15:04 Türkmençilik: Jähennemçilik | |
JÄHENNEMÇILIK
Türkmenlerde: “Şu günlügiňi tapsaň, ertiriňi gaýgy etme” diýen söz bar. Eýse, şu söz türkmençilige mahsus häsiýeti aňladýarmy? "Görogly" eposyna ýüzlenip göreliň. Görogly ýaly türkmeniň obrazyny özüne siňdiren obrazy edebiýatymyzdan tapmak kyn. Türkmeniň mertligem, namartlygam, gönümelligem, ugurtapyjylygam, gyzmalygam, hilesem, rehimdarlygam, wäşiligem, bigamlygam, şahandazlygam... garaz, ensiklopedik häsiýetli obraz diýse boljak. "Göroglynyň döreýşi" şahasyndan bir mysal: "Görogly özüňe belli, öz atasynyň gylygyndan bolan ýigit. Ol bu günlügini tapsa, ertirligini gaýgy edýärmi? Ol: — Ýigitler, aýdyjy bagşy bolsa, çalyjy sazanda bolsa, äkeliberiň. Palaw bolsa, günde üç-dört wagtyna bişiriberiň! – diýdi. Beýle sowguda, harajada zat çydaýamy, ýaňky adamlaryň berenini bäş-on günde iýip, bu ýalýagylary soňuna çykdy. Onsoň Genjim agasy baý adam, Genjim agasyndan nesýe-nowgan goýun almaga aýlanyşdy. Soňabaka Genjim agasynyň ýanynda-da nesýä geçmedi, olam nesýe goýun bermesini goýdy. Ondan soň ýerastyndan adam iberip, onuň goýnundan ogurlatmaga başlady. Aý, zaňňar, agasynyň malyna el garyp başladow, bir günde bäş-alty goýnuny ogurlap iýdi." Soňra "Kempir" şahasynda Gyratyny gözlap, Nyşapura baran Görogly galandarlaryň arasynda meý-mes bolup oturşyna: - Iýeliň-içeliň begler, Ömür geler, geçer bir gün – diýýär. Elbetde, bu mysallardaky manydan çen tutup, ony döwlet syýasatynyň ýörelgesine gabat getirmek mümkin däl. Hakyky döwlet adamy ertirki günüň aladasy bilen ýaşaýar, onuň etsemi raýatlaryň ykbaly bilen bagly. Türkmenleriň telim asyr döwletiniň bolmandygy, tire-taýpa pytraňňylygynda ýaşan adamlaryň bir günlük güzeran üçin alada galyp ýörmekleri şeýle psihologiýany döreden bolmasyn? Şu sowalyň jogabyny gözläp, mahal-mahal halkymyzy jähennemçilik meýillerinde aýyplamaga-da dilimiz barýar. Emma türkmeniň asyrlar dowamynda döreden senediniň hiline, çeper obrazyna syn ediň, onda bir günlük, wagtlaýynlyk alamatyny görmersiňiz, ebedilige dalaş edýändir. Eýse, jähennemçilik meýilleri nireden döräpdir? Yslamda sopuçylyk ugry orta asyrlarda has täsir ediji güýje öwrülýär. Onuň esasy taglymatlarynyň biri-de, dünýäniň eşretinden özüňi binesip etmek, diňe Alla sygnyp ýaşamak. Iýmek-içmek, geýinmek, sapada bolmak adamyň esasy aladasyna öwrülmeli däldir, esasy alada hakyň ýolunda ejir çekmek, ruhy päklikde hakyň nuruny özüňe siňdirmek, Biribara golaýlaşmak. Sopuçylygyň düýp ýoluna werziş derwüşler öý-öwzardan, mal-emläkden bizar, Allanyň jemalyna söýgi olaryň kalbyna sabyr-takat berýär. Gün-güzeranyň gaýgysy derwüşlere buýrulmandyr, hatda dileg, gedaýçylyk edenlerinde-de şu günki iýjeginden artyk owkat ýygnamak gadagan. Sopuçylygyň aýratyn ösen ýeri hökmünde Horasanyň ady tutulýar. Bu pikiri nygtamakdan