TAGAM, ÇÖREK, BEREKET,
RYSGAL-DÖWLET BILEN BAGLY YRYMLAR
Çöregi bir eliň bilen döwseň, döwletiň gaýdar, iki ýerinden (dürli-dürli ýerinden) döwseň, rysgalyň gaýdar. Çöregi ikä böl¬mek bilen iki döwlen ýerini birleşdirmeli.
* * *
Ýerden çörek tapsaň, alyp üç gezek maň¬laýyňa degrip, bi¬rinji gezek ýere taşlan adamynyň günäsini geçmegi Beýik Taňrydan dilemeli. Ikinji gezek ony görüp, ýerden götermedik adamynyň günäsini geçmegi dilemeli, üçünji gezek öz günäňi geçmegi Beýik Taňrydan diläp, çagalaryňa rysgal-döwlet, bereket, jan saglyk dilemeli.
* * *
Çöregi arka ýüzüne goýmaly däl, çörege sarpa goýma¬dy¬gyň bolar, rysgalyň gaýdar¬myş.
* * *
Çöregi bir eliň bilen döwseň, döwletiň gaýdarmyş.
* * *
Nahar bişirmäge, hamyr ýugurmaga baş¬lanyňda «Iýlen-içilen Hudaý ýoluna sadaka bolsun!» diýip, duz atmaly.
* * *
Nahar iýip otyrkaň, eliňi ýere diräp otur¬maly däl. Alla¬ta¬ga¬lany sylamadygyň bolar.
* * *
Öňüňe äberilen nahary wagtynda iýmän saklasaň, nahar tit¬rär¬miş we rysgal göte¬rilermiş.
* * *
Agşamara pul sanamaly däl, rysgalyň gaýdarmyş.
* * *
Myhmana tagamy üç gezekden artyk hödür etmeli däl. Bi¬rinji gezek – Hudaýyň haky üçin, ikinji gezek – myhmanyň haky üçin, üçünji gezek – özüň (öý eýesi) üçin hödür etmeli.
* * *
Esgerlige giden ýigide bir çörejigi (kökejik) dişledip, asyp goýýarlar. Şol çöre¬jik: «Eýäm sag-aman gelsin» diýip, dileg edip durarmyş. Esgerlikden sag-aman gelen¬de, şol çörejikden bir bölejigini özüne iýdirmelimiş.
* * *
«Hamyrmaýany hergiz rysgaly aýra öýe başybütin berip goýbermeli däl. Ujundan biraz bölüp berip goýbermeli, rys¬galyň gidýär» diýen düşünjä eýerilipdir. Eltiňe, gelniňe, rysgy bir adamlara berseň bolýar. Ýatlara berlen hamyrmaýa üýt¬gemek bilen bolýar, ýa syrylyp çöregiň gaçar, ýa-da güllär.
* * *
Rysgal adamynyň ömründe ýigidiň gapysyny ýedi gezek kakarmyş. Şo-laryň birini hem tutup bilmeseň, gaýdyp gel¬mez¬miş, birini tutjak bolmaly. Eger birini tutup bilseň hem, «dep¬seň, yranmaz» diýilýäni bolar.
* * *
Tamdyryň başynda çörek bişirilende, ilkinji çörekden özüň datman, ile hödür¬lemeli däl. Rysgalyň gaýtmagy ahmalmyş.
* * *
Ir säher bilen puly birine bermeklik gowy görülmeýär. Rys¬galyň gidermiş.
* * *
Çörek bişirip durkaň, ilki oňa bir suw berilýär, çalarak gyzaryp başlanda, gyzyl suwy berilýär. Soňra bolsa, goparyp, suw sepe¬lemeli. Oňa «sogap suwy» diýilýär.
* * *
Çörek bişirip durkaň, çörege sepeleýän suwuňdan içseň, sogap bolar. Ol perişde nazary düşen suwmuş.
* * *
Çörek bişireniňde, kiçijik kökeler etmelimiş. «Şonda çagaň bolar, köpelip gi¬dersiň» diýlip, yrym edilýär.
* * *
Myhman gelende öňünden duz-çörek bilen çyksaň, mer¬te¬bäň artarmyş.
* * *
Iýlip-içilende saçagy ýeňse tarapda goý¬maly däl.
* * *
Çörek almak üçin saçaga iki adam birden el uzatsa, myh¬man gelermiş.
* * *
Naharlanyp otyrkaň, aýna seretseň, gör¬küň gaçarmyş.
* * *
Iki adam birden okara-çemçä el uzatsa, oňat habara garaşy¬bermelimiş.
* * *
Nahar iýlip bolnanda «doýdum» diýil¬meýär. «Nahardan bol¬dum», «Nesip edenden iýip bildik» diýmelimiş.
* * *
Myhman bilen iýip-içip otyrkaň, ol doýýança, nahardan çekilmeli däl. Eger myh¬man¬dan öň nahardan çekilseň, edep¬siz¬lik hasaplanylýar.
* * *
Tabagyň düýbünde az-owlak nahar galdyr¬mak¬lyk günä bolarmyş. Şeýtana paý goý¬dugyň hasaplanylýar.
* * *
Goňşokara dadyrylanda, öňi bilen goňşa ibermeli. Ýöne ilki özüň dadyp, soňra iberilmeli.
* * *
Nahar iýlip bolnandan soň, tabagy ýala¬maklyk sogap. Jen¬neti syrdygyň hasapla¬narmyş. Tabagyň içinde nahar galsa-da, gyralaryna eliňi aýlamalymyş.
* * *
Ýatylýan jaýda saçak beýikde goýulmaly däl.
* * *
Saçagy depäňde götermeklik ýaraşmaz.
* * *
Çöregi syňragyň bilen döwmeklik külli günädir.
* * *
Nahar edinip otyrkaň, dawa-jenjel et¬meli dälmiş. Dawa-jen¬jel kyrk günki rysga¬lyňa zeper ýetirermiş.
* * *
Nany oda söýäp, gyzdyryp iýmeli däl¬miş. Nan: «Meniň ýüzümi oda tutup ýylat¬jak bolsalar, ozaly bilen öz ýüzlerini oda tutup görselerdi, onda meniň ýüzümi oda tutmazdylar» diýer¬miş.
* * *
Saçagy boş goýmaly dälmiş, iň bol¬man¬da bir döwüm çörek bolmalymyş, ýogsam saçak gahatçylyga garaşarmyş.
* * *
Unaş bişirilip, gaýnap durka, gyzaryp köpürjikleýändir. Şo¬ny üç gezek aýyr¬ma¬ly¬myş.
* * *
Çöregiň üstünden ätleseň, rysgalyň ke¬me¬lermiş.
* * *
Anna güni kir ýuwsaň, döwletiň keme¬lermiş.
* * *
Tamdyr çöregini pyçak bilen bölüş¬di¬rip kesmeli dälmiş.
* * *
Çöregi ýeke eliň bilen döwmek, bir eliň bilen äbermek, üs¬tünden ätlemek, basmak günä hasaplanylýar.
* * *
Ak zady (süzme-aýran çal, süýt) ýere dök¬mek, üstünden bas¬mak günädir.
* * *
Ýazda ýaba ilkinji suwlar gelip baş¬landa, ýaba (suwa) duz sepseň, rysgal-bere¬ket inermiş.
* * *
Hamyr syçrasa, öýe myhman gelermiş.
* * *
Ir turan rysgal paýlaşygyndan ýetdik paýyny alarmyş.
* * *
Ojaga, tamdyra münmek günä hasap¬lanyl¬ýar.
* * *
Hamyr ýugranyňda, çörek bişireniňde ýa-da toý tutanyňda iniň halal bolmalymyş.
* * *
Hamyr ýugranyňda: «Meň elim däl, ha¬myra-suwa ökdeleň eli» diýip, hamyr ýugurmaga başlamaly. Hamyra duz atanyňda diňe ýagşy dilegler etmelimiş, şonda dilegleriň kabul bo¬lar¬myş.
* * *
Ertir bilen çörek bişirseň, dürtgüji ortadan urup başlamaly.
* * *
Öýleden soň çörek bişirseň, gyradan orta tarap dürtgüç urup başlamaly.
* * *
Çörek bişirmek üçin hamyry böleniňde, deň bölüp bil¬me¬seň, dostuňy-duşmanyňy tana¬maýanlygyňdyr.
* * *
Hamyr ýugranyňda, hamyrçanagyň gyra¬sy arassa bolmasa, gü¬nä bolar.
* * *
Hamyr edilip bolnandan soň, hamyrçanak ýuwlan suwy aýak basmaz ýaly ýere dök¬meli.
* * *
Döwen çöregiň bölegini goýsaň, rys¬galyň kemeler.
Taýýarlan: Gurbanjemal YLÝASOWA.
Halk döredijiligi we rowaýatlar