Türkmen halkynyň baý taryhy bar. Dünýäniň köp-köp uly hem kiçi halklarynyň taryhy miladydan öňki I müňýyllykdan başlanýan bolsa, türkmeniň diňe medeni-şäher taryhynyň bäş müň ýyl taryhy bar.
Meniň bu iki tomlugy ýazmak niýetim ýokdy. Bu iki tomlugyň döremegine «Altynjan» hem-de «Göktürkmen söýgüsi» atly romanlary ýazmak pikiri sebäp boldy. Ol romanlar üçin material gözläp kitap yzyna kitap dörüp ugradym welin, türkmen taryhynyň haýran galdyryjy wakalary, ajaýyplyklary meni özüne kökerdi. Şonuň üçin hem ilki şu iki tomlugy ýazmagy, ana, şondan soň çeper eser ýazmagy makul bildim. Bu kitaplary ýazmakdan çäksiz lezzet aldym. Türkmen taryhy boýunça öňki okan zatlarym «witjik» eken.
Türkmen taryhyna çuň aralaşyp gelen netijäm şeýle: «Türkmen halky, türkmen ýazyjylary juda bagtly Bu taryhdan müňlerçe roman ýazyp boljak! Wah, bu dünýä täzeden ýazyjy bolup gelip bolsady!..»
Awtor.
© Ödäýew O.H., 2009 ý.
■ Birinji giriş bölümi
GEÇMIŞI BEÝIK TÜRKMENIŇ
GELJEGI-DE BEÝIK BOLAR
Yhlasym meni türkmeniň milli taryhyna badaşdyrdy. Türkmeniň bedewi kimin çarpaýa galýan meniň ýigitlik hyýalym geçmişiň alyslyklaryna syýahat etmekden irmezdi.
Irmezlik-armazlyk bir gowy ýörelge. Ol şu meselede-de öz netijesini berdi: kitap arkaly men halkymyň çaň basyp ýatan geçmiş beýikliginiň kaşaň gapysyny açdym. Men özüm üçin türkmeniň beýikligini açdym.
Ýyllar geçdi, özem boş geçmedi. Göwher köçede ýatmaýar. Ýegre dostlar kimin şol günlerden bäri taryhsyz meniň ýeke günüm geçmedi. Meniň türkmeniň beýikligini açasym geldi. Onsoň mende türkmeniň taryhyny, onda-da bitewi milli taryhyny özümçe ýazmak pikiri döredi.
Men irki döwürlerden bäri gündelik ýöredýärin. Gündeliklerimdäki esasy ýazgylar türkmen taryhy hakda. Serime gelen pikirleri men gündeliklerime geçirip ýaşadym. Bu gün gündeliklerimi elime alanymda geçen durmuş ýolum göz atuwymda janlanýar. Ol gündelikleriň taryha degişlilileri otuz-kyrk kitap boljak. «Türkmen taryhyny» halka şu gündelikler esasynda hödürlemelimi ýa-da täzeden ýazmalymy? Men bu hakda oýlanyp kän gezdim, soňundan hem «Türkmen taryhyny» gündelikler esasynda soňky tapan maglumatlarymy goşup täzeden ýazmaly diýen netijä geldim. Meniň türkmen taryhy bilen içgin gyzyklanýandygymy bilen daşary ýurtly dostlarym geçen on ýylyň içinde entek bize belli bolmadyk gymmatly golýazmalary, kitaplary getirip gowşurdylar, iberdiler. Türkmen taryhyna degişli gadymy kitaplary maňa ýetiren daşary ýurtly dostlaryma çäksiz minnetdarlyk bildirýärin. «Türkmen taryhynyň» döremeginde ol kitaplar maňa tapylgysyz maglumatlar berdi, ol kitaplar henize-şu güne çenli türkmen taryhynyň näbelli sahypalaryny anyk maglumatlar, anyk şahsyýetler bilen doldurdy.
Türkmen taryhy kitaby – meniň özümi açyş kitabym, özümiň nähili dünýäde ýaşaýandygymy, nämeler bilen meşgullanýandygymy, içki dünýämi açyş, ýaýyş kitabymdyr.
Men kitaby nähili uslypda ýazmalydygy barada hem kän oýlandym. Kitap ýazmakda uslyp esasy zat hasaplanýar. Her bir kitabyň öz beýan ediliş uslyby bolýar. Eger şol uslyp tapylmasa, onda ol kitap uzak ýaşamaýar, okyjynyň ýüregine ýol tapmaýar.
Uslyp – okyjyny heýjana salmagyň ýoly. Şol gerekli usulyýet tapylmasa, eseriň ýazylmasy hem kyn bolýar. Men kitaby ýazyjynyň dünýä taryhy, dünýä, ýaşaýyş, türkmen taryhy hakdaky oýlanmalary uslybynda ýazmagy makul gördüm. Oýlanma uslyby tapylansoň, kitabyň ýazylmasy hem ýeňilleşdi.
Ine, bu günem taryhy ýazmak işi meniň üçin gaýragoýulmasyz zerurlyga öwrüldi. Şol bir wagtda-da düşnükli, yzygiderli we belli bir nukdaýnazardan ýazylan milli taryh bu gün türkmen üçin hem uly zerurlykdyr. Biziň gurýan milli döwletimiziň berkligini amal edýän esasy zatlaryň biri-de milli aňyýetdir.
Milli aňyýet türkmen milletiniň baş ruhy binýadydyr. Milli aňyýetiň binýady bolsa, ilkinji nobatda, taryhdyr. Taryhy özüňçe ýazmak – munuň özi, millet hökmünde öz aňyňy, öz kelläňi edinmek mümkinçiligidir.
Öz taryhyňy özüň ýazyp bilmezlik akyl hem-de ruhy mejalsyzlygyň alamatydyr. Özgäniň akyl hem ruhy täsirine düşen halk milli aýratynlyklaryny ýitirmek ýoluna düşýär. Öz sypatyny, özüne mahsus mazmunyny, öz üýtgeşikliklerini elden giderensoň, oňa başga biriniň kölegesine öwrüläýmekden başga alaç galmaýar. Şonuň üçinem ykdysady, syýasy garaşsyzlyk bilen bir hatarda men türkmeniň ruhy garaşsyzlygy barada hem köp oýlanýaryn. Ruhuň, aňyň, beýniniň we ýüregiň, pikirleriň we dünýägaraýşyň başga birine garaşly bolsa, syýasy garaşsyzlyk hem, ykdysady garaşsyzlyk hem uzaga gitmez. Bu – kanunalaýyklykdyr. Milleti millet edýän zat onuň aňyýet we ruhy özbaşdaklygydyr hem garaşsyzlygydyr. Aňyýet gutaransoň, milletiň özi hem gutarmak bilendir.
Türkmeniň taryhy baý. Dünýäniň uly we kiçi köp halklarynyň taryhy miladydan1 öňki I müňýyllykdan başlanýan bolsa, türkmeniň diňe medeni-şäher taryhynyň bäş müň ýyl ýaşy bar.
Türkmeniň milli taryhyny doly hem bitewüliginde beýan etmek – meniň ömürboýy arzuw eden maksadymdyr, bu ýönekeýden düşnüklidir. Emma bu diňe göräýmäge ýönekeýdir we göräýmäge düşnüklidir. Tutuş bäş müň ýylyň dowamynda milletiň döreýşini, özüni tutuşyny, ösüşini, kä ýokary galşyny, käte egbarlaýşyny bitewi bir hadysa hökmünde görkezmek asla aňsat iş däldir. Bu ýerde berk yzygiderlilik, müňlerçe ýyllara uzaýan wakalaryň hem döwürleriň içki baglanyşygyny ýitirmezlik zerurdyr.
Bäş müň ýyly bir uşlyba düzmek, ulgamlaşdyrmak – munuň özi diňe dilde aňsat! Şunça wagtyň içinden geçip, kelebiň ujuny ýitirmezlik esasy wezipedir.
Şu ýerde bir zady aýratyn nygtap geçeýin. Şu güne çenli taryhçylar tarapyndan anyk bir halkyň ezeli eýýamdan başlap şu döwre çenli bolan taryhy bir uşlyba, ulgama düzülip beýan edilmändir. Taryhçylar eýýamlary, döwürleri bölüşipdirler: her bir taryhçy taryhyň anyk bir döwrüni öwrenýär, şol öwrenen döwri hakda-da kitap ýazýar. Her bir taryhçy akyl-paýhas, dünýägaraýyş didewanynyň ýeten derejesinden dünýä hakda, taryh hakda pikir ýöredýär. Ýöne bu gün dünýä taryhy hakda anyk bir halkyň taryhy ýolunyň mysalynda pikir ýöretmek, şol ýoly beýan etmek taryhy zerurlyk, emma bu biçak kyn wezipe. Men bu gün şu kyn wezipäni gerdenime alandygyma örän gowy düşünýärin.
Men taryh hakda ýazylan kitaplary örän kän okadym, şol okan kitaplarym esasynda şeýle netijä geldim: dünýä taryhy şu güne çenli diňe taryhçylar tarapyndan ýazylypdyr, ähli derejedäki, ähli wezipedäki adamlar taryh ylmyna we taryha diňe taryhçylaryň nukdaýnazarlary esasynda garapdyrlar, baha kesipdirler. Bir söz bilen aýtmaly bolsa, taryhçylar taryhyň pygamberlerine öwrülipdir: olar haýsy halky ýalkaslary gelse ýalkapdyrlar, islemeselerem, taryhyň çaňyna garyp goýberipdirler. Türkmen taryhy babatda hem şeýle edilipdir.
Taryha diňe taryhçynyň nukdaýnazary bilen baha berip çäklenmek örän nädogrudyr. Dünýä taryhyna ýazyjynyň nukdaýnazary ýetenok.
Hormatly okyjy! Men eliňdäki kitaby – türkmen taryhyny taryhçynyň nukdaýnazaryndan däl-de, eýsem ýazyjynyň nukdaýnazaryndan ýazmagy ýüregime düwdüm. Taryhy beýan etmekde taryhçylaryň arasynda ençeme usulyýet döräpdir. Men ol usulyýetleriň birinden hem peýdalanjak bolmadym. Taryhy ýazyjynyň nukdaýnazaryndan beýan etmäge çalyşdym, şeýdibem, taryh ylmynda täze bir usulyýetiň – ýoluň başlanmagyna sebäp boldum. Täze ýol döretmek hiç döwürde-de aňsat bolan däldir. Aňsadyny ähli kişiler edip biler, esasy zat şol kyn wezipäni amal etmekdedir.
Taryh diýilse, köplenç wakalara, olaryň haý-haýlylygyna we gyzyklylygyna düşünýärler. Elbetde, şu manydaky taryhyň hem ýaşamaga haky bar. Aslynda bu ylym dörände, döwürdeşleri geçmişiň wakalary, bolan-geçen zatlary bilen tanyşdyrmak üçin döräpdir. Emma munuň özi taryhyň diňe deslapky manysydyr we deslapky wezipesidir. Gep taryhy geçmişiň içki bitewi manysyny ýüze çykarmakdan, şeýdip hem geçmişi, şu güni we geljegi bir jähete öwürmekden ybaratdyr. Esasy maksat, ylmyň baş artykmaçlygy ýöne beýan etmek däl-de, eýsem düşündirmekdir hem. Düşündirmek üçin bolsa aýry-aýry wakalaryň, aýry-aýry döwürleriň derejesinden ýokary galmak, taryh ylmyna öň mahsus bolan üzlem-saplamlykdan saplanmak gerek. Meniň nygtamakçy bolýan pikirime düşünmekde juda zerur bolandygy üçin, soňky sözlemdäki pikiri has ýanjaýyn: ylymlaryň biri-birine juda ýakynlaşýan, olaryň bir wagtlar biri-birinden juda berk araçäk bile aýrybaşgalaşan mellekleriniň goşulyşýan wagtynda taryha has belentden seretmek gerek.
Hususanam, Taryhy Wagta onuň uzak aralygyndan garamak zerur. Haýsydyr bir hadysanyň, haýsydyr bir wakanyň, maglumatyň bäş-on ýa-da 100-200 ýyl içindäki özgerişlerine güýmenip oturman, müňýyllyklary pikir uşlybyndan geçirmeli. Çünki nämäniň nämedigini açyp berýän kanunalaýyklyklar diňe uzak möhletiň içinde özüni bildirýärler. Taryhçylaryň esasy kemçiligi – birinjiden, olar düşündirenoklar-da, ýöne gürrüň berýärler.
Hakykaty bolsa «näme?» däl-de, eýsem «näme üçin?» we «nähililik bilen?» diýen sowallara jogap berip bilýän ylym açýar.
Öz wezipesi nämäniň bolandygyny görkezmekden ybarat hasaplaýan taryh ylmy şu wagta çenli ownukçyl hem üzlem-saplam gürrüň edip geldi. Onuň mazmunyny bolsa taryhy wakalaryň ulgamy däl-de, ýönekeý dürüşdesi tutdy.
Ylgam – taryhy geçmiş babatda aýdylanda, taryhyň şeýle bir göz öňüne getirilmesidir, şu hili göz öňüne getirmekde ähli soraglara jogap tapylýar hem-de geçmişiň şu hili suraty biziň ygtyýarymyzdaky ähli zatlary we wakalary doly düşündirip bilýär. Şeýle seredeniňde geçmiş bitewülik ýalydyr. Aslynda bolsa bu diňe daşyndan şeýledir. Çünki munda hiç hili içki baglanyşyk ýok. Içki baglanyşyklaryň ýoklugy üçin hem munda belli bir kanunalaýyklygy, biri-birini düşündirýän, bir sapaga düzülýän wakalaryň we ýagdaýlaryň ulgamy ýetenok. Özara baglanyşykdan mahrum geçmişiň içki wakalary geçmiş bile şu günüň baglanyşygyny görkezmäge-de ukypsyzdyr. Şu gün bilen baglanyşmaýan, biziň şu günümize peýda bermeýän ylmyň bahasy bolsa hiç zatdyr, bu suw gysymlan ýaly ähmiýetsiz zatdyr.
Şeýlelikde, taryhy garaýşa baglanyşyk we bitewülik jana-jan zerurdyr.
Bitewülik baglanyşyklaryň netijesinde kemala gelýär. Netijede türkmeniň bitewi milli taryhy göz öňüne gelýär. Oguz han Türkmenden, Altyndepeden – Ýaňykentden1 Altyn asyra çenli uzaýan bäş müň ýyl bitewi bir hadysa, dowamat bolup göz öňüne gelýär.
Öňki, gynansamam, häzir hem dowam edýän taryhy dünýägaraýşyň çäginde şeýle bitewülik mümkin däl zat bolup görünýär. Çünki, beýle dünýägaraýyş şowakörlügi bilen tapawutlanýar. Şowakörlük – diňe burnuň üstündäki zady saýgaryp, ondan aňyrdakyny görüp bilmezlikdir. Şowakör taryh üçin Ýaňykent bilen XX asyr türkmenleri biri-birine dahylsyz zatlar bolup görünýär. Çünki ol uzak aralykdaky baglanyşyklary görmek we ýola goýmak ukybyndan bütinleý mahrumdyr. Bu hili dünýägaraýyş şowakörlügi biziň 110 ýyllap beýnimize guýlan ündewlerden gelip çykýar. Türkmeniň entek millet hem däldigine ynanan, onuň taryhyny bary-ýogy sanlyja ýüz ýyl bilen ölçän sowet taryh ylmy biziň milli aňymyzyň kütekleşmegine köp täsir etdi. Aň kütekleşen ýerinde bolsa milli duýgy hem kör galmak bilen bolýar. Netijede, biz öz uzakdaky ata-babalarymyzy özümize ýat saýyp gezdik. Şeýle duýgudan hem şeýle dünýägaraýyşdan doly saplanmak üçin türkmeniň milli taryhyny täze dünýägaraýşyň nukdaýnazaryndan esaslandyrmak gerek.
Eýsem-de bolsa bitewi milli taryh diýmek näme?
Meniň nygtamakçy bolýan pikirimiň esasynda millet düşünjesi ýatýar. Bu meniň üçin esasy adalga – düşünjedir. Men bäş müň ýylyň dowamynda türkmen milletiniň kemala geliş we ösüş taryhyny görkezmek isleýärin. Elbetde, munuň özi az wagt däl. Ýöne taryhy dünýägaraýyş täze esaslarda gurulmalydyr. Şu wagta çenli taryhy wagta adam ömrüniň uzaklygynyň nukdaýnazaryndan çemeleşildi. Şonuň üçin hem taryhy wagt juda uzak bir aralyk bolup göründi. Netijede, taryhy derňewiň işi hökmünde az wagt aralygy alyndy: belli bir asyrlar, belli bir döwürler. Taryhy dünýägaraýyş taryhy hadysalaryň çalt özgerişine ähmiýet berdi.
Emma indi aşakdan ýa-da içden – adamyň ömrüniň tarapyndan däl-de, ýokardan ýa-da daşdan – Ýeriň geologiki, biologiki ösüşiniň nukdaýnazaryndan garasaň, onda taryhy wagt heňňamlyk häsiýetini ýitirip, umumy ösüşdäki pursatlara öwrülýär. Netijede bolsa milletiň taryhyndaky durnukly, üýtgewsiz taraplary belläp almaga we görkezmäge mümkinçilik döreýär. Adam ömrüniň juda gysgalygy taryhy dünýägaraýyşda gaty köp zady kesgitläpdir: adam taryhy ösüşiň durnuklylygyny, üýtgemeýän taraplaryny däl-de, daşky üýtgeşmeleri görüp bilipdir.
Meniň maksadym – türkmeniň bäş müň ýyllyk wagtyň dowamynda esasy mazmuny uly bir üýtgeşiklige sezewar bolmadyk milletdigini görkezmek. Başgaça aýdylanda, bu dogrudanam, hut türkmeniň taryhy bolar.
Emma käbirleriniň muňa şübheli garajakdygyny duýýaryn. Çünki milletiň ýaşyny tutuş bäş müň ýyl bilen ölçemek taryhy dünýägaraýyşda kabul edilmedik zat. «Bir müň bolsun, iki müň bolsun, hatda üç müň, emma bäş müň ýyl – bu gaty köp bolýar» diýmekleri mümkin. Şeýdip, munça ýaşy türkmene rowa görmezlikleri mümkin. Şeýle pikirde taryhy gözýetimiň darlygy hem, türkmene göwnüýetmezçilikli garaýyş hem özüni bildirýär.
Ilki bilen, göwnüýetmezçilik hakynda: bu ýerde dogrudanam, haýsydyr bir dünýägaraýyş ýa-da ylmy ygtykat däl-de, diňe göwün, ýaramaz göwün bar: şonça ýaş berilýän başga milletler bar ahyryn, «emma türkmene däl!» Gözýetimiň darlygy, möwritini ötüren ylmy ýalňyşlyklar, endikler türkmeniň hakyky taryhyna göz ýetirmäge mümkinçilik beräýenok.
Geň galmaly ýagdaý bar: ylym hem ylmy pikirlenme köneden galan nädogry garaýyşlara, wagty ýeten-de bolsa üýtgedilmedik pikirlere esaslanýan ýaýal (konserwatiw) häsiýete eýedir. Ylym oňat zat, emma ol hem perişdäniň kellesinden çykanok. Şonuň üçin hem adama mahsus peslikler we matlaplar ylymda-da öz möhürini goýýar. Munuň özi, bir tarapdan, tebigylykdyr hem: biz indi näçe müň ýyl bäri Günüň dogup-batmaýan zatdygyny hem bilýäris, emma barybir «Gün dogdy», «Gün ýaşdy» diýip aýdýarys. Meniň maksadym türkmen taryhyny şeýle möwriti öten aňyýetden we ylmy garaýyşlardan saplamakdyr.
Meniň okyjylaryň dykgatyna hödürleýän bu taryhym gysga elkyssa bölüminden – girişden we taryhyň özünden ybarat. Elkyssa bölüminde – girişde men özümiň taryhy garaýyşlarymyň we taryh ylmynyň aýratynlyklaryny beýan edýärin. Türkmen taryhyny ýazmagymyň maksady, ylmy ýörelgeleri we usullary, ýazylýan taryhyň çäkleri – bular barada gysgaça gürrüň edýärin. Emma elkyssa bölümine – girişe birnäçe jiltlik türkmen taryhynyň doly aňyýete ylmy hamyrmaýasy hökmünde garap bolmaz. Bu iň bolmanda, munuň üçin elkyssa bölüminiň göwrüm taýdan gysgalygy sebäpli şeýledir. Şonuň üçin hem men taryhy garaýyşlarymyň umumyaňyýet düzgünlerini we esaslaryny şol taryhyň öz dowamynda ýüze çykararyn. Şeýle edilse, hem işiň mazmuny agramly bolar hem-de ony okamak, özleşdirmek, awtor bilen deňdeş pikirlenip gitmek ähmiýetli bir döredijilik işine öwrüler.
Men türkmen milli taryhyny Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy taglymaty, taryhy geçmişimizi bäş eýýama bölüşi esasynda, onuň Ruhnama kitabynda beren ulgamy boýunça teswir edýärin. Milli taryhymyzyň ilkinji eýýamyndan bize köp gazuw-agtaryş we taryhy ýadygärlikler, maglumatlar galypdyr. Şolary halkyň soňrakky döwürlerde hakydasyny düzen maglumatlar bilen sepleşdirmek möhüm işdir. Men Gadymy Oguz türkmen döwleti; Ýaňykent, Marguş, Horezm, Partaw ýaly döwletlerimiziň hersiniň taryhyny aýratyn teswirlemekçi. Çünki olaryň hersi özbaşyna taryhdyr. Şol bir wagtda-da olaryň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşygy bar. Şonuň üçin hem birine aýratyn bölüm bagyşlamak bilen men olaryň baglanyşygyny öz pikir ýöretmäniň bütin dowamynda saklap galaryn.
Bäş müň ýyllyk taryh awtor üçin taryhy taglymatlaryň we ýörelgeleriň, taryh pelsepeleriniň ençemesini ulanmaga, işe girizmäge mümkinçilik berýär. Munda gazuw-agtaryş hem, antropologiýa hem, etnografiýa hem, dil bilimi, taryhy geografiýa hem, syýasy taryh hem – garasaý, näme diýseň ulanmak mümkin. Bitewi hakykaty dikeltmekden we taryhy durmuşyň köpgyraňlylygyny aýan etmekden ötri men, bu ylymlaryň hemmesinden hem peýdalanmaly bolaryn. Emma bu işiň bitewüligine, bütewi awtorlyk pikire we awtorlyk erke zyýan bermeli däldir.
Meniň maksadym – halkyma onuň mynasyp janly geçmişini kaknus deýin gaýtadan gaýtaryp, janlandyryp bermekdir. Men öz halkynyň taryhyny öwrenýän ýazyjy hökmünde diňe şu gün üçin däl, geljek üçin hem işleýärin. Biziň şu günlerdäki bitirýän işlerimiz, şeýle hem agzybirligimiz, asudalygymyz, jebisligimiz geljegimiziň binýadydyr. Biz şu günlerki işlerimiz bilen geljegimize giň, şa mümkinçilikler açýarys, men bu gün türkmene türkmeni tanadýaryn. Türkmen üçin düşnüksizligiň bolmazlygyna çalyşýaryn. Türkmeniň ata-babalarynyň nirelerde ýalňyşlyk goýberendigini, şeýle ýalňyşlyklary mundan beýläk goýbermezlik üçin näme işleri etmelidigini, nämeleri etmeli däldigini bilmeklerini aýdyňlaşdyrmaga çalyşýaryn. Bu işde beýik Biribar bize ýaran bolar, enşallasa! Men seljuklylar döwrüniň taryhyny öwrenip «Altynjan hanym», «Sahypkyran Gutulmyş» romanlaryny ýazdym. «Göktürkmen söýgüsi» romanym hem taryhy tema esaslanýar. Men ony Göktürkmen döwletiniň taryhy wakalary esasynda ýazdym. Bu romanlary, «Türkmen taryhy» atly şu kitabymy ýazmak bilen men özüme jenneti dünýä açdym. Meniň diýýän jenneti dünýäm – türkmen taryhy. Ajaýyp taryhymyz bar. Biziň ýedi million halkymyz bar. Taryhymyzda hem şonça, dogrusy, ondan-da köp roman ýazmaga buýsançly taryhy materialymyz bar. Arman, bizde ýazyjy azlyk edýär.
■ 1. Türkmen taryhy we
bitewi garaşsyzlyk
Özüniň taryhy ömri bäş müň ýyldan hem geçýän türkmen halkynyň durmuşynda XX asyryň ahyrynda – 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda täze bir eýýam başlandy, bu eýýam biziň ata-babalarymyzyň soňky sekiz asyrlap arzuw edip, ýetip bilmedik eýýamydyr, haktagala biziň neslimize çäksiz bagt gapysyny açdy, ol gapydan girip, biz milli garaşsyzlyk ýoluna düşdük.
Milli garaşsyzlyk – türkmen milletiniň gaýtadan döremek we özüniň geçmiş taryhyndaky beýikligine ýetip, bütin dünýäde özüni ykrar etdirmegidir, adamzat maşgalasynda öz mynasyp ornuny tapmagydyr.
Milli garaşsyzlyk – türkmeniň öz-özüni tapmak, öz-özüni ykrar etmek we ykrar etdirmek ýoludyr. Munuň özi ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda ýiteňkirlän öz «meniňi» – türkmen «meniňi» tapmak ýoludyr.
Milli garaşsyzlyk – sözüň hakyky manysyndaky gaýtadan millet bolmagyň esasydyr we baş taryhy şertidir.
Şeýle taryhy taýdan täze eýýamyň düýp manysy bir zatda – biziň garaşlylyk, baknalyk döwründen garaşsyzlyk durmuşyna geçýändigimizde aýdyň görünýär. Munuň özi türkmen milletiniň taryhy döredijilik zamanydyr.
Garaşsyzlyk diňe bir azatlyk däl, eýsem uly jogapkärçiligiň hem gerdene düşmegidir.
Garaşlylyk, özgelere bakna bolmaklyk türkmende ýaramaz endikleriň döremegine getirdi. Ähli hukuklary, millet hökmünde erki özgäniň elinde bolansoň, türkmen halky geljegi barada oýlanmak, öz taryhy ýaşaýşyny gurnamak ukyplaryny belli bir derejede ýitirdi.
Adamzadyň tebigaty şeýle: erki hem hukugy elinden alnansoň, ol özüniň geljek baradaky jogapkärçiligini hem üstünden aýyrýar. Bu bolsa milletde öz-özi, öz ykbaly babatda biperwaýlyk, owarramçylyk häsiýetiniň döremegine getirýär. Türkmende öz asyl ukyplarynyň, başarnyklarynyň dereginiň dagap, onuň sypatynda özgelere öýkünjeňligiň esasy orna geçendigini biz geçen ýüz on ýylyň dowamyndaky taryhyndan – edim-gylymyndan, içki dünýäsinde bolup geçen özgerişliklerden görýäris.
