09:21 Utanmagyñ nämedigini bilmeýänler!.. | |
UTANMAGYÑ NÄMEDIGINI BILMEÝÄNLER!..
Jemgyýetçilik tankydy
70-nji ýyllar. Newşehir-Awanos. Tomusyñ başky günleri... Öýüñ öñünde ýük daşaýan uly awtoulag dur. Kakamyñ gazly suw taýýarlanda ulanmak üçin Kaýseriden alan 100 halta şekeri gelipdi. Kitap okaýan "köwegimden" çykyp, haltalaryñ daşalşyna syn edýärdim. Gazly suwuñ çüýşelerine, şekerli haltalalara, meniñ okuw sapagynda alýan bahalaryma, tamdyrdan ýañy çykan petire, ekinden ýañja ýygylan pomidora-da doga-dileg edýän ejem ýene dodaklaryny dowamly müñküldedýärdi: "- Enşalla, bu tomus gazly suwy köp satarys..." * * * Haltalar daşalyp gutarylansoñ, ýük awtoulagy öz ýoluna gidýär. Bütin maşgala bolup ynjalan ýagdaýda bir supranyñ başyna üýşýäris. "Philips" radioda iñ soñky habarlar aýdylyp başlanýar... Alyp baryjy habarynyñ dowamynda "şekeriñ gymmatlandygyny" aýdýar. Uly agam "Oh!" diýip, begençli seslenýär. "Hernä, wagtynda alaýypdyrys şekeri!..." * * * Ertesi ir bilen turan kakam öýüñ öñündäki eýwanda ejem bilen gürleşip durandyr. Özem bir zada janynyñ ýanan wagtynda edişi ýaly elýaglygyny zol epläp-düýrläp oýnaýardy. Biraz wagtdan soñam işi bilen çykyp gidýär. Ejem eýwandan öýe girip barýarka, öz-özi hüñürdeýär: "- Dälimi, nämemi şu. Dañ atýança ýatmandyram!.." * * * Bir sagat geçensoñ kakam peýda bolýar. Ynjalan, ýüzi gülüp duran ýagdaýda gelýär. Ol Maliýe gullugyna baryp, özi barada aýdypdyr! "Düýn ýüz halta şeker satyn aldym, aslynda şu gün almalydym. Gymmat bahasyndan almalykam, arzan aldym. Aratapawudynyñ öwezini dolmak isleýän" diýipdir!.. * * * Erjan Kesal kakasy hakdaky şu ýatlamasyny aýdyp berensoñ, şeýle diýýär: - Şol wagt çaga bolsamam, kakamyñ aslynda maliýe gullugyndan däl-de, utanja galmakdan gorkandygyna düşünip galypdym... * * * Rast gürrüñ. Çünki adam eden ýalñyşyndan bir gezek utanmasa, indiki gezek utanmaga sebäp tapmaz! Ahlak utanmagy bilmekdir! Ekranlara ser salyñ, utanmagyñ nämedigini bilmeýänlerden doludygyny görersiñiz... Uğur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 19.06.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |