15:28 Türkmençilik: Gorkynyñ beýany | |
GORKYNYÑ BEÝANY
"Türkmen arhiwi" žurnalynyň 1994-nji ýylda birleşdirilip çykarylan 1-2-nji sany. Žurnalda ellinji ýyllaryň başynda ideologiýa göreşi bilen bagly döredijilik intelligensiýasynyň töwereginde turzulan gopguna dahylly arhiw dokumentleri çap edilipdir. Türkmenistan Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Bütinsoýuz Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary G.M.Malenkowa 1952-nji ýylyň 10-njy maýynda iberen 10-njy nomerli hatyndan: "SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesi hem türkmen sowet edebiýatynyň we sungatynyň Moskwada geçiriljek dekadasyna görülýän taýýarlyk bilen bagly TSSR sowet ýazyjylarynyň soýuzyna kömek bermek üçin ýoldaş Sannikowy Aşgabada komandirowka iberipdir. Ýoldaş Sannikow şu ýylyň 28-nji fewralyndan 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde bolmak bilen TSSR sowet ýazyjylarnyň soýuzyna praktiki kömek bermegiň deregine TK/b/P MK-nyň býurosynyň edebiýatda we ylymda buržuaz-milletçilik häsiýetli düýpli ideologik ýoýulmalaryň üstuni açýan kararynyň näderejede dogrulygyny barlamak ýoluna düşüpdir. Ýoldaş Sannikow TK/b/P MK-nyň býurosyna hödürlän hasabatynda partiýadan çykarylan buržuaz milletçiler O.Abdalowy, B.Garryýewi goramakçy bolýar. Ol TK/b/P MK-nyň olary partiýadan çykarmak hem-de “Gorkut ata” eposyny wagyz etmegiň guramaçylarynyň biri bolan dosent M.Kösäýewe partiýa çäresini görmek hakyndaky kararyny nädogry hasap edýär. Şeýlelik bilen ýoldaş Sannikow görkezilen mesele boýunça TK/b/P MK-nyň býurosynyň kararyny şübhe astyna almakdan başga-da, TK/b/P MK-nyň 6-njy plenumynyň bu kararlaryň dogrudygyny tassyklaýan kararyna-da şübhelenýär". Sannikowyň ýokarda agzalan hasabatyndan şeýle setirleri okaýarys: "TK/b/P MK-nyň sekretary özüniň "Türkmen halkyna ýat bolan "Gorkut ata" eposy" atly makalasynda: "Milletçilikli “Gorkut ata” eposynyň propagandirlenmegi, onuň köpçülikleýin tiraž bilen kitap edip neşir edilmegi ýazyjylar soýuzynyň ýolbaşçylarynyň, neşirýatyň, edebiýatçylaryň iňňän gödek syýasy ýalňyşydyr" diýip ýazýar. Bu ýerde ulaltma ýol berlipdir. Kitap köpçülikleýin tiraž bilen-a däl, hiç hili tiraž bilenem Türkmenistanda çykarylmady. Onuň çykmazlygynda öňi bilen M.Kösäýewiň, O.Abdalowyň inisiatiwasy rol oýnapdy. Muny dokumentler tassyklaýar. Geçen ýyl entek "Bakinskiý raboçiý" gazetinde makala peýda bolmanka "Türkmendöwletneşiriň" baş redaktory O.Abdalow Moskwadan telegraf arkaly kitabyň neşirini togtatmagyň zerurlygy hakynda neşirýatyň direktory ýoldaş Mämmedowy habardar edýär. Tas şunuň bilen bir mahalda diýen ýaly, ýagny "Bakinskiý raboçiý" gazetinde makala çykan dessine dosent M.Kösäýew hem "Gorkut atanyň" neşirini saklamagyň zerurdygy barada neşirýata ýazmaça ýüzlenýär. "Prawda" gazetiniň çykyşyndan üç gün soň "Türkmendöwletneşiriň" redaksion sowetiniň giňişleýin maslahaty bolýar. O.Abdalow doklad edýär, M.Kösäýew we beýlekiler çykyp gepleýärler. Ýygnagyň protokoly halka zyýanly “Gorkut ata” eposyna baha bermekde bu ýoldaşlaryň iňňän dogry syýasy pozisiýany eýeländiklerini görkezýar. Emma TSSR Ylymlar Akademiýasynyň ylmy işgäri Rahmanynyň bu ýygnakdaky çykyşy babatda muny aýdyp bolmaz. M.Kösäýew göni aýdýar: “Gorkut ata” kitaby zanny bilen halka garşy eserdir. Hakykatdanam biz onuň tekstine tankydy çemeleşmändiris". Ol bu kitaby zyýanly eser hökmünde neşir etmezligi, onuň okuw kitaplaryna, gollanmalara girizilen böleklerini aýyrmagy teklip edýär. Redsowetiň biragyzdan kabul eden karary: halka garşy eser hökmünde "Gorkut atanyň" neşirini togtatmaly, bu mesele boýunça neşirýatyň baş redaktory O.Abdalowa metbugatda çykyş etmegi tabşyrmaly. O.Abdalow, M.Kösäýew respublikan gazet üçin türkmen dilinde makala ýazýarlar, onda edebiýatçylaryň ikisi-de bu eposyň ynsana ýigrenç äheňinde ýazylandygy, urşy wagyz edýändigi sebäpli sowet halkyna ýat bolmalydygyny syýasy jähetden dogry häsiýetlendirýärler, özleriniň azaşmalaryny, goýberen ýalňyşlyklaryny örän tankydy nazar bilen seljerýärler. Emma makala gazetde çap edilmeýär. Iki aý gowrak wagtdan, TK/b/P MK-nyň býurosynyň "Gorkut ata" kitaby hakyndaky kararyndan soň olaryň makalasy TK/b/P MK-nyň sekretarynyň makalasynyň esasyny düzýär we iki awtoryň özleri babatdaky tankydyny olary paş etmekde esasy delil hökmünde ulanýarlar." Bellik. Arhiw dokumentleriniň teksti rus dilinden türkmençä awtoryň terjimesinde berildi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |