23:05 Türkmeniñ idealy bolupmydy? | |
TÜRKMENIŇ IDEALY BOLUPMYDY?
1. Adyl patyşa – Taňry saýasy Türkmeniň idealy bolupdyr. Milli ideal halkyň, milletiň isleg-arzuwyny, jemgyýetçilik ösüşini, geljegini ömür ýolunyň esasy maksadyna, manysyna öwürmäge ukyply şahsyýetleriň tagallasyndan döreýär. Milli buýsanç hem entek idealy aňlatmaýar. Şu ýerde akademik D.Lihaçýowyň pikirine salgylanmak ýerlikli bolar: “Meniňçe, milli idealy milli häsiýetden parhlandyrmak gerek. Ideal hemişe hakykat bilen gabat hem gelip duranok, hatda hemişe gabat gelenok diýse bolar. Şeýle-de bolsa, milli ideal örän zerur. Özüniň belent milli idealyny düzen halk şol ideala golaýlaşan genileri döredip bilýär.” Türkmeniň döreden genileriniň biri-de Magtymgulydyr. Ol akyldarymyz Döwletmämmet Azadynyň ogly, kakasynyň terbiýesi bilen ýetişen şahyr, filosof. Magtymguly ähli babatda Azadynyň dowamydyr. Magtymgulynyň döremeginiň kanuny şertleriniň biri-de Azadydyr. Türkmeniň milli buýsanjy diýlende, ony erkin durmuşa islegiň hemişe belent bolandygy, şonuň öwezine göreşmäge, zerur bolsa, jandan geçmäge ýaýdanylmandygy bilen düşündirse bolar. Emma şol erkinligi türkmen köplenç öz tiresiniň, iliniň çäginde göz öňüne getiripdir. Şonuň üçin hem millete häsiýetli bolmadyk bu çäklilik türkmeniň milli idealyna garşy duran agzalalygy döredipdir. Bu çäklilikden haçan dynsa bolar? Milli döwleti berkarar etmek bilen dynmaly. Eger Döwletmämmet Azady şu ideala gol ýapmadyk bolsady, belki, “Wagzy-Azat” kitabyny ýazmazdy. Bu kitabyň ýazylan mahaly Eýranda iki asyr dowam edip gelen gyzylbaşlaryň häkimliginiň güýçden gaçyp, tagt ugrunda içki dawa-jenjelleriň artan mahalyna gabat gelýär. Soňra dawalar owganlaryň agalygynyň ýaýramagyna, ahyrda-da sefewiler silsilesiniň agdarylyp, asly türkmen ili bolan awşarlardan çykan Nediriň şa tagtyny eýelemegi bilen tamamlanypdy, ýene-de Eýranda häkimlik berkäpdi. Nediriň tagta çykmazyndan öň dörän böwşeňlik Azadynyň derejesindäki akyldary türkmen illeriniň bir döwlete birleşmeginiň ähtimallygy hakyndaky hyýala getirip biljekdi. Hyýal diýýänimiziň sebäbi bar. Entek ol diňe milli idealyň derejesindäki isleg hökmünde ýüze çykyp biljekdi, mundan aňry gitmäge ýagdaý ýokdy, taryhy şertler döremändi. Türkmen illeriniň dagynyklygy, syýasy hem ykdysady gatnaşyklaryň juda gowşaklygy Azady ýaly akyldaryň-da diňe öz iliniň çäginde bolaýmasa, tutuş halkyň çäginde tanalmazlagyna sebäp bolupdyr. Beýle çäkliligiň alamatyny “Wagzy-Azady” okanyňda-da bilse bolýar. Kitapda şol mahalky türkmen jemgyýetiniň ýagdaýy barada maglumatlar ýokdur, adyl häkimiň adyllyga gol ýapýan döwleti dolandyrmakdaky ahlak ölçegleri abstrakt hem didaktiki äheňlerde berilýär. Azadynyň bu eseri ýazmakda özünden iki asyr öň ýaşap geçen beýik şahyr, döwlet işgäri Alyşir Nowaýynyň “Mähbubul-kulub” hem “Haýratul-abrar” eserlerindäki pikirlere salgylanandygyna göz ýetirmek kyn däl. Nowaýynyň pähimi: “Eý, patyşa, sen häkimlik möhletiniň juda gysgadygyny unutma! Pygamber sargydyny unutma! Ol saňa adamlary bagtyýar etmegi buýrandyr. Seniň bagyň-da, bossanyň-da seniň halkyňdyr, sen onuň ökde bagbany bol. Seniň süriň seniň halkyňdyr, sen onuň ygtyýarly çopany bol. Çopan bimahal ymyzgansa, sürä gurt darar, sürä gan çaýkalar. Bagy-bossan taşlansa, agaç gurar. Eger zora ýanap, gedaýdan iňňe alsaň, iňňäniň pyçak bolup bagryňa sünjüljegini unutma! Gedaýdan bir sapak alsaň, şojagaz sapagyň dar agajynyň bagyna öwrülip, boýnuňdan iljegini unutma! Al şerapdan serhoş bolup, uzak gijäni bigäneler bilen şady-horramlykda geçirýän, haram keýp üçin naçarlaryň namysyny basgylaýan, il-güni talap, köşgi-eýwanyny lagly-merjenden bezän häkim pygamberiň sargydyny unudandyr, dinini, imanyny, ynsabyny ýuwdandyr. Ol hudaýyň ygtyýary birle häkimlige ýeten bolsa-da, halkyň ondan göreni zorluk, horluk, talaňçylyk bolar. Eý, häkim, hakyň ýoluna dolan, ahyretiňi ýatla, galan ömrüň ökünçde geçmesin!" Döwletmämmet Azady-da adyl häkimligi Allanyň merhemedi bilen baglaýar. Onuň taglymatyna görä, hakyň nury adalatdyr. Din üçin janyny tükeniksiz jepalara goýan Muhammet Mustapa hakyň nurundan şöhle alandyr, adyldyr. Ol barça musulmana adyllygy buýrandyr. Jahanda häkim bolanlar adyl bolsa, olar ýer ýüzüne bezeg berer. Adyl patyşa taňrynyň saýasydyr, onuň ýurdunda mazlumlar myrat tapar. Onuň mähri-de hak tagallanyň mähridir, gahary-da hak tagallanyň gazabydyr. Adalatly patyşa din öýüniň sakçysydyr. Ol halkyň emrini tutar. Adyl patyşanyň emrini berjaý kylmak onuň raýatlaryna buýrulandyr. Döwletmämmet Azady bet işe baş goşan häkimiň adalatsyzlygynyň garşysyna hakyň gudratyny goýmak bilen, ony mysallar arkaly berçinleýär: Bähram şa baglara salgyt salmagy ýüregine düwende narlaryň suwy, Kubat şa sygyr üçin salgyt salmakçy bolanda sygyrlaryň süýdi çekilýär. Adalatly häkim ýurdy edara edende abadançylygyň her taraplaplaýyn artmalydygym, hojalyklaryň rowaçlanmalydygy, ylma-bilime, haýyr-sahawata ýol açylmalydygy, garyp-pukaralara maddy hem ruhy goldaw bolmalydygy ýekän-ýekän aýdylyp geçiliýär. Allanyň bendesi haýyr işiň keramatyna düşünip, ony minnetsiz berjaý eden halatynda rowaçlyk ýol alar. Öňi bilen adamyň ýüreginde rehim-şepagat bolsun. Omar Haýýam: "Bir göwne taý gelmez ýüz palçyk Käbe" diýen bolsa, Azady: Käbe weýran etmekden müň mertebe, Bir köňül ýykmak ýamandyr, eý dede! – diýýär. Azady döwletiň rowaçlygyny patyşanyň hem-de onuň raýatlarynyň ahlak päkliginde görýär, kämilligi hakyň ýoluna rakyplygyň derejesi bilen ölçeýär. Köne türkmen jemgyýetiniň on sekizinji asyryň başlaryndaky ýagdaýynyň döwlet möçberindäki adyllygy kabul etmäge näderejede taýýardygy barada dil ýarmaýar. Azady türkmen halkynyň durmuşyny syýasy, ykdysady jähetden derňemegi göz öňünde-de tutan däldir, tire-taýpa çäkliliginde ol başarardan kyn meseledi. Onsoňam Azady dine mahsus taglymatlara daýanyp, adamlary ynsaba çagyryp, olary haýyr-sahawat ýolunda ruhy kämillige ýetirmegiň hyýalynda bolan gumanist. Onuň bu tagallasynyň abstraktlyga ýakynlygyndan Azadynyň gowşak taraplaryny gözlejek bolmaly däl. Eger sowetler zamanyna häsiýetli synpy ileologiýanyň endigine gol ýapaýsak, Azadynyň rewolýusioner bolmandygyna ýene gynanyp başlarys. Biz Azadynyň Azadylygyny ýüze çykarmaly, ony öz islegimize, maksadymyza dahylly etjek bolup azara galmaly däl. 2. “Bir ajy doýurmak hajdyr, ýaranlar.” Magtymguly: “Berkarar döwlet istärin” diýse-de, kakasynyň döwlet hakyndaky pikirini ösdürmändir. Meniň ynanjyma görä, munuň iki sebäbi bar. Birinjisi: Eýranyň tagtyna güýçli Nedir şanyň çykmagy Azadyda döwlet bolmaga umyt döreden böwşeňligiň soňuna çykýar. Nediriň imperiýasy çalt dargan hem bolsa, onuň ornuny türkmenleriň hemaýaty bilen eýelän gajarlaryň şalyk dinastiýasy mahalynda-da özbaşdak döwlet bolmak hyýaly taryhy şertlere gabat gelenokdy. Ikinjisi: Magtymguly durmuşa genilere mahsus reallyk bilen sereden adam. Ol kakasynyň adyl döwlet baradaky pikirleriniň hyýalydygyna göz ýetiren bolmaly. Azadynyň ýüreginde beslän adyl şasynyň diňe ertekilerde bolýandygyna-da düşünmeli, sebäbi, töwerekde häkimleriň tagt ugrunda alyp barýan göreşlerini, asly türkmen bolan awşarlardan, gajarlardan çykan şalaryň ganybir doganlarynyň başyna inderýän talaňçylygyny, gyrgynçylygyny gözi bilen görýär, olary näletleýär, “Zyndan etdiň bu jahany, sen Fetdah!” diýýär. Magtymguly kakasynyň “Wagzy-Azat” traktatyndaky ikinji ugra ýykgyn edýär. Ol ugur Allanyň bendesiniň ynsap, iman arassalygyna, ahlak taýdan kämilligine barýan ýol. Bu ýolda taplanan adam hiç mahal ejize ganymlyk, zorluk etmeli däl, il-günüň agzybirligine, rowaçlygyna hemaýatyny ýetirmeli, häkimligiň humaryna maýyl bolup, bigünäniň ganyna galmakdan daşda durmaly. Edbetde, şahyryň ynanjy, islegi dini taglymatdan birjik-de aýralanmaýar. Diniň taryhy ýoly, ruhy-medeni baýlygy, täsin mistikasy Magtymgulynyň şahyrana dünýäsine iýmit berýän ynamly çeşmä öwrülýär. Türkmene ahlak kämilligi zerur, etmişiniň nähakdygyny öňünden paýhaslanyp bilmäge endik gerek, sabyr-takat gerek. Bulary türkmeniň kalbyna siňdirip biljek täsiri şahyr kyýamat bilen bagly pelsepede görýär. Adyň bende bolsa, adam, Dergahyňdan eýmenewer! – diýen ýowuz duýduryşdan soň: Tur säher Taňryga ýygla, “Hak” diýip, ýüregiň dagla, Toba gorun mäkäm bagla, Kyrkyňa gelmesden burun! – - diýip, halypanyň ezberliginde parzlary jikme-jik aýdýar. Üns berseňiz, Magtymgulynyň kyýamat goşgulary terkidünýälige, umytsyzlyga iterýän däldir, durmuş manysy barada oýlanmaga, ömür ýoluňa ser salmaga mejbur edýändir. Üşügi, sähel ynsaby bolan adam olardaky beýik manyny diňläp, arassalanan ýaly bolýar. Şahyryň çyn ynsançylyga mahsus ýürek açmasy, boýun almasy (исповедь), her bir okyjynyň, diňleýjiniň ýürek açmasyna öwrülýär, şahyrda ruhy halypasyny, ygtybarly söhbetdeşini görýär. Magtymgulynyň “kyýamat” atlandyrylýan eserleri iki asyryň dowamynda köpçülik üçin Gurhan boldy diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Ony halk bagşylaryň dilinden eşidip geldi. Şahyr hudaýyň bendesini haýyr bilen şeriň, jennet bilen dowzahyň aralygynda goýýar, oňa durmuşyň ýowuzlygy ýaly gönümellik bilen ynsan ömrüniň manysyny düşündirýär. “Adalatsyz, şerden doly dunýäde ynsanlyk mertebäňi neneň edip saklap bolar?” diýip, özüne gönümel sowal berip, çykalga gözleýän adama haýyr-sahawatyň ýönekeý ýoluny salgy berýär: Gutular sen hak ýolunda jan berseň, Hülle bolar bir garyba don berseň, Saýa bolar bir mätäje nan berseň, Bir ajy doýurmak hajdyr, ýaranlar! Magtymgulynyň ynanjyna görä, ynsaba, ahlak päkligine, haýyr-sahawata gol ýapan adam maşgalasyna, tiresine, iline, halkyna agzalalyk salmaly däldir. Her bir adamyň ruhy kämilliginden iliň agzybirligi rowaç almaly. Şunuň ýaly global wezipä ähli zehinini bagyş eden şahyr türkmen durmuşynyň syýasy, ykdysady problemalaryna başyny sokup, onda taryhy sapaklary ündejek bolman, Biribaryň älemden giň ruhy gymmatlyklaryna arka direýär. Eger gündelik durmuş faktlaryndan çykaran netijäňi ündemekçi bolan halatyňda, agzala, biri-birinden üzňelikde ýaşaýan illerde saňa dürli-dürli düşunilmegi juda ähtimal. Her taýpa öz bähbidini araýar. Tireparazlyk, bähbide dar ölçegde düşünmek tekepbirligi, boýnyýogynlygy döredýär. Bu ýagdaýa düşüneni üçin hem Magtymguly ynsan ömri hakyndaky global pikirlerini aýdanda gündelik durmuşyň wakalaryna däl-de, bakylyga dalaş edýän ruhy baýlyklara daýanýar, olaryň ygtybary şahyryň pikirlerine dagyň berkligindäki daýanç bolmaly. 3. Sagdyn ruh Akademik A.Samoýlowiç Magtymgulynyň türkmen illeriniň ählisine meşhur milli şahyr bolandygyny, türkmenleriň ruhy birligini gazanmakda onuň aýgytlaýjy hyzmat bitirendigini belleýär. Entek syýasy babatda birikmek, bir döwlete gulluk etmek elýetmez hyýallygynda galýardy. Tire-taýpa pytyraňňylygy, üssesine-de goňşy döwletleriň olary biri-birine öjükdirmek syýasaty, tekeler bilen günbatar ýomutlar bolaýmasa, galan illeriň şol döwletleriň garamagynda bolmagy ykdysady gatnaşyklaryň ýygjamlanmagyny bökdeýän faktorlardy. Agzalalyk türkmenleriň tebigatyna häsiýetli diýilýän pikiriň teýinde taýpalaryň, illeriň ýalňyzlygy ýatyr. Türkmeniň bir iliniň üstüne goşun sürüp gelen kesekiniň gapdalynda türkmenleriň özünden hemaýatçylaryň bolandygy gizläp bolmajak taryhy hakykat. Ony gizlejek hem bolmaly däl, aýyp bolsa-da aýtmaly, "aýbyny ýaşyran aýňalmaz" diýip, türkmen aýdypdyr. Bir iliň başyna düşen bela-beteri beýleki il köplenç öz betbagtlygy hökmünde kabul etmändir, has mojugy, käbir halatda ony kanagatlanma bilen garşylapdyr, goldaw berlen ýagdaýlaram bolupdyr ýa-da “ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok” edipdirler. Ajy hakykatyň anekdotlara tema bolmagy-da geň däl. Türkmenleri kyrk gulak gazana salyp gaýnadyp başlanmyşlar. Olaryň biriniň-de sypmajakdygyna gözi ýetik sakçylar ap-arkaýyn ýatanmyşlar, çykmak üçin gazanyň erňegine elini ýetirenleriň eline kakmak aladalary ýok diýýär. Sebäbi el ýetirenlere aşakdan goltgy bermäge derek türkmenleriň özleri olaryň aýagyndan çekýärmişler. Iň ýeser ýeri, bu ahwalat hakynda türkmenleriň özleri aýdyp, özleri hezil edip gülüşýärler. Bu gülki, elbetde, ýakymsyz, iňňän ajy gülki, emma onuň ýerliklidigi, derwaýysdygy, ruhy taýdan zerurlygy jedelsizdir. Eger halk özüne mahsus ejizligiň, nogsanlaryň üstünden gülüp bilýän bolsa, bu onuň ruhy sagdynlygyna dalaş edýän hadysadyr. Ine, Magtymguly şol ruhy sagdynlygyň umumy halk möçberinde ýüze çykmagyna tagalla eden beýik şahs! Munuň üçin ol agzala türkmen illerini paý-pyýada aýlanyp, wagyz edendir diýjek däl. Umuman, Magtymgulynyň goşgularyny okap, türkmen halkynyň şol döwürdäki, on sekizinji asyryň ikinji ýarymyndaky durmuşyny her taraplaýyn göz öňüne getirmek kyn. Munuň sebäbini ýokarda aýdypdyk. Şahyr alysdaky illere sözüniň ýetmegi üçin iň oňaýly serişdeleri ulanypdyr. Şu günüň dili bilen aýtsak, onuň kitaby-da, radiosy-da, gazeti-de bagşylar bolupdyr. Şahyryň saza gelýän çeper şygyrlarynyň ähli türkmene düşnükli dilde ýazylandygy, ýyllar geçdigiçe diňleýjileriň, hyrydarynyň artmagyna getirýär. Şu ýerde dil barada bir ýagdaýy aýdyp geçmek zerur. Türkmen illeriniň özbaşdak, dagynyk ýaşandygyna garamazdan, onuň diliniň hemmelere düşnükli bolmagy, şiweleriň arasynda tapawudyň ujypsyzlygy halkyň birligini kesgitleýän möhüm alamatlaryň biri. Men muny esasan, bir delil bilen düşündirmekçi. Türkmen illeriniň erkin, garaşsyz ýaşamaga bolan islegi olaryň gününi agyrlaşdyrýar, Eýranyň, Buharanyň, Hywanyň goşuny hemişe olaryň söbüginde. Bir iliň goş daňyp göterýän ýerinde beýleki il goşuny ýazdyrypdyr. Häzirki Türkmenistanyň, Müňgyşlagyň, Türkmensähranyň çäginde karusel, türkmençeläp aýtsak, guýruktutda meňzeş ýagdaýda ýaşalypdyr. Dürli taýpalar tötänden goňşulykda ýaşamaly bolupdyr, soňra aýrylyşyp gidipdirler, garaz, illeriň arasyndaky üzňelik uzaga çekmändir. Gabawdaky, agyla meňzeş ýurtda birek-birekden uzak aýralygyň bolup bilmejekdigi diliň umumylygyna amatly şert döredýär. Şonuň üçin hem taýpalaryň ählisine düşnükli dil ruhy birligi döretmekde ägirt hyzmata eýe. Magtymgulynyň millet möçberinde belende göterilmeginde esasy sütünleriň biri ähli türkmene düşnükli diliň bolmagydyr. Sagdyn ruhy adamyň ahlak, ynsap kämilliginde gören şahyr sözüniň halk möçberinde diňlenmegi üçin iki ugry saýlap tutýar. Birinjisi: öwüt-nesihat, ýagny, didaktiki ugur, ikinjisi: din, onuň sopuçylyk ugry. Edebiň ýagşysy uluny syla, Ulyny aglatmak kiçä ýaraşmaz. Bu sözler edep-ekramyň ýönekeýje beýany, emma şeýle nesihat şahyryň sadadan çeper, obrazly aňlatmalary arkaly halkyň arasynda nakyl derejesine göterilýär. Olar sazyň gapdaly bilen aýdylanda hasam täsirli, ýatdagalyjy. Dünýewi mekdebi bolmadyk, aglaba bisowat halk üçin Magtymguly edep mugallymyna öwrülýär. Her bir türkmen haýsy tireden, haýsy ildendigine garamazdan, terbiýä çagyrýan şahyryň sözüni çagalaryna tiredeşlerine ýetirmäge çalyşýar. Şahyryň sözi tire-taýpa çäginden ýokary göterilýär, sebäbi ol adamlaryň ýüregine jüňk zady aýdýar, hemmelere islegli pikirleri aýtmagy başarandygy üçin hem Magtymguly hemmeleriň isleýän şahyryna öwrülýär. Magtymguly çeper edebiýata edep sapagyny alyp barmak borjuny ýükledi, özünden soňky şahyrlara edep mugallymy bolmakda beýik nusga görkezmegi başardy. Magtymguly şahyrlaryň haýsy ilden çykandygyna garamazdan, olaryň şygyrlaryny ähli türkmene degişli ruhy baýlyk derejesinde kabul etmek tendensiýasyny, ýagny endigini ornaşdyrmagy başaran akyldardyr. Magtymguly her bir adamyň öz eden etmişi üçin ynsabynyň, has beteri-de, bende hökmünde Allanyň öňünde jogapkärçilik çekmelidigini, kyýamat ahyrda her kimiň hasabata uçramalydygyny duýdurmak bilen, bu borjy dini pelsepä baglaýar. Onuň ýeke-täk sudýasy bar, ol hem Alla. Kyýamat gün hemme işi puşmandyr, Hak işine kähil bolsa adamzat. Ýokarda, şahyr Hudaýyň bendesini haýyr bilen şeriň, jennet bilen dowzahyň arasynda goýýar diýipdik. Entek Hudaýyň bendesi şol synaga ýetýänçä, ömrüň manysy barada oýlanmaga pursat bar, şahyr şuny duýdurýar, okyjy bolsa, şahyry özüne maslahatçy, hemaýatçy tutunýar. Bu ýakynlyk, elbetde, ynsap ýakynlygy, ruhy ýakynlyk. Ruhy ýakynlyk tire-taýpa çäginden has belentde duran zat. Magtymguly ruhy giňişligi tutuş adamzada degişli dini gymmatlyklara salgylanmak, daýanmak arkaly biziň kalbymyza ornaşdyrýar. 4. Bakylyk sapagy Yslamda sufistik (sopuçylyk) ugruň döremeginde şahyrana duýguly adamlaryň tagallasynyň uly bolandygyny aýtmaly. Dünýä poeziýasynyň genji-hazynasyny baýlaşdyran sufistik poeziýanyň türkmen edebiýatyna getiren tärleriniň ähli alamatlaryny Magtymgulynyň şygyrlarynda duýsa bolýar, ýöne olara akyl ýetirmek, olaryň inçeligini seljermek her kime başardyp hem duranok. Syrly alamatlara perdelenen pikirleriň manysyny ýaýmakda soňky döwürde türkmen edebiýatçylarynyň arasynda şowly synanyşyk edenler tapyldy. Şu babatda aramyzdan juda ir giden zehinli alym Muhammetnazar Annamuhammedowyň “Magtymguly gizlin syryň bar içde...”, çuňňur derňewlere dalaş edýän Aman Şyhnepesowyň “Magtymgulynyň älemi” atly kitaplaryny oýlanmagy halaýan okyjylara salgy berse bolar. Bu kitaplary okanyňda bir hakykata göz ýetirse bolýar: biz onlarça ýylyň dowamynda Magtymgulyny juda ýüzleý, birtaraply öwrenen ekenik. Beýle netijä gelmäge ady agzalan kitaplardaky çuňluk, dowam edip gelen ülňüleriň agalyk ediji ideologiýanyň emrinden dörän, hiç hili logika eýermeýän toslamalar bolandygyny hakyky ylmy derňewe mahsus inçelik bilen ýüze çykarylmagy mejbur edýär. Elbetde, türkmençilige mahsus soňky paýhasa eýerip, indi ökünşip oturman, dowam edip gelen nogsanlyklaryň özüne ýetik obýektiw sebäpleriniň bolandygyny aýdalyň, gysgaça seljerip geçeliň. Magtymguly adamyň ynsap kämilligini gazanmakdaky tagallasyny hakyň ýoluna baglaýar diýipdik. “Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan, gök titreýip, çeke bilmez bu derdi” diýende, Allanyň jemalyna aşyk bolan bendäniň söýgüsine gowuşýança geçmeli üç menziliniň: şerigatyň, tarykatyň, hakykatyň hupbatyna obrazly meňzetme berýär. Synag neneňsi agyr bolsa, miwe şonça-da datly. Ynsan ruhy bakylyga, hudaýyň ruhuna gowuşýar. Ol ýaşaýyşyň gündelik hysyrdysyndan, dawa-jenjelinden, şerinden ýokary saýlanýar. Asyl ynsan durmuşynyň manysy ýatyp-turmak, gara garnyňy doýurmak, baýlyk toplamak, ten ýakynlygynyň lezzetine maýyl bolmak däl ekeni, ruhy dünýä aralaşmak, Biribaryň ruhundan şöhlelenmek ony on iki süňňüniň aladasyndan dyndarýar. Ol alada möwsümleýin ekeni, neneňsi agyr ham-hyýallara, şermendeliklere duçar bolanyny ynsan bakylyga ýetende bilýär. Magtymguly ynsan ömrüniň hakyky manysyny Bakylykda görýär. Ynsany Allanyň yşgyna maýyl edip, onuň ruhunyň ölmez-ýitmezligini tekrarlaýar. Ýetmiş ýyllap aňymyzy öz erkine, taglymatyna tabyn edip gelen bolşewik ideologiýasy Dini, Bütewi ruhy, Hudaýy inkär etmegi buýurdy, şeýdibem adamy Bakylykdan mahrum etdi. Adam Ruhuny ýitirdi, on iki süňňi bilen galdy, wagtlaýyn, geldi-geçer jandara öwrüldi. Seniň ykbal çözgüdiň haýsydyr bir daşky gudratyň emrine bagly däldir, proletar diktaturasyna daýanýan işçi-daýhan döwletiniň synpy syýasatyna baglydyr diýdiler. Şu ýörelgä köre-kör eýerýän nesiller ösüp ýetişdi. Halklaryň toplan ruhy baýlygy synpy ideologiýanyň eleginde elendi. Magtymgulynyň “kyýamat” toplumy, Biribaryň jemalyna maýyl bolup ýazan inçe lirikasy elekden geçmän galdy, olary kepek hasabyna urdular. Bu kepek sowet adamlarynyň aşgazanyna düşse, işçi-daýhan köpçüligini emele getirýän massanyň arassa beýnisiniň zäherlenmegi ähtimaldy. Olar birdenkä bakylyga ymtylaýsalar nädersiň! Gullara bakylygyň ne derkary bar! Totalitar düzgüne daýanýan döwlet ideologiýasy, zorluga ýanap häkimligi saklaýan diktatorlar hemişe Magtymgulynyň ruhundaky şahyrlardan ätiýaç edipdirler, il ýüzüne olary mahabatlandyrsalar-da, olaryň poeziýasyndaky ynsan mertebesiniň belentligini, erkinligini, ruhunyň bakylygyny dabaralandyrýan beýik äheňlerden raýatlaryny bihabar saklamagyň alajyny görüpdirler. 