ötri, ady-owazasy musulman ýurtlaryna dolan belli pirleriň häzirki Türkmenistanyň territoriýasynda guburlarynyň galandygyny aýtmagam ýeterlik bolsun gerek. Olardan Saragt-baba ady bilen tanalýan, on birinji asyrda ýaşan Abul-Fazl Sarahsy, ondan pata alan Mäne baba – Abu Seýit Mähneýi, Maryda jaýlanan Hoja Ýusup Hemedany, Köneürgençdäki Nejmeddin Kubra hem başgalar bar. Sopuçylygyň asyrlaryň dowamynda türkmen medeniýetine, aýratyn hem poeziýasyna täsiriniň uly bolandygyny bellemeli. Eger bagşylaryň owazy bilen halkyň ruhuna siňen poeziýanyň obrazly aňlatmalary arkaly ýalançy dünýäniň şerinden, keýpinden gaça durmaga çagyryşlar edilen bolsa, şol şygyrýete sarpa goýýan halkyň ondan täsirlenjegi açyk zat. Magtymguly: Dünýa menden hezil etmez, men hem bähre almaz men, Odum ötgür, derdim köp, hoş wagt bolup gülmez men. Agyr baha älemni alty pulga almaz men, Dost kaýsy, duşman kaýsy, parhyn edip bilmez men, Hiç kimse aňmaz halym, aýana boldum imdi. Bu taglymatyň köki aňyrdan gelýär. Mattanyň (Matfeýiň) "Hoş habarynyň" (Injiliniň) altynjy babyndan aşakdaky jümleleri okaýarys: "Şonuň üçin hem size aýdýaryn: näme iýmeli, näme içmeli diýip, öz janyňyzyň aladasyny etmäň, egniňize näme geýmegiň aladasyny etmäň. Jan iýmitden, beden geýimden belent dälmidir eýsem? Asmandaky guşlara garaň: olar ekenoklar, oranoklar, ýygnanoklar, siziň Arşdaky Ataňyz olary ekleýär. Siz olardan has-da zyýat dälmi eýse? Eýse, alada edeniňiz bilen haýsy biriňiz boýuňyzy bir garyş ösdürip biljek? Näme sebäbe geýimiň aladasyny etmeli? Meýdan güllerine syn ediň, olaryň nähili ösýändigini göruň, alada-da edenoklar, egrenoklaram, dokanoklaram; Emma size aýdaýyn ki, Solomon şöhratyň çür depesindekä olaryň biriçe-de geýnip bilmändi; Eger şu gün ösüp oturan meýdan oty ertir oda ýakyljak-da bolsa, Hudaý ony sizden zyýat geýindirýär. Şeýlelikde alada galmaň: näme iýeris ýa-da näme geýeris, ýa-da näme geýneris? diýmäň. Sebäbi bu zatlary butparazlar gözleýändir, siziň bu zatlary gerekleýändigiňiz Arşdaky Ataňyza aýandyr. Siz öňinçä Hudaýyň patyşalygyny, Onuň hak ýoluny gözläň, galan zatlaryň hemmesi siziň üçin biter gider. Şeýle bolansoň ertirki günüň gamyny iýmäň, ertiriň özi öz aladasyny görer, her günüň öz aladasy özüne ýetikdir." (Rusça tekstden terjime eden awtor). Gördüňizmi, biziň jähennemçilik meýillerimiziň kökleri nireden gaýdýan ekeni. Muny aýratyn bir halkyň gylygyna ýöňkemek ýerliksiz synanyşykdyr. Indi Töwratdan Ýakup pygamberiň ogly Ýusubyň taryhyny ýatlalyň. Ony doganlary gul hökmünde Müsüre satýarlar. Ol gul ýagdaýyndan patyşanyň wezirligine çenli göterilýär, Müsüriň döwlet gaznasyny altyn-kümüşden doldurýar. Ýedi ýyl bolçulykdan soň ýedi ýyl gahatçylygyň boljakdygyny öňünden aýdýar. Bolçulykda wagt ýitirmän, öňde duran açlygyň gamyny iýýär. Urulary galladan doldurýar. Müsüriň açlykdan abat sypany bilen oňman, gallaç galan ýurtlara däne satyp, diýseň gurplanýar. Gurt bagşynyň aýdýan Magtymgulysynda: "Gurply wagtyň gazanawer" diýen setir bar. Bu many Ýusubyň etmişine gabat gelýär. "Görogly" eposyndan çen tutsaň, ol ýerde derwüşleriň bolşuna, terkidünýäliklerine ýaňsylama, gülki bilen garamak tendensiýasyny duýmak kyn däl. Nyşapurdaky galandarlaryň, Aşyk Aýdyň piriň sopularynyň arasyna düşen Göroglynyň bolşuny göz öňüne getiriň. Men-menligi, mertebäni terk edip, özüni agyr kemsitmelere, jepalara duçar edip, piriň ak patasynyň hatyrasyna ähli jebri-jepalara döz gelmeli halyna, Görogly çaparmanlyk islegini gögertmek üçin piri bilen dawa girýär. Ahyrda-da: "Ine, gitmeseň, köwüş-mesiň gurbany bolaýyn – diýip, mesiniň başlygyndan tutup silkip goýberdi. Mesiň başlygy üzülip, gonjy aýagynda galdy, mele dony-da çykaryp zyňdy, sellänem işikden meýdana zyňyp goýberdi. Selle hyrlana-hyrlana, çözüle-çözüle her çöpüň başynda bir übtügi galdy, piriň işigi gonamçylyga döndi." Bu görnüşiň söweşjeň ateizmiň islegine görä ýazylmandygy belli, ýa-da, turkmeniň ateistik meýilleriniň ýüze çykmasy diýip bolmaz. Terkidünýäligiň, jähennemçiligiň sopuçylyk ugra mahsus asketizmi, saklygy türkmeniň erkana, has geňräk manyda aýtsak, bitertip durmuşyna gabatlaşanok, sopuçylygyň juda çuň manysy gündelik durmuşyň, gün-güzeranyň aladalarynyň çäginde ýöntemleşdirilýar, şu sebäbe-de “Sopy sogan iýmez, tapsa gabygyny goýmaz”, "Sopy peşin taşlady – gadym işe başlady" diýen sözleriň döremegine getiripdir. Wagtyňy bihuda geçirmek, gazanjyňy ýele sowurmak bigamlygyň, jähennemçiligiň alamaty bolsa gerek. Bu alamatlar haýsydyr bir taglymat esasynda ýüze çykmaýar, durmuş şertleriniň adama edýän täsirinden gözbaş alýar. Tire-taýpa pytraňňylygynda ýaşan türkmen bilen kommunistik imperiýada "sowet halky" diýen birlikde kemala gelen türkmeniň arasynda tapawut öran uly. Ägirt dowlet maşynynyň agramyny, zoruny gerdeninde çekip ulalan türkmeni "şu günlügiňi tapsaň, ertiriňi gaýgy etme" diýen ýörelga şärikli etjek bolmak, ony kemsitmegi aňladar. Halk sowet döwletine bilini büküp hyzmat etdi, döwletden gaýry özüne goldaw, hemaýat berjek bardyr öýtmedi. Ol gara güýjüni döwletiň ygtyýaryna bereni bilen oňdurylmandy, ykbal çözgüdinem oňa ynanmaly bolupdy, onda-da nähili ynanmak diý! Mizemezdi! Ol ynanjyň ýanynda Görogly begiň erkinligiň hatyrasyna gurýan oýunlary çaga çarbaýlygy ýaly ýöwselje bir zatdy. Halk haýsydyr bir kategoriýa gabat gelýän azatlygy, erkinligi talap etmeg-ä beýlede dursun, onuň nämedigini hem bilenokdy. Özüne berildi diýilýän deňligiň manysyny döwletiň gyradeň hossarlygynda görüp, bu eşretiň elinden alynmagyna gabanjaň garaýardy, janyny pida edip, goramaga taýyndy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |