Aý, bar, şomuş-da. Has takygy, «proşaý lýubow» bolar. Äý, gowusy, goýaly-la şuny... Pyr-r... Hyr-r...» Serweriň düýşüne tigirleri pelegiň çarhy ýaly diş-diş bolup duran traktor girdi. Serwer gara ýoluň gerşinde güýlüngi ýatyr, traktoram onuň edil üstünden gelýär. Serwer gygyrýar, urunýar, togalanjak bolýar. Emma, traktoryň üstünde oturan, egni kombinzonly aýal öňe däl-de, başga bir ýere seredip gelýär. Şol barmaşa, traktor Serweriň üstünden ýöräp geçdi. Ýöne Serwer bir seretse, ýene dirimişin. Ol begene-begene oýandy, oýanansoň has-da begendi. «Düýşünde erbet zat görseň — gowy» diýmeleri şunuň üçin eken-ow. Erbet düýş görüp tursaň, düýşlüginem bileňsoň, baý, begenýäň-ä. Ýöne, ynha, bir gowy düýş görersiň, düýşünde gowy bir «Gaz-24» ýa «Gyz-24» alarsyň. Tursaňam, düýşdür. «Gazam» ýokdur, gyzam. Anha, şol erbet... Dur! Bu gün bazardyr. Agşamam — seans. Şou-biznes! Kliýent kän bormuka? Kän bor! Bi dunduklar nirede görüpdir oň ýaly zady?! Şefem aýtdy ahyryn, siwilizasiýanyň aýagy sekmedik ýerlere köpräk hüjüm etmeli diýip. Bu jeňňelde häzir näme getirseňem — geňlikdir. Şef mamla!» «Şef» bilen bolan gürrüň Serweriň sözme-söz ýadynda. Şef: — Serik, näme-how, ýüzüň salyk-la? Serwer: — Äý, hiç-le... Şef: — Näme, puldan gysylýaňmy? Serwer: — Ýok-la... Şef: — Hany, onda, bize birki tegelek karz ber-dä. Serwer: (gyzarýar) — Bor... Oba gidemde, getiräýerin-dä. Şef: — Ha-ha-ha! Waý, içim... Serwer jan, dost arasynda syr gizleşip ýörmezler, göniňi aýdaýarlar. Pul gerek bolsa (bir petde puly orta oklaýar, Serwer pula seretmejek bolýar welin, bolanok), anha, pul! Dost-ýaryň derdine ýaramajak bolsa, bu kagyzlar nämä gerek. Ýöne men seniň işewürligi, biraz möjekligi öwrenmegini isleýän. Şefiňem ýa kakaňam ömürlik üstüňi alyp durmaz-a. Kakaň-a zor adam bolmaly, bütin bir obaň hamyny sypyryp ýören... He-he. Bilýäs. Ýöne «sen atança barmy-ýok, entek bilip bilemok». E-eý. Şaşlyk, hany, kassetalardan getir bäş-alty sanjagyny! Ine, Serik, oba gitseň, şulary äkit-de, gazanç et, gurplan! Gazanjyň utanjy bolmaz. Mydama garrylaň boýnuna münüp ýörseň, anha, şol utanç! «Düş atanyň boýnundan, ataň dynjyny alsyn...». Sanap al, sanabam getir. Altysynam alýaňmy? Al. Torbaňa dyk olary, görene güjeňläp ýörme. Serwer: — Sag bol, Şef! Şef: — Sag boly soň aýtsaňam bor. O taýda widik taparmyň? Ä? Eý, Şaşlyk, bir widigem getir bärik... Muny çatar ýaly, reňkli telik bir barmy o jeňňeliňizde? Serwer: — Klubda bolmaly. Şaşlyk: — Hi-hi-hi... Içim! Böwregim! Şef: — Sen näme kişňeýäň? (Pat.. Gürp!) Şaşlyk: — Hyk... Y-y-y... Waý, içim! Böwregim! Serwer: — Sag bol, Şef! Şef: — Haýdaber! Dört-bäş ýyldan bu zatlar siziň obaňyzda-da ite dökün bor. Häzir — wagty. Kommersiýa diýlen zadyň düýp manysy — gabadynda gapmakdyr. Diňe şu gün däl — erte-birigünem nämäň geçip — nämäň galjagyny öňünden biljek bolmaly... O kassetalary barlaşdyryp gördüňmi, ýerbe-ýermi? Serwer: — Äý, gören ýaly. Şef: — Bar onda, Alla ýaryň! «Şef akylly, gowy adam. Dogry, käte ony-muny kakyş-kukuş edäýmesem bar welin, gowy görýäniniň göwnüne degenogam — degdirenogam. Kakyş-kukuşam, elbetde, gerekdir; bu adamlara diýeniňi etdirjek bolsaň, ýa zoruň bolsun — ýa zeriň. Maňa-ha ýamanlygy ýok şonuň. Ýogsam, pul baryny berip, meni ummasyz bergidar, bakna edibem bilerdi. Ýöne şeýtse, meniň namysdan öljegime düşünýä-dä — Serwer turup, penjiräniň öňüne bardy. — Hany, şu günki operasiýanyň nähili boljagyny bir göreli. Menem aşagynda ýatyp galmaryn, Şef! Ýagşylyga ýagşylyk, elbetde, bardyr... Bir-ä geldi. Myrtar poçtaçy ýaly-la. Atam habaryny alar-da. Ynha, şu dagam özüne adam diýip ýör. Pah, gürledip görseň, adamyň güli men diýer... Özem, gedaý ýaly, gapy-gapy syryp ýör... Atamyň «Ýa Allajan, heleý edip ýaratmanyňa ýüzde-müň şükür» diýşi ýaly, Mydar edip ýaratmanyňa-da şükür! Ynha, görseň, şu-da barar agşam, ilden öňürti barar. Oturar erniniň suwuny akdyryp. Bularyň nähili kino görjeginden habarlary barmyka? Bardyr-la. Obaň iň çolasynyňam bilmeýän zady bolmaz... Ä-hä, ol-a gitdi. Ýene biri girdi-de. Hä, Gurbanaly. Bu — meniň ýanyma. Häzirlikçe iki kasseta bereýin. Şolary görüp ýetişselerem, zor bolduklary. Ýöne özüň görünmeli dälsiň, Serwer!» Ol Gurbanalynyň öňünden çykdy: — Näme-how, irläpsiň-le? Kino görjegiňiz çyn-ow. — Äý, ýygnak gyzan wagty, alyp, eltip goýaýyn diýdim. E-eý, gyzyklym-aý onyň? — Görersiň. Häzir, garaş! Serwer atasynyň tamyna kürsäp urdy: — Ata, ýatyrmyň? — Häý, wenezzyna! Salamyňy iýdiňmi? Ýa bile ýatyp-turduňmy? — Äý, ata, bagyşla! Salawmaleýkim! Men agşamkylardan birki sanjagyny alaýyn. — Baryny göter şu ýerden! Uzak gije uky bermedi. — Hä, bolmasa, senem seredip göräý. Gowy zad-a bular... — Göter, göter! Men görjegimi gördüm. Siziň ýaly, surata seredip, buduma siýip ýöremok men. Serweriň saýlaşdyryp oturan kassetalarynyň biri birhili ýeňil geldi. Ol gapyrjagy silkişdirip, açybam gördi. Boş. Serweriň ýüregi jigläp gitdi. «Bu nähili beýle bolýa? Atam alaýdymyka? Ýa Şaşlygyň pyrryldagymyka? Wah, barlap gör diýlende bir seredäýmeli-dä... Şeýle-şeýle eken diýip barsaňam, Şef güler. Ýa gahary geler. «Häý, sen-ä bir aňkaw ekeniň» diýer. Diňe bir ýol galýar: ýa puluny bermeli ýa-da başga kasseta alyp, ýerine goýmaly. Ä içiniň kinosyny nätjek?». Serwer Gurbanala syr bildirmän, iki sany doly kassetany gazete dolap berdi-de, galan gapyrjaklary göterip, uly iňkis bilen öz otagyna gitdi. O gije on ikiden soň klubda bolan tomaşany! O gije bolan hezilligi! Gelenleriň deň ýarysy bu tomaşany dik durup gördi, käbiri dik durmaga-da ýaraman, ýanyny ýere berdi. Telewizoryň içindäkileriň bary enedendogma ýalaňaç. Özlerem bir-biriniň üstüne şeýle bir hyruç, şeýle bir öç, şeýle bir teşnelik hem aşnalyk bilen topulýarlar welin, «Şular-a häzir bir-birini ýuwudar-ow!» diýdirýär. Diýdirmesine diýdirýärler-de, ýöne ýuwulaýanoklar. Gaýtam, gujaklaşyp, ogşaşyp, soruşyp, iňleşip, mesti-haýran, wes-weýran. Olaryňk-a ýagşy welin, kino görýänleriň hallary harap. Öýli-işiklileriň-ä zöwwe galyp, öýlerine eňiberesi, öýlenmedikleriňem ertirden gijä goýman öýlenäýesi gelýär. Ýöne öýüne gaýdýanam ýok, öýlenmäge gidýänem. Bary ekrana seredip, asty ýumakly ýaly, gorsanyşyp, yranyşyp otyrlar. Daňyň düýbi çyzylyberende, ikinji kinonam ahyrladyp, turdular. Mydaryň egnine pat-put urup «Ba-a! E! Be-e!» diýip gygyryp gelýän Hutdy obanyň bar gürjüsini örüzdi. Gürjülerem — obany. Uzak gije garaşyp, kirpigi kirpige gatmadyk eneleriň zeýrenji, donlaryny ýelbegeý atynyp çykan atalaryň käýinji, gujaklary boş galan gelinleriň igenji, ham uky bolan çagalaryň agysy, hemmeler süýji ukudadyr-da diýen çak bilen arkaýyn ketekden-ketege sümsünip ýörkä, duýdansyz galmagaldan zähreleri ýarylyp, hol beýläk gaçyp çykan şagallaryň uwwuldysy, züwwetdin eşekleriň janhowluna aňňyrmasy — bary goşulyşyp, obada birerbet güwwüldi emele geldi. Ozal bir gezek ýer titremeden gözleri gorkan garrylar şol belanyň öň ýanyndan şeýle güwwüldiniň bolanyny, itleriň üýrüşip, pişikleriň mawlaşyp, eşekleriň aňňyryşyp — alagopgun turuzanlaryny ýatlap, hasam gorkdular. Emma. Ýerem ýerinde galdy, asmanam. Güwwüldem ýatyşdy. — Näm bold-aý? — diýip bir-birinden soradylar. — Ogry geldimi? — Galtaman çozdumy? — Derýa daşypmy? Jogap ýok. — Hutdy bilen Mydaryň geçip barýanyn-a bir gördük — diýip, soňrak biri ýatlady. — Häk, şu, «Gezegen aýak poh basar» diýen ýaly, ahyr bir zadyň üstünden barar-ow şolar. Bu galmagalyň sebäbini Serwer gowy bilýärdi. Ol operasiýanyň netijesini Gurbanaly gelmänkä aňdy. Soňra Gurbanaly geldi, kassetalar goltugynda, erni gulagynyň bäri ýanynda, jübülerem pökgerip dur — gabaklaram. Hasaplaşdylar. — Eý, Serwer-eý, ýene bam-eý? — Bar-eý, bar! — Onda bu gije-de... Ýaman gyzykly eken-aý! «Kinoçylar» bu gijeki kinony irräkden başlap, has seresap, has ümsümje gördüler. Üç gije-gündizeçeken bu tomaşa «kinoçylaryň» ysgynyny aldy. — Obaň ýigitlerine bir zad-a bolýar, bary aýak üstünde uklaşyp ýör — diýip, ýygnagyň iň gyzykly ýerini geçirip oturan başlygyň gulagyna ýetirdiler. — Näme bolupdyr olara? — Aý, näbileli, derman-zat berlen bolaýmasa... Başlyk ýygnakdakylaryň üç-dört sanysyndan bir komissiýa düzüp, obaň içine barlaga iberdi. Barlaga gidenler agşamara Hutdy bilen Mydary öňlerine salyp geldiler. — Başlyk, üç-dört gün mundan öň şu ikisiniň gije tirkeşip barýanlaryny görüpdirler... — Ak girse-de aň girmez diýsänim! Nämişleýän gijeden-gije entäp? — diýip, başlyk irkiljiräp duran Hutdynyň üstüne gygyrdy. — A-how, başlyk, ol gürläp bilýän däldir! — diýdiler. — Nämişleýäň şu wagta çenli gürläp bilmän?! — diýip, başlyk oňaýsyz ýagdaýda galanyny bildirmejek bolup, ýene gygyrdy. Soňam Mydara dazaryldy: — A seňki näme? — Men işleýän. Hat paýlaýan. — Gije-de hat bormy? — Aý, başlyk aga, gije-gündiz arman-ýadaman işlemeli diýýän özüň dälmi? — Sen, oglan, gowuja bol! Şü, gije syňsyraklap ýöreniňi göräýsem, gaty görme, eşitdiňmi? — Telegramma gelse nädeýin? — Hudaýdan hat gelse-de, dursun ertire çenli! — Aý, ondan hat gelse-hä, etjegimizi bilýäs-le. — Näderdiň? — diýip, prawleniýe agzalary hüşerilişdiler. — Iň bolmanda, adresini bilib-ä galardyk... — Çyk! Ýygnagyň arasyny bölüp, samahyllap durma! Gije, Mydaryň düýşüne başlykmy ýa başlygyň orunbasarlarynyň birimi girip, gaty heläk etdi: «Sen Hudaýyň adresini nätjekdiň?» diýip. Serwer bolsa sarsman ýatdy. Emma, ertesi gözüni açanda, üstüne abanyp duran milisioneri görüp, ýüregi ýaryldy. Tas «Men däl!» diýip gygyrypdy. Ýöne bu duranyň öz agasy Babajandygyny bilensoňam, gürläp bilmedi. Onuň aljyrap, ýüzüni ak-tam edip ýatyşyny görüp, Babajan birneme begendi. Özünden gorkulmasa, Babajan gaty görýär. Onsoňam, onuň pikiriçe, diňe gorkan adam çynyny aýdýar. Çynyny aýdýanlaram Babajan gowy görýär. — Mydar kim, Hutdy kim? — diýip, Babajan bada-bat sowala tutdy. — Seniň özüň kim?! — diýip ýeňsesinden çykan şaňňy ses Babajany Serwerden beter gorkuzdy. Ol derrew gönüsinden geldi: — Wiý, gelneje, men — Babajan-a! — Babajanyňam bilmen, Bibijanyňam, papagyň pisini aşyryp durma-da, çyk! Uklap ýatan çaganyň ýürejigini ýardyň, üstüne abanyp. — Päh-eý, biziň inijikleriň sähel-mähel zada ýüregi ýarylyp durasy ýok-laý! — diýip, Babajan aşak seretse, Serwer eýýäm ýüregini tutup ýatyr. Onsoň: — Men, gelneje, gulluk borjumy berjaý edýän! — diýip, ýeňsesine seretse, gelnejesi hindi horazy ýaly çişip, süýşüp gelýär. — Agama aýdaryn, agama aýdaryn! — diýip, Babajan töweregine garanjaklady. — Agaňam, özüňem, Hutdy-Mutdyňam — göteriliň şu taýdan! Häzir purkurora barýan ýogsam. Babajan köçä atylyp çykdy. Görse, sary motoryň gozagynda gaýşarylyp Garry baba otyr. — Kaka, senem barmyň-aý entek? — Sür! — Nirä? — Seniňkä, kiçi gelnimiň ýanyna. — Men işde-how! — Iş tapylar. Sür! — Üşärsiň, kaka, doňarsyň. — Ýuwaşrak sürüber. — Hutdy diýip... — Bar şol entek. Ony menden sora! — Mydar poçtaçy... — Onam! — Ä, Aşyr diýenleri... — Ony iýendirler. Babajan motorynyň böwrüne depdi. Ýolugra, Gyratly aganyň ýolunyň gara ýola bir çykjak ýaly edip, çala görnüp, soňam ýene gürüm-jürüm bolýan ýeri bardy. Şol ýene Babajanyň gözüne dürtüldi. — Kaka, şo ýol näme? Garry baba gözleriniň ýaşyny süpürdi: — Haýsy? — Anha! — Äý, Gyratlyň joranydyr-da. — Joranyň näme? — Towşan ýodasy-da. — Näme, towşan awlaýamy ol? — Sür, sür! Näme durduň? Babajan motorynyň ýol ölçeýänine seredip, depderine bellik etdi: — Diýmek, Tükenmezköneden bäri bäş kilometr. — Näme, ýol ölçeýäňmi? — Ä? — Ýol ölçeýänem bolduňmy? — He-he. Bu ýollary men günde bir gezek ölçeýän, kaka! — Häý, düzüwli käriň başyny tutmajagyňy öňem bilýädim. Sür! Babajan kiçijikkä, şum habar getirgiçdi. — Şu gün bar-a, hakyt, Esen agaň towuk ketegine bäş sany şagal giripdir. — Düýn pylanyň elini pyçak kesipdir. — Pylanyň ejesi tamdan ot taşlajak bolupçykypdyr-da, tamdan ýykylypdyr. Hiç hili şumluk tapylmasa, Babajanyň özi ýasaýardy: — Jeňňelde bir adamy möjek iýenmiş. — Ertir ýer titrejekmiş... Garry aga: — Häý, peläket, seniň diliňe bir.. — diýip sögünerdi. — Muň ýalydan ýa ogry, ýa şugulçy, ýa-da ýol urup ýören bir garakçy çykar — diýip hüňürdärdi. Emma, Babajan zor çykdy. Okap, milise boldy. Indem bütin ömrüne ogry yzarlap, garakçy gözläp gelýär. Entek ýekejesinem tapanok. Babajan milise ertir irden öýlerinden çykan badyna, gabat gelýän adamlaryň her biriniň garaçygyna, gözleriniň edil içine seredip başlaýar. Haýsynyň näme edenligini ýüzünden biljek bolýar. Adamlaram, näme, ondan ýüzüni sowýarlar-da, geçiberýärler. Babajan öň gara ýol bilen demir ýoluň sepleşen ýerinde işlärdi. Soň ony öz doglan obasyna — Tükenmezkönä işe iberdiler. Şondan bärem ol gara ýolda. Tükenmezkönä barýança, gün günortra bolýar, obanyň içini bir aýlanyp, ähli zadyň ýerbe-ýerdigine göz ýetirip, yzyna — öýlerine gelýänçä-de, gün ýaşýar. Ol ýolboýam wagtyny bihuda geçirenok. Gidişinem, gaýdyşynam jenaýatçy gözleýär. Öň, gara ýol entek doly güýjüne girmänkä, onuň öňünden çykýanlar kileň şol bir adamlardy: ýa agasy Şalar, ýa şol golak poçtaçy. Şol golak poçtaçynyňam, sary motoryň garasyny görenden, tigrini saklap, tä Babajan deňinden geçýänçä, ýeke elini ýesir düşeniňki ýaly dik ýokary göterip durmasy bardy-la. Babajan şu güne çenli ony oýun edýändir öýdüp ýördi. Emma.. oýun diýlen zadam ýönelige edilýän däldir. Dünýäde iň agyr jenaýatlar oýunlyga salyp edilýändir. Iň ajy hakykat oýunlyga salyp aýdylýandyr... Gara ýol çyn gara ýol bolandan soň, Babajanyň güni kynaldy. Gatnaw artdy. Gara ýolda tanyşdan nätanyş köpeldi. Indi bularyň haýsynyň jenaýatçy, haýsynyň ogrudygyny bilip bilseň bil-dä. Onsoňam, tekiz düzlük ýa-da düz ýol bilen ýöräp barýan girdenejik pyýadanyň öňünden kän wagtlap hiç kim çykmasa, ol özüni uzyn, daýaw adam ýaly duýup başlaýar. Tä adam duşýança... Soň birdenem, duşuberse-duşuberse, her duşanyň üçden ikisem senden daýaw bolsa, adam, anha, şonda birden kiçelýär. Gara ýoldan Babajanyň sussunyň basylmasynyň bir sebäbem şu. Gyratly aganyň hälki garynja ýoly, öýe baransoňam Babajanyň kellesinden çykmady. Kakasynyňam «Äý, bar, özüň git-de, göräý!», «Äý, Gyratlyň özünden soraýdan» başga üýtgeşik aýdan zady bolmady. — Oňa başga ulagam girip bilermi, kaka? — Girer, soň çykyp bilse. Hany, garabaşlar, geliň bärik...— diýip, Garry baba-da agtyklary bilen, Babajanam hälki gizlin ýoluň pikiri bilen mübtela boluberdiler. Elbetde! Elbetde! Elbetde! Oň ýaly amatlyja ýol barka, haýsy samsyk jenaýatçy gara ýola çykar öýdýäň? Onda-da, gara ýolda Babajanyň barlygyny bilip durka! Gije Babajan uklap bilmedi. Şol ýoldan gizlin haryt gatnadýan gaçakçylar, gara ýoldan geçýän ýolagçylaryň jorabyna çenli sypyryp galýan garakçylar, özüniň şol gaçakçydyr garakçylary tutandaky görkezjek taýsyz edermenligi, soňra uly bir ýygnakda uly dabara bilen özüne gowşuryljak ýokary hökümet sylagy... birin-birin göz öňüne geldi. Dogry, entege çenli Tükenmezköne obasynda gaçak haryt alanyň ýa satanyň ýa-da jorabyny sypyrdanyň bardygyny gören-eşiden ýok. Ýöne... «Kazyýet», «Prokuratura», «Polisiýa» diýen ýazgyly jaýlaryň deňinden geçenlerinde, adamlaryň näme üçin birhili sussy basylýar, ädimi ýygylaşýar? Sebäbi, her bir adamyň içinde kiçijik jenaýatçy otyr, anha, şo gorkýar, adamyň özi gorkanok. Ine, şojagaz jenaýatçyny baş götermäge, aýaga galmaga goýmaly däl. Muňa «profilaktika» diýilýär. Babajan bolsa özüni profilaktikanyň ussady hasaplaýar. Emma, şu günki ýol welin... Ýok, bu ýerde profilaktika däl-de, strategiýa hem taktika gerek. Babajan şol taktikanyň hem-de strategiýanyň üstünde uzakly gije kelle döwdi. Birbada, ululardan goşmaça güýç soramaly diýen hyýala-da mündi. Ýene, «Düýe daşar — at iýer, pişik peýlar — it iýer» bolaýaryndan gorkup, bu hyýaldan el çekdi. Gije güpüläp düşen gary-da Babajan oňatlyga ýordy. «Çyn awçynyň awa çykýan howasy şu!» diýip, öz-özüňe teselli berdi. Ertesi Babajan gizlin ýolda gizlenip kän oturdy. Bilniksizje sowuk ýektaý şinelden ötüp, ýiligine ornady. Babajan ahyrsoň gaçakçydanam, garakçydanam ellibizar geçip, gara ýola çykaýyn diýip durka, gizlin ýoldan maşyn bolup-maşyn däl, araba bolup araba däl — bir zadyň müňedekläp gelýänini gördi. Babajan gije işläp düzen strategiýasynyň hem-de taktikasynyň birinji şertine laýyklykda, bir düýp hyşanyň düýbünde berk bukuldy. Ýaňky müňedekleýän zat deňine gelendenem, hyşanyň düýbünden duýdansyz zompuldap çykdy-da (ikinji şert), elini ýanbaşyndaky sapança gabyna ýetirip (üçünji şert): — Dur, butnama! — diýip gygyrdy (dördünji şert). Ýaňky gelýän — Gyratly aga bilen «päletürkesi» eken. — Näme-how, Babajan, towşan tutara arabaň ýok, keýik atara — kemanyň, nämişläp ýörsüň bu ýollarda? — diýip, Gyratly aga öňki pyşdyl badyny gowşatman, Babajanyň deňinden geçi-i-ip barýar. — Dur diýýän! — diýip, Babajan onuň gapdalyndan ýöräp ugrady. — Dursam, atýaň! — Dursaň — atmaýyn. Durmasaňam — almytyň bir ok! — Eý, onyňdan çigidiň dökülýä-how! Babajan hasyr-husur sapança gabyna el urdy welin, dökülýän zat ýok. Wah, häzir bir okly sapança! — Aý, Babajan jan, o tarapyndan gel-de, özüň böküp münäýsene! Şu wagt muny saklasam, onsoň yzyndan iteklemeli borsuň. Mün bakaly, munça ýüki göteren düýe kepgirem göterer. Häzir maşyn iteklemek Babajanyň strategiýasyna-da girenokdy, taktikasyna-da. Şonuň üçinem, ol gidip barýan maşynyň yzyndan aýlanyp bardy-da, kabinasyna böküp mündi, Gyratly aganyň gapdalynda jaýlaşdy: — Nirä baryp, nirden gelýäň, ýaşuly? — Waleýkimessalam, Babajan jan! Inim, saglykmy, gurgunçylykmy? Sag-aman üşäp gelýäňmi? Gar ýagdy diýip begenme — aýazlary bar, hoja geldi diýip begenme — nyýazlary bar... — Ýüküň nähili ýük? Hojaň kim? — Görýän welin, gaty üşäpsiň, Babajan jan! Goýun ýüňünden, geçi sakgalyndan, düýe syrtyndan, sygyr şahyndan, at ýalyndan, eşek gerşinden, it burnundan, çaga elinden, adam dabanyndan üşärmiş. Sen niräňden üşediň? Babajan biraz pikirlenip oturdy-da: — Elbetde, dabanymdan! — diýdi. — Haý, berekella! Gojanyň ýiligi üşär, ýigidiň ýelegi üşär. Sen dagy entek goç ýigid-ä, tüweleme... Babajanyň burnuny çekesi gelip durdy welin, goýbolsun etdi. Milise halyňa, bir şopuryň ýanynda burnuňy çekip otursaň, bolmaz-a. Ýöne burnam hiç welin, Babajany uky basmarlap ugrady. Strategiýa-da, taktika-da, allowarrada galan sary motoram ýatdan çykdy. «Aýtmajak bolup, gepi alyp gaçýaň welin, gaçyber entek yzyňdan ýeteris» diýip, öl bir gözüni açyp-birini ýumup oturşyna, oýlandy. — Ühüm, munyň gatyrak ýöräp bilenokm-aý, Gyratly aga? — Peýdaň gursun, zyýanyňa ýetmeýen, düýäň gursun — pyýadadan ötmeýen... — Wagt gidip barýa! — Wagt gitdi — bagt gitdi. — Şu ýoldan senden başga-da gatnaýan barmy, ýaşuly? — «Gördüm» diýmek — köp söz, «görmedim» diýmek — ýeke söz. Babajan ukudan açyldy. «Ä-hä, öz-ä bir uç berjek bolýa. Ýöne gorkýa, häzir gürrüňi birazajyk beýläk sowaly-da, soň duýdansyz ýene gozgaly!» — Bi sagdaky ýoljagaz nirä sowulýa, Gyratly aga? — Aý, ony sorama, Babajan jan! Şondan sowlup, öň bir görendirin... — Hä-ä-ä?! — Äý, men-ä zordan yzymy tapdym, ýoldaşymyňam şol gidişi... — Ä-hä, ä-hä, ýoldaşyň ady, familiýasy? — Aşyr Işan diýýärdiler oňa. — Äh-äh-ä... — Babajan «päletürkäniň» siltewiniň arasynda maý tapyp, depderine «Aşyr işan» diýip ýazdy-da, gapdalyna sorag belgisini goýdy. — Be-e, gaty uly işanmydy onuň, ýaşuly? — Uly borm-aý, ýaş oglan. — Be-eý, onsoň, azaşdyňyz. Howwa? Onsoň gaýdyp gelmedimi ol Aşyr işan? — Gelmed-aý. Haty gelýä-de, özi gelenok. — Haty nireden gelýä, kime gelýä, saňamy? — Maňa däl-läý, şu taýda Mydar diýip biri bar, şoňa gelýär. Ters ýurt diýýämi, ors ýurt diýýämi — bir ýerlerden-ä ýazýamyş özi. — Mydar diýýäniň kim? Dolurak aýtsana, ýaşuly! — Äý, şol saňa Bibijan diýýän oglan-da. Men-ä aýdýanam: «Sen milisedir dugtor bilen oýun etme!» diýip welin... — Şol ýekelli poçtalýon dälmi? — Äý, erkegiň ýekelli bolýanyn-a eşidemzok, ýöne bir el-ä ýok, golak. — Ýogsa-da, şoň eliniň näme üçin kesilenini anyk bileňokmy? — Äý, ony biz-ä kesemzok, Hudaý kesipdir, Babajan jan! — Dagy bahana tapmasaňyz, Hudaýyň boýnuna ataýýaňyz... — Babajan depderine ilki «Mydar poçtalýon», gapdalyndanam «Bibijan» diýip ýazdy-da, onuňam yzyna sorag belgisini tirkedi. — Onsoň? — Näme onsoň? — Azaşdyňyz. Aşyr işan ýitdi, ýöne hat gelip dur... — Bolany. — Bolanymy? — Bolany. Demriň kiçijigem — demir, syryň kiçijigem — syr. — Demriň näme? — Demrim — demir, ýa emrinden boldy, ýa demrinden. — Hany, demriňi anyklaly-la entek. O näme — pyçakmy, tüpeňmi, paltamy... — Äý, atan kazy bolsa-da, günäkär bolan özüň bolma, Babajan jan! «Hä-ä-ä, tutuldyňmy-y?» diýip, Babajan içinden gygyrdy. Derrewem depderine... — E-eý, meňňem adymy ýazýaňm-aý onyňa?O soragyň näme-how? Babajan Gyratly aganyň ak-tam ýüzüne, howsala bürän gözlerine seredip, gülümsiredi: — Gorkma, ýaşuly, gorkma! — Äý, bolýa, gorkma diýseň gorkmaýyn. Jübüsinde puly ýoguň jübükeserden gorkusy ýok. — Ä-hä... Saklaý indi! — Bar, sakladym... E-heý! Gara ýola tarap dyrmaşyp barýan Babajan yzyna öwrüldi: — Näme? — Hany, itekläp goýber-dä indi! Babajan hyklap-çoklap, gargynyp-sögünip, «päletürkäni» itekleý-itekleý ýola saldy. Soňam elini pat-put kakyşdyryp, Gyratly aganyň yzyndan ýylgyryp galdy. «Päletürkäniň» birhili iki ýana çaýkanyp barşyna-da özüçe düşündi. Ol häzir Gyratly aganyň rula ýapyşyp, bogazyna sygdygyndan hahahaýlap barýanlygyndan bihabar, nirdesiň sary motor diýip ýorgalaberdi. Barsa, motoryň gozagynda ýene kakasy otyr. Egninde-de Babajanyň könelişen gulluk geýimleri. Hernä, papak tapyp geýmändir. — Kaka, näme-how? — Sür! — Nirä? — Öýe! Meň öýüme! Öz öýüme! — Näme, kiçi gelniň kowaýan-a däldir-dä... — Garryny kowup bilen adam bolmaz. Garrynyň özi kowýandyr, kowulýan däldir. We, däninim... — Bolýa, bolýa! Berk otyr, kaka! Garry babanyň kiçi gelni adam kowjak gelin däl. Garry babanyň kiçi gelni gowy. Garry babanyň kiçi gelni adamşöwende. Garry babanyň kiçi gelni gara ýoluň aňyrbaşyndaky akja keselhanada şepagat uýasy bolup işleýär. Işlemesine işleýär welin, bir şonuň işlemegi üçin öýündäkileriň bary azarda. Kiçi gelin keselhanada üç günden bir nobatçy bolýar, şol nobatçylyga ugralmazynyň bir gün öňündenem çagajyklary ylgaşyp başlaýar. Ejeleriniň işde geýýän haladyny bir ýerden, topbusyny bir ýerden, şypbygyny bir ýerden gözläp tapýarlar. (Dowamy bar)... Kömek KULYÝEW | |
|
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabat - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |