ÇAGA DOGULMAGY BILEN BAGLY DÖRÄN YRYMLAR
Çagasy bolmaýan aýalyň kellesine ýolbarsyň bir bölejik tüýüni daňyp goýmalymyş.
* * *
Çagasy bolmaýan aýaly ilkinji gezek täze köprüden geçirmelimiş.
* * *
Çagasy bolmaýan aýal iki sany gurjak ýasap (biri-gyz gurjak, biri oglan gurjak), bir garry aýal bilen öwlüýä aýlanyp, ol ýerden toprak getirip, bir çümmük duz bilen garyp, dogajyk edip, alaja işip, gurjagyň boýnuna dakyp, öýüň bir ýerinden asma¬lymyş.
* * *
Çile düşen aýalyň çagasy bolmaýarmyş. Çile düşende dürli sapakdan aýalyň boýuna deňme-deň kesip, ýola zyňmalymyş ýa-da öwlüýäde bir agaja ildirip goýmalymyş. Ol sapaklar ýedi dürli bolmalymyş.
* * *
Çile düşüp, çagasy bolmaýan aýal täze doglup, çileden çy-ka¬rylan çaganyň çile suwuna ýanýoldaşy bilen suwa düş-melimiş.
* * *
Merhum jaýlanylyp gelnende, ýaş gelinli, ikigat gelinli öýe gölegçi gelip girse, şol gelinlere çile düşýärmiş. Şon¬da ýaş gelne çile düşse, çagasy bolmazlygy ahmalmyş. Ikigat gelniň çagasyna çile düşse, şol çaga dünýä inenden soň hem hiç eýik¬mezmiş. Şonuň üçin, cagasy bolmaýan aýal maşgalany ýa-da eýikmeýän çagany öwlüýä barýan gölegçiniň öňünden geçirip¬dirler.
* * *
Eger-de bir gelin çörege çagyrylsa, öýde ýaş gelin (kyrk gün bolmadyk) ýa-da kyrk çileden çykmadyk çaga bar bolsa, olar ilki daş çykmaly, çagyrylan gelin öýe girenden soň, olar girmelimiş, ýogsa çile düşmegi ahmal. «Çile düşen gelinden çaga önmez» diýilýär. Çile 3, 5, 7, 14 ýyllyk düşüp bilýärmiş.
* * *
Aýal adam, aýratyn hem ýaş gelin kir suw, kül, hapa dö-külen ýerlerden geçmezlige ça¬lyş¬maly. «Ol ýerlerde arwah-jyn gezermiş, bu ýagdaýlar çaga bolmazlygyna sebäp bolup biler» diýilýär.
* * *
Merhum öýden çykarylmanka, şol öýe hamyla gelin girse, çile düşüp, çaga bolmazlygy ahmal.
* * *
Çile düşen aýal maşgala böwet basylgy akar suwuň öňün-den böwedi aýran wagtlary ylgap geçmelimiş.
* * *
Eger-de çaga çile düşüp eýikmese, tereziniň bir tarapyna çagany salyp, beýleki tarapyna duz goýup çekmelimiş.
* * *
Çile düşüp, wagtynda ýöräp bilmedik çaganyň aýaklaryna gur¬banlykda öldürilen malyň içegesini orap kesmelimiş.
* * *
Täze edinilen iki ýaş gelin biri-biriniň öňünden çyksa, çile düşüp, gelinleriň biriniň çagasynyň bolmazlygy ahmal. Şonuň üçin hem, gelinleri ýolda gabat getirmejek bolup çalyşmaly. Her hili çilelerden gorap saklamaly. Eger täze gelin öňünden gelýän bolsa, beýleki gelin başga tarapa sowlyp gitmeli.
* * *
Çagasy bolmaýan aýal täze gelen gelniň öňünden geçse, ýaş gelne çile düşermiş, şol gelniň çagasy bolmazlygy ahmal.
* * *
Çagasy bolmaýan aýal öwlüýä gidip, çile agajynyň daşyn-dan aýlansa ýa-da aşagyndan geçse, çilesi açylarmyş.
* * *
Çagaly gelin öwlüýä barýan gölegçileriň öňüni kesip geçse, çile düşer, gelniň çagasynyň bolmazlygy ahmal, eger çaga çile düşse, çaga eýikmezmiş.
* * *
Çagasy durmaýan aýal iki sany gurjak (gyz we oglan gurjak) ýasap, bir garry aýal bilen öwlüýä gidip, bir gara towu-gyň damagyny çaldyryp, onuň ganyndan gurjaklara çalyp, öwlüýäde goýup gaýtmaly. «Şeýle edilse, çaga durarmyş» di-ýil¬ýär.
* * *
Çagasy durmaýan aýalyň çagasy bolanda, enesi ýa-da atasy göbegini kesse, şol çaga durýarmyş.
* * *
Çagasy durmaýan aýalyň çagasy bolan wagty, onuň depe-sin¬de bir gara towugyň damagyny çalyp, şol çaganyň ýoldaşy bilen bilelikde ýere gömmelimiş. Şeýle edilse, çaganyň duraý-magy ahmal, towuk onuň başy¬nyň sadakasy bolup, onuň ýol-daşy bilen ýere gömülýär, ýerine çaga ýaşar.
* * *
Çaga durmaýan bolsa ýa-da çaga bolmaýan bolsa, her hili yrymlar edilipdir. Eger maşgalada öň bir çaga bar bolsa, şon-dan soň çaga durmadyk bolsa, şol çaganyň maňla¬ýyna, aýagy-nyň aşagyna, syrtyna «yrym-yrym, ýom-ýom» edip, çalaja ot degräýme¬li¬miş.
* * *
Çagasy durmaýan aýalyň çagasy bolanda, yrym edip, başga bir aýala «ogurladan» bolup, soňra şol çagany ol aýaldan «sa¬tyn alan» bolup, adyna «Satlyk, Satlykgül, Satlykgylyç, Satlyk¬dur¬dy» diýen atlar dakylýar.
* * *
Çagasy durmaýan aýalyň çagasy bolsa, ony gundap, itiň öňünde goýýarlar, eger-de it çagany ysgap gidiberse, «Bu çaga¬ny it hem almady, ite-de gerek däl ekeni, indi muny ölüm hem almaz» diýşip, çaganyň adyna Italmaz dakypdyrlar.
Çagasy durmaýan maşgalalar, çagany göz-dilden gorar ýaly, adamynyň mertebesini peseldýän atlary dakypdyrlar. Mysal üçin: Çörli, Porsy, Kürre, Eşekguly we ş. m.
* * *
Çagasy durmaýan adamlar «Köpelip, tirkeşip gitsinler» diýen niýet bilen doglan çagalarynyň adyna «Hemra, Tirkiş, Tir¬keş, Jora, Joraguly» ýaly atlary dakýarlar.
* * *
Çagasy durmaýan aýalyň ogly bolsa, ony gundapjyk taga-nyň aşagyndan geçirýärler-de, adyna «Tagan, Tagandurdy, Ta-gan¬geldi, Tagangül, Taganbibi» ýaly atlar dakýarlar. Umuman, Tagan bilen utgaşdyrylan atlar çaganyň ömrüniň uzak bolmagy arzuwlanyp hem dakylýar. Halk arasynda «Tagan aýagy üç bolar, biri-birine güýç bolar» diýen nakyl hem bar.
* * *
«Biri-birine daýanç bolsun» diýlip, Daýanç, Güýç ýaly at-lar dakylýar.
* * *
Çagasy durmaýan adamlar yrym edip, çaganyň göbegini orak, palta, kerki bilen kesen bolup, ömrüniň uzak, janynyň sag bolmagyny arzuwlap, adyna Orak, Palta, Kerki ýaly atlary dakypdyrlar.
* * *
Çaga entek dünýä inmänkä, onuň ogulmy-gyzdygyny yrym arkaly bilmäge çalşyp¬dyrlar. Köýnek biçip otyrkalar, ýakasyny oýup, keçäniň etegine salýarlar ýa-da kelle¬sindäki ýaglygyna gysdyrýarlar. «Şol wagt gapydan erkek adam ýa oglanjyk gel¬se, ogul, aýal adam ýa-da gyzjagaz gelse, gyz bolar» diýlip çaklanylýar.
* * *
Goýun öldürileňde, kellebaşaýak arassa¬lap otyrkalar, äňini ýazdyranlaryňda, ogul¬my-gyzdygyny bilmeklige çalşyp yrym edýärler. «Eger äň arassa bolup çyksa ogul, äň etli gopsa, gyz bolar» diýlip çaklanylýar.
«Çaga wagtynda dogulmasa, düýe etini iýendir» diýlip çak¬lanylsa, hamyla gelni düýäniň aşagyndan, düýe bolmadyk ýer¬de düýe ýüňünden dokalan saçagyň ýa-da düýe ýüňünden edi¬len ýorganyň aşagyndan geçirmelimiş.
* * *
Hamyla gelniň çagasy wagtynda bolmasa, gelin heläk bo-lup barýan bolsa, tüpeň atylýar ekeni. Tüpeň sesine tisginen gel¬niň çagasy aňsat doglup, eli-aýagy gowşarmyş.
* * *
Toýly aýalyň saçy guraklanyp, tarlary ýognaberse, doglan çaga öýkelek, gaharjaň bolarmyş.
* * *
Hamyla aýal merhumyň jynazasyna barsa, oňa ýogalanyň kepeniniň sapagyndan ýolup berýärler, eger şeýle edilmese, bo¬lan çaganyň boýny boş bolarmyş (kellesini tutup bilmezmiş).
* * *
Hamyla aýal, çaga dogmakdan galmadyk aýal, aýbaşysy gelýän aýal merhumy ýuwmaklyga gatnaşmaly dälmiş.
* * *
Hamyla aýal saçuzyn (saçöser) iýse, doglan çaga saçlak bo¬lar¬myş.
* * *
«Aýalyň burgusy tutup başlanda, ony näçe köp adam eşitse, şonça-da burgusy kän tutar» diýilýär. Şonuň üçin-de, burgy tut¬ýanlygyny hiç kime eşitdirmejek bolup çalyşýarlar.
* * *
Toýly gelin öwlüýä gitmeli dälmiş, çaganyň aýrylmagy ah-mal¬myş.
* * *
Hamyla gelin agzy bimaza döwrüňde ýatagan bolsa, doglan çaga hem ýalta bolarmyş, çalasyn, işeňňir bolsa, çaga hem çalasyn, işeňňir bolarmyş.
* * *
Toýly gelin bir ýere barýarka, ýoldan aşyk tapsa – ogly, mon¬juk tapsa – gyzy bolar, eger pul tapsa, doguljak çaga baý bolar.
* * *
Çaga doglanda, arassalyk üçin kümüş atylan suwa dü¬şü¬ril-ýär.
* * *
Hamyla gelin agzy bimaza döwründe gök önümleri, mi¬we-leri kän iýse, doglan çaga näzik, görmegeý, sypaýy bolarmyş.
* * *
Aýal maşgala agzy bimaza döwründe tow¬şan etini ýa-da kellebaşaýak iýse, çaganyň agzy ýa-da burny ýirik bolarmyş.
* * *
Hamyla gelin agzy bimaza döwründe ak zatlary köpräk iýse, çaga-da akýagyz bolup doglarmyş, eger gara zatlary köp iýse, garaýagyz çaga doglarmyş.
* * *
Hamylalyk döwründe ajy zatlary köp iýen aýalyň çagasy gaharjaň, turşy zatlary iýen aýalyň çagasy öýkelek, süýji zat-lary iýen aýalyň çagasy süýji dilli, duzly zatlary iýen aýalyň çagasynyň dili duzly bolarmyş.
* * *
Hamyla gelin agzy bimaza döwründe balyk kellesini iýse, çagasynyň agzy balygyňky ýaly bolarmyş.
* * *
Aýagy agyr gelin gowka iýse, çagasynyň kellesi ýylçyr takyr, oglanjyk bolsa, ulalandan soň, köse bolarmyş, gyz bolsa saçy ýuka bolarmyş.
* * *
«Aýal maşgala aýagy agyr döwründe adamsy bilen garaňky ýerde oturyp naharlanmaly dälmiş, eger şeýle edilse, doglan çaga ýaramaz gylykly bolarmyş» diýlip, ätiýaç edilipdir.
* * *
Burgusy tutup başlan aýal maşgalany tamdyryň, ojagyň daşyndan aýlap, «Sag-aman eliň-aýagyň gowuşsyn» diýmeli. Şeý¬le edilse, çaga aňsat doglarmyş.
* * *
Hamyla gelin agzy bimaza döwründe dil iýse, çagasy dilewar bolarmyş.
Dili peltek, sakaw çaga gurbanlyk üçin soýlan ýedi malyň dilini, ýedi öýden diläp alyp, iýdirmelimiş.
* * *
Hamyla gelin sogan, sarymsak ýaly önümleri köp iýmeli. Şol önümler öýde dursa-da, peýdaly, geljekki çaga sagdyn bolarmyş.
* * *
Toýly gelniň agzy bimaza döwründe sarysy gaýnasa, köp-räk käşir iýse, çagasy saçlak bolarmyş.
* * *
Ýaş çaganyň synçgylawugy yzygiderli tutup dursa, içegesi giňelýärmiş.
* * *
Çaganyň synçgylawugy yzygiderli tutup dursa, onuň maň-laýyna ölläp, gök reňkli sa¬pak ýelmäp goýmaly.
* * *
Saçlary buýra-buýra çaga ot ýaly dogumly bolarmyş.
* * *
Täze doglan çaga wagtynda at dakylmasa, ol ýaramaz häsi-ýetli bolup ýetişýärmiş.
* * *
«Täze doglan çaga oňat at daksaň, ulalanda bagtly bolýar» diýilýär.
* * *
Çaga at goýmaly bolanda, at goýmaklygy ýaşululara, syla-nylýan-hormatlanylýan adam¬la¬ra, aga-inilerine, arzyly myh-man¬lara yna¬nylýar. Mysal üçin: «Gorkut ata» şades¬sanynda at dakmaklyk paýhasly goja Gorkut ata ynanylypdyr.
* * *
Çaga at dakylanda «Adyna mynasyp bolsun» diýlip, onuň özüne mynasyp at dakmaly. Ýaramaz atlar dakmaly däl.
* * *
Allatagalanyň togsan dokuz adynyň köpüsi hem çagalara dakylýar: Rahman, Rahym, Rehmet, Jepbar, Möwlam, Kadyr ýaly atlar mysal bolup biler. Allatagalanyň adyny göni tut-mak¬dan çekinilip, çaganyň ady «Taňryberdi, Sylap¬ber¬di, Möwlam¬berdi, Ýalkapberdi, Hudaýber¬di» diýlip tutulýar.
* * *
Din wekilleriniň atlaryny dakmaklyk hem ýörgünlidir: Muhammet, Aly, Osman, Omar, Patma, Äşe, Hatyja, Isa, Mu¬sa, Dawut, Ýakup, Ýusup we ş. m.
* * *
Türkmen maşgalasynda wagty bilen per¬zent dünýä inmese, dürli yrymlara uýup, pirleriň guburlaryna ýykylyp, öwülýälere aýlanylyp, doglan çaga, Işan, Pirguly, Öwlüýäguly, Enekäbe, Sahy, Sahydursun ýaly atlar dakylýar.
* * *
Ekiz doglan çagalara gadymy halal adamlaryň, pygamber-le¬riň, danalaryň haty¬ra¬syna, Hasan-Hüseýin, Hydyr-Ylýas, Ýusup-Züleýha ýaly atlar dakylýar. Häzirki döwürde bolsa Parahat-Dursun, Ajap-Zaman ýaly owa¬dan atlar dakylýar.
* * *
Dördünji çaga dört Çaryýarlaryň (Abu Bekr, Omar, Osman, Aly) hatyrasyna Çary, Çaryýar, Çarymyrat ýaly atlar hem da¬kylýar.
* * *
Häzirki döwürde mynasyp adamlaryň hatyrasyna, şeýle go¬wy adamlara meňzemegi arzuwlanylyp, Gurbansoltan, Atamy¬rat, Sa¬par¬myrat, Serdar ýaly atlar dakýarlar.
* * *
«Biri-birine kuwwat bolsun» diýlip, dördünji ogul doglanda Kuwwat dakylýar.
Aýal adam aýagy agyr wagtynda adamsy ýogalsa, yzynda doglan çaga onuň ady dakylýar. Eger gyz bolsa, Üzümgül ýaly sypaýy atlar dakylýar. Ýöne ady dakylan merhumyň ady tutul¬maýar, Kakajan, Kakamyrat, Kakyş ýaly atlar dakylýar.
* * *
Türkmen halkynda merhumlaryň hormaty¬na olaryň adyny dakmak däbe öwrülipdir. Ýöne merhumy sylap-hormatlap, gö-ni adyny tutmakdan saklanylyp, Ejegyz, Enegyz, Ene¬gül, Ata-jan, Atamyrat ýaly atlar daky¬lyp, «atam-enem» diýlip ýüz¬le-nilýär.
* * *
Täze bolan çaga galan at dakjak bolsaň, hudaýýoly ber¬me-li¬miş, ýogsam merhum öz adyny bermejek bolarmyş.
* * *
Dördünji çaga Çary, bäşinjä Bäşim, altynjy çaga Alty ýaly atlar dakylýar. Emma ýaşulular: «Bu gowy däl, Allanyň beren döwletini sanap oturmaly däl» diýýärler.
* * *
Çaga Çerkez, Gandym, Sazak, Ojar, Ýowşan, Borjak ýaly atlar «şol ösümlikler ýaly çydamly, berk bolsun» diýlen ýagşy arzuwlar bilen dakylýar.
* * *
Toý gidip durka doglan çaga Toýly, Toýçy, Toýguly, ýolda doglan çaga Ýolaman, Ýolguly, Ýolçy, Sapar aýynda ýa-da sa-para gi¬dilen wagtynda doglan çaga Sapar, Sapar¬myrat, Sapar-gel¬di, Sapardurdy, Sa¬par¬gül, Saparsoltan, Remezan (oraz) aýyn¬da doglan çaga Oraz, Orazgeldi, Remezan, «Oraz aýynda myradyma ýetdim» diýlip, Orazmyrat ýaly atlar dakylýar.
* * *
Türkmenler aýdyr hepdäniň günleri bilen baglanyşykly atlary hem dakýarlar, bu hem däbe öwrülip giden ýagdaýlardan biridir. Mysal üçin: Annajemal, Annagül, Annamyrat, Juma, Jumamyrat, Jumageldi, Çäşem, Duşem.
* * *
Çagalara, köplenç, gyzjagazlara miweli baglaryň, miwe¬le-riň atlary hem dakylýar. «Çaga ulalaňda owadan, görmekli bol¬sun, hem-de şol miweli agaç ýaly hasylly bolsun» diýlip, Mi¬we, Üzümgül, Enar, Alma ýaly atlar dakylýar.
* * *
Gyz bäbege «Owadan, mylaýym, näzik bolsun» diýlip, ösüm¬likleriň (Maýsa), owadan haýwanlaryň (Jeren, Sona, Ma-ral, Towşan) atlary dakylýar.
* * *
Ýer-ýurt atlary bilen baglanyşykly atlar: Aşgabat, Marly, Gürgen, Gowşut we ş. m. haýsydyr bir ýere göçüp barmak bi-len baglanyşykly dakylýar.
* * *
Çaganyň haýsydyr bir alamatlary bilen baglanyşykly atlar hem köp gabat gelýär: Hally, Haltäç, Meňli, Halmyrat, Artyk, Artyknyýaz, Saçly, Nartäç, Narly, Täçmy¬rat, Täşli, Täjigözel we ş. m. «Şeýle atlar tutulsa, çaganyň endamyndaky hal, nar, täç, meň aýrylyp gider» diýlen ynanç bar.
* * *
Parahatçylyk, il-günüň aman bolmagy arzuwlanyp dakyl-ýan atlar: Dünýä, Dursun, Parahat, Rahat, Abat, Aman, Ilaman we ş. m.
* * *
Taryhy şahslaryň, akyldarlaryň, şa¬hyr¬laryň, sungat adamla¬rynyň hatyrasy¬na olaryň atlaryny dakmak hem yryma öwrülip gidipdir: Oguz, Görogly, Sanjar, Soltan, Jelaleddin, Azady, Mag¬tymguly, Pyragy, Seýdi, Kemine we ş. m.
* * *
Şanly wakalar bilen baglanyşykly atlary dakmaklyk hem ýörgünlidir: Ýeňiş, Azat, Gahryman, Begenç, Guwanç, Baý-ram, Baýramgül we ş. m.
* * *
Çaga tebigy hadysalar bilen baglany¬şyk¬ly Aýdogdy, Gün-dog¬dy, Aýjemal, Aýjan, Aýgül, Aýgözel, Daňatar, Garýag¬dy, Nurýagdy, Ýagmyr ýaly atlar hem dakylýar.
* * *
Gymmat bahaly daşlaryň, metallaryň atlaryny dakmaklyk hem yryma öwrülip gidipdir. «Şol daşlar ýaly owadan, berk bolsun» diýlip, yrym edilýär: Polat, Almaz, Tylla, Altyn, Kü-müş, Zümerret, Merjen we ş. m.
* * *
Ogul islenilip yzly-yzyna gyz bolanda Ogulgerek, Ogul-dur¬dy, Ogulboldy, «ogla dönsün!» diýlip, Oguldöndi dakylýar. Gyz çaganyň dogulmagyny islemeýänler iň soňky doglan gyz¬jagaza Bessir, Doýduk, Doýlan, Gyzsoňy ýaly atlar dakýarlar.
* * *
Köp gyzyň yzyndan ogul dogulsa, «Kerwen ýaly uzalyp, tirkeşip gitsin» diýlip, Kerwen, Tirkiş, Tirkeş ýaly atlar dakyl-ýar.
* * *
Çaganyň durmuşynyň ýakymly, şirin-şeker kimin datly bolmaklygy yrym edilip, Nabat, Aknabat, Şirin, Şeker, Balmy-rat, Bally ýaly atlar dakylýar.
* * *
Garamaýagyň (garybyň) ogly bolsa yrym edilip, adyna «Ab¬dyllabaý, Orazbaý» diýlip at dakylar ekeni.
* * *
Täze doglan çaganyň göbegi uzyn bolsa, soňra çaga seýrek bolarmyş, göbegi gysga bolsa, onda onuň yzyndan çaga ýygy-ýygydan dogulýarmyş.
* * *
Täze doglan çaga çileli hasaplanylýar, şonuň üçin çaganyň üstüne aýbaşyly aýal, merhumy jaýlap gelen gölegçi girmeli däl, çagany öýden çykaryp, olar girenden soň öýe salmaly.
* * *
Çileli çaga öýdekä, öýe ýumurtga, et getirmeli däl, eger ge-ti¬rilse, çagany öýden çykaryp, eti, ýumurtgany salyp, soňra ça¬ga¬ly aýal öýe girmeli.
* * *
Çaga ýumruklary düwülgije dogulýar. Şonda onuň ýum-rujagyny açyp, kümüş teňňe salyp, üç gezek eljagazyny sy¬pa-lap: «Tutup bilen rysgalyňy tut, balam! Rysgallyja bol, balam!» diýip, eljagazyny açýarlar.
* * *
Täze doglan çaganyň göbegi kesilenden soň, onuň göbegini itiň ýa-da atyň guýrugyna daňypdyrlar, çaganyň şol haýwanlar ýaly çydamly, wepaly, akylly bolmagy arzuw edilipdir. Käbir ýerlerde oglanjygyň göbe¬gini sygryň, düýäniň guýrugyna da¬ňyp, onuň uly baý bolmagy arzuw edilipdir. Gyzja¬gazyň gö¬be¬gi çuwalyň, sandygyň düýbüne atylypdyr. Bu yrym onuň ho¬ja¬lyk¬çy bolup ýetişmegi arzuw edilip ýerine ýetirilipdir. «Şeýle edilse, gyz maşgala öýdeçi bolar» diýlip hasaplanylypdyr. Kä¬bir wagtlarda bolsa «Törde keşde çekip otursyn, haly do¬kasyn» diýen arzuw bilen gyz çaganyň göbe-gini öýüň töründe gömüp¬dirler. Oglanjygyň göbegi bolsa, «Şu öýe goragçy bolup ýetiş¬sin, bosagadan duşman aýagyny sekdirmesin!» diýlen ynanja eýerilip, bosagada gömü¬lip¬dir.
* * *
Çaganyň häsiýeti göbegenesine meňzär. Çaga: «Öz eneme meňzemesem hem, ýerden göterene meňzärin» diýermiş.
* * *
Azan aýtdyrylanda, çaganyň gulaklary açylarmyş.
* * *
Täze doglan çagany çileden çykýança, aýry ýerde ýatyr-maly, çagaly jaýa kän adam girmese gowy görülýär.
* * *
Çaga doglanyndan ýedi gün geçenden soňra, suwa düşürjek bolnanynda çile suwuna nesil öndürer ýaly ýumurtganyň ga¬by¬gyny, rys¬gally bolar ýaly bugdaý ýa-da tüwi dänesi, baý bolar ýaly şaý-teňňe, sagdyn bolar ýaly hem duz atylýar, ýedi çemçe suwy hem sanap çile suwuna goşmaly. Şular atylmasa, çaga eýik¬mezmiş.
* * *
Çagany çileden çykaryp, ýedi öýe aýlamaly. Şonda baran öýleri çagany boş goýbermeli däl, ýogsam gulagy agyryly bo-lar¬myş, ulurak çaga hem bir ýere ilkinji gezek barsa, eli boş goýberilmeýär.
* * *
Ilkinji doglan çaganyň özüne niýetle¬nilip sallançak alynýar.
* * *
Soňky doglan çagalar ilkinji çaganyň sallançagyna salyn-ýar. Şol sallançak hem çagalaryň ählisini ulaltsa gowy görül-ýär.
* * *
Ata-babalardan galan sallançagy hiç kime başybitin bermek bolmaýar.
* * *
Ýaş çagany ýedi günden soň sähet sorap, sallançaga sal-ma¬ly. «Sallançak arwah-jyndan hem goraýar» diýlip hasapla-nyl¬ýar.
* * *
Çaga sallançaga salnanda «göz degmesin» diýip, ýüzärlik tütedýärler.
* * *
Çagany sallançaga ilkinji gezek mamasy ýa-da enesi salyp, üwräp başlamaly, soňra çagalara süýji paýlap, agyzlaryny süý¬jet¬seň, süýji dilli bolarmyş.
* * *
Sallançagy boş üwremeli däl. «Şeýtany üwrärmişiň, çaga-nyň gulagy agyrarmyş» diýilýär.
* * *
«Yzy köpelip gitsin» diýen niýet bilen yrym edilip, ýaş çaganyň köýneginiň etegi, tä yzyndan çaga bolýança bas¬dy-ryl¬mandyr.
* * *
Käbir ýerlerde çaga üç ýaşyna barmanka dürli reňkde eşikler geýdirilipdir, gara eşik geýdirilmändir. Eger gara eşik geýdirilse, «Bu çaganyň ejesi ýogalypdyr-ow» diýip, pikir edip¬dirler, sebäbi ejesi aradan çykan çaga gara eşik geýdiri-lipdir.
* * *
Ýaş çaganyň üstüne gerinmeli däl, kesellemegi ahmalmyş.
* * *
Ýaş çagany ýaba ýuwundyrsaň, buşugagan bolýar, kündük bilen suwa düşürmelimiş.
* * *
Ýaş çagany öwmek gowy görülmeýär. «Öwseň keselleýär» diýip ynanypdyrlar. Öwgi «tüweleme, tüf, tüf!» diýlip başla-nyl¬maly.
* * *
Çileli çagany arwah-jyndan goramak üçin ýassygynyň aşa-gyn¬da jöwher pyçak ýa-da duz, çörek goýmalymyş.
* * *
Iki sany çagasy çileli ene biri-biriniň üstüne girmeli dälmiş.
«Al-arwahyň daramagy ahmal» diýlip, ýaş çaganyň (aý-ratyn hem, çileden çykmadyk) eşigi gije daşarda seril¬me¬ýär.
* * *
Ýaş çagany ilkinji gezek ýas ýerine alyp gitmeli däl, ýagşy¬lyga ýorulmaýar.
* * *
Täze aý doganda saçyň örümini süýt emýän çaga dişletseň, saç tiz öser.
* * *
Ýaş çagany kyrk günden soň çileden çykarmaly, muňa uly çile diýilýär. Suwa düşürilende, suwa kyrk çemçe suw, kyrk däne tüwi, duz atyşdyrmaly. Eger-de suwa kümüş pul atyl¬sa, çaga arassaçyl, dilewar bolar¬myş, kümüşiň sagdynlyga hem peýdasy känmiş.
* * *
Ýaş çaga ýöne ýerden sögmek bolmaýar. Bigünä ýerden ursaň, eşigini depgileseň, zyňsaň, gaýdyp çaga ýüzüň düşmez-miş. Ot-çöpler, baglar hem ýaş çaga sögseň, ýaramaz ýagdaýa düşermiş.
* * *
Ýaş çaga bosaganyň üstünde oturyp oýnasa, kesellegiç bolar¬myş.
* * *
Ýaş çaga barmagyny sorsa, «iýnji diledigimiş». Onuň ma-masy, babasy: «Bir maly iýnji berdim» diýip, malyny şol ça-ganyň adyna geçirmelimiş. Toýuna gatanç berilýär.
* * *
Çaganyň dyrnagyny ilkinji gezek aýyr¬maly bolanda, ilki oňa kendirigi dyrnajakladyp, soňra aýrylsa, ulalanda çaga rys-gally bolarmyş.
* * *
Çaganyň dyrnagy ilkinji gezek alyn¬makçy bolanda, eline ak köpük gysdyrmaly, rysgally bolarmyş.
* * *
Çaganyň ilkinji dişi çykmazyndan ozal, «Uşajyk owadan dişler çyksyn» diýip, guza ýa-da «Atyň dişi ýaly sagdyn, berk diş çyksyn» diýip, ata mündüripdirler.
* * *
Çaga ilkinji diş çykanda «Patrak ýaly patrap çyksyn» diýlip, patrak seçilýär. «Kemputlary kytyrdatsyn, ak gandy hytyr¬datsyn, mekge ýaly hatarlansyn, daşa degse, döwülmesin, ömür-ömür kütelmesin!» diýlen alkyşlar bilen seçgi seçilýär.
* * *
Çaganyň dişiniň çykanyny ilkinji gören adama halat-serpaý salynýar.
* * *
Säher bilen doglan çaga bagtly bolar¬myş.
* * *
Ýaş çaganyň ýeňsesinden ogşasaň, öýkelek bolarmyş.
* * *
Çaganyň ilkinji çile saçyny daýysy aýyrmalymyş, ýogsam çaganyň bagtsyz bolaýmagy ähtimalmyş.
* * *
Ýaş çaga täze kürte ýa-da don geýse, ejesi onuň adyndan «Sen ýyrtyl, men galaýyn» diýip, üç gezek çaganyň garnyny sypa¬la¬maly.
* * *
Ýaş çaganyň çile saçyny özüne daksaň, göz degmezek bolarmyş.
* * *
Ýaş çaga altyn-kümüş şaý daksaň, kesel¬lemezek bolar.
* * *
Çaganyň başyna geýýän zadyny oýnat¬maly däl, ulalanda kelleagyryly bolaýmagy ahmal.
* * *
Ýaş çaga malyň dilini, diliniň ujuny iýdirseň, tiz dil açar, ulalanda dilewar bolar.
* * *
Aýagy gowy ýöremeýän çagany üç hoşgününde ösüp oturan ýorunjadan süýreseň, ýöräp başlar.
* * *
Ýaş çaganyň eline aýna berseň, dili agyr bolarmyş.
* * *
Bäbegiň aşagyndan götermeli däl, ýagşylyga ýorulmaýar.
* * *
Çagany depäňde göterseň, al-arwaha gü¬jeň¬ledigiň bolýar, çaganyň kesellemegi ahmal.
* * *
Ýaş çaga ommalyp, iki aýagynyň ara¬syndan yzyna garasa, myhman gelermiş.
* * *
Çaga ýüzin ýatyp, aýaklaryny galdyrsa, gowulyga ýorul-ma¬ýar, ýaramazlyk bolmagy ahmal.
* * *
Ýaş çaganyň syrty gök bolsa, yzyndan ogul jigisi bolarmyş.
* * *
Ýaş çaga köwüş oýnasa, ogul jigisi bolar.
Ýaş çaga eline sübse alyp, içerini sy¬ran bolup ýörse, myhman geler.
* * *
Çaga ilki «kaka, däde, ata» diýip dil açsa, yzyndan ogul bä¬bek bolarmyş, «eje, ene, mama» diýip dil açsa, gyz bolarmyş.
* * *
Kyrk çileden çykmadyk çagany agşam çagynda jaýda ýeke goýmaly däl. Arwah-jyn daramagy ahmal.
* * *
Çaganyň aýagyna sübse bilen urmaly däl, boýy ösmezmiş.
* * *
Çaga doglanda, niresinde meň barlygyny barlap, yrym edipdirler. Şol meňden çaga¬nyň nähili adam bolup ýetişjek-digi¬ni bilmeklige çalşypdyrlar. «Eli meňli – işe ýakyn, gözi meňli – ýaşa ýakyn, agzy meňli – aşa ýakyn», «aýagy meňli – geze¬gen», «göwsi meň¬li – görgüli», «boýny meňli – bergili», «ýü¬zi meňli – owadan», «gulagy meňli – gepe ýakyn», «ýaňagy hally – hyjuwly» diýlen ýaly yrym-ynançlar halk arasynda ýaşap gelýär. Ola¬ryň käbirleri bolsa uzak döwürleri başdan geçirip, nakyla öwrülip gidipdir. Mysal üçin: «Eli meňli işeňňir» we ş. m.
* * *
Ogul enä, gyz ata meňzese, bagtly bolar¬myş.
* * *
Çaga ýorgan tikilende dört burçuna gaty süýji ýa-da noýba, nohut ýaly däneli ösümlikleriň önüminden salynýar. «Süýjülik bolsun, nohut-noýba ýaly köpelip, örňäp-ösüp git-sin» diýlip, ýerine ýetirilýän yrym.
* * *
Ýorgan tikilip bolnandan soňra, dört burçundan iç tarap¬ly-gyna togalanylyp, beý¬le ýüzüne çöwrülýär. Muňa «guzlatmak» diýilýär. «Guzlatmak» sözüniň manysy kö¬pel-mek bilen bag¬la¬ny¬şykly. «Şu öýüň ça¬ga¬lary köpelip, örňäp gitsin» diýen ma¬ny¬sy bar.
* * *
Täze tikilen ýorgan-düşekde ilki bilen çaga togalanylsa, şol ojak «bereketli, döwletli bolar, oram-oram ogully, gyzly bolar» diýlip, yrym edilýär.
* * *
Ene süýdüni emmedik çaga enä mähirli bolmaýar. Ene hem öz süýdüni berip ulalt¬madyk çagasynyň başyna iş düşse-de, duýup bilmeýärmiş. Şonuň üçin-de, ene çagasyny öz göw-sün¬den emdirse, gowy görülýär.
* * *
Çagany göz-dilden goramak maksady bi¬len dürli yrymlar ýerine ýetirilipdir. Çaga¬nyň sallançak ýüpüne duz, kömür salyp ti¬kilen dogajyk dakypdyrlar. Duz keramatly, kömür gaty, berk hasaplanylypdyr.
* * *
Dagdan agajy, göz monjugy, alaja, düýe ýüňi ýaly zatlar göz degmekden goraýarmyş. «Dagdanly taýmaz, taýsa-da gaýmaz» diýlen nakyl hem ýörgünli ulanylýar. Dagdan aga-jyň¬dan ýonulyp, dürli şekillerde doga-tumar ýasalyp dakylýar.
* * *
«Sarymsak çagany näsaglykdan goraýar» diýlip, çagajyk-laryň tahýasyna, köýnegine guradylan sarymsak dakyp goýar ekenler.
* * *
Doga, tumar, haram haýwanlaryň dilleri, ýylanbaşy ýaly zatlar göz degmekden goraýar.
* * *
Ot oýnamagy gowy görýän çagalar ýerine buşugagan bo-larmyş.
* * *
Ýaş çaga aglak bolsa, goýar ýerde goýmasa, yrym edip, agzyna köwüş bilen uran bolmalymyş.
* * *
Kyrk çileden çykmadyk çagasy bolan aýala täze gelniň nikasyna gatnaşmak bol¬maýar. Täze gelniň çagasy bolmazlygy ahmal.
* * *
Täze diş çykyp gelýän çaga nika suwuny içirseň, dişleri çalt çykarmyş we boýy öser¬miş.
* * *
Çaga kyrk çileden çykandan soň, ma¬masy-babasy öýlerine çagyryp, gyzlaryna, çaga halat-serpaý edýärler. Gyz hem eje-sine-kakasyna halat getirýär.
Çagany sünnete ýatyrmaklyk yrym edi¬lip 3, 5, 7 ýaly täk ýaşlarda amala aşy¬rylýar. Sünnet edene «Sünnetata» diýilýär.
* * *
Çagajyk sünnete ýatyrylanda, onuň kesi¬lip alnan pürçüjegi çöpe dürtülip, ýokardan ildirilip goýulýar. Gurandan soň mata¬jy¬ga düwüp, sandygyň düýbüne atylýar.
* * *
Çaganyň dişini atyň ýatagyna ýa-da aýak yzynyň aşagyna gömseň, atyň dişi ýaly sagdyn diş çykar. Goýun-guzynyň ýata¬gyna ýa-da aýak yzy düşen ýere gömseň, guzynyň dişi ýaly owa¬dan, uşajyk diş çykar.
* * *
«Ösüp barýan çaganyň ýalaňaç endamyna sübse bilen urulsa, ýara çykar» diýilýär.
* * *
Eger dabanyna, aýagynyň aşagyna urulsa, onda çaganyň bo¬ýy ösmezek bolarmyş.
* * *
Çaga göz degmez ýaly, gurama kürte guralyp geýdirilýär. Gözi degýän adamlaryň gözi ala matalara düşüp, çagany göz-dilden goraýar¬myş.
* * *
Geçmişde çaga eşik tikilende, göz degmezlik üçin, tikini daş ýüzüne edilip tikilýär ekeni.
* * *
Geçmişde çaganyň galpak saçy syry¬landa, oglanjyklara hem yrym edilip, dik depesinden gulpak goýlupdyr. Yzyndan ça¬ga bolýança, käbir wagtlarda ondan hem köp wagtlap gulpagy aýyrmandyrlar.
* * *
Ýaş çaganyň nämä ökde boljakdygyny çak bilen bilmäge çalşypdyrlar. Çaganyň kel¬lesi uly bolsa «akylly bolar» diýlip çak¬lany¬lypdyr. Gözi uçganaklap duran bolsa, «ugurtapyjy, me¬kir bolar», barmaklary uzyn bolsa, «gyz keşdeçi, halyçy, oglan sazanda bolar» diýlip çak edilipdir.
Taýýarlan: Gurbanjemal YLÝASOWA.
Halk döredijiligi we rowaýatlar