2. Ruhy garaşsyzlyk
Meniň ýokarda ruhy garaşsyzlygyň taryhy zerurlygy, mümkingadarlygy hem-de ony berkarar etmegiň taryhy-pelsepewi jähetleri barada gürrüň etmegim ýöne ýere däl.
Filosofiýa bir belentlik. Belentlik bile ýokary galdygyňça, howaýylygyň artýandygy kän bir islenilmese-de, tebigy hem gutulgysyz ýagdaý. Men indi filosofiýa belentliginden ruhy garaşsyzlygyň hut nämeden ybaratdygy hakynda ýere mahsus sada pikirleri, ýer ýaly düşnükli sözler bilen her bir türkmen okyjysyna ýetiresim gelýär.
Ruhy özbaşdaklyk hem-de aň garaşsyzlygy – ine, biziň häzirki taryhy pursatda gazanjak bolýan baş gymmatlyklarymyz şulardyr. Ruhy özbaşdaklyk milletiň taryhyň dowamyndaky ruhy ýaşaýşynyň özboluşlygyndan kemala gelýär. Geçen 110 ýylyň dowamynda biziň milli ruhy ýaşaýşymyza nähili ýaramaz täsirleriň bolandygyny indi hemmämiz bilýäris. Garaşsyz döwletimiz halkymyzyň ruhy dowamatyny kepillendirmek üçin ruhy özbaşdaklygy pugtalandyrmagy döwlet syýasatynyň derejesine çykardy. Şonuň üçin hem indiden beýläk öz milli ruhy özboluşlylygymyz özüniň täze taraplaryny aýan eder.
Milletiň ruhy-aňyýet özboluşlylygy onuň ýaşaýşynyň şu aşakdaky taraplarynda ýüze çykýar:
– milli sungatda we edebiýatda;
– halk döredijiliginde;
– milletiň özboluşly ylmy, intellektual we durmuş pelsepesinde;
– milli aňynda;
– däp-dessurlarynda we adatlarynda;
– halk ynançlarynda;
– milletiň dininde we dini ynançlarynda;
– milletiň akyl we ylmy ýörelgelerinde;
– ahlak düşünjelerinde we kadalarynda;
– milli dilinde;
– dünýäni duýuş aýratynlyklarynda;
– milli häsiýetlerinde;
– maşgala we garyndaşlyk gatnaşyklarynda;
– milletiň maddy medeniýetiniň mazmunynda;
– milletiň jemgyýetçilik garaýyşlarynda;
– milletiň öz geçmişine gatnaşygynda.
Şu köpsanly taraplaryň mukdar jeminden we olaryň özara hil utgaşygyndan biziň milli ruhy özboluşlylyk diýýänimiz kemala gelýär. Haçan-da millet daşardan gelýän özge täsirleriň astyna düşende, onuň ruhy özboluşlylygyny düzýän aýratynlyklary özüni ýitirip başlaýar we milletiň özgelere meňzemek, özgelere uýgunlaşmak ýagdaýy bat alyp ugraýar. Munuň özi ahyrky netijede milletiň öz «meninden» mahrum bolmagyna, haýsydyr bir adamlar köpçüliginiň özbaşdak ruhy bitewülik – millet hökmünde ýaşamagyny bes etmegine, bu atsyz-mazmunsyz – reňksiz köplük esasynda hem gaýry bir zadyň emele gelmegine getirip biler. Milletleriň dargaýyş kanunlary onuň köplenç öz-özlügini ýitirenden soňra başga bir milletiň düzümine goşulyp gidýändigine şaýatlyk edýär.
Islenilmeýän şeýle taryhy kanunalaýyklyk milli geljek barada aňly-düşünjeli aladanyň möhüm bir zerurlykdygyny görkezýär. Çünki sap tebigat hadysalaryndan tapawutlylykda bu zatlar adam erkiniň, onda-da döwlet erkiniň çägindäki we mümkinçiligindäki täsir edip boljak hadysalardyr.
Döwletiň erki – halkyň, jemgyýetiň bir uly güýje, hil taýdan täze güýje öwrülmegidir. Döwletiň erki onuň syýasatlarynda ýüze çykýar we amala aşyrylýar.
Hut şonuň üçin hem Saparmyrat Türkmenbaşy ruhy garaşsyzlyk diýen düşünjäni öňe sürdi. Ruhy garaşsyzlyk edil syýasy ýa-da ykdysady garaşsyzlyk ýaly durmuş hakykaty we durmuş zerurlygydyr. Şol sebäpli-de ol milli döwletiň möhüm, eýsem-de bolsa, iň möhüm syýasy ýörelgeleriniň biri bolmalydyr. Ruhy garaşsyzlyk ýörelgeleriniň baş maksady türkmeniň özüne mahsus ruhy özbaşdaklygyny we özboluşlylygyny saklamakdan hem-de täze taryhy şertlerde durmuşa laýyklykda berkitmekden ybaratdyr.
Ruhy garaşsyzlygyň barypýatan durmuşy zerurlykdygyna, onuň ýasama ýa-da howaýy bir düşünje däldigine göz ýetirmek üçin onuň gapma-garşylygyna göz aýlamak ýeterlikdir. Munuň gapma-garşylygy bolsa ruhy garaşlylykdyr. Ruhy garaşlylyk – milletiň ruhy ýaşaýşynyň başgalara garaşlylygydyr. Muňa asla-da milletiň tebigy ýagdaýy diýip bolmaz. Bu milli ýaşaýşyň hassalyk ýagdaýydyr, onuň ýoýulmasydyr. Diňe özgeler bilen ruhy hyzmatdaşlyk, özgeler bilen oňaýly we oňyn özara täsir üçin açyklyk tutuş adamzat üçin haýyrly tebigy ýaşaýyş bolup biler. Biz öz milletimizi özgelerden aýrybaşgalaşdyrmaýarys, üzňeleşdirmeýäris. Oňat gatnaşyklar üçin türkmen kalbynyň gapysy mydama açyk bolupdy, ýene-de açyk bolar. Türkmen umumyadamzat we umumyyslam gymmatlyklaryna beýik goşantlary goşan millet.
Emma ruhy garaşlylyk milletiň pese düşüp, öz aslyny we mazmunyny ýitirmegidir. Şeýle näsaglyk we näsazlyk iki sebäpden bolup biler. Birinjiden, içki sebäpleriň netijesinde. Syýasy hem ykdysady dagynyklyk, ýagny milletiň baş we beden mejalsyzlygy sebäpli onuň ruhy peselip we ýoýulyp ugraýar. Milletiň ruhy döredijilik ukyplary peselip, sungaty we edebiýaty, pelsepeleri we ylmy ösüşden mahrum galýar. Onuň ruhy garaýyşlary juda ýöntemleşýär. Öz ata-babalarynyň gazanan ruhy gymmatlyklaryna goşant goşmaga onuň rowgaty galmaýar. Netijede, ol özünden öňküleri gaýtalap oturan, ruhy özboluşlylygyny barha ýitirýän mähellä öwrülip başlaýar. Milletiň öňki ahlak kadalary manysyzlaşyp, gödek bozulmak bilen bolýar. Ynançlar unudylýar, ynam azalýar. Akyl-paýhas ukyplary telperleşip, dili, pelsepeleri, sungaty, halk döredijiligi juda garyplaşýar. Milletiň milli häsiýeti azýar. Netijede, indi barha san köpçüligine – mähellä öwrülip barýan halkyň içki mazmunynda nägehan bir boşluk emele gelip ugraýar.
Emma hatda tebigatyň kanunlaryna laýyklykda-da her bir boşluk ýaşamak mümkinçiliginden mahrumdyr. Şeýdip, ikinji sebäp – daşky ýaramaz täsir sebäbi işe girýär. Emele gelen boşluk daşdan gelýän täsirler bilen doldurylyp ugraýar. Bu bolsa milletiň öňli-soňly bir mazmundan başga bir zada, başga bir mazmuna üýtgemegine getirýär. Millet dargap, onuň boşluk beden esasynda başga bir birlik döreýär, has dogrusy, köpçülik ikinji bir milletiň düzümine girýär.
Men näme üçin ýaramaz täsir diýýärin? Çünki meniň ýokarda suratlandyran ýagdaýymda daşarky täsir içerki mazmunyň ýoýulmagyna, janly bir barlygyň ýok bolmagyna sebäp bolýar. Eger täsirler munuň tersine, şol barlygyň has hem janlanmagyna sebäp bolan bolsady, onda olar oňyn täsirler bolardy. Her bir hadysa onuň ahyrky getirýän netijesine görä baha berilýär. Baryp gadymy ýunan pelsepeçileri «çäk» diýen düşünjäni işläp düzüpdirler. Islendik çäkden çykmak zatlary we hadysalary öz gapma-garşylygyna öwürýär. Ine, millet meselesinde men milletçiligi we milletparazlygy biri-birinden tapawutlandyrýaryn. Milletparazlyk – özgelere ýigrenç, milletçilik özüňkä aşa söýgüdir. Edil şonuň ýaly-da, ruhy özbaşdaklyk – oňynlyk, ruhy garaşlylyk bolsa ýaramaz ýagdaýdyr.
3. Ruhnama we taryh
Meniň ýokarda beýan eden taryhy hadysalarym bir ýylyň, on ýylyň içinde däl-de, onlarça, hatda ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda bolup geçýär. Hut şeýle dowamlylygy üçin hem adamlar öz ýaşan ömürleriniň çäginde milletiň dargaýyş we ýitiş takdyryny «gözi bilen görüp» durmak mümkinçiliginden mahrum bolupdyrlar. Hadysanyň soňky netijesi, esasan, iş işden geçensoň bilnip galypdyr. Men ýüzlerçe ýyllaryň umumylaşdyrmasynyň gürrüňini edýärin. Bu ýerde bir hakykaty açýarys: eger milletiň tüýsüniň azmasy şeýle haýal hem-de uzak wagtyň içinde bolup geçýän bolsa, onda tersin ýagdaý, ýagny onuň silkinmek we özüne gelmek işi-de az wagtyň dowamynda bolup geçmez. Şonuň üçin hem türkmen milletiniň ruhy özbaşdaklygyny doly dikeldip, onuň ruhy garaşsyzlygyny ahyryna çenli amal etmek işi uzak möhletleýin taryhy wezipe hasaplanýar.
Men gürrüňiň başynda milli garaşsyzlygyň bitewi taryhy işdigi hem ol bitewüligiň üç sany esasy jäheti barada aýtdym. Öz häsiýet aýratynlygy boýunça ruhy garaşsyzlyk iň uzak möhletli we bitewi barlygy jemleýji bir basgançakdyr. Men milletiň ruhy özbaşdaklygyny düzýän dürli ugurlary janlandyrmaga çalyşýaryn. Hususanam, syýasy garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden türkmeniň milli däp-dessurlaryna, ahlak kada-kanunlaryna, onuň milli maşgala, garyndaşlyk gatnaşyklaryna giň konstitusion ýol açyldy. Özüniň kada-kanunçylyk ulgamy boýunça Türkmenistan döwleti özünde umumyadamzat ýörelgelerini saklaýan milli dünýewi döwletdir. Türkmeniň milli ynançlarynyň, halk psihologiýasynyň, dini dessurlarynyň döwlet tarapyndan doly ykrar edilýänligi bu işiň möhüm bir tarapydyr. 74 ýylyň dowamynda hökmürowan döwletiň bu zatlara hüjüm edip gelendigini göz öňünde tutsaň, meniň bu pikirimiň oňaýly manysy has aýdyň bolýar.
Galyberse-de, ylym, pelsepe, edebiýat we sungat, milli dil meselesinde hakyky milli syýasaty emele getirýär. Bu akyl işiniň ähli görnüşleri milli gymmatlyklara esaslanmalydyr we ruhy milli özbaşdaklygyň berkemegine hyzmat etmelidir.
Milli dil – milletiň ruhunyň gönümel ýüze çykmasy. Dil mellitiň milliliginiň derejesini ölçeýji janly guraldyr. Şonuň üçin hem türkmen dilini Döwlet dili diýip yglan etmek diňe bir diliň jemgyýetçilik hyzmatynyň giňelmegini we diliň arassalanmagyny däl-de, eýsem has düýpli maksady – milletiň ruhunyň çuňlaşmagyny we ösmegini göz öňünde tutýardy. Dilimiz geçen döwürde pese düşdi, garyplaşdy, hapalandy, munuň özi aňymyzyň we ruhumyzyň pese düşenliginiň görkezijisidir.
Milli pelsepe, milli psihologiýa we milli jemgyýetçilik-ruhy ylymlar babatda şuny aýtmalydyryn: eger bular sözüň hakyky manysynda ylym boljak bolsalar, bularyň mazmuny, meseleleri we çözgütleri, dili – adalgalar ulgamy türkmen milli ölçegleriniň we gymmatlyklarynyň esasynda kemala gelmelidir. Diňe şeýle halatda olar ruhy özbaşdaklyga goşant goşup bilerler. Munuň üçin olar, elbetde, dünýä gazananlaryny özleşdirmelidirler, emma ol baýlyklaryň biziň milli gymmatlyklarymyzyň berkemegine we milli ruhy hem aň ölçeglerimize laýyk gelýänleri alynmalydyr. Şonda biziň ylmymyz özüne ine, hakyky we gaýtalanmaz, özboluşly türkmen ylmy diýdirip we dünýä ylmyna düýpli goşant goşup biler. Çünki, ilde bar zady pes derejede gaýtalap, ile aýtmagyň ne manysy we hajaty bar?! Diňe totuguşlar şeýdýärler. Saparmyrat Türkmenbaşy «Türkmen özüni dünýä tanatmalydyr» diýeninde türkmeniň özünde bar ruhy gujury ýüze çykaryp, beýleki halklary görkezmelidigini göz öňünde tutupdy.
Ruhy garaşsyzlygy doly amal etmek üçin sowet döwründen galan taryhy we durmuş lellimligini, gowuşgynsyzlygyny, haýal-ýagallygy, äm-sämligi zyňyp taşlamalydyrys we ýaşaýşyň has depginli sazlaşygyna geçmelidiris. Türkmen durmuşynyň çakganlygy artmaly.
Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeniň 72 saz guralynyň bolandygyny nygtapdy. Muňa başda geň galypdylar. Biz bu gün türkmeniň ruhy dünýäsiniň juda baý bolandygyna taryhy maglumatlar, kitaplar esasynda göz ýetirdik. Ruhnamada beýan edilen saz gurallary hakdaky pikirleriň birini şu ýerde bitewülikde nygtamak isleýärin: Türkmen taryhynyň birinji Oguz han eýýamynda depregiň, ikinji Gorkut ata eýýamynda gopuzyň, üçünji Görogly beg Türkmen eýýamynda dutaryň, dördünji Magtymguly Pyragy eýýamynda dutar bilen gyjagyň bolandygyny, şol saz gurallarynyň öz eýýamlarynyň ruhy ahwalatyny açyk, doly alamatlandyrandygyny ýene bir gezek nygtamagy zerur hasaplaýaryn. Biziň bäşinji eýýamymyzyň ruhy ahwalatyny türkmeniň 72 saz guralynyň bitewülikde bir perdeden jebis gopmagynda alamatlandyryp bolar.
Türkmeniň ruhy haýal-ýagallygy köpeldi – bu şol döwrüň sazynyň mazmunynda – gussalylygynda ýüze çykdy. Häzir men öňki saz gurallaryna, göçgünli, dabaraly, ruhubelent sazlara gaýdyp gelmegiň zerurlygyny nygtamak bilen, has möhüm bir derwaýyslygy – tutuş türkmen durmuşynyň depgininiň batlanmagynyň, baýlaşmagynyň, janlanmagynyň zerurdygyny görkezmek isleýärin.
Görnüşi ýaly, şeýle baýlaşyş we janlaşyş bir zadyň – biziň beýik milli taryhymyzyň üsti bilen amala aşyrylmaly. Men turuwbaşdan türkmeni şu günki beýgeldip biljek kömekçiniň onuň beýik geçmişidigine düşündim. Şu möhüm hakykata her bir türkmen okyjysynyň hem düşünmegini isleýärin. Sowet zamanynda özüne ynamyny ýitiren, göwnüçökgünlige düşen, özünden göwni geçen milletiň ruhy derdine em boljak iň oňat derman beýik milli geçmişdir. Özüniň kimligine düşünen millet güýç-kuwwata gelýär. Hut şonuň üçin hem Saparmyrat Türkmenbaşy: «Türkmeni beýik türkmen etjek diňe türkmendir» diýipdi.
Ruhnama milli ruhy garaşsyzlygy doly berkarar etmek zerurlygyndan döredi. Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamada türkmen milli ruhy garaşsyzlygynyň baş taglymatynyň esaslaryny berdi. Ruhy özbaşdaklygyň gutarnykly berkararlygynyň öz içine onlarça ýyllary aljakdygyny göz öňünde tutsaň, Ruhnama asyrlara niýetlenen kitapdyr. Ruhnama – ruhy ýaşaýşyň ähli taraplarynyň taglymatyny öz içine alýan kitapdyr. Şonuň üçin hem Ruhnama türkmeniň ömürlik hemrasy bolar. Türkmen milleti millet hökmünde beýgeldigiçe, Ruhnamanyň mazmunynyň has täze we içki taraplary açylar. Şeýle bitewi ruhy taglymaty aňladýan kitabyň – baş durmuş kitabynyň türkmene zerurdygyna Saparmyrat Türkmenbaşy owal-başda düşünipdi. Şonuň üçin Ruhnama Saparmyrat Türkmenbaşynyň ömürboýy toplan, jemlän hakykatlarynyň we ylymlarynyň jemidir.
Ruhnamada türkmeniň bagtyýar ýaşamagy üçin etmeli işleriniň, düşünmeli, göz ýetirmeli zatlarynyň hemmesi bar. Emma türkmeniň taryhy onda aýratyn orun tutýar.
Ruhnama – şu günden geçmişe bakyp, geljegi görmegiň guralydyr.
Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamany aýry-aýry adamlar üçin däl-de, her bir türkmene düşnükli bolmagy üçin sada, çeper dilde ýazdy. Kitabyň türkmen taryhyna degişli ähli esasy maglumatlary we baş ruhy-ahlak ýörelgeleri özünde jemleýändigi hem şonuň üçindir. Her bir türkmen – daýhan, çopan, işçi, mugallym, alym, gullukçy, sungat işgäri şol esasy maglumatlary we baş ýörelgeleri bäş barmagy ýaly bilmelidir, gursagynda ezizläp götermelidir. Bu bolsa türkmen ýaşaýşyny, türkmen ruhuny, kalbyny altyna öwrer.
Taryhy makalalar