08:55 XXI asyrda Adam ata bilen How enäni gözlemek | |
XXI ASYRDA ADAM ATA BILEN HOW ENÄNI GÖZLEMEK
Taryhy makalalar
Adam ata we How ene hakda şu soraglary orta atmak ýerlikli bolar: Olar hakykatdanam ýaşap geçen adamlarmyka? Külli adamzat şol ýeke jübütden ýaýradymyka? "Mukaddes kitapda" ("Ýaradylyş", 2:7) adamzat nesliniñ başlanyşy şeýle beýan edilýär: "Reb adamy toprakdan ýaratdy we burnunyñ deşiklerine dem berdi, adam janly ruha öwrüldi". Hudaý soñra adama Adam adyny berdi we How enäni Adamyñ gapyrgasyndan ýaratdy. Gallup, Pew ylmy-barlag merkezleri tarapyndan geçirilen pikir soralşyklar her on amerikandan dördüniñ muña ynanýandygyny görkezdi. Bu ynanç ýewangelistlerden Hristian Reformalary buthanasy ýaly günä ýuwma buthanalarynda konserwatiw hristianlaryñ köpüsi üçin esasy prinsipligine galýar. Emma häzir käbir konserwatiw alymlar Ýaradylyş hasabyna indi ynanmaýandyklaryny aç-açan aýtmakdan çekinmeýärler. Trinity Western uniwersitetiniñ biology Dennis Wenema hemmämiziñ Adam atadan we How eneden gelme ähtimallygymyzyñ näderejede ýokardalygy soralanda, şeýle jogap berýär: - Munuñ özi soñky ýigrimi ýylda toplan ähli genomik subutnamalarymyza ters bolardy, şonuñ üçinem boljak zat däl. Wenema ýeke jübütden ýaýran döwrümize çenli yzarlamagyñ mümkin däldigini aýdýar. Adam genomynyñ shemalaşdyrylmagy bilen häzirkizaman adamlaryñ beýleki primatlardan uly populýasiýa hökmünde ýüze çykandygy belli. Özem birnäçe müñ ýyl öñki emele gelen wagt ülüşinden has irki döwürlere baryp direýär we häzirki adamlaryñ genetiki köpdürliligi göz öñüne tutulanda, alymlaryñ ilatyñ köplügini ewolýusion taryhymyzda hiç wagtam 10 müñ adamdan aşaga düşürmejekdigini aýdýar. Diñe iki ata düşmek üçin Wenema şeýle diýýär: - Ähli täze wariantlary görlüp-eşdilmedik derejede az wagtyñ içinde öndüren gutarnyjly astronomiki mutasiýa derejesiniñ bolandygyny çaklamaly bolýarys. Bular ýaly mutasiýa derejeleri mümkin däl. Bu bizi bar bolmagyñ çygryndan çykarýar. Wenema dini ynanç bilen ylymyñ arasyny sazlamaga dyrjaşýan "BioLogos" hristian fondunda ylmy-barlagçy bolup işleýär. Fond ýewangelistler we häzirki Döwlet saglygy goraýyş institutlarynyñ başlygy Frensis Kollins tarapyndan guruldy. Wenema dini ynançlarynyñ XXI asyrda dowam etmegini isleýändiklerini aýdýan uly hristian alymlar toparynyñ bir agzasy. Ýene-de biri bolsa, häzire çenli Miçigan ştatyndaky Kelwin kolležinde ylahyýetden okadyp ýören Jon Şnaýder. Şnaýder hakykatlar bilen ýüzleşmegiñ wagtynyñ gelendigini aýdýar: - Adam ata, How ene ýokdy, ýylanam ýokdy, alma hem ýokdy, adamy günäsizlik ýagdaýyndan aýran pese düşüşligem ýokdy. Ewolýusiýa tebigatda we adamlaryñ tejribesinde elden gideriläýjek beýle jennetiñ asla bolmandygyny orta goýýar. Ýagny, hristianlaryñ meniñ pikirimçe biraz kynçylygy bar, adamyñ başlangyçlary boýunça däp-dessurlarynyñ bir bölegini täzeden formulirlemek üçin elinde işleri bar. Ýewangelistleriñ köpüsi üçin bu küpür saýylýar. Ewolýusiýany derñeýän "Reasons To Believe" ýewangelistik düşünje merkeziniñ başlygynyñ orunbasary Fazale Rana "Meniñ pikirimçe taryhy Adam ata we How ene hristian ynanjynyñ hakyky pikirleriniñ jümmüşinde ýer alýar" diýýär. Ohio uniwersitetinde biohimiýa boýunça doktorlyk dissertasiýasyny goran Rana "Mukaddes ýazgylaryñ" ownuk detallarynyñ ýalñyş bolup biljekdigi bilen gowy ylalaşýar. Rana "Emma "Mukaddes ýazgylaryñ" ýalñyşdygyny pikir eden bölekleriniñ aslynda hristian ynanjynyñ esasy doktrinalaryny düzýän bolsa, onda mesele has uludan turýar" diýýär. Rana we beýlekileri birnäçe sebäpden ötri hakyky, taryhy Adam atadyr How enä ynanýar. Birinjisi, Ýaradylyş hasabynyñ adamy aşakky primatlaryñ neslinden däl-de, Hudaýyñ keşbinde ýaradylan deñsiz-taýsyz kylmagy. Ikinjisi, erbetligiñ jahana nähili gelşiniñ hekaýatyny gürrüñ berýär we munuñ özi Hudaýyñ ewolýusion prosesde erbetligi tanadýan hekaýat däl-de, Adam atadyr How enäniñ Hudaýyñ aýdanyny etmän gadagan edilen miwäni iýen hekaýaty bilen garşylaşýarys. Umut ATASEWEN, gadymydünýä taryhçysy / @atasevenoffica Şenbe, 13.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |