15:33 Türkmende dönük bolmandyr | |
TÜRKMENDE DÖNÜK BOLMANDYR
Jemgyýetçilik tankydy
Soltan Sanjar oguzlara duşman edilip, oguzlara garşy öjükdirilýär. Oguzlar bilen söweşde soltan ýeňlip, ýesir düşýär. Köşk aljyraýar. Ýelýürekler gaçýar, emma köşkdäki wezipesine wepalylar, ölse-de köşkden gitmejekler basybalyjylara garaşýarlar. Soltanyň ýygynynyň ýeňilenini eşiden Merw oguzlara söweşsiz boýun bolýar. Ýeňiji oguzlar üsti atlaz ýapynjaly tagtyrowany göterip köşge girýärler. Köşgüň wezir-wekilleri, emeldarlary atlaz tagtyň ýapynjasyny ogşap, iki bükülip, täze hökümdara gulluk aýdýarlar. Soltan Sanjaryň adyna hapa sözleri diýýärler. Köşgüň emeldarlaryna tagtda Sanjar oturdy, gelmişek oturdy – parhy ýok. Olara ýaranmaga, hyzmat etmäge kişi bolsa bolýar. Şol mahal garaşylmadyk waka bolup geçýär. Oguz begleri atlaz ýapynjany serpip göýberýärler. Köşk emeldarlarynyň gözleri çykaýjak bolýar. Tagtyň üstünde hut Soltan Sanjar otyr! Soltan Sanjar öz tylla tagtynda otyr! Ýeňiji oguzlaryň özleri oňa büküdip, gulluk edip «Lepbeý, soltanym!» diýip durlar. Muny gören emeldarlar akylyna aýlanýarlar: kimsi dessine ýaňyja aýdan sözüni yzyna alyp, Soltanyň öňünde ýaňadan gulluga taýyndygyny mälim etse, kimsi onuň aýagyny öpüp ugraýar. Garaz, köşgüň aglaba emeldarlary ýaňadan yzyna dönýär. Emma… Emma Soltan Sanjar öz tagtynda oturdylsa-da, onuň daşynda gözenek bar. Demir gözenek. Ol Soltan, ýöne tussag soltan! Ol tagtda otyr, ýöne tagt gözenegiň içinde. Basybalyjyly oguzlar oňa herdürli kagyza gol goýdursalar-da, Soltana pitiwa edenoklar! Soltan olar üçin ikinji derejeli kişi. Birinjiden, derejeli hökümdar – Oguz begi! Köşk emeldarlary ýaňadan oguzlaryň tarapyna dönüp, soltanyň üstünden düşüp başlaýarlar. Köşk ýaňadan oguzlaryň tarapyna geçýär… Ynha, bir sahnada heňňam üç ýola agyp-dönýär, heňňam bilen agyp-dönmäge werziş bolan emeldarlar hem üç ýola agyp-dönýärler… Ýadyňyzdadyr, Gyzylarbat (häzirki Serdar) tarapda haýsydyr bir ýesir düşen adamyň yzynda galan maşgalasynyň daşynda turzulan topalaň! Kyrk ýyl ozal urşa giden adam ýesir düşüpdir, faşistlere gulluk edip, SSSR-e garşy işläpdir. Amerikanyň radiosy arkaly Türkmenistana garşy ýaramaz söz aýdypdyr. Kommunistik partiýamyz ondan dessine dönük ýasap, dünýä wazaň etdi! Dönük! Dönük! Telewideniýede onuň ýakyn hossarlaryny gepledip, kyrk ýyl mundan ozal diri ýiten ýakyn adamsynyň adyna gargynçly sözleri aýtdyrdylar. Iň erbedem onuň enesine, ony dogrup, ak süýdüni berip emdiren käbesine tutuş halkyň öňünde «Oglumdan geçýän!» diýdirjek boldular! Dünýäde Iudanyň ady örän meşhur at. Iuda – gargynç, sögünç lagnat! Eýse ol kim? Ol hut Isa pygamberiň şägirtleriniň biri. Ýöne pygamberi otuz sany kümüş pul üçin satan kişi, pygamberi satanyna ahmyr edip hem öz-özüni agaçdan asan kişi! Ol dönük, ýöne ol eden işiniň düýbünden lagnatdygyny bilip, şu dünýäde özüne temmi beren adam! Gökdepe urşunda ýekeje dönügiň bolmandygyny taryh bilýär! Dönügi türkmen hem halamaýar, hiç bir halk hem! Magtymguly, Seýdi, Zelili, Mollanepes zamanlary, meger, dönük bolan däldir! Durmuşyň dürli-dürli temalary barada şygyr ýazan nusgawylarymyzyň hiç birisinde dönük hakda goşgy ýok! Tutuş goşunyny alyp, Gitleriň tarapyna geçen dönük Wlasowy hemmämiz bilýäs. General Wlasowyň «beýik işine» nemesler ýokary baha berýärler hem ony hut Gitler bilen tanyşdyrjak bolýarlar. Ýyldyrym çaltlygynda SSSR-i basyp alaryn diýip göwün ýüwürden Fýurer SSSR-e çozan badyna, on alty respublika dargar, zor bilen soýuza birikdirilen halklar bize döner öýdüp berk ynanan Gitler, Wlasow ýaly dönüklere garaşan Gitler Wlasowy kabul etmek beýle-de dursun, ýüzüni görmekden kes-kelläm boýun towlaýar! 1804-nji ýylda fransuz respublikaçy – generaly Pişgerýu Napoleona garşy dildüwşük gurmak maksady bilen pynhanlykda Pariže gelip, ýagşy görüşýän kişisiniň öýüne barýar. Dosty ony gowy garşylap, gije ýatar ýaly ýerini taýynlap, özüniň garyndaşlarynyňkyda ýatmaly boljagyny aýdyp, şol gijäniň özünde generaly satýar. Napoleon dildüwşük gurjak generaly satandygy üçin şol nekgendä ýüz müň frank sylag berýär hem: «Gör, nähili haramzada!» diýipdir! Hudaýa şükür, uruş ýok, söweş gahrymany hem ýok, dönügi hem. Dönügi-de Allatagala başga bir zawoddan görberýändir öýtmeli däl! Ynsan şirin janyna gezek geleninde, gaty köp zatlaryň üstüne atanak çekýär. Bir zaman alymlar tejribe edip görüpdirler. Çuň basseýne çagaly maýmyny salyp, suw akdyryp başlaýarlar. Maýmyn urunýar, çagajygyny bagryna basyp suwda pelesaň kakýar. Suw gursagyna geleninde ol çagasyny gark etmejek bolup ýokaryk göterýär, haçan-da suw onuň kekirdegine gelip, öz jany howp astyna düşeninde, çagasyny aýaklarynyň astyna goýup, özi gark bolmajak bolupdyr… Elhenç tejribe! Eýse, asuda zamanlarda dönüklik edilmeýärmi? Şeýle bir täsin gep bar: Balyş Öwezow respublikanyň Kompartiýasynyň birinji sekretary mahaly Beki Seýtäkowy Ylymlar Akademiýasynyň habarçy agzalygyna göterjek bolýarlar. Alymlaryň gözi ýeňsesinde däl, Balyşyň Balyş mahaly, onuň arzyly ýazyjysyna garşy ses berer ýaly. Ýapyk konkurs bolýar, şoňa gatnaşan dokuz sany alymyň dokuzysy hem gizlin ses berip, daş çykyp Beki Seýtäkowy hormatly ady bilen gutlaýarlar, her kim özüniň ses berendigini aýdýar, emma ýaşşik açylyp ses sanalyp görlende, ol alymlaryň hemmesi oňa garşy ses beripdirler… Eýse, bu dönüklik dälmi? Ol alymlaryň Birinjiden gorkman, Beki Seýtäkowa garşy ses bermegi olaryň edermenligi, ýöne ýaňyja pynhanlykda onuň adyny çyzyp, ýanyna baryp bolsa özlerini aklajak bolmagy eýýäm olaryň öz mertebesine dönüklik etmegi. Ýaşaýyş çylşyrymly. Dönüklik hil-hil. Adam öňi bilen özüne dönüklik edýär. Eger şol dönükligine göz ýumup bilse, wyždany bilen dildüwşük gurup bilse, şol kişiniň dönükligi başlanýar. Wyždan – Allanyň bir parçasy. Ol seniň ters hem dürs, dogry hem nädogry, adyl hem adalatsyz, wagşy hem ynsany işleriň terezisi. Ol islendik epdek terezesinden million esse takyk ölçeýär. Emma ynsanyň kalbynda şeýtan hem otyr ahyry! Wyždan bilen şeýtan! Haýran galaýmaly ýeri şeýtan mydama seniň bähbidiňi araýar, eýdýä-beýdä, ugruňy tapýar. Aýdaly, sen kiçijigem bolsaň bir wezipede otyrsyň. Kimdir biri işini düzetjek bolup, saňa para hödür edýär. Para – pul! Sen ol parany öýüňe eltseň, çagajyklaryňa, aýalyňa baýramçylyk. Olar heziller etjek. Wyždanyň «Alma!» diýýär, şeýtan «Al, samsyk bolma!» diýýär. Pul – gudrat! Puluň öňünde duraýmaga är gerek! Hanha, saňa pul garaşyp dur, ony jantaýyňa uraga-da, gol çekdigiň – bolany. Adam oglunyň biljek gümany ýok. Ynha, gowy tutarygam bar: «Hemme-de para alýar. Hemme para alanda sen kim? Parany para berilmeýänler almaýar, elinden iş gelmeýänler almaýar!..». Para jadyly zat, pul zerur zat, ýöne şol saňa pul uzadylyp durka: – «Weý, men – adam, emma bu meni adam sanman, bäş manada satyn aljak bolup dur. Men gaýdyp şu adamyň öňünde merdi-merdana gürläp bilmerin. Men satlyk bolup durun ahyry!» diýip, oýlanmak hökman. Satylýan adam satlyk bolýar, satlyk adam öňi bilen özüne, soňra durmuşa, döwlete, halka, Hudaýa garşy dönüklik edýär… W.Şekspiriň «Gamlet» tragediýasynda Gamlet müsginsokar köşk emeldarynyň goluna tüýdük berýär-de, çalmagyny talap edýär. Müsginsokar tüýdügi çalyp bilmeýändigini boýun alýar. Gamlet: – Haramzada, sen tüýdügi çalyp bilmeýän halyňa meni – şazadany oýnajak bolýarmyň?! – diýip gygyrýar. Satylan adam, dönük adam özüniň satyn alnan bahasyny haryda geçirip, ölçäp görmegi gerek. Hiç bolmanda, öz ýanyňda özüňi bir tanap goýmaly ahbetin! Türkmenleriň arasynda ýekeje dönügiňem tapylmandygyny Gökdepe galasyny basyp alan patyşa generallary hem boýun alypdyrlar. Nähili ýakymly taryhy hakykat! Türkmende mundan beýlägem dönük bolmaz. Çünki, türkmen halky ata-baba däp-dessuryna, edim-gylym aýratynlygyna hormat goýup ýaşaýan halk. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||