TÜRKMEN TOPRAGYNDAKY YZLAR
Okap, arhiw gatlaryny, birwagt çap edilen gazetleriň sahypalaryny dörüp otursaň, gör-ä, garaşylmadyk täsinlikleriň üstünden baryp bolýandygyny!
Siz eýsem ady Älemi baglan Feodor Iwanowiç Şalýapiniň Aşgabada dabanynyň degenini eşidipmidiňiz?!
...1891-nji ýyl. Köpetdagyň gaýra goltugynda bölejik bolup oturan Aşgabat. Uezd şäheri bolansoň, sanaýmalyja köçesi, birküç sanam beýlekilerden saýlanyp oturan beýigräjik jaýlary bar diýäýmeseň, Gündogara mahsus kiçijik şäher. Köçeleri-ýollary tozanly, bazary gowurly-gohly, çaýhanalary mähelleli, saraýlary atdan düýeden, eşekmidir gatyrdan doly... Ine, şeýle şähere rus artistleriniň bir bölejik topary gelip düşýär. Tüýs „gören ýerinde entäp, tapan ýerinde ýatyp-turup ýören sergezdanlar“ diýilýänlerden. Olary bu çet künjege getiren höwesem ýaşlyk ýelgini, ýurt söküp, geň-enaýylyklary gözleri bilen görmek telwasy. Ýöne şol wagt aögabatlylaryň hijisem şolaryň arasynda geljekde ady Äleme doljak, wokal-sseniki sungatda meşhurlyk gazanjak Feodor Iwanowiç Şalýapiniň bardygyny gümanam eden däldirler. Şol wagtlar bu sergezdan toparyň horunda çykyş edýän aýdymçy Zakaspiý oblastynyň birnäçe ýerlerinde, şol sanda Gyzylarbatda, Çärjewde bolup görüpdir. Şalýapiniň Aşgabatdan Çärjewe açyşy gyzykly bir hekaýat. Ýöne ondan ozal ony Gysylarbadam haýrana goýupdyr.
Merkezi Aziýada gurlan ilkinji çoýun guýujy zawod bu ýerde ýerleşýär. Wagtyň geçmegi hem-de durmuşy zerurlyk sebäpli bu kärhana soňra wagon-remont zawodyna öwrülýär.
Bu ýerde bolmakdan galan täsirleri göwni göçgünli ýigit şeýle beýan edýär:
„Gyzylarbatda bolanymyzda baryp gören çoýun erediji zawod meni haýrana goýdy. Erän demriň gyzyl ýag ýag ýaly bolup akyşyny men durmuşymda ilkinji gezek şu ýerde gördüm. Ylaýta-da bu ýerde işleýän bir işçiniň tas egnine ýetip duran diýen ýaly elligi bilen şol akyp barýan metaly uzyn demir bilen dörüşini görüp agzym açyldy. Derden ýaňa öl-myjjyk bolan ol ýigidiň walla ynanaýyň, eli ýanandyr öýtdüm, ol bolsa meniň agzymy öweldip durşumy görüp, ýylgyrýar. Men muny teatr sahnasynda görkezilýän jadygöýlük-fokusdyryn öýtdüm“.
Aşgabatdan Çärjewe ýola düşülen wagtlary bolsa ýadyňa-oýuňa gelmejek geň hem garaşylmadyk waka bolýar. Göçgünli hem özüne göwni ýetiji Şalýapin bilen truppanyň öolbaşçysynyň sähelçe zadyň üstünde sözleri azaşýar. Gahary gelen-jyny tutan hojaýyn çola stansiýalryň birinde Şalýapini otludan itip diýen ýaly düşürýär.
„kelle gyzgynyma ilkibada men hamana hiç zat bolmadyk ýaly otlynyň yzyndan pyýadalap haýdadym. Göreýin diýsem ýeter ýaly däl, garasyny saýlap äut gitdi. Menem galyberdim çöl-beýewanyň içinde ýalňyz somalyp. Gorkudan ýaňa gözüm tegelenip ugrady. Jümüde-de it uwlaýar, ýeke teňňe pulum ýok, ulag tutup gideýin diýsem. Garaňkam gatlyşyp barýar, Gçnçň batmagy bilen iki tarapa uzaýan inçejik çöl ýodasynyň suduram ýitdi.Onsoň-a „kädime“ hasam howp düşüp ugrady. Meni „bu ýerlerde gaplaňam, beýleki çöl ýyrtyjylaram gezýär“ diýibem gulagyma degen gürrüň hasam gorkuzyp ugrady. Ätiýaçly hem howatyrly ädim urup barşyma aýagymyň aşagynda suwlup geçýän suwulganlardyr hajjyklar hem meni tisgindirýärdi. Çol giňişliginiň üstüni dolduryp duran Gün ýaşyp barýarka gözýetime göýä Gyzylarbatda gören gyzyl çoýnumyň reňki sepilene meňzeýärdi. Muňa seredip göwnüme her hili wehimler gelýär. Göýä görgüsi ýaman Robinzonyňky ýaly häzir hem meniň öňümden Pýatnisa çykaýjaga meňzeş. Şol eňip oturşyma çola çölüň içinde stansiýanyň symgylt yşygyna gözüm düşüp, begenjimden tas möňňüripdim. Pulsuz bolamsoň, otla hem towşan bukusy bilen gizlin münüp, hiç kimiň gözüne ilmezligi diläp, zordan Çärjewe aşdym. Hernä, bagtyma,gykyş edýän ýeri agza-dile düşen truppany derrew tapyp, baryp goşuldym“.
Ine, meşhur sungat ussadynyň türkmen topragyna ilkinji hem soňky sapary şeýleräk ahwalatlar bilen bagly bolupdyr.
* * *
1910-njy ýyl. Aňzakly gelen ýanwaryň birinji hepdesiniň bir güni „Ashabad‘ gazetiniň sahypalarynda gysgajykda ünsi çekiji şeýle bildiriş peýda bolupdyr: “Wera Fedowna Komissarjowskaýanyň diňe üç gastroly boljakdyr“.
Bu habar şäherde uly şöwhun döredýär. 9-njy ýanwarda Aşgabadyň welosipedçiler jemgyýetine degişli klub aýdylyşy ýaly, tomaşaçylarda ýaňa agzy-burny bilen doýar. Öz döwrüniň teatr synçylarynyň aýdyşyna görä, adaty durmuşy bilen ýöräp oturan ümsüm uýezd şňherinde beýle wakanyň bolmagy şadyýanlyk hem sungat tälelenişini peşgeş beripdir. bilen akyllary haýrana goýan teatr artistleriniň görkezen spektakly şeýle bir täsir goýupdyr weli, birnäçe günläp, Teke bazarydyr Ors bazaryna barsaň gulagyňa ilki degýän gürrüň şol bolupdyr.
Fea Fedorownaň sahnadada janlandyran keşbini tomaşaçylar „ölmz-ýitmezderejede‘ diýip kegitläp, onuň sahnada bolmagyny „jadylaýjy pursatlar“ hökmünde häsiýetlendiripdirler.
Ertesi gün A.Ostrowskiý bilen N.Solowýowyň „Ýabany gyz“ komediýasy görkezilýär. Wera Dedorownaň sahnada janlandyran oba gyzy Warýa Zubarýowasy şeýle bir täsir galdyrypdyr weli, oýundan soň sahna gül çemeninden dolupdyr. Jadyly sungatyň kalplata guýan şeýlekin ýitiden ajap täsiri tomaşaçylar nijeme wagtlap ýatlaryndan çykmandyr.
11-nji ýanwarda Komissarjewskaýanyň truppasynyň çykyşlary Ibseniň „Nora“ spektakly bilen jemlenipdir. Bu oýun hakda özdöwründe ýazylan zatlaram, soň-soňlaram ýatdan çykmadyk gürrüňler-täsirler az bolmandyr.
Aşgabadyň sungat-medeni jemgyýetçiliginiň uzak wagtlap hakydasynda galan ýene bir waka 1930-njy ýylda bolupdyr. Ol soňra Türkmenistanyň halk artisti bolan L.W.Sobinowyň bu şňhere guran gastrolydyr. Paýtagtda ýaşaýanlaryň aglabasy labyzlydan güýçli, diňleseň gulagyňda galýan sesli aýdymçynyň ýerine ýetirişini golaýdan-sahnadan synlamak, bu unudylmajak pursatdan lezzet almak üçin teatra howlugypdyr. Tomaşa jaýynyň öňündäki petek satylýan kassalryň agzy daň atmanka hümer berýän adamlardan doly bolupdyr.
„Şäher sungat baýramçylygy, aýdyma telwas edýän keýp bilen ýaşaýardy. Hemmeler Leonid Witalýewiçiň özüne ýüpsüz daňýan, diňledigiňçe ýürehiňi gopduryp, imrindirip barýan owazyna muşdakdy. Teatryň diwarlarynda degip özboluşly ýaň döredýän güçliden owadan sesde aýdylýan ariýalar, romanslardyr aýdymlar unudylmaz derejede täsirlidi“ diýip, „Turkmanskaýa iskra“ gazeti ýazypdyr.
Has soñrak-1965-nji ýylda müňlerçe adamlary heýjana salan şeýle ahwalat ýene-de Aşgabadyň medeni durmuşynyň sahypasyna siňipdir. Şonda Türkmenistanyň paýtagtyna Russiýanyň medeni hepdeligi ýaň salypdyr. Öňde-soňda şäherde belli artistlerdir aýdymçy-sazandalaryň bir ýere üýşen şeýle wakasy bolmandyr. Ady bu ýerlerden has alyslarda meşhur „ýyldyzlar“ A.Ogniwsew, I.Petrow, R.Struçkowa, P.Lisisian, B.Çirkow, A.Raýkin, L.Zykina, E.Hil, N.Fateewa, Z.Kiriýenko, şeýle-de owazasy Älem aşan topar-leningradyň simfoniki orkestri birnäçe günläp konsert beripdir. Şol günler şäheriň howasynda poeziýa, saz, aýdym owazy bark urupdyr, Şeýle lezzetli hem ýatdan çykmaz derejedäki şatlykly howadan dem alýan şäherlileriň kalplary joş urupdyr.
Ondan soň hem dürli ýyllarda Aşgabadyň gujagynda Leonid kogan, Gleb Akselrod, Zara Doluhanowa, Mstislaw Rostropowiç ýaly owazy dünýä dolan aýdymçylar, Gabriela Komlewa, Nina Semizorowa ýaly aýagynyň hereketine göz ilmeýän ussat balerinalar, Igor Moiseewiň ýolbaşçylygyndaky meşhur halk tans ansambly Türkmen paýtagtynyň arzyly myhmanlary bolupdyrlar.
Eýsem bu wakalary ýatlamak bilen biz nämäni nygtamakçy bolýas. Her gezek Türkmenistanyň Milli medeni merkezine baraňda ýa-da „Mukamlar‘ köşgünde gaýry ýurtlardan gelen aýdymçydyr sazandalaryň. aristleriň çykyşlaryny synlanyýda, „sungat dil talap etmeýär“ diýlen ýörgünliden meşhur jümläni ýatlýaň.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwet galamyndan çykan „ Parahatçylyk sazy, dostluk sazy, doganlyk sazy“ atly ajaýyp kitabynda şeýle jümleler bar:
“Parahatçylyk-munuň özi sazlaşykly ýaşaýyşdyr. Sag-salamatlyk, abadan durmuş köňülleriň heňňamlara ýazan mukamydyr. Şol dolup-daşýan müdimilik mukamyynsanyň ruhy baýlygynda, başgaça aýtsak, sungatda ýaşaýar“.
Şol kitabyň başga bir sahypasyny açsaň bolsa, şeýle setirlerde nazaryň eglenýär:
„Söz-köňlüň aýnasy, saz-göwün syrdaşy.Ynsanyň saza we söze göýgüsi-onuň ruhubelentliginiň kepili. Saz we söz sungatynyň gadyryny bilýän ynsanlar ýagşylyk eýeleridir“.
Türkmenistan bu gün sungatlar ýurduna öwrüldi. Diňe bir Aziýanyň merjen şňherine öwrülen ak Aşgabatda däl, eýsem welaýat merkezlerinde gurlan muzeýlerdir teatrlara, kitaphanalara, Ruhyýet köşklerine syn kylyp görüň!
Gün-günden gözelleşýän mähriban Diýarymyzyň iň çetki künjeklerine hem bezeg berip oturan Medeniýet öýlerine, mekdeplere nazar aýlaň!
Türkmenistanda geçirilýän halkara hem yklym derejesindäki medeniýet, sungat baýramçylyklarynyň ýaňy-owazasy Älem çawlaýandyr!
Gahryman hem mähriban Arkadagymyz „Medeniýet-halkyň kalbydyr“ diýýär. Diýmek, ýokarky mysallardyr aýdylanlardan, iň esasam, gözümiziň görüp, gulagymyzyň eşidip duranlaryny serimizde aýlap görsek, Türkmenistanyň kalby jomart illidigi, sungaty, medeniýeti bilen barha adygýan ýurtdygy ap-aýdyňdyr.
...Hyýalbentlige berlip, şeýle diýýäň: „Şu söhbedimize „baş gahryman“ bolan, özem ady dünýä belli adamlary bir gudrat bilen şu günki Türkmenistana getirip görkezäýseň! Şonda olaryň „Ine, sungatyň, medeniýetiň hakyky mekany şu ýerdir“ diýjekdigine şek-şübhe ýokdur.
Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.
Edebi makalalar