12:09 Türkmençilik: Gorky | |
GORKY
Şu at bilen togsan birinji ýylda ýazan makalamdan bir wakanyň beýanyna ünsüňizi çekeýin: "Ýalňyşmaýan bolsam, elli birinji ýylda kolhozymyza Aşgabatdan "uly adam" bardy. Men altynjy klasda okaýardym. Obanyň ortasyna kolhozçylary, ýediýyllyk mekdebiň okuwçylaryny, mugallymlaryny ýygnapdylar. Ýalpyldap duran ädikli, galife balakly, sur baganadan gulakjyn telpekli, iňňeden çykma kitelli "uly adamyň" keşbi göz öňümde surat bolup galypdyr. Onuň ady hakydamdan çykanok: Babagarry Baýramow diýdiler. Soňra "uly adamyň" ýeňil senagat ministri bolandygyny bildim. Ol obamyzda doklad edip, "Gorkut ata" eposyny halka ýaýratjak bolan adamlara gargady: haramzada, buržuaz milletçiler, sowet hökümetiniň duşmanlary diýdi, "pantürkistler" diýen sözüniň manysyna bolsa, soň-soňlar düşünipdim. Ol adyny tutan "halk duşmanlaryny" düýp-teýkary bilen ýok etmäge çagyrypdy. Ol öňünde ýatan dokladyna gaýta-gaýta seredip gürleýärdi, ýygnanan mähelle aglaba diýen ýaly "Gorkut atadanam", ony ile ýaýratjak bolan halk duşmanlaryndanam bihabardy. Uzak Aşgabatdan ýörite gelen "uly adamyň" jenaýatkärleriň ykbaly, hamala, biziň çözgüdimize bagly ýaly, janygyp gürlemegi, indi seredip otursak, gülkünç hem bolsa, ol mahal hiç kimiň geňirgenmändigi açyk. Partiýanyň, hökümetiň adyndan gep urýan adamyň agzyndan diňe çyn söz eşidilmelidi, şübhe bolmaly däldi. Bu ynama öňi bilen "uly adamyň" özi buýsanýardy. Halk duşmanlary eýýäm almytyny alandyrlar, türmä dykylan bolsalar, asyl haklaryndan çykylaýypdyr diýen netije biziň sowet kalbymyza kanagat salýardy. Soň düşünip otursak, has möhüm maksat başga ekeni, märekäniň, halkyň kalbyna ätiýaç, gorky salmak ekeni. Maksat ýerine düşüpdi, gorky biziň emer-damarymyza siňipdi... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |