14:37 Ýalanlar we hakykatlar | |
ÝALANLAR WE HAKYKATLAR
Taryhy makalalar
“Konslager” diýlende näme göz öňüňize gelýär? Gitlerdir nasistler gelýändir... “Oswensim” ýaly ýigrimi ýedi sany uly lager gelýändir... (şeýle-de ýene 1.100 sany goşmaça lager bardy.) Milliondan agdyk adamyň hyryn-dykyn ýagdaýda baraklarda ýaşajak boluşlary gelýändir... Esewansyzlykdan, açlykdan ölýänler gelýändir... Gaz bilen demikdirilýän otaglar gelýändir... Adamlaryň eksperiment haýwandan tapawutsyzlygy gelýändir... Eli ýaragly esgerler gelýändir... Jenaýatlar gelýändir... Syýasy, etniki ýa-da jynsy tapawudy sebäpli duşman saýylanlaryň köpçülikleýin gyrgynçylyga sezewar edilýän ýok ediş merkezleri gelýändir... Bulary telim gezek teleseriallarda, çeper we dokumental kinofilmlerde görensiňiz, ýazylan kitaplary okansyňyz. Nasistleriň genosid edendigini hemmeler bilýär. Ýeri, konslager diýlende, ýene nämeler ýadyňyza düşýär? ABŞ-nyň indeýlere, garaýagyzlara, hytaýlylara, wýetnamlylara... Ispanlaryň kubaly watançylara... Iňlisleriň boerlere-afrikanerlere... Nemesleriň Afrika halklaryndan hererolara we nanalara... Franzuzlaryň alžirlilere... Ýagny, kolonialist hökümetleriň eden-etdilikleri ýada düşýär. Nämüçindir bu edilenlere genosid diýýän ýok! Galyberse-de, Birinji jahan urşunda Fransiýa, belgiýa, Italiýa, Awstro-Wengriýa, Russiýa, germaniýa ýaly ýurtlarda “duşman” saýylan müňlerçe adamyň konslagerlere dykylandygy mälim. Bulara-da genosid diýlenok! Birma, Ruanda, Kambodža, Sudan ýaly yzagalak hasaplanýan ýurtlaryň edenlerine ýa-da Günbataryň garşysyna ägirt uly güýç bolup çykan Hytayň amala aşyrýan işlerine “genosid” diýdiler! Hatda SSSR-iň Owganystana goşun salmagyna-da utanman-uýalman “genosid” diýip bildiler. Elbetde, hut şonuň üçin Günbatarda “ýigrenjiň obýektine” öwrülen Osmanlynyň ermenileri deportasiýa etmek baradaky kararyna “genosid” diýmelerine geň galyp oturasy iş ýok. Gürrüňim bular barada däl, şuny aýtmakçy bolýaryn: ■ PIKIR EDIŞIŇIZ ÝALY DÄL Nasistler konslagerlere dykylan jöhitleri sistematiki ýagdaýda ýok etdi. Osmanly harby zerurlyk sebäpli mejbury ýagdaýda kabul eden deportasiýa karary esasynda Siriýanyň çäklerine göçürlen ermenilere näme ýamanlyk etdi? Siriýada “konslagerler” barmydy? Ýa bular nemes faşistleriniň lagerlerine meňzeşmidi? Meselem, eli ýaragly esgerler lageriň daş-töwereginde “guş uçsa ganatyndan, gulan geçse toýnagyndan” jyda düşürýärdimi? Osmanly “genosid” etmegi netine düwen bolsa, “konslagerlerde” hem ýok etme işine dowam eden bolmaly, şeýle dälmi? Çak edişiňiz ýaly däl... Hut şonuň üçinem “genosid” sözüni dilinden düşürmeýänler Siriýadaky lagerlerden hiç dil ýarmaz! Deportasiýa karary esasynda Siriýa göçürilip getirilen ermeniler bärde nämeleri başdan geçirdi? Meselem, jemgyýetden çetleşdirildimi? Gaýtam turuwbaşdan amala aşyrylanlar tapawutlydy: göçegçilere ýerleşmek üçin 15 gije-gündiz wagt berildi. Ýagny, gije ýarymdan soň öýlerinde ýatan ýerlerinden güpbasdy edilip, zor bilen süýrelip-çekelenip ýük otla mündürilmediler... Ýanlaryna-da näçe isleseler goş-golam alyp bilýärdiler. Mülklerini satyp bilýärdiler, eger kimdir biri pursatdan peýdalanyp has arzan satyn aljak bolsa dagy, oňa-da ýol berlenokdy. (Muňa mysal hökmünde Talat paşanyň ujypsyz bahalara zat satyn alan kişiler bar bolsa, şol söwdany goýbolsun etmek, bahalary ortaça nyrha çenli galdyrmak bilen birlikde bikanun pul girdeji gazanmagyň öňüni almak üçin gerekli öňüni alyş çäreleriniň görülmegi barada 1915-nji ýylyň 30-njy iýulynda kabul eden kararyny görkezse bolar.) Göçürilen ermenileriň ähli gerekli serişdeleri (iýjek-içjekleri, geýjekleri, ýolpetegi, derman-därileri) döwlet tarapyndan tölendi... Her göçegçä günde (ululara 3 teňňe, kiçilere 60 manat pul) harçlyk berildi. Ýagny, nasist konslagerlerindäki bendeleriň ellerindäki bar zadyň sypyrlyp alnyşy ýaly bolmady, gaýtam tersine, döwlet göçegçileriň gündelik harrçlyk pullaryna çenli berdi... “Genosid” etjek döwlet her giden ýerinde ermenilere ýazgy kepilnamasyny (propiska) bererdimi? ■ ÝER BERILDI Pikir edilşi ýaly Siriýada konslagerler ýokdy! (Gaýtam, Awstro-Wengriýa imperiýasynyň Damaskdaky konsuly Karl Ranzi 1916-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Daşary işler ministrligine ugradan habarnamasynda ermenileriň Damaskda uly-uly jaýlar bilen üpjün edilendigini ýazdy.) Göçüp gelen her maşgala öňki maddy hal-ýagdaýyna we şol wagtky mümkinçiligine görä mülk ýer berildi. Senetkärlik bilen meşgullanjaklara pul we gerekli serişdeler berildi. Döwlet edaralarynda işlejeklere iş berildi. (Meselem, 1917-nji ýylyň 14-nji iýunynda Halap häkimliginiň Dahiliýe nezaretine beren habarnamasynda işe ýerleşen ermenileriň nirelerde işleýändikleri barada sanly maglumatlary berýär: Halabyň harby zawodlarynda 6 müň 400, önümçilik kärhanalarynda-sehlerde 6 müň 200, Bagdat demirýolunda 200 ermenä iş berlipdir. Senagat we mugallymçylyk mekdepleridir munisipialetlerde işleýän ermenilerem bar eken.) Hawa, görşüňiz ýaly Siriýada konslager diýilýän zat bolmandyr, gaýtam ermenileriň käbiri gara ýollar arkaly Liwana, Müsüre, käbirleri deňiziň üsti bilen ABŞ-na we başga ýurtlara göçüpdir. Uruş gutarandan soň 1918-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Osmanly tarapyndan çykarylan “Gaýdyp gelmek baradaky” kararnamasy esasynda ermeniler öňki ýaşaýan ýerlerine dolanyp geldiler.. Heý, bular ýalam bir “genosid” bolarmy? Soner ÝALÇYN. “SÖZCÜ” gazeti, 29.04.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 7 | ||||||
| ||||||