07:54 Tükenmezköne -3 / powestiñ dowamy | |
Nobatçylygyň ertesem adamsy — Babajan ylgap ugraýar, baş lukmandan başlap, näsaglara çenli «görüp» çykýar, aýalynyň işdäki hatalaryny bassyrdym-ýussurdym edýär.
Powestler
Garry babanyň kiçi gelni ýalta-pasmanda däl. Adamsy «Irden turup çaý-çörek taýynla-da, meni turuz! Işe ýetişmeli!»diýip ýatýar. Garry babanyň kiçi gelni garadaňdan turýar. Çaý demläp basyrýar. Soň adamsyny turuzýar... Ýöne hemmesem düýşünde. Onsoň adamsy i-i-irden 10-larda turýar-da, gapdalynda ukynyň gülüni çürtüp ýatan aýalyny görýär. Kiçi gelin adamsynyň hüňňürdisine, sögünjiremesine oýanyp, böküp turýar-da, «Häzir, häzir, häzirjik!» diýe-diýe, aşhana ylgaýar. Gazy otlap, demir çäýnegi derrew suwdan doldurýar. Birazdan soň, «Wah, çäýnegiň düýbi deşilendir» diýip, ýene aşhana ylgaýar. Barsa, gaz-a pazyrdap ýanyp dur, içi suwly demir çäýnegem gazyň bir metr beýlesinde dur. Goýmandyr gazyň üstüne. Käte, kiçi gelin, hakykatdanam, öz wagtynda çaý goýup, hakykatdan demläp, basyrýaram. Soň, şol ylgap ýörşüne, öz basyran çäýnegine özi büdräp, agdarýar. Garry babanyň kiçi gelni çagalaryny gaty eý görýär... Bir gezek iň kiçileri ýykyldy, çüwdejigi ýere degdi. Çaga aglap-aglap köşeşdi, kellesine ýumurtgaň sarysy ýapylyp, berk daňyldam welin, kiçi gelniň göwnünden iňkisi gitmedi. «Wah, çagajygym gaty ýykyldy-da. Kellejigi gaty agyrdymyka? Beýnijigi sarsaýdymyka?». Ahyrsoňda kiçi gelin ynjalmady, oguljygynyň ýykylan ýerine onuň ýykylyşy ýaly ýykylyp gördi. Tas seňseläpdi. Oguljyg-a, zat bolmadyk ýaly, şapadaňlap ýör welin, kiçi gelin iküç günläp işe gidip bilmedi. Garry babanyň baran gününiň ertesi irden kiçi gelin onuň eşiklerini ýuwup berermen boldy, onuň eşiklerindäki «bitleri» aýyrmak üçin bolsa, olary gaýnatmaly diýen karara geldi. Garry babany Babajanyň köne iş köýnegidir balagyna besläp, çäkmeniň ýerine-de köne şineli berip, «bitli» geýimleriň baryny suwly, demir kersene gapgardy-da, aşagyny otlap goýberdi. Soňra-da, öýüň beýleki hysyrdylary bilen gidişip ugrady. Garry baba günortana golaý ysyrganyp-ysyrganyp, daş çykdy: — A-how, gelin, gazanyň astyna näme, letde ýakýaňmy? — Wi-i-i-iý... Hälki «bitleriň» gaýnadylýan jaýyna kürsäp girseler, o taýda bit-ä däl, al-arwaham durar ýaly däl. Suwy gaýnap gutaran kersenden bolsa bir tütün göterilýär. — A-how, gelin, sen nä, meniň bitlerimi demirdendir öýtdüňmi? — diýip, Garry baba ýarysy gara köýük balagyny, bir ýeňi ýok köýnegini, ýagyrnişligi ýakylan çäkmenini penjeläp göterip durşuna, degişjek boldy. Soňam, elindäkileriň baryny daşaryk dazyrdadyp goýberdi-de, elini krandan akyp duran suwuň aşagyna sokdy. — Äý, gelinbaý, geýim-gejimden-ä el ýuwdurdyň, hany indi bir bir süpürgijem ber-dä. Kiçi gelin eýläk ylgady — beýläk ylgady, ahyrsoň körpejesiniň öňräkden ýatan bir arlygy eline ildi: — Me, atasy, şuňa süpüräýiň, ýuwulgyjadyr, arassajadyr, arlygam bolsa... Garry baba elini goltugyna süpürdi-de, göni şol ýerden ýola çykdy. Ilki gabat gelen Mydaryň ýelmaýasyna artlaşdy. Ýolda Babajanyň motoryny görübem, münüp barýan ulagyny sakladyp, düşüp galdy. Yzy — öňde. — Sür! Bu gezek sary motordan birem däl — iki milisäniň düşenini, olaryň biriniňem çuw-ak sakgalyny görüp, gara gelniň sussy az-kem basyljak ýaly etdi: — Allajanlarym, iki gün bäri öýümize ýöne milise döküldi durdy-la, hernä, eýgilik bolawersin-dä... O ýerçeken-ä bu gün milisäň iň ketdesinem alyp geläýipdir öýdýän meň üstüme! — diýip hüňürdedi. Birden, gaýynatasyny tanabam, öz budunabir şapbat urdy: — Wiý, masgara-a-a... Garry baba hasasyny göterdi: — Kes! Entek jeňbazlyk damary doly oýanyp ýetişmedik gara gelin, ähmiýetsizräk birki agyz bir zatlar diýişdirdi-de, gidiberdi. — Eý! Kaka! Gördüňmi? Häli, gaty haýbatly görkezýä diýsem, ynanmadyň. Şuny çykarmagyň indi. Men saňa berýän şulary. Käte men işe gelip bilmedik günlem, şu eşikde çykyp, obanyň içinden bir gezek geçseňbolýa. — Hä, ýene näme? Men-ä işlemeli, senem öýüňde ýatyp, aýlygyny almalymy? — Milisä kömek etmek her bir graždanyň borjudyr, kaka! — Sen öz borjuňy berjaý ediber. Mende borjam bolmaz — bergem. Bularyňam häzir alyp git. ― Eý-ho-o-ow! — diýip, bir ýerden Mydaryň sesi, soň özi geldi. — Men bi ýeke elim bilen haýsy biriňize çes bereýin-how?! Eý, Garry serdar aga! Şu pormaňda bir surata düşsene! Araky diýýän şu-u-uň ýalakym bar-a, şoňa aýt diýýäniňi aýtdym welin, «Suratyny getir, göreli» diýdi-how. — Ä-hä, ä-hä! Hawa, Mydar jan?! — Sen geçen juma güni agşam nirede bolduň? — diýip, Mydary gözi bilen ataýjak bolup duran Babajan gürrüňe goşuldy. — Menmi? Juma günümi? Aý-how, men günde müň ýere barýan, haýsy birini aýdaýyn? — Ýok, şol gün agşam, ýok, gije Hutdy bilen nirä baryp — nirden gelýädiňiz? — Hä, omy? Hu bilenmi? Gijemi? Aý, onam öýermeli-dä men. Şadymanyň ortanjy gyzyna söz aýtdym Hutdy üçin. O-da «Giýew boljak oglany bir göreli» diýdi. Menem ýaňkyň ortanjy gyzyny tutup, daňyp goýdum-da, Hutdynyň yzyndan gaýtdym. Ony eltýänçäm, gürleşdirýänçäm, daň atdy-how... Babajan depderine «Şadyman» diýip ýazdy: — Hüm, Şadymanyň kim onsoň, aýalmy — erkek? — Sen, pekge, Garrynyň ogly bolup, Şadymanyň kimligini bileňokmy? Özüňem nebir gowy gürrüňüň arasyna sokulyp, harama çykardyň baryny. Derrew göteril şu taýdan, işiň bile bol! — diýip, Garry baba gaharlandy. — Mydar jan, sen muňa seretme-de, hälki surat diýýän ýeriňden, täzeden başla! — O-how, Garry aga! Täzeden başlamak üçin, ilk-ä surat gerek, suratdan soň toý gerek, toýdan soň — jaý gerek, hemmesinden owalam bir ýigrimi bäş ýaş gerek... — Bä-äý, galan şertiň-ä bir zat ederin welin, ýöne şü soňky diýýäniň ýok-da mende entek. O diýýäniň özi gaty ýaşmydyr beýle? — Äý, ýaňy altmyşdan agan-da. — Be, tüýs meň diýen ýaşym-da şol. Aý, meňňem ýaşymy birneme kemibräk aýdaňda bolanokmy? Ýa-da ýaşy uly ýazylypdyr diýäý... — Hä-ä, men biriňiziň pohuňyzy zordan oňaryp ýetişýän, indi ikiňiziň pohuňyzy ardaýynmy?! Bu— elbetde, gara gelniň sesidir. Mydar bada-bat goşhaltasyny, goşhalta bilen birlikde-de, ökjäni göterdi. Derwezeden çykan badyna-da, bir el ýakasyndan ýapyşdy. El — Babajanyňky. — Aşyr işan nirede? Mydaryň ýakasy elli, eli goşhaltaly, gymyldap bilenok. Onsoň ol baş atyp, üm bilen garnyny görkezdi. — Ojagaz oýunlaryňy goý-da, gönel, eşidýäňmi? Näme, meni oýnatgydyr öýdýäňmi... Kakam-a bir garry adam, garry adamam çaga ýaly bir zat, çaga-da oýun gerek. Emma, sen oýun etseň — utularsyň. Mydar goşhaltasyny ýerde goýdy-da, Babajanyň goşaryny emaý bilen gysyp ugrady: — Şu ýaka meňkimi — seňki? — Waý, seňki, seňki... — Meňki bolsa, goýber ýakany! — Bar, goýberdim. Sen ýöne, barybir, sypmarsyň menden! — Näderin öýdýäň, Bibijan jan?! — Gönelderin. — Nädip? — Sen bar-a, inibatyr, hekgeren bolma! Seniň edip ýören oýunjyklaryňy men gaty gowy bilýän. Iň bärkisi bar-a, kanunda «Aragezerlik edeni üçin» diýip ystatýa bar, şoňa dogry gelýäň sen. — Aragezerlik — meniň gulluk borjum. Meniňki — aragezerlik, seniňki — arabozarlyk, haýsysy gowy? — Entek ýaňky ystatýa ondan biri, inibatyr... — Eger seniň jan ýaljak inibatyryň Serwer-ä oba her hili gadagan, azgynçylykly kinolar getirip görkezse, senem ony görmediksirän bolup, hökümetden gizleseň, onuň nähili statýasy bar, Bibijan? — O nähili meň inim, o nähili kino? — diýip Babajan gözlerini elek-çelek etdi. — Ony bar-da, iniňden sora! Babajan derwezäni kakyp ugrady. — Derwezäni döwüp oturma, Bibijan, Serwer şu gün ertir otla mündi. — Adymy dogry tut! — diýip, Babajan jabjyndy. — Ýest, adyňy do-o-ogry tutmaly! — diýip, Mydar atlandy. «Hä, nädäýdiňkäň... Akmagyň garşysyna öz ýaragyndan başga ýarag gerek däl-ä. He-heý, Bibijan, görübiris oýunda kimiň utup — kimiň utulýanyny...» Mydar bu gün gara ýoluň aňyrsyna poçta almaga baranda, Garry serdaryň Babajanlardan syrtyna sapan degen ýaly bolup çykanynam, onuň «general» formasynam, biraz soňrak Serweriň gelip, Babajanlarda maşynyny goýup çykanynam gördi. «Bular-a ýene bir zadyň ugruna çykypdyr-ow!» diýip, garama-gara Serweriň yzyna düşdi. Garry serdaryň-a barjak ýeri belli. Serwer nirä barýarka? Ine-de, otly geldi, Serweri aldy-da, şakgydaklap, gitdi bardy. Muňa bir gezek Mydaram münüp görüpdi, «Bu ýoluň aňyrsynda näm barka?» diýip. Otlynyň penjiresiniň öňünden zybyrdaşyp geçýän üýtgeşik meýdanlary, üýtgeşik öýleri çynlap, kän gitdi. Olary Tükenmezköne bilen deňeşdirjek boldy. Emma, oba öňküsi ýaly gowy göz öňüne gelmedi. Çygyldygyça-da, kellesi çişip, beýnisi bulaşdy. Bir görse, obasam, poçtasam, Ogulhanam, ejesem... ýatdan çykyp, galyp barýar, galyp barýar. Mydar şonda «Aý, seniň nirä barýanyňy bildik-le!» diýäge-de, otlynyň bir aýak çeken ýerinde düşüp, garşydaş gelýän otla mündi-de, derhal yzyna dolandy. Gara ýoluň gutarýan ýerindäki, öz doglan akja jaýynyň deňinden, öňki oýny bilen «Iňňä-iňňä!» diýip gygyryp geçdi welin, kellesi ýerine geläýdi. Şu günem, Mydar Serwerli otlynyň yzyndan garap durşuna, «Gidiber, gidiber, o şeýtan arabasynyň nirä alyp barýanyny biz gowy bilýäs!» diýip hüňürdedi-de, tigrine mündi. Ynha, ýene şol akja jaý... — Iňňä-iňňä-iňňä! Ynha-da, Garry serdar ýorgalap barýar. *** Şef: — Bo-how, Serik, özüňmi ýa özüne meňzeş birimi? Serwer: — Özümdirin. Şef: — Sag-aman geldiňmi, aldyrman-ýoldurman? Gazandyňammy? Serwer: — Sag bol, şef! Ynha, bi-ýä prokat puluň. Bir kasettaňy ýitirdim. Şaşlyk: — Hi-hi... Serwer: — Anha, ol kassetaňam puly. Bujagaz galanam özüme. Şef: — Ýitirdiňmi ýa-da aslynda boş ekenmi? Serwer: — Ýitirdim, şef! Alyp, oba eltemden soň boş çyksa, meniň ýitirdigim bor-da... Şef: — Haý, berekella! Ýigit diýeniň şeýleräk, merdräk bolar. Mert özünden görer, namart — ýoldaşyndan... Ýene näme? Ýene keýpiň ýokmy ýa göwnümemi? Serwer: — Aý, hiç-le. Ýolda, otluda gelýärkäm, el sumkamy aldyrdym. Şef: — Pullumydy? Serwer: — Äý, ýok-laý, dokumentler bardy. Talyp bildim, pasport. Şef: — Dokumentler tapylar. Şaşlyk! Şaşlyk: — Lepbeý! Şef: — Serweriň dokumentleri ertir irden şu taýda bolsun! Şaşlyk: ― Lepbeý! Şef: — Ýene? Näme, ýüzüň açylyberenok-la? Öýerip-zal-a eden däldirler-dä? Serwer: — Ýok-la. Şef: — Öýlenäýmegin! Ynha, şujagaz kinolardan ýene äkit-de, obaňda iküç gezek görkez. Soň islän gyzyňy yzyňa tirkäber. Utanç-haýa diýlen ýaly, könäniň zyýanly galyndylary gyzlaryňam ýüregine düşendir-le. Ýöne öýlenmegin! Sen entek gerek. Seni özüm öýerjekdirin. Men barkam, zady gaýgy etmegin! Ikimiz bir nemeden... Onsoňam, sen owadanja oglan. Arman, gyz bolup dogulmansyň, ýogsam-a... Bolýa, bolýa, gorkma. Meniň diýjek bolýan zadym — görmegeý adamlar ynama çalt girýär. Görmegeý ýigide aýallar-a aýallar, erkeklerem aňsat şübhelenip duranok. Şu wagt Şaşlyk ikiňizi görkezip, «Şularyň biri ogry (nämä agarýaň?), haýsysy?» diýseň, ilki Şaşlygyň ýakasyndan ýapyşarlar. Ýogsam, Şaşlygam şu wagta çenli jübä girip gören adam däl. Şaşlyk: — Hi-hi-hi... Şef: — Yhm! Bolýa, Serik! Meni onsuzam kän ýaňratdyň. On-on bäş günden aýlanarsyň. Saňa örän ähmiýetli bir möhüm ýumuş bar. Başarsaň-a, baý bolýaň, başarmasaňam — köp nokat... Indi... Kasseta barada! Onuň daşynyň puluny getireniň-ä gowy zat. Ýöne onuň daşyndan içiniň has gymmatlygyna sen düşünýän bolmaly... Serwer: — Düşünýän, şef! Nädip üzlüşmeli bolsa, men bar. Gözle diýseň, şo kinony gözläp tapyp, gaýtadan göçürdeýin... Isleseň, şonuň ýerine özüm surata düşeýin... Şef: — Ine, munyň — ideýa! Onda, indiki gidişlikde ýanyňa wideokameraly bir oglan goşýan! *** Saryja motoryň yzyndan bir sary «UAZ-ik» ýetdi-de, hol öňe geçip, durdy. Maşynyň gapysy açylyp, Babajanyňky ýaly bir papak göründi: — Eý, seržant, hany, bärik gel! Babajan öz ýanyňdan «Kapitan öýdýän, täzeräk maýorlygy alan bolmagam ahmal» diýip, ýaňky sesiň eýesiniň çinini çaklady. Onuň çaky dogry çykdy, maşynda, sürüjiniň gapdalynda her egni dört ýyldyzly bir pyýada otyr eken. — Seržant Babajan Garryýew diňleýär, ýoldaş kapitan! — Ugur nirä, seržant? — Postuma barýan, ýoldaş kapitan! — Postuň haýsy? — Tükenmezköne, ýoldaş kapitan! — Uçastkowoýmyň? — Howwa, ýoldaş kapitan! — Onda sen bize gerek adam ekeniň. Akja şäheriňde okaýan bir oglanyňyz barmydy? — Bolmaly. Belli diýip... — Ýok. Serwer Şalarow diýlen oglany tanaýaňmy? — Elbetde, ýoldaş kapitan! — Babajan tas «Ol öz inimiz-ä!» diýipdi, ýene dilini dişledi. — Nähili oglandy şol? — Aý, abyçnyý, talyp oglan-da. Okap ýören. — Okap bolupdyr onda şonyňyz. — Näme, kowupdyrlarmy? — Babajanyň hakydasyna Mydaryň kino-pino diýip eden gürrüňi geldi. «Dogry çykaýjakmyka o golagyňky? Menem yzarlap ýördüm diýäýsemmikäm?». — Ýok, kowmandyrlar-da, otludan zyňypdyrlar, gidip barýan otludan. — Bäý-bä... Onsoň... ol nädipdir, ýoldaş kapitan? — Olmy? Ölüpdir. Dokumentleri meniň ýanymda. Sen häzir git-de, hossarlaryna habar ber. Şäheriň morguna barybersinler. Men şo taýda garaşaryn. Demirýol-transport milisiýasynyň kapitany Alyýew diýseň, görkezerler. Ekspertizadan soň, ol oglanyň kagyzlaryny taýýarlap işini derňew organlaryna geçirmeli bolar. — Neme, ýoldaş kapitan... Kyn görmeseňiz, oba bile baraýaly-la. Men nemerägem-dä olara, garyndaşrakmy-nämemi... Kapitan Alyýew onuň edil ýazzy maňlaýyny nyşana aldy-da, gözünem gyrpman, sesinem çykarman, bir salym oturdy welin, Babajanyň aýaklary tas özünden gidipdi. Ýene şeýdip biraz seredip dursa, «Howwa, şony otludan men zyňdym...» diýdirjek bu. Babajan, ynha, şeýle garaýşyň höwesindedi. Şony öwrenjek bolup, käte aýnanyň öňünde telim wagtlap durardy. Aýna janawar, aňyrsynda zat bolmasa-da, derläbirdi. Entegem, Babajan — seržant. Kapitan dagy bolaýsa, aýnany erederdem. Kapitan Alyýew sürüjä ýüzlenip: — Sür! — diýdi. — Seržant, senem öňe düş-de, ýol görkez! ...Şol günüň ertesi, «Waý-ow, waý-ow, waý-ow!» diýe-diýe, Serweri getiren «Tiz kömek»... Şalaryňkyda gopan kyýamat... Ýüz-gözüňde tanara ýer galmadyk, diňe dokumentlerinden tanalan Serwer... Ýashana gelip bilmän, öýlerinde aglap-aglap gabaklary çişen Ogulhan... «Gözüň öz başyňy iýse bolmaýarmy, golak ogluň başyny iýse bolmaýarmy...» diýlip, ýas ýerinden kowlan Annahal eje... «Adamlar, tertip-düzgüni berjaý ediň!» diýip, ikiýana zowzuldap ýören Babajan... «Babajan! Inim! Şu işi kim edenem bolsa, tap! Tapmasaň, senden o dünýe — bu dünýe razy däldirin-ow! Bir tap-da, getir, hamyny duzlap, güne serip, bir içimi sowadaýyn-ow...» diýip bagyrýan Şalar... Bularyň hersi bir hekaýat. Uzyn-uzyn hekaýat. Biziň merhumsöýep mekanymyzdaky her bir ýashana ýerinde näme hekaýatyň boljagyny hemme-de bilýändir. Ýöne, ynha, şuny welin... Serweriň tabydyny alyp ugradylar. Ýol uzak, maşynly giderdenem erbet. Ýöräp gidipbarýarlar. Ýaşy ötüşenräkler gitdigiçe yza galyp, Hutdynyň, Mydaryň, Hanlaryň, Begleriň, garaz, obanyň men-men diýen ýigitleriniň gaýrat etmeli ýeri geldi. Şol barmaşa, tabydyň öň agajynyň biri Mydara ýetdi. Hasylaşyp, şol gidip barýarlar. Mydaryň gapdalyndakyny, yzyndaky iki pyýadany zol çalşyp, gezekleşip gelýärler welin, asyl Mydara «Gezekleşäýeli» diýýän ýok. Onuň ýeke eli gurap, agaja döndi. Soň-soň bilidir aýaklaram gurap ugrady. Mydar käte yzyna gözüniň gyýtagyny aýlaýar. Yzy ala-güpürdi, onuň welin ýeke özi. Käte Hutdy ýantaklap, golaýlaşyp ugraýar welin, onuňam bada-bat synyndan çekýärler. Mydar bir tersalygyň, bir dildüwşügiň bardygyny aňdy. Ahyrsoňy, gonamçylygyň garagörnüm bärsindäki ýabyň köprüsine ýetilendirem welin. Mydar sakga durdy. Yzdakylaryň aýaklarynyň tapyrdysy ýatan badyna, Mydaryň günleç sesi ýaňlanyp gitdi: — Eneňizem bir... öli kimiňki bolsa, eýe çyksyn, ýogsam, häzir ýaba gapgarýan! Yzdakylaryň ilki biri, soň ikisi pyňkyrdy. Soň tabydam goýup, berdiler pakyrda. Diňe ýüzüni çytyp, ýeke elini silkeläp, Mydar dur. Galan millet gülküde. Birem Hutdy «E! E-e! E-e-e!» diýip, gülýänleriň daşyndan pyrlanyp ýör. Olaryň agyzlaryndan ýapyşaýjak bolýar. Käsi öz agzyny tutup, saklanjak bolýar welin, binamys gülki, şeýtan gülküsi eliňe-agzyňa başardýarmy! Onsoň Hutdy biçäre birden durdy-da: — Heý... — diýip, Mydaryň hälki sözüniň «eneli» ýerini nygtap bir aýtdy welin, soň-a... Birdenem, gülki tapba ýatdy. Duranlar gözlerini tegeleşip, Hutdynyň ýüzüne seretdiler. Onuň gürläp bilmeýäni şu wagt hakydalaryna geldi. Yzrakda duranlaryň birki sanysy-ha bu wakany millete ýetirmek üçinmi ýa-da eneleriniň ýagdaýyny barlamak üçinmi, yza — oba tarap ýazzyny berdiler. «Şony Hutdy aýtdymy ýa Mydar?» diýlen jedel soňam obada kän wagtlap ýatmady. Gülküsinem özi bilsin, jedelinem welin, «Boldy, boldy — Çepbä boldy» diýlişi ýaly, barysy şol tabytdaky bendä boldy. Tükenmezkönäniň taryhynda «Otludan zyňylan Serwer» diýlen kiçijik at goýup, anha, gitdi. Tükenmezköne-de özüniň tükenmezek pikirleri bilen bärde galyberdi: Garry baba: «Bu ýerde hökman heleý eli bardyr. Şol gapyrjaklaryň daşyndaky ýalaňaç gelinler alyp ýatandyr ony». Şalar: «Tapmaly... Soýmaly... Duzlamaly...» Gara gelin: «Nämüçin ala-böle meň balam ölmeli? Hol golak ýaly, hol lal ýaly ýarym-ýartylar, hiç kime gerek däl salpaýaklar ýaşamaly-da, nämüçin ýagşylardan ýagşysy ölmeli, nämüçin meniň oglum ölmeli? Eý, hudaý, eý, Alla, hany seniň adalatyň, hany seniň gudratyň?» Annahal eje: «Toba etdim, Hudaýjan, tobaessagpurylla. Eşek aňňyran ýerine, daş düşen ýerine, görkezmäwersin Hudaýym! Mydar jan nirä gitdikä?» — Mydar-uw! — Hä, eje! Mydar: «Ondan ullakan hakyky haramzada çykaýmagy mümkindi. Ýöne ýetişmedi». Ogulhan: «Indi görsem, jan içinde gizlesem...» Hutdy: «Haý, bidereg-ä gepledim-ow. Ondan-a geplemän gezip ýörenim gowy eken». Esen aga we beýlekiler: «Bi gowulygyň alamat-a däl. Bela gelse, ýeke gelmez». Babajan: «Pikirden herekete geçmeli!» Şeýlelikde, Serweriň ýedisi berlenden soň, Babajan Garryýew bu ganly wakany edil başlanan ýerinden çözläp gaýtmak üçin, Akja şäherine tarap ýola düşdi. Serweriň kireýine ýaşan ýerini tapdy. Onuň otagynyň gapysyny çekdi. Açyk. Ganhorlaryň biri jenaýatyň yzyny gömmek üçin gelen bolmaly. Belki, birem däldir. Belki, öz üstleriniň henize çenli açylmanlygyndan arkaýynlaşandyrlar. Belki, ýörite gelip, gapynam bilgeşleýin açyp goýandyrlar. Garaşýandyrlar. Öňe, Babajan Garryýew! Pikirlenseň — gorkarsyň. Babajan özüniň duýdansyzlyk strategiýasyna laýyklykda, içerik kürsäp girdi. Giren ýerinde-de, bir doňup durdy-da, soňam diň-arkan gaýtdy. Otagyň ortasynda, aýbogdaşyny gurup, Serwer otyrdy. *** Şalar bir toý tutdy. Dirilik toýy. Märekäniň aňry başyna nahar ýetmänkä, bäri başy serhoş bolup ýykyldy. Şalaryň howlusy şol gün serhoş ýasaýan zawoda öwrüldi. Niräňe seretseň, haýsy agajyň aşagyny görseň, serhoşdan doly. Garry baba-da ak sakgaly ikä bölüp, arasyndan «perişdäniň gözýaşyny» goýberdi. Soňam Mydary ýanyna çagyryp, öňki heleýleriniň baryna gyssagly çakylyk ibermeli diýip buýruk berdi. Emma, bu çakylyga aýal urugyndan diňe biri — gara gelin geldi. Geldi-de: — Imanyny ýuwudan çal diýsänim!.. Göteriň muny! — diýdi. Garry baba öňki on ýedi heleýiniň on ýedisinem atma-at ýatlap, Gyratly aganyň gujagynda öz «garawultamyna» tarap ugrady. Annahal eje toýdanam kowuldy. Mydaram muňa gahar edip, onuň yzyndan gaýtdy. Serwer! Serwer bu gün milli gahryman. Diňe döşünde altyn medaly ýok. Daşynda-da, oksuz sapançasyny bulaýlap, Serweriň baş janpenasy — Babajan aýlanyp ýör. Indi öz janyna kast edilerinden Serweriň özem gorkman duranok. Häliden bärem, biriniň özüni sypdyrman synlaýanyny aňýar-da, kimligini, niredeligini, näme üçinligini bilibilmän, Babajana gysmyljyrap ýör. Babajanam onuň nämä gysmyljyraýanyny bilmese-de: — Gorkma, inim, gorkma! Men seni bir gezek ajalyň elinden alyp galdym. Gerek bolsa, ýene alyp çykaryn! — diýip, gara gelnejesine-de eşitdirjek bolup, gygyrýar. Şol barmaşa, Serwer bir agajyň deňinden geçdi-de, birdenem hyrra öwrüldi. Özüne göni seredip, ýanyp duran bir jübüt gözi görende, ini jümşüldäp gitdi. Hernä, Ogulhan eken... — Biziň tohumyň erkekleriniň resimi şeýle: biri öýündedir, birem küýündedir. Biziň tohumyň erkeklerine muny Hudaý buýrupdyr — diýip, bir ýerden Garry babanyň sesi geldi. Serwer ýene tisginip, ýene Ogulhana seretdi. Gabanjaň gabaklar bada-bat owadan gözleriň üstüni örtüp ýetişdi. Wah, şunuň o dünýesine bir gidip, ýene yzyňa gaýdyp geläýseň, gadyryň-a başgaça boljak eken... Soň öňüňde durup biljeg-ä ýok. *** Garry dünýe ýene ýüzlerine reňk çalyp, gaşlaryna sürme, gözlerine wesme, kirpigine basma, barmaklaryna hyna goýup, bezendi. Daşdan gören — gyz diýdi. Ýene ýüreklerde yşk höwesi oýandy. Göwünde yşkyň höwäsi, başlarda — yşkyň howasy... Gyratly agalaryň gapysyndaky garry igde-de, bar güýjüni, bar yhlasyny jemläp, şeýle bir gülledi, şeýle bir gülledi. Anha, öz ysyndan özi serhoş — yranjyrap, sülmüräp otyr işigaýdan. Gyratly aga «Şu igdäňi çap-how! Gapyňa jyn üýşürip oturma beýdip!» diýselerem, çapanok. Sebäbi, bu igdäniň ysy bilen, jyn däl-de, onuň şo-o-ol başdaşy täzeden gelin bolup, ýylda bir gezek gapydan şaňňyrdap girýär... Üstesine, munuň ysyny onuň ýalňyz perzendi Ogulhanam gowy görýär. Daşardaky ysam az görüp, igdäniň gülden düzüm-düzüm bir şahajygyny döwüp alypdyr-da, öz otagynyň penjiresine gysdyryp goýupdyr. *** Bu gün Ogulhanyň gözlerinden ygraryny aldylar. Başga bir günem, bir çolada, bir hyşanyň düýbünde onuň göwher monjugyny üzdüler. Tylla torly mazysynyň bagryny dildiler... Belleşilen ýerde öňden bukup oturan Şaşlyk bolsa, Ogulhandyr Serweriň arasyndaky bu «gandöküşikli» wakany şeýle ussatlyk hem-de pynhanlyk bilen kamera düşürdi. *** Indiki nokat — Esen agalar. Myradyň dilinde — «Eý-sen» agalar. Esen aga üçin dünýäde özünden başganyň ady — «Eý!» It-pişik, towuk, towşan, sygyrdyr eşek bolsa-da, jähennemä diýseň!Bolmanda-da, türkmen olaryň haýsy birine at goýup, elejiredip ýör?! Diňe bir «Eý!» diýer, şol «eýiň» äheňindenem, ol janawarlar kime diýilýänligini derrew bilýärler. Emma, adamyňky kynrak, munuň hersine özbaşdak bir at gerek, familiýa gerek, başlygrak bolsa-ha, hemmesiniň üstesine «wiçem» gerek. Esen aga welin, bu kada-kanunlardan bihabar ýaly. Şonuň üçin, onuň öz adynam gaty bir tutjak bolup duranoklar, dagy bolmasa, «Arman ýaşuly» diýäýýärler. Sebäbi onuň ýeňsesinden «Arman, ýaşuly bolaýýaň-da!» diýip hüňürdeýän köp. Emma, Mydar hüňürdemez. «Eý-sen aga-a-a!» diýer-de, barybiýr gapysyndan. Indi näçe ýyldyr, Esen aga ikisi ýatdan küşt oýnaýarlar. Bu oýny Mydara öwredenem — Esen aganyň özi. —Eý-sen aga-a! Salawmaleýkim! — Waleýkimessalam! Göçdüňmi? — Ak öýdäki atyň-a top bilen urandyryn! — Ak öýdäki aty uran bolsaň, saňa gara pil bilen bir küşt! — Gara piliň nirden çykd-aý? — Näme, bu adamlar saňa oýnamaga at berýändir öýdýäňmi? — Bo-how, men onda pikirleneýin. — Gowuja pikirlen! Eý! Näme, gazet-pazet getirmediňmi? — Wiý... Äý, pil diýdiň, düýe diýdiň — aňkamy aşyrdyň-a. — Eý! — Näme? — Hol sag gyradan sokjarylyp gelýän pyýadajygyň bar, ana, şondanam habardar bolgun! Gapdyrarsyň! — He-heý, Eý-sen aga! Ojagaz pyýadajygyň arkajygynda agajygy bardyr. Senem ahmal bolma! Bularyň bir döwi käte birki aýa çekýär. Oýnuň arasynda Esen aga käte «Şu taýda as-Suly perzisinden geçäge-de, iki at bilen ýatyrypdyr» ýa-da «Şuň ýalyda as-Suly şeý diýer eken» diýip, geçmişdenem az-owlak gürrüň bererdi. Şeýle gürrüňlerden soň Mydar oňa «Es-Suly aga, göç bakaly!» diýerdi. Mydar bu gezek «a-5-däki» ruhuny «a-4-ä» çekdi. — Eý! Aňkaw! Hol sagdaky pyýadaňy goýup, nirä barýaň? Men aýtdym-a saňa, gapdyrarsyň diýip. Hany, atym, gap! — Wah, içigar... At oňa düşäýýäň eken-ow... Hany, atyň açmazda durdy-la-haw, Eý-sen aga? — Ol mundan üç göçüm öň durdy açmazda. Ondan bäri biziň şa hezretlerimiz mübärek gadamyny bir öý gapdala ätdi. — Şeýlemi... Men onda ýene pikirlenmeli borun-ow! — Eý! — Näme? — Seniň şu, soňky oýunlaryňa-ha pisindim oturanok. Ýaman aljyraňňy görünýäň. Ýa başga bir oýna-da baş goşup ýörmüň? — Eý, biziň ýaly jahylda oýun azmy, Eý-sen aga! — Hä-ä, oýunçyrag-a görýän seni! Ýöne seret, at oýnadýandyryn öýdüp, özüňi oýnadyp ýörme ýene! — Dur, Eý-sen aga, atyň çarşaga mündi! — Nädip? — Ine, şeýdip, şujagaz pyýada bilen... — He-heý, ojagaz pyýadaň meň pyýadamyň deňinden geçip bilmez. Geçse, kakaryn! — Beý, şeýlem-aý... — Häý, näme diýseňem, seniň öňküje oýunlaryň-a ýok! — diýip, Esen aga başyny ýaýkap galdy. Soňam: — Eý! Ahmal bolma, ýene dört-bäş göçümden ýatýaň! — diýip gygyrdy. ...Dogrudanam, Mydara ne döw çaldy? Özem bilenok. Ogulhan ondan daşlaşdykça, ol ädimini, gelim-gidimini ýygjamladýar. Onuň bu köçeden günde näçe gezek geçýänini, Gyratly aganyň gyşyjak penjiresine tarap näçe gezek seredýänini diňe şu köçe bilen şu penjire bilýär. Belki, diňe bularam däldir. Il-gün diýleniň müň gözi, müň birem gulagy bar... Ynha, Mydar bir seretse, ýene Gyratly agalaryň gapysynda dur. Ogulhan aňyrsyny bakyp, bir zatlara güýmenip otyr. Sagrysy şeýle bir owadan... — Ü-hü-mm. Mydar şunça çalaja üsgürse-de, Ogulhan ziňkildäp gitdi. Gözleri has ulalypdyr, ol gözleriň aňry çägi ýa-da düýbi bir barmyka... Ýüzi solupdyr. Dodaklary: — Gel, Mydar! — diýdi. Gözleri: — Gelme! — diýdi. Mydar haýsyna ynanjagyny bilmän, serimsal bolup dur. Onsoň ol şol köne oýnuny ulandy: — Ogulhan han, näme, ýüzüň salyk-la-how? Ýa biriniň göwnüne degdiňmi? Ogulhan aşak bakyp, çalaja ýylgyran şekilli etdi: — Meniň degip bilýänim, ýykyp bilýänim — ýekeje göwün, Mydar! O-da özümiňki. Başga kesi aldabam bilmämsoň, ýene gelip-gelip, şu görgülini aldaýan, Mydar... — Häzirem şony aldap otyrmyň ýa-da meni aldap otyrmyň... Mydar bir seretse, Ogulhan kiçelip gidip otyr, kiçelip gidip otyr. — A-how, Ogulhan!!!— diýip gygyrdy. Ogulhanyň eginleri biraz galdy, emma, gabaklary galmady. Mydar birbada iki bukjany çykaryp, agaç sekiniň gyrasynda goýdy. Bukjalaryň biriniň ýüzünde ýapragyň şekili bar, beýlekisinde-de — Mydaryň ýüregi... Mydar ýelmaýasynyň başyny yza öwrüp, ulagy bilen üç-dört ädim ýanaşyk ýöredi-de, atlanjak boldy. Şol wagt ýeňseden, içine batly urlanyňky ýaly, «Hiýh-k...» diýen ses çykdy. Eýýäm Mydaryň hatyny okap ýetişäýdimikä? Bar berjek jogabam şumuka? Ýok, o däl, o däl, ol — Mydaryň haty entek öňki ýerinde ýatyr. Ogulhan sekiniň üstünde ýakasyny tutup, dim-dik, doňňaradaş bolup dur. Elindäki ýaprakly bukja açyk, ondan ýaňyja sogrulan gap-gara kagyz bolsa Ogulhanyň aýaklarynyň ýanynda pel-pelläp ýör. ...Mydar goşhaltasyny öýleriniň bosagasynyň agzynda goýdy-da, eýelerine gowuşmadyk hatlardan, gazetlerden ýasan kagyz sekisiniň üstünde süýndi. Bu hatlardan, gazetlerden dynjak bolup, Mydar olary näçe gezek aýaguçdaky hajathana eltip geldi. Annahal eje-de «Oglum, seňkimi bular?» diýip, olary şonça gezek yzyna daşady... Mydar birsalymdan gözüni açyp, diňşirgendi. Dym-dyrslyk. Öýüň içem, onuň kellesiniň içi ýaly, bulam-bujarlyk. Ynha, bir gün geler bir ýadyň biri. Bu bitertipligiň tertibini bozar. Onsoň ejesi görgülem müýnli ýylgyryp, gelniniň yzynda gybyrdaklar ýörer. «Wah, men guraýyn...» diýer. «Huşum gursun...» diýer. «Wah, gelin jan, sen-ä bu öýüň içini aýna ýaly edäýipsiň...» diýer. Soňam, bir gereklän zadyny tapman, öňküleri ýaly dörüşdiribermäge-de çekinip, ýaýdanar ýörer. Soň bir gün o görgüliniň özem tapylmaz... — Eje... Aý, eje! Eje-e-e... Mydar içerden atylyp çykdy. Tamdyryň başynda, nan ýapjak bolup, hozanaklap ýören Annahal ejäniň zähresi ýaryldy. Elindäki repidesini tamdyra taşlap, ogluna tarap «ylgap» gaýtdy: — Hä, oglum, hä! Näm boldy, oglum, näm boldy? Suw iç, oglum, suw iç! — Eje, barmyň-aý... — Ba-a-ar, oglum, bar! Nirä gitsin ejeň, bar! Mydar başga näme diýjegini — näme sorajagyny bilmeýän ýaly, birsalym kürtdirip durandan soň, dillendi: — Aşyrdan hat gelen däldir? — Wiý, hatyň hojaýyny sen, oglum, men näbileýin... Bir zat ýanýamy? Bir zad-a köýdi... Tamdyrdan bolsa repidäniň tüssesi zogdurylyp çykyp dur. Şol gün agşam Annahal eje Mydary bir burça gabady. Obanyň gyzlaryny atma-at sanap çykdy. Öz arzuwlap ýörenleriniň adyny has nygtap, has süýjüdip aýtdy. Emma, Mydar birinde-de sarsmady, tisginmedem. Annahal ejäniň elindäki igi aýlana-aýlana bogaz boldy. Mydardan welin jogap ýok. Ol burçda sesini çykarman, arkan ýatyşyna, öýüň üçegine goýlan kese pürsleri sanaýardy. Her gezegem täk çykarýar. Ahyrsoň dillendi: — Şu obada halallyga alar ýaly, ýekejesi bardy. Oňa-da it degipdir öýd... Mydaryň agzynyň üstüne bir zat şapylap degdi. Ýatan ýerinden aşak eglip seretse, ejesiniň bir taý galoşy. Mydar gözlerini alardyp, ýeňi bilen dodaklaryny süpürişdirdi-de, diwara tarap öwrüldi ýatyberdi. Ömrüňde ilkinji gezek zenan tagamyny alan oglanyň özi agzyny ýalak ýaly edip gelip, öwnäýmese, onuň bu edermenligine daşyndan bir alamat aňaýmak kyn. Emma, owadan jynsyň wekiline el degdigi welin, erkekler nädip aňýar — derrew aňýandyr. Ony aňanlaryňam aňandan soňky boluşlary dürli-dürli. Kimsi bar — aç şagallaryň ýaraty keýgiň üstüne topulyşy ýaly, dişini çarhlap topulýar, kimsi bar — şiriň öz awuna del agzyň degenini aňdygy, seňrigini ýygryp, turup ötägidişi ýaly, öwrülýär-de, gidiberýär. Mydar ýatan ýerinde, «Wah, hatymam goýup gaýdyberipdirin...» diýip, hyrçyny dişledi, hatynyň manysyny ýatlajak boldy. Emma, beýnisinde diňe «Mermer... Serwer... Sermer... Merser...» diýen ýaly, manysyz sözler şol aýlanyp dur, aýlanyp dur. *** Şef: — Bo-how, Serik! Özüňmi ýa... Serwer: — Özüm-läý. Şef: — Şu gezeg-ä öýlenipsiň öýdýän. Serwer: — Äý, ýok, entek. Şef: — Bi, obadaky gohuňyz näm-aý? Bäri-bärlere-de durman geldi-le. Ilki ýas diýdiler, soň toý diýdiler. Düşüner ýaly bolmady-la. Serwer: — Äý, şol dokumentler-dä. Birini otludan zyňypdyrlar, onuň ýanyndanam meň dokumentlerim çykypdyr, onam eltip, meň ýerime jaýlapdyrlar. Şef: ― Bo-how, soňam toýa ýazandyr, elbetde... Şaşlyk! Şaşlyk: — Lepbeý! Şef: — Men saňa näme tabşyryk beripdim?! Şaşlyk: — Men nädeýin, Şef! Oň dokumentlerini Maňka ogurlapdyr, onam şo gije — kyh-pyh... Ýetişmedim. Şef: — Bada-bat aýtsaň bolmaýamy? (Serwere) Senem duýduraýmal-a. Serwer: — Men-ä how, üstüme miliseli-zatly güpürdeşip gelenlerinden soň habar tapyp galdym. Şef: — Mentlerem bardymy? Serwer: — Şuwagtam süýräp ýörler. Şef: — Äý, onuň seň üçin gorkuly zady ýok. Ýöne wagtynda bilnen bolsa, ojagaz ýalňyşlygy peýdalanyp bordy. Eşidýäňmi? Serwer: — Nädib-aý? Şef: — Häý, kelle! Iller oň ýaly zady satyn alýar. Sen-ä öldüripdirler, jaýlapdyrlar, dirileriň spisogyndan öçüripdirler. Senem diri, düşünýäňmi? Senden gaýdyp hasabat sorajak ýok, eşidýäňmi? Öliň ödi ýarylmaýar. Serwer: — Aý, ol maňa boljak zat däl-laý. Ene-ata, dogan-garyndaş... Şef: — Entek, wagt geler, ene-atalylygyňa, dogan-garyndaşlylygyňa, Hudaýyň eliňe beren şeýle gowy kartyny oýnamanyňa puşmanam edersiň, belki... Ýeri, bolýa, ol bolmasa, saňa başga bir boljak iş bar. Şaşlyk! Şaşlyk: — Lepbeý! Şef: — Bar, işiň bilen bol! Serik, bärräk süýş... Sen bir horluk garasyny görmän ösen oglan, horluk görmänem ýaşasyň gelýändir, şeýle dälmi? Serwer: — Hemmäňem islegi, düýp maksady şoldur-la. Şef: — Şoldur welin, seniň has üýtgeşik, şazada ýaly ýaşasyň gelenokmy? Işlemän, ýatan çöpi galdyrman, garnyňa suw sepi-i-p-jik... Serwer: — Aý, ol-a erteki ýalyrak bir zat boldy, Şef... Bolýa, bagyşla! Diňleýän! Şef: ― Diňleýän bolsaň, bir baý gelin bar. Dul gelin. Sen şonuň öýdeniçeri, il gözüne-de ýegeni bolmaly. Serwer: — (gülýär) Aýtdym-a men, barybir, gijesine işlemeli bolýar-da. Şef: ― Sen şonam oňarjak dälmi? Serwer: ― Oňarman näme, Şef! Daş ederis. Şef: ― O taýda daş däl-de, ýüpek bolmak gerek. Sen şo gelniň pişigi bolmaly, düşündiňmi? Serwer: — Düşündim. Şef: — Diýmek, sen düşündiň. Emma, Serik, jemgyýet diňe düşünýän adamlardan ybarat bolsa, onda durmuşyň gyzygy bolmazdy. Onuň gyzygyny artdyrýanlar — düşünmeýän adamlar. Jemgyýet düşünýänlersiz gününi görüp bilse – biler, emma düşünmeýänlersiz welin... Gepiň gysgasy, şu şäherde okap hem ýaşap, özem näme üçin okap — näme üçin ýaşap ýörenine kän bir düşünip barmaýan bir tanyş oglan gerek. Serwer: (pikirlenýär) Bar. Şef: — Diňe bir zada — on manadyň bäş manatdan gowudygyna, ikisini goşsaň, ondanam gowy bolýandygyna düşünsin. Serwer — (az-kem pikirlenip, öz-özüne) Bazaryň ogly Belli... Bazaryň ogly Belli... (Şefe ýüzlenip) Ol haçan gerek? Şef: — Özüm aýdaryn. *** Käbir adamyň lakamy öz adyndan rüstem gelýär-de, soň at deregine galyberýär. Bu bolýan zat. Emma, adamyň adynyň özüne lakam ýaly bolup galýan halatam boljak eken. Bellijik kiçijjikkä, «Adyň näme?» diýip sorasalar, «Bazaryň ogly Belli» diýerdi. Şodur-da şodur, oňa diňe «Belli» diýýän ýok — «Bazaryň ogly Belli». Üstesine, kakasyna-da indi mahabatlandyryp, «Belliniň kakasy Bazar» diýýärler. Göräýmäge, at-at ýerinde, ata-ata hem-de ogul-ogul ýerinde ýaly welin, birhilije, bir zatjagaz-a goşýarlar...Näme goşulýanynam Alla bilsin, görer göze, eşider gulaga ilip duran zad-a ýok. Tükenmezköne ýaly uly obada näme kän — lakamly adam kän. Käsinde üçden-dörtdenem bar. Haýsy biriniň gürrüňini edip oturjak. Onda-da Bazaryň ogly Belli ýaly maýda-çüýdeleriň. Elbetde, kiçijik bir adamyňam uly bir ýurdy çepbesine çöwrüp bilen halatlary taryhda ýok däl. Bazaryň ogly Bellem, ýurda dişi ötjeklerden-ä däl, ýöne Tükenmezkönäni welin tas g...ne urupdy. Anha, onuň munça gürrüňi edilmesem şondan! Ondan öňem, şondan soňam onuň başga bir görkezen gahrymançylygy ýok. Emma, şu gezekde welin... Bir ýerde bir oba agzybir bolsa, Tükenmezköne agzybirdi. Bir ýerde bir oba myhmansöýer, şahandaz bolsa, Tükenmezköne şeýledi. Biriniňkä bir myhman gelse, üç-dört günsüz goýbermezdiler. Myhmanly öýe her gün iküç sany çapar geler, çybyk aty gamçylap: «Pylan aga, kakam şu gün myhmanyny bize-de getirsin diýdi, getirmese-de, soň gaty görmesin diýdi». Ol-a adam eken, ondan-mundan azaşyp gelen eýesiz itlerem bu obanyň etrabyndan gidibilmän, töwerekde köwejekleşer ýörerdiler. Munuň ýaşuly ýerinde ýaşulusy, ýaşkiçi ýerinde ýaşkiçisi bardy. Serwerden başga-da, näçe ýyldan bäri uly okuwda okap ýören ýene-de bir talybam bardy. Ine, şol ikinji talyp — Bazaryň ogly Belli bir gün «Gutardym» diýip geldi. Ýöne daşyna ýarym-ýalaňaç gyzlaryň suraty ýelmenen magnitofondan başga getiren zady bolmady. Onsoňam, «Arä... niştýak...» diýen ýaly briki sany üýtgeşik söz öwrenipdir. Bolany. Belliniň kakasy Bazar bir «Hüm-m!» etdi, başga zat diýmedi. «Belki, özi dillener. Gör-bak näme diýerkä?» diýip garaşyberdi. Bazaryň ogly Bellemmagnitofony bilen deňine gygyryp, Tükenmezkönäni hindiniň heňinden dolduryp, bu-da geziberdi. Belli dagy ýetginjekkä, hindi kinosynyň Tükenmezkönäni ýaňy «basyp alyp ugran» wagtlary, bu obanyň ogul-gyzlarynyň deň ýarysy hindä, Tükenmezköne bolsa Hindistanyň bir ştatyna öwrüldi. Her kim şol kinolardan özüne meňzeş birini tapdy. Bellini Raj Gapura meňzetdiler. Onuň entek durnukly bir görnüşe girip ýetişmedik tegelegräk, akýagyz ýüzünde ilki göze dürtülýän owadan gaşlary, mawumtyl, ullakan gözleri, dogrudanam, käte-käte, Raj Gapury ýatlatmanam duranok. Üstesine, Raj Gapuryňky ýaly, Bellem bir gaşyny birhilije galdyrmanam öwrendi. Taýagyň ujuna bir düwünçegi ildirip, aýagy ýyrtyk köwüşli, kellesi şypyrmaly, «Sergezdan» bolup, çeper höwesjeňlerde çykyş etdi, aýdym aýtdy: «Mira jutda heý japbany...» Wagt geçdi, Rejep — Rejebe, Meret — Merede, Serwer — Serwere, Gyzlargül — Gyzlargüle öwrüldi. Emma Belliniň bir gaşy welin, beýlekisinden iküç barmak ýokarda doňup galdy. Soň okuwa girip, onam «Gutardym» diýip gelende-de şol gaş asylky ornuna gelmän eken. Bazaryň ogly Belliniň entegemşol Raj Gapurlygy eken. ...Ahyrsoň, Belliniň kakasy Bazar çydamady, oglunyň ezeneginden tutaga-da, gaşyna çökerdi. Sorag yzyndan sorag hatarlap, hüjüme geçdi. Bellem garabagyr ejesini öz tarapyna çekip, gorandy. «Gezdik» diýdi, «Gördük» diýdi, «Iýdik» diýdi, «Geýdik» diýdi. Ýöne hiç «Okadyk» diýmedi. Kakasy ony kowalaý-kowalaý, şol okuwly gürrüňiň üstünden eltende bolsa, Belli zöwwe ýerinden galdy-da, «Ih, magnitofon daşarda galypdyr-a!» diýip, çykyp gitdi. Salym geçmänkä-de, ýüzüni boz-ýaz edip geldi: — Çilipdirler... — Nämäni? ― Magnitofony. Ine, bar bulagaýlygam şol agşamdan, şol ogurlykdan başlandy. Ilki agşam-a «Oňa düşendir, muňa düşendir» bilen ýatdylar. Ertesi irden turup, onam gördüler — munam. Magnitofon ýok. Onsoň Belliniň ejesi daşarda duran ýerinden, gaty ses bilen: — Ylahym, kim alanam bolsa, elleri ysmaz bolsun! Şeller açsyn hernä!— diýip, dik ýokaryk seredip, mynajata başlady. Ejesinden beýle-beýle sözlere garaşmadyk Belli her gezekki «Bolsunda» tisginip-tisginip gidýärdi. Belliniň ejesi mynajatyny gutaryp, öýe girdi. Soňrak bularyň duldegşir goňşusy Gyratly aga ýapbyldap geldi: — Goňşular, nämäňizi aldyrdyňyz-haw? Bolan ahwalaty eşidip, Gyratly aga oňaýsyz ýagdaýa düşdi. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, ol öten agşam «Goňşular, otyrmysyňyz-haw?» diýip, bularyňka degip geçäýipdi. Soňky döwürde, näme üçindir, hiç bir sebäpsiz ýere, onuň ýüregi gysardy. «Öýüňde otursaň bolmadymy gömlüp?» diýip, häzir Gyratly aga öz-özüne käýindi. Birdenem, «Menden görýän bolaýmasynlar-haw?» diýen pikir kellesine geldi-de, has beter aljyrady, gyzardy, gyssandy: — Men... men-ä öten agşam öýe bardym-da, ýatdym... — diýip, sakawlap ugrady. Yzyndanam: — Duz kessin-haw, ynha, saçak bar-haw... — diýip, şeýle bir janygyp başlady welin, duranlar onuň ýüzüne şübheli-şübheli serediberdiler. Ýöne onuň haçan çyndan —haçan oýundan aljyraýanyny bilip bolýarmy... Onýança bir ýerden gara gelin ýetip geldi. Bolan wakany eşidip, bu-da ýakasyna ýapyşdy: — Wiý, toba-toba! Daş edewersin! Biziň-ä tohum-tijimizde iliň zadyna el uzadany ýokdur... — Goýaweri, goýaweri! Siziň adyňyzy tutan adam ýok-la, gyz! — Onda näme, köçä çykyp gygyrýaň, gyz? — Gygyrjak. — Maňa eşitdirjek bolýaňmy? Maňa kakdyrjak bolýaňmy? — Pah, öňräk bir ýerde Belliniň ejesinden gepde basylyp, ahmyrly gezip ýören gara gelniň göhi geldi. Belliniň ejesem mert durdy: — Saňa-da eşitdirdigim bolsun! — Eşitdirjegiňe eşitdir, heleý! Ogryňam daşrakdan gözle! Galmagala daş-töwerekden gelip biläýjekleriň bary geldi. Tükenmezköne döräli bäri görlüp-eşidilmedik bu ogurlyk hemmäni haýrana goýdy. Erkekler topary «Ýere girenem bolsa, asmana uçanam bolsa, şol ogryny tapmaly» diýen netijä geldi. Aýallar tarapam «Daşdan ogry gelmez. Kimem bolsa, öz içimizdendir» diýip karar çykardy. Şeýdip, ogryny öz aralaryndan gözläp ugradylar. Şeýdip, bütin oba müňküre öwrüldi. Adamlar diňe bir-birini däl, bir-biriniň ýedi arka tohum-tijine çenli assyrynlyk bilen sorap-idäp, öwrenip başladylar. Diňe şu günki gezip ýörenler däl, eýsem düýnki, öňňinki nesilleriň bary, atalardyr-u-babalaram şübhe astyna alyndy. Öň bu oba bir ýerden bir ýakymsyz gepjagaz azaşyp düşäýse-de, ilki düşen öýünde gömlüp galardy. Indi welin, obanyň o çetinden iňňe ýaly bolup giren gep bu çetinden düýe bolup çykýar. Aňrujy dile çolap bolaýjak zatlaryň ählisi orta çykarylyp başlandy. Biriniň bir ýerde bir aýby bolsa, açylyp ugrady. Öň birmahal düwlüp dula taşlanan gürrüňlerem ýene dörüp, çykaryberdiler,çykaryberdiler, çykaryberdiler... Köp zatlar täzeden barlanmaly edildi. Meselem, şunça iki ellileriň arasynda näme üçin ala-böle Mydar ýeke el bilen dogulmalymyş? Düýp sebäbi näme? Günä ejesinde bolupmy ýa kakasynda? Barlamaly. Meselem, Hutdy birini traktora basdyryp öldüribem, näme üçin özi basylman galypdyr? Barlamaly. Aşyr nirede? Jeňňelde bir ýerde ýatyp-turup, galtamançylyk edip ýören bolsa, kim bilýär? Şu ogurlygyňam bir gapdalynda hökman şonuň eli bolmaly. Barlamaly! Aýlar gelin bir gün Güller gelniňkide otyrka:«A gyz, gürrüňöz aramyzda galsyn welin, şu Şalaryň bir agas-a öň rastrat edip, tutulan eken, birwagt özi gelip, Garry babanyň ýanynda aglap-eňräp gidenmiş» diýipdir. Iki gelniň arasynda galmaly bu gürrüň şol günüň-şol sagadyň özünde gara gelne ýetdi. Gara gelin zemzen ýaly çişip, Aýlaryň üstüne gitdi. Aýlar gelnem etegini göterip, Güller gelniň üstüne gitdi. Güller gelin, her agşam adamsy işden gelende, ony «Bu gün pylanylar bilen pylanylar sögüşdi» diýen sözler bilen garşylaýar. Çagalaryňky kyn boldy: ― Eje, Maýsalaryňka gidäýin-le oýnamaga! ― Ýok, gitme, biz olar bilen uruşlydyrys. ― Onda Şöhratlara... — Ýok, ädimiňem ätmersiň. Bize duşmandyr olar... we şuňa meňzeşler. Gelinleriňkem ondan aňsat däl. Öň ýagdyr-u-otluçöp, duzdur-u-burç gutarsa, goňşularynyňka tarap çapar gönderäýýärdiler. Indi welin, görgüliler, töweregine garanyp durlar. ― Öň her kim öz öýüniň töweregini, gabadyny suwlardy, süpürerdi, obanyň köçeleri ýalpyldar durardy. Indi her kim öz öýüniň deňine kir suwuny dökýär. Indi obanyňçetinden bir del adam girse, tä barjak ýerine çenli ony şübheli nazar bilen ugradylýar, aýny bolmasa, saklap, «Kimiňkä geldiň? Näme üçin geldiň?» diýip soramakdanam gaýdanoklar. Her kim öz melleginiň daşyna haýat aýlap ugrady. Negözel otaglara diwar bolmaly kerpiçler haýata harçlandy. Haýatlar welin haýatjan-da. Görogly begiň Gyraty ganat baglap gelse-de, bu haýatlaryň üstünden uçup geçjegi gumana. Şeýdip, bir uly galadan birtopar owunjak gala emele geldi. Şäher diýlen zadam, belki, ilkibaşda şeýdip dörändir. Telewizorlaryň güni geldi. Öň, garaňky düşdügi, goňşy-goňşynyňka baryp, urardylar söhbeti, telewizor janawarlar setanda-seýranda bir ýada düşerdi. Indi welin, her kim öz telewizorynyň öňünde eplenip ýatandyr. Uruşly kino dagy görkezilse, hezil edýärler. Öz haýatlaryndan daşarda welin jahan urşy tursa-da, işleri ýok. Esen aga bir gezek erkekleri köçä ýygnap: — Eý!!! Bi edýäniňiz näme-haw? Hudaýdan gorkaňzokmy? – diýip, abyr-zabyr etdi. Onuň gahardan ýaňa sandyr-sandyr edip durşuny gören adamlar «Bu-da bir galmagal tapyp oturybermesin ýene!» diýen ätiýaç bilen, derhal öýli-öýlerine sümdüler. — Wah, negözel agzybirje obamyz bardy, bir ýerçeken geldi-de, bozaýdy-da ― diýip, Esen aganyň aýaly jibrindi. — Eý! Aslynda bozuk bolsa näbilýäň. «Ýerçekeniňem» bir bahana bolsa näbilýäň... — diýip, Esen aga-da dymdy. Dymdy-dymdy-da, soňam: — Tükenmezkönäniň üstünden lagnat inipdir. Indi bir gan dökülmän, bu lagnat aýrylmaz! — diýip, bir ýapbaşyk gürrüň tapdy-da, adamlary hasam gorkuzdy. Her kim öýli-öýünde bukup, «An-ha, ahyr gan dökülip dyndy» diýlen habaryň gelerine garaşyp ugrady. Şeýde-şeýde, aý aýlandy, ýyl täzelendi. Adamlar täze boluş, täzeçe ýaşaýyş bilen kemsiz öwrenişdiler. Bazaryň ogly Belli welin, näme üçindir, gitdigiçe horlanyp, saralyp barýardy. Günleriň bir günem ol hossarlarynyň öňünde çöke düşdi-de: — Eje, kaka, uruň meni, öldüriň meni... — diýip zarynlaberdi. — O nämüçin? — diýdiler. — Meniň magnitofonymy ogurlan adam ýok. Ony meň özüm satypdym birine... Şol wagt aýtmaga-da gorkdum. Bazar depesine daş gaçan ýaly, gözlerini ýumup, yranjyrap oturdy-oturdy-da, tarsa ýerinden galdy. — Wiý, kakasy, nirä? —diýip, aýaly onuň synyndan ýapyşdy. — Gitjek. Öýme-öý aýlanjak. «Ýagdaýlar şeýle-şeýle» diýjek, birme-bir ötünç sorap çykjak... — Hiý-wiý, goýup otyr... Indi kim saňa ynanjak, kim seni diňlejek? Gaýtam, «Seniň ogluňam ogurlyk edipmi?» diýip sorarlar, dagy bolmasa, «Satsaňyz öz zadyňyzy satypsyňyz, biziň nä işimiz?» diýerler. Gury baranyň galar, ogluňy masgara edeniň galar. Ondan, gowusy, oturyber indi, sesiňi çykarma-da. Boljagy boldy indi, kakasy! Belliniň kakasy Bazar ýene aşak çökäýdi. Soňrak ogluna däl-de, aýalyna ýüzlenip: — Sen onda, şuňa aýt, gitsin gelen ýerine! Okuw tapyp okaýamy, iş tapyp işleýämi — öz işi, maňa görünmese bolýa! — diýdi. — Kakasy, o zatlar indi kimiň ýadynda... — Meniň ýadymda! — diýip, Bazar gygyrdy. Dogrudanam, bu zatlaryň nämeden başlanany indi köpleriň ýadyna-da düşenok. Birwagt näme-de bolsa bir zadyň ogurlananymy, ýiteninimi — bilýärler, ýöne anyk nämäniň ogurlanyp, nämäniň ýitenini welin bilýän adam az-az... Emma, Esen aganyň gürrüňinden soň, obada ogul öýerip-gyz çykarmaga howlugýan köpeldi. Her kim, gan dökülmänkä, toý edip dynjak. Annajemal ejäniň Mydary tiz-tizden burça gabamasam ýöne ýerden däl. Hatda Hutdynyň ejesem oglunyň ahyrsoň ýüzüne geldi: — Hany, oglum, haňk-huňkuňy goý-da, gepiňi gönüläp ur. Ýogsam, ertir özüm ýola çykýan bilimi guşap! Hutdy näme diýsin. «Be-e» diýdi-de, oňaýdy. Toý pikiri gara gelnem horlap başlady. Ýöne ol ogluny ähli gyzdan gabanýar, ony hiç kime rowa görenok. Ynha, häzirem ol Serweriň maşynynda, ogly nirä seretse — şol tarapa ýaltaklap gelýär. Serweriň gözem, näme, taksiçiniň gözi ýaly, mydama daş-töwereginde. Hernä, maşyny ondan akyllyrak. «Bäý-bä, Şefiň görkezen ol geln-ä daýaw eken-aý... Ukudakaň, bir aýagyny üstüňe ataýsa, demikdiribem öldürjek meň ýalakyny. Özem ýigrimi ýaş dag-a uludyr menden... Haýbatyny aýtsana, haýbatyny... — diýip, Serwer oýlanýar. — Bankda, stolunyň ýeňsesinde otyrka dagy, gönüläp gözüne seredibem boljak däl. Äý, aýal haýbatydyr-da, «paýtagtyny» bir eýeläp bilseň, onsoň o görgülileň näme jany bar... özi dokam bolsa, göz-ä aç eken. Şef bilýä-le. Oňkam düşnükli, meň üstüm bilen ojagaz bankir zenany ele aljak bolýar. Alsyn. Bizem hakymyzy gidermejek bolarys... Eýsem, bärki, obadaky işleri nätmeli? Soň beýdip, günde-günaşa gatnap ýörüb-ä bolmaz. Gurbanala tabşyraýsammykam? Ynanyp bir boljakmy oňa? Gaty bir diliniň eýesem däl ýaly-la... Be, ol kim-aý?». Serwer biygtyýar, tormoza basdy. Maşyn, ýoluň gyrasynda duran, egni köne güpbüli naçaryň deňinde bir säginjek ýaly etdi-de, ýene öňe süýnüp gitdi. — Kim ol? Kimdi ýaňky? — diýip, gara gelin gözlerini elek-çelek etdi. — Aý, näbileýin... Ors aýalmy-nämemi... Şaýly gelinmi... — Toba essagpurylla, maşynyň aşagyna girjek bolşup durlar. Utanç-haýa galmandyr. Emma, ýaňky duranyň ors aýalam, şaýly gelnem däl-de, Ogulhanlygyny ejeli-ogluň ikisem tanapdy. «Toba, toba... Ana, şol ýaňky duran ýaly biri sataşmawersin-dä, Hudaý jan... Serwer jan ýaly ýigit tapsalar, boýnuna bökjek kändir. Hernä, özüň abraý bereweri, Allam!» «Be, ol nämişläp ýörkä bu ýerlerde... Meniň ýolumy garawullap durmuka? Duruber, duruber... Ýeri, indi saňa näme gerek diýsene! Geregiňi aldyň, menem geregimi aldym. Bolýa-da. Beýdişip, garawullaşyp-kowalaşyp ýörsek, il näme diýer. Gyzlargül näme diýer. Abraý diýlen zat diňe saňa däl — maňa-da gerek-how...» «Ýaňky ýaly bir köne güpbüli darsdabany getiräýmänkä, munymyzy öýereli, Şalar! Sen hiç zada düşüneňok, Şalar! Ýaňkyň bolup durşy ýöne ýerden däl. Ony sen bilmersiň, Şalar! Häzir öýe barýanam, ýakaňdan alýan! Besdir, oglumyzy bir gezek ýitirip tapdyk... Şu Gyzlargül bilen-ä bir hymmy-symmylary bar ýalydy. Başlygyň gyzydyr öz-ä. Bolanda näme, biz nä, kem ýeriň adamymy?! Tylla gyz näme? Dogany woýenkomatda işleýär, birden Serwer jany weýenna-zada diýip gyssap ugrasalar, kömeg-ä degerdi... Kümüş gyzyň daýysy — bazaryň başlygy, o-da erbet däl. Gülnaryň bir zatlary medinstitutyň mugallymy... Wah, gör-ä, nähili, näçe gowy gyzlar bar! «Gawunyň gowusyny şagal iýer» diýip, ýaňky ýalyň birini tapyp oturybermese ýagşydyr...» Ýaňky — Ogulhan bolsa yzda, ýoluň ugrunda el serip galdy. Ol az salym doňan ýaly bolup duransoň, kakasynyň köne güpbüsine has berkräk çolandy-da, maşynyň giden ugry bilen ýuwaşja ýöräp ugrady. «Gördümikä, tanadymyka bir? Görendirem, tanandyram. Ýöne ýanynda ejesi bolansoň, durmaga çekinendir. Ýogsam, bir durjak ýalam etdi-le. Ertir irden, sagymdan soň, ýene bir çykyp göreýin. Ol obada kän durmaz. ýagdaýymy bir aýdaýyn, hany, näme diýýär...» Içi Serwerli maşyn ertesem durmady. Onuň ýerine, Ogulhanyň yzyndan Mydaryň ýelmaýasy ýetdi: — Ýer-ow, Gyzhan, oba barýaňmy? Ogulhan sesini çykarman, ýöräberdi. — Gel, müň atyň ardyna! Ynha, şeýdip, kese mün-de, bu sumkanam öňüňe al, mün-how, ýogsa, gitdim. Men-ä saňa dözmän, durdum... Ogulhan mündi: Mydar bir salymdan ýeňsesine gaňrylsa, Ogulhan aglap gelýär. — Eý, Ogulhan, beýtme-how! Il-gün görse, näme diýer, näme pikir eder. Sen bi il diýilýän bilen oýun etme, Ogulhan! — Oýun gutardy, Mydar! Men oýnumda utuldym öýdýän... Hiýk, hiýk, hiýk... — Goý-how! — Goýdum... Men indi nädeýin, Mydar? Nädeýin, dogan?! «Häý, içigar... Ynha, doganlam bolduk». Mydar näme jogap berjegini bilmän, aýaklaryna zor salyp ugraly. Öňki niýeti — Ogulhany obanyň bäri çetinde düşürmekdi welin, bir görse, obanyň orruk ortasynda durlar. Ogulhanyňam ýüz-gözi çişip gidipdir. — Sag bol, dogan... «Häý, seniň doganyňam bir...» diýdi-de, Mydar pedala basdy. Onuň yzyndan gapdaly «Deri» kooperatiwi» diýlen ýazgyly, gozakly motor ýetdi. Motoryň üstünde Şalar ýapyrylyp otyr. Ol Mydaryň ýüzüne gözüniň gyýtagy bilen seretdi-de, çalaja gülümsirän ýaly edip, geçdi gitdi. Yzynda-da Gyratly aganyň «päletürkesi» tozan turzup barýar. Onuňam bir gapdalynda şol «Deri» diýlen ýazgy. Il arasynda kooperatiwiň ilki gürrüňi, soň özi köpelip ugrandan, Şalaram derrew «Deri» kooperatiwini açdy. Kredit diýip ummasyz pul aldy-da, aýlap ugrady. Salgyt ýok-zat ýok, hezillik. Öz eliň — öz ýakaň. Şalaryň arzuw etmäge-de gorkup ýören eýýamy geldi. Ol sähel wagtyň içinde köpleriň deňinden gülümsiräp geçip gitdi. Kim, haýsy kärde, haýsy ýurtda bolsaňam, esasyzat — öz döwrüň gelenini duýmak. Şony sypdyrmazlyk. Ýene bir esasy zat — öz döwrüň heniz gelmänligini ýa-da onuň eýýäm gelip geçenligini wagtynda duýmak. Şalar entek içinden ýa daşyndan «Ynha, şu — meniň döwrüm!» diýip bilmese-de, bir üýtgeşikligiň başlanandygyny, özüniňem bu döwür üçin gaty bir öweý däldigini syzýardy. Muny ilki Şalar ýalylar duýýar. Nädip duýýar, nireden bilýär? Puldan bilýär. Pul tapmasy aňsatlaşyp, öňki pulsuzlaryň elinde weşeň-weşeň pul görnüp ugradymy — diýmek, puluň işi gaýdyp başladygydyr. Puluň işi gaýtsa-da... Şalaryň göwnüne, kooperatiwli hezilligem uzak dowam etmejek ýaly. Bu bir — az salymlyk ahmallyk bolmaly. Ynha, erte-birigün bar zady yzyna ýygnap ugrarlar. Şoňa çenlem — edeniň hörel, alanyň halal. Oňa çenli, «Ura, kooperatiw!» diýip gygyrýanlaryň arasyndan saýlanyp, «Uruň kooperatiwi!» diýip gygyrýanlaryň hataryna goşulmaga ýetişmeli. Soň, geleni dep-de dur! Oňa çenli ýygnanlaryňy nätmeli? Gömüp goýanyň haýry ýok. Bu pul — gyzyl däl, hatda misem däl. Köpelip ugran bolsa— aňyrsy ýokdur. Diýmek, ony zada öwürmeli. Nämä? Derämi? Alty aýdan soň, seniň güýe iýip, garynja gemrenderiňi kim alsyn? Gyzylamy? Däliredýär diýýärler. Jaýamy? Ony uly il görjek. Maşynamy? O-da görünjek. Üstesine-de, döwüljek. Ynha, ogluňy öýärsiň. Onam on gezek öýerip bolmaz ahyryn... Bu içigar galmyş nä günlükler bilen gazanylýar welin, soň harçlamasy ondanam kyn bolarly. Oglunyň bir beren gürrüňi Şalaryň hiç ýadyndan çykanok. Aýdylyşyna görä, şäher ýerlerinde şeýdip gazanylýarmyş: Ynha, sen otyrsyň bir ýaşigiň öňünde, birdenem ýaňky ýaşigiň ýüzünde «Saňa pylan zat gerekmi?» diýlip ýazylýar. Senem «Gerek» diýýäň. «Onda pylan ýere pylança pul geçir!». Senem başga bir düwmejigi basýaň-da, başga birinden soraýaň: «Saňa şo zat gerekmi?». «Gerek». «Onda pylança pul geçir!». Geçirýärler. Senem ondan geregiňi alyp galýaň-da, galanyny hälki birinji ýere geçirip goýberýäň. Ýaňky satan zadyňy göreňogam. onuň ýerine,peýda görýäň! Oturan ýeriňde! Wah, Şalara o zatlary görme ýok! Garamaňlaý Şalar, garyp Şalar... Wah, eje jan, sen nämüçin öz Şalaryňy beýle garyp edip dogurdyň? Ömürboýy şu porsy derileriň arasynda demigip ýörsündiýipmi... Oturan ýeriňden «Ony eýdiň, muny beýdiň! Sen pylança getir, sen pylança alaý!» diýip, buýrup oturmaly döwrem gelermikä ýa-da ömürboýy şeýdip hars urup, gum garbap geçmeli bormuka? Ýok, nähili döwür gelende-de, hars urmaňy goýsaň-a, bolmaz. Bu durmuş bir — derýaň akymynyň garşysyna ýüzen ýalydyr. Gulaç urmaňy goýdugyň — nireden çykarjagy belli däl. Baýlygam bir — eliň kiri ýaly zat. Bu gün bar — ertir ýok. Oňa söýendigiň — suwa söýendigiň. Şalaryň bu ünjüsi, bu şübhesi, bu gorkusy — jögülikden däl. Jögülik daşyňdan edilýär. Çyn gorky daşa çykarylmaýar. Ata-baba bäri synlanyp gelinýän bir zat bar: Baý adam garyp düşse, soň-soňlaram özüni baýdyryn öýder ýörer eken. Emma, garyp baýasa welin, depseň-yranmaz bolansoňam, göwnüne, aç öläýjek ýaly, bar ýygnany bir günde, bir salymda kül bolaýjak ýaly bolar durar eken. Doglanda garyp bolup doglan adam, çüwen wagty, garyplykdan dynyp biler, emma, şol garyplygyň süňňe siňen gorkusyndan welin dynma ýok bolarly. «Owal garyp bolup, soňra baýan är...» «Eger-de ol är birden başlyk bolaýsa, şonda näder?». Ine, bu pikir bolsa, Şalar «Derini» açyp, Gyratlyny «päletürkesi» bilen işe alansoň, Gyratlam oňa oýundan-çyndan «Başlyk!» diýip ugrandan soň döredi. Gyratlynyň oýny hiç-le! Ol entek çyn başlygyň çyn gazabyna uçrap görmedik adam. Umuman, entek Tükenmezköne çyn başlyga duşanok. Näçe ýyl bäri ýygnakdan çykman oturan başlygy görüp, «Başlyk şeýle bolmalydyr» öýdüp ýörler... Her öňýeten ýeňsesinden gybatyny edip, ýaňsa alyp ýörjek bolsa, başlyk bormy ondanam! Arada, hol golak poçtaçy oglanam, Şalaryň gözüniň alnynda, başlygyň suraty çykan gazet bilen, bir siňegi urýar-da, siňek öldürtmän, uçup gidensoň: — Häý, başlyk aga, bir siňege güýjüň ýetenog-aý... — diýip, hüňürdän bolýar. «Indi başlyk ukusynam ýygnakda alaýýamyş...» diýlen gürrüň bar. «Prawleniýe agzalarynyň birtopary arzasyny beripmiş» diýlen gürrüňem ýok däl. Bolup biler. Bütin ömrüň ýygnakda geçjek bolsa, aýda birki gezek çagalaryňa görünseň, onda-da aýalyň: «Balalar, ynha, şu adamy tanap goýuň — kakaňyzdyr şu!» diýip ernini gyşartsa, elbetde, arzaňy berersiň. «Oňa, ynha, meniň ýaly, aýalyndan basylmaýan, gahary gelende, çykyp gidip, motoryň gozagynda ýatyberýän birini saýlamaly! — diýip, Şalar pikir etdi. — Onsoňam, belanyň daşyndan içi aman! Onsoňam... häzirki başlyk uzaga gitmeýä...» Şondan soň iküç aý geçmänkä, prawleniýe agzalarynyň birtoparyny agzalykdan çykaryp, ýerine täzelerini saýladylar. Täze agzalaryň birem — Şalar Garryýew! Mesele munuň bilenem gutarmady. Agzalaryň arasynda agzalalyk hem aç-açanlyk başlandy. Täze agzalaryň-a gürläsi, köneleriň bolsa ýatasy gelýärdi. Şeýle ýagdaýda başlyk nätmeli? Derrew o topary bu topara öjükdirip, özüňem aralygy saklamaly. Haýsy topar ýeňlip, ysgyndan gaçyberse, şoňa kömege gelmeli. Şeýde-şeýde, iki tarapam mazaly ysgyndan gaçansoň, ikisiniňem jylawyny eliňe oramaly-da, «Çüw!» diýmeli. Hersiniň gomuna-da bir gamçyny goýmaly... Emma, bu başlyk nätdi! Öňki endigi boýunça, ýygnagyň tüýs gyzan wagty, irkildi. Soň bir tisginip, gözüni açsa, eýýäm onuň öz meselesini ýygnaga goýupdyrlar. Ol gazap bilen başyny göterdi-de: — Haýt! — diýip gygyrdy. Bu haýkylyga onuň köne gwardiýasam oýanyp, aýaga galdy. Iküç güne çeken çekeleşikdensoň, entek beýle inçe işlere känbir öwrenişip ýetişmedik täzeler ýan berip ugrady. Öň sesini çykarmanrak oturan Şalaram, muny görüp, bir ýeser öwrüm etdi-de, köneleriň tarapyna geçdi. Başlygy tankyt edip, başlyk bolup bolmajagyna ol gowy düşünýärdi. Şonuň üçinem, ol başlygy döş gerip gorady: — Ýoldaş agzalar! Men şu taýda aýdylanlara goşulýaryn... — Haýsysyna? — diýip oturanlaryň biri gygyrdy. — Hemmesine-de! — diýip, Şalar gözüni gyrpman jogap gaýtardy. — Elbetde, baş bolmasa, göwre läş! Elbetde, müňişçiden bir başçy! Emma, ýoldaşlar, göwrede-de gep bar bolaýmasyn, işçide-de günä bar bolaýmasyn?! Göwre sagdyn bolmasa, baş nätsin, işçi akýürekden işlemese, başlyk neýlesin?! Şonuň üçinem ýoldaş agzalar, geliň, günäni ilki özümizden gözläliň! Dogry, obada kemçilik kän, adamlar işlänok, goňşy-goňşy bilen oňşanok, ogurlygam bar... ony daşardan täze gelen ýoldaşlar bilýändir. Emma, bu zatlary ikm düzetmeli? Biz! Özümiz! Gapdaldan biri gelip, düzedip bermez. Biz başlygy tankyt etmeli däl-de, oňa kömek etmeli. Biz başlygyň eli, aýagy, gözi hem gulagy bolmaly! Başlykbiziň beýnimiz bolmaly... — Teklibiňi aýt, teklibiňi! — diýip, ýene bir oturyp bilmeýäniň biri gygyrdy. — Teklibim şeýle! Başlygyň ýanynda, ýygnak geçirip, maslahatlaşar ýaly, iküç sany adamy goýmaly-da, galanymyz aýaga galmaly! Ýagny, her kim işiň birki sany ugruny boýnuna alyp, oba ýöriş etmeli. Halkyň içine siňmeli...Her hepdäniň belli günem gelip, başlyga hasabat bermeli. Meniň özüm-ä maldarçylygy hem düzgün-tertibi boýun alyp biljek. Sizem aýdyberiň! Ukudan mazaly açylmaga ýetişen başlyk ardynjyrady: — Howwa, adamlar, Şalar dogry aýdýar. Şol boýun aljak diýýän zatlarynam, goý, boýun alsyn! Özüňiz bilýäňiz, derisiz-ä mal bolanok, Şalaram, kakras, ömürboýy deri bilen iş salşyp gelýär. Düzgün-tertibem, dogrudanam, berkitmeli! Bolar-bolgusyz oglanlar bolar-bolmaz ýerlerde entäp ýörmesinler. Ine, bu ugram Şalara ynansa bolar. Özüňiz bilýäňiz, onuň doganam, kakras, milise! Hany, beýlekileriňizem dilleniberiň... *** dowamy bar... Kömek KULYÝEW | |
|
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Ene / powestiñ soñy - 15.01.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||