5. Dynçlygym – rowaçlygym Magtymgulynyň adamy ahlak, ynsap kämilliginde görmek islegi türkmeniň ýene bir idealy bilen baglydyr. Dagynyk türkmen asyrlaryň dowamynda rahatlygy, asuda durmuşy küýsäp geldi. “Bir günüm – hoş günüm” diýen sözi ýatlaň. Türkmeniň bu arzuwy, ony döreden sebäpler keseden gelen syýahatçylaryň hem paýhasyndan sypmandyr. K. Bodeniň “Türkmen topragynyň oçerkleri” atly kitabynda Etrek sebitlerindäki çarwalaryň durmuşyndaky pajygaly pursatlar barada ýazylýar. Etrekden günortada ekin ekýän ýomutlar pars hökümetiniň agyr salgydyndan sypmak üçin idili bişmedik hasyly howul-hara ýygnap, bir aýda bitirilmeli işi 12-15 günde tamamlamaga mejbur bolýarlar, uludan-kiçä ýaga düşüp işleýärler, azyklygyny alan batlaryna sähra tarap sumat bolýarlar. Gürgen jülgesiniň gözelligini taryp eden awtor soňra şeýle ýazýar: “Men onuň zähmetsöýer ýaşaýyjylaryny haladym. Olaryň doly rowaçlygyna diňe parahat hem howpsyz durmuş kemlik edýär. Olaryň göwün islegini, talabyny berjaý etmezçe-de däl-ä, olar: bizi öz günümize goýsalar bolany diýýärler”. Elbetde, türkmenleriň bu islegine goňşy ýurtlaryň häkimleri biperwaýdylar. Olar edil alkymlarynda türkmen taýpalarynyň dynçlykda ösňemeklerini islänokdylar. Türkmen illeri parahat durmuşda baryp-gelişseler, alyş-çalyş etseler, ýakynlaşsalar, dilleriniň, nesil daragtynyň bir kökdendigine ymykly düşünerler, buýsançlarynyň artmagy, soňabaka bir hana, bir döwlete gulluk etmek meýilleriniň döremegi ähtimaldy. 16-17-nji asyrlaryň dowamynda ýüz elli ýyla golaý wagt Uzboýyň sebitlerinde, ýagydan uzakda ýaşan teke, alili, ýomut illeri özüni dürsäp, ösňäp, täze örüleriň gözleginde Balkan sebitlerine ýaýramaly bolupdylar. Agzalalyk türkmeniň içki derdidi. Bu derde ýoluganlaryň ählisine mahsus bir alamaty belläp bolar: olar ildeşleriniň öňündäki etmişleri üçin ökünmäge derek etmişe sebäp bolan delilleri özlerini aklamagyň şübhesiz fakty hökmünde öňe sürýärdiler, olary ykrar etmegi tiredeşlerinden talap edýärdiler. Bu talaby tire raýdaşlygyndan gelip çykýan kanuny hukukdyr öýdýärdiler. Köplenç halatda tiredeşlerinden goldaw hem tapýardylar. Goldawyň bolmadyk halatynda etmişli adam tiräniň abraýyna kast iş eden näkese öwrülýärdi, onuň döreden nogsanyny düzlemek maksady bilen zyýan çeken tarapa töwellaçy ýollanýardy. Töwella paýhaslylygyň alamaty bolsa-da, tire agzalary ony höwessiz, belli derejede masgaralygyň nyşany hökmünde kabul edýärdiler, özleriniň ýazyklydyklaryna garamazdan, içlerinde nähilidir bir kitüw saklaýardylar. Ine, Magtymgulynyň ahlak kämilligine bolan umydy amala aşanda tireparazlykdan beleň alýan tekepbirlik soňlanmalydy, hakyň ýoluna mahsus toba, sabyr, şükür etmek ýaly haýyr işler içki derdiň dermanyna öwrülmelidi. Magtymguly duýdurýar: Gapyl bolup emri-magrup etmeseň, Bilip durup, dogry ýola gitmeseň, Ahyret ýaragyn munda tutmasaň, Peýdasyz puşeýman, zarlar alnyňda. 6. “Gasygy gam bilen doly dünýä, heý!” Neneňsi bolanda-da, Azadynyň, Magtymgulynyň hakyň ýoluna, haýyr-sahawata bagly moraly abstrakt hem uniwersallyk häsiýetindäki moraldyr. Onuň hökmanylyk şertleri diniň parzlaryny hem wajyplaryny gyşarnyksyz berjaý etmekden gözbaş alyp gaýdýar. Şol bir mahalda-da bu şahslaram iliň içinde ýaşap, ildeşleriniň hal-ýagdaýyny gurup ýören adamlar bolany üçin, töwerekdäki ahlaksyzlyklar, adalatsyzlyklar wagtal-wagtal olaryň kalbynda şeýle bir gahar-gazap döredipdir welin, din hadymlaryny-da gaýgyryp oturmandyrlar. Beýle ýowuzlyk aýratynam Magtymgula häsiýetli. Orramsydan bolan haramhor begler, Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady. Ýa-da: Işanlary her gapyda tapylar, Mollalarna ýok myjabat ýapylar, “Öwlüýä men” diýip, jögi sopular, Gygyryp, asmana böke başlady. Ýa-da: Çykar beýewana gyzy, gelini, Ak ýüzüne ýapar gara telini, Kemçinlik eýleýip ýygan puluny, Düzedip, özüne daka başlady. Eý, Hudaý, bi ne ahwalat! Bular Magtymgulynyň agzyndan çykjak sözlermi diý! Muny türkmeniň gelin-gyzyna diýdimikä beri? Magtymguly keseki halky garalap, ýa-da oňa gargap ýeke setir ýazmadyk şahyr, indi ähli gaharyny öz halkyndan çykarjak bolýarmyka? Ol öz halkynyň, öz döwrüniň ogly, sylagly-serpaýly ogly. Halkyna buýsanmaga, guwanmaga, jany ýananda onuň nogsanlaryny köteklemäge-de hakly. Biz ýaşan döwrüne Magtymgulynyň ygtybarly şaýatlygyny inkär edip bilmeris. Ýokarky setirlerde abstrakt moralyň howaýylygy ýok, şahyr gözüniň görýän aýylgançlygyny ýüregine sygdyryp bilenok, gaharyň badyna etikany-da, alan terbiýesiniň sypaýylygyny-da birdem unudýar, paýyş sözdenem gaçanok. Oba ujundan bardym öý soraşmaga, Ýa laldyr, ýa agzy mumly çykypdyr. Bu dagy hiç zat, aýylganjyny indi eşidiň: Magtymguly, hasaby ýok görenim, Tama tutup, umyt elin serenim, Obasyna ärmiş diýip baranym Etegne el ursam, ... çykypdyr. Ýeri, muňa näme diýjek!? Şahyryň gözel ilinden göwni geçipmi? Mundan öň çilimiň, nasyň, gybatkeşligiň zyýanyny sypaýy mugallymyň asuda heňinde düşündirip gelen şahyra ne döw çaldy?! Ýa-da “jany ýanan taňrysyna gargar” diýlenimikä? Ol ertir “namart” ilinden ýüz öwrüp, huw-hak diýip, daglara-daşlara özüni urjak diwana meňzeýän-ä däldir?.. Şahyryň özi-de şu sowallaryň çözgüdini gözläp, çar ýana urnan bolmasyn? Adamlar hakyň ýoluna pitiwa kylan halatynda beýle şumluklar bolmaly däl-ä! Näme sebäbe şahyryň mukaddes kitaplardan okan moraly bilen dünýäde bolýan ahwalatlaryň arasynda juda uly parh bar? Bu sowal şahyry pany dünýä hakyndaky çuňňur oýlanmalara getiripdir. Bir aýbyň bar, diýrem seniň ýüzüňe Hiç kim bilen ýola gitmediň, dünýä! – diýýär. Pany dünýäni özüne garşydaş tutunýar. Ykbal oýnunda oňa fatal gutulgysyzlygyň meýdany hökmünde garaýar. Bolan günüň toýdur, ölen günüň waý, Başdan-aýak galmagalmyş bu dünýä – - diýmek bilen, ýagşyzadalaryň, keramatlylaryň keç ykbaly üçin panydan hasabat soraýan äheňde: “Döwlere höküm eden Süleýmany nätdiň, Baba Omar gaçdy, belki, gutulardy, ony kowa-kowa sen tutduň, dünýä!” diýýär. “Süleýman tagtyny tar-u mar etdiň, Ýusupny gul diýip satdyrdyň”, “Hezreti Adamny haýran eýlediň”, “Hezreti Isgenderiň ahyr jaýyny görüstan etdiň” diýýär. Ahyrky netijesini aýdýar: Adam oglun saldyň tükenmez gama, Ýaş-garry-ýolunda sergezdan heme, Bir mada eşek dek gelip sen deme, Gasygy gam bilen doly dünýä, heý! Ýa-da: Niçe wagtdan bäri iýer, doýmaz sen, Ýykylgyn, ýumrulgyn, loly dünýä, heý! Hawa, bu bir pany dünýä, mundan “her kim ýük ýazdyryp, geçip baradyr”. Iblisiň oýnuna bakylyk buýrulan däldir, şonuň üçinem, ol panyny şer işleriň mesgenine öwürsem diýýär. Şu apata düşünýän şahyr “hak ýanynda dileginiň kabul bolmagyny” isleýär, “Ýaradan, har etme, bolgul habardar, ýogsa işim arman eder bu dünýä” diýip özelenýär. Ol il-günüň başyna düşen agyr ahwalatlarda iblisleriň gazaply, haram oýunlarynyň ajy miwesini görýär. Meseläniň bakylyk-panylyk ölçeginde global goýulmagy, şahyryň göýä iline mahsus nogsanlar barada ýanyp aýdan ýakymsyz pikirlerini dar manydan halas edýär. Eger dar ölçege mahsus maýdaçyllyga ýüz uragadan, olary haýsydyr bir iliň, halkyň adresine ýöňkejek bolaýsak, şol halat Magtymgulyny öz derejämize çenli peseltmekçi bolýandygymyzy unutmalyň. Geniler belli bir halkdan döreselerem, olaryň akyl-paýhas dünýäsine Älemiň bimöçberligi mahsusdyr. Hut şu zerarlam Magtymgulyny türkmençiligiň derejesinde seljermän, gaýta, türkmençiligiň nä derejede Magtymgulynyň dünýäsine gabatlaşýandygy barada oýlanmalydyrys. 7. Pelek oýny "Türkmen bir çukura tüýkürer, türkmeniň başy biriger diýip, kim agzynda aş gatyklaýan bolsa-da, sen oňa aldanma, inibeg. Çöl adamyna salgymy görkezip "suw" diýseň, güler gerek? Sen çöl ogly, salgyma çapma, türkmende döwlet-de bolmaz, patyşa-da! Türkmeniň başynyň jem bolmajagyna şükür et! Asyl-ha, türkmene döwlet nämesine gerek. Biz dagynykkak malymyza ot tapýarysmy, sen muny bir ýere jemlemegiň aladasynda, ha-ha! Köplük – pohluk, eşretli güne garaşmagyn. Türkmeni bir ýere üýşürägeden, bir çuwala dykaýjak-da siz! Çuwalyň agzyny bog-da, bir ýere gömäý diý. Boljak iş şudur, inibeg! Her kime hudaýyň miýesser eden ýurdy bar, türkmeniňki çöl bilen. Çölde gününi görýän halkyň maňlaýyna pytraňňylyk ýazylandyr, hudaýyň edenini adam üýtgedip bilmez... Türkmeniň her – öýi gala. Bir galany alarsyň, emmaki müň galany almak çetindir. Ýolsuz-ýodasyz, suwsuz-sölsüz çölüň gala kemi barmy! Siz döwlet diýen bolup, türkmeni bujagaz mydaryndan-da dyndarjak bolmaň. Erteki otarma, bes et! Saňa Aýaz han gerekdir?! Ony ertekiden gözlegin. "Adamyň erbedi kim bolar" diýlende, Aýazhanyň özi "patyşa” diýendir. Patyşanyň salgydy gursun! Patyşanyň salgydy gyzylbaşyň bilini bükdi. Patyşanyň özüni bir ýalla, ýalhorlaryny bir ýalla, nökerini bir ýalla, molla-müftüsini bir ýalla!.. Patyşa küýseýän bolsaňyz, gidiň, gyzylbaşyň raýatyna geçiň, hezil edersiňiz. Maňa patyşasy-da, döwleti-de derkar däl, özüm patyşa, özüm döwlet!" Bu monology men “Gara ýyldyrym” romanymda tireparazlygyň humaryna serhoş Galkan batyryň agzyna beripdim. On sekizinji asyryň birinji ýarymynda türkmenleriň belli bir toparynyň pikiri. Bu pikirdäki gedemlik münüş öwredilmedik atyň çarbaýlygyny ýada salýar gerek? Kelleki geýdirlip, agyzdyryk salynmagyny ýokuş görýär. Çöl gurdy ýaly erkin gezjek, alamana gitjek, çaparmanlyk etjek, ak çägäni ýassanyp gününi görjek. Ýabany durmuş haýwana ýaraşýar, ol instinkt bilen ýaşaýar. Adama paýhas berlipdir, ol ertiriň aladasyny etmeli. Türkmen ertiriniň aladasyny eden halk. Gazaply tebigatdan goranmagyň haýran galaýmaly emellerini tapypdyr. Emma onuň tebigatdan-da ýowuz garşydaşy bardy, oňa adam diýýärdiler. Adamyň garşysyna durmak üçin güýçden, ýaragdan başga-da, paýhasly syýasat, inçe diplomatiýa gerekdi. Bir mahal Horezmin şalarynyň hyzmatynda agöýli /serhetçi/ bolup gulluk eden türkmenleriň wepasyny, serhedi ygtybarly goraýyşlaryny, Emir Temiriň agyr goşuny bilen darkaşda arslan kimin duşmana topulyp, wah diýmän mert ölüşlerini töwerekdäki hanlar, şalar gowy bilýärdiler, türkmen ýigitleriniň gullugyny küýseýärdiler. Taryha ser salsaň, birgiden türkmen taýpasy gyzylbaşlaryň, soňra Nedir şanyň hyzmatynda-da bolupdy. Gajar şalarynyň dinastiýasynyň berkarar bolmagynda esasy goldaw beren türkmenler dälmidi! Türkmen muny öz döwletini gurmak üçin edipdi diýip bolmaz. Şol mahal onuň islegi güýçli häkimiň penasynda gulagy dynç ýaşamakdy. Salgyt tölemegä-de, nöker bolmaga-da razydylar, diňe mertebeleriniň kemsidilmezligini, tutda-baslykdan dyndarylmagyny küýseýärdiler. Bu islegi Hywa, Buhara häkimleri babatda-da synap görupdiler. Bolmandy. Bolmandygyny diňe şalaryň, hanlaryň adalatsyz syýasatyna syrykdyryp oturyberseň, biraz bärden gaýdylar. Türkmen illeriniň içki agzalalyklaryny-da hasaba almaly bolar. Türkmeniň geňeşi birigenokdy, her il özüçe çykalga agtarýardy. Muňa mysal edip 1836-njy ýylda Kyýathanyň başda durmagynda Hazar boýunda ýaşaýan ýomut taýpalarynyň ýaşulylarynyň geňeşinde rus patyşasynyň raýatyna geçmeli diýen karara gelinendigini aýtsa bolar. Geňeşiň patyşa gönderen ýüzlenme hatynda şeýle sözler bar: "Biz san taýdan köplük, mertligimize-de hiç kes at dakyp bilmez, ýöne biziň paýhassyzlyk edýän ýerlerimiz bar, düzgünimiz gowşak, özara ylalaşyga meýlimiz az. Bize ähli ýomudy bir jana, bir tene öwrüp biljek beýik howandar gerek. Şonda biz goňşularymyza aldajy bolarys, beýleki türkmen taýpalarynyň hem bize goşuljagyna ynanýarys." Şunuň öwezine olar rus patyşasyna hyzmatlaryny gaýgyrmajakdyklaryny aýdýarlar. Olar ruslaryň raýatyna geçmek bilen daşky howpdan, içki dawalardan dynmakçydylar, Ýomudystan ady bilen ýurtlaryny döretmekçidiler, onuň serhedini belläpdiler. Şundan otuz ýyl soň hywaly ýomutlaryň baştutany Atamyrat han hem ruslaryň hossarlygyny küýsäp, patyşanyň adyna nama gönderipdi. Hazar boýundaky ýomutlar "Ýomudystany" arzuwlap ýörkäler, Garagumdaky çarwa türkmen ruslardan bihabardy. Türkmeniň her öýi gala diýilse-de, müň gala bir bütewi gala birleşmändi, şu sebäpli-de her iliň ýagysy özüne nesip edýärdi. General Kaufmanyň baştutanlygynda kazaklardan düzülän öç alyjy rus goşuny hywa türkmenleriniň obalaryny ýandyryp, gan çaýkap, talap gidende bu tragediýa ähli türkmeniň pajygasyna öwrülmändi. Gökdepe tragediýasy-da şeýle bolupdy. Matamda birleşmedik halk ýeňşine-de biparhdy. 1855-60-njy ýyllarda Gowşut hanyň serdarlygynda tekeleriň Saragtda, Maryda hywa hem eýran goşunyny derbi-dagyn edendigi türkmeniň ähli illeriniň dabarasyna, buýsanjyna öwrulmändi. Şu faktlardan çen tutup aýtsak, Türkmenistanyň rus imperiýasynyň golastyna düşmeginde hiç hili tötänlik bolmandy. 8. Bizi imperiýa döretdimi? Aşgabadyň eteginde gadymy Parfiýa imperiýasynyň harabalygy ýatyr. Ýigrimi iki asyr çemesi wagt mundan öň döräp, bäş ýüz ýyla golaý ýaşan, kuwwatly Rim imperiýasyna jort atan Parfiýa türkmenleriň dahyly boldumyka? "Bolupdyr!" diýip, türkmeniň köküniň juda gadymylygyny tekrarlaýan taryhçylar, taryhçy bolmaga dalaş edýän gaýry hünärdäki adamlar ynam bilen aýdýarlar. Olaryň birinji delili: parfiýa patyşalarynyň esasy galasy Nusaý biziň topragymyzda ýerleşýär, onuň gymmatly arheologik tapyndylary Aşgabadyň muzeýlerinde saklanýar. Ikinji delil: meşhur ahal-teke atlarymyz nusaý atlarynyň tohumyndan dörän. Üçünji delil: şu günki türkmenleriň parlar atlandyrylýan kiçijik tiresi gös-göni parfiýalylardan galan kowum bolmaly, atlarynda-da meňzeşlik bardyr... Gözläberiň, amaly-haşam sungatymyzdan-da meňzeşlikler taparsyňyz. Käbir sungatşynas syýahatçylaryň synçylygyna haýran galaýmaly: nusaý ritonlaryny bezeýän olimpiýa hudaýlarynyň daşky keşpleri gündogaryň ruhuna laýyklykda üýtgeşmelere sezewar bolupdyr, Zews bilen Poseýdonyň sakal-murtunyň timarlanyşyna syn ediň, dodaklarynyň açyklygy, eýse, şu günki türkmenlere mahsus stili ýatladanokmy! /W. Zaletaýew, “Türkmenistanyň gadymy hem täze ýollary”/ Müň ýyl soň dörän Seljuk imperiýasyna türkmenleriň dahyllydygyny azara galyp düşündirip oturmagyň derkary-da ýok bolsa gerek. Mary olaryň ilkinji paýtagty bolan. Seljuklara türkmenler diýilýär, olar biziň adybir ildeşlerimiz ahyry! Imperiýa Maryda başlanyp, Maryda-da taryhy ýoluny tamamlapdyr. Ondan galan iň degerli nyşan hökmünde imperiýanyň soňky soltany Sanjaryň guburyna galdyrlan bina Gündogarda ägirt uly mawzoleý diýip tanalýar. Gabarasyna görä ikinji mawzoleý Kemal Atatürke degişli. Ol Ankarada, Osman imperiýasynyň dörän ýurdunda. Onuňam seljuk türkmenlerinden aýrylyp gitjek ýeri ýok. Asyl, imperiýanyň düýbüni tutan Ärtogrul gazynyň neberesi Türkmenistandan, bizden aýrylyp giden ekeni! Ine, şeýdip, biz ýene bir imperiýanyň mirasdüşeri bolduk oturyberdik. Sowet zamanynda biz bu täsinlikden bihabardyk, habarlymyzam sesini çykaryp bilmezdi. Ol zaman imperiýa dahyllylyk buýsanjyň alamaty däldi, geçmişde ata-babaň galtaman, ganhor bolan ýaly utanmalydy. Sowet Soýuzy dargady, onuň ideologiýasy aradan aýryldy diýdik. Indi biz, türkmenler, ata-babalarymyzyň imperiýa gurandyklaryna buýsanmaly diýen sözleri gorkman diňleýäris. Bilermenler: imperiýa döretmegi başaran halk beýikdir diýip gaýtalaýarlar. Näme diýilse-de, bäş ýyl ozal sowet adyny göteren adamlaryň gulagyna "imperiýa” sözi beýle bir ýarap baranok. Imperiýanyň nämedigini bize dünýä zähmetkeşleriniň beýik serdary Leniniň ölmez-ýitmez taglymaty boýunça öwredipdiler. Ol: "Imperializm kapitalizmiň iň soňky stadiýasydyr" diýip, kesgitleme bermek bilen onuň işçiler synpy tarapyndan, Gogol aýtmyşlaýyn, şeýtanyň telpegine salnyp, jähennemiň teýine zyňylmalydygyny subut etmekden ötri, tutuş bir kitap ýazypdy. Ony öwrenmek biziň bagtymyza düşüpdi. Biz imperializme gargap ösdük. Bizden öňki türkmenlere sowet adamy bolmak miýesser etmäni üçin ol görgüliler imperiýa diýen düşünjeden bihabar galan bolsalar nätjek, olar ak patyşanyň baryp ýatan imperialistdigini hem bilmändirler. Ýekeje mysal: raýkom bir lektory çopanlaryň arasyna iberip, ýagty gelejegimiz bolan kommunizmiň nämedigini düşündirip gelmegi tabşyrypdyr. Lektor: "Kommunizm ajap eýýam diýmekdir. Şeýle bir bolçulyk bolmaly, islän zadyňy mugt alyp bolar, mugt almaga ynsabyň çatmaz öýtseň, bir goýna gara şaýy ber-de, al-da gidiber! Diýip, janygyp oturan. Ýaşuly çopan ahyry onuň sözüni kesip: ”Ak patyşanyň döwründäki ýaly boljak diý-de, gutar-da" diýipdir. Biz ýaşuly çopanyň tarapdary däldik, ony paş etmäge delilimiz bardy: ak patyşa il-güne, garyp zähmetkeşe eşret beren bolsa, bolşewikleriň ýodbaşçydygynda halk eline ýarag alyp, ony tagtdan agdarmazdy! Hany, bu hakykata garşy bir çykyp gör-dä! Eýse, imperiýa biziň gargyşymyza mynasyp aýylganç hadysamydy? Ýigriminji ýyllarda sowet häkimiýetleri tarapyndan ýurtdan kowlan belli rus filosofy Nikolaý Berdýaýew "Sudba Rossii" /"Rossiýanyň ykbaly"/ atly kitabynda imperializm problemasyny subýektiw-moral duýgularymyza syrykdyrman, ýa-da imperialistik syýasata duýgudaş däldigimize esaslanman seljermegi ündeýär. Imperiýa syýasatynyň birnäçe ugruna ýigrenç bilen garasa bolar, ýöne onuň obektiw manysyny, obektiw gutulgysyzlygyny ykrar etse bolar diýen pikiri öňe sürmek bilen şeýle ýazýar: "Onuň kolonial syýasatyna gahar-gazap duýdurylsa-da, medeniýetiň dünýä möçberinde ýakynlaşmasyna, birleşmesine ýardam edýändigini boýun almaly. Imperializm bölüşdirýär, jahan uruşlarynyň döremegine sebäp bolýar, şol bir mahalda-da ol adamzady birlige alyp barýar, ägirt uly imperiýalaryň emele gelmegi hökmany ýagdaý, adamzat onuň güzerinden hökmany geçäýmeli. Bu ýagdaý taryhy hadysanyň gutulgysyz tendensiýalarynyň biridir." Problema bir taraply garamak endiginden el çekmegiň zerurdygyna düşünmegimiz gerek. Sährada göçüp-gonup ýören seljuk türkmenleri ýaragyň güýji bilen imperiýa gurupdyrlar, döwleti dolandyrmagyň mekdebini geçipdirler. Gündogaryň, şol sanda Eýranyň döwlet mirasyna, iňňän baý medeniýetine, ylmyna aralaşypdyrlar. Eger şu oňaýly basgançakdan ädilmedik bolsady, soňra Osman imperiýasyny döretmek başartmazdy diýse bolar. Eger problema her taraply çemeleşmek isleýen bolsak, ýene bir ýagdaýa üns bermeli bolar. Çarwadar türkmen taýpalarynyň durmuş akabasy seljuklar zamanynda-da döwlet maşynynyň berk düzgünlerine arka bermedik bolarly. Soltan Mäligiň häkimliginiň ahyrlarynda türkmenler döwleti dolandyryş edaralaryndan aglaba çetleşdirilýär. Munuň sebäbini Nyzam al-Mülküň "Syýasatnama” kitabyny okanyňda aňsa bolýar. Nyzam al-Mülk seljuk soltanlaryna jany-teni bilen hyzmat eden, milleti pars. Gündogaryň taryhynda beýik wezir hökmünde ykrar edilen adam. Oňa imperiýanyň sütüni diýseň-de boljak. Nyzam al-Mülk imperiýanyň başky pursatlarynda türkmenleriň hyzmatynyň bolandygyny nygtamak bilen, soňra şeýle ýazýar: "Olaryň ogullaryndan müň adamy atma-at sanap, köşk hyzmatçysy hökmünde ulanmaly. Ýeterlik möhletden soň ok-ýaragyň tilsimlerini gullugyň tärlerini öwrenerler, gulamlar ýaly hyzmat ederler, olaryň tebigatyndaky wagşyýana häsiýetler kem-kemden ýiter gider." Şu aýdylan bilen baglylykda akademik Bartold "Türkmen halkynyň taryhyndan oçerk" diýen işinde şeýle diýýär: Bu çäräniň az sanly adama degişli boljagy belli. Olaryň esasy bölegi gullardan düzülen soltan gwardiýasyna gulam hökmünde gulluga alynjakdyklaryna garamazdan, bu ýagdaý türkmenleri kanagatlandyrmasa gerek. Şonuň üçin hem soltan Persiýanyň daýhan hem şäher ilatyny goňşulykdaky çarwalaryň howpundan dyndarmagyň has oňaýly çäresini tapýar: türkmenleri seljuk imperiýasynyň wizantiýalylar hem gruzinler bilen din ugrundaky mukaddes uruşlaryň alnyp barylýan serhet welaýatlaryna ugradýar. Kiçi Aziýanyň, Azerbaýjanyň kem-kemden türkleşdirilmegini diňe şunuň bilen düşündirse bolar.” Iki çeşmedäki aýdylanlardan çen tutsaň, seljuk imperiýasynda-da türkmenleriň durmuşy gülala-güllük bolmadyk ýaly-la? Imperiýa gargamak endigimizden el göterip, Bartýadyň ady tutulan işinden ýene bir mysala ýüzleneliň: "1880-nji ýyllaryň harby hereketleri, ylalaşyklary netijesinde türkmen halkynyň ýaşaýan ýerleri Rossiýanyň (oňa ýapja ýagdaýa geçen Buhara, Hywa hanlyklary bilen), Persiýanyň Owganystanyň arasynda bölüşilýär. Güýçli deržawanyň raýatyna geçen rus türkmenleri beýlekilere garaňda amatly şertlerde bolýarlar, muny aýratynam Persiýa bilen serhetde ýaşaýan türkmenleriň mysalynda aýtsa bolar. Şertnama görä, Persiýanyň çäklerinden gözbaş alyp gaýdýan derýajyklar rus territoriýasyna ýetýänçä ekin suwarmak üçin ulanylmaly däldi. Rewolýusiýadan soň türkmenler bu artykmaçlykdan mahrum bolupdylar. Oňa derek sowet territoriýasynda birinji gezek türkmen halkynyň syýasy taýdan birigmek prinsipi öňe sürlüpdi, türkmepleriň arasynda milli birlik duýgusyny güýçlendiripdi, bu mahala çenli birlik diňe dil we edebiýat meselesinde duýlup gelýärdi.” Elbetde, goja çopanyň ak patyşanyň döwri hakynda lektora aýdan sözüniň sebäpsiz ýere döremändigi açyk. Emma bu söze salgylanyp, rus imperializminiň kolonial syýasaty zerarly türkmeniň çeken pidalaryny unutmaga hakymyz ýokdur. Şol bir mahalda-da tire-taýpa pytraňňylygynda ýaşap gelen halkyň ak patyşanyň raýatyna geçen böleginiň ykbalynda dörän oňaýly taraplary gözden salsaň eýýäm taryhy hakykatyň ýoýuldygy bolar. Imperiýa olary daşky çozuşlardan dyndarypdy, içki dawa-jenjelleriň döremek howpuny kontrollyga alypdy, halkyň oturymly ýaşaýyşa geçip, gün-güzerany bilen meşgul bolmagyna şert döräpdi. Sowet Soýuzy dargap, onuň düzümindäki respublikalar garaşsyzlygyny jar eden dessine gözümizden sargy aýrylan ýaly batyllykdan bir demde dynana döndük. Düýnki sowet publisisti: ”Eger kommunistik imperiýany ýumrujy M.Gorbaçýow bu zatlary çepbesine çöwürmedik bolanda, biz, gör, ýene näçe ýyllap tümlükde ýaşamaly bolardyk" diýip ýazdy. (D.Gurbanow, ”Ruhnama"). Diýmek, biz imperiýalara gargap ýaşasak-da, ondan halas bolup bilmän ekenik. Publisist soňra kommunistik imperiýany aýylganç aždarha deňeýär, onuň sözlerine salgylanyp aýtsak, "dünýä taryhynda ägirt imperiýalaryň iň soňkularynyň biri hasaplanýan SSSR diýen imperiýanyň" alyp baran totalitar syýasaty "halky öz içinden edil gurçuk ýaly iýýän syýasat" ekeni, "islendik halky nadan hem mahluk edip taşlan syýasat" ekeni, "ol syýasat halkyň agzyny alardýan, ony toparlara hem böleklere, tirelere hem taýpalara, ol ýerlilere hem bu ýerlilere bölýän syýasat" ekeni, "ol syýasata bir ulaşan halk, oňa möýüň kerebi ýaly bir çolaşan halk öz-özi bilen başagaý bolup, dünýe bilen işi bolmaýardy. Onsoň sen onuň ganyny sorsaňam, gazyny sorsaňam, namysyna degseňem, mazaryny depeleseňem, ölüsini totalitar düzgüne laýyk ssenariý bilen jaýlasaňam, onuň parhyna däldi." Sowet imperiýasynyň gazaply garalawjysynyň garşysyna çykjak aklawjylaryň bardygyny inkär edip bolmaz, olaryň öňe sürjek delillerini aňmak kyn däl. Ol delilleri düýn biz türkmen sowet halkynyň taryhy ýeňşi hökmünde buýsanç bilen gaýtalaýardyk: Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň döredilmegi türkmenler üçin ägirt uly taryhy waka bolupdy, biz döwlet dolandyrylyşygyna gatnaşmaga mümkinçilik alypdyk, halk döwlet diýen zadyň tertibini, kadasyny gündelik durmuşynda gördi, onuň psihologiýasyny kem-kemden aňyna siňdirdi. Milli mirasymyzyň, milli duýgularymyzyň ideologiýanyň gysyşyna duçar edilendigini aýdyp, ondan dilgir bolsagam, Soýuzyň düzüminde uçdantutma sowatlylyga eýe bolandygymyzy, dünýä siwilizasiýasyna mahsus ylmy-medeni basgançaklara göterlendigimizi çekinmän aýtmalydyrys. Munuň gabarasyny bilmekçi bolýanlar biziň gazananlarymyzy Eýranda, Owganystanda ýaşaýan ildeşlerimiziň ýagdaýy bilen deňeşdirip göräýsinler! Öz garşysyna şeýle delilleriň getiriljekdigine publisistiň düşünýändigi açyk. Ol bu gün asmandan düşen adam däl, sowet imperiýasy diýip baha beren döwründe kemala geldi, dünýäniň iň abraýly okuw jaýynda, Moskwanyň döwlet uniwersitetinde bilim aldy, sowet ideologiýasyna doly hyzmat eden metbugatda işledi. Bu gün onuň ynanjyndan düýpgöter dänmegini geň görmek bolmaz, her bir adamda bolup biljek ýagdaý. Umuman, çalt dänmek ynanjy bolmadyk adamlara mahsus. Emma bu ýerde biziň hemmemize häsiýetli başga bir ýagdaý ýüze çykýar. Publisist sowet ideologiýasyndan öwrenen tärinden, gylygyndan el çekip bilenok. Biz öň ýokarky äheň bilen günbataryň imperiýaçylaryna gargaýardyk, ýokarky günäleri şolaryň adresine aýdýardyk. Özüňden öňkini ýa-da garşydaşyňy diňe gara reňke boýamak bizi terbiýelän synpy ideologiýanyň häsiýetli alamatydy. Biziň hemmämiz şol ideologiýadan çykdyk, entek-entek onuň täsirinden saplanmasak gerek. German imperializmi milletçilige, saýlantgy bir halkyň dünýä agalygyny esasy ugur edinipdi. Ol güýç bilen dargadyldy. Sowet imperiýasy ideologiýa gurlandy, ideologiýa milletlerden ýokarda goýlandy, synpy göreşiň netijesinde berkarar edilen rehimsiz diktatura daýanýardy, ýapyk jemgyýet, gizlinlik onuň tebigatyny emele getirýän esasy häsiýetlerdi. Bu imperiýa güýje, zorluga daýanylyp dargadylmady. Aýdyňlyk, aç-açanlyk, dürli pikirler syýasaty yglan edilen dessine çägeden galdyrlan öýüň düýbüne suw goýberlen ýaly pytyrama bilen boldy. 9. Ilkinji basgançak Ilkinji basgançak diýenimde SSSR-iň düzüminde döredilen Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasyny göz öňünde tutýaryn. Ol 1924-nji ýylyň oktýabrynda türkmeniň görnükli döwlet işgäri Gaýgysyz Atabaýewyň iňňän netijeli ýardamy bilen döredilip, 1991-nji ýylyň oktýabryna çenli dowam etdi. Bu respublika halkyň göreşi arkaly döremändi, onuň ýok bolmagy-da sowet imperiýasynyň parahat ýagdaýda pytramagy bilen baglydy. Onuň döredilmegi-de, ýatyrylmagy-da kommunistleriň emri bilen bolupdy. Elbetde, taryh üçin bu uly möhlet däl, emma türkmeniň ykbalyna, psihologiýasyna onuň eden täsiri önjeýlidir. Çagalykdan kommunistik ideologiýany aňyna siňdiren, sowet mentalitetli nesil kemala geldi, olara "türkmen sowet halky" diýilýärdi. Şol adamyň sypaty hakynda "Biz kim ekenik?" diýen esse kitabyny ýazanym üçin, bu ýerde ol hakda giňişleýin gürrüň açman, aňyrdan gelýän türkmençilige häsiýetli alamatlaryň ýitirlendigini ýene bir öwre tekrarlamakçy bolýaryn. Onuň sebäpleri barada kitabyň dowamynda anyk mysallar arkaly aýdyp geçipdik. Rus imperiýasy ýaragyň güýji bilen türkmen ülkesiniň uly bölegini özüne birikdiripdi. Soňra bolşewikleriň goluna geçen imperiýa gös-göni zorluga daýanyp, synpy ideologiýany ornaşdyrypdy, taryhy öz islegine görä ýazdyrypdy, öz bähbidiçe düşündiripdi. Şol taryha gulak assaň, asyl geçen asyrlarda türkmen jemgyýeti synpy taýdan bölünişmäge ýetişen ekeni, halk döredijiligi, Magtymgulydan başlap, klassyk poýeziýamyz din hadymlarynyň, baýlaryň bet pygyllaryny paş etmek bilen meşgul bolup gelen bolsa nätjek! ”Garyp sen ýyglama, şir dek bolar sen!" diýen Magtymgulynyň "synpy weliligine” guwanardyk, wah, Beýik Oktýabr rewolýusiýasynyň haçan boljagyny takyk aýtmandyr-da! diýip, ýürekden gynanardyk. Sowet zamanynda ýaşan bolsady, iň görnükli halk şahyry, döwlet baýraklaryna telim gezek eýe boljagyna şübhämiz ýokdy, dörediji adamyň il arasyndaky abraýyny, mertebesini syýasata edýän hyzmatyna garap, döwlet tarapyndan berilýän hormatly atlaryň, baýraklaryň çäginde kesgitlemegi endik edinipdik. Magtymgulynyňam biziň ýaly hyzmat etjegine geňirgenmeg-ä beýlede dursun, buýsanjakdyk, has-da mertebesi galar öýdýärdik. Bu garaýyş biziň sowet häsiýetimiziň, mentalitetimiziň zandyndan döreýärdi. Hakykatda imperiýa çenli türkmen jemgyýeti synpy bölünişigi bilenokdy. Biziň synp hökmünde ýok edilmeli diýip, höküme sezewar eden baýlarymyz, serdarlarymyz agdaba tireleriň, taýpalaryň ýaşulylary, kethudalarydy. Olar emeldarlaryň gatlagyna girenokdylar, halk geňeşlerinde tirelerine wekilçilik edýärdiler. Emeldar diýen düşünje döwletiň syýasatyny, ykdysady bähbidini araýan adamlaryň peýda bolmagy bilen bagly. Olar Hywa hanyna, Buhara emirine, rus patyşasyna hyzmat edýärdiler. Bu gullukda duran türkmenler halkyň aňyna ornaşyp biljek derejede özbaşdak bir gatlak emele getirerden azdy. Munuň sebäbini ady tutulan döwletleriň türkmenleri dolandyryş işlerine gatnaşdyrmak islemändikleri, olara ygtyýar bermekden çekinendikleri bilen düşündirse bolar. Döwlet dolanyşygyna entek uýgunlaşmadyk, onuň emele getirýän sosial gatlaklaryna bölünmäge ýetişmedik türkmeniň synpylyk ideologiýasyna duçar edilmesi zorlugyň, aýylganç jeza çäreleriniň ýaýbaňlandyrylmagynda bolup geçdi. Türkmen ilkinji gezek döwlet diýen zadyň güýjüni, sütemini görüpdi. Onuň diýenine hä diýmeseň, meýdiň guma garylaýjak ekeni. Hä diýmän, ar-namys, mertebe üçin ýarag alyp ata çykanlaryň müňlerçesiniň läşi it-guşa şam boldy, sürgünde, zyndanda çüýredi, ýene şonçasy Watandan ömürlik aýra düşdüler. Soňra elli ýyllap olara basmaçy diýildi, nälet okaldy, halk ertekilerindäki döwler, jynlar ýaly, biziň synpy eserlerimiziň taýynja otrisatel gahrymanlaryna öwrüldiler. Baýlyga derek garyplyk, behişde derek kommunizm, hudaýa derek kommunistik serdarlar hödürlendi. Bir şahyr: "Lenin pygamberim, Marks hudaýym" diýip, öz ynanjyny beýan etdi. Adamdan hudaý ýasanan sowet adamynyň bakylykdan arasy kesildi, ony döwlet maşynynyň bir nurbatjygyna öwürdiler. Oňa sowet imperiýasynyň taryhyny, syýasatyny giňişleýin öwretdiler, öz halkyň taryhyny öwrenmek zerurlygynyň ýoklugyny biziň "sowet halky" diýen umumylyga girýändigimiz bilen düşündirilýärdi. Ideologiýanyň nukdaýnazaryndan dünýä taryhyny-da öwredýärdiler, sowet döwletiniň artykmaçlyklaryny deňeşdirmelerde ýüze çykarmalydy. Ylmyň, tehnikanyň gazananlaryny öwrenmäge-de ýoluň açyk, onsuz döwletiň kuwwatyny artdyrmak kyn düşer. Seniň okamaga, işlemäge hukugyň bar, ýöne ideologiýanyň ýolundan gyşarmaga hakyň ýokdur, diňe şonuň çäginde pikirlerip bilersiň. Sowet adamynyň mentaliteti döwlet tarapyndan çäklendirmelere uýgunlaşdyrylan mentalitetdi. Ideologiýa sözde türkmen milletiniň ösmegini, tire-taýpa çäklilikden saplanmagy tekrarlaýardy, hakykatda welin, adamlaryň aňynda şol bölünişigiň dowam etmeginiň alajyny görýärdi. Oblastlaryň özara ykdysady gatnaşyklar alyp barmaklaryna düýbünden rugsat berilmeýärdi. Eger oblast, ýagny welaýat bölünişikleriniň türkmen illeriniň ýerleşişine görä amala aşyrlandygyny göz öňünde tutsak, onda tire-taýpalar ýene üzňe oturmak ýagdaýynda galýardy. Olardan çykan intelligensiýa wekilleriniň paýtagtda ýaşaýanlary-da öz taýpadaşlarynyň çäginde toparlanyşyk, içki raýdaşlyk saklamak endiginden el çekerli däldi. Birek-biregi goldamak zerurlygy jemgyýetiň şertlerinde derwaýysdy. Kompartiýanyň ştaby bu ýagdaýy bilýärdi, ony kontrollykda saklaýardy. Bu fakty gerek ýerinde käbir ýolbaşçylary tirebazlykda aýynlap, işden çetleşdirmekde ussatlyk bilen ulanýardylar. Türkmenleriň aňynda tire-taýpa bölünşiginiň, tireparazlygyň saklanyp galmagyny türkmençilige mahsus häsiýet hökmünde düşündirmek, meniň pikirimçe, nädogry bolar. Tire goldawyna, raýdaşlygyna bil baglaýan adamlar öz güýjüne ynanman, köpçüligiň, has takyk aýtsak, tolpanyň arkasyndan bähbidini amal etmäge çalyşýardar, olar halkyň bähbidine baş götermeli ýerde hemişe bukuda galýandyrlar. Türkmeniň tire-taýpa gatnaşygyndan, dep-dessurlaryndan täsirlenen psihologiýasy imperiýanyň ideologiýa maşynynyň zoruna çydaman taryh üçin ujypsyz wagtyň içinde sowet mentalitetine orun berdi. Täze sypatly adam emele geldi. Ol öz durmuşyny, bähbidini, gelejegini sowet döwletiniň bähbidinden üzňelikde göz öňüne getirip bilmeýärdi, getirmelidirem öýdenokdy. Şäherlerde edaralaryň, kärhanalaryň kollektiwi, oba ýerlerhnde kolhoz-sowhozlar olaryň ikinji maşgalasyna öwrülipdi. Ikinjiniň rowaçlygy birinjniň rowaçlygyny döretmelidi. Kollektiwiň talabyna boýun bolmak döwlet öňündäki graždanlyk borjuňy berjaý etmegi aňladýardy. Döwletiň bähbidi kollektiwiň bähbidi, kollektiwiň bähbidi döwletiň bähbidi. Şahsy bähbit diňe şu iki bähbidiň çäginde bolup biler. Kollektiwiň çäginde galplyga ýol berilýän bolsa, oňa nogsan hökmünde düşünmän, döwlet syýasaty diýip düşünmeli. Döwlet syýasatyna baha bermäge kollektiwiň agzasyna rugsat berilmeýär. Türkmençilige häsiýetli bolan dogruçyllyk, mertebe, halallyk geregem däl ekeni. Bu häsiýetleri ýitireniň üçin namys edip oturma, saňa namart diýjek ýok, sen galplyk etseňem, kollektiw bilen edýärsiň, kollektiw bolsa, hemişe mamla. Iň bolmanda, ynsabyň öňünde özüňi aklamaga deliliň bar: ýekäň çaňy çykmaz diýip oturybermeli! *** Meniň bu essäni ýazmagymda esasy obýektiň Türkmenistandaky türkmenlerdigini nygtamakçy bolýaryn. Başga syýasy hem sosial şertlerde ýaşaýan eýran, yrak, şamly türkmenleriň mentalitetinde tapawudyň bolup biljekdigi äşgär. Olar synpy göreşiň aldym-berdimli ýoluny geçmediler, dini ynançlary inkär edýän ideologiýanyň zorlugyna duçar bolmadylar. Olaryň özlerine laýyk başga problemalary bar. Şol bir mahalda-da ylym-bilim, medeniýet, adamzat siwilizasiýasyna golaýlaşmak babatda sowet türkmenleriniň artykmaçlygy äşgär. Biz döwleti dolandyrmagyň birinji basgançagyny geçdik. Sowet Soýuzynyň düzüminde döredilen bolsa-da, türkmen respublikasy halkyň taryhyna progres manysynda girjek möhüm wakadyr. Döwlet derejesinde pikirlenip bilýän milli kadrlaryň ýetişmegi garaşsyz döwleti berkitmek işinde juda zerurdyr. Milli döwleti ýola salmak, ony sowet mentalitetine mahsus nogsanlyklardan dyndarmak, halkyň guwanjyna, buýsanjyna öwürmek kem-kemden gazanylmaly, ýetilmeli basgançakdyr. Sowet ideologiýasynyň aradan aýrylmagy bilen, adamlaryň ruhy erkinlige eýe boluş derejesi milli döwletiň mertebesini kesgitlejek görkezijileriň esasylarynyň biridir. Biz ýokarda türkmençiligiň döwlet bilen baglanyşykly taraplarynyň az bolandygyny belledik. Onuň ertirki sagdynlygy halkyň ruhy baýlygyndan neneňsi ugur alyp bilşimize baglydyr. Elbetde, türkmençiligiň döremegine, saklanmagyna goldaw beren, ýöne sowet zamanynda ýitirlen däp-dessurlary dikeltmek synanyşygyny haýsydyr bir folklor baýlygyny dikeldýän terzde kompaniýalaýyn alyp barmak bolmaz. Däp-dessury muzeýiň eksponatyna öwürjek bolmagyň geregi ýok. Bu meselede esasy kriteriýany durmuş zerurlygyna bermeli. Halkyň özi derwaýys gerek zadyny tapar, dikelder, ony her ädimde okatjak bolmagyň zerurlygy bardyr öýdemok. Halkyň ösüş derejesi, döwrebap ýaşaýyşa islegi, şol islegi dünýä siwilizasiýasynyň gazananlary bilen utgaşdyrmakda strategik wezipeleri çözmek milli döwletiň paýyna düşýär. Bu çözgütde her bir graždanyň erkin pikirinden, inisiatiwasyndan peýdalanmaly bolar. Milli döwletiň belent manysy şahsyýete mahsus erkin pikirlenip bilýän adamlaryň tagallasynyň birliginde ýüze çykar. Biz syýasy, ykdysady taýdan garaşsyz bolmagyň ýoluna düşen-de bolsak, bir meselede garaşsyz bolup bilmeris. Ol hem adamzada degişli medeni, ruhy gymmatlyklara garaşlylygymyzdyr. Türkmençiligiň zannyndaky gowy däplerem şol gymmatlyklara girýär. Soňy. Aşgabat, 1996-njy ýyl. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |