23:30 Ýagtylykdan gorkýanlar!.. | |
ÝAGTYLYKDAN GORKÝANLAR!..
Publisistika
Egeý uniwersitetiniñ hormatlanýan alymy we meniñ okyjym professor Lewent Kyrylmaz öññin gazetde “Bir şem başga bir şemi ýakany bilen yşygyndan hiç zat ýitirmeýär” ady bilen çap edilen makalamdan täsirlenip, meniñem goşmaça pikirlerim bilen baýlaşdyran aşakdaky ýazgylary ugradypdyr. Ölüm pillesiniñ golaýlandygyny añan bir adam üç ogluny ýanyna çagyryp, şeýle diýenmiş: - Üçüñizi-de gowy görýärin, emma iñ tiz wagtda möhüm karara gelmeli boljak. Meniñ ýoklugymda şereketleri kim dolandyryp biljek? Hiç hili ýagdaýda biri-biriñizi ynjytmagyñyzy islämok. Şonuñ üçin sizi synasam gowy boljak. Üçüñize-de heriñize aýry on dollar berjek. Berlen pullara şeýle bir zat satyn alyñ welin, otagym boýdan-başa alan zadyñyzdan dolsun! Indi bolsa gidiñ we bu otagy doldurmak üçin näme aljakdygyñyzy oýlanyñ!.. Doganlar agşam öýe dolananlarynda ýañky ýaşuly olardan on dollara näme alandyklaryny sorapdyr. Birinjisi berlen pula iki ganar saman alandygyny aýdyp, daşary çykypdyr we ganarlary içerik salypdyr. Onsoñ ol ganarlaryñ agzyny çöşüp, samanlary asmana sowrup başlapdyr. Otagyñ bar ýeri samandan dolupdyr. Emma az salymdan ýañky sowrulan samanlar ýatyşypdyr we otag kakasynyñ isleýşi ýaly dolmandyr!.. Ikinjisi bir çuwal per alandygyny aýdyp, perleri asmana sowurmaga başlapdyr. Otagyñ bar ýeri perden dolupdyr. Emma az salymyñ içinem olam edol saman ýaly bir ýere üýşüp duruberýär. Şeýlelikde, perlerem otagy dolduryp bilmändir!.. Üçünji ogly on dollary näme edendigini soran kakasyna: - Senden alan pulumy bir dükanda uşatdym. Bäş dollaryny bir haýyr-sahawat fondunyñ hasabyna geçirdim. Dört dollara iki garybyñ garnyny doýurdym. Galan bir dollara-da iki zat aldym: bir otluçöp we bir şem - diýipdir. Soñra ol ýerinden turup, elindäki otluçöp bilen şemi ýakypdyr. Otagy bir demde ýagtylyk doldurypdyr!.. Oglunyñ bu eden işinden göwnühoş bolan kakasy synagdan geçendigini, ähli işleriñ ygtyýaryny tiz wagtyñ içinde oña berjekdigini aýdandan soñ şeýle diýipdir: - Ýaşaýşa degişli iñ möhüm zady - şöhle saçmagy öwrenipsiñ, men şoña begenýän!.. Ýatdan çykarmañ, hormatly okyjylar: Añ horjunymyza oklaýan her täze maglumatymyz içimizdäki şöhläni öñküden biraz güýçlendirýändir. Garañky otagda şemiñ şöhlesi nähili gymmatly çeşme emele getirýän bolsa, şöhle saçýan beýinem başga adamlary ýagtylandyryp, edil şemiñ wezipesini ýerine ýetirýär diýen ýaly. Meşhur ýazyjy amerikan zenan ýazyjysy Edit Uorten şeýle diýýär: “Şöhläni ýaýmagyñ iki ýoly bar: Ýa özüñiz şöhle bolmaly... Ýa-da ony görkezýän aýna…” Ýagtylanmaga ýapyk garañky beýinleriñ, taryhyñ dürli döwürlerinde şöhle saçýanlardan ynjalyksyzlanmalarynyñ, hatda gorkmalarynyñ sebäbi-de şudur!.. Ugur DÜNDAR. "Sözcü" gazeti, 19.06.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |