TOÝ DÄBI BILEN BAGLANYŞYKLY DÖRÄN YRYMLAR
Uly gyz çöregiň gyňagyny iýmegi gowy görse, ýat ýere durmuşa çykarmyş.
* * *
Gyz maşgalanyň eli, aýagy tüýlek bolsa, baý ýere durmuşa çykar.
* * *
Gazandan nahar iýseň, toýuňda gar ýagar¬myş.
* * *
Naharyň kesmegini gowy görseň, toýuňda gar ýagar.
* * *
Gyz maşgalanyň sagrysyna, maňlaýyna urmak gowy gö¬rülmeýär, garamaňlaý bolar¬myş.
* * *
Uly gyzyň etegine gyzgan ýapyşsa, oňa myjabat atyldygy hasaplanylýar.
* * *
Gyz maşgala ýanyp duran ody yza çekmeli däl, toýunyň yza süýşmegi ahmal.
* * *
Köp ýatagan ýigitler ýaramaz gylykly gyzlara öýlenermiş.
* * *
Gyz maşgala nahar iýilýän saçagyň çüňkünde otursa, yzyna eplemeli, ýogsa toýy yza çekilermiş.
* * *
Dört örüm saçyň yzky ikisi uzyn bolsa, onda gaýyn öýüň baý bolar, kelte bolsa garyp bolar. Eger-de deň bolsa, ikisiniň baýlygy deň bolar.
* * *
Saçyň bir bölegi örülmän galsa, ýetişen gyzyň bolsa, gu¬daçylyga gelner ýa-da gyzyň jorasy durmuşa çykar.
* * *
Käsäniň düýbünde çaý galsa, gyz maşgala üstüne çaý guý¬maly däl, eger guýsa, durmuşa çykmasy yza çekilermiş.
«Perzendiň gaşy çatyk bolsa, öz garyndaşyň bilen guda bo¬larsyň» diýilýär.
* * *
«Eger-de oglanyň ýa-da gyzyň kellesinde iki-üç burma bol¬sa, onda şonça gezek öýlener ýa-da durmuşa çykar» di¬ýilýär.
* * *
Uly gyz tikin tikende, sapagyny uzyn sapsa, daş ýere, gys¬ga sapsa, ýakyn ýere durmuşa çykarmyş.
* * *
Durmuşa çykýan gyzyň eşikleri tiki¬lende, sapagyň ujuny düwmän başlamaly. Bu «onuň maşgala durmuşynda düwün bol¬masyn, agzybir ýaşaşsynlar» diýen ýagşy arzuwlar bilen edilýär.
* * *
Gyza gudaçylyga barlanda, hoşgüni ýa-da ruhgüni gidilse, gowy bolýar.
* * *
Gudaçylyga gidilende «ak zat alnyňa ýagşy» diýlip, sawçylaryň gabagyna ak pagta ýelmeýärler.
* * *
Gyzly öýe gudaçylyga barlanda, eger guda bolmak niýet¬le¬rin¬de bolsa, eltilen saçagy açýarlar we öz çöreklerinden salyp, duz çalşygyny edýärler. Eger guda bolmak niýet¬lerinde bol¬masa, onda saçaga el degir¬me¬ýär¬ler.
* * *
Gyza gudaçylyga barlanda, düwünçekli barmaly. Düwün¬çegi çalşyryp berseler, guda bolaýmaklarynyň ähtimaldygyny aňladýar. Eger düwünçegi çalşyrman yzyna berseler, guda bo¬lun¬majagynyň alamaty.
* * *
Gudaçylyga barlanda ýedi gezek baranyň¬dan soň, gyz be¬ril¬mese, onda gaýdyp bar¬ma¬ly däl. Türkmen halkynda «Gyz¬ly öý – näzli öý», «Gyzly öý – gyzylly öý» diýlen nakyl¬lar hem bar. Gyz tarapyň näzini çekip, ýedi gezek sawçylyga gatnasaň-da, bermeseler, onda ýazylmadygydyr.
* * *
Gyza gudaçylyga barlanda, gyzyň öýün¬den bir bölejik çöregi bildirmän, alyp gaýtmaly. «Guda bolsunlar» diýen niýet bilen ýerine ýetirilýän yrym.
* * *
Käbir welaýatlarda gyz durmuşa çykary¬landa, ata-enesi tarapyndan gyza ak kündük (gummon, gulpsuz ýasalan kün¬dük) berilýär. Kündügiň içine bir çümmük duz, tüwi atylýar. Bu «Perzentleri köp bolsun, rysgally-döwletli bolsunlar» diýen niýet bilen ýerine ýetirilýän yrymdyr.
* * *
Käbir ýerlerde gyz durmuşa çykarylanda «bagt çyrasyny» ýakyp, eline berýärler, «ýol¬lary ýagty bolsun» diýlip, edilýän yrym. Şol çyra gaýyn öýüne barýança sönmän dur¬sa, gowuly¬gyň alamaty hasaplanylýar. Diý¬mek, ýaşlar agzybir bolarlar, tutan işleri şowly bolar, ýollary mydama ýagty bolar.
* * *
Gyz durmuşa çykarylanda oňa bir jübüt tabak, bir jübüt çemçe we ş.m. zatlar ber¬ýär¬ler. Ähli berilýän zatlar jübüt-jü¬büt¬den bolmaly.
* * *
Gyz durmuşa çykarylanda gyzyň ejesi oňa bir jam ber¬me¬li¬miş. «Gyz o dünýäde ejesiniň beren jamy bilen suw içermiş» diýen ynanç halk arasynda ýaşap gelýär.
* * *
«Gyz durmuşa çykansoň, gyzyň ene-atasy oňa göle, sygyr ýa-da başga bir mal bermese, gyzlary o dünýäde başýuwlugy gözläp ýö¬rermiş» diýilýär.
* * *
Gyz durmuşa çykarylanda ýany bilen süýji-köke, kişmiş, erik ýaly zatlar sa¬lynýar. Geçmişde muňa «gelniň jübüsi» di¬ýilýärdi. Häzirki döwürde bu yrym many¬sy¬ny üýtgedip, uly gap doldurylýar. «Süýjülikde ýaşaş¬synlar» diýlip, gabyň içine her hili ir-iý¬mişlerden salynýar, şol iýmişleri ýaşlar bilelikde iýmeli, dogan-garyndaşlaryna hem dadyrmaly.
* * *
Käbir ýerlerde gelinlige dokuz jübüt ha¬lat salynýar, «do¬ku¬zy düzüw» diýilýär. «Dokuzyň dü¬züw bolmagy» diýen düşünje hem şondan galypdyr.
* * *
Gyzyň adyna ozal hudaýýoly mal aýdy¬lyp, ol hem beril¬me¬dik bolsa, gyzyň toýy bolan wagtynda ýa-da gyz gaýdyp giden¬de şol mal berlip goýberilýär.
* * *
Gyz durmuşa çykanda joralary, deň-duşlary «ogly bolsun» diýen ýagşy niýet bi¬len her hili oýunjaklar, «gyzy bolsun» diýen niýet bilen bolsa gurjak berýärler.
* * *
Geçmişde şa gyzlaryna ýigit saýla¬danla¬rynda alma bilen ur¬du¬rar ekenler. Bu yrym edebiýata-da giripdir. Mollanepesiň «Zöh¬re-Tahyr» dessanynda «Tahyr Zöhre jany, Zöhre Tahyry alma bilen atyp urdy köşgünde» diýen setirlere gabat gelýäris. Monjugatdy bentlerinde-de şeýle setirlere duşmak bolýar:
Gyzyl gül dek ýigitleri
Alma atyp saýlalyň!
* * *
Geçmişde gyzdyr oglany ýaşlykdan adag¬lapdyrlar. Olary ulalandan soň birleşdi¬ripdirler. Şonda gyz ýigide ýaglyk, guşak ber¬meli bolupdyr. Adaglysyny halamasa-da, «Le¬bi¬zem agyz¬dan çykar, janam» diýilýär ekeni. Gyz şonda närazy bolup, şeý¬leräk setirleri aýdypdyr:
Gaýrada atlar boşandy,
Öňüne güller düşendi,
Haýp, meniň ýaglygym
Perman ogly guşandy.
* * *
Käbir ýerlerde gyz durmuşa çykarylanda atasy pata berýär. Eger gyz ene-atanyň diýenini etmese, ters pata beripdir. «Ene-ata¬nyň gargyşyna galsa, durmuşy gowy bolmaz» diýlip, yrym edilipdir. Gyza ýagşy pata berlende sanawaçlar sanalyp, abraý bilen ugradylypdyr:
Baran ýeriňde bagtyň bolsun,
Tylladan tagtyň bolsun,
Tylladan tagtyň bolýança,
Iki barmak bagtyň bolsun,
Goşulanyň bilen goşa garra!
* * *
Toý başlanmazyndan birnäçe gün öň goňşy-golamlar «oň bolsun-a» gelip başla¬ýarlar. Köplenç saçakly gelýärler. Saçaga jübüt çörek bilen üstüne süýji zatlar goýýarlar. «Toý süýjülik bilen tutulsyn, gelin gelen ýeri bilen agzybir, süýjülikde ýaşaş¬syn, tutan toýy oň bolsun, jübüt bolsunlar» diýlip, arzuw edilýär.
* * *
Käbir ýerlerde toý başlananda nahar çekilse, çorbanyň içine nan dogralyp iýil¬ýär. Munuň «Gelin ýumşak bolsun, gelen ýeri bilen agzybir bolup, garylyp-gatyşyp gitsin» diýen manysy bar.
* * *
Toý başlanmazyndan birnäçe gün öň «oň bolsun!» diýlip gelinýän wagtlary saçak ýyg¬nal¬maly däl, gelene-gidene hödür-kerem et¬meli.
* * *
Saçagyň üstünde çörek jübüt-jübütden go¬ýulýar. Täze myh¬man gelende çörek täzele¬nil¬ýär.
* * *
Toý saçagynda iki çörek saçagyň üstünde duran wagty aşa¬ky çöregi sogrup alyp döw¬meli däl, edepsizlik hasapla¬nylýar. Üst¬ki çöregi döwmeli.
* * *
Toýda duz datmak üçin äberilende çöregi iki gezek – jübüt döwmeli.
* * *
Käbir ýerlerde toýuň öň ýanyndaky gün¬ler¬de gyz tarapy «ýorgan tikdi» ýygnanyşy¬gy¬ny edýär. Şoňa ýigit tarapdan hem ýeňňeler gitmeli. Baryp ýorgan tikişmeli. Bu yrym «iki tarap agzybir bolsun, gowy garyşyp gitsin» diýlip edilýär. Şol ýerde guda taraplar «süýjülik bilen gatnaşylsyn» di¬ýip, oýunjak seç¬ýärler. Gyz tarapa ýörite saçakly, gatlama bişirilip barylýar.
* * *
Käbir ýerlerde nahar çekilende sylag-hormat bilen ýörite aýlanylyp, el ýuwdu¬rylýar. Eger eliňi ýuwan bolsaň hem ýuw¬maly, çünki bu yrym naharyň hormatyna edil¬ýär. Ýedi ädim ätlän bolsaň, eli täzeden ýuwdurma¬ly¬myş.
* * *
Gelnalyja gidilende ýyldyz bolmadyk ugra gidilýär. Öňüň¬de Myrryh ýyldyzy bolsa gowy görülmeýär .
* * *
Gelnalyja ugraljak bolnanda, «süýjü¬likde ýaşaşsynlar» diý¬lip, aýdym-sazly, raks (tans) oýnalyp ugralýar.
* * *
Gelnalyja gidilende, türkmen halky¬nyň yrym-ynanjyna gö¬rä, ulaglara atgulak dakylýar. Yryma görä, atgulaklar jübüt-jü¬bütden bolmaly. Näme üçin «atgulak» diýil¬ýärkä? Geçmişde gel¬nalyja at, düýe bilen gidiler ekeni. Atlaryň gulagyndan jübüt ýüpek ýaglyklar asypdyrlar. Şonuň üçin hem, «atgulak» at ga¬lyp¬dyr.
* * *
Käbir etraplarda gelnalyjy ugranda iki tegelek çörek alnyp gidilýär, ýolda ilkinji gabat gelen adama berilýär. Munuň «Çi¬le¬den gorap saklasyn, gelnalyjy sag-aman gidip gel¬sin!» diýen manysy bar.
* * *
«Maňlaýy ak bolsun!» diýen niýet bilen, gelin mündüriljek ulag ak bolsa, ýagşylyga ýorulýar, gara, sary bolsa gowy görül¬meýär.
* * *
Toýa gara reňkli sowgatlar edilse, gara at¬gulak asylsa, go¬wy görülmeýär. Umuman, türk¬men halky toýda gara reňkli zat¬lary ulan¬magy gowy görmeýär.
* * *
Geçmişde türkmen halkynda giň ýaýran yrymlardan biri hem «gelni palasa mündür¬mekdir». Ýeňňeleri gyzy palasa mün¬dürip, onuň bilen oturypdyrlar, tä pul berilýänçä, pa¬lasdan düşmändirler. Munuň gyzyň alnyp gidilmegine garşylyk gör¬kez¬mek manysy bar.
* * *
Gyz alnyp gidilende gyzyň zatlary üçin «bukja haky» diýlip, pul alynýar. Täze-täze yrymlar hem döräp gelýär. Ula¬gyň agzyny, gapyny tutýarlar, bukjalaryny saklap hem pul alýarlar. Garaz, «toýdan topukça», «yry¬myna ýagşy» diýip, bir zat aljak bolýarlar. Gelnalyjy tarap pul paýlaýar. Süýji, oýun¬jak, pul seçilýär.
* * *
Gelnalyjy ugradylanda öz obasynyň gy¬zynyň alnyp gidil¬megine garşylyk hök¬münde ýetginjek oglanlar gelnalyjyny «yrym-yrym» edip kesekleýärler.
* * *
Gyza gelnalyjy barlanda, gizlinlikde kesewi alnyp gaý¬dyl¬ýar. Munuň «Gelniň tamdyry my¬dama otly, rysgal-döwletli bol¬sun!» diý¬len ýagşy manysy bar.
* * *
Toýda gyz tarapda öldürilen malyň bag¬ryny, ýüregini bişi¬rip, gelnalyja berip goýberýärler. Ony ilkinji gije gyz bilen ýigi¬de iýdirmelimiş. «Çatynjalaryň ba¬gyr¬¬lary badaşsyn, ýürek¬leri bir bolsun!» diýlip, şeýle edilýär. Käte bolsa bagyr, ýü¬rek çigligine salnyp goýberilýär, gaýyn öýün¬de bişirilip, gyz bilen ýigide iý¬di¬rilýär.
* * *
Gyzyň atasy öýünde öldürilen malyň iki öň aýagy «gyzymyz ýüwrük bolsun, gaýyn¬larynyň hyzmatyny edip, ýüwrüp ýör¬sün!» diýen niýet bilen bişirilip, gelnalyja ber¬lip goýberilýär. «Atasy öýünden hem örküni üzmesin!» diýip, art aýaklaryny alyp galýar¬lar. «Ýaşlar ata-enelerini hem ýatdan çykar-masyn¬lar» diýlen ýagşy niýet bilen edilýär.
* * *
Ýoldan gelýän gelnalyjylar bölek matalary ýoldan geçip bar¬ýan adamlara, çagalara oklaýar ekenler. Bu «Size-de gelin almak miýesser et¬sin, size-de ýokuşsyn» diýen manyny berýär. Muňa geçmişde «ýol ýaglygy» diýlipdir. «Ýol ýaglygy» gyz tarapa eltilen atgulakdan (iki jübüt atgulak yzyna salynýar) ýyrtylýar. Häzirki döwürde «ýol ýaglygy» deregine pul hem seçilýär.
* * *
Köçeden gelnalyjy geçip barýan bolsa, eliň bilen maňla¬ýyňa sylmalymyş. Bu: «Bize-de Hudaý ýetirsin!» diýmekdir.
* * *
Käbir ýerlerde gyz durmuşa çykarylanda atasy öýünden iki sany gazyk hem çymyl¬dy¬ryk (tuty) berip goýberýärler. Iki ga¬zy¬gy ýere kakyp tutyny tutýarlar. Şol tutynyň aňyrsynda nika gyýyp, gelin bilen oglany oturdýarlar. Nika gyýlan gününiň er¬tesi gyz päk çyksa, süýtlaş bişirip, obadaş¬la¬ry¬ny çagyrýarlar. Olar hem: «Gazygynda garra¬syn!» diýşip, gelni ýüzlerine syl¬ýar¬lar. «Ga¬zy¬gynda garrasyn!» diýen alkyş sözi şondan galyp¬dyr.
* * *
Käbir ýerlerde gelinligiň ýany bilen ýeň¬ňesi gidýär. Gyz päk çyksa, ertesi «unaş to¬ýy» edilýär, hemmeler toýa gelip unaş içýär¬ler. Eger ýaramaz çyksa, beýle edilmeýär. Bu yrym ösüşleri başdan geçirip, däbe öwrü¬lip gidipdir. Soňra kyrk sany gatlama bişirilýär. Eger gyz päk çykan bolsa, şol gatlamalaryň ýüzüne her hili oýunjaklaryň şekili ýasalýar. Atasy öýüne ir bilen «gyz gowy çykdy» diýlip, habar edilýär, halat-serpaý, süýji zatlar iberilýär. Eger päk çykmasa, biabraýlyk hasap¬la¬nyl¬ýar.
* * *
Toýdan: «Bize-de ýokuşsyn» diýip, iý¬lip-içileninden soň, eliňi ýuwman gaýt¬ma¬ly.
* * *
Toýa jübüt nan äkidilýär. Munuň «Çatynjalar mydama jübüt bolsunlar, bagtly bolsunlar» diýlen manysy bar.
* * *
Toýda nahar dadyrylanda, «Bize-de toý¬dan ýokuşsyn!» di¬ýen ýagşy niýet bilen, tabagy ýuwman yzyna bermeli.
* * *
Toýda cörek hamyrmaýaly bişirilýär. Munuň «Hamyr çişip, köpe¬lip gidýär, toý hem köpelip gitsin, toý yzyna toý bolsun» diýen manysy bar.
* * *
«Eşigimizi mydama toýa geýmeli bolaly» diýen ýagşy ni¬ýet bilen, täze eşigi ilkinji gezek toýa geýseň, gowy görülýär.
* * *
Toý üçin çörek bişirilende, dürtgüji ortadan urup başlap, «Toýlar köpelip git¬sin» diýen manyda gitdigiçe köpeltmeli.
* * *
Gelni töre geçirip oturdanlarynda, käbir ýerlerde aşagyna düşekçe ýazýarlar, eger gelin düşekçäniň üstünde baryp otursa, akylly gelin hasaplamaýarlar, gelin düşek¬çäni aýryp oturmaly¬myş. Emma häzirki döwürde bu yrym manysyny üýtgedipdir, tersine, «ýumşak durmuşda ýaşasyn» diýip, gelinleri düşekçede oturdýarlar. Gaty ýerde oturtmaklyk bolsa, «ähli gatylyklary çydamlylyk bilen çeksin» diýen manyny berýär.
* * *
Käbir ýerlerde gelin oduň daşyndan aýla¬nylýar. Eger şeýle edilse, gelne «göz degmezmiş, arwah-jyn daramazmyş».
* * *
Käbir ýerlerde gelin bosagadan ätlände, «ak¬lyk üçin, gowy günler görsün» diýen ýagşy niýet bilen, aýagynyň aşagyna ak mata ýazylýar. Soňra şol matadan ýyrtylyp, toýa gelen märekä paýlanylýar.
* * *
Gelni öýe salyp, düşekçä oturtmakçy bolan¬larynda, yrym edip, öňi bilen rysgal-döwletli ýaşuly aýaly şol ýerde oturdýar¬lar. Soňra ol aýala serpaý ýapyp, turan ýerinde gelni oturdýar¬lar. Munuň «Şol ýaşuly, rysgally-döwletli aýalyň döwletinden ýokuşsyn» diý¬len manysy bar.
* * *
Käbir ýerlerde gelni bir-iki günden soň goňşy-golamlara salama aýlaýarlar. Olar hem boş goýbermezlik üçin, halat-ser¬paý ýapýar¬lar.
* * *
Köp ýerlerde gelin çörege çagyrylýar, boş goýberilse, hala¬nyl¬maýar. Yrym üçin bir zat bermelimiş.
* * *
Toý ýerden yrym edilip, görkezilmän, çäýnek-käse alynýar. Bu: «Toýdan bize-de ýokuş¬syn» diýlen ýagşy niýetli yrym.
Gelnalyjy ugralanda käbir ýerlerde ýag¬şy¬lyga ýorup, «Be¬la-beterden, howpdan-hatar¬dan özüň gorap sakla, Huda¬ýym!» diýlip, jäç döwülýär.
* * *
Ýaş gelne «Göz degmesin!» diýen ýagşy niýet bilen saçy¬na, köýneginiň goltugyna düýe ýüňi dakylýar.
* * *
Käbir ýerlerde gelni synap görmek üçin ýumurtga börek bişirip, gelne iýdirer eken¬ler. Eger gelin dökmän, damdyrman iýip bilse, iş başarjaň hasaplanylypdyr.
* * *
Käbir ýerlerde gelniň oturdyljak ýeriniň dört burçuny tutup durýarlar. Ýeri tutup du¬ran¬lara pul berip, şol ýeri «satyn al¬ýarlar».
* * *
Gelnalyjy gelni alyp gelende gelne, ýi¬gide göz degmezligi üçin ýüzärlik tüte-dil¬ýär. «Ýüzärlik ähli bela-beterden goraýar» diýlen ynanç halk arasynda ýaşap gelýär.
* * *
Gelin gapydan gelende, ilki bilen sag aýagyny ätläp gir¬meli. «Eger çep aýagyny ätläp gapydan girse, mydama ga¬ýyn¬lary bi¬len çepleşip ýörermiş» diýen gorky adamlaryň aňyna ornaşypdyr. Eger-de maş¬ga¬lada şowsuzlyklar ýüze çyksa, «Ge¬lin sag aýagy bilen ätläp öýe girmändir, gelniň aýagy düşmedi» diýilýär.
* * *
Gelin getirilende gaýyn ene ilkinji bolup görüşýär (egnine kakýar) ýüzüni açyp, ýüzüne sylýar.
* * *
Gaýynene «gelne göz degmesin» diýen yrym¬dan ugur alyp, oňa alaja, göz monjugy, düýe ýüňi, dagdan agajy ýaly zatlar dakýar.
* * *
Gelin gapydan gelende, gaýyn ene bil¬mezlige salyp, gelniň sag aýagyna çalaja basmalymyş. Şonda gaýyn ene gelinden rüstem bolarmyş, gelne diýenini etdi¬rer¬miş.
* * *
Gelin getirilende gaýyn ene ýa-da başga bir ýaşuly aýal bir elini sary ýaga, bir elini bala batyrýar. «Ýaşlar bal bilen ýag ýaly bolup garyşyp gitsinler» diýlen manysy bar. «Sag eli sary ýagda, sol eli ak unda» diýlip, bolçulykda ýaşamaklary arzuw edilýär.
* * *
Täze gelin gelende «aklyga bolsun» diý¬lip, gelniň maňlaýyna un çalynýar. «Bolçu¬lykda ýaşamak miýesser etsin!» diýlen ýagşy niýet bilen gelniň sag elini kendirige sokup çykarýarlar.
* * *
Nika iki taraplaýyn razyçylyk bolma¬sa, hakyky nika bol¬maz¬myş. Ýaşlaryň ikisi hem «men razy» diýip, üç gezek gaýta¬la¬ma¬lymyş. Ony ýanyndaky şaýatlaryň eşitmegi hökmanmyş.
* * *
Nikalaşylanda öýlenýän ýigit we gyz kämillik ýaşynda bolmaly. Şaýatlaryň hem ýaşy ýeten, akyly dury bolmaly.
* * *
Nika gyýlanda ýaşlaryň atlaryny tutma¬lymyş, şaýatlaryň hem atlaryny eşitdir¬melimiş.
* * *
Nika gyýlanda «Gelin süýji dilli, my¬laýym bolsun, ýaşlar süýjilikde ýaşaşsyn» diýlip, şerbet (nika suwy) paýlanylýar, nika suwundan ilki bilen ýaş¬lara içirmelimiş.
* * *
Nika gyýlanda taýýarlanylýan süýjülik suwuna kümüş at¬saň, ýaşlar rysgal-döwletli bolarmyş.
* * *
Nika gyýlanda ýüp düwülse, nika ýaramaz täsir edermiş.
* * *
Nika gyýlanda gaýçyny açyp-ýapyp dur¬maly, ýogsam nika¬nyň bagly bolmagy ahmal.
* * *
Nika gyýlandan soň, yrym edilip, gelin her hili synaglardan geçirilýär. Guşak çözdürilýär, ädik çykardylýar, köýnege ilik çat¬dyrylýar. Ýigidiň ädigini çykaryp, ge¬lin özüniň ýigide (ýan¬ýol¬daşyna) hyzmat etmäge mydama taýynlygyny duýdurýar.
* * *
Nika gyýlanda ýedi ädimlikde ak, gara, sary mata ýedi bö¬lege bölüp gyrkylsa, şol gelne çile düşýärmiş. Ýaman niýetli adam¬laryň şeýle etmeginden çekinilýär. Şonuň üçin hem nika iň ýakyn adamlaryň gatnaşmagynda gyýylsa gowy görülýär.
* * *
Nika gyýlanda biri bosaganyň üstünde otursa, ýagşylyga ýorul¬maýar.
* * *
Nika gyýlanda bir adam ellerini bir-biriniň içinden geçirip otursa, gowy gö-rül¬meýär. Nikanyň bagly bolmak ähtimallygy bar.
* * *
Nika gyýlanda ýigit bilen gelniň ara¬synda oturmaklyk go¬wulyga ýorulmaýar.
* * *
Nika gyýlanda ýigit bilen gyzyň haky¬ky ady soralýar. Käte söýlüp dakylýan atlar bolýar, çyn ady hem ýalan ady diýilýär. Ha¬ky¬ky ady aýdylmasa, hakyky nika bolmaýar.
* * *
Nika düşeginiň burçuna aşyk ýa-da şaýlyk salnyp tikilýär, tutulýan täze maş¬ga¬lanyň ogully-gyzly, döwletli-rysgally bol¬ma¬gy arzuw edilýär.
* * *
Gelin gutlamaga gelenler: «Gelniň başy aşak, dili ýumşak bolsun, aýagy düşümli bol¬sun, gazygynda garrasyn!» diýip, sa¬na¬waç setirlerini sanaýarlar.
* * *
Gelin edinilende, ilkinji gelen güni «Goý, ilkinji perzendi ogul bolsun!» diý-len ýagşy niýet bilen goltugyna ogul bäbek berilýär.
* * *
Täze gelen gelin bilen ýigidiň ýorgany¬nyň içinden, ikisiniň arasyndan ogul bäbek geçirilýär.
* * *
Köp çagaly, rysgally, döwletli aýal ýaş gelne we ýigide ýagşy dilegler edip, ak pata berýär we şeýle sanawaç sanaýar:
– Oň (sag) ýanyňda ogluň bolsun,
Sol (çep) ýanyňda gyzyň bolsun,
Bir goluň maýda (ýagda) bolsun,
Bir goluň balda bolsun,
Gala-gala sözlemegin!
Gaýyn eneňi duzlamagyn!
Ulyny uly bilgin,
Kiçini kiçi bilgin,
Ýüzüň aşak bolsun,
Göwnüň açyk bolsun!
Käbir ýerlerde bolsa:
– Ak-gök geýdirme,
Arpa çörek iýdirme,
Öň ýetene gapdyrma,
Toýnakla depdirme...
diýip, ýigidiň ýeňňesi tarapyndan sana¬waç sanalyp, ikisiniň eg¬nine gezekleş-dirilip kakylyp, nika gyýlandan soň ge¬lin ýigidiň ygtyýaryna tabşyrylýar. Ýanýol¬daşy gelniň ikinji (ýerdäki) Hu¬daýy hasap¬lanylýar.
* * *
«Gelin bilen ýigit agzybir bolsun» diýlen ýagşy niýet bilen ikisine bir tabak-dan nahar iýdirilýär.
* * *
Eger-de maşgalada biri ýogalan bolsa, kyrky geçýänçä şol öýde nika gyýmak bolmaýar.
* * *
Bir sebäp bilen nika gyýlanda çile dü¬şen bolsa, nika täze¬den gyýylsa, çile açy¬lyp gidermiş.
* * *
Aýbaşyly aýal täze gelinli öýe barmaly däl, çile düşermiş.
* * *
Täze gelni gije kürteli daş çykarmaly däl, al-arwah kak¬ma¬gy ahmal, «bagtyny ýi¬tir¬digi bolarmyş».
* * *
Gelne baş salmak däbi ýerine ýetirilende, «Gelniň tiz çaga¬jy¬gy bolsun» diýlip, gelniň goltugyna çaga berilýär ýa-da ete¬gine aşyk salynýar.
* * *
Täze gelne baş salnanda, saçy ýeňsesine atylanda gaýyn enesi saçbagy bermese, gelniň saçy düşermiş.
* * *
Gelin saçyny hernäçe dogry açyp örse-de, onuň sag tarapy ýogynrak, çep tarapy inçeräk bolýar. «Sag tarapky saçyny ejesi berermiş, çep tarapyny bolsa gaýyn enesi berermiş. Onsoň ejesi-ä: «Gyzym owadan bolsun, saçyna göreniň gözi gitsin!» diýip dileg edermiş. Gaýyn ene bolsa: «Gelnimiň saçy ýogyn bolsa, ýuwup-daramasy kyn bolar-da, güýmenip, agtyjagymy agladar, şonuň üçin inçeräk bolsun!» diýermiş.
* * *
Täze gelne baş salnanda, gelniň etegine «Gaýynlary bilen süýjülikde ýaşaşsyn» diýlip gant, her hili süýji zatlar salynýar. Gelin hem etegini silkip goýberýär welin, oturanlar çöple¬ýär¬ler.
* * *
«Her hili hapalyklar çykyp gitsin, al-arwah daşlaşsyn» di¬ýip, gelin bilen ýigidi oduň daşyndan aýlaýarlar.
* * *
Toý gününiň ertesi gelin gaýyn atanyň, gaýyn enäniň otu¬ran öýüne baryp, eglip salam berýär. Öýde hiç kim ýok bolsa-da, öýe salam berýär. Bu düzgün käbir ýerlerde bäş-alty aý do¬wam edýär.
* * *
Gelin atasy öýüne gaýtarylyp äkidi¬len¬de, bildirmän, başbo¬gusynyň ujuna «çagasy bolsun!» diýlen ýagşy niýet bilen aşyk daňylýar.
* * *
Gyz atasy öýünden gaýynlaryna gaýtary¬landa, kesewi hem: «Meni alyp gidäýmesin!» diýip gymyldarmyş.
* * *
Gyz gaýyn öýüne gaýdyp gidende gyzyň enesi gaýyn ta¬raplaryna sowgat-salam iber¬meli, aýal maşgalalara ýaglyk, köý¬neklik, erkek adamlara tahýa, köýnek, elýaglyk, gaýyn atasyna don berilse, gowy görülýär.
* * *
Geçmişde «Saçyň bir tarapyny çözüp, ikinji tarapyny dara¬saň, äriň üstüňe güni getirer» diýlip, yrym ediler ekeni.
* * *
Eger aýagyň başam barmagy süýem bar¬mak¬dan gysga bol¬sa, adamsy aýalynyň diýeniňi edermiş, eger başam barmagy süýem barmak¬dan uzyn bolsa, onda adamsy aýalynyň diýe¬nini etmezmiş, eger ikisi hem deň bolsa, maşgalada elmydama agzybirlik bolarmyş, ikisi biri-biriniň diýenini edermiş.
* * *
Giýew tä gaýyn tarapy çörege çagyryp, halat-serpaý ýap¬ýan¬ça olara görünmeli däl¬miş. Birnäçe wagt geçenden soň, ga¬ýyn tara¬py giýewini çörege çagyrýar, şonda iýlip-içilip bol¬nan¬dan soňra, giýew iýlen ta¬baga pul salýar, ýanyndakylar hem pul sal¬malymyş.
* * *
Türkmen yrym-ynanjyna görä, nikadan soň är-aýal biri-biriniň adyny tutmazak bolýarlar. Olar biri-birlerine «öýdäki», «çagalaryň enesi», «çagalaryň atasy», «og¬lan¬laryň kakasy» «pe¬rim», «halalym», «ho¬ja¬ýyn», «kempir», «goja» diýip ýüzle¬nip¬¬dirler.
* * *
Gyz maşgala durmuşa çykansoň, atasy öýünden iňňe, süb¬se, pyçak alyp gitmeli dälmiş, iňňe alyp gitseň, iglärsiň, sübse alyp gitseň, süllerersiň, pyçak alyp gitseň, ara agzalalyk dü¬şer¬miş.
* * *
Gelin getirilende «öňünden önelgesiz aýal çyksa, çile dü¬şer» diýlip yrym edilýär.
* * *
Täze gelin edinilende, türkmen halky gelni ähli bela-beter¬lerden gorap saklamaga çalyşýar. «Hudaý gorasyn!» diýilýär. Hapa ýerlere gelni eltmeýärler. Täze doglan çagajyk täze gel¬niň üstüne eltilmeýär. «Çile düşer» diýlen gorky bar.
* * *
Merhum jaýlap gelýän gölegçiler gelna¬lyjynyň öňünden geç¬se, gowy görülmeýär. «Öliniň çilesi düşer» di¬ýil¬ýär.
* * *
Iki goňşy gelin edinse, derrew duz çalşygy edilýär. Ol öý¬den ol öýe duz eltilýär.
* * *
Bir obada iki gelnalyjy gabat gelse, çörek alyşmaly, ýog¬sam çile düşermiş.
* * *
Iki gelnalyjy biri-birine gabat gelse, gelinler elýaglyklaryny çalyşmaly¬myş, ýogsam çile düşmek ähtimallagy barmyş.
* * *
Käbir ýerlerde gelin gaýyn öýüne geti¬rilende, rysgally bolmagy arzuwlany-lyp, «gelin aşy» bişirilýär. Gelin tarapdan biri, gyz tarapdan biri göreş tutýarlar. Eger oglan tarap ýeňilse, onda olar ejiz hasaplanylýar.
Taýýarlan: Gurbanjemal YLÝASOWA.
Halk döredijiligi we rowaýatlar