8. Türkmenler Ikinji jahan urşy ýyllarynda
(1941 – 1945-nji ýyllar)
1941-nji ýylyň iýun aýynyň 22-sinde faşistik Germaniýa uruş yglan etmezden, ähtiýalanlyk bilen Sowet Soýuzynyň üstüne çozdy. Rehim diýen düşünjesi bolmadyk elhenç umumy duşmanyň gara bulut ýaly bolup süýşüp geymegi SSSR-iň ähli halklaryny berk jebisleşmäge mejbur etdi. Olar faşistleriň milletine garamazdan, hemmeleri ýok edýändigini, adamlary gullara öwürmekçidigini bilýärdiler. Gaz peçlerinde millionlarça adam, şol sanda aýallar, çagalar, garrylar birehimlik bilen ýakyldy. Faşistler tutuş şäherleri we obalary ýer bilen ýegsan edýärdiler, uçdantutma bombalamak usulyny ulanýardylar.
Türkmen aýal-gyzlary bütin respublika boýunça ýüzlenme bilen çykyş etdiler hem-de asyrlaryň dowamynda nesilden nesile geçýän öz gymmat bahaly şaý-seplerini goşuna kömek bolsun diýip tabşyryp başladylar. Tonnalap tabşyrylýan altyndan we kümüşden ýasalan şaý-sepler goranmak gaznasyna gowuşýardy, toplary, tanklary we uçarlary ýasamak üçin ulanylýardy.
Öz asly boýunça söweşijiler bolan türkmenler fronta meýletin gidýärdiler. Eýýäm 1941-nji ýylyň iýul aýynyň 26-27-sindäki söweşlerde türkmen aňtawçysy Gurban Durdy SSSR-iň iň ýokary döwlet sylagy bolan Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen ada mynasyp boldy.
Türkmenistanda general Ýakup Kulyýewiň baştutanlygynda düzülen 21-nji dag-atçylar diwiziýasy Günbatar frontuň 28-nji goşunynyň düzüminde 1941-nji ýylda Guderianyň 2-nji tank goşunynyň sag ganatyna garşylyklaýyn zarba urmaga işjeňlik bilen gatnaşdy. 1942-nji ýylda Ýakup Kulyýew Stalingradyň (häzirki Wolgograd) eteginde gahrymanlarça wepat boldy. Türkmenler sowet goşunynyň harby birikmeleriniň ählisinde diýen ýaly gulluk edýärdi. Olaryň edermenligine Türkmenistanda uly baha berildi. Bu barada Mukaddes Ruhnamada şeýle belleýär:
«Uruş, gör, nähili aýylganç! XX asyr adamzadyň ykbalynda awuly, uly ýitgili, köp pidaly, gandöküşikli wagşy asyr boldy. Iki dünýä uruşlary, onlarça sebitara, döwletara agyr uruşlar boldy, olara zorluk bilen, isleg bilen biziň watandaşlarymyz – türkmenlerem gatnaşdy. Diňe ikinji jahan urşunda, nemes basybalyjylaryna garşy söweşlerde 740 müň türkmen wepat boldy, onlarça müň adamlar maýyp boldular. Ol watandaşlarymyzyň ýitgisini mal bilen, pul bilen ölçäp bolmaz, biz uruşda şehit bolanlaryň hemmesine türkmen döwletiniň gahrymany diýip at berdik. Goý, olaryň jaýlary jennet bolsun, ýatan ýerleri ýagty bolsun!» (41-42-nji sahypalar)».
Türkmenler görlüp-eşidilmedik gahrymançylyk görkezýärdiler we mynasyp bolsalar-da, olara belent atlar we ýokary sylaglar berilmedi. Ýöne olaryň hemmesi Türkmenistanyň ogullarydyr we biziň ata Watanymyz olaryň gahrymançylygyna ýokary baha berdi. Sebäbi biziň ilkinji Prezidentimiz uruş diýen apatyň nähili agyr zatdygyny örän oňat bilýär ahyryn, ol barada daş gulakdan habarly bolan däl ahyryn! Onuň kakasy Atamyrat Annanyýaz ogly mähriban halkyny eşretli durmuşa ýetirjek, ony Güneş kimin çoýjak Serdar bolup ýetişjek Saparmyrat ýaňy 1 ýaşandaka fronta gidipdi. Atamyrat aga 1942-nji ýylyň dekabr aýynda Demirgazyk Osetiýada Wladikawkazyň golaýynda Çikola obasy ugrundaky söweşlerde gahrymançylykly wepat boldy.
Moskwanyň eteginde 1941-nji ýylyň dekabr aýynda bölümiň serkerdesi ölenden soň esgerleri gahrymanlarça söweşe galdyran Aýtguly Geldiýew, Sowet Soýuzynyň Gahrymanlary Annagylyç Ataýew we Aýdogdy Tahyrow, özi teatryň artisti bolan, 1943-nji ýylda Gžatskiniň eteginde duşmanyň tanklaryna garşy söweşmegi dowam edip, ýaraly bolanda ölüm halynda esgerleri duşmanlara aýgytly garşylyk görkezmäge çagyran Meret Meredow hem özüne hem-de öz halkyna baky şöhrat getiren adamlardyr.
Pulemýotçy türkmen seržant Kerim Dosow hakynda bolsa aýdymlar düzýärdiler. Stalingradyň eteginde K.Dosow 200-den gowrak faşisti ýok etdi, ýaraly bolup eýýäm Türkmenistanda özüni bejerdýän mahalynda bolsa polkuň serkerdesiniň orunbasary oňa şeýle hat ýazdy: «Siz ýaraly bolup gideniňizden soň, biziň bölümimize gelen ähli ýaş esgerler siziň watanymyzyň azatlygy we garaşsyzlygy ugrundaky söweşlerde görkezen gahrymançylykly edermençilikleriňiz hakynda ähli zatlary bilýärler, şeýle hem olar siziň nemes basybalyjylaryna garşy gaýduwsyz we merdanalyk bilen göreşendigiňiz hakynda hem habarlydyr. Biziň söweşijilerimiz siziň esgerlik edermenlikleriňiziň mysalynda öwrenýär we terbiýe alýar. Kerim Dosow hakyndaky aýdym bolsa biziň bölümimiziň esgerleriniň söýgüli aýdymlarynyň biridir».
1943-nji ýylyň aprel aýynyň 16-synda merkezi «Prawda» gazetinde türkmen halkynyň türkmen esgerlerine ýüzlenmesi çap edildi. Munuň özi ähli halkyň adyndan iberilen hat bolup, oňa Türkmenistanyň iň tanymal we abraýly adamlary gol çekdiler. Olar ýönekeý zähmetkeşleriň obadyr şäherlerde gahrymançylykly zähmet çekýändigi hakynda gürrüň berdiler hem-de türkmen esgerlerine duşmany ýok etmegi we beýleki respublikalaryň adamlaryna öz ýerlerini basybalyjylardan azat etmäge kömek etmegi sargaýardylar. «Unutmaň, size doganlaryňyz bolan ukrainler, beloruslar, latyşlar, estonlar, litwalylar, moldowanlar, kareller garaşýarlar. Olar häzir ganym duşmanyň sütemi astyndadyr» diýlip, şol hatda aýdylýardy. Uruş ýyllarynyň dowamynda jemi 49 türkmen Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp boldy, olaryň onlarça müňüsi bolsa SSSR-iň ordenleri we medallary bilen sylaglanyldy.
Aňtaýjy Döwletjanow Berdimyrat gahrymanlarça hereket etmegi başarýardy. Mysal üçin, 1943-nji ýylyň sentýabr aýynyň 21-nde Dnepr derýasyndaky söweşde onuň özi sany 10-dan köp bolan faşiste garşy söweşdi. Gitlerçileriň 9-syny öldürip, 2-sini bolsa ýesir aldy, birnäçe wagtdan faşistleriň mina atyjysy geçelgäni oka tutup, sowet esgerleriniň beýleki kenara geçmegine päsgel beren mahaly B.Döwletjanow duşmanlaryň alkymyna süýşüp bardy we faşistleriň 12-sini we mina atyjy topuň özüni ýok etdi. Bu waka onuň şöhratly harby terjimehalyndan diňe bir parçadyr, ol Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen ýyldyz bilen sylaglanyldy.
1943-nji ýylyň hüjüm ediş hereketlerinde şöhrat gazanan birikmeleriň arasynda Türkmenistanyň zähmetkeşleri tarapyndan hemaýat edilýän diwiziýa hem bardy. Ähli goşunyň günbatara hereket etmegi üçin möhüm ýer bolan Ýelnýa şäheriniň alynmagy üçin Ýokary Baş Serkerdebaşynyň 1943-nji ýylyň awgust aýynyň 31-ndäki buýrugy bilen diwiziýa «Ýelnýa diwiziýasy» diýen at berildi. Uly leýtenant M.Rahymowyň baştutanlygyndaky rota şol diwiziýada iň oňat bölümleriň biridi. Kapitan Durdyýew Gylyç, uly leýtenant Gurbanow Işanguly, seržant Sarjaýew Amanberdi şol diwiziýanyň buýsanjy bolan esgerlerdi. Söweş meýdanynyň bir böleginde nemesleriň garşylyklaýyn hüjümleriniň birnäçesini yzyna serpikdiren 9 sany gahrymanyň arasynda 2 sany türkmen – Agalyýew Allaberdi we Gurbanow Abdullajan bardy. Sany az bolan gerçekler duşmanyň tanklar tarapyndan goldanylýan pyýada goşunlarynyň agdyklyk edýän güýjüne garşy deň bolmadyk söweşde ýeňiji bolup çykdy.
Duşmana garşy gazaply söweşlere gatnaşmak bilen, Ýelnýa diwiziýasy 241 kilometr ýol geçdi, köp sanly ilatly ýerleri basybalyjylardan boşatdy we sowet raýatlarynyň onlarça müňüsine azatlyk getirdi. Faşistleriň müňlerçesi öldürildi, duşmanyň köp sanly söweş tehnikasy ýok edildi, köp harby olja ele salyndy. Diwiziýanyň esgerlerinden we serkerdelerinden 676 adam Sowet Soýuzynyň ordenleri we medallary bilen sylaglanyldy.
Ýelnýa diwiziýasynyň söweşijileri we serkerdeleri öz üstünlikleri hakynda habar bermek bilen, Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna şeýle ýazýardy: «Biziň «ýelnýaçylaryň» söweşjeň däplerini köp esse artdyrjakdygymyza, biziň söweş baýdaklarymyzyň nemes wagşylarynyň üstünden gazanylan beýik ýeňişler bilen şöhratlanjakdygyna size, siziň üstüňiz bilen bolsa ähli türkmen halkyna kasam edýäris».
Türkmen esgerleri Russiýa Federasiýasynyň, Belorussiýanyň, Ukrainanyň, Demirgazyk Kawkazyň faşistler tarapyndan basylyp alnan ýerlerini azat etmäge gatnaşdylar. Şol bir wagtda Türkmenistanyň zähmetkeşleri ýurdumyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmagy dowam edýärdiler. Olar halk hojalyk meýilnamasyny göreldeli ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, öz maddy goşantlaryny hem goşýardy. Eýýäm 1942-nji ýylyň ahyryndan başlap Türkmenistanyň ýaşaýjylary söweş uçarlaryny gurmak üçin serişde toplap başlapdylar.
Urşuň başyndan 1944-nji ýylyň ýazyna çenli türkmenistanlylar SSSR-iň goranmak gaznasyna tanklary we uçarlary gurmak üçin 165 million rubl pul, 457 put (1 put – 16 kg) altyn çaýylan kümüş we arassa altyn tabşyrdylar, fronta ýüzlerçe wagon dürli sowgatlary iberdiler.
