06:40 Türkler gylyjyñ zory bilen musulman boldumy? | |
TÜRKLER GYLYJYÑ ZORY BILEN MUSULMAN BOLDUMY?
Taryhy makalalar
Türkleriñ musulman araplar bilen gatnaşygy ilkinji dört halyf döwründe bolup geçýär. Omar döwründe araplaryñ Türküstana ýörişleri başlapdyr, Osman döwründe we hatda Mugawyýa-Aly içerki çaknyşyklarynyñ dowam edýän döwründe Alynyñ häkimleri tarapyndan türk topraklaryna arap ýörişleri dowam edipdir. Emewileriñ VIII asyryñ başlarynda Eýrany basyp alyp, Mawerannahra baryp ýetmegi bilen türkler bilen araplaryñ arasynda çaknyşyklar ýitileşipdir. Türki taýpalaryñ şol wagtlar birnäçe urug-boýy we döwleti bolupdyr. Araplaryñ ilkinji gatnaşygy türgeşler we hazar türkleri bilen bolup geçipdir. Gürrüñi edilýän ýerlerde ariana halklary ýaşapdyr we türkleriñ golastyndaky şäher döwletleri bolupdyr. Türk-arap uruşlary şol şäherleri ele geçirmek üçin esasan türgeşler bilen emewileriñ arasynda bolup geçipdir. Şäherler birnäçe gezek elden-ele geçipdir, sebitde hiç mahalam doly diýen ýaly emewi häkimiýeti gurulmandyr. Zulumlary bilen tanalan emewi serkerdesi Kuteýbe ibn Müslimiñ 706-715-nji ýyllarda eden gyrgynçylyklary türkleri we ariana halklaryny musulmanlaşdyrmakdan zyýada yslama garşy duşmana öwrüpdir. Emewileriñ göktürkler bilen ýeke-täk gatnaşygy-da ýene Kuteýbäniñ serkerdeligindäki söweşde bolup geçipdir. Mawerannahrda bolup geçen şol söweşde Külteginiñ serkerdeligindäki göktürkler emewileri derbi-dagyn edipdir. Araplaryñ sebitde agalyk etmeginiñ we araplaşmagynyñ öñüni alan türgeş kagany Suluk Çora araplar Ebu Müzahim (kynçylyk döredýänleriñ atasy) diýýän eken. Türk-emewi uruşlary emewiler 750-nji ýylda ýykylýança dowam edipdir. Yslam döwletiniñ agalygyny abbasy dinastiýasy ele geçirenden soñ, türk-arap gatnaşyklarynda täze sahypa açylypdyr. 751-nji ýylda araplar bilen hytaýlylaryñ arasynda bolup geçen Talas söweşinde garlyklar abbasylaryñ tarapyna geçip (hytaý çeşmeleriniñ aýtmagyna görä, beýleki tarapa geçip, hytaý goşunlaryna yzdan çozan) abbasylaryñ ýeñiş gazanmagyna uly goşant goşupdyrlar. Bu söweş arkaly garlyklar yslamyýeti has ýakyndan tanama mümkinçiligini tapypdyr, az hem bolsa, olaryñ bir bölegi yslamyýeti kabul edipdir. VIII asyryñ birinji ýarymynda bolup geçen şular ýaly wakalaryñ netijesinde türkleriñ gylyjyñ zory bilen musulman bolandygy baradaky pikirler näderejede dogry bolup biler? Ilki bilen-ä, araplaryñ gatnaşygy bütin türkler bilen däl-de, türkleriñ örän kiçijik bir bölegi bilendir. Araplaryñ Mawerannahrdaky halkyñ aglabasy türk bolmadyk şäher döwletlerinde eden gyrgynçylyklarynyñ Merkezi Aziýadaky Göktürkler ýaly güýçli türki döwletlerini gorkuzyp bilmejegi äşgärdir. Galyberse-de, araplaryñ Merkezi Aziýa aralaşjak goşunlary-da bolmandyr. Ikinjiden, emewileriñ Mawerannahrdaky basyp alyjylykly ýörişleriniñ yslamy ýaýmakdan zyýat olja maksatlydygyny görmek bolýar. Üçünjiden, türkleriñ ilkinji gezek köpçülikleýin ýagdaýda yslama geçmeleri araplary tanap başlanlaryndan 300 ýyl soñky döwürlere gabat gelýär. Şu ýerde-de, bütin türkleriñ däl-de, dürli urug-boýlaryñ dürli-dürli wagtlarda ýüzlerçe ýyla uzaýan prosesiñ dowamynda yslamy kabul edendigini görýäris. • ÜNSDEN DÜŞÜRILEN AÝRATYNLYK Kyrk ýyldan gowrak wagt dini añ-düşünjäniñ teoretiki tarapy bilen meşgullanan, praktiki tarapy bilenem halkyñ arasynda işlän biri hökmünde şu kesgitlemäni bermeli bolýar: Häzir ýygy-ýygydan ulanylýan esasy sözler bar, mysal üçin, "95%-i musulman bolan ýurt" ýaly sözler köplenç dogry manyny berenok. "95%-i musulman ýurt" sözüni ýüzlerçe ýyl geçenden soñ okanlarynda, halkyñ hakykatdanam tutuş 94%-niñ birmeñzeş ynanja uýandygyny, birmeñzeş ugra eýerendigini, birmeñzeş formada ýaşandygyny pikir ederler. Ýogsam bolmasa yslam diýlende näme düşünýändigi, nähili bilýändigi, praktiki amallaryñ nämedigi we näderejede berjaý edilşi ýaly meseleler adamyñ özüne bagly zatlar bolandygy üçin bulary tutuş jemgyýetiñ adyna berip bolmaýar. Galyberse-de, ýüzlerçe ýyl mundan öñki wagtyñ ylmy usullarynyñ şertinde çäkli mümkinçilikler bilen ýazylan ýazgylaey okanda, şul aýratynlyklara üns berilmelidir. Türkler "yslamdan öñki ynançlary bilen yslama meñzeşlig8 üçin añsatlyk bilen yslama girdiler" pikiri onçakly oýlanyp-ölçerilmän aýdylan pikirdir. Meñzeşlik tapasyñyz gelse, ýer ýüzündäki ähli dinleriñ arasynda onlarça meñzeşlik tapyp bilersiñiz. Bu ýagdaý halkyñ birnäçe asyra çeken dini öwrülişiginiñ esasly tutarygy bolup bilmez. Türkler ilki bilen-ä yslam döwleti bilen, soñra musulman bolan pars halklary bilen ýüzlerçe ýyllap syýasy-ykdysady, söwda we harby integrasiýanyñ içinde boldy. Yslam dini edil beýleki sami dinler ýaly gadymy jemgyýetleriñ dinlerine garanda has sistematiki, adamlaryñ uhrewi we dünýewi zerurlyklaryny kanagatlandyryp biljek hildedir. Şol bir wagtyñ özünde teblig dinidir. Ýagny, bilinmäge, tanadylmaga mätäçligi bar. Türkleriñ musulmanlaşmagyny maddalaşdyryp sebäplendirmegiñ ýerine ýüzlerçe ýyla uzaýan integrasion progresiñ netijesi hökmünde görmek iñ dogrusydyr. Aýşe SUJU. "SÖZCÜ" gazeti, 05.09.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |