ÜÇ HALKYŇ OGLY
Ol gök tokaýly Russiýanyň jümmüşinde dünýä inen, jöwzaly, ymgyr çölli Türkmenistanyň gujagynda manyly ömrüni geçiren, keramatlar hem geň-taňlyklar ýurdy bolan Hindistanyň halkynyň öňünde unudylmaz hyzmat bitiren adam. Köp kişä ýetdirmeýän talant başarnygy, adaty adamlardan has üýtgeşik zähmetsöýerlik, işeňňirlik, ylma teşnelik, durmuşyň islendik kynçylygynyň öňünde mert durmak, il-halka ak ýürekden hyzmat! Ine, bu ykbalyň aýratynlygy! Bir göwrede şunça zatlara jaý tapmak başarnygyny meger, oňa hak hünäri-lukmançylygy bagyşlan bolsa gerek. Sebäbi ýokarky agzan hüý-häsiýetlerimizdir gylyklaryň jeminden şeýle ajaýyp, her kese başartmaýan ukyplar:alym- lukman, şahyr-terjimeçi, lingwist, filosof, taryhçy döreýär duruberýär.
Turuwbaşdan bir hakykaty bellemeli: eden işleri dünýä dolanam bolsa, Boris Leonidowiç Smirnowyň adynyň rowaýata öwrülen hakyky mekany Türkmenistandyr. Munuň sebäbem döredijiligi köpgyraňly şahsyýetiň ömür örküni şu topraga baglanlygy bilen baglydyr.
Oba lukmanynyň maşgalasynda dünýä inen oglan tutan maksatlaryna ýetýänçä durmuşyý çarkandakly ýollarynyň kän şatysyny görüpdir. Ýetginjeňlige ýetenden dünýäde iň ynsanperwer hünär hasaplanýan lukmançylyga saýlamagam elbetde „Alma öz agajyndan daşa düşmez“ diýleni üçindir.
1935-nji ýylda ykbal onuň ýoluny Türkmenistanyň üstünden düşürýär. Ýaş respublikada ähli ugurlar bbabatda bilim gory doly, tejribe ýüki ýetik, durmuşyň ajysyny-süýjüsini dadan hünärmenleriň ýiti ýetmezçiligi duýulýardy. Ine, şeýle kynçylykly, ýeter-ýetmezçilikli döwürde bu güneşli,myhmansöýer ýurtda onuň döredijilik talanty, Taňry beren zehini açylyp ugraýar. Şeýleikde bu ýerde onuň irginsiz zähmetiniň, ajaýyp guramaçylyk ukybynyň, alymlyk zehininiň miweleri bada-bat görnüp ugraýar. Hakykatda B.L.Smirnow kemala gelip başlan milli lukmançylygyň hewrologiýa, neýrohirurgiýa, kurortologiýa ýaly ugurlaryny döretmegiý başynda duran adamdyr. Ol bu toprakda ilkinji gezek dörňn Türkmenistanyň hewrologiýa we fizioterapiýa ylmy-barlag institutyny esaslsandyryjylaryň biri hem-de bu edaranyň ilkinji ylmy ýolbaşçysydyr. Bu ýerde ol döwrüniň talaplarydyr şertlerinden has öňe giden haýran galdyryjy heýrohirurgik operasiýalary geçirip, müňlerçe adamyň janyny halsa edipdir. Ylaýta-da 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe onuň bitiren işleri aýratyn bellärlikli bolupdyr. Aşgabada urşuň jümmüşinden ewaukasiýa edilen-wagtlaýyn göçürilen keselhanalardyr harby gospitallarda ok, snarýad, bomba ýaralary aglaba ýagdaýda neýrohiriki operasiýalary, fizioterapiwtik bejergileri talap edipdir.
"Birnäçe güne çeken ukusyzlyk zerarly soýabaka eliňe berlen guralyň nämedigini göz saýgarman ugraýardy. "Wah, şumat 10 minutjyk ýaty-turaýsaň" diýen arzuw güwläp duran kellede tüweleýleýärdi. Ýöne iňläp, agrydyr synada galan ok, snarýad gyýçagy zerarly urnup ýatan häsagy göreňde ukly derrew zym uçana dönýärdi. Şondan soň kuşetka geçip, köwşüňi aýrarsyň weli, mydama dik durmakdan ýaňa çişip giden, derden ýaňa myjjyk bolan aýakdan joraby sypyryp almak görgüdi“ diýip,ol öz ýatlamalrynda ýazýar.
Boris Leonidowiç harby gospitallarda heýrohirurgiýa boýunça konsultant-maslahatçy, keselhanalarda bolsa aýaga galdyryjy hirurg bolup işlňpdir. "Işläpdir" diýlen sözjagaz şol wagtyň nazary bilen seredilen zähmetiň möçberini aňlatmak üçin juda ujypsyzdyr, diýseň kemterdir. Ol döwürler wagta parh goýulman, opersiýalar sanalman, bejergi işleriniň mşçberi kesgitlenmän zňhmet çekilipdir. Hawa, „işlemek“ diýleni bärden gaýdýar, garadere batyp, aýaga dem bermän, çala-çula garbak-gurbak edinilip, ukyny, dem-dynjy unudyp şeýle bir zňhmet çekilipdir, haýran galaýmaly. Diňe haýran galmagam ýeterlik däl, hut göwre-syna çydarlyk derejedenem aýry ädilip, „gudrat göräýmeli“ diýleni bolup, işlenipdir. Lukmanyň zähmeti bolsa has ütgeşik. Onda el hem, göz hem, aň hem deň hereket edip, olar alan bilimiň, gören tejribäň, ylym goruň bilen birleşmeli. Sebäbi eli skalpelli, ak halatly adam ynsan ömri bilen , ölüm bilen ömür arasyndaky darkaş bilen iş salyşýar, gyl üstünde duran jany ýagty dünýäde alyp galýar.
Şol uzakda galan ýyllaryň goýnundaky maglumatlaryň birine gýrň, B.L.Smirnow 1942-nji ýylyň maýy-1946 njy ýylyň maýy aralygyndaky wagtda 149 sany uly neýrohirurgik operasiýalary edipdir. Olaryň içinde kelle beýnisiniň çişini, oýurga ýiliginiň çişini, oňurga süňkleriniň arasyndaky çişleri aýyrmak ýaly şol döwürde iňňän çylşyrymly hasap ediýän operasiýalaryň bardygyny nazara alsaň, hirurgyň nähili ussatdygy aýdyň bolýar duruberýär.
Has uly synag bolsa öňde bolup çykýar. Adamzat taryhynda iň pajygaly tebigy betbagtçyyklaryň biri hökmünde taryh sahypasynda galan 1948-nji ýylyň aýylhanç ýer titremesinde adygan lukmanyň zňhmet çekişini görenler baş egip, „aperin“ aýdypdyrlar.
„Şol pajygaly günlerde işlemek, onda-da diýseň arassalygy, aňrybaş sanitariýa tämizligini talap edýän lukmançylyk käriňi berjaý etmek aňrybaş kyn bolup çykdy. Ýaralananlar, ejir çekýänler şeýle bir kändi weli, haýsyndan başlajagyňy saýgarar ýalam däldi. Şol wagt iň esasy zat aljyramazlyk, tapbilenlik, sowukganlylyk, ýaralannalaryň halyna-ýagdaýyna görä derrew netije çykarmakdy. Diňe bejermek, aýak üstüne galdyrmak, em etmek däl, eýsem iň agyr, diýseň çylşyrymly operasiýalry hem açyk asmanyň astynda etmelidi. Şeýle ekstremal ýagdaýlara seretmezden işledik hatda haçan Gün ýaşyp, haçan daň atanyny bilmän galýan günlerimizem az däldi. Ýöne ynsan janyny halas etmegiň beýik borjy bize güýç-gaýrat berýärdi. Dört-bňş ýaşly gyzjagazyň iki dyzam döwlendi. Ol özüni bilmňn ýatyrdy. Dogrusyny aýtsak, ýer titräniniň yzýanyndaky ilkinji günlerde däri-dermanam gytçylyk etdi. Şeýle bolansoň türkmenler aýtmyşlaýyn, „taýak ýetýänçä ýumruk“ edip, käbir operasiýalry narkoz-beýhuş ediji serişdesiz eden gezeklerimizem sanardan kän boldy. Hernňä soň Soýusyň beýleki respublikalardan kömege ýetişdiler. Hawa, ýaňky gyzjagazly gürrüňe dolanalyň! Nädeli, çabalanyp-urnup ýatan çagajygy hem beýhuş dermansyz diýen ýaly operasiýa etdik. Ol garaýagyzja gyz diýseň mert bolup çykdy. Iki gözjagazyny gaýym ýumup, dişlerini gysyp näçe çydasak bolsa-da, käse ýaly gözleriň owasyndan ýaş paýrap gaýdyp durdy. Men onuň halyna dözmän, operasiýany tiz gurtamaga howlugýardym. Ahyry boldum edip, ýakyjanyň ýaňajygyn çalaja şarpyldadyp goýberdim. Ol ýaşdan püre-pür gözlerini gyrpyldadyp, „dogtor, men seniň gyzyň bolaýaýyn-da!“ diýdi. Meniň bokurdagym dolup gitdi. Adyñy bir bileýin, gyzym?" diýdim. Ol diýseň dilewarja eken. „Sen meniň halasgärim-ä, meniň adym Maýa. Dogtor, indi men ýöräp bilerin gerek?!“ diýdi. Men tolgunjymdan pyşyrdadym: “Maýa jan, gyzym, ýöremek dagy näme, sen diňe ylgap gezersiň“. Ol towsup turjak boldy, öýne ejirden hem gymyldamaýan aýaklary zerarly ýarpy göwresini galdyryp, meniň ýaňaklarymdan şeýle bir ogşady weli, şol mähir-ýylylyk maňa ömürboýy ýadygärlik bolup galdy“.
Respublikada lukmançylyk ugrundan ýokary taýýarlykly, bilim gory ýetik hünärmenleriň ýetişmeginde hem alymyň hyzmatynyň uly bolandygy bellärliklidir. Onuň ylmy ýolbaşçylygynda 15 sany dissertasinyň goralandygy, newropotologiýa degişli onlarça ylmy işleriň ýazylandygam myňa güwädir.
Türkmen döwlet lukmançylyk institutynda herw keselleri kafedrasynyň müdiri wagtynda B.L.Smirnow öňki Soýuzyň çäginde ilkinji bolup newrologiýa kursunda okaýanlara heýrohirurgiýa boýunça leksiýa guran pedagog-alymdyr.
...Türkmen ýurdyny tutuş durky bilen söýüp,oňa perzentlik mçhri bilen hyzmat eden alymyň, lukmanyň ömür öoluny yzarlap otyrkaň, seriňe şeýle pikir gelýär: „Boris leonidowiç türkmen milli lukmançylyk ylmynyň garaşsyzlyk zamanynda şeýle rowaçlanjakdygy, asly käri lukman, Arkadag Prezidentimiziň dünýäni haýrana goýýan, iň aňrybaş ülňülre laýyk gelýän, diýseň kämil tehnologiýaly, kaşaň Halkara saglyk merkezlerini, köpugurly hassahanalary, ylmy-kliniki merkezleri gurduranyny gören bolsa , başy asmana ýeterdi. Ömrüniň aglaba bölegini geçiren Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň uniwesitete öwrülendigi, bu okuw jaýynyň göreňde agzyňy açdyrýan, arhitektura-binagärlik taýdan aňrybaş, ňhli şertleri üpjün täze binasynyň gurlandygy ruhyduýup, begenendir“ .
Ylma düýrmegi bilen berlen alymy indologiýa ylla jadyly dünýä deýin özüne çekipdir. Şeýlelikde ol gadymy hindi edebiýatynyň dürdänesi hasaplanýan „Mahabhartany“ asyl nusgasyndan rus diline terjime etmäge girişýär. Muýa belki-de Boris Leonidowiçiň jahyllyk ýyllarynda daşary ýurt dillerini ürç edip öwrenmeginiň, şonda köneki hindi ýazuwy sanskritem „änik-şänik“ etmegi sebňp bolandyr.
Gepiň keltesi, köpgyraňly alym 1918-nji ýyldan tä pensiýa çykýança - 1958-nji ýyla çenli sanskrit sözlügini, urdu dilinde, gadymy hindi ýazuwynda çap edilen kitaplardyr eserleri elinden düşürmändir. Esasy käri lukmançylyk bolsa-da, ol sanskrit ýazuwyny düýp çuýuna çenli öwrenmegi pişe edinipdir, gapdaly bilenem Hindistanyň taryhydyr filosofiýasyna degişli ylmy işleri juda içgin özleşdiripdir. Şeýdibem 1956-njy ýylda pensiýa çykandan soň düýrmegi bilen özüniň ähli başarhygydyr ylmy goruny, terjimeçilikm ukybyny „Mahabharata“ bagyşlapdyr. Lukman bolanyüçin ol ömür uşlybynyň paýawlap barýanyny, öz tabynyň nähilidigini gowy bilipdir. Hatda şeýle bir pursatlar bolupdyr, nägehan dertden ýaňa gün-günden egbarlaýan alym eli galam tutmaga gurby çatmadyk mahaly wepalydan hamrak ýanýoldaşy, ömürboýy eziz kömekçisi Lýudmila Erastowna terjimäni pyşyrdap ýazdyrypdyr.
Joşly derýa ýaly lummurdaýan ylym gory, erjellik, ýanbermezlik, ynam! Ine, şular bir akaba birigende alynmajak galanyň ýokdugyny agzalan alymyň, terjimeçiniň,linwistiw, edebiýatçynyň ömri anyk aýdýar.
„Mahabharatany“ rus diline ikinjileriň biri bolup geçiren Berg ýz ýatlamasynda Ýewropa dilleriniň hiç biriniňem snkristdäki bu eseri asyl durkundaky şireliligi, näzikligi, owadanlygy bilen terjimä siwsirip bilmejekdigini ýazýar. Türkmenistanly alym-terjimeçi öz bitiren zähmeti arkaly bu aýdylany ýalana çykarýar oturyberýär.
20 ýyla çeken irginsiz, her setiriň üstünde döwnemeli terjimede Boris Leonidowiç bu eseriň 16 wariantyny gapdala goýýar. Şonda-da ol „boldum“ etmeýär. Göwnüne bolmasa, „bir heňjagaz kem kakyp duran ýaly“. Nňmesi, nirede? Ine, bir günem tötänleýin waka bu syryň üstüni açýar goýberiberýär. Boris Leonidowiç radionyň ýaýlymyndan Hindistandan göni berilýän gepleşigi tapýar-da, gulak gerip diňläp ugraýar. Şonda meşhur Gandiniň ýoglan senesine bagyşlap sanskritde aýdym-nama ýerine ýetirilýär. Näsag adam zöwwe ýerinden galanyny duýman galýar:
-Tapyldy. Ine,şu bolmaly!
Efirde sanlyja minut ýaňlanan aýdym oňa snkristiň asyl ruhundaky owazy peşgeş berýär. Şeýdibem bu ajaýyp eseriň onuň terjimesindäki 17-nji-soňky warianty döreýär.
B. L. Smirnowyň ajaýyp terjimesinde „Mahabharatanyň“ 8 tomy çap edilär. Bu 23.000 müň sahypa terjime işi diýmekdir. Alym-terjimeçi soňky tomuň çykanyny görüp ýetişmeýär.
„Terjimeçilik sungatynyň naýbaşysy“.
„Beýle zähmetiň agrdygyny, güzaplydygyn hiç zat bilen ölçär ýaly däl“.
„Aşgabatly alymyň Gündogary öwreniş ylmynda, şol bir wagtda-da dünäde iň bir göwrümli, terjimesi başga dile jyn eseri şeýlekin ajap owaz bilen rus dilinde „gürledip“ bilşini açyş diýip atlandyrmagam bolar“.
Ine, dünýä belli edebiýatçylardyr terjimeçileriň B. L. Smirnowyň bitiren işine beren bahalary. Ýokarky setirleri öz wagtynda „Kurýer ÝUNESKO“, „Dünýä medeniýetiniň taryhynan habarlar“ , „Sowet Gündogary“, „Häzirkizaman Gündogary“ neşirleri öz sahypasynda ýerleşdiripdir. Ady dünýä belli alymlar N.P.Anikeew, Ýu.N.Rerih, R.Ýa.Ulýanowskiý bu işe juda ýokary baha berýärler.
Iň bir buýsandyrýan tarapy bolsa, 1955-1967-nji ýyllar aralygynda indologiýa ylmy, edebi terjime babatda Älemi aňk eden bu işiň Aşgabatda bitirilenligidir.
„ Siziñ bitiren ajaýyp hyzmatyňyz hindi edebi ylmyny öwrenmek babatda dünýä nusgalyk işiň hut Türkmenistanda amala aşyralndygynyň buşlukçysydyr“ diýip, aşgabatly alyma ýazan hatynda akademik B.G.Gafurow aýratyn belleýär.
Şol döwürde Aşgabatly alym-terjimeçiniň adyna SSSR-iň ähli respublikalaryndan, şeýle-de Finlandiýadan, Bolgariýadan, Polşadan ýüzlerçe hatlar gelipdir. Olarda dünýäniň edebi mirasyna goşan uly işi üçin minnetdarlyk bar. Iň gyzykly tarapy-da, uzakdaky Hindistandan Türkmenistana gowşan ýakyn ýürekdäki hatdyr.
„Meniý ýurdumdaky alymlar bitiren hyzmatyýyz üçin size çäksiz hoşallyklaryny bildirýärler-diýip, hindi ýazyjysy hem jurnalisti Balmukund Mişra ýazýar-Köp azap siňdirilen ajaýypdan tutumly edebi, çeper terjimäni bitiren tanymal alymyň öýünde biz başymyzy egýäris“.
Hindistanyň şol wagtky wise-prezidenti S. Radhakrişnan ýz halkynyň minnetdarlygy hökmünde gysgajyk hoşallyk hatyny ýollap, B.L. Smirnowyň terjime eden „Bhagawadgityna“ öz goluny goýup, Aşgabada şollaýar.
Aýratynsylag-sarpany bildirmek üçin 1966-njy ýylda hindi-sowet medeni jemgyýetiniň prezidenti Krişna Menon öz ýandoldaşy-belli alym-sanskkritolog zenan bilem ýörite aşgabada gelip, B.L.Smirnowyň öýünde mygmançylykda bolýar. Şonda belent mertebeli myhmanyň aýdan sözi has tolgundyryjdyr: „Biziň gadymydan ajaýyp ýurdumyzyň hem-de hindi halkynyň öňünde bitiren ajaýyp, hiç wagt gymmatyny ýitirmejek hyzmatyňyzy biziň döwletimiziň ýolbaşçylaram gaty ýokary derejeleýärler. Biz Sizi öz ýurdumyza çagyrýarys. Eger bapaýsaňyz, edil gadyrdanmyz hem mähribanymyz Neruny garşylaýşymyz ýaly garşylaşakdygymyzam aýdýarys“.
Beýle hormata heniz Hindistanda başga daşary ýurtly alymyň ýekejesineňem mynsayp görülmändigini nygtamak gerek. Ondan soňam bu ýurduň şahsy taraplaryndanam, hut Hökümetiniň adyndanam B.L.Smirnow çakylyk alypdyr. Arman, owadandan ajaýyp hindi topragyna syýahat-seýran etmek bagty meşhur alyma, edebiýatça nesip etmändir. Bu wakalardan köp wagt geçmänkä-1967-nji ýylyň 2-nji maýynda ol uzaga çeken agyr kesel onuň ömür tanapyny üzüpdir.
Takdyryň kyn hem adaty däl ykbal, tapdyrygsyz talant bagyşlan ynsany, tanymal lukman-alym, professor, görnükli newropotolog hem neýrohirurg, pedagog, Ýazyjylar birleşmesiniň agzasy,Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri, akademik Boris Leonidowiç Smirnow şeýdip edebi gatnaşyklarda, halklaryň doganlyk gatnaşyklarynda, umumyadamzat medeni mirasynyň hazynasynyň galýamagynda rowaýata çalymdaş yz goýup gidipdir. Bu täsinden manyly ykbalyň, tanymal şahsyýetiň dünýä derejeli bitiren işiniň, taryh gatyna siňen hyzmatynyň türkmen topragy bilen aýrylmaz baglanşyklydygy bolsa hasam buýsançlydyr.
Şeýle nurana işleri bitiren adamyň keşbem nuranadyr. Men muny näme üçin nygatamakçy bolýaryn?! Üç halkyň ogly bolup ömrüni ötüren ajaýyp şahsyýet hakda ýokarky maglumatlara duşsamam, onuň suratyny tapmak weli başartmady. Ýöne ýagty ömürler nurana keşpde ýürek töründe hemişelik ýaşamaýarmy eýsem!
Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.
Edebi makalalar