TEBIPÇILIK BILEN BAGLANŞYKLY YRYMLAR. EM-ÝOMLAR
Çyban çyksa, gyzyl sogan sylyp, «Şu sogan guraýança, çybanym gurasyn» diýip, köçä zyňmaly.
* * *
Gözüňe ittirsek çyksa, pul sürtüp, ýedi ýoluň üstüne taşlap, yzyňa seretmän gaýtmalymyş.
* * *
Adamynyň bir ýerinde siňňil bolsa, sogany ýenjip, duza garyp sürtmeli.
* * *
Siňňil bolanda, şol ýere hudaýatyny goýbermeli. Hudaýaty şol siňňili iýip gutarýar.
* * *
Gözüňe gül düşse, ir säher turup, gün dogmanka, künjüniň ýedi sany gülüni ýuwut¬malymyş.
* * *
Doga berlen adama tizlik bilen it ýalakdan suw içirmelimiş.
* * *
Bogazy agyrýan adam horaz çorbasyny içse, örän peýdaly.
* * *
Gökbogma bilen kesellän çagany sagaltmak niýeti bilen ir säher ýola çykmalymyş-da, ilkinji duşan atly, eşekli, ulagly ýa-da pyýada bolsa-da, «Gökbogmaly çaga näme em etmeli?» diýip soramalymyş. Yzdan adam gelýän bolsa, «Dur, how, gelme!» diýmelimiş-de, şonuň salgy beren emini ýerine ýetirmelimiş.
* * *
Ir bilen biriniň melleginden gökje ternäni eýesine görkezmän ýolup, gökbogmaly çaga iýdirseň, çaga gökbogmadan saplanar.
* * *
«Gökbogmaly çaga açylsyn» diýip, ýola gök monjuk zyň-maly.
* * *
Dalagy agyrýanlar ýaz ýorunjasyny gaýnadyp, suwuny içse, şypa tapar. Ol peşewi ýöremeýänlere-de oňat emdir.
* * *
Çopantelpegiň gülüni gaýnadyp içiberseň, böwrekdäki daşy ereder.
* * *
Üzüm çybygy kesilende, damjalap damýan suwuny gijilewükli demrewe çalmaly.
* * *
Bagry agyrýan adamlara düýäniň öýkeni iýdirilse, dertleri dep bolar.
* * *
Ýylanyň, içýanyň çakan ýerine owlagyň etini, ýapyp halas edip bolar.
* * *
Baýtal süýdüni aşgazany agyrýanlara, gursak agyrysy bolanlara içirmelimiş.
* * *
Kelläň agyrsa, köpräk sogan iýmelimiş.
* * *
Diş agyranda sarymsagy oda gömüp ýapmalymyş. Şonda diş agyry dep bolarmyş.
* * *
Biriniň gözüne ak düşse, ene süýdüne zagpyran goşup ýuwsa, şypa tapar.
* * *
Eger biriniň içi gatasa, ýüzärligi göbegine çalsa, em bolar.
* * *
Hamyla aýala gatyryň ýüregini iýdirseň, çaga dogurmasy aňsat bolarmyş.
* * *
Gyzdyryp agardylan demir sokulan suw ýa-da çakyr içilse, içgeçmäni dep edýär. Peşewi saklanmaýanlar, bilinden köp gan gidýänler hem şu emi etseler, peýdalydyr.
* * *
Injiriň miwesini ýa-da ýapragyny ýenjip, meňe, hala, siňňile ýapsaň aýrylar.
* * *
Turpy mynjyradyp, bala garyp, demrewe ýapsaň, şypa taparsyň.
* * *
Gabarçagy aýyrmak üçin towuk etini sirkä garyp ýapmaly.
* * *
Şetdalynyň ýapragyny ýenjip, içi gurçukly adamynyň göbegine ýapmaly.
* * *
Mumyýa döwüge, çykyga, ysmaza oňat dermandyr.
* * *
Ysmaz üçin iň oňat derman barsyň ýagy hasaplanylýar.
* * *
Düýp sogany mynjyradyp, duzlap siňňile ýapyberseň, öz-özünden aýrylyp gider.
* * *
Soganyň suwuny burnuňa damdyrsaň, kelläňdäki güwwüldi aýrylar. Kelle agyrsa, soganyň suwuny gulagyňa damdyrmaly.
* * *
Sary getirmä narpyz gowy ýaraýar.
* * *
Şugundyryň suwy eliň, ýüzüň sowuklan, jaýrylan ýerine çalsaň tiz bitirýär. Siňňili aýyrýar.
* * *
Söwüdiň ýapragyny we gülüni mynjyradyp, suwuny içseň, kelleagyry aýrylýar. Ýapragyny ýenjip, suwuny gulaga damdyrsaň, iriň akmaz.
* * *
Turp iýen adama içýan zäheri ýöremez.
* * *
Arpabadyýany (ukroby) köp we yzygiderli iýseň, gözüň kütelermiş.
* * *
Ýedi aýlyk doglan çagany dokuz aý dolýança ýatgydaky bar bolan şertleri döretmek üçin pagta dolap, peşehanada gazanyň aşagynda saklapdyrlar, şonda çaga her hili howp-lardan goragly bolupdyr.
* * *
Iteşen örende, aýal köýnegini geýseň (gyzyl), örgün aýrylarmyş.
* * *
Balygyň oňurgasy, barsyň dyrnagy, towşanyň süňki göz degmekden goraýarmyş.
* * *
Eger-de adama göz degendir öýdülse, ýüzärlik tütedip, üstünden eýläk-beýläk üç gezek ätläp silkinmeli.
* * *
Adama, çaga göz degse, zäk ýakmaly .
* * *
Mör-möjekleriň çakan ýerlerine, enda¬myň agyrly ýerlerine «yrym-yrym, ýom-ýom» diýip, ody çalaja degrip, tisgindirýär ekenler .
* * *
«Göz degendir» öýdülende, gurşun eredilip, näsagyň de-pesinde suwly jam tutulyp, şol suwa erän gyzgyn gurşun guý-ýarlar. Şonda näsag gurşunyň jagyrdan sesine tisgin¬ýär. Gur-şunda şekiller emele gelýär. Şol şekiller boýunça göz degendigi anyklanylýar.
* * *
Gözi degýän adam gelse, gidenden soň, pyçak bilen yzyny kesişdirmeli.
* * *
Gözi degýän adam öýe gelse, gidenden soň, yzyndan suw sepmeli.
* * *
Ýanyňda syrtlanyň tüýüni ýa-da dişini göterseň, hemmelere mähriban görnersiň.
* * *
Ýanyňda doňzuň dişini göterseň, doga kär etmezmiş, göz degmezmiş.
* * *
Gyzamyk çykan çaganyň ýanynda oturyp dutar çalsaň, dutar sesine örgün gowy örermiş.
* * *
Gyzamykly çaga ýatan öýüň gapysynyň ýokarsyndan bir bölejik pagta gysdyrmaly. «Ak gelip, ak çyksyn» diýlip, ýerine ýetirilýän yrym.
* * *
Gan basyşy beýik adamlar bilegine gyzyl ýüpek daňyp goýsa, gan basyşy kadalaşar.
Taýýarlan: Gurbanjemal YLÝASOWA.
Halk döredijiligi we rowaýatlar