Özge birine öýkünjeňlik, gynansagam, tutuş millet derejesindäki bir hadysa boldy. Bu onuň akyl, döredijilik ýörelgesiniň esasy sypatyna öwrüldi. Öýkünjeňlik özüne göwni ýetmezlikden, ýalan maglumatlardan, ýoýulan maglumatlardan ýasalan geçmişinden utanmakdan gelip çykýardy. Türkmeni öz-özünden utanar ýaly derejä ýetirdiler. Hawa, hawa, türkmeni öz-özünden, türkmenliginden utanar ýaly derejä ýetirdiler. Munuň maksady bolsa milletiň öz-özüni ret edip, başga bir zada, başga bir mazmuna öwrülmegini gazanmakdan ybaratdy. Türkmeniň öz-özünden, türkmenliginden utanmaly däl-de, eýsem buýsanmalydygy beýik pederlerimiziň, beýik geçmişimiziň bardygy hakdaky, şeýle hem türkmeni türkmen edip biljegiň diňe türkmendigi baradaky pikiri müň keren mamla.
Sowet aňyýetiniň türkmeni öz-özünden utanar ýaly edendigine köpler indi-indiler düşünýärler, käbirleriň aňyna entegem ýetenok. Men bu taryhy betbagtlygy akylym goýalyp ugrandan bütin süňňüm bilen syzyp başlapdym.
Haçan-da 1991-nji ýylyň güýzünde Saparmyrat Türkmenbaşy Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny yglan edende, özüniň bütin ömrüniň şol güne taýýarlyk bolandygyna düşünip galandygyny çykyşlarynyň birinde nytapdy. Şonda täsin, hiç wagt unudylmajak duýgy – öz-özüňi tapmak duýgusy her bir türkmeniň kalbyny gurşap alypdy.
Siz şeýle duýgyny başdan geçirip görüpmidiňiz? Eden işleriň arkaly öz-özüňi tapmak iňňän bagtly hem ajaýyp duýgudyr.
Garaşsyzlyk – türkmen halkynyň ömrüniň düýp manysydyr.
Garaşsyzlyk – baş taryhy açyşymyzdyr.
Garaşsyzlyk – häzirki türkmeniň baş ýaşaýyş gymmatlygydyr.
Çünki garaşsyzlyk millete gaýtadan jan berdi, onuň taryhy ömrüne dowamatlyk berdi.
Şonuň üçin hem bu gymmatlygy seždegäh, keramat derejesinde görmelidiris.
Garaşsyzlyk – biziň milli taryhy ýaşaýşymyzyň baş görnüşi we esasy usuly we türkmeni gaýtadan ürkmen etmegiň täridir. Mahlasy, häzirki türkmen üçin garaşsyzlykdan ýokarda, ondan gymmat hiç bir zat ýokdur.
Taryhy hadysa hökmünde 1991-nji ýylyň güýzünde başlanan Garaşsyzlyk häzir hem dowam edýär, geljekde-de dowam etjekdir. Bu hadysanyň taryhy wagt taýdan dowamlylygy garaşsyzlyk düşünjesiniň möçberiniň giňligini görkezýär. Türkmene bitewi we doly garaşsyzlyk gerek. Hut «Milli Garaşsyzlyk» diýenimizde, bu düşünje özüniň bitewüligine we dolulygyna eýe bolýar. Doly milli garaşsyzlygyň mazmunynyň üç jäheti, üç tarapy, taryhy hadysa hökmündäki üç sany döwri, basgançagy bardyr.
Munuň birinji jäheti, birinji basgançagy, elbetde, syýasy garaşsyzlykdyr.
Has göze görnerlikli, bada aňa ýeterlikli edip aýdanymda, bu döwlet garaşsyzlygydyr.
Döwlet – milletiň taryhy ýaşaýşyny gurnamagy we üpjün etmek işini öz üstüne alýan ullakan bir syýasy edaradyr. Eger şeýle edara bolmasa, onda ýaşaýyş özakymlaýynlyk, baş-başdaklyk hem taryhy nämälimlik häsiýetine eýe bolar. Munuň üstesine-de, garaşsyz milli döwletiň manysy özge döwletiň baknalygynda ýaşandan düýpgöter tapawutlydyr. Biz ýüz on ýyllap özge döwlete bakna bolup, ondaky ýaşaýşyň türkmeniň diňe zyýanyna işländigini gördük.
Milli döwlet – şu milletiň peýdasyna, millet hökmünde ýokary galmagyna işleýär. Bu taryhy gutulgysyzlykdyr. Çünki garaşsyz döwlet türkmeniň ýaşamak başarnyklarynyň, ukyplarynyň, endikleriniň bitewi syýasy barlyga geçmeginden başga hiç zat däldir.
Bitewi milli garaşsyzlygyň ikinji jäheti, ikinji basgançagy – ykdysady garaşsyzlykdyr.
Syýasy garaşsyzlygyň şertlerinde türkmen milleti öz maddy baýlyklaryny özüne siňer ýaly suratda gurnaýar, öndürýär we sarp edýär. Ykdysady garaşsyzlygyň düýp manysy özgelere elgarama bolmakdan dynmakdyr. Biz dünýäde maddy gymmatlyklaryň nähili ähmiýetiniň bardygyna oňat düşünýäris. Ykdysady garaşsyzlyk bolmasa, syýasy garaşsyzlyk boş, «ady bar – özi ýok» diýen zada öwrülýär.
Syýasy garaşlylyk – baknalykdyr.
Ykdysady garaşlylyk – elgaramalykdyr.
Başga biriniň agzyna we eline garap duran milletiň syýasy erkiniň azat bolmaýandygyny biz gördük ahyryn. Şonuň üçin hem Saparmyrat Türkmenbaşynyň esasy aladalarynyň biri milletiň ykdysady kuwwatyny döretmek we güýçlendirmek boldy. Ilki «On ýyl Abadançylyk», soňra-da «Ykdysady maksatnama» jemi 20 ýylyň dowamynda garaşsyz ykdysadyýeti gutarnykly we yza gaýduwsyz hadysa öwürmegi göz öňünde tutýar. Bu döwlet paýhasynyň işidir. Diýmek, syýasy garaşsyzlyk ykdysady elgaramasyzlygyň diňe bir şerti däl, eýsem ony gazanmagyň baş usulydyr hem.
Dürli taraplara, jähetlere, basgançaklara bölekleýändigine garamazdan, janly ýaşaýşyň hadysasy bolan milli garaşsyzlyk bitewi bir zatdyr. Bu Saparmyrat Türkmenbaşynyň ömrüniň manysyny düzýän bitewi işdi hem bitewi göreşdi. Ol diňe bu çylşyrymly bitewüligi göz alnyňa geçirmekden ötri, ony ýönekeýliklere – taraplara we şuňa meňzeşlere böldi. Bu – paýhasyň Eflatundan bäri gelýän endigidir we ýörelgesidir.
Şeýlelikde, milli garaşsyzlygyň üçünji jäheti hem-de iň ýokary, ahyrky basgançagy – ruhy garaşsyzlykdyr.
Ine, şu ýerde-de türkmeniň ýyllarboýy gursagynda doga kimin göterip gelen, özüniň hiç mahal dänmejek pikirini nygtamalydyrys:
Garaşsyzlyk garaşsyzlyk üçin däl-de, garaşsyzlyk türkmen üçindir!
Biz garaşsyz döwleti döretdik – milletiň syýasy barlygyny berkarar etdik.
Biz garaşsyz ykdysadyýeti gurýarys – milletiň maddy barlygyny berkarar edýäris.
Biz ruhy garaşsyzlygy – türkmeniň milli ruhyýetini berkarar edýäris.
Döwlet, ykdysadyýet – göze görnüp duran, el bile görkezip bolýan zatlar.
Millet – howaýy bir düşünje bolman, eýsem 5,5 million şahsyýetden ybarat bir bitewi toplumdyr.
Ruhy garaşsyzlyk – şol şahsyýetleriň akyl-paýhaslarynyň, aňynyň, oý-pikirleriniň, pelsepeleriniň, mahlasy, aňyýetiniň bitewülikdäki erkinligi, erkliligi, gaýtalanmazlygy we özbaşdaklygydyr. Millet diýlende, garaşsyz we özbaşdak aňyýet göz öňüne gelýär. Öz kellesi bilen pikirlenip, öz ýüregi bilen duýýan, öz kalby bilen aňlaýan toplum göz öňüne gelýär.
Millet hadysasy täsin hem häzire çenli düşünilmän ýa-da nädogry düşünilip gelinýän hadysadyr.
Men milleti ruhy täsinlik hasaplaýaryn, gudrat hasaplaýaryn we maddylyk, tebigatylyk munda göz-görtele ikinji derejeli orun eýeleýär diýip pikir edýärin.
Ýaşaýyş – Allanyň sungatydyr.
Adam atanyň nesli bolan adamzadyň dürli jynslara bölünýändigi sap biologiki hadysa. Şonuň üçin hem bu ýerde tebigatyň kanunlarynyň hökmürowanlygy jedelsizdir. Emma milletler ruhuň hadysasydyr. Munda eýýäm taryhy-ruhy hökmürowanlyk bar. Bu pikiri inkär edip biljek iki pursady öňe sürmekleri mümkin: birinjiden, dürli milletleriň keşp aýratynlyklary. Ikinjiden, milletleriň maddy medeniýetiniň üýtgeşikligi.
Emma aýry-aýry milletleriň keşp aýratynlygyny men köp derejede akylyň oýny, akylyň bize al salmasy hasaplaýaryn. Bu bary-ýogy täsiriň işidir. Tä göz-görtele jynsy aýratynlyklara barýança, bir milletiň beýlekisine garandaky umumylygy tapawutdan has uludyr. Maddy medeniýet diýilýäne bolsa ilkinjilik däl-de, ikinjilik degişlidir. Ol – sebäp däl-de, netije, içki mazmun däl-de, daşky ýüze çykmadyr. Sebäp – ruhdadyr.
Allanyň işine – adamzadyň ýaradylmagyna ylymda antropogenez diýilýär.
Tebigatyň işine – jynslaryň döremegine rasogenez diýilýär.
Ruhuň işine – milletleriň kemala gelmegine etnogenez diýilýär.
Özüniň çäkleri we mazmuny boýunça dürli-dürli bolan bu üç hadysanyň – barlygyň haýsysynda adam erki garaşsyz iş edip biler?
Adam hiç mahal Allanyň işine düzediş girizip bilmez – ol, aýdaly, synasyny Allanyň ýaradyşyndan üýtgedip bilmez. Adam hiç mahal tebigata-da düzediş girizip bilmez. Emma adam öz ruhuny özi gurnap biler. Bu Allatagala tarapyn Adama berlen çäksiz uly mümkinçilikdir.
Allatagalanyň hut şu mümkinçiligi esasynda hem durmuş, adamzat özgerýär, ösýär.
Dünýä şu mümkinçiligiň esasynda ýaşaýar.
Şeýlelikde, millet bolmak – milletiň öz elindäki işdir. Bu işde esasy pursat milli ruhy kemala getirmekden ybaratdyr. Şu günki günüň derwaýyslygynyň nukdaýnazaryndan, baş taryhy wezipe – ruhy garaşsyzlygy doly gazanmakdan ybarat bolup durýar. Geçen ýyllaryň dowamynda dürli sebäplere görä ýiteňkirlän türkmen milli ruhyýetini gaýtadan kemala getirmek biziň iň dowamly we iň esasy taryhy işimiz bolar. Diňe şunuň hötdesinden gelip, biz täze türkmen milletini berkarar edip bileris. Munuň bolup-bolmazlygy tebigatyň özakymlaýynlygynyň ýa-da taryhy hereketiň bize bagly bolmadyk utgaşyklarynyň däl-de, biziň öz erkimiziň işidir.
Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeniň ruhy garaşsyzlygyny, umumy alanyňda bolsa, türkmen milletiniň özüni berkarar etmek üçin Ruhnamany döretdi.
Ruhnama – türkmeni ýaşaýyş özakymlaýynlygynyň elinden gaňryp almagyň serişdesidir. Çünki, ol özakymlaýynlygyň aňrujunda akybet – soňsuzlyk görünýär. Bu aňly-düşünjeli işiň ugruna boljaklygyna hiç hili şek-şübhe ýok!
Ruhnama – ýaşaýyş özakymlaýynlygyny bir berk akaba salmagyň, özem halkyň maksat-islegleriniň, telwaslarynyň jemlenen akabasyna salmagyň serişdesidir. Ruhnama türkmen ýaşaýşynyň many-mazmunyny artdyrmagyň akabasydyr. Sebäbi biziň ýokarymyzda – daşymyzda ýerleşýän ähli güýçler bize munda raýdaşdyr.
Birinjiden, Allanyň eradasy haýyr işiň tersine däldir. Döredijilik, kämillik, dirilige ymtylyş bolsa haýyr işdir.
Ikinjiden, tebigatyň hökmürowanlygy biziň öňde goýýan matlaplarymyzyň jikme-jik, anyk manysy we çäkleri bilen deňeşdirilende, has umumydyr. Biz – ýaşaýşyň içki aýlawynda hereket edýäris, tebigatyň kanunlary onuň daşky aýlawynda hereket edýär.
Üçünjiden, taryh diňe biziň bähbidimize işleýär. Türkmen milletiniň öňünde degişli meseläniň goýulmagynyň özi hem taryhyň bize berýän puryjasydyr.
Dördünjiden, ruh – biziň hyzmatdaşymyzdyr we şärigimizdir. Ruhuň öz-özüni kämilleşdirmeginiň esasy serişdesi – biz, adamlardyrys.
Adamyň kämilliginiň açary ruhdadyr.
______________________________
Çykgyt:
1. Biz şu güne çenli «biziň eýýamymyzdan öňki (b.e. öňki) diýip ulanýardyk. Mundan beýläk miladydan öň ýa-da Isadan öň diýip alsak dogry bolar. Sebäbi biziň häzirki ulanýan grigorýan ýyl hasabymyz hristianlaryň ýyl hasabydyr. Milady ýyl hasaby hristianlaryň pygamber Isanyň (Iisus Hristosyň) eneden doglan gününden başlanýar. Milad diýmek dogulmak, dünýä inmek diýmekdir. Katoliki ybadathanalaryň Papasy Grigoriý XIII 1582-nji ýylda ýörite topar döredip, Perujy uniwersitetiniň mugallymy Luiji Lilio tarapyndan düzülen ýyl hasabyny ulanyşa girizýär. Sowet Russiýasy ol ýyl hasabyna 1919-njy ýylda geçýär.
2. Altyndepäniň hakyky ady «Oguznamalarda» ýazylyşy ýaly, Ýaňykent bolmaly. Ýaňykent Oguz han Türkmeniň guran şäheridir. Bu hakykaty bilmän, käbir arheologlar 1960-njy ýyllarda depeden kän altyn tapylandygyny göz öňünde tutup, Ýaňykendi Altyndepe diýip atlandyrýar. Arheologlaryň bu aňlatmasy altmyşynjy ýyllardan başlap, taryh ylmynyň dolanyşygyna girýär. Şondan soň ýerli ilat hem Ýaňykendi Altyndepe diýip atlandyryp ugraýarlar. Her bir zat giç hem bolsa öz hakyky ady bilen atlandyrylsa gowy. Türkmeniň «Öňüm gelenden soňum gelsin» diýen pähimi hem şu adalat üçin bolsun gerek. Soňky tapylan gadymy taryhy çeşmelere salgylanyp aýtsam, Altyn şäheri diýip aňymyza giren şäheriň başky ady «Garrykent», Altyndepe diýip aňymyza ornaşan şäher-döwletiniň ady «Kentdepe» bolmaly. Ýöne biz ezeli oguz-türkmenleriň guran ilkinji döwletini Altyndepe diýip däl-de, ezeli oguz-türkmenleriň döwleti diýip alsak, hem düşnükli, hem hakykaty dikeltdigimiz, janlandyrdygymyz bolar.
Osman ÖDE.
Taryhy makalalar