UTANJAÑ OGLAN
Otuzynjy ýyllardy. On iki ýaşly Ahmedi Serwer aga özüne mürze edip aldy. Halk tarapyndan oba şurasynyň başlyklygyna saýlansa-da, Serwer aganyň hatdan, ýazuw-pozuwdan başy çykanokdy. Ahmet welin, heniz oglanam bolsa, diýseň zehinlidi. Oba adamlary: “Ahmediň edebem bir ýigide degýändir“ diýýärdiler.
Günlerde birgün hem-ä görme-görşe, hemem oba şuralyk bir möhüm işi üçin Serwer aganyň köne dosty onuň ýanyna, Oba şurasynyň jaýyna geldi. Dostlar gujaklaşyp görüşdiler. Gelen adam çäkmenini, telpegini , gamçysyny, horjunyny dulda duran agyr demir sandygyň üstüne atyşdyryp, özi içki jaýa girip gitdi. Soň iki dost çaý başynda gürleşip başladylar.
Şol arada Serwer aga Ahmedi ýanyna çagyrdy.
-- Mürze (ol Ahmede şeýle ýüzlenýrdi), sen Welmämmet Berdi oglunyň Çerkezli kolhozynda ýaşaýandygy, özüniňem şol kolhozyň agzasydygy, özüniňem orta daýhandygy barada bir hat taýýarla-da getir. - diýdi-de, özüniň möhüri, gaýry esbaplary saklanylýan agyr sandygynyň açaryny oglanyň eline berdi.
Ahmet eli açarly sandygyň ýanyna geldy-de, aljyraňňy halda saklandy.
-- Gün öýlä aýlanypdy. Myhman turarman boldy. Başlyk Ahmedi çagyrdy.
Hany, mürze, taýýarlan hatyňy getir!Möhür basyp, gol goýup, myhmany ataraly.
Ahmediň ýüzi ýere sallandy-da, Güne hasam garalan ýaňaklaryna naryň reňki çalnan ýaly boldy.
-- Näme, bu wagta çenli ýazman, sen näme işläp gezdiň? Sen, sen...
Ahmet günäli halda ýuwdundy-da, sandyga bakan baş atdy.
Başlyk gazap bilen ýerinden turdy. Daşky tama çykdy. Uzakdan, özüni arzylap gelen beýle dostunuň öňünde bu oglanyň beýle geleňsizliginiň sebini biljek bolýan ýaly, oglana başky sowalyny gaýta-gaýta berdi.
-- Sandygyň üstünde myhman agamyň goş-golamlary dur. Olara elimi batyrmaga ejap etdim. Şonuň üçin sandygyň gapagyny açyp bilmedim.
Başlyk haýran galmadan ýaňa ýylgyryp goýberdi.
-- Heý, çag-eý, myhmanyň goş-golamlaryny sandygyň üstünden aýryp, başga ýerde goýaýmaly ekeniň-dä. Seniň bu utanjaňlygyň meni öz gadyrdan dostumyň ýanynda utanmaly etdi - de! - diýip, ol başyny ahmyr bilen ýaýkady.
Onda myhman:
-- Ýok, dostum, beýle edepli, utanjaň ogullar üçin utanmaly däl-de, buýsanmaly.Bilseň, şeýle ogullar türkmeniň ýürek baýlygydyr.
13-nji sentýabr 1999 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Çagalar edebiýaty