08:15 Üçünji maý | |
ÜÇÜNJI MAÝ
Edebi makalalar
Sabahatdin Aly bilen Nihal Atsyz Stambulyñ "Türk Ocağı" medeni merkeziniñ içindäki “Kızıl Elma” otagynda tanyşdylar we iki ýegre dosta öwrüldiler. Bulara Pertew Naili Borataw we Orhan Şaik Gökýaý hem goşuldy. Olar ş wagt ýigrimi ýaşlaryndady… Bir ýyldan soñ Nihal Atsyzyñ ýolbaşçylygynda çap edilen we “daýhanlary halas etmegi” maksat edinen “Atsız Mecmua” žurnalynyñ işi ýola goýuldy. Žurnalda köplenç Sabahatdin Aly bilen Nihat Atsyzyñ şygyrlary çap edildi. Borataw “Asly-Kerem” ýaly halk dessanlary barada ýazdy. Türkçülik ideýasy 1932-nji ýylyñ iýunynda Birinji Türk taryhy kongresinde ilkinji bölünişigini başdan geçirdi. "Hettleriñ türkleriñ ata-babalarydygyny we Anadolynyñ türkleriñ gadymy ýurdudygyny" öñe sürýän pikire Zeki Welidi Togan garşy çykdy. Çekişmeleriñ dowamynda Reşit Galyp “hernä, Darülfünunda (Stambul uniwersiteti) Zeki Welidi begiñ talyby bolmandyryn” diýip. Bu kinaýaly sözi eşden Toganyñ assistentleri Atsyzdyr Borataw we onuñ talyplar “biz Zeki halypanyñ talyby bolanymyz üçin özümizi bagtly duýýarys” diýip Reşit Galyba garşylyklaýyn söz okladylar… Bölünişigiñ soñunda Zeki Welidi Wena gitdi, Atsyz Malatýa, Borataw Konýa mugallym edilip ugradyldy. Reşit Galyp bolsa Bilim ministrliginde bir wezipä bellendi. Şeýdip birinji perde tamamlandy… ■ Ikinji perde Sabahatdin Ala Nazym Hikmetiñ “okuwçysy” diýilse ýalñyş bolmaz. Çünki olar dowamly hat alyşýardylar… Hem Nazym Hikmet, hem goşmaça okamaga baran ýurdy Germaniýa Sabahatdin Alynyñ syýasy garaýyşlarynyñ üýtgemegine sebäp boldy. Ol Aydynda mugallym edende Nazym Hikmet bilen alyşan haty we Sertelleriñ "Resimli Ay" žurnalynda çykan makalasy "kommunizm propagandasy" saýyldy, tussag edildi. Konýada mugallymlyk edende bu gezek “Memleketten Haber” goşgusy sebäpli Sinop türmesine ugradyldy. Bu dawany şugullan türkçi tarihçy Jemal Kutaý, Sabahatdin Alynyñ garşysyna şaýatlyk eden bolsa Konýada mugallymlyk eden Boratawdy… Ikinji jahan urşy bilen birlikde Türkiýede türkçüluk ikä bölündi, birinji bölegi gitler-nasistik janköýerligi bilen milletçilige ýakynlaşdy. Bular öñ gelip ýetilmedik derejede antikommunizm propogandasyna başladylar. Mysal üçin... Orhan Şaik Germaniýadaky ýakyn dosty Boratawy (nasistleriñ tarapdary türk talyplar bilen jedelleşendigi üçin) “kommunist” diýip degişli gulluga şugullady we okuwynyñ kesilmegine sebäp boldy! Kyrkynjy ýyllaryñ başynda Dil we taryh-geografiýa fakültetinde (DTCF) gahar-gazaba ýugrulan ideologik çekişmelet bolup geçdi. Talyplar ikä bölündi: Bir tarapda Osman Ýüksel Serdengeçti, Zeýnep (Dengi) Korkmaz, Bahaetdin Önel ýaly sagçy, beýleki tarapda Enwer Gökçe, Şewki Akşit, Mübejjel (Belik) Kyraý ýaly çepçiler bardy… Çepçiler 1943-nji ýylda “Iñ uly howp milli türk dawasyna ters akymyñ iç ýüzi” atly broşýura çykardylar. Muña garşylyklaýyn jogap hökmünde… Nihal Atsyz “Iñ hilegärçilikli howp” we Reha Oguz Türkkan “Çepçiler we gyzyllar” makalalaryny ýazdylar. Syýasy tupanyñ turmagyna az-owlak wagt galypdy. Ikinji perde tamamlandy… ■ Iñ soñky perde Ikinji jahan urşy tamamlanyp barýardy… Nasistler yza çekilýärdi… 1944-nji ýyl. Hasan Aly Ýüjeliñ ministrlik eden Bilim ministrligi milletçilige garşy ýazylan makalalary toplap, “Milletçilik-Turançylyk” diýen kitaby neşir etdirdi. Nihal Atsyz çap edýän "Orkun" žurnalynda ýurduñ premýer-ministri Şükri Saraçogluna “Hormatly türkçi başwekil” diýip 1-nji martda açyk hat ýazdy. Türkçülige garşy çap edilýän neşirlerden nägileligini bildirdi. 1-nji aprelde ýene bir makala ýazdy. Aralarynda Sabahatdin Alydyr Boratawyñ-da bolan toparyna “watan dönügi kommunistler” diýen aýyplamany gönükdirdi. Ministr Hasan Aly Ýüjeli-de “bu hökümer agdarlyşygyny geçirmegiñ tarapdarlaryna arka çykmakda” aýyplady. Sabahatdin Aly 7-nji aprelde kazyýete şikaýat etdi. Ýüzleşme 26-njy aprelde Ankarada 3-nji instansiýaly jeza kazyýetinde başlady. Gerekli resminamalaryñ toplanylmagy üçin ýüzleşme 3-nji maý gününe goýuldy. Iki gün geçensoñ… Osman Ýüksel Serdengeçti, DTCF-de Sabahatdin Alyny suwasalma ýenjendigi üçin tussag astyna alyndy… 3-nji maýdaky ikinji ýüzleşme galmagally geçdi. Suduñ jaýynyñ öñünde, has soñ Ulus ploşadynda mitingler geçirildi. Polisiýa mitingleri zorluk ulanyp ýatyrdy, 165 adam tussag astyna alyndy. 9-njy maýdaky ýüzleşmede Nihal Atsyz dört aý türmme tussaglygyna höküm edildi we 66 lira jerime salyndy. Geleliñ netijä: Bu proses Sabahatdin Alynyñ öldürülmegine, Boratawyñ daşary ýurda gitmäge mejbur bolmagyna çenli dowam etdi… Ýeri.. Müñlerçe ýyllyk türklik, 140 ýyllyk türkçülik düşünjesine çenli kiçeldilip bilnermi? 3-nji maý nähili türkçülik güni hökmünde bellenilip bilinýärkä? Bakuda 1906-njy ýylda “Çepe, çepe, çep tarapa” diýip türkçülik düşünjesiniñ düýbüni tutan öñdebaryjylardan Alybeg Hüseýinzadany hiç tanamadyñyzmy, düşünmediñizmi? Soner ÝALÇYN. 06.05.2020 ý, "Sözcü" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |