20:12 Tükenmezköne / powest | |
TÜKENMEZKÖNE
Powestler
Tükenmezköne obasy öň ümsümligiň mesgenidi, ýok, mesgenem däl-de, Ümsümligiň özüdi. Derýanyň o ýüzünde ýala gelen şagalyň janagyryly uwwuldysy bäri ýüzdäki öýüň edil töründe eşidilerdi. Eger gulak-guýrugam bolan bolsa,eşekdir öýtdürjek ala köpekden her öýaşa biri bardyr welin, olaryňam ýek-tük ukusy tutmaýanragy, garranragy başyny galdyryp, birki gezek «O-ho, o-ho, o-how!» diýäýmese, başga ol uwwulda äwýän ýokdur. Birem, sallah, goç ýigitler düýş arasynda bu inçejik uwlama özleriçe düşünip, sagyndan çepine ýa-da çepinden sagyna agdarylardy, olaram töweregini sermeleşdirip, ýassykdan başga zat ellerine ilmänsoň, uludan bir dem alyp, ýamaşgandan agyr uka giderdiler. Ýetmiş-segsen ýylyň gürrüňiniň ýüzden birinem aýdyp ýetişmän, ertire goýan garrylar birki gezek ahmyr bilen üsgünjirärler. Bolany. Sallahlar öýlenýär, öýlenenler garraýar, garranlaram Tükenmezköne birujundan, ýuwaşjadan, bu ümsümlikden ol Ümsümlige tarap ugradyp dur. Ömürlik kada ýok eken. Ynha, günlerde bir gün Tükenmezkönäniň degresinde gulaklarynyň ýeňsesi galamly, elleri äpet atanakly adamlar peýda boldy. Ýyllardan bir ýylam, şol adamlaryň atanaklap öten ýerinden, Tükenmezkönäniň edil bagryndan giň gara ýol geçdi. Geçdi-de, Tükenmezkönäniň içini goh-galmagaldan doldurdy. Galmagalam hiç diýseň, ol gara ýol Tükenmezkönäniň goç ýigitlerini, soň-soň, sona gyzlaryny birujundan alyp gidip ugrady. Bil guşap, şol gara ýola bir düşenem, soň aňsat-aňsat yzyna gelenok. Gidenleriň içinde, dil bitmänkä san sanamany öwrenenlerem, ikini ikä goşanda kä dört, käte bäş çykarýanlaram, goýny sekizden alyp, guýrugyny dokuza satýanlaram, tersine, goýny sekize satyp, guýrugyny dokuzdan alýanlaram bardy. Olary nirä eltip, haýsy menzilde zyňyp gaýdanyny diňe gara ýoluň özi bilýär. Nirede otlap-nirede suwlap, nä hyýallar, nä gaýgylar bilen ýatyp-turup ýörler — ony Alla bilsin! Bu obanyň haýsydyr bir uly şäherde okap ýören talybam bar. Özi gelenok-de, käte bir haty gelýär. «Pul!» diýip. Ýöne, ynha, başga biri bar. Gider-geler, geler-gider. Oňa Mydar poçtaçy, hüý-häsiýeti üçinem Myrtar poçtaçy diýýärler. Ýüzleri menek-menek. Ýaňaklary los-lopuş. Gözleri kiçijikden gyzylja. Barynyň üstesine, bir elem ýok. Bissimylla diýip şu dünýäniň çetinden gireli bäri, diňe bir el bilen mydar edýär. Anha, şony — Mydary welin gara ýol alyp bilenok ýa-da alasy gelenok. Tükenmezköneden hiç haçan çykyp görmedik, çykybam görmejek adamlar üçin Mydar poçtaçy başga bir dünýä baryp gelýän ýalydy. Çykyp gidenleriň ýanynda bolsa onuň kör köpük abraýy ýok, asla olar üçin Mydaryň bary-ýogy bile barabar. Mydar welin, nätselerem, bar! Gidýär-gelýär, gidenlerden galanlara, galanlardan gidenlere horjun-horjun hat daşaýar. Hatyň kimdendigini hem kime gowuşmalydygyny bukjaň daşyndaky ilkinji harpa gözi kaklyşandan bilýär. Ol «kimdenleriň» hem-de «kimleriň» birenteg-ä Mydaryň düýn-öňňinki synpdaşlary, deň-duşlary. Mydar ol bukjalaryň, wagtlaýynam bolsa, hojaýyny, şasy. Özüni ýok hasap edýänleriň hatlaryny ol gowşurmanam bilýär ýa-da gaty çyny bilen haýyş etseň, saňa ömürylla hat gelmejek ýerden hat getirbem bilýär. Ýene-de, bukjalary açmazdan, şol hat eýelerinden kimiň kimi aljagyny, kimiň kime barjagyny ýa-da düýpden almajagyny, barmajagyny aýdyp bilýär. Ol diňe bir zady — özüne kimiň barjagyny-barmajagyny bilenok. Asla oňa barjak bolup howlugýan ýok. Dogry, biri baram ýaly. O-da Mydaryň özi kybap, ýüzleri menek-menek, ýaňaklary tes-tegelek, gözlerem Mydaryňkydan sähelçe uzynrakdan, giňräkden çyzylan. Her gezek Mydar olaryň öýlerine baranda, ýaňky gyz — Ogulhan birhili çym-gyzylam bolýar welin, Mydaryň edil özüne meňzeýär duruberýär. Ýöne... yşk meselesinde adam pahyr özüne meňzeşden bizar-da. Oňa üýtgeşikjesi gerek. Üýtgeşiklerem senden bizar. Mydar o görgülä Gyzhan diýerdi, has keýpsizräk wagty Gyzylhan diýerdi. Ogulhan görgülem muňa öňküden beter gyzarardy, gyzardygyça-da, Mydara öňküdenem beter meňzärdi. Oglan geýmini geýdirip, bir ýeňini bilguşagyna gysdyrsaň, egnine-de poçta sumkany assaň, anha, saňa taýynjak ýene bir Mydar. Özem, Mydar ýaly, bir öýüň ýekesi. Aýdyşlaryna görä, bir-birine diňe gylygy bilen däl-de, daş keşbi bilenem kybapdaşraklaryň bile guran maşgalasy has pugta bolarmyş. Pugta bolarmyş welin, Mydar onuň Gyzylhanam däl, Gyzhanam däl — Ogulhandygyny boýun alanok. Ogulhanam boýnuna goýjak bolup duranok. Şeýdibem, hersi öz ýoly bilen gatnap ýör. Mydar, haçan görseň gara ýoldadyr, Ogulhanam ak ýolda. Ol — sagymçy. ...Adamyň iki eli bolanda-da, ol iki eliň taryha, taryhyňam olara hiç hili dahylynyň bolmaýan halatlary gaty kän. Emma... Mydaryňam şol ýok eliniň öz taryhy bar. Mundan ýigrimi ýyl ozal, Annahal eje obada ilkinjileriň biri bolup, gara ýoluň aňrujundan gujagy bäbekli dolandy. Elli ýylyň içinde birinji gezek bäbek sesi çykan öýe hemmeler üýşüp geldi. Gelenem ýakasyny tutdy... Bäbejigiň bir goly düýbünden ýokdy. — A gyz... — Hakyt... — Howw-aý... — Yhm!!! Bu hadysany her kim özüçe, öz akylynyň ýeten ýerinden ýordy. — A gyz, Annahal ejäniň ojagazyny dugtarlar içinden kesip alanmyş. Şonda bilmän, neressejigiň bir elinem kesip, ejesiniň içinde galdyraýypdyrlar. — Ýok-la, gyz, dugtarlaram bilmän bir iş edermi! O ýerçeken bir eli bilen ejesiniň bagryndan ýapyşyp ýatyrmyş, goýbermän. Onsoň kesmeli bolandyr-da. — Pahyrlaryň uzyn ömrüne ýüzleri düşen-ä ýeke çaga, onuňam beýle bolaýşyny diý-ä. — Hä-äý, sakaldaş, ogul öýerseňem, daşgynrak, ýadyrak ýerden öýermeli öýdýän. Annahal bilen adamsy ikisi doganoglan ahyryn. Annahal ejäniň çaga dogrulýan öýde görüp gelen görgüleriniň gapdalyna bu gürrüňlerem ýemek boldy. Görgüli o taýda-ha, gyzy ýaly gelinleriň arasynda eli bäbekli çybşyldap ýörşüne käte-käte utanyp ýere girerdi. «Ýerler çeken, şunça ýyllap gelmedik garry gaýrat saňa indi elliden soň geldimi?» diýip, içinden ärine käýinerdi. Ýene, düýnjük, köçeden biri bäbekli geçse-de, daşdan ýüzüne sylyp, içinden Hudaýa ýalbaryp oturşy ýadyna düşerdi-de, kän tobalar ederdi. Hälki bir aýdanyny on gezek yzyna gaýdyp alardy. Bu ýeke elli bäbege her kim bir ykbal kesdi: — Görersiň, odiýgiç bolup dörär şol... — Atasyny asyp urar, ejesini basyp urar. — Oba-da ot ýakdyrmaz. — Adamlar, ahyrzamandan bir nyşan bolaýmasyn-how şü! Dünýäniň düňderiljeginiň alamaty bolsa bildiňmi! — Äý, ýeke özüniň, onda-da ýeke el bilen dünýän-ä düňderibilesi ýok welin, ýöne Tükenmezkönä bir betbagtçylyg-a getirmän goýmaz... Mydarjygam on iki synasy ýerbe-ýer çagalar bilen deň ýöräp, deň ýykylyp, deň turup, ulalyberdi. Asyp urjaga-da meňzänok, basyp urjaga-da. Obanyň ody bilenem işi ýok, ahyrzamany bilenem. Agy-garany saýgaryp ugransoň, bir seretse, beýleki çagalaryň bary iki elli, özünde-de ýekeje. Ol geňler galyp, munuň sebäbini ejesinden sorady. Ejesi görgülem ýüzüni aşak salyp: — Ulalyberseň, beýleki eliňem gögerer, balam... — diýdi. Mydar kän garaşdy. Kakasyndan soramaga welin ýetişmedi. Kakasam, näme, erkeklik borjuny berjaý eden adam, oguljygy on ýaşamanka, «Heleý, seni ýeke goýub-a gidýän däldirin. Razy bol!» diýdi-de, Tükenmezkönäniň başujuna ugrady. Mydar ýeke el, ýeke eje bilen galyberdi. Şol ýeke el bilenem ol güzeran gämisiniň bir gyrasyndan mäkäm ýapyşdy. Şol ýeke eliň gujuryna bolsa Mydaryň deň-duşlary gaty beletdur. «Myrtar» diýerler, «Golak» diýerler, «maýyp» diýerler, ýöne şol ýeke eliň ýeter ýerinden uzagrakda aýdarlar. ...Mydar poçtaçy her günki ýörişini ilki Garry agalaryň howlusyndan başlaýar. Şol howluda onuň goşhaltasy mese-mälim ýeňleýär. Näçe gazet, näçe žurnal, näçe hat! Garry aganyň gara ýola düşüp giden ogullaryndan, gelinlerinden, agtyklaryndan, daýy-ýegenlerinden, doganlaryndan gelýän hatlaram aç eşege ýük. — Äý, getiriber, Mydar jan! — diýer Garry aga-da. — Hat hiç-le, okasaň-a okalar, okaman beýläk oklasaňam — ýatar, ot-suw soramaz. Emma, ynha, şeýle bir döwür geler, muny ýazýanlaň özleri oba dökülip ugrar. Şoňa çenli ölüp ýetişseg-ä, ýene ýagşy... Garry aga öz döwründe on alty gezek öýlenip, on ýedinjä «guýrugyny gapjadan» adam. On ýedinji aýaly Aýsen ondan rüstem çykdy, duşaklady, birtopar gora-gojala ogul-gyz bilen onuň daşyna pugta agyl aýlady. Garram onsoň şol agylyň ortarasyndaky ýüň gazygyň daşynda kä horguran bolup, kä kişňän bolup, aýlanyberdi. Galyberse-de, Aýsene uçran döwri Garrynyňam öňki jahyl Garrylygy ýograkdy, ýalpajyk akyl käsesi eýýäm dolaňkyrlap ugrapdy, telpegini gyňra geýip, toýdan-toýa gatnamasyny, uly-uly toýlarda men-men diýen pälwanlaryň ýakasyndan silkip tutup, ýanbaşa mündürmesini, köneje dutarynyň gapagyna pat-pat urup, «Kararym ýok sensiz woý-eý ýalňyz ýatmana-a... aý, ýekeje ýatmana-a, wah, üşäp ýatmana-eý...» diýip gygyrmasyny, ini bäş-alty gulaç ýaplaryň bir towsanda aňyrsyna düşmesini seýrekledipdi. Soň-soňlar-a obanyň çet-gyraragyndaky toýlara barmasam kynlaşdy. Iki aýagy üç boldy. Iki gözi «dört» boldy. Onsoň oňa Aýsen eje bilen eňekleşip oturybermekden başga alaç galmady. Öňler-ä, dagy iňirdäre zat tapmasa: — Biziň gara tutdan ýasalan ýaly, owadan tohumymyz bardy. Sen meniň bütin neberämi sap-sara boýap çykdyň! — diýip, aýalyna käýinerdi. Ýa-da, oturan-turan ýerinde: — Heleý alsaňyz, ýigitler, kelte butlusyndan almaň, asyl, eýläňe-beýläňe seretmänkäň, daşyňy dolduryp zyňaýýan eken — diýip, ýanyndakylara nesihat bererdi. Gaty içi gysyberende bolsa, obaň oglanjyklaryny daşyna ýygnap, olaryň käbirini «öýerip» ugrar: — Şadymanyň üç gyzy bar, üçüsem ýetişipdir. Üçüsinem tutup, jeňňelde daňyp gaýtdym. Iň ulusyn-a, pylany, saňa berjek, ortanjysy pylanyňky, iň kiçisem pylana galýar. Aýsen bolsa, töwerek çola wagty, özi ýaly saryja-saryja zürýatlaryny sallançaga salyp, uzyn hem zaryn hüwdä başlardy: — Meniň balam sarydyr-a. Sary ýagdan durudyr-a... Bäş-alty ýyllykda o görgülem pahyr boldy. Garry aga iň uly ogly Şalara, ýörite saýlap-seçip, «gara tutdan ýasalan ýaly», owadan gyz alyp berdi. «Bir sary bilen bir sarydan adamzadyň sury dörär, bir gara bilen bir garadan tomzagyň piri dörär, bir gara — bir sarydan adamzadyň nury dörär» diýenleri bu gezek çyn bolup çykdy. Gara gelin yzly-yzyna dört sany, ak palçykdan ýasalan ýaly akmeňiz, garagöz, garagaş, gara galpakly agtygy peşgeş berdi. Içinde birem ogul, Ýusup kamatly. Gara gelin çagalaryny gözden-dilden gorap, garaheläk bolardy. Ol, nämüçindir, ala-böle, Annahal ejeden gorkardy. Otursa-tursa, «Gitmäň-uw, gözi ok ýalydyr-uw o heleýiň!» diýer oturardy. Annahal eje öýlerine gelip-gidäýse dagy, onuň oturyp giden ýerini, çykyp giden yzyny pyçak bilen on gezek «keserdi». Ýogsam, Annahal görgüliniň entek pyýadany büdredip, eşekligini ýykan ýeri ýok. Gara gelniň çagalary, ýolda-yzda Annahal ejäniň garasyny görseler, ylgap içeri girerdiler: — Eje, bize o heleýiň gözi degmedi! — diýip, buşlardylar. Çagalykda kalba giren gorky soňam aňsat-aňsat ýeňdirmez eken. Gara gelniň çagalary soňra mekdepde Annahal ejäniň golak oglundanam üýşenip gezdiler. Olaryň erkegini — Serweri Mydar bir gezek ýeke elde hol ýokaryk göterip, golaýyna gelenlerem aýagy bilen tüwdürip, bäş minut dagy saklansoň-a, hasam. Asyl, şondan soň Mydaryň baran ýerinde şol owadan kelleler kän görünmedi. Ýöne şondan soň, gyzlaryňam (diňe Serweriň doganlary däl) ýigrendigi Mydar boldy, Mydar ady Myrtar boldy. Onuň çep eli bilen ýanyp-ýanyp ýazylan hatlary, süýnen ýyldyz kimin, orta ýolda ýere gaçdy. At öwrülişiginiň bolsa başga bir günäkärem bar: o-da Mydaryň öz dili. O dilde Serweriň ady — Mermer, Garry aganyňky — Garry serdar, Şalar — Şamar, Aşyr bolsaň — Aşyratdy. Hutdy diýen ýaly, öňem gysgalma kemi galmadyk ady-da, Mydar uzyn görüp, «Hu» görnüşine getirip bilýär. Haty hemmelerem ýazardy. Hemmesiniňem başlanyşydyr gutaryşy bir. Bir partada, gapdaljykda oturan gyza ýazylan hatam «Uzak ýoldan, ýakyn ýürekden, ara daşlykdan, göwün hoşlukdan, bu hat kimden diýeniňde, öz aşygyň pylanydan...» diýip, başlanardy-da, «Men senden aýra düşsem, ýa gije ölerin — ýa gündiz! Özümi ýa ataryn, ýa asaryn!» diýip gutarardy. Gije-de geçip dur, gündizem. Günde bir gyza aşyk bolnup, günde-de birinden «aýra düşülýär» welin, nämüçindir, özüni atjak bolýanam ýok, asjak bolýanam. Şol hatlaryň biri Mugallymyň eline düşüp, uly galmagal turandan soňam, «uzak ýoldan, ýakyn ýürekden» gelýän hatlaryň yzy kesilmedi. Ýöne hile-pirim artdy. Serwer, Mydaryň synpdaşy, basdaşy Serwer, synpyň iň ökde hasapçysy Serwer harplary nomurlap çykdy. Meselem, «A» — 1, «B» — 2, «ÝA» — 38. Serwerden «15, 6, 16; 22, 6, 16, 11; 22, 19, 12, 12, 36, 21, 11, 16» diýlen haty alan gyz muňa «Men seni söýýärin» diýip düşünmeli. Mydaryň ülpedi Aşyryňkam bir hile — bir ýol, o zaňňar-a sözleri tersine çöwürýär-de, ýazaýýar. «Nem ines niräýýös» diýip ýazan bolsa, oňa-da ýene «Men seni söýýärin» diýip düşünmeli. ...Mydar Garry agalaryň haşamly derwezesiniň öňünde «ýelmaýasyndan» düşdi-de, jaňjagazyny jyňňyrdadyp ugrady. Derwezäni Garry serdaryň özi açdy, Mydary äpet sumkasyndan tanap: — Äh-hä-ä! — diýdi. Ony derwezeden giren ýerdäki aýratynja, «garawul tamyna» alyp bardy. Munuň Mydardan eşidesi gelýän zatlary bardyr. — Howwa, Mydar jan?! Mydar Garry aganyň uzadan zäk ýaly çaýyndan owurtlady. — Eý, Garry aga, men-ä şu gün gara ýoluň o başynda birini gördüm welin... — Howwa, howwa?! Mydar başyny ýaýkady, juwazyň okuny gujaklaýan ýaly, ellerini giňden gerip görkezdi. Ikisem birsalym başlaryny ýaýkaşyp, dillerini jukguldadyşyp oturdylar. Garry aga soňrak uludan demini aldy: — Hä-äý, o ýerde bardyr, Mydar jan... Olaryň hä, düýesi ýaban ýatyp, gölesi gölerjek gümany barmy. Ýa garadaňdan däbenekläp, atyza girmek aladalary ýok, onsoň şu-u-uň ýaly bor-da! — Garry baba-da «juwaz okuny gujaklap» görkezdi. — A-haw, Mydar jan, ýaşrajygyny, altmyş dagy ýaşanragyny görseň, gözüňde bolsun! Garry agaňkam, özüň bilýäň, näçe ýylyň gullugy, näçe ýylyň dullugy diýen ýaly... — Bor, Garry aga! — On ýedi bolmasa, on sekiz ekenmiş-dä. Kyrk ýumrukda ölmedik kyrk birde-de ölmez, Mydar jan! — Äý, howwa, Garry aga! — Hany, seniň özüň nemetjek bolaňokmy onsoň? — Äý, ýok, enteg-ä... — Dogry edýäň, Mydar jan! Şü, otuz ýaşaman öýlenmegin. Bu ýalançy, hoşsurat dünýesiniň hözirini bir gör ilki. Aýagyňy ýükli sygyr basansoň, giç bolar. Şü, oňarsaň-a bar-a, heleý diýlen zadyň hözirini gör-de, gaç. Duran tutular... — Dogry şol-a, Garry aga! — Soň, götüň orluberende, birini saýlap, pitikläp al-da, şony sypdyrma. Otuz-otuz bäşde öýlenseň, soň aňyrda näme galýar, çydarsyň, Şü, birinji alanyňy, oňarsaň, kowma! Bir kowup öwrenseň, soň saklanmak kyndyr. Çäýnegi gatyrak dürküldedip goýsa-da, kowasyň gelip dur. — Çäýnek goýmasa-da, şeýledir... — Goýmasa-ha, bir günem saklama! Şü, men bar-a... — Garry aga ters ugra gidip ugranyny aňyp, biraz sägindi. — Şü, sen bar-a, alsaňam, hol Gyratlyň gyzy ýaly, mysapyrrak, adamşöwenderäk birini al. Ana, tüýs bolýa saňa şol! Şu bar-a, biziň agtyklar ýaly, tumşugyna timar berip, tirkildäp ýörenleň golaýyna barmagyn. Özüňe är bolar olar... Mydar mundan artyk eglenmän, goşhaltasyny ýeňledip, Garry serdary şol gürläp oturan ýerinde gürledip goýup, «ýelmaýa» atlandy. «Kimiň kimi oýnap ýörenini Alla bilsin. «Oýnamaga oglan ýagşy, Hudaý ursun garryny» diýenler-ä bardyr. Ýa «Är garrar, heňňam garramaz» diýenleri ondanam dogrumyka? Häý, Garry serdar, Garry serdar... sen şeýdip, meniň derdimi gozgaýaň-da. Meni oda salýaň-how sen...» Obanyň köne şopury Gyratly aganyň sözleri ýadyna düşüp, Mydar ýylgyrdy. «Seň ýaly ýigitler her süňňüne bir aýal alýar diýip, alan aýalyny kowdurdyňyz, sen güýçli, sen edermen diýip, özünden kän daýaw pälwanlar bilen göreş tutdurdyňyz, sen aragy gowy içýäň diýip, ajöze bedreläp arak içirdiňiz Garry agama. Şeýdip, götüňize-hä urduňyz Garry agamy! An-ha, otyr indem bir gysym bolup, oturan bir gözli kösek. Indi nämä ýaraýar ol?». Gyratly Garry aganyň öz ýanynda şeý diýip, uly ili gyzyl-gyran güldürerdi. Garry aga-da gözüni ýumup, uly ejir bilen «Ä-äh...» diýerdi. Hany, onda, sürdük Gyratly agalara, ýagny, Gyzhanlara... Gyzhana bir hat bar, şol her hepdede gelýän hat, daşynda gowaça ýapragynyň şekili, ýokarsynda Ogulhan Gyratlyýewanyň ady, aşagynda-da hiç zat ýok. Mydar bu hatdan käte betgümanam bolardy, Ogulhany birinden gabanýan ýalymy, garaz, birhili-birhili iňkise giderdi. Häzir-ä Gyratly aganyň özem, Stalin döwründen galan köneje ýük maşyny — «päletürkesem» görnenok. Diýmek, ikisem ýoldadyr, şol gara ýoluň gapdalyndan, köne jaryň içinden geçýän gadymy ýoldan tozan turzuşyp barýandyrlar. Gyratly aga gara ýoly ykrar edenok. Durşuna tagtadan ýasalan «päletürkesinden» utanýarmy ýa-da deňinden düýt-de düýt bolşup geçýän «GAZ-lara», «MAZ-lara» gahary gelýärmi, garaz, ol şo köne ýoly sypdyranok. Şol gadymy ýolda onuň özi han — özi soltan. Onuň şo ýolda batanyny gören adam ýok. Sebäbi, Gyratly aga o ýoluň her garşyna, her düýp hyşasyna, her çukurjygyna belet. Emma, bir näbelet, gedemje şopur girsin şo ýola öz «GAZ-y» bilen! Ýarym sagatdan soň, palçyga bulanan papagyny galgadyp, gara ýola ylgap çykmasa näme! Gyratly aga başdaş aýalynam, heniz tez maral wagty, şu ýoldan şu maşyn bilen alyp gelipdi, soň o görgüliniň mäjum bolan eziz läşinem şu maşyna ýükläp, şu ýoldan yzyna äkidipdi. Gowaçanyň ýaňy boýy ýetip ugran döwri. Hol aşagrak egilmeseň, düýbündäki bigäne otlar görnenogam. Sähel ahmal bolsaňam, inderen kätmeniň gowaçaň köküni çapýar. Şonuň üçinem, kolhoz başlygy kätmenleriň sapyny gap bilinden kesmeli diýip buýruk berdi. Sapy iküç garyş kätmen bilen işlejek bolsaň, egilseňem egläýmeli, egilmeseňem — egläýmeli. Gyratly aganyň, çagadan soň bili bekäp ýetişmedik aýaly bu egilmeşege çydamady. Onuň «Waý-eý, ýanjygym ýazdy meniň-ä...» diýäge-de, işläp barýan peliniň içinde uzyn süýnenini, uka gidenini hiç kim görmedi. Biraz salymdan, gowaçanyň içinde işläp ýören, tigirleri diş-diş traktor edil şo peliň üstünden geldi... «Iki gezejik aýlap geläýin!» diýip, ýaňy çaýa oturan traktorçy halypasyndan traktory diläp alyp, indem ruluň başynda «Ýagty geljegme barýa-a-an...» diýip aýdyma zowladyp gelýän ýaşajyk şagirt Hutdy, ýeňsesinde bir geň ses eşidip, gaňryldy-da... Ýagty geljegem galdy, traktoram. Hutdy şol «ba-a-a...» diýip gygyryp barşyna, atyzyň o başyna ylgap çykanda, saçy eýýäm çalaran eken. Şondan bärem, bar bilýäni: «ba-a-a» bilen «be-e-e». Onuň bu bolşuny jögüle ýoranlaram boldy. Emma, jögüligem bir ýyl ýagşy, iki, üç ýyl ýagşy, şunça ýyllabam jögülik bolarmy, heý, bir ýerde sepiň açylmazmy! Bütin ömrüne jögülik bilen gün görýänlerem bardyr, emma, munuň üçin, doglanda jögi bolup, özüňem jögüden dogulmaly. Hutdy bolsa mert atanyň, mert ejäniň ogludy. Emma, bagtyň çüwmese, ak patyşaň agtygy bolaňda näme... Aýaly görgülini göterip öýe eltenlerinde, Gyratly ony birbada tanamadam. Bendäniň ýüz-gözünde diňe tep-tekiz, ak maňlaýyndan başga abat ýeri ýok. Ol maňlaýa-da bir gowaça ýapragy ýelmeşipdir-de, möhür ýaly bolup dur. Şondan telim ýyl geçip, Gyratly aga bir sarydişi getirdi-de, öýlendim etdi. Onuňam bir gezek «A-heý, ýetim oglan saklasaň-ň-ň...» diýenini eşitdi-de, guýrugyna şakyrdyk dakdy. «Baý, beýtme!» diýip sarydiş görgüli kän ýalbardy. Bolmady. Gyratly aga bir tarapa eňmesin, eňdigi — gutardy, ýekegapan ýaly, gaýtdymy-durdumy-sowuldymy bolmaz. Mydar oňa «Agaç atly aga» diýse-de, öz-özünden başga adamyň ýanynda diýip bilenok. Ol Gyratly agalaryň gapysyny kakmazdan öňinçä, elindäki syrly bukja seredip, birsalym sägindi. «Kimdenkän-äý? Näme ýazýarlarka muňa? Arkaýynçylykda...» Mydar bukjany yzyna dykmaga hyýallandam welin, gapy öz-özünden açyldy-da, Ogulhan çykdy: — Wiý, Mydar... Salam! Getirdiňmi? — Nämäni? — Wiý, eliňdäkini! «Görýäňmi, özem garaşýan eken...» — Getirdim. Me! Ogulhan bukjany garbap aldy-da, hatly elini arkasyna tutup, dym-gyzyl boldy. — Bolýa, Gyzhan, men-ä gitdim. Sen arkaýyn gyzaryber! Mydar dört-bäş ädim ädip, birden ýene ýeňsesine öwrüldi. Ogulhan seredip dur. Özem ýylgyrýar. — Näme?! — diýip, Mydar yzgytsyzlandy. — Hiç, hiç... Gidiber. Hat getireniň üçinem sag bol! Mydaram gyzardy: — Seniň hatyň bilen işim ýok-how meniň... — Bilýäň, bilýäň. Sag bol! Mydar eşidiler-eşidilmez «Hüh...» diýdi-de, ýola düşdi. Soň bir gezekde ol saklanyp bilmedi. Gözüni ýumaga-da, daşy gowaça ýaprakly bukjany şakyrdady-yp açdy. Bukjanyň içinden diňe bir tagta ap-ak kagyz çykdy. Mydar ol kagyzy güne tutubam gördi, çyra tutubam. Eger-eger, ýekeje nokadam ýok. Mydar kagyzy yzyna salyp, bukjany bilinmez derejede ýelmedi-de, «Aý, özi boş bukja bolsa, haçan gowşuramda näme» diýibem, iküç gün gezdi. Iküç günden soňam, Ogulhan öňünden çykdy. Mydar onuň gussadan püre-pür gözlerini görüp, aýak çekenini duýman galdy. Munuň gözleri beýle owadan eken-ow! — Salam, Mydar... — Bir salama bir salam! Näme-how, Gyzhan, ýylgyraňok-la? Ogulhan çalaja ýylgyran ýaly etdi-de, başyny aşak saldy: — Äý, hiç... Ejemi gördüm hol gün agşam... Mydaryň kiçijik gözleri tegelendi: — Ni-i-rede? — Düýşümde-le. Mydaryň ýene ini jümşüldedi. Ömür didary görülmedik, hatda yzynda ýekeje suratam galmadyk eje nireden düýşe girsin-aý? Dirildip getiräeňde, tanajakmy diýsene bi! — Be... Hä... Onsoň nememi... Bolýa, men-ä gitdim. Ýok, dur entek, Ogulhan, tas ýadymdan çykan eken. Ynha, bir hat bar saňa! Ogulhan uçup gitdi. Öýlerine gelibem, gapyny içinden kiltledi-de, bukjany açdy... — Eje! O maňa Ogulhan diýdi... Eje! — diýip, olbirsalymdan pyşyrdady. — Jadygöýüň jorasy, arwahyň gyzy diýsänim! — diýip, Mydaram şu pursat öz ýanyndan hüňürdäp barýar. Üstesine-de, bir ýerden top ýaly bir gürji çykdy-da, jöw-jöwläp, munuň yzyna düşdi. Ne alýar, ne galýar. Mydar dursa — durýar, ýörese — ýöreýär. Mydar tigrini saklap, aşak egilse, hol beýleräge çekilýär-de, soň ýene hüjüme geçýär. «Bi itiň çagasy, näme, meni gedaýdyr öýdýämikän-äý... Äl, öz-ä erjel eken. Kimiňkikä bi? Beh, munça jöw-jöwe nädip demi ýetişýärkä munuň?» — Ýit-aý, eneňi bir... Enesine sögülensoň-a, gürjiniň hasam bolmajysy boldy. Erbet ýeri, özi ýalylardan ýene üç-dört sanysyny örüzdi. Itler maşgalasyndan bolan bu tohum, gara ýol geçensoň, peýda boldy. Derrewem köpeldi. Bular gelensoň, ol eşek ýaly köpekleriň abraýy gaçdy, eşegiňkiçe-de bolmady. Gürjüleriň welin artykmaçlyklaryny sanasaň-sanap oturmaly: 1. Gije-gündiz özem ýatanok — sesem. 2. Kän bir iýýän zadam ýok. 3. Öz eýesinden başgany tanamagam islänok. 4. Berim diýlen zady alsa-da alýar welin, üstünden ýol ýasadanok. Äpet köpekleriň öňüne bir döwüm çörek oklap geçseň, soň seni gören ýerde, gözleriň içine seredip, çotdaja guýrugyny gymyldadyp geçibir. Ýadyndadyr. Gürjülere welin, käkilik etini beräý, eger-eger... beren etiňi iýmesine iýer-de, gaýtadan bir topular welin... Öz etiňi iýäýjek. 5. Gaharyň gelen çagy, öňki äpet janawarlara näme zyňsaň zyňaý — edil böwrüne ýa kellesine patlap degerdi. Bi häzirki gürji diýilýän belany welin tüpeňläbem alyp bolanok. 6. Köpekler diňe eýesinden gorkardy. Gürjüler diňe şagaldan gorkýarlar. ...Şeýdip, ol äpet janawarlaryň birenteg-ä munça artykmaçlygyň öňünde durandan möjek bilen ýüzbe-ýüz duranyny elhalrak bilip, çöl-beýewana siňip gitdi, galanlaram, açlykdanmy, namysdanmy — ölüp gutardy. Item namys edermi diýjeklerem bardyr. Eder. Aç saklanlaram jähennem-ä, ýylda bir gezejik köpek seýline çykaňda, bu togarlanyşyp ýörenleriň ýüzden birinden möhümiň bitmese, derdiňe ýaramasa, onda namys etmän — dagy näme etjek. El garaz, Tükenmezköne obasy tutuşlygyna gürjüleriň ygtyýaryna geçdi. Soň poçtaçydyr gedaýlaryň güni kynlaşdy. Gedaýlar-a, näme, gelmänem oňarlar welin, poçtaçynyň gelmän oňany bolýarmy. Gürjüler Mydary oba klubunyň deňine çenli agzybirlik bilen ugratdylar. Mydar kolhoz prawleniýesine gelen hat-petekleri, gazet-žurnallary başlygyň kömekçisine gowşuryp, çykyberjek bolanda, klubuň kiçi zalyndanmy ýa-da uly zalyndanmy gelen güňleç wagyrdyny eşidip, aýak çekdi, başlygyň kömekçisine ýüzlenip: — Şol gidip durşumy? — diýdi. Kömekçi başyny atdy: — Şol gidip durşy. Bu klub — başlygyň gara ýoldan soňky baş arzuwydy. «Wah, şu Gurultaýlar köşgi ýaly bir köşk saldyrsam, telewizordaky ýaly uly-uly ýygnaklar geçirsem, kolhozçylaryňam, prawlinni çlinleriňem hersini bir atyzdan kowalap tutup ýörmän, baryny bir ýere ýygnap, ýalkajagymy ýalkasam, käýejegime käýesem...» diýerdi. Başlyk ahyrsoňy arzuwyna ýetdi. Kolhozyň iň soňky köpügini şu klubuň syrtyna suwady welin, ýetdi. Ýüzi owadan gerbli, han tagtyndan haýbatly münber ýasadyp, klubuň iň görnükli ýerinde dikdirdi, bir ýerlerden sargap, hatar-hatar oturgyç getirtdi. Oturgyçlaram bir täsin, oturjak bolaňda, eliň bilen sermeläp açmaly, ýöne turaňda, öz-özi ýapylýar. Onsoň başlyk ähli kolhozçylary hem prawleniýe agzalaryny ýygnap, kolhozy ykdysady hem-de medeni taýdan ösdürmegiň ýollary baradaky ilkinji ýygnaga başlady. Başlyk ýygnagy açan badyna, prawleniýe agzalary ör turup, el çarpyşyp ugradylar. Muny görüp, kolhozçylaram ör turaga-da, şarp-şarpa başladylar. Aý, gaty tolgundyrdy. Soň başlyk «Oturyň!» diýdi. Oturdylar. Oturdylaram welin, klubuň içinde bir güpürdi turdy. Başlyk seretse, ýygnakdakylaryň deň ýarysy gürüm-jürüm. Ýere giren ýaly. Başlygam aňk-taňk, prawleniýe agzalaram. Diňe soňrak, gargynyşyp-sögünişip, oturgyçlaryň aşagyndan çykyşyp ugran kolhozçylary görenlerinde, bar belanyň şol täze oturgyçlardadygyna düşündiler. Ýygnak şowsuzrak başlananam bolsa, soňy gowy gitdi. Ýygnak edýänlerem, ýygnaga gatnaşýanlaram bu işiň gyzygyna düşündiler. Anha, indi näçe ýylyň içidir, kolhozy ykdysady hem medeni taýdan ösdürmegiň ýollary hakdaky ýygnagyň şol dowam edip gidip oturşy. Ekiş hem ýygym döwri başlyk daýhanlary ýygnakdan boşadardy, diňe prawleniýe agzalaryny alyp, kiçi zala geçerdi-de, ýygnagy şol ýerde dowam etdirerdi. Bu ýygnak başlanaly bäri, başlyk üç sekretarka çalyşdy. Üçüsem tebigatyň emrine boýun bolup, durmuşa çykdy gitdi. Ahyrsoňy bir erkek oglany kömekçi edip almaly boldy. Ol erkek oglanam Mydaryň synpdaşydy. Gurbanaly. Göräýmäge, azarsyz-bizarsyz, ýuwaş bir oglan. Ýöne «ýuwaş-bimaza» diýilýän oglan. Deň-duşlary gijeden-gije alşyp, «Gorkuly Tährandyr», «Müň bir gijäni» okardylar. Gurbanalam, şo kitaplar kimiňkä barsa, bile barardy-da, arkan düşüp, gögüne sereder ýatardy. Arasynda-da: — E-eý, gyzyklyrak ýerini daşyňyzdan okasaňyzlaň-aý! — diýerdi. Onuň gyzykly diýýäni — hylwat işli sahypalardy. ...Mydar kömekçiniň egnine kakdy: — Aý, Gurbanlyk dost, gaýrat et-dä, garaz... — diýip, daşaryk ugraberjek boldy. — Mydar... Mydar aýak çekdi. Kömekçi onuň alkymyna dykylyp geldi-de, ýeke tirseginden tutup, töweregine garanjaklady: — Kino göresiň gelýämi? — diýip, pyşyrdady. Düşünýän adam bolsa-ha, o-da töweregine garanjaklar-da, pyşyrdap «Gelýä!» diýer. Düşünmedigem gözüni çerreldip, kluby ýaňlandyryp, «O nähili kino?» diýer. Mydar o kinonyň tarypyny öň kän eşitdi. Ýöne özüni görenok. Onsoň o-da pyşyrdady: — Gelýä-ä... — Onda erte agşam on ikiden soň hol çetki, dramkuržogyň jaýyna geliber. Gapyny üç gezek kakarsyň, şeýdip... Dük, dü-dük. Mydar öýlerine gelýänçä, garaňky mazaly gatlyşyp, asman agyly akja guzudan doldy. Ýerli-ýerden bir-birine gözgypyşýan ýyldyzlara seredip, Mydar uludan demini aldy: «Şolaryň arasynda bir ýerlerde meňem-ä ýyldyzym bolmalydyr. Ýöne o zaňňaryň şu wagt kime, haýsy ýyldyza göz gypýanyny Alla bilsin!» Mydar öýe girip, goşhaltasynyň iç-goşuny daşyna çykardy. Ynha, üç ülpediň hersinden iki hat. Her hatyň daşynda-da başga-başga gyzlaryň atlary bar. Her hatyň daşyndaky her bir harpam gursagyna urup, «Söýýän, söýýän!» diýip gygyrýar. Hany, siz beýleräkde duruberiň bakaly. Kimi, nähili söýýäniňizi bileris entek! Ine, bu hat bolsa Mydaryň hut öýüne. Aşyrdan. Muny arkaýyn açsa-da bolar, okasa-da. Munda başga kişiniň hilesi ýokdur. Aşyr bilen Gyratly aga ikisi iki ýyl mundan ozal «päletürkä» atlanyp, ýola düşýärler. Ýolda bir ýerde-de, jylawy çekip, dynç almaşak edýärler. Gyratly aga maşynyň kölegesinde oturmak üçin, ony gidip barýan ugrundan başga bir tarapa öwrüp goýýar. Oturýarlar, çaý içýärler, ymyzganýarlar. Soňam hasyrdaşyp turýarlar-da, maşyny şol seredip duran tarapyna sürüberýärler. — Howwa, soň nirä, haýsy ýurda bardyňyz, Gyratly aga? — Aý, men näbileýin, gören ýerim-ä däl. — Hany, nähiliräk ýurtdugyny bir aýt, biz bileris ony! — Aý, men näbileýin. Ýöne iki sany derýas-a bar eken, biri gündogardan günbatara akýa, birem günbatardan gündogara. — Äý, nätdiň-aý, Gyratly aga?! Sen-how, şol ilki maşyny öwrüp goýan ýeriňde uklap, basyrganan bolaýma? — Basyrganamok. — Göwnüňe getiren bolaýma? — Getiremok. — Hany, onda, Aşyr nirede? — Aşyr ýitdi. — Nirede, haçan ýitdi? — Äý, şo baran ýurdumyzda. — Haýsy baran ýurduňyzda? — Äý, nätdiňiz-aý, men na radiomy, gaýta-gaýta gaýtalap durar ýaly. — Soraýas-da. — Sorap, siz nä, süýtmi? — Äý, iki agyz gürrüňiňem gysganýaň-aý, Gyratly aga! — Togsan sözüň togsan dokuz düwni bar. Hany, sowluň ýoldan! Ine, şol ýiten Aşyrdan käte-käte Mydara bir hat gelýär. «Malas, Radym! — diýip, Aşyr ýazýar. Aşyryň mekdepdäki oýunlaryna belet bolansoň, Mydar onuň hatyny gaty aňsat okaýar. — Bu haty tersalar ýurdundan öz dostuň Aşyr ýollaýar. Eý, Mydar! Nähili ýagdaýlaryň? Meniňem ýagdaýlarym ýaman gowy, ýagny, erbet. Bu ýerde günüň haçan dogup-haçan ýaşýany, nireden dogup-nirede ýaşýany belli däl. Sagat diýleniňem her alty aýdan bir üýtgäp dur. Onsoň, süýr günortan adamlar bir-birine «Gijäň rahat bolsun!» diýşip ugraýarlar. Bu ýerde ene durup — gyz gepleýär, ata durup — ogul. Ene-atalar bir ýerik gitjek bolsalar, ogul-gyzyndan rugsat almaly. Bu ýurtda oglan gyza däl-de, gyz oglana sawçy iberýär. Özi üçin tölenmeli galyňy bolsa oglan belleýär. Onsoň, oglanýan öýleni, ýagny, öýlenýän oglany kejebä salyp, gyzýan çykyň, ýagny, çykýan gyzyň öýüne alyp gidýärler. Biler bolsaň, maňa-da birki ýerden sawçy geldi. Ýöne göwnemedim. Ol öýlenjek bolýan gyzlary tanamok diýdim. Bu ýurduň gargalary tersine, yzlygyna uçýar diýsem, ynanarmyň? Ynanmarsyň...» — Şuň kellesi tersine işläp ýören bolmasyn! — diýip, Mydar oýlandy. — Ýedi kysym däli bolarmyş diýýärdiler welin, şolaryň birinden bolaýmasyn şu Aşyratdam?» «Radym naj! — diýip, Aşyr hatyny dowam etdirýär. — Häzir «Seň kelläň tersine işleýän bolaýmasyn?» diýýäniňi bilýän. Ýedi kysym däli hakda-da oýlanansyň... Nädip bilýäň diýersiň. Bärde bir ýaşuly bar, anyk ýaşyny il-ä däl, özem bilenok. Käte küşt oýnanda, «Öňräk as-Suly bilen şägirdi Laplas ikisi döwşende, as-Suly şu aty, ine, şeýdip goýberdi» diýibem otyr... Anha, şol ýaşuly aýdýar: «Bir däliniň kellesine gelen pikir edil şo dem dünýäň ähli dälisiniň kellesine gelmeli» diýýär. Onuň ýene-de «Il dälirese — dälire, gudurasa — gudura!» diýmesem bar. «Ana, şony edibem, men şu ýaşa ýetdim — diýýär. — Şony edip bilmäni üçinem, menden has ýaş, menden has akylly adamlaryň hemmesi ölüp gitdi» diýýär. Aý, aýdýan zady kän-ow şonuň. O ýaşuly hakda soň, ýeriň giňinde, ýörite bir hatymda ýazaryn. Umuman, bu ýurduň erkekleri hakda ýazara zat kän. Bular ýylda bir gezek degişýärler, o-da 8-nji martda. Şonda bir-birinden öňürdip, «Baýramyň gutly bolsun-how!» diýişýärler, soňam içlerini tutup gülýärler. Başga wagt degişme-de ýok, gülüşme-de. Sebäbi, bu ýeriň erkekleri juda utanjaň, özem ata oguldan, ýaşuly ýaşkiçiden, erkek aýaldan utanýar. Utanmaz ýalam däl. Eýläňe seretseňem, ýalaňaç baldyr, ýalaňaç but, ýalaňaç injik, — beýläňe seretseňem. Onsoň erkek görgüliler başga nirä seretjegini bilmän, ýere seredäýýäler. Biziň ýaly gözi açlara-ha, ilki geläýende, «O-how» diýdirýär, «Ýagşyny görmek — jennet» diýdirýär. Äý, ýöne ýalaňaçlykdan zerrin bolsaň, galan zadyň çeni-çaky däl eken. Ony görüp, gözüň aşa düşenden, gözüň aç bolsa gowy eken... Menem ilkibadalar ýaltaklar oturardym, indi welin, ýere seredäýýän...» Aşyryň o ýurtdan ýazan ilkinji haty Mydaryň ýadyna düşdi. Hany şo hat? Ýok şo hat! Ony tapjak bolsaň, birki gün boş wagt gerek. Mydar käbir hatlary şeýle bir pugta gizleýär welin, soň özem tapanok. Kimden gizleýäninem Alla bilsin. Garry ejesindenmi? Mydara gizlänini tapmazlyk keselini miras geçiren o görgüliniň özi ahyryn. Mydar bäbekhanadan gelip, gözüni açaly bäri, bi içerdäki ýagdaý şeýle: Öýüň içi çalam-çaş, öý goşlarynda ne tertip bar — ne düzgün. Ýöne şol tertipsizligiň öz tertibi bar, onam diňe Annahal ejäniň özi bilýär. Meselem, köwşüň sag tarapragynda däri-derman, dermanyň aşak ýanynda süýji-köke, süýji-kökäniň beýlesinde-de Mydaryň eşikleri we ş.m. Geýimleriňem öz çaşyp ýatyş tertibi bar. Şo zatlaryň bir-ikisiniň ýerini üýtgetseň, soň Annahal eje gerek zadyny ýarym günläp gözleýär. Şu tertipsizlik sebäpli, ol Mydaryň kakasyndan kän käýinçler eşidipdi. Her käýinçden soň ol içerä serenjam berip, tertibe-de mündürerdi. Ýöne, ynha, bir zat gereklenip, üçüsi üç ýerden gözleg-agtaryş işlerine bir başlardy welin... Mydaryň kakas-a soň elini salgar-da, oňaýýardy. Diňe käte: — Saňa heleýligi öwretjek bolup, özüm heleýe öwrüldim — diýip jibrinerdi. Anha, Mydar şeýle ejäniň ogly. Onuň öz zatlaryny kimden gizleýänem şonuň üçin nämälim. Özündenmi? Ýöne onuň gizleýiş usuly ejesiniňkidenem üýtgeşik. Ol her pasylda gizleýän zadyny aýratyn goýýar. Meselem, bir zadyny telpeginiň içligine dykýar. Onuň pikiri boýunça, gyş gelmeli, kelle üşemeli, telpek geýilmeli, anha, şonda-da şol gizlenen zat öňünden çykmaly. Ýöne, näme, pasyl diýeniň çalşyp dur... onsoň Mydar gyk-baklap ýörendir: — Eje, men pylan zadymy gyş gizläpmidim ýa tomus? — Wiý, men näbileýin, oglum! — Eje, men öňräk bir haty okap, güldüm-ä, senem «Nämä güldüň?» diýip soradyň welin, «Äý, huşagetirijiden bir hat gelipdir» diýdim-ä, şony nirede gizledim men? — Wiý, men näbileýin... Gaty gerekmidi onyň? — Gaty gerekdi. — Gysylma, oglum! Hat diýeniň ýene geler, başyň dik bolup dursa. ...Mydar Aşyryň bu hatyny öňküdenem beter gizledi-de, üç ülpetden gelen alty hatyň habaryny aldy. Bukjalaryň daşyndaky harplaryň henizem şol gygyryp durşy. Ynha, bu iki hat Hanlardan, biri Altyna, biri Tylla. Bu ikisi Beglerden, biri Towşana, biri Sülgüne. Bujagazlaram Serwerden. Häý, Serwerjik, zalymjyk, kezzapjyk. Gyzlargüle hatjagaz ýazypsyň-ow! Ýazyber! Bujagazyň kimedir onsoň? Ä-ä... «Gyratlyýewa»? «Ogulhana»? Be-e... Şeý diý-ä. Şunyňy indi Mydar öz eli bilen eltip, Gyratlyýewa Ogulhana gowşurmaly diý-ä. Bor, Serwer jan, bor! Gowşurarys! Ýo-o-o, biz bir gabanjaň adam däl. Nämesini gabanjag-aý... Gowşurarys diýýän-ä. Hanlar beg, Begler han, siziňkem gowşurylar. Oň gürrüňi bolmaz. Ertesi Tylla ýazylan hat Altyna, Altynyňky Tylla, Towşana barmaly hat Sülgüne, Sülgüniňkem Towşana, «Gyratlyýewa» diýlen bukja-da Gyzlargüle gowuşdy. Bukjalaryň daşyndakydyr-u-içindäki harp janawarlaryň bolsa şol «Söýýän, söýýän!» diýip gygyryşyp durşy. Hanlaryň, Begleriň, Serweriň «Gyz söýseň, ikisini söý, biri dursun zapasda!» diýlen çuňňur pähimi abyrsyz urga sezewar boldy. Ogulhana bolsa Mydar dözmedi, şeýlelikde, Gyzlargüle ýazylan hat beýleki eýesiz hatlaryň küdesine düşdi. Şondan kän wagt geçmänkä, Gyzlargül özüne berlen haty hak eýesine — Ogulhana uly dabara, gizlin ýaňsy, pynhan ýigrenç bilen bilelikde elin gowşurdy. Ogulhan görgüli geň galmadan ýaňa onuň ýaňsysynam duýmady, ýigrenjinem. Öýlerine girip, haty açansoňam, gaýtalap-gaýtalap okansoňam, ynanmady. Bu gyzlarda oýun kändir, ylaýta-da, Gyzlargülde. Gyzlargül barka, Serwer, heý... «Eý, Ogulhan, indi näçe wagtdyr, meniň ýüregim sen diýip bikarar. Näçe gezekler pynhan ýerde durup, seniň tylla saçlaryňy şemala ykjadyp, buýsançly başyňy belent tutup barşyňy synladym. Ýöne ýekeje gezegem öňüňden çykaga-da, «Ogulhan, meňň-ä ýagdaýym şeýle!» diýaýmäge bognum ysmady....» Ogulhan aýnanyň öňüne baryp, hersi bilek ýaly, altynsow örümlerini, uzyndan dik boýnuny synlady. Dogrudanam... «Ogulhan-a, tüweleme, gitdigiçe ejesine meňzäp barýa» diýmes-ä bardy Annahal ejäniň. «Ejeň görgüli sary erik ýaly bir gelindi-le!» diýmesi bar onuň. «Eý, Ogulhan, indi näçe wagtdyr...». Ýok, gyzyň tapjak gep-ä däl bi, onda-da Gyzlargülüň. Görk bile görmek onda bardyr, şa gyzy ýaly, bir gyldan bezenmek onda bardyr, ýöne beýle-beýle sözler welin... Ýüreginiň gürsüldisi kakasyna-da eşidiler öýdüp, Ogulhanyň gara jany galmady. Ýöne Gyratly aga gyzynyň ýüzündäki aladany ýa aňmady, ýa aňmazlyga saldy. Gelenden, şol öňküleri ýaly: — Oglum, bu gün näme bişirdiň? O-how, o-ho-ow... — diýdi-de, saçagyň başyna çökdi. Çaý-nahardan keýpini kökläbem, şol öňki pälwan ukusyna ygtyýaryny tabşyrdy, goňşy-golamyň gürjülerini uzakly gije üýrmäge mejbur edýän meşhur horruldysyna başlady. Ogulhan öz otagyna geçdi, ejesini ýat edip, ony öňküdenem beter küýsäp, sessizje aglady. «Eje, maňa şeýle-şeýle hat geldi. Hat geldimi — bagt geldi? Ynanaýynmy ýa ynanmaýynmy?» Gyz ýüregi — uçup barýan bagt guşy. Depäňe gonsa-da gonaýar, gonmasa-da — öz erki. Onuň gonup-gonmanynam her kes birbada bilebilmez. Gondum-gondum diýende, ürküp, ýene al-asmana göterilip gitse-de gidibir. Emma! Emma! Nirä gonup — nirä gonmaly däldigini, nirede höwürtge tutunsa boljagyny, nirede-de ganatynyň gyryljagyny şo guşuň özi bir bilýärmikä? Bilýärmikä?! Öz «ýeserje» hasabynda goýberen hatasyndan bihabar Mydar Ogulhana ýazylan ikinji haty hem Gyzlargüle eltip berdi. Gyzlargülem bukjanyň daşyna çala bir göz gyýtagyny aýlady-da, ony eliniň tersi bilen Mydara tarap gaýdyryp goýberdi: — Munyňy elt-de, eýejigine ber! Mydar haty alyp, içini güldürip, yza döndi. Ýeňsesinden Gyzlargülüň «Golak maňlaýygara...» diýip hüňürdäninem göwnüne almady. Anha, indi bu haty eýejigine gowşursa-da bolar. Ogulhan, barybir, ynanmaz. Ogulhan akyllydyr. Agyr ýer ýalydyr o görgüli! Pä-heý, Serwerjik, zalymjyk, doňuzjyk... Oýunjyk eden bolýaň-ow! «Degse — başyna, degmese — ýanbaşyna» diýýänsiň welin, seniň ojagaz onuň pys geçäýse gerek. Gel-gel, Ogulhanmydyr saňa özüni oýnatjak! Gel-gel, senmi indi Ogulhana aşyk boljak! Entek Gyzlargül bir başyna itiň derisini geýdirsin bakaly! Iki toýdan galjak görümsiz diýerler saňa. Ogulhan haty aldy. Öňküleri ýaly gyzarmadam. Özem, nämüçindir, Mydaryň boş ýeňine ýiti-ýiti seretdi. Şol hallan atyp duran boş ýeň, nämüçindir, Ogulhanyň gözüne dürtüldi. Häý, neresse... «Eý, Ogulhan, meniň öňki hatym, belki, saňa gowşandyr. Belki, okansyň, belki, okaman, zyňyp goýberensiň. Gözel göwnüň, Ogulhan jan! Zarym bar-da, zorum ýok...» Her harpy halka-halka, her setiri bir keşde bolup duran bu ýazgylar diňe Serweriň el astyndan çykyp biler. Synpda şoň haty ýaly owadan hat başga kesde barmydy! Günüň çoguna ýanyp-bişip, gurap ýatan gamşyň lowlap tutaşmasy üçin, geçip barýan bir ýoknasyzyň tötänden oklan çilim galyndysam ýeterlik. Söýgä suwsap, tebsiräp duran göwne, käte, geçip barýan bir kelpeziň oýundan oklan sözem ýeterlik. Ýaradan söýgi diýlen, ýanyp duran gyzyl oda adamy nämüçin heniz çalbeýni juwan ýaşda sezewar edýärkä? Bu apat, bu däli sil, akyly goýalşyp, teni gatap, ýüregi bişişen adamynyňam aňkasyny aşyrjag-a! Dananam däliretjeg-ä bu! Ýeri, onsoň, düýnjük çybyk münşüp, ýa-da gurjak-gurjak oýnaşyp ýören bu gögele bendeleriň nädip dursun onuň garşysyna?! Bu yşkyň ýolunda ýanan janlary, köýen ykballary, weýran bolan galalary, duşman bolan adamlary... hasaplap otursaň-a, söýmek — günä! Dowzahyň deň ýarysy söýginiň hasabyna dolan bolmagy mümkin. Agta ýaby ýaly, gulagyny sallap, irkiljiräp ýören dünýebizarlary ýa-da bir ojagyň başynda it-de pişik bolşup oturan, bir-birinden bizarlary synlasaňam, söýmezlik günä! Hüýr-gulmanlar bolmasa, jennetiňem gyzygynyň deň ýarysy gaçmagy mümkin. Diýmek, onda, söýmegem günä, söýmezligem! Şu iki günäniň, şu iki oduň, şu iki daşyň arasyndan sag-aman başyňy alyp çyk-da çykybilseň! Ogulhan ýene aýnanyň öňüne bardy. Aladadan, gussadan, dyňzap duran duýgulardan ýaňa birazajyk ulalan gözlerini, çalaja gyzgylt öwüsýän ýaňaklaryny, tegelenipjik duran eňegini birin-birin, siňňin-siňňin synlady. Gyzlargülüň gözlerem, birneme giňräkden çyzylan diýmeseň, şundan üýtgeşik däl-ä, meňzem biraz akýagyz diýmeseň, gaşy gararak, kirpigi uzynrak, burny inçeräk, eňegi kiçiräk, dodaklary ýukarak, nepisräk diýmeseň... Howwa-da! Dogry-da! Ertesi öňünden çykan Gyzlargülüň salam-heliksiz, deňinden tasanjyrap geçmesinem ol özüçe ýordy. Gyzlargüle birhili ýüregi awady. Şol barmaşa, pete-pet maňlaýdan gelen Mydary bolsa Ogulhan asla görmedem. Diňe jyňňyrdydan hem «Ýer-ow, Gyzhan, näme, welsepidiň aşagyna düşjek bolýaňmy?!» diýen sesden soň özüne geldi. Deňinden, deger-degmez bolup, ýeserlik bilen öwrülip geçen Mydaryň yzyndan: — Häý, golak ýerçeken... — diýip galdy. Öz agzyndan çykan söze-de özi geň galdy. Golak ýerçeken şol sürşüne, köçäniň ortarasyndan gelýän başga bir çalsaç pyýadanam gorkuzyp geçiberjek boldy welin, ol pyýada Mydaryň bedewiniň jylawyndan şapba tutdy-da, doňduryp goýdy: — Ba-a, E-e! Eg-e-e? Mydaryň bedewini büdreden — obanyň lal ogly Hutdy eken. Neressäniň hak ady Hudaýgulymy, Hudaýnazarmy, Hudaýberenmi — ony bir-ä Hudaýyň özi, birem Hutdynyň ejesi bilýär. Galanlaram bir «hudaýynyň» bardygyn-a bilýärler. Ýöne bir kemmagal hem kemli ýigide onça uzyn ady rowa görmän, oňa diňe «Hutdy» diýäýýärler. Hutdy bir eliniň süýem barmagy bilen beýleki eliniň aýasyna bir zatlar çyrşaşdyran boldy-da, Mydaryň egnindäki goşhalta tarap ümledi: — Eg-e-e? Mydar başyny ýaýkady: — Ä-ä. Hutdy uludan demini aldy: — E-e-e... — Ýer-ow, Hu, sen kimden garaşýaň hata? Hutdy gözlerini ýeserje güldürdi-de, barmagyny çommaltdy: — E! E-e-e! Mydary-da özi ýaly ýarym adamrak görýärmi ýa-da adamlaryň Mydary şeýleräk görýänligindenmi, garaz, Hutdy ony özüne golaý, syrdaş hasaplaýar. Mydaram onuň lallygyna bil baglap, oňa käbir syrlaryny ynanaýýar. Ätiýaçdan «Hiç ýerde syzdyraýmagyn!» diýibem tabşyrýar. Bu obada Hutda, Mydardan başga-da, içini dökýän az däl. Ikiçäk. Her kimiň birki sany aýtmasyz syry bolýar. O-da aňsat içe syganok. Iskender Zülkarnaýnyň dellegi ýaly, gurruk guýa girip, zowladyberesiň gelýär. Emma, gurrukda-da gulak bolmagy mümkin. Onsoňam, bäri-bärde gurruk barmy! Ine, şeýle ýagdaýda, Hutdydan amatly gürrüňdeş ýok. Arkaýyn aýdyber! «B-ä-ä» diýer oturar. — Äý, bolýa, Hu! Gaýgy etme, hatyň geler. Geldigem, moment gowşyryn. Hutdy lagyr-lagyr güldi-de, Mydaryň ýagyrnysyna patladyp goýberdi. Mydaryň tas kebzesi içine çöküpdi. Goşhaltasam egninden syrylyp, ýere gaçdy. Lalyň, keriň, körüň eli gaty güýçli bormuş diýýänleri çyn eken. Mydar goşhaltasyny ýerden göterip, Hutdynyň egninden asdy, tigrinem onuň eline tutdurdy. Soň eliniň aýasyna tüýkürdi-de, entegem «Ga-ga-ga...» edip duran Hutdynyň iki kebzesiniň ortarasyna bir ýelmedi welin, Hutdy gülküsine düwnüpmi ýa ýagyrnysynyň yzasynamy — göm-gök bolup, üsgürmäge durdy. — Ine, indi boldy. Getir sumkany, tigrem beräý! Hutdynyň ýaşaran gözlerini kesä sowşundan onuň gaty öýkelänini aňdy-da, Mydar egni bilen ony çalaja itekledi: — Bolýa-how! Öz oýnuna görä oýun edilýä-dä. Çydajagyňy bilip, soň urulýa-how... Neme, Hu, kino göresiň gelýärmi? — E-e? — Kino diýýän. Ine, şuň ýaly, wo! — Mydar başam barmagyny çommaltdy. Hutdynyň gözleri ýiteldi: — Be! — Onda, bazar güni agşam on ikiden soň, kluba baryber. Ýa-da meň üstümden gel, bile gideli. Ýöne ýanyňa köpräk pul algyn! Hutdynyň öýke-kine ýadyndan çykdy. Ol balagynyň bir taý jübüsine pat-pat urdy-da, «onuň puldan ýaňa ýarylaýjak bolup duranlygyny, özüniňem bu pullary dostlardan gaýgyrmajakdygyny» duýdurdy. Hutdy kiçijikkä, adamlaryň bolşuna geň galardy. Aýdaly, biri başga biriniň ýanynda «Biz-ä şuny başlygyň nemesini süpürip ýa-da nemesini ýalap alamzok» diýýär. Şol wagt gapdalda oturan üçünji birem «Nemäňi nemedeýin, sen näme diýjek bolýaň, kime diýjek bolýaň?» diýäge-de, hüwläp galyberýär. Ýeri, diýse diýipdir-dä, oň üçin sen şeýdip galybermelimi onsoň?! Hutdy soň, ulalansoň düşündi. Asyl hüwläp däl-de, güwläp galybermeli eken. Ýüregiň ýarylaýmaly eken. Hutdy käte adamlaryň bir-birine aýdýan sözlerini diňläp görýär welin, agramy ajy, kinaýaly, gyşyk sözler. Şonuň üçin, eşidýänlerem şol. Kimi görseň, kimdir birinden nägile. Elbetde, durmuş bi, agyryşman-ynjaşman bolýan däldir, belki. Ýöne... (Dowamy bar)... Kömek KULYÝEW | |
|
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çakylyk - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||