Türkmenistanly esgerleriň ýanyna atly-abraýly adamlardan ybarat wekiliýetler barýardy, olar ata Watanyndan habar-hatlary, dürli sowgatlary getirýärdi, sargytlary ýetirýärdi. Türkmen wekiliýetleri diňe bir gury ýerde söweşýän türkmenleriň ýanyna barmak bilen çäklenmeýärdi, eýsem olar Baltika deňzindäki Türkmenistanyň zähmetkeşleri tarapyndan hemaýat edilýän suwasty gämileriň söweşijileriniň ýanyna hem barypdy. Azyk, galla, dürli sowgatlar, enjamlar ýüklenen wagonlardan düzülen otlularyň uzyn hatarlary Belorussiýa, Russiýa, Ukraina iberilýärdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ilaty öň faşistler tarapyndan basylyp alnan ýerleriň ýaşaýjylaryna kömek berýärdi. Türkmenistanyň zähmetkeşleri tarapyndan hemaýat edilýän Ýelnýa diwiziýasy barha täze söweş üstünliklerini gazanýardy. Günbatar Ukraina azat edilen mahaly starşina Annalyýew, seržant Baýlyýew, Marydan bolan aňtaýjy Sapardurdy Garlyýew we köp beýlekiler aýratyn tapawutlandy.
Kakadan bolan Aýjan Hojaýew Belorussiýanyň meýdanlarynda pulemýotçy hökmünde gahrymanlarça söweşdi. Nemesleriň berkitmeleriniň birine zabt edilen mahaly A.Hojaýew öz pulemýotyndan ok atmak bilen, pyýada goşunlaryň hüjümini goldaýardy. Tötän düşen partlaýjy pulemýoty hatardan çykardy, ony ulanýan esgerleri bolsa saňsar etdi. Özüne gelen A.Hojaýew faşistleriň pulemýotynyň öz harby bölüminiň ilerlemegine päsgel berýändigini gördi. Duşmanyň ok atýan nokadyna bildirmän ýakynlaşyp, ol granatany örän takyk zyňyp, duşmanyň pulemýotçylaryny ýok etdi, biziň pyýada goşunymyza öňe hereket etmäge mümkinçilik döretdi, özi bolsa nemes pulemýotyny eline alyp, gaçyp barýan faşistleri oka tutdy. Şeýlelikde olaryň arasynda dowluň güýçlenmegine sebäp boldy. Şol söweşde ol gahrymanlarça wepat boldy.
Babadaýhandan bolan leýtenant Açylow Belorussiýanyň şäherlerini we obalaryny azat etmek ugrundaky söweşlerde edermenlik görkezdi we ugurtapyjylykly hereket etdi. Söweşdeş ýoldaşlary gaýduwsyzlygy üçin oňa «polat ýürekli» diýip at beripdiler. Onuň merdana hereketleri netijesinde duşmanyň garşylyklaýyn çozuşy yzyna serpikdirildi, şeýlelikde hüjüme başlan pyýada goşuna öňe tarap hereketini dowam etmäge mümkinçilik döredildi. Açylowyň baştutanlygyndaky goşun bölümi köp sanly faşistleri ýok etdi.
Ýelnýa diwiziýasy diňe 1945-nji ýylyň başynda söweşler bilen 700 kilometrden köp ýol geçdi, Polşanyň ýüzlerçe şäherlerini we obalaryny azat etmäge, Germaniýanyň köp sanly ilatly ýerlerini basyp almaga gatnaşdy.
Gökdepeden gwardiýaçy seržant Tagan Baýramdurdyýew, Marydan pulemýotçy Rejep Durdyýew uly şöhrat gazandylar. Baýramdurdyýew Oder derýasynyň üstünden ilkinjileriň biri bolup geçdi, öz pulemýotyndan ok atyp, bölümleriniň derýadan geçmegine kömek etdi, nemes ofiserleriniň we esgerleriniň 100-den gowragyny ýok etdi, 12 sany awtomaşyny partlatdy. Durdyýew Rejep sowet desantçylary tarapyndan Oderiň günbatar kenarynda basylyp alnan kiçiräk meýdançada ýeke özi galyp, duşmanlaryň garşylyklaýyn hüjümini mertlerçe yzyna serpikdirdi.
Garrygaladan pulemýotçy Allaberdi Agalyýew 1945-nji ýylyň ýanwar aýynda duşmanyň berk guralan berkitmelerini böwsüp geçmek ugrundaky söweşde minomýotlardan we toplardan gazaply oka tutulýandygyna garamazdan, duşmanlaryň berkitmesiniň ýanyna görünmän barmagy başardy hem-de granatany ökdelik bilen zyňyp, şol berkitmäni we onuň içindäki duşman esgerlerini ýok etdi. Soňra derýalaryň birinden geçilen mahaly A.Agalyýew onuň garşy kenaryna ilkinjileriň biri bolup geçdi hem-de nemes pulemýotyny ýok edip, şol ýerdäki söweş hereketleriniň üstünlikli tamamlanmagyna ýardam etdi. SSSR-iň Ýokary Sowetiniň Prezidiumy şol edermen türkmen esgerine Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent ady dakdy.
Gazanjykdan uly seržant Pena Rejebow 1945-nji ýylyň fewral aýynyň 13-inde öz tabynlygyndaky esgerler bilen bilelikde nemes pyýada goşunynyň we tanklarynyň hüjmini yzyna serpikdirip, faşistik goşunlaryň köprüden geçmegine ýol bermedi. Şol deň bolmadyk söweş 12 sagat dowam etdi. Duşmanyň täze güýçleri toplap, nobatdaky gezek garşylyklaýyn hüjüme geçen mahaly P.Rejebow iki aýagyndan hem ýaralandy, emma söweş meýdanyndan gitmän, pulemýotyndan ot açmagy dowam edýärdi. Şol söweşde P.Rejebowyň baştutanlygyndaky bölüm bir tanky ýok etdi, faşistleriň 100-den gowragyny gyrdy, 70 gitlerçini ýesir aldy. Türkmenler duşmanyň köprüden geçmegine ýol bermedi. Pena Rejebowa Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent at berildi.
Uly seržant Goçaman Halmyradow öz uýasynyň goşuna kömek bolsun diýip tabşyran serişdeleriniň hasabyna ýasalan topdan Berlini örän mergenlik bilen oka tutýardy. 1945-nji ýylyň aprel aýynyň 24-inde Berliniň eteginde şol topy kabul eden mahaly Goçaman esgerleriň öňünde durup: «Meniň uýamyň sowgady bolan şu topy dabaraly ýagdaýda almak bilen, serkerdelerime, öz uýama we tylda zähmet çekýän ähli adamlara öz esgerlerim bilen bilelikde şu topdan faşistleri gyrjakdygyma söz berýärin. Goý, wagşy nemes ordasy sowet tylynyň front bilen arabaglanyşygynyň güýjüni bilsin. Bu sowgat sowet topçularynyň şöhratyna şöhrat goşar» diýdi.
Berliniň köçelerinde dowam eden söweşler mahaly Garabogazdan bolan Ýunus Abdyllaýew öz şahsy ýaragyndan faşistleriň 50-ä golaýyny ýok etdi we 8-sini ýesir aldy.
Tagtabazarly bäş ordeniň eýesi bolan Ýalkaşow öz ýaragyndan duşmanyň 5 bronetransportýoryny, 15 awtomaşynyny, 2 tankyny, 2 topuny, 18 arabasyny we faşistik esgerleriň 300-ýe golaýyny ýok etdi. Gökdepeden topuň serkerdesi uly seržant Hydyrow göni oka tutmak arkaly faşistleriň 350-sini öldürdi hem-de duşmanyň köp sanly tehnikasyny: 3 bronetransportýoryny, 8 awtomaşynyny, 10 arabasyny, 1 tankyny hatardan çykardy.
Munuň özi Ikinji jahan urşunyň harby wakalaryndan diňe aýry-aýry parçalar. Türkmen gerçekleriniň onlarça müňüsi gahrymanlarça wepat boldy. Türkmenistanyň her bir şäherinde, her bir obasynda 1945-nji ýylyň maý aýynyň 9-ynda Ýeňiş baýramyny bellemek üçin öýüne gaýdyp gelip bilmedik jigitler bolandyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Permany bilen maý aýynyň 8-i «1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan Türkmenistanyň Milli Gahrymanlaryny ýatlama güni» diýlip yglan edildi.
Has soňrak, 1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 6-synda elhenç ýer titremesi netijesinde weýran bolan Aşgabadyň aman galan ýaşaýjylaryna türkmen esgerleri durmuşy täzeden ýola goýmaga we halas ediş işlerini geçirmäge kömek etdi.
Taryhy makalalar