04:27 Tükenmezköne -4 / powestiñ dowamy | |
***
Powestler
Ýylyň gelşindenmi ýa Şalaryň gazabyndanmy, ýa haýwanlaryňam şo ýyl bir-birine yşky has artdymy — garaz, janawarlar ekiz-ekizden guzlaberdi. Ekize güýji ýetmediginiň käbiri goşa kelleli bir zatlar guzlady welin, garaz, Şalary dili gysga etmediler. Şol ýyl pylança göle, pylança sygyp, pylança-da öküzösdürilip ýetişdirildi. Hany olar? Etlige tabşyryldy. Hany kagyzy? Ine! Puly? Puluna pylança tonna ot-iým alyndy. Ine, kagyzy! Hany ot-iým? Ony mallar iýdi. Hany oty iýen mallar? Etlige tabşyryldy. Hany olaryň hamy? «Deri» kooperatiwine tabşyryldy. Mallaryň otundan az-maz, hamyndan az-maz hem pulundan az-maz süýşürilip goýuldy. Birden barlagçy-zat gelip, «Hany?» diýse, «Ine!» diýer ýaly. Ekerançylygy boýun alanlaram Şalardan kem galmajak bolup, ýerden ýylda «goşa hasyl» almaň ugruna çykdylar. Indi diňe düzgün-tertibi berkidäýmek galdy. *** «Gelmelimiş», «Geljekmiş», «Gelenmiş» diýe-diýe, Tükenmezkönä barlagçynam getirdiler. Öňki döwür bolanda, barlagçam, näme, gelerdi-giderdi welin, hany, indi öňki döwür, öňki Tükenmezköne barmy! Suw dökülse, «Siýdi!» diýjek bolşup durlar. Barlag gelensoň, myş-myş hasam köpeldi. Bu ýerde indi myş-myşyň ýaýraýşam üýtgeşik. Ony, ynha, şeýleräk çyzgy bilen düşündirmek mümkin. Başlyk ýygnakda eken Başlyg-a ýygnakdamyş Başlyg-a ýygnaljakmyş Başlyg-a ýygnapdyrlar Ýylam kesenmişler On ýyl beripdirler Ahyrsoňy bu myş-myş başlygyň gulagyna ýetdi. Onsoň o bende bar işini taşlap, oba görünmäge çykdy. Çykýaram welin, düýn-öňňinki myş-myş üçin eger-eger gyzarýanam ýok. Kim gyzarsyn! Myş-myş diýlen zadyňbelli bir eýesi bolmaýar ahyryn. Onuň nireden gelip-nirä barýanynam bilip bolmaz. Her kim öz üstünden gelip, gulagyna degende, ony bada-bat başga gulaga geçirip goýberýär. Myş-myşlar — «Kim urdy» oýny ýaly bir zat. Myş-myşlar «Hyş-ş-ş...» edip, peýwagtyna, biminnet ösüp duran ýel ýaly bir zat. Emma el, gaty güýçli geldim diýende-de, zor etse, ahmalrak duran agaç-ugajy, towuk ketegi ýykýar. Myş-myş welin adam ýykýar. Ol — atlyny agdaryp, düýelini düňderip bilýär. Iň bir bilniksizje, ölügsije, zyýansyzja myş-myşam ahyr bir gün pile dönýär. Sebäbi myş-myşlaram, edil ýalňyşlar ýaly, bir-biriniň üstüne müngüç bolýarlar. Şeýdibem myş-myşdan myş-myş, ýalňyşdan ýalňyş döreýär. Köpelýärler. Myş-myş leşgeri üstüňden inende, onuň garşysyna gylyçly çykyp, söweş gurmagam — siňek bilen söweşen ýaly bir zat. Töwerekdäki zatlary çapym-çapym edip, birki siňegi öldürenmişiňem-da. Siňegiň birini öldürseň ýene onusy onuň patasyna gelermiş. Ýene bir geň zat — haýsydyr bir myş-myş eýýäm aýdyma öwrülip, obanyň dykma kerine çenli ýetendir welin, şol myş-myşyň sebäpkäri ýa-da sebäpkärleri hiç zatdan bihabar, gaýşarylyşyp ýörendirler. Elbetde, hemmesi beýle-de däl. Meselem, başlyk bolsaň... Başlyk bolsaň, seniň iki däl-de, elli iki sany gözüň, ýüz elli ikem gulagyň bar. Onsoň ahmal-bihabar galmasa bor-la. Emma, ynha, Mydar ýa-da Ogulhan, Gyratly aga ýa-da Annahal eje bolsaň, nätmeli? Aýdaly, hiç zatdan bihabar Annahal ejäni hiç zatdan bihabar Gyratly aganyň öýüne eltip, hiç zatdan bihabar Ogulhana hiçzatdan bihabar Mydar üçin söz aýtdyrsalar, soňam, Gyratly aga-ha «Eger ogluň şu öýe giçgiýew bolup gelse-hä,men razy!Gyzymy öýden çykarjak däl» diýdirseler, Mydara-da «Aý, beýle bolsa, gerek däl. Menem, eje, seni taşlap gitmerin!» diýdirseler, Ogulhana-da «Menem-ä kakamy ýeke goýup, başga öýe gitmerin!» diýdirseler, soňra-da obanyň deň ýarysy bulary oňlasa, deň ýarysam geňlese... nätmeli? Adamyň özi ata-enesinden öň doglup bilmese-de, onuň agzyndan çykýan myş-myş käte şol myş-myşa sebäpkär wakadan kän owal döräp bilýär. Waka-soňra bolmanam biler. Ine, birdenem...«Gyratlyň gyzy ýitipmiş» diýlen myş-myş döredi. — Ýiten däldir, gaçandyr. — Kim bilen, nirä gaçsyn-aý, anha, Mydar gezip ýör-ä! — Bir ýere eltip gelendir. — Tapdyrarlar öz-ä! Milisehana salyp, bir gyssarlar weli... — Gyratl-a «Gaçyp giden bolsa, men şo gyzdan geçýän.Milisä-de barjak däl — beýlekä-de!» diýip otyrmyş. Şondan soňky wakalar şeýle bir çalt bolup geçdi weli, nämäniň nämedigine, kimiň kimdigine, kimiň nämedigine düşünere maýam bolmady. Şol günleriň birinde, jeňňelden sygryny gözläp ýören Hutdy, birdenkä, sygryň däl-de, owlajygyň sesini eşitdi. Sesi yzarlap baryberse... Bir hyşanyň penasynda Ogulhan süýnüp ýatyr, gujagynda-da köne güpbä dolangy bir zat. Sesem şol güpbiniň içinden çykýar. Ogulhanyň üst-başy gandan öl-myžžyk, daş-töweregem lagta-lagta al-gan. Doňup duran Hutdy birsalymdan gymyldady. Ogulhan gymyldamady. Hutdy diňe «Ba-a...» diýip gygyrdy. Ogulhan şonam diýip bilmedi. Hutdy yzyna öwrülip, ökjäni göterdi. Ogulhan hereketsiz, dem-düýtsüz, şol ýatan ýerinde galdy. Hutdy biraz wagtdan aýak çekdi. «Ýeri, nämeden gorkduň? Hol günjügem görüp ýören gyzyň-a... öli bolanda näme... Gujagyndaky diri ahyryn! Şagallar iýer-ä ony...» Hutdy yzyna dolandy. Sowan göwüsden süýt hantama bolup, kä sokjaýan, kä aglaýan bäbejigi emaý bilen Ogulhalynyň gujagyndan sogurdy-da, ýene oba tarap eňdi. Gelip, bäbejigi öz ejesiniň eline tutdurdy-da, bolan wakany ýekän-ýekän «düşündirdi». Ejesem bäbegiň göbejigini barlap gördi-de, ony ýene Hutdynyň eline tutduryp, Gyratly agalara ylgady, birdenem, ýetäýmänkä, kürtdürip durdy-da, başyny ýaýkap, başlygyň ýanyna eňdi. ...Ogulhanyň jesedini göterip geldiler. Gyratly aga ony kabul etmedi. Illäp-günläp, görgülini jaýladylar. Mydaryň ýüzüne sereder ýaly däl. Eňşäp dur. Ertesem, ony ýygnadylar. Tizara Tükenmezkönede görelde sudy guraldy. Kluba ýygnanan märeke toýuňkydanam kän. Hasalaryny tyrkyldadyp, Esen agadyr Garry baba-da geldi. — A-how, Esen aga, sen nädip geldiň? — Aý, menem süýde oturgyç edipdirler. Gaýdyberdim onsoň... — Äý, şu Mydar birini tapyp bererin diýýädi, şony bir sorajak men-ä! Başlygyň täze orunbasary Şalar Garryýewem aýaly bilen, öň hatarda ornaşdy. Oturdaşlar ýerli-ýerine geçip oturansoň, «Günäkärlenýäni getiriň!» diýlen buýruk boldy. Babajan bilen ýene bir milise, saçy syrylan Mydary öňlerine salyp getirdiler. Babajan zala geçip oturdy, beýleki milise Mydaryň ýeňsesinde dik durdy. Edil şo wagtam: — Bala-a-m! —diýen zaryn ses zaldaky dym-dyrslygyň ýüregini ýardy. Mydar zöwwe galdy: — Eje! Eje, geldiňmi? Sen, bar, öýe git! Bar-da,, çaýyňy demläber! Menem häzir bararyn... — Zal pakyrda berdi. Mydaram ýylgyryp, ekezlendi. — Bular oýun edýäler, eje! Gorkma! Ýeňsedäki milise Mydaryň egninden basyp, aşak oturtdy. Kazyýet başlygy jaňjagazyny jyňňyrdadyp, zaldaky şowhuny ýatyrdy-da, şu günki mejlisi alyp barjaklar, oturdaşlar, garalawjydyr aklawjy bilen tanyşdyrdy. Olaryň bir-biriden hem-de günäkärlenýänden razyçylygyny aldy. Kazyýet mejlisi başlandy. Ilki sözi garalawjy aldy: — Adamlar! Şu wagta çenli Tükenmezköne iň agzybir, iň asuda, iň tertipli obalaryň biridi. Emma, ynha, bu gün bu ýerde bir ýaramaz waka ýüze çykdy. Ýöne bu siziň ýa-da Tükenmezkönäniň günäsi däl. Ol wakanyň günäkäri başga! Ol günäkär häzir şu ýerde otyr! Hawa, adamlar, bolmasy iş boldy. Bir ýaş juwanyň ömür tanapy kertildi. Ony — Ogulhan Gyratlyýewany hemmäňiz tanaýaňyz. Hawa, jebir çeken Gyratlyýewa obanyň iň asylly, edepli gyzlarynyň biridi. Ine şeýle neme... gyz, şu bagtly durmuşymyzyň hözürini görüp, gülüp-oýnamaly döwrüňde dünýäden ötdi. Bir neresse çaga-da, dünýä inen sagadyndan, ýetim galdy... Zalyň içinde horkuldy eşidildi. Bu horkuldydan has-da gylawlanan garalawjy sözüni dowam etdi. — Bir gowy ýeri, siziň — oba adamlarynyň tagallasy bilen, şol çagajyk ölmän galdy. Arman, şol çaga, şol bäbejik häzir şu ýere gelip, şu suda gatnaşyp bilenok. Ýogsam, ol göni gelip, ynha, şu oturan näkesiň — Garalawjy barmagyny Mydara tarap gezedi. — ýüzüne tüýkürerdi... — Men muňa garşy! — diýip, aklawjy oturan ýerinden gygyrdy. —Günäkärlenýäne paýyş söz diýmek bolanok! — Oňa beterräginem diýse bolar! — diýip, zaldan biri gygyrdy. Kazyýet başlygy jaňjagazyny jyňňyrdatdy: — Ýuwaş! Ýoldaş garalawjy! Paýyş söz ulanmazlygyňyzy haýyş edýäris. ― Bolýa, bagyşlaň...Howa, adamlar, ine, şu oturan neme... Mydar Annakow gül ýaly gyzyň gözüni-başyny aýlap, «Söýýan, söýýän!» diýip, ony jynsy gatnaşyk etmäge yrypdyr, namysyna degipdir, soňra-da sözünden dänip, gyzy taşlapdyr. Onuň duzagyna düşüp, şu nemeden...—Garalawjy ýene barmagyny Mydara tarap gezedi. —Şu oturandan hamyla bolan Ogulhan Gyratlyýewa, namysa çydam etmän, öýüni taşlap gidýär, adam-garasyz jeňňeliň içinde-de çaga dogurýar, çaganyň göbegini özi kesip, emdirýär, gundaýar we köp gan gitmegi zerarlam, şol ýerde jan berýär... ynha, şeýdip, Mydar Annakow onuň ölümine gönüden-göni sebäpkär bolýar! — Delilliräk gürläň!— diýip, kazyýet başlygy garalawja duýduryş berdi. — Baş üstüne! ― Garalawjy stolda ýatan galyň bukjany aldy-da, bütin zala görkezip, onuň içindäki hatlary stoluň üstüne dökdi. Hatlaryň hemmesi belgilenipdir.— Ynha, okap başlaýan! «Salam, Ogulhan! Uzak ýoldan, ýakyn ýürekden...» üns beriň, adamlar! Bu neme...günäkärlenýän ilkinji setirden ýalan sözläp başlapdyr. Aralary bäş ädim, özem günde Ogulhanlaryň öýüne barypýör welin, «Uzak ýoldan...» diýip ýazýar. Ýeri, sen kimiň gözüne çöp atjak bolýaň? Ýene okaýan: «Howa, Ogulhan! Men şu haty ýazmajak bolup, şu hatdaky hakykaty boýun almajak bolup, kän çytraşdym. Şu wagta çenli, söýgi diýlen zady men çyndyr öýdemokdym, şonuň üçinem ondan oýun bilen sypjak boldum, emma, bolmady. Ynha, indi hol bir patyşaňky ýaly, «Yşkyň ody ýaman eken, adamla-a-ar!» diýip gygyrybersegem boljak...» Ünsberiň, «Patyşaňky ýaly! » Zalda biri pyňkyrdy. Bu pyňkyrma garalawja has-da gop berdi: — Anha, Mydar Annakowyň düşünjesi! Munuň göwni bäri-bärde däl! Okaýan: «Eger bir-birine çalymdaşraklar özara durmuş gursalar, bagtly bolýarlar» diýip eşidipdim. Bu belki, şeýledir. Emma, bir hakykata welin göz ýetirdim, ýagny, men diňe seniň bilen bagtly bolup bilerin. Bu barada sen nähili pikir edýäň — ony entek bilemok. Belki-de,..jogabyňa sabyrsyz garaşmak bilen, Mydar». Garalawjy haty okap boldy-da, Mydaryň alkymyna dykyldy. Ýaňky haty onuň gözüne dürtäýjek bolup, bütin zal eşider ýaly, gygyrdy: — Günäkärlenýän Mydar Annakow! Şu hatyň, şu poçerkiň özüňkidigini boýun alýaňmy? Gürle! Boýun alýaňmy? Mydar ýuwdunyp, başyny atdy. Birdenem, zöwwe galdy-da: — Hawa, ol meniň hatym! Ýöne Ogulhanda ondan başga-da birtopar hat bolmalydyr, Serwer Şalarowyň hatlary! Hany şolar? — diýip gygyrdy. Babajan boýnuny içine çekdi. Kazyýetbaşlygy jaňyny jyňňyrdatdy: — Günäkärlenýän, ýeriňizde oturyň! Entek sorag bermek gezegi size ýetenok. — Sen ýerçeken, meň ogluma şyltak atjak bolma! Meniň oglum her öňýeten bilen...— Bu, öň hatardan ör turan gara gelniň sesi. Ýöne Şalar onuň sözüni soňlatman, elinden çekip, oturtdy: — Sen häzir ara goşulma, ýoldaş keýwanym! Ogluňa zyýan edersiň... — O hatlarmy? Ýene hat gerekmi? — diýip, garalawjy gygyrdy-da, özüniň hälki oturan stolunyň aşagyndan bir haltany çykaryp, stoluň üstüne goýdy, derrewem hatlaryň içine penjäni urdy, eline ilen bir topbak haty dik depesine göterdi. Gara gelniň ýüzi ak-tam boldy. Garalawjy gulagyňy deşip barýan ýiti ses bilen gygyrdy. — Ynha, ynha, adamlar! Şu hatlar — siziň hatlaryňyz! Kimiň kakasyna, kimiň ejesine, kimiň daýza-daýysyna, kimiň ogluna ýa gyzyna ýazan hatlary! Emma, bularyň hiç birem eýesine gowuşmandyr. Mydar Annakow bulardan özüne tagt ýasanypdyr. Ine, size «patyşa», ine, hatlaryň «şasy»! — Garalawjy birden ýene Mydara tarap öwrüldi. — Biler bolsaň, Mydar Annakow, saňa diňe şu jenaýatyň üçinem bäş ýyl iş kesip bolýar! Kazyýet başlygy jaňjagazyny jyňňyrdatdy: — Hormatly garalawjy! Siz öz wezipäňizi berjaý ediň-de, kazyýetiň wezipesini özüne goýuň! — Bagyşlaň! Men sözümi dowam edýärin. Ynha, Ogulhan Gyratlyýewanyň şahsy goşlary barlananda çykan zatlaryň sanawy! Munda günäkärlenýäniň hälki diýýän hatlarynyň birem ýok. Sebäbi, ol hatlar aslynda ýazylmandyr. Emma, onuň ýerine, başga hiliräjik hatlar bar. — Garalawjy hälki bukjadan ýene bir haty çykardy. — Ine, adamlar, diňläň! Diňläň ýaraly ýüregiň nalasyny! «Mydar! Meniň şu haty ýazýanymy geň görme! Bu derdi aýdara, paýlaşara mende ne eje bar, nedogan...Hemme zady, hatda masgaraçylygam iki bolup çekseň, beýle agyr bolmazdy diýýän... Ýok, gowusy, men ýeke özüm çekeýin! Sebäbi, bu masgaraçylygyň sebäpkäri meniň özüm, meniň ynanjaňlygym, guşkelleligim! Menem, seniň ýaly, söýgi diýlen zady çyndyr öýdüpdirin... Wah, sen öň niredediň, Mydar? Nämüçin şeýle gijä galdyň? Men şu gorpuň gyrasynda durkam, nämüçin ýetişip, golumdan çekmediň? Bagyşla, bagyşla, bagyşla, Mydar! «Jany ýanan Taňrysyna gargar» diýipdirler...Men indi düşünýän , özümiňem, seniňem, onuňam kimdigine düşünýän welin, indi giç-dä! Gaty giç! Wah, şo wagt men ölüp, ejemjan diri galsa bolmaýamy ...Ynha, Mydar, meniň-ä jogabym! Sag bol! Meniň derdimiň nämedigine sen düşünýänsiň... Salam bilen, Ogulhan ýa-da öňki Gyzhan!» Garalawjy haty ýerinde goýup, jübüsinden elýaglygyny çykardy, maňlaýyny, iki gözüniň aralygyny süpürişdirdi, ardynjyrady: — Adamlar! Hernäçe agyram bolsa, men jebir çeken Ogulhan Gyratlyýewanyň ýene bir hatyny, iň soňky hatyny okap bermeli boljak! Yhm...«Kaka, kaka jan, hoş gal! Meniň indi bu gapa gaýdyp gelerin diýen tamam ýok. Men «Bagyşla!» diýibem biljek däl, oňa hakym ýok. Seniň ýüzüňi ýere salan Ogulhan atly gyzam indi ýok! Meni belki, birwagt, ejemjanyň ýanyndan taparsyň. O-da kabul etse meni! Soranlara «Gyzym ýitdi»diý! Eger, birden, meni diri halda göräýseňem, rehim etme, ur, öldür... Wah, kaka jan...sen birwagt maňa «Oglum» diýerdiň-ä! Men garamaňlaý, nämüçin gyz bolup doglupdyryn...» Garalawjy, göýä Ogulhanyň jesedini içki öýe salýan ýaly, ýaňky haty emaý bilen bukja saldy. — Ine, adamlar, ine, hormatly kazyýet başlygy, meniň delillerim! Bulardan başga-da, Mydar bilen Ogulhanyň gatnaşyklaryny tassyklapbiljek birtopar şaýatlaram bar, olar entek öz gezeginde gürrüň bererler. Ýöne men günkärlenýän Mydar Annakowyň bozuk ahlak keşbini açyp görkezýän ýene bir meselä degip geçmekçi! Ol, ýagny, Mydar Annakow özüniň gulluk wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyp, aragezerlik işinem alyp barypdyr. Meselem, ol şu obadan Garry aga diýilýän adamy öýermäge söz beripdir... Garry baba oturyp bilmedi: — A-haw, inim, Garlawaçmy — nämemi, adyňam bilemok, sen bir oýna-çyna düşünýän adammy özüň? Ýeri, şu ýaşdan soň indi meni heleý başyna ýapsynmy? — diýip gygyrdy. Garalawjy bir-ä hasasyna söýenip, saňňyldap duran, ak sakgally, gözi äýnekli goja, birem ýaňky maglumatyň çeşmesi Babajana seretdi. Kazyýet başlygy jaňjagazy bilen şowhuny ýatyrdy, Garry babanam ýerinde oturtdy: — Garalawjy, dowam ediberiň! — Ýene bir mysal: Mydar Annakow şu obadan Hutdy diýlen oglana Şadyman diýip biriniň gyzyny alyp berjek bolup ylganlygynam boýun aldy... — A-how, ýoldaş neme, ol Şadyman diýilýäniň kimligini bir bilýäňmi? — diýip, zaldan biri gygyrdy. — Bilemok welin, siziň obaňyzdan-a däl öýdýän... Zal gülküden sarsyp gitdi. Beýni damarlary dartylyşyp duran adamlar, gülmäge bahana tapylanyna begenip, hezil etdiler. Hatda, oturdaş şeýle bolmalydyr öýdüp, häliden bäri bir nokada deredip, doňup oturan Esen aga-da ýylgyrdy-da: «Şagal-ow ol!» diýip dillendi. Yzly-yzyna iki oky pys geçen garalawjy, şu mesele degip, ýalňyşanyna düşündi, «Häk, hälki ýerde jemläýmeli ekenim... Bi haramzada gaty aňsatja boýun aldam diýdim-le... Zyýany ýok, barybir, seniň sypjak ýeriň ýok!» diýip, içini gepletdi. Jaňjagazyň jyňňyrdysy onuň dadyna ýetişdi: — Hormatly garalawjy, siz aýdyp bolduňyzmy? — Häzirlikçe boldum! — Oturyň! Indi aklawja söz berilýär! Garalawjyň bagtyna, aklawjy ýaş eken. Mydardan beter tolgunýar. Özem giriş sözsüz, göni başlaberdi: — Hormatly kazylar, hormatly oturdaşlar, hormatly tomaşaçylar, yhm, adamlar! Hormatly garalawjynyň aýdyşy ýaly, bir bolmasy iş bolupdyr. Ýöne meniň hormatly garalawja birki sany sowalym bar. Birinjiden, şol bäbejigiň atasynyň Mydar Annakowdygy barada ekspertizanyň tassyklamasy barmy? Garalawjy elini galdyrdy: — Bar! Hormatly kärdeşimiň ýatladany gowy boldy. Ynha, ekspertiza barlagynyň gelen netijesinden göçürme! Ikisiniň ganynyň topary gabat gelýär... Garalawjy elindäki kagyzy eltip, kazyýet başlygynyň öňünde goýdy-da, «Ýene sorag barmy?» diýen görnüşde, dabara bilen ýerine geçdi. — Ýalan! Menden gan alan adam ýok! — diýip, Mydar gygyrdy. — Almadyk bolsalar, alarys! — diýip, zalyň ortasyndan küňňüre ýaly bir zat güberilip galdy. Ol — Gyratly agady. — Ýok, men almarynam-da, içerin ganyňy! Kazyýet başlygy ony oturdyp ýetişmänkä: — Hany, içjek bolubam bir gör! — diýip, beýleden Annahal ejäniň sesi eşidildi. Aýalyň güýji — onuň eneliginde! Durmuşyňmy ýa äriniňmi — taýagyndan basylyp, bir burça dykylan, bir gysym bolup oturan aýalyňam, çagasyna degiljek bolsa, ýaraly gaplaň ýaly birden turup topulaýmasy bardyr. — Gunajyn gözüni süzmese, öküzçe ýüpüni üzmez, şony bilip goý! — diýip, Annahal eje janagyryly gygyrdy. Bu ikisiniň duýdansyz garpyşmasy aklawjynyň badyny aldy. Emma, ol, garalawjy ýaly, kazynyň bulary köşeşdirerine sowukganlylyk bilen garaşyp bilmedi-de: — Daýza, dursana, daýza! Bulaşdyrmasana! — diýip özelendi. Muňa-da gülüşdiler. Kazyýet başlygy ara düşdi: — Gyratly Gulmyradow! Annahal Annakowa! Ýa-ha ikiňizem özüňizi akylly-başly alyp baryň ýa-da men ikiňizem zaldan çykarmaly bolaryn! Oturyň! Aklawjy, dowam ediberiň! — Hawa, adamlar! Hormatly kazyýet başlygy! Hälki okalan hatda bir zada üns berdiňizmi? «Özümiňem, seniňem, onuňam...» diýlen ýeri bar. Şol üçünji adam kim bolmaly? Garalawjy elini galdyrdy: — Ol üçünji adam bu ýere gelip bilenok, gelse-de, gürläp bilenok, sebäbi, ol — ýaňy bir aýlyk! — Men sözümiň kesä çekilmezligini haýyş edýärin! — diýip, aklawjy gaharlandy. — Men şu wakanyň günäkäri başga adam diýlen pikirde! — Onuň kimligini özüňiz bilýäňizmi? — diýip, kazyýet başlygy aklawja sowal berdi. — Güman edýän! — Kim? — Oňa Serwer Şalarow diýýärler! Zalda şowhun turdy. Kazyýet başlygy jaňjagazyna ýapyşdy: — Ýuwaş! Aklawjy, siziň çaklamaňyzy tassyklap biljek delilleriňiz, şaýatlaryňyz barmy ýa-da... — Ony Mydar Annakowyň özi gürrüň berdi. — Men garşy! — diýip, garalawjy gygyrdy. — Günäkärlenýän adam şaýat bolup bilmez! Kazyýet başlygy gapdalyndaky agzalar bilen bir zatlaryň maslahatyny etdi-de, ýene aklawja ýüzlendi: — Başga nähili deliliňiz bar? — Hormatly kazyýet başlygy, men ekspertiza barlagynyň täzeden geçirilmegini talap edýärin! — Men garşy! — Garalawjy böküp turdy. — Hormatly kazyýet başlygy! Hormatly kärdeşimiň ony näme üçin talap edýänligine siz düşünýänsiňiz! Ol şeýdip, işi gaýra çekdirmek, wagt utmak isleýär. Galyberse-de, Mydar Annakowyň ganynyň topary onuň pasportynda ýazylgy. Şonuň üçin, ondan gaýtadan gan almaň geregi ýok diýip hasap edýärin. — A-haw, bi dawaňyz näm-aý? — diýip, zaldan biri gygyrdy. — Alty aý — bir ýyl garaşaýmak gerek, o çagaň kime meňzeýänligi şonda belli bolar-a! — Näme, men oturaýynmy şoňa çenligözümi çüýjerdip?! — diýip Mydaram gygyrdy. Zaldaky gülki kazyýet başlygynyň jaňjagazynyň jyňňyrdysyny basdy. Aklawjynyň sabyr käsesi ýalpagrak eken. — A-how, adamlar! Nämä gülýäňiz? — diýip, ol çym-gyzyl bolup durşuna, gygyrdy. — Öz obadaşyňyz, gül ýaly bir ýigit gözüňiziň alnynda aýagyny sallap gidip barýar. Ýeri, oň nämesine gülýäňiz?! — Eý, bi nähili bold-aý? Ölenem gül ýaly, öldürenem gül ýaly... — diýip, biri hemmelere eşitdirip hüňürdedi. Ýene gülki. Jaňjagazyny jyňňyrdada-jyňňyrdada eli guran kazyýet başlygy ýerinden galdy: — Adamlar! Ýa-ha ýuwaş bolarsyňyz ýa-da men mejlisi başga ýere — ýapyk zala geçirýän! — Hormatly kazyýet! — diýip, ümsümlik aralaşan zalda Şalaryň sesi ýaňlandy. — Siz biziň galhozçylarymyzdan aýyp etmäň! Bular muň ýaly oýunlary, muň ýaly tomaşany nirede görüpdirler... Aklawjy elinden gelenini etdi. Mydaryň atasyz ýetimligini, şu ýeke el bilen bir maşgalany diňe özüniň ekleýänligini ýatlatdy. Ol Mydaryň şol ýok eline has berk ýapyşdy: — Siz ýeke el bilen jenaýat etmeg-ä däl, kimdir birini gujaklajak bolup bir görüň! — diýip ol janykdy. Gülüşdiler. Kazyýet başlygy ara düşdi: — Adamyň synasynyň şikesliligi onuň jenaýatynyň derejesini peseldenok, ol — diňe günäkärlenýäne jeza çäresi bellenende, göz öňünde tutulyp bilner. «Şikesli» sözi Mydaryň çetine degen bolarly, ol aklawja gözüni alardyp, bir zatlar hümürdedi. Soň ol aklawjynyň diýýänlerini diňlemedem. Kazyýet başlygy arakesme yglan etdi. Her kim öz gaýgysy, öz derdi bilen arakesmä çykdy. — Hany, öýden bir habar tutup gaýdaly! Mellege suwam açypdym. ― Dükana bir zatlar getirmedilermikä? Öň-ä, kolhozda ýygnak-pygnak bolanda, zat baryny dökýädiler... — Bulaň süýdi agşama çenli gutaraýbilsedir. Mal-gara-da bar-how! — Ýaňkylaň gara geýimlis-ä zor eken... — Bäh, edil kinodaky ýaly-laý... — Men şu zaňňara öň aýtdym, «Sen kän oýun edýäň» diýip... — Wah, oglanjygyma çaý-çörek bir berýälermikä o taýda... — Annahal eje, sen şonyňy birwagt öýerip dynmalydyň! — Ýoldaş kazyýet! Agşam bir çaý-paý içeliň... — Aý, öýe baryp ýörmäli ondan soň! Her kim birhili düşüner. — Öýe däl, myhmanhanamyz bar-a! Şondan şuňa gelip, bir çaý içmän gitseňiz-ä, birhili bor türkmençilikde... Arakesmeden soň, şaýatlaryň görkezmeleri diňlenildi. Asyl Mydar bilen Ogulhanyň näçe gezek gürleşip duranynam, Ogulhanyň näçe gezek Mydaryň tigrine artlaşyp, nireden nirä çenli gideninem, Mydaryň Ogulhana näçeräk hat gowşuranynam... hasaplanlar bar eken. Hatda, bir gezek Mydaryň beren hatyny okap, Ogulhan görgüliniň «Waý!» diýip gygyranynam gören tapyldy. Soň kazyýet başlygy Gyratly aga ýüzlendi: — Şaýat Gyratly Gulmyradow! Siziň öz gyzyňyz Ogulhan Gyratlyýewa bilen Mydar Annakowyň gatnaşyklaryndan habaryňyz barmydy? — Ýok! Eger bilen bolsam, men ikisiniňem kellesini haçjanyň ujuna geýdirerdim... — Oturyň, oturyň! — Ýok! Başga soragyňyz bolmasa, men gitdim! — Gyratly aga jogaba garaşman, gapa tarap ýöneldi. — Süýt bormy mundanam... Hakyky süýt soň bolar... — Bä-e... Ba-a! Gyratly aganyň yzyndan ylgap çykan Hutdy onuň bir sagyna, bir çepine geçip, ýeňinden çekýär. Emma, Gyratly aga muny duýanok. Ol içinden aglap barýar. Namys aglan — ar aglan ýerde, är aglamazmy! Oýnatgylaryň öňünde oýnatgy bolup, utançdan öň dörän dünýäň öňünde utançly bolup galsaň, heý-de, aglamazmyň! ― Be-e! Ba-a! Hutdy ony ahyrsoň saklady. Kluba tarap ellerini salgap, başyny ýaýkady. «My-my-my...» diýdi-de, elini daldalady. Soňam jübüsinden, gyralaryna hünji düzülen bir elýaglyk çykaryp, Gyratly aganyň eline tutdurdy. Elýaglygyň ortasyna «Ogulhandan — Serwere ýadygärlik» diýlip keşde bilen ýazylypdyr. Gyratly aga elýaglyga seredip, birsalym doňup durdy. Wah, Gyratly aga! Gaýt, Gyratly aga! Seniň eliňdäki häzir elýaglyk däl-de, bir bigünä ýigidiň ykbaly! Elt-de, okla hälkileriň öňüne! Daýanara delil tapman, ýanyp-bişip oturan aklawjyň eline ber, gowusy! Ýok, gaýtmady... Içindäki agy oňa pikir etmäge maý bermedi. Onýança, klub tarapdan ýene gülki çogup çykdy. Şol gülkem Gyratly aga üçin meseläniň çözgüdi boldy... Ýeri, indi bu elýaglygy göterip, ýene yzyňa barsaň, öňküden beter gülmezlermi... Ýok, indi gaýtmak bolmaz! Esasy zat — günäkäriň kimligi belli, Gyratly aga üçin şol ýeterlik. Bu elýaglyk bolsa entek gerek bor... ...Kazyýet mejlisiniň soňragynda kolhoz başlygynyň orunbasary Şalar Garryýew söz sorady: — Ýoldaş sutlar! Men öz galhozymyzyň galhozçylarynyň adyndan şeýle bir haýyş etmekçi, ýagny, mümkin bolsa, şu günäkärlenýän Mydar Annakowy bize terbiýelemäge bermegiňizi! We, şonuň bilen birlikde-de, onuň öz jezasyny başga ýerde däl-de, şu galhozda çekmegini! Size belli bolşy ýaly, onuň diňe bir garry ejesi bar. Eger şol Mydar Annakowa pylança ýyl iş kesilip goýberilse, onda Annahal görgüli gaýdyp ogluny ýa görer, ýa görmez, adamlar! Onsoňam, özüňize mälim, ölen bendäň yzynda ölübem bolanok, ony yzyna gaýtaryp getiribem bolanok. Şonuň üçinem şu meselä seretmeklerini biz ýoldaş sutlardan haýyş edýäris. — Wah, diliňe güller bitsin, Şalar jan, gursagyňa ak gyllar bitsin! — diýip, ogluna ahyr howandar tapynan Annahal eje seslendi. Kazyýet mejlisi bu gün işini gutaryp bilmedi. Aklawjy günäkärlenýäniň peýdasyna görkezme berip biljek şaýatlaryňam diňlenmegini talap etdi. Agşam Annahal eje: — Şu gijelik oglumy öýe goýberäýiň! Ýeke gijelik! Ertir irden özüm elinden tutupjyk getireýin... Şalar jan, sen özüň aýdyp beräý-dä şulara... — diýip, şunça özelense-de, etmediler. Mydary şol getirilen maşynyna salyp, bir ýerlere äkitdiler. Ertesi irden ýene getirdiler. Mydaryň peýdasyna görkezme berip biljek şaýatlaryň biri hökmünde Garry baba söz berdiler. — A-haw, adamlar, şu Mydar diýlen oglan bir adamyň ganyna galypdyr diýseler, özüm-ä ynanjak däl. Gowy oglan-a ol! Bi ikimiziň oýundan diýşäýen zatlarymyzam düýn biri şu taýda diline çolap otyr... — Şaýat Garry Muhammetliýew! Gürrüň diňe Ogulhan Gyratlyýewa bilen Mydar Annakowyň gatnaşyklary barada gidýär! — diýip, kazyýet başlygy duýduryş berdi. — Bor-da, gidýän bolsa... Hawa, dogrusy, Mydara şu Ogulhany al diýip maslahat berenem meniň özüm! Ony boýun alýan... Garalawjynyň sesi: — Ä, Mydar näme diýdi, maslahat bereniňizde? — Mydarmy? Hiç zadam diýmedi. Soň Annahal ejäni gürletdiler. — Meniň oglum ol Ogulhan bilen hiç hili gatnaşyk edenok, sebäbi, ol Ogulhany halanokdy. Ýogsam, men oňa aýtdymam, «Şony alyp bereýin!» diýip. Etmedi. — Sebäbi, onuň Ogulhana öýlenmek pikirinde-netinde-de ýokdy! ― diýip, garalawjam goşdy. Iň soňda, kazyýet başlygy belli karara gelmek üçin, ýarym sagatlyk arakesme yglan etdi-de, agzalary, oturdaşlary alyp, bir boş otaga geçdi. Arakesmeden soň, höküm okaldy: — Özüniň ahlak taýdan bozuklygy hem-de biagyrlygy zerarly, Ogulhan Gyratlyýewanyň ölümine sebäp bolan Mydar Annakowy... ýedi ýyl azatlykdan mahrum etmeli! Ýöne, ýoldaşlar! — diýip, kazyýet başlygy sözüne goşdy. — biz öz kärdeşlerimiz, oturdaşlar bilen şu mejlisde Şalar Garryýewiň aýdan teklibinem ara alyp maslahatlaşdyk hem-de şeýle karara geldik: eger-de günäkärlenýän Mydar Annakow Ogulhan Gyratlyýewadan galan çagany öz boýnuna alyp, oňa eýe çyksa, ösdürip-ýetişdirse, onda oňa kesilen ýedi ýyly şertli diýip hasap etmeli hem-de Mydar Annakowyň öz jeza möhletini obada geçirmegine rugsat bermeli! Günäkärlenýän Mydar Annakow, size soňky sözüňizi aýtmak üçin wagt berilýär! Zala dym-dyrslyk aralaşdy. Birdenem, Mydaryň sesi ýaňlandy: — Ýok! Serwer ýaly haramzadanyň eden işini men, atsaňyzam, öz boýnuma almaryn. Iti öldüren süýresin... Kazyýet başlygy egnini gysyp goýberdi-de, sag elini hökümli kagyzyň üstüne goýdy: — Diýmek, onda, höküm başky görnüşde kabul edilýär! ...O-ol bagtly, ol ejeli, ol dost-ýarly, ol umytly, ol Ogulhanly, ol oýunly günler galdy çaňa garylyp. Ýeke eli bilen maşynyň gözeneginden ýapyşyp oturan Mydar bu gözenegiň gözenekdigine, bu maşynyň maşyndygyna, bu oturanyňam Mydardygyna hiç ynanyp bilenok. Bu zatlar oýna meňzeş ýynmy ýa çyna meňzeş oýunmy — hiç düşünipbilenok. ...Öňem öýlerinden gerek zadyny gerek wagtynda tapyp bilmeýän Annahal eje, bu gün bu öýden oglunam tapmady. Beýle ýagdaýda, ortaradaky gara ýeri tokmaklasaňam-tokmaklamaly, tokmaklamasaňam-tokmaklamaly. Annahal görgülem öýüň ortasynda aşakçökdi-de: — Wah, oglum, balajygym, «Bolýa» diýseň bolmadymy, şo garamaňlaý çagany alaýsaň bolmadymy, meň özümjik serederdim-ä... — diýip, ýer ýumruklap aglady. ...Bu waka Şalaryň abraýyny artdyrdy. — Häk, Mydar keçjelik etmedik bolsa, Şalar ony alyp çykýady... — Anha, şoň ýaly adamy başlyk etmeli-läý. Bi häzirkin-ä... ýeke agyzam gürlemedi. Uklap otyr-a how! — Äý, şu barlagam onuň aňkasyny aşyrdy öýdýän! O-da basylaýmasa diýýärler... Planlaram dolanog-a. ...Tizara Şalar Garryýew başlyk boldy. Öňki başlygy bolsa, basyb-a basmadylar, ýöne öňünde bir şerti keserdip goýdular: Artdyryp ýazmalaryň netijesinde döwlete ýetirilen zyýanyň öwezini köpükme-köpük dolup, ýerinde goýmaly. Wessalam! Ýogsam! «Bu gün şa sen, ertir — geda sen!» diýlen sözüň şeýdip gönüläp gelýän ýerem bolýan eken. Düýnki başlyk, ukudan ymykly açyldy-da, gapy-gapy aýlanyp, pulýygnap ugrady. Bäş ýüz berselerem aldy, bäş manat berselerem. Her pul bereniň adynam depdere ýazyp, onam ýaňkynyň özüne görkezýär, «Ynha, ýazdym!» diýip. «Nesip etse, gaýtararyn! Men gaýtaryp bilmesem, çagalarym gaýtarar!» diýýär. «Bor-la, pylan aga, gaýtarmasaňam bor, sen basylman galsaň bolýa!» diýselerem, gözüne ýaş aýlap dur. Öýünde ýatyrka-da, biri gapyny kaksa: — Açyň, kimkä... Ä, pul getiripmi? — diýip, ýalpa gözüni açýar. Şeýde-şeýde, ol goýmaly puly jemläp, ýerinde goýdy. Ertesem şeýle bir ýatdy, şeýle bir ýatdy. Gaýdyp turmady. *** Gara ýoldan taýdyrylyp gelýän ak «Jiguliniň» ökjesi ýere degenok. Janawar, üstünde oturan akmeňiz, garasaç, owadan ýigidiň ummasyz keýpine göterilip, uçaýsam diýýär. Onuň bu günki toýnak urşuny, galkyjaklaýşyny görmäne göz gerek. Arman, gara ýoluň öňem-ardam bom-boşluk. Ne yns bar, ne jyns. Şol barmaşa, hol öňräkden, maşyn diýseň maşyn däl, araba diýseň araba däl — ataýry ýaly, ýöne dört tigirli bir zat müňedökläp çykdy-da, ýola kese boldy duruberdi. Serwer «Jiguliniň» jylawyny wagtynda çekdi, tekerleriň astyndan tüsse göterildi, maşyn hälki gümürtik zadyň böwrüne edil burnuny diräp saklandy. Ol gümürtik bela — Gyratly aganyň «päletürkesi» eken. Serwer maşyny götinletjek bolup, ryçaga ýapyşdy, ýetişmedi. Ol «Jiguliniň» gapysynyň öz-özünden açylanyny, bir äpet pyýadanyň öz üstüne howala bolanyny aňşyryp galdy. Şol wagtam bir eýmenç el ony maşyndan sogrup aldy-da, dik ýokary göterdi. — Jan agam... — diýip, Serwer pyşyrdady. Janhowluna, töweregine seretdi. Eger-eger... Guratly aga ony göterip, jeňňeliň içine äkitdi, eltip, bir hyşanyň düýbüne oklady. Guşagyndaky aksaplyny çözdi, jübüsinden bir keşdeli elýaglyk çykardy. — Jan agam... nätseň şeýt, ýöne öldürme! — diýip, Serwer ýene ýalbardy. Gyratly aga: — Güldürmenem! — diýip, güňleç seslendi-de, elýaglygy Serweriň agzyna dykdy. Soňra Serweriň balagyny sypyrdy... Gaýdyp, Tükenmezkönede Serweriňem, Gyratly aganyňam garasyny gören adam ýok. Ýöne hiç biriniň «öldi» habarynam eşiden ýok. *** Tükenmezköne-de ýene özüniň tükeniksiz hysyrdylary bilen boluberdi. Käte-käte Esen aga gelýär Garry babanyň ýanyna: — Eý! Otyrmyň? — diýip. Ýaşlyk bulary ýaryşdyrdy. Ýaşlyk bulary uruşdyrdy. Garrylygam ýaraşdyrdy. Ynha, göräýmäge, ikisem bir garry, ikisem mesawy gürrüň edişip oturan ýalydyr. Has dogrusy, Esen aganyň şeýleräk gürrüň edesi gelýändir: — Hawa, onsoň bir pirden sorapdyrlar, «Hantamaçylyk sebäpli Allatagala uýmak dogry bolarmy?» diýip, «Bolar! — diýipdir pirem. — Eger-de iman hantamaçylygy bilen uýulsa!». — Hä, şü hantamaçylygam gowy zad-a däl — diýip, Garry baba-da onuň gürrüňini özüçe dowam etdirýär. — Äý, özümiziň-ä, dogrusy, şu dünýäde ýeke hantamaçylygymyz bardy, o-da heleýlerden. Indi o zerurlygam ýok. Indi arkaýyn! — Hä-äý, Garry, Garry, ak girse-de, aň girjek däl-ow saňa-da. Garry baba-da uludan demini alýar: — Bä-äý, Esen, senem şeýdip sopy bolduň gidiberdiň-ow! — Adam pahyr, näme, garraňsoň, hemmesine boýun bolubermeli-dä. Namazyna-da, orazasyna-da... — Äý, hemmesine-de boýun bolsa bor welin, diňe şu garrylygy boýun almak ýokuş degjek. — Boýnuňa goýar-la... — Seňňem-ä gorkyň ýok däldir, Esen... — Gorkusyz adam barmy! Ýöne bu dünýäň gorkusy hiç, munda şunça azaplar çekip, ýene baryp dowzaha düşseň, şonda nädersiň? — Menden soraýaňmy? — Hawa! — Äl, senem-aý! Bu dünýäniň azabyny gören adam soň dowzahdan gorkarmy... — Men şol golak oglana-da öň aýtdym, Garry, «Sen kän oýun edýäsiň» diýip... Sen birýaş oglan däl-ä! — Heý, sakaldaş, sakaldaş! Käşgä, ikimiz gaýtadan ýaş oglan bolup bilsedik... Ýetmiş ýyllap gazanan günäňi on ýyl toba, bäş wagt namaz bilen ýuwup bolaýarmyka?! Ýadyňa düşýämi, ikimiz näçe döwranlar sürdük, näçe toýlary bile sowduk, näçe gezek ýaka tutuşyp, näçe gezek gujaklaşdyk... Elli bäşinji ýylyň ýigrimi bäşinji maýynda şähere gidip, bir hepdeläp seniň ogluňy ýuwduk, ýadyňdamy?! Şondan soňam birki ýyl gürleşmän gezdik, bir heleýiň üstünde... Esen aga ardynjyrap, sakgalyny gysymlaýar. Hawa, ýaşuly bolmak — aňsat iş däl. Ylaýta-da, deň-duşlaryň, saňa belet adamlar entek dirikä... — Men-ä turdum onda, Garry! — ...Ýaradan-a beren amanadyny gaýdyp alsa, gara ýerem — karz beren tenini. Ýeri, adamyň özüne näme galýar? — diýip, Garry baba ýeke galansoň, öz-özünden soraýar. — Biz-ä bilmedig-aý... — diýýär soňragam. — Ýaňky, dowzahyň ägitatyram-aý, adamy birtopar ünjä goýup gidýä-dä... Bütin ömrüne-hä başlyga ýaranjak bolup, başlykdan gorkup gezdi. Indem Hudaýdan gorkup, oňa ýaranaryn öýdýä... Äý, şü, bir zatdan gorkulyp ýörülse-de, dogrusy, kemem däl...— diýip, ol soňrak az-kem ylalaşyga-da gelýär. Onsoň... Garry baba gözlerini ýumup, dowzahdyr behişdi göz öňüne getirjek bolýar. Oňat zady göz öňünde getirmegem bir gowy! Hem aňsat. Ýöne, ynha, beýlekisinde iş bar! Garry babanyň ýene bir ünjüsi — öňki alyp-kowan aýallary. Olaryň içinde-de, elbetde, uçmaha düşjegembardyr, dowzaha düşjegem. Garaz, Garry baba haýsyna barsa-da, öňünden çykjaklar-da! Ýa-da yzyndanbarjaklar! ...Garaýagyz adamyň garrany daşyndan kän bildirenok. Emma, meňzi demirsow bolany bilenem, onuň jany demir däl-ä. Onsoňam, wäşi adam köplenç içinden opýar. Garry baba-da birden lagşady. Onuň garraýşy gözgyny boldy. Gözi gözlükden galdy, gulak — eşitmekden. Çopan jaňy ýaly, diňe agzynyň içinde dili gymyldap dur. Öň-öňler onuň aňy öňden, dili soňdan ýörärdi. Indi ikisi ýerini çalşypdyr. Dili bir zatlar diýişdirip, bulaşdyryp geçip gidýär. Birsalymdan şol ýere aňy gelýär welin, görse, bulam-bujarlyk! Aň bu bulaşyklygy düzedip-düzetmänkä, dili eýýäm hol öňde ýene bir hokga çykaryp goýandyr. Çigit satýanyň eline düşen kitap ýaly, onuň pikirleriniňem, gürrüňleriniňem ne başy bar, ne — aýagy. Emma, ol nähili gürlese-de, ondan gaty görjek adam ýok. Sebäbi, ony indi hiç kim diňlänok. Hutdydan başga. Onuň Hutdylygynam Garry baba soň bildi. Garry babanyň gürrüňleriniň haýsy asyra, haýsy adama degişlidigem belli däl. Özem bilenok. — Oglanlykda, ýigitlikde şat günüň Garrylykda gaýdyp basar gam bolup... diýýär-de, muny özi tapandyryn öýdüp, hezil edinýär: — Nätdim! — diýýär. Ýa-da: — Öňün oýun bildim-ow, sonuň puç bildim-eý... — diýip, hiňlenýär-de, oýurganyp: — Be, şun-a men öň bir ýerde eşitdim öýdýän! — diýýär. Degşenem bolýar: — Şü, indi, meniň janym üçinem Ezraýyl pahyr şondan-şuňa ýol söküp geljekmikä? Az-kem tagapyl etse, meň özümem eltip tabşyrjag-a... Ýogsam-how, bi amanady saklamak, muňa ýaranmagam bir görgi: munuň üçin günde birtopar zat iýip-içmeli, ýene boşatmaly, ýatmaly, ýene turmaly, munuň daşy sowaberse, geýnip, ýylatmaly, gyzyberse — sowatmaly. Şonda-da bi, agzyňy ýumsaň — otyrýeriňden çykjak, onam gysdym diýseň — gözüňden ýa gulagyňdan urup çykjak bolup dur... Käte-de, gürrüňiniň arasynda Garry baba birden kürtdürip durýar-da, garry sesi bilen: — Sen barmyň-haw? — diýip gygyrýar. Hutdy elini onuň eline degrensoň, köşeşip, ýene başlaýar: — Batyp galan ülkede ýatyp galan bir goja bir zaman gözüni açdy. Görse, il göçüpdir. Il göçensoň, töwerek öňki töwerege meňzejekmi?! Onsoň goja ýöräberdi. Göwni üç-dört menzil geçende, aýaklary zordan ýarym menzil aşdy. Birwagt, asmandan biri şaglap indi-de, gojanyň ýoluny kesdi: — A-haw, agam, nirä barýaň? — Hudaý bilsin, balam! — diýdi. — Be... Eger seni barjak ýeriňe dem salymda eltäýsem, näme berersiň? — Aý, meniň-ä janymdan başga berere zadym ýokdur — diýdi. — Bolýa şonyňy berseň! Hany, müň arkama! Goja mündi hyklap-çoklap. Emma, ýaňky perişde-de bir janyna degen perişde eken. Biraz salym uçdy-da, haslap, ýere gondy. — Äl, agam, bi agramyň dagy näguran, ganatymy gyrdyň-la! — diýdi. — Wah, inim, men agyr däl-de, meniň günäm agyr! — diýdi goja-da... A-haw, sen diňleýäňmi bir haw? Hä, bolýa! Yzyny soň aýdaryn. Yzy ýadymdan çykdy... Soň Garry baba kelebiň ujuny ýitirýär-de, garrylykdan zeýrenip ugraýar. Onda-da «Men garradym!» diýenok. — Arslan garrasa, guýrugyny oýnar... Hym-m... Böri garrasa, ite gülki bolar... It garrasa, tazy bolar, gyz garrasa — kazy... Emma, Garry babanyň dili hernäçe öňürdiklese-de, hernäçe bulaşdyrsa-da, onuň aňynyň soňky günlerde diňe nämedir bir zadyň, bir pikiriň daşyndan aýlanýanlygyny Hutdy duýýar. Ýöne sorap bilenok. Diňe: — Be-e... — diýýär-de, goýaýýar. Garry baba ahyrsoň aýtdy. Bir gün, Hutdy ýaňy ýanynda çöküp, eline elini degrenden, ol Hutdynyň elinden berk ýapyşdy-da, birwagt bir ýunan gojasynyň içi suwly kersenden çykaga-da gygyryşy ýaly: — Tapdym! — diýip gygyrdy. Keriň sesem özüňe belli! Munuň «Tapdym!» sözüni hol beýleki tamda oturan gara gelnem eşitdi. Eşitdi-de, ylgap gelip, «garawultamyň» gapysyna gulagyny goýdy. Garry baba esli salym oturandan soň, ýene dillendi: — Şeýdip, bir gün, bir öwrümde adamlar Hudaýy ýitirdiler. Ol bolsa bu ýalançy dünýädäki ýeke-täk Çyn eken... Ony ilki ýitirenleriň birem men boldum... Şondan soň hemme zat oýna öwrüldi: ölümem, ömrem, agy-da, gülki-de, aýalam, erkegem... Bary! Sebäbi, adamyň göwni diýlen — boş durýan ýer däl, ondan Çyn gitse, ýerine Ýalan gelýär, şatlyk gitse — gam gelýär, sogap gitse — günä gelýär, Hudaý gitse — şeýtan gelýär. We şoňa meňzeşler! Barmyň-haw? Diňleýäňmi? Diňle! Diňle-de, şuny beýleki mahluklara-da aýdyp ber! Ýa seniň entegem şol lallygyňmy? Bilip bolmaz, bir günden bir gün açylaýsaň, aýdyp bergin! Garry aga imansyz, tobasyz gidendir öýtmesinler... Gara gelin lapykeç bolup, yzyna dolandy. Soňrak, Garry baba Hutda: — Süýş bärik! — diýdi. — Içerde başga adam ýok dämi? Daşara-da bir jykla! Gidipmi? Soň ol Hutdynyň depesinden başlap eňegine çenli sermeläp, onuň dogrudanam, Hutdylygyna ýene bir gezek göz ýetirensoň, sesini has peseldip gürledi: — Hutdy, inim, men saňa bir zat aýdaýyn welin... içiňde bolsun! Şular — Garry baba gara gelindir Şalaryň tamyna tarap ümledi. — maňa hyzmat edişen bolup ýörler welin, nämüçindir öýdýän? Pul üçin! Mende ummasyz pul bardyr öýdýärler. Hyzmat däl-de, garawulçylyk bulaňky. Emma, bularyň çak edýäniniň mende ondan birem ýok. Ýöne men ony aýdamok, oýundan baý bolan bolup ýörün. Barjasynam beremok. Bersem, onsoň, men bir ýyrtyk gapjyk ýaly, el ýeten ýere zyňylarmykam öýdüp gorkýan... Ine, şujagazyň içindäki — Garry baba oturan düşeginiň aşagyndan bir kiçijik düwünçegi çykaryp, Hutdynyň eline-de bermän, sermeleşdirip, onuň goltugyna dykdy. — Meniň bar süýşürenjäm! Muny şol Gyratlyň gyzyndan galan çagajyga harç etmeli! Düşündiňmi? Onam senden başga adam bilmeli däl... Garry baba soňra şol çagajygyň pikirini etdimi ýa-da başga bir zatlary ýatlajak boldumy — dymdy. Şol wagt Hutdymy — biri onuň gulagyna «Diňe... dogulmak — hak, ölmek — hak...» diýip pyşyrdady. Garry baba Hutdynyň lallygyny, özüniňem kerligini ýatdan çykaryp, «Hawa, inim!» diýip tassyklady. Şundan soň dilem durdy, aňam gitdi, gözem ýumuldy. Hutdy bagyryp, daş çykdy-da, öz köwşüne özi büdräp, aşak egildi. Eýýäm ýatdan çykankyrlan düwünçegem şol wagt patylap ýere gaçdy. Gara gelniň sesi: — Hutdy jan, näm boldy? Hiýh, agaň gutaraýdymy? Hiýh, bu näme? Maňa iberdimi? Wah, wah... Waý, nädeýin-eý... Ýet, Hutdy jan, başlyga habar ýetir... Waý-ow! Ýok, bu düwünçek durubersin... Ogurlap çykan-a dälsiň? Hä, özi berendir... Wah, pahyr... Waý... Ýet, näme dursun? Hutdy duran ýerini depirjekläp, biraz salym sägindi-de, kluba tarap eňdi. Gara gelin bolsa öz jaýynda oturyp, hem aglaýardy, hem pul sanaýardy. Ol pullar, elbetde, Ogulhandan galan çagajyga nesip etmedi. Nesip etjegem däl eken. Oýundan dörän ol neresse bir ýaşaberende, çyny bilen keselledi-de, kiçi gelniň işleýän keselhanasyna, diňe keselhanasyna-da däl — şonuň öz eline düşdi. Kiçi gelnem, howulharada, gapdalda ýatan çaga urulmaly sanjymy Ogulhanyň oguljygyna sançdy-da, öýlerine ylgady. Kirini ýuwdy. Ärini naharlady. Arasynda «Mariýanam» gördi. «Waý, men ojagaza haýsy dermandan sançdymkam?!» diýip, etek alty — ýeň ýedi, keselhana tarap ylgadam welin... Ylgamasa-da boljak eken... ...Ogulhandyr oguljygy ömürlik gujaklaşdylar we beýik Allanyň dergähinde bir-birine şaýat boldular. Soñy. Kömek KULYÝEW. | |
|
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||