22:27 Tüssesi derde derman | |
TÜSSESI DERDE DERMAN
Medisina
Türkmen tebigaty türkmen ruhunyň we bedeniniň lukmanydyr. Muny biz hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Türkmenistan melhemler mekany” atly kitaplaryny okap has hem aýdyň göz ýetirýäris. Gözbaşyny türkmen tebigatyndan alan milli däp-dessurlarymyzyň, medeniýetimiziň, sungatymyzyň, türkmen diliniň aýratynlyklarynyň bolşy ýaly, ösümlikler dünýäsiniň-de özboluşly aýratynlyklary bar. Muňa türkmen gawunynyň, üzüminiň we ösümlikler dünýäsinde birnäçe ösümlikleriň aýratynlygyny mysal getirip bolar. Muny Abu Aly Ibn Sinanyň: “Jebel ýowşanynyň, Merw ýandagynyň we türkmen topragynyň üzärliginiň dermanlyk häsiýetine taý geljek ösümlik ýokdur” diýen sözleri hem teswirleýär. Üzärlik dürli ýerlerde, dürli atlar bilen atlandyrylýar. Üzärligiň gadymy ösümlikdigi, halkymyzyň ony köp ulanandygy barada maglumatlara gabat gelip bolýar. W.M.Sarianidiniň «Marguş», «Goňurdepe» kitaplarynda beýan etmegine görä, Goňurdepedäki ybadathanada däpdessurlary ýerine ýetirmek üçin ulanylýan gaplaryň düýbündäki gatap galan kesmek seljermäge berlende, üzärligiň gatan çökündisidigine göz ýetirildi. Ýene şol kitapda gazuw-agtaryş işlerinde tapylan Hasyl Hudaýy şekillendirilen heýkeliň daş-töweregini bugdaý tümmülleri we üzärligiň düwmejikleri bilen bezäpdirler. Edil şolar ýaly, Gomeriň “Iliada” eserinde Girkaniýanyň ýakasyndan gelen ilatyň hepdäniň dördünji güni öten-geçenleriñ hatyrasyna dürli tagamlar bişirip, soňundan monjuk şekilli miwesi bolan ösümligi tüsseledýändigi baradaky maglumatlaryň türkmenler barada gidýändigi hemmämize mälimdir. Magtymguly Pyragynyň “San bolsam” diýen şygrynda: “Dertliler alnynda men Lukman bolsam” diýen setirleri bar. Bu barada gadymy çeşmelerde örän gyzykly tymsallar aýdylýar. Gysgajyk beýan etsek, Lukman diýen ýetginjek suw perisiniň beren unundan bişirilen çöregi iýenden soň, ösümlikleriň diline düşünip başlaýar. Şonda birnäçe ösümlikler: “Men pylança kesele melhem”, “Men ençe derde derman” diýse, şahajyklarynda düwme şekilli miwejikleri bolan ösümlik: “Meniň tüssäm ýedi menzile ýeter. Şol menzilden ýöräniň müň bir derdine dermandyryn” diýipdir. Şondan soñ Lukman adamlaryň arasynda dertleri bejeripdir. Arkadag Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň ilkinji jildinde üzärlik hakynda ylmy nukdaýnazar bilen giňişleýin beýan edilipdir. Bu ösümligiň göz kesellerinde, soguljany aýyrmakda, dümewde, aşgazan-içege kesellerinde, diş agyryda, guragyrada, nerw ulgamynyň kesellerinde, ysmaz we ýene birnäçe kesellerde ulanylýandygy barada çuňňur maglumat beripdir. Üzärligi haýwanat dünýäsiniň hem ulanýandygyny alymlar kesgitläpdir. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, bürgüt öz jüýjeleriniň ganatynyň berkemegi üçin, üzärligiň gülüni beripdir. Düýäniň üzärligiň bişen miweli şahalaryny iýse, dermanlyk häsiýetiniň artýandygy barada gadymy çeşmelerde beýan edilýär. Üzärligi dürli kesellerden goramak üçin öýde siňňitli, haýal, giňişliklerde bolsa burugsadyp tüsseletmeli. Il arasynda: “Üzärligi tütedip, yzyndan burçly unaş içseň, dümew ýanyňa gelmez” diýen gürrüň hakykatda öz beýanyny tapýar. 2017nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda bedew atyň boýnunda daşy üzärlik bilen bezelen owadan çanakda Olimpiýa alawynyň ýakylmagy dünýäni haýran galdyrdy. Oguljemal ÇARYÝEWA, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri. "Edebiýat we sungat" gazeti, 2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||