11:41

Türkiýeli alymyň türkmen edebiýaty baradaky kitaby neşir edildi

Edebiýat täzelikleri
Категория: Edebiýat täzelikleri | Просмотров: 353 | Добавил: Garadag | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Edebiýat täzelikleri bölümiň başga makalalary

"Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady - 30.03.2024
Türkiýeli alymyň türkmen edebiýaty baradaky kitaby neşir edildi - 12.08.2024
Kitap arakesmesi - 14.05.2024
Halypa ýazyjymyzyň kitaby neşir edildi - 29.10.2024
Salman Rüşdiniñ münberde pyçaklanmagy barada aýdany - 15.06.2024
Nobel baýragyny almadyk ägirtler - 05.10.2024
Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024
Adam hekaýalary: Prawoslaw monah Dostoýewskini kürt diline geçirýär - 16.06.2024
Halkara Buker baýragynyň sanawy yglan edildi - 01.08.2024
Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024

Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Gurgencli  
324
85 million ilatly ýurtda bir kitabyň bary ýogy 500 nusgada çap edilmegi gaty geň galdyrdy. Bizde kitabyň tiražy 1000 ýetmese çap edip berjek çaphana tapmak kyn.

0
2 Moderator  
1471
Kabul ederlikli ýagdaý. Geñlär ýaly zat ýok. Neşirýatlar hususy. Ýazyjylar neşirýatlar bilen şertnama baglaşyp işleşýär. Bir neşirýat bilen şertnamasy bar ýazyjy başga neşirýatda kitabyny çykardyp bilmeýär (kitabyñ awtorlyk hukugy, köpeltmek hukugy we gaýry işleri ony çap eden neşirýata degişli). Şertnamaly neşirýat kitapdan düşen girdejiniñ belli bir bölegini awtoryñ hasabyna geçirýär. Şonuñ üçin başga neşirýat şertnamaly neşirýatdan birugsat ýazyjynyñ kitabyny hem çap edip bilmeýär. Ýazyjynyñ özüniñem çap edilen kitabyny neşirýatdan bidin ýaýratmaga hukugy ýok.
Ýagny, kitap söwdasy Ýewropanyñ bazar kanunlaryna kybap getirilen. Awtorlyk hukuklary doly güýjünde ýöreýär. Biziñkiler ýaly şama-şaýyrdy, alan-aldylyk ýok, ýa bolmasa bir saýt haýsydyr bir romany çap etdi diýip, hiç zadyñ anygyny bilmän (biz beýle adamlara meseläniñ anygyny düşündirmäge borçly hem däl!) ne terjimeçä, ne awtora, ne bu romana awtorlyk hukugy bar neşirýata dahylsyz başga biriniñ muny başga bir saýtda çap etdirjek bolma ýaly samsyklaç hereketleri hem etdirmeýärler.

* * *

Türkiýe hem kitap okyjysy az ýurtlaryñ biri. Şeýle-de, Türkiýede çap edilýän kitaplaryñ her neşiri 3000-5000-den geçmeýär.
Alyjysy köpeliberse, soñ 2-nji neşir, 3-nji neşir diýip çykaryberýärler.

0
3 gerceknazar97  
1736
Tüweleme guwandyrjy ýagdaý. Kitaby okasym geldi. Nireden tapyp borka, elektron görnüşi barmyka? Meniň pikirimçe ýene-de awtorlaryň sanyny köpeldilse gowy bolardy. Bolmanda awtorlaryň sanyny ýigrimä ýetirmeli. Her awtordan bir hekaýa ýa-da goşgy goýulsa-da bolar. Awtorlar barada maglumat bermek gerek däl. Goý okyjylaryň özleri gyzyklanyp gözlesinler.

0
4 Moderator  
1471
Ahmet Gökçimeniñ özi saýta agza. Köp hekaýalary kitapçydan alýar. Umuman gutlanmaly şowly synanyşyk. Birinji synanyşyk bolanlygy üçin şowly tarapyndan kemçilikli tarapy kän.
Ýygyndyny düzüji türkmen edebiýatyny içgin bilenok. B.Kerbabaýewiñ, A.Gowşudowyñ, N.Saryhanowyñ eserleri türkmen edebiýatynyñ aýry döwri, N.Rejebowyñ, O.Ödäýewiñ, G.Dañatarowyñ eserleri aýry döwri, S.Muhamowyñ, K.Ataýewiñ eserleri bütinleý aýry döwri. Umumy ýygyndy etmän aýry-aýry üç bölüme bölse, has gowy bolardy, okyjy üçinem hemme zat açyk-aýdyñ bolardy.

* * *

Sana kowalaşyp halys öwrenişipdiris. Ýogsa awtorlaryñ sanyny ýigrimä ýetirmegiñ däl-de, okanyña degýän gowy hekaýalaryñ sanyny ýigrimä ýetirmegiñ pikirini ederdik.

* * *

"Guwandyrjy" hiç zat ýok bärde. Eger çykarylan kitap iñ köp satylan kitaplaryñ sanawyna dagy girip, azyndan dört hepde birinjiligi elden bermän duran bolsa, onda "guwandyryjy" diýip bilerdik. Türk, rus dillerine eseriñi terjime etdirip 500 däl, 500.000 ekzemplýarda hem çykardyp bolar, eger çykdajysyndan gaçmasañ. Ýöne çykartjak 500 nusgadaky kitabymyzy 500 türk eline alyp oka(ýa)rmyka? Ine, şol ýeri gyzykly, hem şübheli... (Belki-de, şonuñ pikirini etmeýändigi üçin türkmen ýazyjylary dünýä derejesinde okyjylar gatlagyny edinip bilýän däldir? Dünýä derejesi beýlede dursun, öz içimizde-de tanalyp baryberenok. Pikirlenip göreliñ, hany!) "Özüni tanan weli" diýipdirler.

0
5 gerceknazar97  
1736
Eger siz edebiýat saýtynyň moderatory bolup şeýle düşünýän bolsaňyz, beýleki adaty okyjylardan nämä garaşmaly? Türk doganlarymyz türkmen ýazyjy-şahyrlarymyzyň gadyryny köpräk bilýän ýaly. "Gülüň biten ýerinde gadyry ýok" diýeliňmi. Her näme-de bolsa üns berlipdir, birneme çykdaýjy edilipdir. Bu diňe başlangyç. Dowamam geler nesip bolsa.

0
6 Moderator  
1471
Men pikirimi "edebiýat saýtynyñ moderatory" bolup däl-de, ýönekeý okyjy hökmünde ýazýaryn.
Pikirimizi ýazanymyzda garşymyzdakyñ haýsydyr bir statusyna seredip ýa-da ony ýatladyp däl-de, özümiz ýaly biri hökmünde garap ýazmagy öwrenmegimiz gerek. Bu boýunça okyjylaryñ arasynda diñe bir tapawut bolup biler: "bilýän" we "bilmeýän".
"Okaýan bilen okamaýan deñ bolarmy?" diýlenem bolsa, bilmezlik aýyp däl, bilmeýändigiñi bilmän bilensiremek aýyp. Ýöne muny ýazýanyñ özi bilmese, depesinden guýup bildirjek gümanymyz ýok.

* * *

B.Kerbabaýewiñ "Aýgytly ädim", B.Hudaýnazarowyñ "Gumlular", A.Gowşudowyñ "Perman", T.Jumageldiýewiñ "Gara ýyldyrym" romanlaryndan başgasy türk diline türk okyjylarynyñ islegi bilen däl-de, ýazyjylaryñ özara tanyşlygynyñ bardygy, meselem, Hydyr-Ylýas Amangeldiýewleriñ Hüdaýy Jan, S.Muhamowyñ Ahmet Gökçimen bilen salam-heliginiñ barlygy üçin terjime edildi.

0
7 Garadag  
128
Hemme aýdanlaryň bilen ylalaşýan. Bu hakda kitabyň awtoram sizi goldaýar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]