10:59 VIII-X asyrlarda ylmy we medeni ösüşler | |
VIII-X ASYRLARDA YLMY WE MEDENI ÖSÜŞLER
Edebi makalalar
Türkmenistana miladynyň 650-nji ýylyndan başlap, araplaryň, yslam dininiň aralaşyp başlamagy bilen ylymda, edebiýatda arap dili hem giňden ulanylyp başlandy. Emma muňa türkmenler arap ylmyny, arap edebiýatyny, arap medeniýetini doly kabul edip başladylar, täze baý medeniýete, ylma, edebiýata eýe çykdylar diýip düşünmeli däl. Meşhur alym Muhammet al-Biruni özüniň „Geçen asyrlardan galan baky eserler” atly kitabynda könürgençli ýyldyzşynaslaryň asmany we ýyldyzlary araplara garanyňda has gowurak bilendikleri hakynda ýazypdyr. Araplar birbada türkmen halkynyň öňden gelýän medeniýetini, edebiýatyny aradan aýyrmaga synanyşypdyrlar. Biruniniň ady agzalan kitabynda „Kutaýba Horezm hatyny bilýänleri, öz halkynyň milli rowaýatlaryny ýatda saklaýanlary, olaryň alymlaryny her hili ýollar bilen gyryp ýok etdi, ähli zady tümlük gurşap aldy, garaz olarda yslamyň ornaşmazyndan öňki taryhyndan hiç hili nyşan galmady” diýip ýazýar. Aslynda arap, pars dillerinde, ýa-da haýsydyr başga bir daşary ýurt dilinde eser döretmek — bu diňe türkmen edebiýaty üçin däl, eýsem dünýäniň köp ýurtlarynyň edebiýaty üçin häsiýetlidir. Türkmen edebiýatynyň taryhyny içgin öwrenen belli gündogary öwreniji professor Ý.E. Bertels „Türkmen halkynyň edebi geçmişi (iň gadymy döwürden XVIII asyra çenli)” atly ylmy işinde dürli halklaryň edebiýatlary üçin häsiýetli bolan bu ýagdaýyň Ýewropa ýurtlary üçin hem häsiýetlidigini ýatladyp, şeýle ýazýar: „Esasy ilat köpçüliginiň haýsy dilde gepleýändigine garamazdan, musulman ýurtlaryň edebiýatynda edebi dil hökmünde asyrlar boýy arap hem pars dilleri ulanylypdyr. Eger-de biz Orta Aziýa halklarynyň edebi ýadygärlikleriniň ýygyndysyndan diňe türkmen dilinde ýa-da oňa ýakyn bolan türki dillerde ýazylanlary alsak, onda türkmen halkynyň edebi durmuşyny doly göz öňüne getirip bilmeris, sebäbi ol ýygyndy türkmen halkynyň edebi durmuşyny dolulygyna görkezmän, diňe onuň edebi talaplarynyň bir tarapyny aňladýar. Biz edebiýatyň doly görnüşini türki ýadygärlikler bilen bir hatarda şol sredada dörän we ýaýran arap hem pars ýadygärliklerini nazara almak netijesinde göz öňüne getirip bileris. Bu häsiýeti Gündogar edebiýatynyň haýsydyr bir özboluşly tapawudy, onuň bir ýetmezçiligi we gowşaklygynyň alamaty diýip hasaplamaly däl. Biz beýle meňzeş hadysalary Ýewropa halklarynyň edebiýatlarynyň hemmesinde görýäris, bütin dünýäniň edebiýaty hem şeýle ýol bilen ösýär. Mysal üçin, iňlis edebiýaty XI-XIV asyrlaryň dowamynda, esasan, latyn dilinde bolýar, soň fransuz diline geçip, diňe ýuwaş-ýuwaşdan iňlis diline gelýär. Ispan şahyrlary uzak wagtlaryň dowamynda arap we welaýatlardaky ýerli dilleri ulanypdyrlar. Daniýa edebiýaty XVIII asyrda we XIX asyryň başynda, esasan, nemes dilinde döredilipdir” . Arap dili türkmen ylmynyň we edebiýatynyň ösüşine hiç hili päsgelçilik döretmändir. Türkmen ylmy we edebiýaty arap dilinde-de dünýäni haýran edýän ajaýyp eserleri döredipdir. Türkmen akyldarlarynyň arap diline erk edişi hakynda-da taryhçylar belläp geçipdirler. XIII asyryň belli taryhçysy Ibn Hallikan X asyryň türkmen edebiýatçysy Abubekr Muhammet al-Horezmi (935-1002) hakynda şeýle ýazypdyr: „Abubekr bir gün e$ebiýatçylaryň gadryny bilýän wezir Sahyp ibn Abbadyň gapysyndan barýar we onuň sakçysyna: „Gapyňa bir edebiýatçy geldi diýip, wezire aýt” diýýär. Sakçy wezire baryp aýdanda ýadaw Sahyp: „Baryp aýt, men arap şahyrlarynyň 200 müň beýt goşgusyny bilmeýän edebiýatçyny kabul etmezlige şert etdim” diýýär. Sakçy bu sözleri Abubekire ýetirende, ol: „Yzyňa dönde sora, şonça beýt goşgy erkek şahyryňky bolmalymy ýa-da aýal şahyryňky” diýýär. Sakçy bu sözleri hem wezire ýetirýär weli Sahyp oňa: „Gapydaky Abubekr al-Horezmi bolmaly, goýber gelsin” diýýär we uly hormat bilen ony myhman alýar . Tiz wagtdan türkmen halkynyň arasyndan ýene-de güýçli-güýçli alymlar, şahyrlar orta çykyp başlaýar. Olaryň döreden eserleri türkmen medeniýetine beýik galkynyşlary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedow 2007-nji ýylyň Aprel aýynda Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparynyň çäklerinde Haj parzyny berjaý edip gelenden soň Gypjakda beren sadakasynda şeýle diýdi: „Türkmenler yslamyň ýaýramagyna uly goşant goşdular, türkmen alymlarynyň - teologlarynyň dünýä ruhy hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan köp sanly traktatlary muňa aýdyň şaýatlyk edýär” . Netijede, arap dilinde eser ýazyp, dünýä ylmynyň, dünýä edebiýatynyň taryhynda yz galdyran onlarça alymlar, şahyrlar döredi. Birleşen Arap Emirliklerinden bolan arap alymy Azzeddin bin Zagiba bu mesele barada söz açyp, şeýle ýazýar: „ Geçmişde öz eserlerini şol döwürlerde ylmyň dili saýylýan arap dilinde ýazan belli türkmen alymlary, edebiýatçylary, taryhçylary, şahyrlary, tebipdir lukmanlary we beýleki ugurdan ylymdar adamlary barmak büküp, sanardan juda köp. Taryh şeýle şahsyýetleri türkmen halkynyň beýikliginiň subutnamasy hökmünde unutman gelýär” . Türkmen alymlarynyň, edebiýatçylarynyň, taryhçylarynyň, şahyrlarynyň, tebipdir lukmanlarynyň arap dilinde ýazan eserleriniň golýazma nusgalarynyň uly bir hazynasy Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynda hem saklanýar. Türkmen alymlary diňe bir ajaýyp ylmy işleri, edebi eserleri däl, hat-da ylmyň täze-täze ugurlaryny, edebiýatyň täze-täze žanrlaryny döretdiler. VIII-X asyrlardan başlap, türkmen halky dünýäniň çar künjüne ýaýrap başlady. Dünýäniň haýsy ýerinde – Gaznada ýa-da Reýde, Bagdatda ýa-da Damaskda bolsa-da, türkmen alymlary öz ylmy, bilimi, ajaýyp çeper eserleri bilen özlerini dünýä meşhur edip, uly şöhrat-şana eýe bolupdyrlar. VIII-X asyrlardaky türkmen edebiýatynyň bir aýratynlygy bu döwürde türkmen dili bilen bir hatarda arap dilinde hem köp sanly ylmy we edebi häsiýetli eserler döredildi. VIII-X asyrlarda ýaşap, arap dilinde eser döreden alymlardan Ibn Kuteýbäni hem ýatlamak bolar. Onuň doly ady Abu Muhammet Abdylla bin Müslim al-Merwezidir. Ýöne onuň Ibn Kuteýbe ady has meşhur bolupdyr. Ibn Kuteýbe Marydan Bagdada giden maşgalada dünýä inipdir. Ol 828-nji ýylda Bagdatda doglup, 889-njy ýylda aradan çykypdyr. Ibn Kuteýbäniň on kitapdan durýan „Uýun al-ahbar” („Habarlar çeşmesi”), „Kitab aş-şiir wa-ş-şuara” („Şygyr hem şahyrlar hakda kitap”), „Edeb al-kätib” („Kätibiň edebi”) atly ylmy eserleri bellidir. Alymyň bu eserleri häzirki döwürde-de öz ähmiýetini ýitirenok. VIII-X asyrlara degişli alymlaryň ýene-de biri hem takmynan, 770-870-nji ýyllarda ýaşap geçen maryly Ahmet ibn Abdylla al-Merwezidir. Ahmet al-Merwezi Maryda kämil alym bolup ýetişipdir we soňra Bagdada gidip, ol ýerde „Paýhas öýüniň” bir agzasy bolupdyr. Alym öz işlerini arap dilinde döredipdir. Ahmet al-Merwezi älemşynaslyga degişli üç sany tablisa (jedwel) düzüpdir. Ol diňe bir älemşynas alym bolman, matematika ylmy bilen hem içgin gyzyklanypdyr. Al-Merwezi özüniň trigonometriýa degişli işlerinde ýaýyň tangensi we kotangensi diýen düşünjeleri girizýär hem-de ilkinji gezek şolaryň tablisalaryny (jedwellerini) berýär. Bu alymyň ylmy abraýyny has ýokary derejä göteripdir. Arap dilinde ýazan kitaplary bilen Abubekr as-Suly hem uly şöhrata eýe bolupdyr. Abubekr as-Sulynyň has doly ady Abubekr ibn Muhammet as-Suly aş-Şatranjydyr. As-Suly özüniň eserlerini arap dilinde ýazypdyr. As-Sulynyň gelip çykyşynyň Gürgen türkmenlerindendigi hakynda belli edebiýatçy Abulfaraj Aly al-Yspyhanynyň 21 jiltden ybarat bolan „Kitab al-agany” („Aýdymlar kitaby”) atly işiniň 9-njy jildinde ýatlanylyp geçilýär. Edebiýatçy Ahmet Bekmyradow „Sadrançnama” atly kitabynda Abubekr as-Suly hakynda gürrüň açyp: „Biziň pikir edişimize görä, onuň babasy Sul, soňraky Körsul „Görogly” eposynyň baş gahrymanynyň prototipi bolmaly. ... Aýdaly, Sul, soňraky Körsul – Köroglynyň prototipi bolsa onda onuň adynyň häzirki görnüşi nähili ýol bilen emele gelipdir? Bize „kör” sözüniň irki manysy aýan. Eýsem, „Sul” diýmek näme? Bu söz gadymy türkileriň „Sulug” sözünden gelip çykypdyr. „Sulug” sözi harby, goşunly adam manylaryny berýär” diýip ýazýar . Nazar Gullaýewiň „Gadymdan galan nusgalar” atly kitabynda Abubekr as-Suly hakynda gürrüň açylyp, „Onuň atasy Suly han („sul” sözi türkmen dilindäki „çöl” sözüniň araplaşan görnüşi hasaplanylýar, bu söz bizde „suw” sözi bilen tirkeşdirilip, „suw-söl” görnüşinde häzir hem hut şol – çöl manysynda ulanylýar) Gürgeniň häkimi bolup, arap basybalyjylaryna güýçli garşylyk görkezen türkmen taýpalarynyň uly toparyna serdarlyk edipdir. Örän mertlik, durnuklylyk bilen gahrymançylykly göreşen-de bolsalar, güýçleri deň gelmänligi zerarly, ol araplar bilen barlyşmaga mejbur bolup, soň bütin neberelerini alyp, Bagdada göçüp gidipdir” diýlip bellenilýär . Abubekr as-Sulynyň edebiýata we taryha degişli „Edeb al-kuttab“ („Kätipleriň edebi“), „Ahbar Abu Temmam“ („Abu Temmam hakynda habarlar“), „Kitab al-awrak fi ahbar al-abbasi we aş-aryhym” („Apbasly halyflary we olaryň şahyrlary hakda maglumat berýän sahypalardan düzülen kitap”), „Kitap ahbary Ybrahym Ibn al-Mähdi...” („Ybrahym al-Mähdi ... baradaky maglumatlar kitaby”), „Kitab aşar Abdyllah ibn al-Mugtaz we ahbaryhy” („Abdylla ibn al-Mugtazyň şygyrlary we ol hakdaky maglumatlar kitaby”) ýaly birnäçe ylmy eserleri bar. Abubekr as-Suly şahyrçylykdan özüni, esasan, liro-epiki goşgularyň ussady hökmünde tanadypdyr. Ýöne şahyryň satira häsiýetli goşgulary hem meşhur bolupdyr. Edebiýatda bu hili goşgulara „hija“ ýa-da „hajw“ diýilýär. Abubekr as-Suly diňe bir görnükli alym bolman, küşt oýny boýunça-da „aş-Şatranjy” lakamyny alyp, bütin musulman Gündogaryny baglapdyr. Ol häzirki zaman küşt ylmynda aýdylyşy ýaly, küşt boýunça resmileşdirilmedik ilkinji dünýä çempionydyr. Onuň käbir täsin göçümleri „as-Sulynyň göçümi” ady bilen häzirki zaman küşt ylmynda bellidir. VIII-X asyrlarda ýaşan, arap dilinde öz ylmy, edebi eserlerini döreden şahyrlar, akyldarlar başga-da örän köp. Olaryň köpüsi hakynda Nazar Gullaýewiň „Gadymdan galan nusgalar”, Sary Durdyýewiň „IX-XVII asyr türkmen edebiýatynyň şahyrlary. Sprawoçnik“ kitaplarynda, Abulkasym Radfaryň „Merw-name“ kitabynda ýerleşdirilen „Merwiň şahyrlary“ atly uly göwrümli makalasynda maglumat berilýär. Olaryň käbirini agzap geçmek ýerliklidir. Abulwezir. Abulwezir dilçi alymdyr. Ol gelip çykyşy boýunça Marydandyr. Onuň doly ady Abulwezir Omar ibn al-Mutarryf ibn Muhammet al-Abdy al-Kätipdir. Abulweziriň has meşhurlyk gazanan kitaplary „Kitab manazil al-arab we hududha” („Araplaryň menzilleri we serhetleri hakda kitap”), „Kitab al-mufarahat al-arab we munafarat al-kabaýyl fi-n-neseb” („Araplaryň we olaryň kabylalarynyň öz gelip çykyşlary bilen öwnüşleri hakynda kitap”) ýaly eserlerdir. Abu Magşar Horasany. Horasany lakamy bilen belli bolan bu alymyň doly ady Abu Magşar Japar ibni Muhammet ibn Omar al-Balhydyr. Ol, takmynan, 786-886-njy ýyllarda ýaşap geçipdir. Günorta Türkmenistanda kemala gelen bu alymyň älemşynaslyga, matematika degişli ençeme ylmy eserleri bardyr. Eýranly alym Dehhudanyň ýazmagyna görä, Abu Magşar Horasanynyň 30-dan gowrak ylmy eseri bar. Ahmet as-Sarahsy. Ahmet as-Sarahsynyň doly ady Abulapbas Ahmet ibn Muhammet ibn al Teýýip as-Sarahsydyr. Alym IX asyryň başlarynda dünýä inip, şol asyryň ahyrynda 899-njy ýylda dünýäden ötüpdir. Ahmet as-Sarahsy öz döwrüniň görnükli pelsepeçisi, tebibi, matematigi we älemşynas alymy hökmünde bellidir. Ol meşhur alym al-Kindiniň şägirdidir. Alymyň asly Sarahsdan bolansoň as-Sarahsy lakamyny göteripdir. Ahmet as-Sarahsynyň dürli ylymlara degişli arap dilinde ýazan „Sanlar hakdaky arifmetika hem algebra kitaby”, „Ýyldyzlar sungatyna giriş”, „Ýyldyzlar ylmyna giriş”, „Saz ylmyna giriş”, „Saz hakynda iki bölümden ybarat uly kitap”, „Saz hakynda kiçi kitap” ýaly eserleri bar. Alym saz hakynda halyf Mugtadyra niýetläp hem bir kitap ýazypdyr. Maglumatlara görä, halyf Mugtadyr Ahmet as-Sarahsyny özüniň ylmy halypasy hasaplapdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |