19:12 Türki ýurtlary gezen derwüş tüýsündäki jansyz: Arminiý Wamberi | |
TÜRKI ÝURTLARY GEZEN DERWÜŞ TÜÝSÜNDÄKI JANSYZ: ARMINIÝ WAMBERI
Taryhy makalalar
Wamberi derwüş tüýsünde türkleriñ iñ mährem şäherleri bolan Samarkant, Hywa ýaly ýerleri aýlandy. Wamberi diñe bir türkolog bolman, şol bir wagtyñ özünde ýörite taýýarlykly jansyzdy Arminiý Wamberi taryhyñ iñ beýik türkologlarynyñ biri bolsa gerek. Ahmet Hikmet Müftüogly onuñ ýazgylaryny "Türk ojaklarynda" uly märekeleriñ öñünde belent ses bilen okardy. Wamberi diñe bir türkolog bolman, şol bir wagtyñ özünde ýörite taýýarlykly jansyzdy. Ol derwüş tüýsünde birnäçe ýyllap Stambulda ýaşaýşy ýaly, Türküstany-da boýdan-başa paýu-pyýada aýlandy we hiç kim onuñ näjüre adamdygyny duýmady. 1913-nji ýylda iñ soñky demini tabşyrýança türki halklar boýunça barlaglaryny bes etmedik jansyz derwüşiñ haýran galdyryjy adatdan daşary ömür ýoly bardy. Arminiý Wamberi • Arminiý Wamberiniñ ömri Jansyz derwüşiñ ömür ýoluny we eden işlerini öwrenenimizde iñ uly gollanmamyz onuñ "Orta Aziýa syýahat" ("Travels in Central Asia") ady bilen çap edilen kitaby boldy. Wamberi 1832-nji ýylyñ 19-njy martynda Wengriýada jöhit maşgalasynda dünýä indi. Çagalygynda başdan geçiren bir şikesi zerarly hemişe agsap ýöräpdir. Wamberiniñ hobbi derejesinde türkler bilen aýratyn gyzyklanmagynyñ sebäpleriniñ biri-de, wengerleriñ aslynyñ türki halkdan gelip çykandygy hakdaky çaklamady. Wamberiniñ dogabitdi dil bilmäge bolan aýratyn ukyby bardy: ol ýañy 15 ýaşyna ýetende wenger, latyn, ibrany, nemes dillerini suwara bilipdir. Az wagtdan soñ pars, italýan, rus dillerini-de suwara öwrenipdir. Dört ýyla golaý wagt Stambulda ýaşan Wamberi türk dilini-de arkaýyn okap-ýazyp biljek derejede öwrendi. Aýratynam, diwan edebiýatyny ilik-düwme bilýändigi üçin köp sanly tanymal türk ýazyjy-şahyry we döwlet işgärleri bilen ýakyndan tanyşmak mïmkinçiligini tapdy. Stambulda ýaşan döwründe Reşit ependi ady bilen gezen Wamberi yslam dininiñ meseleleri boýunça-da özüni mazaly türgenleşdirdi. Türküstan derwüşiniñ eşigindäki Arminiý Wamberi Belli bir wagta çenli Eýranda bolan Wamberini derwüşden tapawutlandyrmak mümkin däldi. Türküstana gitmezden öñ baran ilçihanasynda özüniñ wengeriýalydygyna hiç kimi ynandyryp bilmedi. Derwüş tüýsünde Hywa, Samarkant, Buhara ýaly türk welaýatlaryny gezen jahankeşde derwüş türki halklar hakda jikme-jik maglumatlary toplapdyr. Haja barýan ýolagçylara goşulyp ýolagçylygyna başlan Wamberiden birinji şübhelenen Buhara emiri Muzaffereddin bolupdyr. Emiriñ agsak aýagyñ bilen nädip ýol aşyp bilýärsiñ diýen soragyna Wamberi diýseñ akylly we türk taryhyny ilik-düwme bilýändigini görkezýän jogabyny beripdir - Siziñ atañyz Emir Teýmirleñ agsakdygyna garamazdan bütin dünýäni eýelemedimi näme?!. Ol Hywa hany Seýitmuhammet hanyñ aýratyn sylag-hormatyna mynasyp boldy. Han Hywanyñ iñ uly yslam alymy bilen yslam dininiñ meseleleri boýunça ylmy çekişme girmegi towakga etdi. Netije diýseñ täsin gutardy, derwüş sypatyna girip türki ýurtlary aýlanyp ýören Wamberi bu çekişmede türk alymyny ýeñip, şan-şöhrat gazandy. Sylag hökmünde oña 20 altyn pul we bir eşek sowgat berildi, emma Wamberi hakyky yslam alymynyñ pul almaýandygyny aýdyp, berlen sylaga gabagynam galdyrmady. Reşit ependi ady bilen syýahatyny dowam etdiren Wamberi türki halklar tarapyndan aýratyn uly sylag-hormat bilen garşylanýardy. Ahyrsoñy bir owgan mollasy onuñ kapyrdygyny we öldürmek gerekdigini aýdyp, märekäni aýaga galdyrypdyr, emma märeke Reşit ependiniñ (Wamberi) üstünden baranda, ol özüni ýitiripdir diýiljek derejede namaz okap duran eken welin, adamlar owgan mollanyñ özüni ýazgaryp, ony Wamberiden daşlaşdyrypdyr. Wamberi epilepsiýaly bir owgana kömek edende, onuñ öz kimdigini syzjak bolmagyny kitabynda şeýle beýan edýär: "Eger ol adamy tutgaýy tutan badyna Bimzenşteýniñ beren zäher gerdejiginden birini beren bolsam, it ölen ýaly ölübem giderdi. Ýöne men beýtmedim. Ol Hywa baranymyzda meniñ kapyrdygymy subut etmäge synanyşanam bolsa, Hywa hany oña ynanmady. Gaýtam ony gök eşege ters mündürip, Hywanyñ köçelerine aýladyp, adamlara daşlatdyrdy. Arminiý Wamberiniñ marşruty[/i] • Derwüşiñ jansyzlygy Wamberiniñ marşruty diýseñ täsindi. Onuñ Eýrany, Owganystany, Türküstany öz içine alan ýurtlarda öñünde goýan ýeke-täk maksady türki halklary tanamak däldi. Wamberi iñlisleriñ hasabyna maglumat toplaýan jansyzdy. Stambulda bolan wagtynra Hüseýin Daim paşa ýaly möhüm döwlet adamlary bilen dostlaşyp, hatda Sadyk Rifat paşanyñ öýüne myhmanam alynypdy. Onuñ kimdigini we edýän işini soñ-soñlar Budapeştdäki osmanly ilçisi Şekip ependi aýan etdi. Göterip ýören osmanly adynyñ galpdygy belli bolan derwüşiñ ýazgylaryndan peýdalanjak boldy. Mim Kemal Öke onuñ Stambulda sadrazam (baş wezir) bilen duşuşandygyny ýazýar: "Onuñ birinji eden işi osmanly ilçisi Haýdar ependini baryp görmek boldy. Başga bir ýumuş bilen Stambula gaýdyp gelen Haýdar ependiniñ ýerine bellenen Ysmaýyl ependi-de oña ýeterlik üns berdi. Indi onuñ kimdigini gizläp oturmagynyñ hajaty galmandy. Başyndan geçenleri Eýranyñ şasy Nasreddine gürrüñ beren Wamberi üç aýlap Tähranda dynç alyp, ýadawlygyny giderdi. Syýahatynyñ dowamynda ýaşyrynlyk bilen arap elipbiýinde, ýöne wenger dilinde ýazan belliklerini gözden geçirdi. Osmanlynyñ golastyndaky ýurtlary arkaýynlyk bilen geçensoñ, Stambulda sadrazam Ali paşa bilen duşuşyp, onuñ haýyşy bilen Orta Aziýany gürrüñ berdi. ("Köşkdäki jansyz") Soñ-soñlar samarkantly häkim Rahman biýden onuñ jansyzdygy añşyrmadyñyzmy diýip soralanda, ol "galp derwüşiñ" kimdigini syzandygyny, emma onuñ yslam teologiýasy hakdaky bilýän zatlaryna haýran galandygy üçin muny aýan etmegiñ pikirinem etmändigini" boýun alypdy. Wenger dilçisiniñ iñlisleriñ hasabyna jansyzlyk etmegi-de, Angliýanyñ Eýrandaky ilçisi ser Çarlz Allison bilen tanyşmagyndan soñ başlanýar. Arminiý Wamberiniñ "Galp derwüşiñ Orta Aziýa syýahaty" eserinde onuñ Angliýanyñ Geografiýa jemgyýeti bilen ýakyn gatnaşykdadygy belli bolýar. Onuñ syýahaty iññän howpludy: çünki Soltan Abdylhamydyñ özem derwüşleri jansyz edip ulanýardy we orslar şu boýunça örän hüşgärdi. Aýratynam iñlis jansyzy hökmünde ele salynmagy onuñ ýagdaýyny hasam ýaramazlaşdyryp biljekdi. Ilçihananyñ lukmany Bimzenşteýn ele salynan ýagdaýynda awy içip ölmegi üçin oña ýörite zäherli gerdejikleri taýýarlapdy: - Wamberi, diýmek sen Buhara gitmekçi-dä? - Hawa, lukman, gitmekçi. - Türküstana giden maýor Konellä näme bolanyny bilýäñmi? - Näme bolanmyş? - Onuñ kellesini kesip, minaradan asyp goýdular, ony gözlemäge giden Stoddarty hem şeýtdiler. - Türküstana başga-da gidenler bolandyr-a? - Hawa, başga-da gidenler bar. Meselem, Blokwili türkmenler öldürdi. Şeýle-de, Waýsberi hem dereksiz ýitdi, ondan şindizem habar-hatyr ýok. - Lukman, men uýgunlaşyp bilýän adam. Türküstana tomaşa gözlemek üçin gidemok. Men ylym üçin özümi gurban ederin. Buharany görmäge sabyrsyzlanýaryn. Şeýle-de, alan terbiýäme hem ynamym bar. - O nähili terbiýe? - Men özüme erk edip bilýärin. - Bolýar, bolýar, ugramankañ meniñ ýanyma gelip gideweri. Syýasy işleri bilen bir hatarda ylmy tarapdanam pikirleri iññän gymmatly Wamberi wengerleriñ aslynyñ türki halkdan gelip çykandygyny tassyklaýan işleri bilen öñe saýlanýar. Onuñ pikiriçe wengerleriñ etniki gelip çykyşy we dili boýunça umuman türkileşen kowumdyr: Wenger halkynyñ we diliniñ ösüş prosesiniñ başynda türklerden has köp ugor elementleri bar. Emma wenger dilinde gürleýän etniki halkyñ soñky gelip çykyşy babatda beýle pikire gelmek mümkin däl, çünki mundan soñ türki elementler agdyklyk edýär we maşgala durmuşy, dini ynanjy, döwlet dolandyryşy, harby üpjünçiligi, etikasy, urp-adaty boýunça sözleriñ aglaba bölegi türki sözdür. Gysgaça aýdanda, wengerler wagtyñ geçmegi bilen türkileşej we dünýä taryhyna türk halk hökmünde giren gelip çykyşy boýunça ugor halkydyr. Wamberiniñ işleri we ural-altaý teoriýasy turançylyk (pantürkizm) ideýasynyñ ýüze çykmagyna sebäp boldy. Bu pikirler Osmanlydaky turançylarda gyzgyn seslenme döretdi. Birinji jahan urşunda Wengriýanyñ Osmanly bilen ýaranlyk etmegi "turançylyk" pikirini syýasy ideologiýa öwürme meýlini ýüze çykaranam bolsa, uruşdan ýeñilip çykylmagy Türkiýede we Wengriýada turançylyga bolan gyzyklanmanyñ ýitmegine getirdi. Wamberi "Paýtagt. Abdylhamyt" teleserialynda (Güwen Kiraç). Wamberi derwüş tüýsünde türkleriñ iñ mährem şäherleri bolan Samarkant, Hywa ýaly ýerleri aýlandy. Ol jansyzlyk edip toplan maglumatlaryny iñlisleriñ dykgatyna ýetirdi, emma ylmy taýdan orta atan pikirleri, aýratynam panturkizm pikirli ýazyjy-şahyrlaryñ arasynda uly gyzyklanma döretdi. Hususanam wengerleriñ aslynyñ türkidigi hakdaky pikirler köplenç iñlis jansyzy Wamberiniñ geçiren ylmy barlaglaryna goldanýardy. Mehmet MAZLUM ÇELIK. celikmehmedmazlum@gmail.com Duşenbe, 31.10.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||